DELIDEN AŞGABADA SALAM!
Emir Hysrow ömrüniň soňky pursatlaryny öz halypasynyň mazarynyň ýanynda geçiripdir. Şahyr 1325-nji ýylda bakyýete göç edýär. Ony özüniň eden wesýeti boýunça Delide halypasy Nyzamuddin Öwliýäniň ýanynda jaýlaýarlar. Onuň mazary 1588-nji ýylda Mogollar hökümdarlygynyň ilkinji şasy Muhammet Babyryň döwründe, onuň wepadar emiri Mehdi Hywaçy tarapyndan rejelenipdir. Ol şahyryň mazarynyň üstüne aramgäh gurdurupdyr hem-de mermer daşa oýduryp şu aşakdaky sözleri ýazdyrypdyr. «Emir Hysrow şygyr äleminiň şasy, akylyň deňzi we kämilligiň ummanydyr. Sözleri on dördi gijäniň Aýyndan has özüne çekijidir. Şygyrlarynyň manysy, sazlaşygy akyp duran süýji suwdan-da şirindir. Onuň şygyrlary bagy-bossanda owazly saýraýan bilbil we totyguş mysalydyr».
Hawa, hakyky akyl ägirtleri diňe biröz zamanasynyň miwesi däldir, eýsem, onuň geçmişiniňem miwesidir. Olaryň döredijiligi hökmany suratda geljege hem niýetlenendir. Emir Hysrow hem hut şularýaly şahyrlardandyr. Hindistanyň saýrak dilli, asly türkmen şahyry pars, hindi, urdu dillerinde jemi 99 eser ýazypdyr. Käbir çeşmelerde onuň 199 eseriniň bolandygy barada maglumat ber-ýärler. Onuň döredijiliginde gazallar esasy orun tutup, olar 2 müňden-de geçýär. Şahyr öz gazallarynda galamyň gudratyny görkezip, edebiýat meýdanynda täzeçillige ýykgyn edipdir. Şahyr çeper fantaziýa näçe agram salsa-da, aýagyny hakykata diräpdir. Şonuň üçiň onuň eserleri halk eserlerine öwrülip, dilden-dile, ilden-ile geçip, uzak menzilleri aşmagy başarypdyr.
Gündogarşynaslar Emir Hysrowa «Halk şahyry», ezber sazanda we saz düzüji, «Sitarany oýlap tapyjy», dilçi alym hökmünde uly baha berýärler. Döredijiligiň şunça şahasyndan baş çykarmak. Otara erk etmek her bir kişä başardýan närse däl.
Onuň üçin Hakdan içen bolmaly. Edebi çeşmelerde ýazylyşyna görä, Emir Hysrow il içinde şahyrçylyk etmek bilen birlikde eline saz gurallaryny alyp, ezberlik bilen çalypdyr. Onuň ady Hindistanda, häzirki Päkistanda sazşynas hökmünde-de meşhurdyr. Şahyr özüniň «Gurratul-Kemal», (Kämilligiň çür depesi, 1293ý) atly eserinde saz sungaty, oňa bolan höwesi hakynda şeýle ýazýar: «Bir gün bi sazşynas maňa eý, şygyr senediniň hazynasy, saz ylmy şygyr ylmyndan has gowudyr, ýöne saz ylmyny kagyza geçirip, kitaba salyp bolanok-da, diýdi. Şonda menem oňa garşylykly, eger, men şygyr senedine degişli üç kitap ýazan bolsam, saz ylmyna degişli hem üç eser ýazaryn diýip aýtdym».
Ýokarda getirilen mysaldan belli bolşuna görä, şahyr aýdym-saz sungatyna degişli 3 sany eser döreden bolmaly. Ýöne onuň bu ugurdan diňe bir eseri – «Ijazi-Hüsrew» atly eseri biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu ylmy eserde şahyr halk sazy we diwan sazlary dogrusynda beýanat berýär.
XV asyr şahyry Alyşir Nowaýy hindistanly türkmen şahyryny öz gaýybana halypasy hasaplapdyr, onuň döredijiligini içgin öwrenipdir. Ol Emir Hysrowa «Her bir ýürekde söýgini köredip bilýän şahyr» diýip baha beripdir. A.Nowaýy özüniň «Leýli we Mežnun» (1484ý) dessanyny öz ruhy halypasynyň «Mežnun we Leýli» (1298ý) dessanynyň täsiri bilen ýazypdyr. Ol Emir Hysrowa bagyşlap 33 sany gazal döredipdir. Şonuň üçin edebiýatçylar A.Nowaýa «Emir Hysrowyň baýdagyny göteriji» diýýärler.
Türkmen şahyry öz eserlerinde ilkinji bolup, hindi halkynyň edebi we halk döredijiligini içgin öwrenip we täsirlenip, olaryň käbirlerinden hem susup alypdyr. Emir Hysrow Dehlewi tarapyndan hindi ýa-da şol döwürde «hindawi» dilinde goşgular ýygyndysy, matallar we nakyllar hem döredilipdir. Onuň arap, pars, hindi, türki dilleriniň sözlüginden düzülen «Halikberi» atly sözlügi hem meşhurlyga eýedir. Jawaharial Neru hem öz gezeginde Emir Hysrow Dehlewiniň hindi halkynyň milli folklory esasynda döreden eserlerine ýokary baha beripdir. Ol: «Alty ýüz ýyl mundan öň ýazylan, halkyň arasynda üýtgemän saklanýan we ýerine ýetirilýän aýdymlaryň şunuň ýaly nusgasynyň başga bir ýerde bardygyny men-ä bilmeýärin» diýip, ýazýar.
Hawa, bu gün hindi halkynyň içinde Emir Hysrow hakynda birnäçe rowaýatlar, taryhy maglumatlar, edebi ýatlamalar saklanyp galypdyr. Halk içiniň gürrüňine görä, Emiriň şygyrlarynyň datlylygynyň bir sebäbi, çagaka onuň agzyna keramatly Nyzamuddin pir tüýkürenmiş. Mürze Wahyd özüniň «Emir Hysrowyň durmuşy we işleri» atly eserinde bolsa «Pir bir käse şekeri şahyryň başyndan guýanmyş. Belki, şonuň üçindir onuň şygyrlary şeýle süýji» diýip, ýazýar. Başga bir rowaýata görä, Emir Hysrow gije ýatyrka, düýşünde Hydyr atany görýär. Ol Hydyr atadan goşgularyna şerbet gatmagyny we özüne bolsa ebedilik şöhrat bermegini soraýar. Şonda Hydyr ata şygyr şerbetini Saada berendigini aýdyp, gözden gaýyp bolanmyş. Emir Hysrow ukusyndan oýanyp, gören düýşüni halypasy Nyzamuddin pire gürrüň berenmiş. Şondan soň pir öz şägirdiniň, agzyna tüýkürip, ak pata berenmiş.
Şahyr Emir Hysrow heniz aýatda dirikä, onuň şygyrlary Hindistanda, Türküstanda, Arabystanda, Eýranda we Anadoly türkmenleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolupdyr. Emir öz şygyrlarynda beýan edişine görä, onuň ilkinji ruhy we ylym tälimçisinden başga-da, Senaýyny, Enweri, Zahyr Farabyny, Nyzamy Genjewini öz halypalary hasaplaýar. Şulardan ugur alyp, şa-hyryň edebi şahsyýetiniň has beýik bolandygyny aňmak bolýar.
Datly dilli şahyryň döredijiligi Päkistanyň meşhur şahyry Ykbaly hem öz erkine goýmandyr. Ol döredijilikde Emir Hysrowa deňleşmek isläp, Allasyna nalyş edýär. Bu barada onuň «Armagan-i Hiçaz» atly eserinde şeýle sözler bar: «Maňa Möwlananyň joşgunyny, Hysrowyň ýanyklygyny we Senaýynyň yhlasyny we dogruçyllygyny ber!».
Hawa, bu gün edebiýatçylar depesinden dyrnagyna çenli yşga ýugrulan Emir Hysrowa dil, edebiýat, saz sungatynyň ägirdi, türkmen-hindi medeniýetiniň ösmeginde önjeýli goşant goşan yhlasly ylym, döredijilik adamsy hökmünde baha berýärler. Eneden doglanyna 730 ýyl çemesi wagt geçen şahyryň ýürek sesi bu günem onlarça döwletleriň şygyr bossanynda buýsançly hem mylaýym ýaňlanýar. Bu gün Hindistan ýarymadasynda ýaşaýan milliard 200 milliona ýakyn ynsanlar şahyryň yhlas bilen ýetişdiren şygryýet bagynyň miwelerinden dadyp, onuň döreden söz we saz gudratyndan lezzet alýarlar.
Nyzamuddin piriň kümmetiniň golaýynda Mürze Galybyň üsti bassyrma bilen ýapylan mazary bar. Okyjylarymyz Hindistanyň bu türkmen bilbili barada şahyrlar Gurbannazar Ezizowyň, soňraky ýyllarda Allaýar Çüriýewiň gazet sahypalarynda ýazan makalalarynyň üsti bilen tanşandyrlar. Mürze Galyb şeýle ýazýar:
Eý, Galyb seň kowmuň örän gadymy,
Ata-babaň ýurdy Turan, müdimi.
Aslymyz aýtsam türki biz, türki,
At-abray hem şöhrat olaryň durky.
Galybyň gyzykly durmuş we döredijilik ýoly bar. Ol 1797-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 27-sinde Agrada dünýä inýär. Hindistanly edebiýatçy alym Mälim Ram ol hakynda şeýle ýazýar: «Onuň ata-babasy orta aziýaly türkmenlerdendir. Galybyň atasy gowy durmuşuň gözleginde Hindistana XVIII asyryň ortalarynda gelýär. Ol bu ýerde Lahoruň häkimi Muin-ul Mülküň gullugynda durýar. Soň Delä göçýär. Mogol hökümdary şa Alem II-iniň hyzmatynda bolýar. Ol bu ýerde uzak eglenmän ýene-de Agra dolanyp barýar. Onuň uly ogly Abdylla beg han agraly harby serkerdäniň gyzyna öýlenýär. Olardan Asadulla han dünýä inýär».
Mürze Galyb ýaşlygynda Agra gelen eýranly syýahatçy we alym Abdyl samatdan pars dilini şeýle hem arap dilini öwrenýär. Birnäçe wagtdan soň ol Lahor (häzirki Pakistan) şäheriniň häkiminiň garyndaşyna öýlenýär. Ol Agradan Delä göçýär, ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde hem ýaşaýar,
Mogollaryň hökümdary Bahadyr şa II bu zehini daş ýarýan türkmen şahyryny edebiýat boýunça maslahatçysy edip öz köşgüne alýar.
Galybyň galdyran edebi mirasy örän baýdyr. Ol pars dilinde 25 müň setirlik gazal ýazypdyr Onuň pars dilinde ýazan «Diwany» 1845-nji ýylda çap edilýär. Galybyň urdu dilinde döreden «Diwany» şahyryň özi dirikä dört-bäş gezek neşir edilipdir. Ol diwanyň neşiri 1800 ikilemeden (3600 setirden) ybarat bolsa-da, bu çaklaňja şygyrlar ýygyndysy urdu edebiýatynyň taryhynda örän möhüm öwrülişik bolupdyr.
Galyb 1869-njy ýylda Delide aradan çykýar. Her ýyl onuň watanynda Galybyň ölen güniniň senesi giňden bellenilip geçilýär eken. Ömrüniň ahyryna çenli öz kowum-garyndaşlaryny ýatlap geçen beýik şahyryň baý döredijilik mirasy türkmen halkynyň hem guwanjydyr.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Watan» gazeti. 24.01.2008 ý.
№11 (11255).
Ýol ýazgylary