14:58 Eý, ömür! | |
Ýary gündiz, ýary gije, toýly-ýasly eý Ömür,
Goşgular
Silke meni, silte meni, at suwa-oda meni! Otda ýanman, suwda sönmen, gaýda synman, et emir, Ýöne goýma owal-ahyr bir ýaman ada meni! At ber maňa, atymy orta ýolda büdretme, At ber maňa, adymy jar et-de, guduratma, Dert ber maňa, özümi derde berer öýütme, Baýatmasaň, baýatma, zar etme zada meni! Kör bolaýyn eklenmesem, ine, şu eller bilen, Ellerimiň etmedigin ederin diller bilen, Hatamy goý özüme, gitsem ters ýollar bien, Berme namart goluna, bigänä, ýada meni! Orun tutar ogul ýok, gyz bar – mysapyr, naçar, Ýigitde goltgy ýokdur, onda wepaly ýar bar, Ýigit barly-da däldir, onda namys bar, ar bar, Namysdan belent zat ýok, goýma uýada meni! Gelse bir gün garrylyk alyp-alman ysgynym, Şonda-da özümden ber, özümden ber rysgalym, Perzentler gowam bolsa, durmaz zadam gysganyp, Elgarama, mätäç edip goýma zürýada meni! 1988 | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |