19:37 Garaşsyzlygyñ gadamlary | |
GARAŞSYZLYGYÑ GADAMLARY
Publisistika
Nuh zamanyndan bäri, gör-bak, näçe heññamlar aýlandyka? Muña hasap-hesip ýetmese gerek. Ýaradanyñ gudraty bilen bir döwür öz möwritini ötürip, onuñ ýerine täze döwür döreýär. Geçen eýýam bilen öwrenişen ynsan täze eýýamdaky taryhy özgerişi geñ görýär, ýöne oña ýuwaş-ýuwaşdan öwrenişýär. Ýañy-ýakynlardaky ýyllarda-da asla mümkin däl ýaly bolup gören ýagdaýlar-da indi barha adaty zada öwrülip gidip otyr. Sowet döwri diýilýän döwürde hiç bir gapyda hususy ýük maşynynyñ birine-de gözi kaklyşan türkmen ýokdur diýsem, hakykatdan daş düşmejegime ynanýaryn. Häzir käbir öýleriñ gapysynda üçden-dörtden hususy eýeçilikdäki ýük maşynlary dursa, hususy firmalarda onlap-onlap ýük maşynlary, buldozerler, ýer sürüp, ýer ekýän tehnikalar, kombaýnlar garažlary dolduryp dur. Ol tehnikalaryñ ýerlikli peýdalanylyşy barada-ha, aýdyp-diýip oturmagyñ hajaty-da ýok. Ony indi her ädimde diýen ýaly öz gözümiz bilen görüp ýörüs-ä! Sanlyja ýyl mundan ozal biriniñ zawod-fabrigi bar diýilse, kim ynanardy? Hiç kim! Daşary ýurtda hususyýetçilikde zawod-fabrikler bar diýilse, haýran galyp geñ görlerdi. Indi welin kimsäniñ kerpiç zawody, kimsäniñ jorap ýa-da egirme-dokma fabrigi, degirmeni, juwazy, dükany bar diýilse, haýran-da galynanok, geñ-de görlenok. Öten zamanlarda biriniñ müñ goýny bar bolsa, oña tüçjar baý diýlerdi. Onuñ ady ilden-ile ýaýrady. Hudaý berse, boluberýär diýerdiler. Şu wagt sany müñden-müñden birküç süri goýunly adamlar bar. Olara pylan baý-da diýlenok, atlary ile ýaýrap-da baranok, bahyllyk edýän-de ýok. Bagty çüwen türkmen, telpegiñi göge zyñ! Ýadyñyzdadyr-la, ýañy-ýañylaram biri metjit saldyrjal diýip agzyny açsa, onuñ gözüni Sibirfe açdyrardylar. Hudaýa şükür, Prezidentimiziñ özi Hudaýyñ öýleri hasaplanýan metjitleri saldyrýar. Şunuñ özem tüýs ýalkanmakdan nyşandyr. Öñler hususy jaý salmaga rugsat edilse, howly ýerini sotyklap ölçäp bererdiler. Indi hakyky ýeriñ Babadaýhanyñ nesline gektarlap-gektarlap ekin ýer, suw, tehnika berilýär. Öñler Gurban baýramy gadagan edilen bolsa, indi ony tutuş ýurdumyz dabaraly toý edip geçirýär. Özgerişlikler, täzelikler diýseñ tiz, çalt durmuşa ornaşýar. Ýurdumyzda her bir ugurlar boýunça düýpli reformalar amala aşyrylýar. Isle syýasy, isle ykdysady, isle-de sosial-medeni babatda bolsun, olaryñ ählisinde bir maksat - Türkmenistanyñ ilatynyñ durmuş derejesini ýokary götermek, halky bolçulykda, gurply ýaşatmak, ýurdy ösen tehnologiýaly, kämil, gülläp ösýän ýurda öwürmek maksady durýar. Şeýle belent, arassa, ajaýyp maksadyñ ýol alýandygy ýyl-ýyldan äşgär bolýar. Reformalaryñ iñ kyny, çylşyrymlyysy, köp aladany, zähmeti, synaglary talap edýäni oba hojalygynyñ reformasy bolup çykdy. Üýtgedip gurmak diýilýän döwürden bäri Garaşsyzlyk ýyllarynyñ dowamynda-da oba hojalygyny dolandyrmagy düýpli özgertmäge, on iki süññüni täzelemäge synanyşyklaryñ ençemesiniñ şaýady bolduk. Saparmyrat Türkmenbaşynyñ önümçiligiñ şu ugra gönükdirýän uly, yzygiderli tagallalaryna hemmämiz belet. Emma henize çenli oba hojalyk önümçiliginde käbir welaýatda özgerişler onçakly duýulmaýar. Oba hojalygyny dolandyrmakda erkinligiñ, özbaşdaklygyñ giñ mümkinçilikleri döredilen bolsa-da, daýhan hojalyklary bol önüm öndürip, ýurduñ içerki bazaryny üpjün etmekden entek ejiz gelýärler. Köp ýerde artdyryp ýazmalar, gözboýagçylyk ýaly sowet döwründen galan nogsanlyklara ýol berlip, halkyñ kynçylykly ýagdaýda galdyrylýandygy barada Prezidentimiz nygtap-nygtap belleýär. Bu ýagdaýyñ şu durşuna dowam edip bilmejekdigini, ýeriñ, mallaryñ ahyrda hak eýesine - daýhana, çopan-çoliga berilmelidigini, onda-da ýere, mala, tehnika aýawly çemeleşip biljek, olary gözüniñ göreji ýaly görüp, gorap, olardan peýdalanyp, önüm bolçulygyny döredip biljek adamlara berilmelidigini berk talap edýär. Azyk bilen Türkmenistanyñ ilatyny doly üpjün etmäge, hatda oba hojalyk önümleri gaýtadan işletmäge-de, eksport etmäge-de ýeterlik ýeriñ, suwuñ, tehnikanyñ, öri meýdanlarynyñ bar wagtynda, esasy azyk önümlerini walýuta bilen daşary ýurtlardan getirmegiñ ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny Prezidentimiz öwran-öwran belledi. Dogrudan-da, bu ýagdaý namysly türkmenleriñ gylyk-häsiýetine gabat gelmeýär. Eýsem, türkmen halky öz-özüni ekläp bilmezmi? Bu sorag oba hojalygynda geçirilýän reformalaryñ düýp özeni bolup durýar. Halk özüni ekläp biler, ekleýär diýmäge edil şu günki gün doly esas bar. Köp ýerlerde halkyñ şahsy maly döwlet eýeçiligindäki maldan artdy. Et, süýt önümleri, ýumurtga, ekerançylygyñ hususy ýerlerinden önýän gök, bakja, miwe önümleri bilen halky üpjün etmek, esasan, hususyýetçileriñ gerdenine düşüp barýar diýsek ýalñyşmarys. Indi ýylyñ bütin dowamynda şäherleriñ, etrap merkezleriniñ bazarlarynda oba hojalyk önümleriniñ islendik görnüşiniñ oñat hillilerini elýeter bahadan satyn alyp bolýar. Emma döwlet dükanlaryndan daýhan birleşiklerinde öndürilýän arzan bahaly önümleri satyn almak umydy ýyl geçdigiçe inçelip barýar. Hususyýetçiler maksatnamany öz ellerine aldylar diýmäge esas bar. Halk önüm öndürmegi öwrendi. Öz zähmetine jogapkärçiligi öwrendi. Şo-ol gadymky döwür dolandy. Bu bolsa öwrülişiklerden gorkýan, önümçiligiñ köneçe dolandyrylyşyna ýapyşyp ýatanlaryñ daýhana ýer berseñ, suw üstünde dawa tutar, çopana mal berseñ, satyp-sowrup ýok eder; azyk gytçylygy dörär diýip, dowul turuzmaklarynyñ biderekdigini subut etdi. Añsat eklenç gözleýänleriñ keýpine sogan dogrady. Olaryñ paltalarynuñ daşa degjek güni golaýlaşdy. "Ýykylsañ - ýere ýapyş", "Maly ýoguñ - haly ýok", "Düýäm bar - dünýäm bar", "Malym - janym" diýen ata-babalaryñ pähimleri daýhanyñ, maldaryñ süññüni ýeñledýär. Kalbyny galkyndyrýar. Düýpli özgerişiñ wagty ýetdi. Mallary, guşlary olary idedýänlere kärendesine bermeli, olara ot-iým öndürer ýaly ýer, tehnika bermeli. Ine, bu Prezidentimiziñ ýurdumyzyñ welaýatlaryñ, etraplaryñ ýolbaşçylary bilen telefon arkaly geçiren Uly Döwlet Maslahatyndaky aýgytly talaby boldy. Garaşsyzlygyñ gadamlaryny sanasañ sogaby bar. Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk, Rahatlyk, Agzybirlik, Jebislik - älem ýüzünde ýaşaýan päk ýürekli ynsanlaryñ asuda ak asmany. Türkmen döwletiniñ öz içerki, daşarky syýasaty, özge döwletleriñkä meñzemeýän öz ak ýoly bar. Allatagala ynsany ýaradanda, özünr kybapdaş edip ýaradypdyr. Her kişä sanalgysy gutarýança dogan ýaly bolup ýaşamagy emr edipdir. Arasyna tow düşen adamlara ýaraşmaga üç gün möhlet beripdir. Eger ýaraşylmasa, günä hasaplanyp, ruhunyñ ykbalyna (mañlaýyna) ýazylmaly şekilli. Günä, sogap ýylda bir gezek meret aýynyñ 13-inden 14-ine geçiljek gije jemlenýän bolmaly. Ol gün Kurany Kerimde "Kir gün, agyr gün" diýlip atlandyrylýar. Hudaýyñ etjek işini adamzat bilmeýär. Hudaýsyz çöp başy gymyldamaýar. Her bir milletiñ aýry-aýry ynanýan dini bolýar. Ýer ýüzünde dine ynanmaýan ynsan ýok. Olar Beýik Hudaýa gulluk edýärler. Her kişiniñ ýürek syry bar. Ol syr gije-gündiz Ýaradany ýatlamakdyr. Jan saglygyny dikeltmekdir. Jan saglygy - dünýä baýlygy. Türkmen döwletiniñ garaşsyzlygy kanuny ýol bilen hiç bir diniñ önüne taýak atmaýar. Garaşsyzlygyñ, hemişelik Bitaraplygyñ özeni hut şundan başlandy. Bu bolsa agzybirligiñ alamatydyr. Birinji jahan urşuna 72 döwlet gatnaşypdy. Urşuñ başlanmagyna bir ynsanyñ ölümi sebäp bolupdy. Bahana gözlenipdi. Şeýdibem, uruş başlanypdy. Millionlap-millionlap adamlaryñ ömür tanapy gyrlypdy. Ikinji jahan urşy öñki-soñkyñ işi bolmandy. Şol uruşlara milletara uruş diýilmän, döwletleriñ urşy diýildi. Milletleriñ aşaky gatlagyna dawa-jenjel, gandöküşlik gerek däldi. Belanyñ körügi döwletleriñ baştutanlaryndady. Olaryñ kelle tarlary tütäp, soñ otlanýardy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziñ, adyl Prezidentimiziñ tutumy, maksady dünýä düzünde parahatçylygy, asudalygy, agzybirligi gazanmak - asuda, dury asmany arzuw etmek. Bitarap döwletleriñ sany artsa, geljekki nesillerimiz urşuñ ynsanyñ ganym duşmanydygyna doly göz ýetirseler, bu düşünje olaryñ kalbynda mäkäm ornaşsa, olar gyrgynçylygy küýseýänlere: "Bize uruş gerek däl, bar, özüñ söweşiber!" diýse gerek. Uruş oduny tutaşdyrýanlaryñ jesedi söweş meýdanynda galmaýar-da, tersine, aşaky gatlaklaryñ jesetleri ýat ýurtlarda galýar. Şu babatda hemişelik Bitaraplygyñ dünýä möçberinde abraýynyn barha artjakdygy welin gümansyzdyr. 1996 ý. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |