EMIR KARY
Ýoldaş Goturow ýaly gürrüňçil täsin adamlaryň ýene birem Emir karydy. Bu adamyň iki gözi kördi. Ýöne, okumyş, köp bilen adamdy. Kurany dagy ýatdan aýdar oturardy. Şonuň üçinem oňa “kary” diýerdiler. Ýer sermäp oturandygyna garamazdan ol dünýe-älemden habarlydy. Syýasat bilenem gyzyklanardy. Ýoldaş Goturowyň hekaýatlarynyň käbiri ertekä çalym etse, Emir karynyň gürrüňleri birhili iniňi üýşendiriji rowaýatlara meňzärdi. Özem edil, Goturowyň aýdyşy ýaly, “öz başymdan geçirenlerim”, diýip gürrüň berýärdi. Ýöne, Gotur aga ýaly öýkelek däldi. Diňlediň-diňlemediň, ynandyň-ynanmadyň diýip hiç kimden kine-de etmezdi. Mýunhauzen bilen bäsleşjegem bolmazdy. Gotur agadan ýene bir üýtgeşik tarapy – daşyna märeke ýygnap, ýörite gürrüň berýän gürrüňçilerden däldi. Keýpi tutsa gabat gelen ýerinde aýdybererdi. Aman bagşynyň etrap merkezindäki çaýhanasynda bäş-üç adama gür berip oturanyny men özümem telim gezekler gördüm. Aýdyp ber, diýseň ol öýüne çaý içmäne baranda-da aýdyberýärdi. Özüniňem nämüçindir bir meýdan uly joşgun bilen gürläp-gürläp, birdenem böwrüni diňläp uzak-uzak dymmasy bardy. Şeýle-de bolsa, umuman alanyňda howalasy belent, hemişe şadyýan ýaşulydy. Gözsizliginden zeýrenmeýärdi. Gözden galýança, ýagny, ýigit wagtlary onuň diýseň edermen, batyr adam bolandygyny obadaşlarymyz aýdýardylar.
“Halk aýtsa galp aýtmaz”, diýipdirler, belki dogrudyr. Geliň gowusy bu täsin gojanyň gürrüňlerine gulak goýalyň.
■ Emir karynyň ölüp direlişi
Siziň bu eşitjek hekaýatyňyz ir wagtlar, Emir karynyň ýaňy bir on bäş, on alty ýaşly oglan wagtlary, entek synasynyň sag wagtlary bolan zat. Şonda il arasynda garahassalyk döreýär-de, Emir erbet syrkawlaýar. “Şol kesel edil ok degen ýaly birden-kä, “şarpa” degäýerdi. Höküwmet şon-a ýok etdi bolsa-da” diýip, Emir kary otursa-tursa ýatlar ýörerdi. Öz aýdyşyna görä, şol gezek ol oglanlar bilen obadan üç-dört kilometr uzaklykdaky guýa eşekli suw äkelmäge gidipdir. Ugranda sag ekeni-de, orta ýolda ýaňky kesel sataşypdyr. Dessine-de kellesi agyryp başlapdyr. Aýaklarynyň ysgyny gaçypdyr. Guýa ýetensoňlar çeleklerini suwdan doldurmaga ýaramandyr. Ýoldaşlary dolduryp beripdirler. Gaýdyşyn zordan eşeginiň üstünde oturyp öýlerine ýetipdir. Gelişi ýalam düşege ýykylypdyr...
—Şondan öň şo keselden ilki ejem, kyrk gün geçenden soň enem, ondan ylaýyk ýigrimi üç gün geçenden soňam biziň bilen bir öýde bolýan Jumagylyç daýym pahyr ýogalypdy. Özümden üç ýaş uly uýam, Jumagylyç daýymyň aýaly Ogsoltan daýzam dagy bolsa agyr ýatyrdylar – diýip, Emir kary uludan demini alyp, ýuwaşlyk bilen gürrüňe başlardy. – Oba boýunça her öýde, bäşden-üçden ýatyrdylar. O wagtlar täze höküwmediň-ä adam ýokdy welin, orsuň gelenine-de ýaňy bir on-onbäş ýyl geçipdi. Duhtor diýlen zadyň nämediginem bilemizokdyk. Şu wagt “eýle-beýle” diýişýändirler welin, biz döwrümizde bir düwür dermanam ýokdy göwnüňi aldaryň ýaly. Garahassalyk diýlen belalarynyň bolsa möhleti sekiz-dokuz gündi. Şoňa çenli “porsy der” –diýerdiler, käte bir az-owlak der gelerdi. Ýöne, o deriň derdiňe peýdasy ýokdy. Sekiz-dokuz gün geçendensoň welin ölüm bilen diriligiň arasyny açýan bir der gelerdi. Şol der gelse, onda-da gowy derleseň başga derman gerek däldi, hökman gutulýardyň. Bolmasa ölýäň. Şonda meň guşaklykdan ýokarym derledi-de, aşagym derlemedi. Şonuň üçinem aýagymda aýak agyry galdy. Der geljek wagty huşuň gidip, gözüňe-de her belalar görünibererdi. Näme aýdyp, näme goýanyňy bilmersiň. Men şonda “Ýusup – Ahmetden” gazal baryny aýdypdyryn. Howwa, gowy derläp, deriňem gaýdandan soň birneme özüňi gowy duýup başlaýaň. Işdäňem açylýar. Ýöne, şonda doýup iýmeli däldi. Köpräk iýseň ýa köpräk hereket etseň, kesel gaýtalanýady. Ikinji gezek degse, birinjidäkiden has agyr geçýädi. Howpludy. Köplenç alýady. Baý, çöpländir-ä...
–Emir kary ýüzüniň ugruna garahassalygyň alamatlarynam aýdardy. –...Içiň towlaýa, gan geçýä, käbir adamlaryň dili gögerip ýara bolýa. Daýzam pahyryňky şeýle boldy. Dili agzyndan çykyp sallanyp durardy. Onuň dulda ýatan ýerinden maňa seredip: “Emir jan, ho-ol pyçagy al-da, dilimi gyrsana meniň” diýip, iňňildäp aýdyşy henizem gözümiň öňünde. Ondan başga-da işdäň tutulýa.Tagam duýuşyň üýtgeýä. Gyzgynyň galyp, ýanar oda dönýäň.Kelläňde we bedeniň ähli ýerinde ýiti agyry peýda bolýar.. Ana, şonda derläp galanymdan soň işikde oňa-muňa güýmenip artykmaç hereket etdimmi, nämemi, ikinji gezek ýykyldym oturyberdim–diýip, Emir kary esasy gürrüňine geçýändigininiň alamaty hökmünde, synlaryny iki dyzynyň aşagyna sokup, oturan ýerinde ykjamlanardy... –...Ýöne, şonda-da dek oturmandyryn-da, elim ýüpli öýden çykyp gidiberipdirin. Oduna-soduna gidendirin-dä. Ertir juma gijesidigi, enem pahyr daga “ys” etmelidigi barada oýlanýanymy-ha bilýän. Obadan çykdymam welin, gözüme görünýämi, nämemi, dünýä-älem sap-sary. Tot. Tozan. Günem depäňi deşip gelýä. Yssy. Suwsap elimi gapdalyma ursam ne jürdek alypdyryn, ne-de meşik. Gözüm garaňkyrap ugrandanam, gel-aý, yzyma gaýdaýaýynla, diýip gelen tarapyma gaňrylsam ýolam ýok, ýoda-da. Nätjegimi bilmän entirekläp durşuma ahyram özümden gidip ýykylypdyryn. Näçe ýatanymy bilemok, gözümi açsam zil-gara donly başy şar-gara silkme telpekli agajedräge-de köseleç bir ýaşuly üstüme abanyp dur. “Tur oglum, ýoluň ugrunda beýdip ýatma. Ýa yzyňa gaýt, ýa-da ýör meniň bilen gideli” diýýä. Suw bereninem, elimden tutup galdyranynam, üsti-başymyň gumuny kakyşdyrýanynam bilýän. “Ýok, ýaşuly, men öýe gitmeli. Özüm-ä bir syrkaw, üstesine uýam bilen daýzamam syrkaw ýatyrlar. Men ýöne oduna diýip gaýtdym-da azaşaýdym. Gowusy meni ýola salyň, men gideýin, diýdim. Emma ýaşuly goýbermedi. “Aý, indi näme-de bolsa beýläk gidibereli. Ýoluň köpüsin-ä geçipsiň, onsoňam şu barjak ýeriňde-de hossaryň az däl” diýdi-de, elimden tutup idirdediberdi, aňyrlygyna tarap. Asyl gepime-sözüme dagy gulagam asanok. Özem “bol-bol” diýip şeýle bir howlukdyrýa welin, daljygyp tas ýüregim agzymdan çykypdy. “Ýaşuly, sen meni nirä alyp barýaň, bi ýerler hiç, meň gören ýerlerime meňzänok-la” diýsemem: “Aý, görensiňde, bilýän dälsiň..” diýip, şo-ol, golumdan sypdyrman eňip barýa, başyny aşak salyp. Göwnüme bolsa-da bilemok, ýeňine bukup ýylgyrýanam ýaly. Birdenem edil ýerden çykan ýaly bolup, öňümizden ullakan gala peýda boldy. Özem şeýle bir uly, şeýle bir köne gala, hiç, bu jelagaýlarda görülen ymarata meňzänok. Özem edil howada duran ýaly. Kerpiçleri ak hem gara. Küňreleriniň gupbasy gyzyldan. Gün bilen çaknyşanda asmanyň ýüzi durşuna, hanjar bolup dur. Derwezäniň gyralaryna goýlan nagyşlaryň syrçasy gözüň ýagyny alyp barýa. Gara donly ýaşuly meni idenekledip eltenden, agyr derwezäniň öz-özi açyldy gidiberdi. Özem şeýle bir aýylganç jygyldady welin, depe saçym üýşüp gitdi. Şondan soň gara donly ýaşulynyň özi bir ädim yza çekildi-de “gir” diýip, meni itekläp goýberdi. Görsem galanyň içi giden bir mähelle... Hiç, aňyrsyna-bärsine göz ýetenok. Köpüsem tanyş ýüz. Hemmesem bir wagtlar öten-geçenlerimiz. Men: “Bäh!.” diýip, hälki giren derwezäme tarap garasam, ýaňky gara donly ýaşuly derini çalyp iki ýana şeýle bir haýdaýa welin, hiç aýdyp diýer ýaly däl. Şol, meni getiren ýoly bilen gidýär–gidýär-de, derrewem biriniň golundan idenekledip getirýär. Ony derwezeden galanyň içine iterip goýberýär-de, aldyrany bar ýaly bolup ýene-de aňyrlygyna tarap ylgap gidýär. Göz açyp– ýumasy salym geçip-geçmänkä ýene-de biriniň golundan tutup getirýär-de, ýene-de gidýär. Şo-ol, yzyny üzmän getirip dykyp gidip otyr, dykyp gidip otyr. Şol dykyp gidip oturşyna o giden märeke o gala sygmaly däl welin, elbetde bir emmasy bardyr-da, gyslyşýas, ýer ýok, diýýän-ä ýok. Gezişip ýörler göwünleri bir ýaly. Gepiň gysgasy ýigitler, şo galaň girilýän agzy bar ekeni-de, çykylýan agzy ýok ekeni. Girilýän agzyndanam, gaty bir maňlaýyň daş ýaraýmasa çykýan ýok ekeni. Çykmak gadagan ekeni. Şeýdip onsoň aňalyp durun welin, ýaňky tanyş ýüz diýýänlerim ylgap gelip, ýeke-ýeke görüşdiler. Hal-ahwal soraşdylar. Oturyp-oturyp aglaşdylar. Siňe seretsem bir çetde Jumagylyç daýym pahyr edil, öňküsi ýaly münçenegi bilen sakgalyny çitikläp otyr. Maňa gözi düşendenem begenmeden geçen gaýtam: “Oh, ýegen, senem geläýdiňmi bi mekana? Wah,wah,wah!.. Wah-wah-wah.. bolmandyr-ow... O birgiden naçara kim sereder indi...! diýdi-de buduna şapbatlaberdi. Men “Weý, daýy, aglama! Men ine, derrew yzyma gaýtjak, ýaňy bir ýaşuly hossarlaryňy görüp gaýdarsyň diýensoň gaýdyberdim” diýdim welin, “He-eý, ýegen, bu mekana gelen gaýtýan däldir, muňa diňe gelinýändir” diýdi-de, öňküsindenem beter bagyryberdi. Içini egisensoňam galanyň aňry çüňkündäki çabytlaryny çöwre bürenişip çogdum bolşup oturan aýallara tarap bir zatlar diýip gygyrdy welin, bir görsem ejem pahyr bilen enem pahyr ikisi ellerini ýaýyşyp bir eňdiler, bärik bakan. Yzan-da-çuwan bolup gelişlerine zyňdylar boýnuma. Iki agyzlarynyň birinde-de: “Garahassalyk gutardymy ýa henizem çöpläp ýörmi?” diýişýäler. Daýzamy, uýamy sorap aglaşýalar. “Bizem seň söýerleriň, şu ýerde duşaýmasaň duşubam bolanok” diýşip, boýnuma zyňanlar başga-da kän boldy. Emma men olary tanamadym. Daýym pahyr içimdäkini aňan ýaly: “Sen bulary tanamarsyň, ýegen. Bular biziň has irkilerimiz...” diýenden soň men olaryň ata-babalarymyz, kowum-hyşlarymyzdygyny bildim. Hemmesinden beterem ejem bilen enem pahyr aglaşyp heläk boldular. Menem şol wagt içimden: “Olar-a o ýerde bular diýip gan eňreşip ýörler, bularam bu ýerde olar diýip gan eňreşip ýörler, hiý bi adamzadyň köşeşýän dünýäsi barmyka,” diýip pikir edýän. Gynanýan. Birdenem ejem bilen enem ikisi aglamalaryny goýdular-da: “Garpyz getiren dälsiň, oglum?..“ diýip tamşanyberdiler. Muňa hasam erbet boldum. Ýüregim aşak gaýdan ýaly boldy. Sebäbi o görgülileriň ikisem tä, ýogalýançalar: “Bir, sowujak garpyz bolsa, iýip ýüregimizi buz ýaly etsek” diýip, zeýrene-zeýrene gidipdiler. Garpyz tapdyrmandy. Asyl enem pahyr-a ýogalanda-da, men eşekli şähere, garpyz gözlemäge gidenimde ýogalypdy. Barybir boş geldim welin, ýöne tapanam bolsam iýibiljek däl ekeni. Gelsem eýýäm gutaran ekeni. Asyl olaryň henizem şol, garpyz iýesleriniň gelip ýörşi bolsa nätjek. “Bir dilimjik ýa ýekeje kerçjagaz bolsa-da bolýa” diýşip, boýunlaryny burupjyk otyrlar welin, içim-bagrym para-para boldy gitdi. “Hiý, ak süýt beren enesine bir dilim garpyz tapybilmezem bir nadan ogul bormy?..” diýip, derwezä tarap dyzaberdim welin daýym pahyr ýeňimden çekip: “He-eý, ýegen, näme hyzmatyň bolsa şo ýerdekäler etmeli ekeniň. Göwünlerinde arman galan bolsa indi çykmaz gaýdyp. Bu ýere indi sen garpyzdan galany dolduraýanyňda-da bularyň dişlerine zat degmez” diýdi. “Nämüçin” diýsem, beýleräkde ösüp oturan alma agajynyň ýanyna eltdi-de: “Birini bir ýoljak bolup gör” diýdi. Ýumruk ýaly sallanyşyp duran uly-uly almalara gözüm düşenden özümiňem agzym suwaryberdi. Asyl görüp otursam şo alma agajynyň aňyrsy giden bir baglyk ekeni-de içinde naram, injirem, üzümdir badamam dos-doly ekeni. Bir gyz ýaňak gyzyl alma elimi uzatdymam welin, şahasy bilen ýokary galdy ötägitdi. Gyz göwüs nar ýoljak bolsam olam şeýtdi. Üzümem, asyl hiç birem ýoldurtmady. Eliňi çekseň-ä egilýä-de, öňki ýerine gelýä, uzatsaňam göterilýä gidiberýä. Bir görsem beýle gapdalymdan “şir-şir” edip, hakyt, gözüňe söweýin, durnaň gözi ýaly çeşme akyp ýatyr. “Haçandan bäri suwsap ýörün, bir ganaýyn” diýip, eňegimi basdym welin, o-da agzym ýetmänkä aşak çökdi ötägitdi. Göwnümemikä diýip aşagrak egilýän welin, o-da has aşak gidýär. Turýan welin ýene-de öňki derejesine gelýä. Şol wagtam hälki meni getiren gara donly edil ýerden çykan ýaly boldy-da: golumdan tutup: “Ýör” diýdi. Söýerlerimiň barsy yzymdan garaşyp galdylar. Emma welin, birem oňa: “Äkitme” ýa “degme” diýibilmediler. “Nirä äkitjek” diýip sorabam bilmediler. Göz ýaşlaryny syldylarda, galyberdiler. Gara donly bolsa meni bir, zynatly- zynatly, ötlem-ötlem otaglaryň içi bilen aýlap, öwrüp ullakan bir ak jaýyň içine eltdi. Görsem töründe bir ak sakgally, ak eşikli, peşeneli ýaşuly otyr. Kimdigin-ä bilmedim welin, ýöne içimden “Muhammet pygamber bolaýmasa” diýip oýlanýanymy bilýän. Dälem bolmagy mümkin. Çünki, Muhammet aleýhysalam olar ýaly iş bilen meşgul bolmyýamyka diýýän. Ana, onsoň şol ýaşuly ýüzüme seretdi-seretdi-de, hälki meni idenekledip elten gara donla ýüzlenip: “Seňňem käte-käte bir telek işjagaz edäýmäň bar-ow...” diýdi. Gara donlam: “Hä näme? Näme telek iş edipdirin men” diýip töweregine garanjaklaberdi. Ak sakgally ýaşuly: “Sen ýalňyşypsyň. Meň getir diýenim bi däl, beýleki Emir. Muny äkit-de şony getir. Muň entek ýoly uzak” diýdi. Soň maňa garap: “Sen oglum bagyşla. Bir ýalňyşlyk bolupdyr. Ýöne geleniňe görä boş gitme. Saňa bir yşarat edeli. Şu ýerden öýüňe bararsyň welin, eliňe ýara çykar. Agyrysy aýylganç bolar. Ýüregiňe-bagryňa düşer. Şonuň awusyna çydap kyrk gün gezibilseň, şu görüp-eşiden zatlaryňy hiç kime gürrüň bermeseň, bilgiç borsuň. Bar zat saňa aýan bolar durar. Bardy-geldi agyryňa çydaman heläk boluberseň, gürrüň ber, ýaraň aýrylar, emma bilgiç bolmarsyň” diýdi. Şondan soň gara donly adam meni derwezäniň agzyna eltdi-de: “Bar indi gidiber, ýoluňy özüň taparsyň” diýdi. Çykjak wagtam hossarlarym bilen hoşlaşaýaýyn, diýip töwerek-daşyma seredýän welin, ýaňky mähelläniň ‘hyň” berýän ýerinde iňlär siňek görünäýse nädersiň. “Hany, bi ýaňky märeke nirede?” diýip sorasam o ýaşuly: “Aý ogul sen indi gowusy sesiňi çykarma-da gidiber. Birem eglenme. Sen indi bu ýurduň adamy däl. Sen indi bu ýerde hiç kimi görmersiňem, hiç zat eşitmersiňem” diýdi. Şeýdibem galadan çykaryp goýberdi. Çykyşym ýalam gulagyma agy sesler gelip ugrady. Gözümi açsam öz öýümiň ortarasynda süýnüp ýatyryn. Daşymda-da aýallar aglaşyp otyrlar. Aýal doganym bilen daýzam görgüli ikis-ä ýerlerinden turmaga-da ýaraman, ýatan ýerlerinde kükreklerine ýumruklaşyp ýatyrlar, “...ýeke dikarymyzdanam aýryldyk” diýşip. Gözümi açanyma ynanmanam heläk boldular. Goňşymyzyň ýaňy bir durmuşa çykaran gyzlary bardy, agyr ýatan atasyny görmäge gelipdi, ol-a men gözümi açandan gorkunjyna sermegallakdan gitdi. “Öldi” diýlip agysy aglanyp oturylan adam ýalpa gözüni açsa gorkjagy görnüp dur oň. Aý, soň bir begenişdiler welin, hiç çeniň dagy däl. Men, bolan işi aýdybam bilemok-da, şo-ol, gözümi ýyldyradyp ýatyryn. Şondan soň elime hakykatdanam bir ýara çykdy. Ýöne yzasyna çydap bilmedim. Uwladyberdi. “Aý, janymdan gowy däl, bilgiçligem jähenneme gitsin”, diýdim-de goňşy-golamlaryma çenli üýşüräge-de gürrüň berdim bar bolan zady.
Obamyzda başga bir Emir bardy. Ol maňa görä ýaşy durugşan, öýli-işikli, çagaly-çugaly adamdy. Olam agyr ýatyrdy. Ana, şo bende welin, hakykatdanam, men gözümi açan pursatym jan beren ekeni...
■ Ýolda
– Howwa, şeýdip şo gezek ölümden-ä gutuldym welin, ýöne şondan soň ömürboýy birhili hyltly ýaly boldum ýördüm. Birem gorky-ürki diýlen zady bilmedim. Ýöne elli ýaşlarymdan ötemsoň, ile görünmeýän zatlar gözüme görnüp, adam ogluna gabat gelmeýän zatlar gabat gelip başlady. –Emir kary şu ýerde azajyk böwrüni diňläp oturýar. – Aý, galanlaryny aýdybam oturmaýyn welin, ýigitler, diňlär bolsaňyz şü, otuzynjy ýyllaryň başlarynda Garaman obasynyň golaýyndaky “Berdinyýaz sary” diýlen ýerde “Täze gurama” obasy bugdaý ekýädi. Menem şonda iki atlyk araba sürýädim. Bugdaý çekýärdim. Gözüm bolsa sag o wagtlar. Jalahlap dur.
Nämeüçindigi ýadyma düşenok bir gezek ýeke özüm boş arabaly oba gaýtdym. O wagtlar ýolam, özüňiz bilýäňiz, Gowşut galanyň içinden geçýädi. Ýaňy bir iňrik garalyberende gala girdim. Aňrybaşyna ýetiberenimde-de nireden çykanyny bilemok, ýerden çykan ýaly bolup bir, ýülmek pyýada “zompa” çykdy-da, böküp mündi araba. Salam ýok, helik ýok, “getir bäri” diýip jylawam silkip elimden aldy. Menem eýle-beýle-de diýmedim-de, syn edi-ip, oturyberdim. Özi welin, bu jelagaýlarda gören adamym däl. Ýaşy menden ýaş. Ýüzi-gözi çaň. Edil, görden çykyp gelen ýaly. Aýagynda kendir bagly çepegi, ýuwlup-ýuwlup ysgyny giden gyýma gara balagy bar. Başy tahýaly, egninde çiginýaka ak köýnek. Sakgaly, murty ýok. Gapdalyndan seredeniňde kellesi süýri, burny gönümel, eňegem çürüräk. Näme üçindir, “gadym döwürde türkmenler şeýleräk sypatda bolandyrlar” diýen pikiriň kelläme geleni ýadyma düşýä. Şeýdip barýas welin ol: “Beýdip jiňkerilip oturma, barybir tanap bilmersiň” diýdi. Şondan soň menem seretjegem bolmadym. Sesimem çykarmadym. Biziň oba gitjek bolsaňam näme şäheriň içinden geçmeli-dä. Şähere girmänkäň bir wagtky Emtis bar-a, ana şoň deňine ýetdigem welin, ýaňky pyýada: “Al!” diýdi-de, jylawy elime tutduryp, özi düşdi ötägitdi. Menem gorkub-a gorkamok welin, gitdim iňkise. Bi, diýdim, birden içpeýan beýleki bolup, soň maňa-da garalyk gelip ýörmesin diýdim. Bolsa-da şäheriň içindäki rasdyrana sowuldym-da, ätiýaçdan öýde nan ýok bolsa dagy, diýip iki buhanka nan aldym. Çilimim gutaran ekeni, çeker ýaly papruzam aldym. Dik duran ýerimde bir yssykan binonam goýberdim. Şeýdibem gaýtdym, “nasrow-nasrow” jana hiňlenjiräp. Arabamy tykyrdadyp şäherden çykdym welin, “Täze guramaň” ýoluna düşüp-düşmänkäm ýaky zaňňar ýene-de edil öňki gelşi ýaly geldi-de, böküp mündi araba. “Getir bärik” diýip, jylawam elimden aldy. Oba ýetiberenimizdenem ýene-de: “Al!” diýip, elime tutdurdy. Özi gaty-gaýrym diýmänsoň menem üstüne dübläbermänem birhili görýän. Ýogsam hälki bir yssykan bino ýüregimi ýaryp barýa, şoň keýpine-de uruşjak men oň bilen şo wagt. Ýöne, näme, degmedige degip bolýamy. Onsoňam, “häý, şu gezip ýören gaýyplaryň biri bolaýmasyn” diýen pikirem ýok däl, beýnimde. Aýdyşym ýalam boldy. Hakyt ýagşyzadalaryň biri ekeni. Gitjek wagty ýüzüme seredip: “Gorkduňmy?” diýdi. Görsem hälki, üsti-başy buýr-bulaşyk ýülmek pyýada derek, öňümde şo-ol, galanyň içinde, gara donla käýýäp, meni yzyma gaýtaryp goýberen ýaşuly. Men “Ýo-ok” diýenimden ol: “Bolýa-da onda, gorkmadyk bolsaň” diýdi-de, ak hasasyny bulaýlap gidiberdi. Özi welin gaharly. Men arabadan böküp düşdüm-de eňdim yzyndan. Ýetişim ýalam synyndan ýapyşyp: “Baba, maňa bir pata ber!..” diýdim. Ol synyny silkip elimden aldy-da: “Agzyňdan aragyň ysy aňkap dur, sen ýalada bir pata berip bormy...” diýdi. Şeýdibem gitdi. Araba münemsoňam ep-esli oturypdyryn, böwrümi diňläp. Pikir edýän: pata bermesedem-ä bermedi welin, ýöne bu meni bir beladan-a gorap getirendir, diýýän. Ýöne nämeden gorap getirenini hudaý bilsin. Şol günüň ertesi: “Öten agşam Gowşut galanyň bäri ýanyndan biriniň maslygyny tapypdyrlar, kimdigem, kimiň öldürenem belli dälmişin” diýen gürrüň ýaýrady, belki şol maslyk meňki bolmalydyr, belki ýaşuly meni şo beladan gorap getirendir. Mümkin. Ol-a bir gowy zat welin, ýöne şol bir yssykan binony içmedik bolsam, ine, arsyz, erenlerden pata alan Emir bolup oturybermeli ekenim-dä! Ýöne nätjek-dä, nesibe ýokdur-dä! Öň-ä ýaramyň yzasyna çydabilmän bilgiçligi elden giderdim, bu gezegem bir yssykan bino zerarly...Wah ýüregi bir zat syzan ýaly afysantka görgül-ä ýalbardam-la, Emir aga içme, diýip...
■ Batyrlyk
– Şol ýol bilen soňam bir gezek biwagt gaýtmaly boldum men. Ýöne bu gezek ýanym ýoldaşlydy. Ikimizem ýabyly. Gije-de ýarymdan-a agan bolmaly. Sebäbi, Garamanda biriniňkiden toýdan gelýädik. Aý ýaşar uçurlary gala girdik. Öňdenem-ä ozalky wakany ýatlap, alla-alla bilen gelýän weli, görsem ýoluň çep tarapynda bir zat agaryp görünýän ýaly. At başyny çekip, siňe-siňe syn etsek çugutdyryp oturan adama-da meňzäp barýa. Men hernäçe: “Ýör golaýyna baraly, nämedigini takyk bileli” diýýän welin, ýoldaşym zyt, edenok-da! “sen özüň-ä bir jynly, menem jynly edersiň” diýýä gaýtam. “Ahow, oba baryp geplemegem-ä gerekdir, iki sakgally bolup bir arwahdan gorkup gaýdypdyrlar, diýseler gowumy, men-ä barjak şoň ýanyna” diýip, öňe sürünýän o-da: “Men-ä Emir, janymdan iremok, gitjek” diýip, atynyň başyny oba tarap öwürýä.”Bar, gitseň gitsen-äý, bolmanda-da senden zyýan geläýmese peýda gelmez” diýdim-de, ýeke özüm ugradym ýaňky zadyň ýanyna. Bärrägine baryp ýabymdan düşdüm-de, aýagyna kürmek çalyp, myhynam ýere berk kakdym. Gol boýy pyçagym bardy, munam gynyndan soguraga-da, assa-ýuwaş ýöräp ugradym. Oňa çenli aýam ýaşdy. Has golaýlap görsem hakykatdanam adam. Özem ýalaňaç. Çuw-ýalaňaç. Iki dyzynam gujaklapdyr-da, düwdek bolup otyr. Üstüne howala bolaga-da: “Ynsmyň, jynsmyň?” diýdim welin ýaňky zöwwe ýerinden galdy-da: “Wä-ä-ä!!!...”diýip şeýle bir eýmenç gygyrdy welin, imanym dagy göçdümikä diýýän. Ýöne gorkamok. Topulsa syhlaryn diýip pyçakly elimi henizem howada saklap durun. O görgüli bolsa topulmakdan geçen, gaýtam turşy ýaly hasyr-husyr iki eli bilenem uýat ýerini ýapdy. Gerdenlerine dökülen gara saçlaryna gözüm düşendenem men onuň aýal maşgaladygyny aňdym. Gorkudan doly gözlerine gözüm düşende bolsa, pyçakly golum aşak gaýtdy. Ýöne, her näçe nekjäp-nekjäp sorasamam o maşgala maňa ne adyny aýtdy, ne-de nädip o ýerlere düşenini. Käte bir ýüzüme gyýa bakyp, şo-ol, digdenekledi durdy. Gözlerinden ýaş dökdi. Golaýlaşjak bolsamam başdakysy ýaly aýylganç – aýylganç gygyrdy. Men: “Yns bolsaň yns bol, jyns bolsaň jyns bol soňuny soň görübereris, ýöne bu durşuňa taşlab-a gitjek däl” diýdim-de, egnimdäki donumy çykaryp egnine atdym. Menden zyýan ýetmejegine gözi ýetendir-dä, şondan soň ol az-kem köşeşdi. Köp aýtdyrman ýaba mündi. Idip tä, şähere eltýänçäm eýeriň üstünde sarsman oturdy. Etrap merkezine eltip men ony milisgä tabşyrdym. Ertesi ýedi obaň edisinede habar berdiler, şeýle-şeýle “ýitikliň bolsa geliň” diýip. Görüp otursak ol maşgala çetki obalaryň birinden, akly üýtgän boý gyz ekeni. Dilden-agyzdan galanyna-da esli mahal bolan ekeni. Hossarlary ony gulp astynda saklaýan ekenler-de, bir sebäp bilen gaçan ekeni. Bize duşan güni bolsa, gaçanyna ýedi gündenem geçen ekeni. Wagtynda ýetişmedik bolsak, ýa gorkup sowulman gaýdan bolsak, ol gümansyz heläk boljak ekeni. Şondan soň ol gyz dil açdy. Dälilikdenem açyldy. Durmuşa-da çykdy. Ogly-gyzam boldy. Ondan bolan çagalar bir eýýäm öýli-işikli adamlar bolup gitdiler. Men welin ony şondan soň göremok. Özi weli meni ömürboýy ýagşylykda ýatlap gezipdir. Gözden galanymy eşidip gynanypdyr. Şo ýaşulyny bir göräýsem diýip tä, ölinçä arzuw edipdir. Edil ýogaljak wagtam: “...Şol batyr adam bolmadyk bolsa, gorkman ýygnamadyk bolsa, men bir wagtlar ölüp-ýitip giderdim, men şu ýaşan ömrüm üçin, oglum, gyzym, içerim üçin, diňe şoňa minnetdardyryn...” diýipdir. Ine, iniler, her öňüňden çykan arwahdyr, diýip gorkubam ýörmeli däl, durmuşyň özünde-de bolýa, her hili wakalar...
■ Öwlüýäde
– Şu gürrüň beren wakamdan üç-dört ýyl geçse ýa geçendir, ýa geçen däldir, ondanam bir üýtgeşik hadysa duş geldim men. Bir gün şähere ýük äkitmek üçin pyrgunymy goşup duryn welin, özüňiz ýaly bir ýaş oglan geldi-de, “Emir aga seni başlyk çagyrýa” diýdi. Barsam başlyk aýtdy: “Sen, – diýdi, –wagtlaýynça pyrgunyňy Dileg agaň ogluna ber-de, özüň daga goýun sürmäge kömekleş” diýdi. “Bor” diýdim. Ýanyma-da kömekçi diýip birini berdiler, welin, o-da bir keselbent görgülidi, ugrajak wagtymyz ýanyma geldi-de, Emir aga men ertir agşama galman yzyňdan ýeterin. Aýagym agyrýa, şuňa goýaň goýdurmasam hiç bor ýaly däl, gitjegimi bilmän öňňün Tagandurdy tebip bilen gepleşäýipdim-dä, birigün geläý diýäýipdi-dä, onam irikga etmäýin, barmasam hem-ä oňa neme bor, hemem özüme neme bor...” diýip, müň gepiň başyny agyrtdy. “Aý, bor inim, baran wagtyň bar, barmasaňam özüň bil. Kolhozyň şo bir bölek goýnuny daga eltmek meň bilen” diýdim. Ýöne bir süri diýeniň çeniňden agyr ekeni. Üstesine-de görmedik käriň. Bir ýatyp ikinji gije gelende halys surnukdym. Garaňky gatlyşdam welin, goýunlary bir çökedräk ýere gabadym-da, eşegimiňem aýagyny duşap goýberdim. Özümem çaý-suwam içmän, oýlugymy ýere ýazyp, bir tümmejik gumy ýassandym-da ýatyberdim. Asyl başymy goýuşym ýaly uklapdyryn. Düýş görüpdirin. Düýşümde iki sany ýanaşyk oturan öýüň gapysyndan barýamyşym. Özümiňem goýun sürüp barýanym, çaý-suw içmän ýatanymam ýadymdamyşyn. Öýleriň çepkisiniň gapysyndan garap salam berdim. Görsem gözüňe söweýin bir ýaş owadan gelin oturan ekeni. Ol meni görenden: “Geliň, geçiň” diýip, ýerinden turdy. Men: “Goýun sürüp barýadym welin, kyn görmeseňiz bir käsejik çaý-suw berseňizläň...” diýdim. Gelin: “Wiý, oňňam bir kyny bormy, içjegiňiz çaý bolsun” diýdi-de meni hormat bilen gap böwrüne geçirdi. Özi bolsa töre tarap ýöräp gitdi. Töre barandanam diwara siňdi-de, ýitdi ötägitdi. Soň ýene-de şol ýerden peýda boldy. Çaý getirdi. Öňümde goýdy. “Alyň içiberiň” diýdi. Menem bu boluşa haýran galyp otyryn. Ol gelip ýene-de töre baryp, diwara siňip gitdi-de, entegräkdenem başga bir gelni yzyna tirkäp geldi. Bilemok aňyrda näme gürrüň edenlerini, ýöne täze gelen gelin gelşi ýaly öý eýesine: “Gaýgy etme Amangül! Mende çörek bar. Menden alaý” diýdi. Menem: “Ýok, men çörek iýjek-gä, gelinler, çaý içsem bolýa, oturyň, azara galmaň” diýýän welin, gulagam asanoklar. Şo-ol, elewreşip, girip-çykyp ýörler. Soňam olar telim gezek dagy şeýdip geldiler, gitdiler durdylar. Özlerem her gezek gelenlerinde edil öňküleri ýaly törden sudur bolup çykýädylar-da, ýene-de şol ýerdenem ýitip gidýädiler. Şeýdip, ýüzleri-gözleri aladaly, aljyraşyp, girip-çykyp ýörüşlerine goňşusy Amangüle: “Saňadam-a ertir çörek gelýä welin, ýöne arman şo geljek çöregiň daşy haram-da” diýeni gulagyma degdi. Ýöne men her niçigem bolsa hiç zat iýib-ä içmedim. Şuny takyk bilýän. Birhili howlukýanym, goýunlarymy, eşegimi alada edip ynjalyksyzlanýanymam ýadyma düşýär. Birdenem oýandym. Görsem daň saz berip barýan ekeni. Siňe syn etsem agşamky ýassanyp ýatan tümmegim-ä mazar, daş-töweregimem mazarçylyk ekeni. Şol mazaryň başujyndaky küýze bölejigine ser salsam ýüzünde: “Amangül” diýip ýazylan. Onuň gapdalyndaky mazaryň ýazgysyny okasam onda-da: – nämedigi şumat ýadyma düşenok – Amangüliň goňşusynyň ady ýazylan. Şondan soň men goýunlary bir gyraraga sürüp, çaý gaýnadan bolup ýördüm welin, çäş galyberende öwülýä gelýän ýoldan iki sany eli saçakly aýal göründi. Esewan bolsam olar göni meniň agşamky ýassanyp ýatan mazarymyň ýanyna bardylar. Saçaklaryndan gatlama çykaryp iýdiler. Aýat okadylar. Şeýdibem gitdiler. Menem garaba-gara yzlaryna düşüberdim. Uzak gitmänkäk bir oba göründi. Ýaňky aýallaryň giren öýüne baryp salam berdim. “Hälki baryp gaýdan mazaryňyz kimiňki, o siziň nämäňiz?” diýip soradym. “Gelnimiz” diýdiler. “Ady Amangülmi?” diýsem, “howwa, siz ony nireden tanaýaňyz?..” diýşip geňirgenişdiler. Men olara gören düýşümi aýdyp berdim. Iň soňunda-da: “Amangülüň goňşusy şeý diýdi welin, elten çöregiňiziň nähili bolup daşy haram bolýaka, şony düşündirip bilmezmikäňiz?” diýdim. Olaram: “Heý-weý, işimiz gaýtdy, nämesi haramka janlarym munuň..” diýşip, oda-köze düşüberdiler, Içi gatlamaly saçaklaryny, içine saçak salyp elten haltalaryny orta döküp, ala-hasyrdy boluşyberdiler. Görsek, şol içine gatlamaly saçaklar salnan haltaň agzyny olar gitjek wagtlary gyssanşyp, bir garyş ýaly zyňyndy, köne uçgur bölegi bilen daňaýan ekenler. “Häk, bendeleriň arassadyklaryny, gör-ä, şüýem aýan bolaýypdyr-a...” diýşip, aýallar öwran-öwran ýakalaryny tutdylar. Olar hatda meniň çykyp gaýdanymam aňmadylar...
■ Emir kary nädip kör bolupdyr?
–;-)Munça bolanyna gör-ä indi şunam aýdyp beräýeýin, ýigitler. Elbetde, boljak işdir-dä, belki o-da bir sebäpdir-dä, ýogsam ömürboýy meni ýagşyzadalaryň goraglap, ençeme gezek ölümden gutuldyryp gelendikleri nire, bu bolan iş nire. Belki bir öte geçen ýa küpür geplän ýerim bolandyr-da... – diýip, Emir kary bu gürrüňine naladygam, degişmedigem bildirmeýän äheňde başlardy. –Siz bilýänem dälsiňiz, ir wagtlar ýagny urşuň öň ýanlary, Garaman obasynyň häzirki oturan ýeriniň günbatar gapdalyndaky Esen potrotçynyň gümmezinde şol wagtky “Täze gurama” obasynyň sygyr permesi ýerleşýärdi. Permäniň işgärleriniň köpüsi şol gümmezde ýaşaýardylar. Töweregem tammy, kepbemi garaz, birgiden hütdüjeklerden doludy. Menem arabaly oba süýt çekýädim. Şol ýerde Aky çişik diýip biri bir zat tapynan ýaly boldy-da, yz ýanyndanam tarpa-taýyn ýogaldy. Şo pahyr ýogalandan soň bolaýsa bir aý ýa kyrk gün geçipdi, süýr günortanlar ýadap geldim-de, gümmeziň kölegesine geçip süýndim. Töwerek-daşda-da hiç kim ýok. Elimi ýüzüme tuty-yp, irkiljiräp ýatyşyma ýaňy bir ymyzganan ekenim welin, gulagyma şeýle bir çirkin “jakgyldy” eşidildi, olar ýaly ýiti sesi men öňem eşidemok, soňam. O-ol, Gowşut galanyň içinde duşan däli gyzyň “wägirmesi” dagy oň ýanynda hiç zat. Asyl, dünýe-älem sarsyp gitdimikä diýýän. Ýeriň goduklan-a hak. Hasur-husur ýerimden galyp seretsem, gümmeziň üstünde bir gyz otyr, her gözi edil şakäse ýaly, saçlary gümmeziň daşyndan üç gezek aýlanan. Ýöne ýalaňaç däl. Egninde ýukajyk, gögümtil köýnegi ba. Özem şeýle bir ýukajyk welin, beýigi-beýik, pesi-pes, ýumrusy-ýumry görnü-üp dur. Muň yns däldigini welin näme, derrew duýdum-da! Sebäbi howalasy gaty belent görünýä. Meňňem entek gaty bir ýelim ýatmadyk wagtlary, iki gözüniň içine seredäge-de: “Hä-ä-ä... Aky çişigi alanam sensiň, seni bir edişime seret!..” diýdim-de, içerik girip, pyçagymy alyp çykdym. Gümmeziň daş ýüzi bilen aýlanyp ýokarsyna çykylýan basganjaklary bardy. Şuň bilen assa-ýuwaş galyberdim. Iki gözümem şonda. Ol welin, sarsanogam-da! Şol, gözlerini petredip, ýüzüme şykraýlyp otyr. Iň soňky sekä aýagymy basanymdan pyçakly elimi ýokary göterdim welin: “Ha-a-aýt, seň bir gözüňi alaýyn!..” diýip, çirkin gygyrdy-da, iki barmagyny goşalap bäbeneklerime bir süsdürdi. Gözlerimden “ýalt-ýalt” edip ot çykdy. Beýnimiň içinde-de elhenç bir şarňyldy peýda boldy. Dünýä-älem gapyşaýandyr öýtdüm. “Ýeri şuň başyny keseniňde Aky çişik direlip gelýämi diýsene, otursaň bolmaýamy gömülip” diýip, öz-özüme käýedim. Sermenekläp zordan ýere düşdüm. Düşüşim ýalam özümden gidip ýykylypdyryn. Essime gelip görsem hiç zat ýok. Öňki-öňkilik. Işgärlerem entek gelişmändirler. Endam-janymda ysgyn-mydardan zat galmandyr. Zoraýakdan süýrenip gümmeze girdim. Dem-dynç alamsoň nägerek-eýle ýerimden galdym. Çykyp ýabylarymy getirdim, araba goşdum, şeýdibem oba gaýtdym. Şondan bäş-alty gün geçenden soň bir gözüme çöp düşen ýaly boldy. Agyrysyna çydaman duhtora gatnap ugradym. Derman baryny guýýalar welin, peýda edenok. Şeýdip bäş-alty aýda bir gözüm gitdi. Soň beýleki gözümem edil şolar ýaly boldy. Ukraýinadamy, niredemi, bir ýerde ökde göz duhdary bar ekeni. Uruş döwri Gotur dagy şoňa duşup “şeýle-şeýle” diýseler, “gelsin, men açaýyn şoň gözüni” diýipdirem welin, oňa-da näme, bir çeti puharalyk, bir çetem gözsüzlik, oglanlara azar bermänem birhili gördüm-de, gidibilmedim. Birnäçe wagt geçensoň bir bilgije pal atdyrdym welin: “Hä, oňarmansyň, erjeşmeli däl ekeniň. Ol gyz peri ekeni. Özüň azar bermedik bolsaň degjek däl ekeni...” diýdi. Şol peri heniz-henizlerem her juma gijesi ýeke oturan wagtym penjirämden gelip: “Nätdim? Hä? Gözüňi nätdim?..” diýip gitýä. Özem bir gülýä jakgyldap...Menem: “Merez etdim, zäher etdim!..Gel bir elime düş, bagryňy myjaýyn!..” diýip taýagymy alyp topulýan welin, gözüň bolmasa bitiribilýän goşuň bamy... –Emir kary şondan soň uzak wagtlap dymýar. Aşak bakyp oturýar-oturýar-da: – Aý, bolýa-da, oglanlar, çagalaň jany sag bolsa bolýa. Hiç zatdan närza däl, şo-ol gezek, garahassalyga ýykan gezegi alyp giden bolsa näderdim, muňa-da şükür, hudaýa ýüz-müň şükür... – diýýär.
■ Emir kary ikinji gezek ölümden sypýar
Elbetde, bir zatlar göwnüne getirýändir-dä, bu hekaýatyny Emir kary nämüçindir köplenç ähli gürrüňlerini boldum edenden soň aýdyp berýär. Onda-da, aýdyp ber, diýseň aýdyp berýär, bolmasa dyzabam duranok. Megerem ol şuny öz gürrüňleriniň iň bir gyzyksyzy, gerekmejegi hasap edýän bolmagy mümkin. Ýa köp agzaberse şol, gara donly adamyň indi garaçyny bilen geläýerinden gorkup şeýtýän bolmagam ahmal. Ony biljek däl. Ýöne onuň gürrüňini size ýetirmänem durup biljek däl.
–Kyrk bäşinji ýyl oba sowediniň jaýynda garawulcylyk cekýädim. Garawul bolup, garawulam däl-de, telefon saklaýadym. “Aý bir kör adam, çagajyklaryna bäş şaýy kömek bolsun” diýip guramalaryň kömek edip ýördükleri-dä! Howwa, uruş-a gutarypdy, açlygam ýaňy çykyp barýady. Ýöne, hazan ýaly hazlap şo-ol, gadymky garahassaçylygam geldi bir ýerden. Gelşi ýalam ýene-de adam çöpläp başlady. Şol döwürde iller: “urşuň yzyndakylary ilk-ä açlyk gyrdy, galanjalarynam garahassaçylyk gyrjak” diýşip zeýrenişdirler. Şo döwrem duhdor-suhdor ýokdy obada. Şäherde bardy, oňa-da kim gitjek, kim äkitjek, baraýanyňda-da ýer ýok, dermen-däri ýok, garaz, her kim öz bedeniniň güýji bilen gutulmalydy-da, öňküler ýaly. Maňa-ha o gezek degmedi, bolsa-da. Küpür gepledigim däl, asyl biziň öýümizden hiç kime-de degmedi. Ýöne niredendir bir ýerden şo-ol, oglankam elimden tutup alyp giden gara donly adam welin ýene-de peýda boldy. Her keseliň bir ýygnaýançysy bar öýdýän men-ä, şo ýerde-de, şü höküwmediň salgyt ýygnaýançylary ýaly. Ýaz aýlary ýeke özüm tilpunam gapdalymda goýy-yp; daşardaky agaç sekiniň üstünde meýmirä-äp ýatyrdym welin, iki sany adam ala-hasyrdy bolşup geldiler-de, “has-has” edişip daşymdan aýlanyşyberdiler. Biriniň: “Öz-ä tanyş ýüz ýaly, ýöne büý-ä däl,”diýýäni gulagyma gelýä. Gözüň bolmasa kyn-da! Ahyram tarsa ýerimden turdum-da, taýagymy elime alaga-da: “Baryň how, gidiň, güm boluň-da! Näme meň daşymdan aýlanyşyp dursuňyz, men nä öwülýämi?. Asyl kim siz özüňiz? –diýip, gygyrdym. Onda beýlekisi: “Öwülýä bolmasaň öwülýä edäýeris seni, kimdigimizem şonda bilersiň-dä!” diýýä. Ýoldaşyna ýüzlenibem: “Öwülýä edelimi şuny? Öýüni ýykalymy şuň? Gel şuň öýüni ýykaly...Hä?” diýip, hikir-hikir gülýä. Başky tanyş ýüz ýaly diýenem: “Aý, ýok, bu bize öýüni ýykdyrmaz, munuň diregi kän, onsoňam biz ýalňyşyp gelipdiris, biziň barmalymyz Käkiriň öýi. Ýör, şoňka gideli, şoň öýüni ýykaly diýdi. Gözüm görmesede onuň golaý-golaý gelip ýüzüme çiňerilýänini, “beh, şolmukanaýt” diýip, agzyny şapbyldatýanyny diýýän. Men welin ony sesinden tanadym. “Şol how, şol! Men şü! Sen tanamasaňam men tanaýan! Näme bi, ömürboýy eliň meň ýakamda bolaýdy-la! Menden başga işiň ýokmy ýa? Ýa ýene-de planyň dolmadymy? Gara gözüm-ä aldyňyz, gerek bolsa ine, janymam al-da dyn, bolmasa-da goý meni öz günüme! Käkiri bilenem işiň bolmasyn! Öňem men zerarly biri gitdi. Besdir. Bar güm bol, özüňem!” diýip sesimiň ýetdiginden gygyrdym. Janym dagy ýandy-how! O-da çykyp barşyna: “Bor, bor, gitme diýseňem gitjek, ýöne gözüň gidenini bizden görme, o biziň bölümimize degişli däl” diýip, hoňňül-hoňňül etdi. Gitdilerem welin, hiç oturyp-turup ynjalygym ýok-da! Göwnüme ýaňkylar Käkirini alyp gidiberjekler ýaly iki ýana zowzuldap ýörün. Ötägitjek welin, tilpunam taşlap bilemok. Başynda birini oturdyp gidäýeýin diýsem, adam gara-da ýok. Giç. Aý, bolsa-da, ynjalybilmän gitdim-ow! Häý, gijä galan bolaýmasam ýagşydyr diýip gorkýan özümem. Süssenekläp gapysyndan bardym-da: “Käkiri-i-i..” diýip, gygyrdym. “Geliber ho-ow, kary-y...” diýen sesi eşindenimdenem ýüregim ýerine geldi. Işikden ätleýşim ýalam boş duran bedrä büdräp ýykyldym. Öýüň içi ala-zenzele boldy. Käkiri bolsa, hemişe degişip ýören deň-duşum-da: “Bi nä how sygyr giren ýaly gan kagşyryp gelýäň, häzir bol-a, ýa gözüň ýokmy?..” diýip gülýä gaýtam. Meň bolsa janym suw üstünde heserdeşim gidip barýa, diýip. Indi oňa ýaňky bolan ýagdaýy nädip aýtjagymy, nädip duýdurjagymy bilemok. Duýduraýanyňda-da, ol gara donly adamlar eňkewedäň işgärleri däl-ä, gaçyp ýa gizlenip gutulaýaryň ýaly. Sen bir ýaňa gaç diýjekmi, ýa ýaňkylar gelse gapyňdan goýberme diýjekmi, näme diýjegimi bilemok. Aýtsam oň ölümine özüm sebäpkär bolaýjak ýaly bolup durun. Aý, garaz kyn güne galdym-ow! Öz bolýan tamjagazynyň öňündäki garaja öýde ýogalan oglunyň gelni bolýardy, şoňa gygyryp çaý getirtdi, saçak goýdurtdy. Emma çaý içibilermiň, çörek iýibilermiň içiňi it ýyrtyp durka. O bendäň bolsa göwnünde zat ýok, gaýtam: “Häý, taşlap gaýdan bolsaň tilpunyňam-a jynlaryň oýnap döwendirler seň...” diýip degişen bolýa. Men welin, gep gürrüň gulagyma ilenok. Otyryn doňňara daş bolup. Ahyram aýdybilmän turmaly boldum. Edil çykjak wagtymam yzyma öwrüläge-de: “Käkiri nasyň bam-a?” diýäýmenmi! O-da: “Geregiň nas bolsun kary” diýip, bir gobsundy welin, gobsunşy ýalam “waý” diýip aşak oturdy. Güpür – tapyram ýykyldy. Çabalanýa özem. Menem duran ýerimde dört tarapyma elimi serip durun, “näm boldy how, saňa näm boldy” diýip. Hälkiler işikden girendirler öýdüp gapa tarap taýagymam bulaýan arasynda. Birdenem Käkiriň gelniniň: “Emir aga men geçeýin, gaýnyma bir zat bolýan ýaly” diýen howsalaly sesi gulagyma ildi-de gapydan aýryldym. Gelni goltgy berensoň Käkiri zordan galdy-da daş çykdy. Derrewem dolanyp geldi. Soň ýene-de çykdy. Ýene-de salymyny bermän gaýdyp geldi. Her gezek gaýdyp gelende-de: “Kyýama-a-at, kyýamat!..” diýip, gygyrýa.
Menem: “Näm boldy, Käkiri, aýt ahyry” diýýän, welin: “Gabyz boldum kary, gabyz boldum! Täretim gelenok!” diýip, edil arslan ýaly arlaýa, görgüli. Öz elim bilen üstüne ajal getiren ýaly boldum. Ýaman erbet boldum. O döwürde yskor-syskoram ýok, çagyrar ýaly. Süssenekläp gidip garawul jaýymdan şähere jaň etdim welin, olaram balnisi alyp bilmedilermi ýa alaslaram gelmedimi, birmeýdan‘çöwe-çöwe” diýişdiler-de, soňundanam: “Aý, babaý, my tiwe ny panymaý”... diýşip, tilpuny goýaýdylar. Uzynly gije Käkiriniň öýi bilen oba sowediniň aralygynda gatnap çykdym. Bende şeýle bir horlandy welin, hiç, aýdyp-diýer ýaly däl. Allajan, hiç derdem adam ogluna görkezmesin welin, şon-a hijem görkezmesin. Ertir irden gelni şähere eptege gitdi, derman äkelmäge. Oňa-da barsa: “Garaş, ýasamaly” diýipdirler, beýleki diýipdirler, garaz öýläne çenli egläpdirler. Öýlän-ä-öýlän welin, sen ýarym sagadyň gürrüňini et o wagt. Ýetişmedi. O naçar eli bir çüýşe dermanly şäherden gelende, Käkiri pahyryň eýýäm jaýyny alyp durdylar. “Al, daýy, menden bir närza bolma” diýip, o pahyrjyk dermanly çüýşesini gaýnynyň kyrky güni aýallar bolup öwülýä gidenlerinde, başujynda goýup gaýdypdyr.
Ine, şeýdip gitdi şo bende. Dogrudanam öýi ýykyldy. Yzynda ogly galmady. Bir gyzy bardy, o-da näme, özüňiz bilýäňiz, kişi maşgalasy. Ýöne, bir ogul agtyg-a galdy. O-da öýi ýykylmadygy bolýar öz-ä... welin, elbetde gara donly adam ýalňyşandyr-da... –Emir kary şolar ýaly gürrüňlerden soňam: –Aý, howwa-da, olar bir işi köp kişiler-dä, ýalňyşaýýalaram-da!... –diýip töweregindäkileri gülüşdirip goýbererdi...
Hekaýalar