22:41 Enesiniñ gyzy / hekaýa | |
ENESINIÑ GYZY
Hekaýalar
Ogulgeldi mama alty ýaşlyja gyz agtygy Miwäniň gulagyna ogrynça pyşyrdady. - Ertir ilerki oba toýa gitjekdirin. Senem alyp gitjek. Irdenjik, taýýar bolgünyň... Alty gelinli, otuz agtykly Ogulgeldi mamanyň bu gepini pynhan tutmagynyň özüne ýetesi sebäbi bardy. Onyň gyz agtyklarynyň ählisem özlerini Miweden artyk saýmasa, kem saýanokdy. Olaryň ählisiniň hem enesiniň gyzy bolasy gelýärdi. Eger, olar eneleriniň toýa diňe Miwäni alyp gidýändigini biläýdikleri, onda, bu toparda diňa agtyklaryň däl, gelinleriň arasynda hen öýke-kinäniň tutaşaýmagynyň ujy iki däldi. Sebäbi olaryň hem balalary Miweden aryk bolmasa, kem däldi... Ýöne Ogulgeldi mamanyň Miwäni ýany bilen alyp gitmesiniň sebäpjigi bardy. Ol öňem uly agtyklarynam, toýa beýlekä ýeke gidýär“ diýdirmejek bolup, ýany bilen alyp gidip görüpdi. Biri ekine girip, ýaňy bişenje kyrkgünlük gawundan iýjek diýip, aglap, iliň içinde, ony utandyrypdy. Beýlekisi köwşüni suwa gaçyryp, ile iş bolupdy... Emma Miwe beýle däldi... Ertesi Ogulgeldi mama guşluk mahallary agtygyny eşeginiň öňüne alyp, toý ýerine bakan ugrady. Heniz alty ýaşam dolmadyk Miwejik bir zada haýran galdy. Toý ýerinde onuň garryja enesini gören aýallar ylgaşyp gelip, garry aýalyň ellerinden ogşaýardylar. "Ogulgeldi mama janym!“diýişip, ony maňlaýlaryna sylýardylar. Toý ýerinde has hem täsin boldy. Toý ýerinde oturan aýallar ýerlerinden tutuşyp, garry enäni eşekden göterip düşürip, göterip, töre geçirdiler. Öňüne saçagy giňden ýazyşyp, onuň üstüne çaý, çelpek, gatlama, hahar, dürli-dürmen näzy-nygmatlar goýdular. Misli, göwnüňe bolmasa bu toý Ogulgeldi mama şu ýere geleni üçin tutulýan ýalydy. Emma kiçijik Miwäniňki kyn boldy. Ol bu toýa kakasynyň ýakynda satyn alyp gelen täzeje köwşüni geýip gelipdi. Enesi onuň köwşüni gören badyna: "Köwşüňden häzir bolgunyň. Ony ýitirip, soň meni heläk edäýmeginiň“ - diýip berk tabşyrypdy. Miwejik enesiniň sözüni belläp alypdy, şonuň üçin toýda aýallaryň oturan tamynyň aýagujyragynda oturyberipdi. Toý sag-aman sowuldy. Ogulgeldi ejäni uly hormat bilen serpaýlap, sylaglat tutuş toý bolup, ýola saldylar. Eşek göni ýola düşdi. Ogulgeldi eje başyny ýaýkady. - Sen näme diýip, aýaguçda, köwüşleriň arasynda oturdyň?-diýip gaharlyrak äheň bilen Miweden sorady. - Ene, men, men... Ogulgeldi eje agtygynyň sözüni kesip,başyny ýaýkady. -- Häk, çaga bolýaň-da. Seniň kakaň haram çörek iýen ogul däldir. Ol öz çagalaryna-da haram çörek beren däldir. Ol ynsabynyň guludyr, balam. Goý, ogrynyň, orramsynyň, bidöwletiň çagasy aýaguçda otursyn. Sen Ogulgeldiniň agtygysyň. Meniň kowmumda bidöwleti ýokdur, sen şony hiç haçan ýadyňdan çykarmagyn. Türkmeniň toýy-ýasy şol häsiýbetleri aýyl-saýyl edýän keramatly ýerdir. Sen meniň mertebämi peseltdiň-dä, bala. Miwe her näçe tolgunsa-da, ep-esli wagtlap sesini çykarman, birden gil açdy... - Ene, gelenleriň biri köwşümizi göterip gidiberse, soň gözläp, ili azara goýup ýörsek, şonda näme bolardy. Men seniň täzeje köwşüňi garawullap oturdym-a, şol, ýerde. Ogulgeldi mama minnetdarlyk bilen ýylgyrdy. 10-sentýabr 1999. | |
|
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |