08:32 Duşuşyk | |
DUŞUŞUK
Bu men - Enwer. Siziň köne tanşyňyz. Bagyşlaň bimahal bimaza edýän. Şu wagt sizi juda göresim gelýär. Hem okap beresim gelýär ýaňyja göbegi kesilen täze şygrymy. ...Şu günler şeýle bir ýekesireýän Hiç çydap bilemok, ynanyň walla. Garaşyp ýaşaýan kimdir birine Ýadawlykdan ýaňa gözlem kepedi. Aý, zyýany ýok-laý. Bu-da geçer... Dogrusy, men bir Ependi size geljekde gül bile bagtly gülki paýlajak. Bu gün baglaň topbak-topbak kölegesiniň, derýalaň, çölleriň üstünden aşyp, Men size hoş babar―“Buşluk!” getirdim. Eşitseňiz juda begenersiňiz... ...Uzak obamyzdan ýantorbasyna Uly ynam bilen kän süýji salyp, Ejem goşgymdaky paýtagtly gyzyň geljekmiş öýüne gudaçylyga. Ýazlar kämillige ýetirer meni, Duşuşarys alys ýollaň bilinde. Ýene bir gün kakyp siziň gapyňyz bagt bolup törüňizden örerin. Häzirlikçe... hökman garaşyň onda. Men gelerin! Men gelerin! Gelerin!.. Enwer NYZAMOW. | |
|
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |