DELIDEN AŞGABADA SALAM!
■ RAJASTANA SYÝAHAT
Sungaty öwrenijiler Hindistany dürli dinleriň we däp-dessurlaryň, medeniýetleriniň ornaşan we örňän ýeri diýip, ýönelige atlandyrmaýarlar. Gurply maharajalaryň, söweşiji rajputlaryň watany hasaplanýan, Rajastan welaýaty hem özboluşly milli däp-dessura örän baý künjek hasaplanylýan eken. Şeýle-de, bu welaýat bezirgenleriň, zergärleniň, misgärleriň, harratlaryň, nakgaşlaryň miniaturaçylaryň reňkli gymmatbaha daşlary işläp bejerýän sungat ussatlarynyň ýaşaýan-ýeri. Welaýatyň merkezi şäherine baranymyzda, ýurt boýunça gymmat baha daşlaryny iň köp satýan dükanlaryň Rajastan welaýatyndadygyny bize aýtdylar. Dogrudanam, çar ýanyň kelläňi göçürip barýan bazarlar. Gül bazarymy, daş bazarymy, aý, garaz, kän. Akylyňy haýran edýän dürli reňkli nah we ýüpek parçalaryň, dünýä belli hoşboý ysly otlaryň, dalçyn myhaklaryň, gara burçuň satylýan ýerlerinde gözüň eglenýär. Misgäriň naşyja nagyşlar bilen bezän gap-gaçlary bolsa Gün şöhlesine düşüp gözüňi gamaşdyrýar.
Hindistanyň iň gurak we çägäli welaýaty bolan Rajastan Marwara we Mewar atly iki bölege bölünýär eken. Welaýatyň Marwara bölegi has gurakwe yssy bolup, Mewar bölegi ýylyň ähli paslynda göm-gököwsüp oturan, çeşmi-çaýly, kölli gözel künjek. Klimat taýdan biri-birinden tapawutlanýan bolsa-da, bu iki bölegiň adamlarynyň häsiýetlerinde, myhmanparazlygynda, dostanalygynda, aratapawut duýulmaýar.
Welaýatyň merkezi Jaýpur şäheri bolsa ýönelige «Gyzyl şäher» diýilip atlandyrylmaýar eken. Şäheriň taryhy ýadygärlikleri, medeni, jemgyýetçilik jaýlary durşuna gyzyl daşdan gurlan. Giň köçeleriň iki gyralaryny jähekläp oturan binalaryň ählisi gyzyl. Bu şähere ilkinji gezek gelenler bu ýerde gyzyl reňkiň agdyklyk edýändigine magat göz ýetirýär. Köçeleriň üstünden gurlan arkalar bolsa şähere özboluşly gözellik berýär. Şäherde gatnaýan awtoulaglaryň arasynda üsti mas ýüklenen pillere, düýelere duşmak bolýar.
Jaýpurda bizi haýran galdyran zatlaryň iň esasysy zergärçilik önümleri, çarýana nur saçýan gymmatbaha daşlarynyň dükanlary boldy. Rabindranat Tagoryň aýdyşy ýaly, «Bu ýerde daşlaryň diliniň ýanynda adamzadyň dili özüni ýitirýär» eken. Ak mermeriň ýüzüni oýup, dürli gymmatbaha daşlar bilen nagyşlap, ajaýyp sungat eserini döredijileriň inçe işlerine «Aperin» diýýärsiň. Daşlaryň ýüzünde döreýän poemalaryň syrly sahypalary sende bu sungata bolan söýgini terlendirip goýberýär. Bilşimiz ýaly, Jaýpur şäheri indi üç asyr bäri gymmatbaha daşlary satmak boýunça dünýäde meşhurdyr. Bu şäherde sungat ussatlarynyň ýiti paýhasy bilen zergärçilik sungatynyň nepis önümleri öndürilýär we dünýäniň çar tarapyna ýaýraýar. Ir ertirden, giç agşama çenli şäheriň bazarlarynda hindi göwherleriniň, ýakutlarynyň, ýarym gymmatbaha daşlarynyň söwdasy baý gyzýar-a. Puluň dök-de, alyber. Ine, saňa söwda!
Jaýpur şäheri diňe bir şowhunly bazarlara baý bolman, eýsem, sungat eserleriniň muzeýlerine-de, ýadygärliklerede diýseň baýdyr. Çeperçilik sungaty boýunça miniatýura, nakgaşçylyk mekdepleri özboluşly tapawutlanýar. Miniatýura mekdebi XVI asyryň başlarynda döräp, bu ugur boýunça ýurduň Mewar, Jaýpur, Bikaner we Kişangarh şäherleri ýöriteleşen şäherler hasaplanylýar. Welaýatyň Amber şäheri ýurtda yslam medeniýetiniň esasy ojaklarynyň biri bolmak bilen, bu şäherde mogollaryň miniatýuraçylyk sungatynyň yzlary has täsiri duýulýar. Bu şäherde miniatýura sungaty bilen birlikde, ýokarda beleýşimiz ýaly, gymmatbaha daşlary ýonmak, ýylmamak işleri boýunça uly ösüşlere eýe bolnupdyr.Bu şäheriň nakgaşlary gymmatbaha daşlaryň külkesini reňke garyp, surat çekmekde ýokary ussatlyk bilen özboluşlysungat eserlerini döredýärler. Ony diňe gözleriň bilen görmek, ýakyndan synlamak gerek. Gözellik döredijileriň aň eleginden geçen her bir sungat eserinde hindi halkynyň durmuş medeniýeti janlanýar. Hudaý tarapyndan adamlaryň kellesine guýlan pikirleriň beýanyny synlasaň, sende täsin sungata bolan hormatyň artýar.
XVI asyryň ortalarynda mogollaryň miniatýuraçylyk sungatynyň has gülläp ösüşlere eýe bolmagy bilen, ol ýurduň demirgazyk welaýatlary bolan Kaşmire, Rajastana we Gujerta giňden ornaşyp başlaýar. Mogollaryň miniatýuraçylyk mekdebiniň suratkeşleriniň döredijiliginde türkmenleriň Eýranda guran sefewi döwletiniň, Geratyň, Samarkandyň senetkärleriniň elleriniň yzlary mese-mälim duýulýar. Munuň sebäbini taryhçylar mogollaryň Merkezi Aziýa mekdepleriniň sungat ussatlarynyň işleriniň nusgalaryny ulanandyklary, gönüden-göni göçürendikleri bilen düşündirýärler. Mogol hökümdarlary Ekberiň, Şajahanyň döwründe Hindistanda miniatýura sungatynyň örüsi hasam giňeýär we onuň meýdanynda hindi suratkeşleri Basawan we Daswanh ýaly ussat senetkärler ýetişýärler. Olar bolsa samarkantly suratkeş Nedir Muhammdiň ýetişdiren şägirtleri hasap edilýär.
Rajastanýň çäginde dürli döwürlerde gurlan galalara, köşgi-eýwanlara aýlanyp çykan her bir jahankeşde özünde ýakymly duýgulary başdan geçirýär. Olaryň içinde Rajput hökümdarlarynyň gurduran «Şişmahal» köşgi (Aýna köşgi) iň naýbaşy köşkleriň biridir. Şişmahal köşgüniň içiniň diwarlary durşuna aýnadan bolup, ol özboluşly gözellige eýedir. Şäherde syýahatçylary haýran galdyrar ýaly ; başga-da ýerler köp. Jaýpur şäheriniň düýbüni tutujy maharaja Jaý Singh II-niň gurduran köşkleri, Hawa Mahal köşgi (Şemal köşgi B.Ç), asman jisimlerini synlar ýaly açyk asman astynda gurlan uly Jantar Mantar obserwatoriýasy, çar baglar, gymmatbaha daşlarynyň bazarlary jahankeşdeleriň iň köp gelim-gidimli ýerleridir.
Bu gün Jaýpur şäheri ýurduň çalt depginde ösýän şäherleriniň hataryna goşulanda bolsa, onuň keşbinde gadymylyk saklanyp galypdyr. Şäher durşuna taryhy, medeni galalar bilen gurşalan. Onuň gadymy we orta asyra degişli galalarynyň gurluşynda özboluşly ýerli häsiýet saklanypdyr. Bu şäheri ýönelige «Gyzyl şäher» diýip atlandyrylmaýandygyny. Jaýpura gelen her bir gonak derrew duýýar. Şäheriň taryhy ýadygärlikleri, medeni, jemgyýetçilik jaýlary durşuna gyzyl daşdan gurlan.
Jaýpur özüniň dokmaçylyk önümleri bilen esasan hem nah matalaryny dokamakda hem meşhurdyr. Bu ýerde nah matalaryň ýüzlerine gadymy hindi mifologiýalarynyň şekilleri ýerleşdirilen ýapynjalary, Öý-goş, gobelen, mermer daşlardan we piliň süňkünden haşamlanan çeperçilik sungat önümleri has meşhurlyga eýedir. Jaýpuruň gymmatbaha daşlardan rejelenen zergärçilik önümleri bolsa daşary ýurt söwdagärleriniň, jahankeşdeleriniň arasynda uly islege eýedir. Gymmatbaha daşlardan rejelenen zergärçilik önümleri bu ýerde iň arzan bahalanýar. Hakyk, pöwrize, dür, ýakut, göwher, garaz, islendikadynytutan daşyňy Jaýpurdan tapsa bolýar. Zergärçilik önümleriniň ýasalyş usulynda, gymmatbaha daşlara bolan garaýyşlarda türkmenler bilen hindileriň arasynda gaty meňzeşlik duýulýar. Hindiler türkmenler ýaly, gymmatbaha daşlardan rejelenen zergärçilik önümlerine, esasan kümüşden ýasalan şaý-seplere uly ähmiýet berýär eken. Kümüşiň, gymmatbaha daşlaryň adamyň saglygyna edýän täsiri dogrusynda saňa her bir hindi harraty ýadaman-ýaltanman gürrüň berýär.
Hindistanyň islendik künjeginde bolşyýaly, bu şäheriň şowhunly bazarlarynda, muzeýlerinde ajaýyp türkmen halylaryna gabat gelýärsiň. Aýratyn bellemeli zat, Agra şäherinde mogollaryň çeperçilik sungatynyň muzeýinde bolsa türkmen halylaryna uly orun berlipdir. Diwarlaryň ýüzlerine asylan käbir haly önümleriniň gyra nagyşlaryny bolsa gymmatbaha daşlar bilen nagyşlapdyrlar. Şol ýerde tawus guşunyň gymmatbaha daşlar bilen hala çitilen görnüşi sungat muzeýine baran her bir ynsany aýratyn haýran galdyrýar. Tawus guşunyň gözlerine goýlan owadan daşam, gymmatbaha daşlar bilen ýazgyn guýruklaryna salnan nagyşlaram' seni özüne bendi edýär, Ynha, saňa, gudrat! Ynha, saňa sungat!
Hindistanda türkmen halylaryna köplenç «Kaşmir halysy» diýen ýaly ýarlygy ýelmeýär ekenler. Ýöne sungatyň muşdaklary olary Owganystanda, Pakistanda ýaşaýan türkmenleriň dokan halylarydygyna magat göz ýetirýär. Kaşmiriň söwdagärleriniň üsti bilen Hindistanyň islendik künjegine ýol salýan türkmen halysy nirede orun tapsada, ol türkmeniň sungaty, türkmeniň kalbynyň parasy. Bu türkmeniň ajaýyp sungatynyň dessuryny diňe türkmeniň dünýä inderip bilýändigini her kimse-de bilermikä diýýän.
Hawa, bu gün Türkmenistan we Hindistan berk medeni aragatnaşyklary saklaýar, onuň gözbaşy bolsa asyrlaryň jümmüşine aralaşyp gidýär. Iki halkyň taryhynda umumylyklar bar. Dogrusy, siwilizasiýanyň ilkinji baýdak göterijileri bolan iki gadymy dost halkyň biri-birine ruhy we medeni taýdan meňzeş bolandygy üçin olaryň dostana saçakly gatnaşyklary hiç-haçan kesilmändir. Bu gün türkmeniň halysyny hindi öýüne düşeýän bolsa, türkmen hindi kinosyna öýünde tomaşa edýär. Bu gün türkmenleriň, aňy bilen Hindistanda bina bolan ajaýyp köşgi-eýwanlara, olaryň döreden ruhy we maddy baýlyklaryna hindi halky türkmen halky bilen deň derejede guwanýar, Hindistanyň gadymy topragynda türkmen halkynyň gaýduwsyzlygynyň hem gahrymançylygynyň yzlary bar, bu toprakda türkmeniň ägirt uly gerçekleri ýatyr.
Garaşsyzlyk zamanasy iki halkyň doganlyk gatnaşyklaryna badalga berdi. Iki halkyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklar, medeniýet, sungat we döredijilik adamlarynyň ýygjam duşuşyklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Biz söhbedimiziň soňuny geljek ýylda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hindistana boljak dostluky saparynyň şowly hem üstünlikli bolmagyny beýik Biribardan dileg edýäris.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Watan» gazeti. 31.01.2008 ý.
№14 (11258).
Ýol ýazgylary