12:55 Gaýrat / Ysmaz hudožnik ýigit hakynda hekaýa - 2-nji bölek | |
*****
Hekaýalar
…Döwran gürrüňiniň arasyny şarpa kesdi-de, agyr-agyr dem alyp, dymdy. Jennet onuň gepiniň arasyny üzül-kesil bölüp dymmagyndan özüçe many alyp, onuň aşa tolgunandygyny çaklady. Ol Döwrana rahatlanmaga maý bermek üçin ses ýazýan enjamyny öçürdi-de, birsellem sesini çykarman oturdy. Çaýyndan owurtlan boldy. Emma Döwran esli wagtlap sesini çykarman, öz oýlaryna berlip oturandan soňra Jennediň dymyp oturmaga takaty ýetmän, oňa sorag bilen ýüz tutdy: -Soň näme boldy, Döwran?! Çuň oýa batan Döwran Jennediň sowalyna ukudan açylan ýaly tisginip gitdi: -Häh, näme diýdiňiz? “Soň näme boldy” diýdiňizmi? Soň Jennet, men şol wakanyň üstünden ýene-de bir ýyly geçirip, syrkawlygymyň dördünji ýylyny ýarpylaberemde, hyýalymda dördünji suraty – “Aýralygy” çekip başladym. Ol wagt men eýýäm çalak-çulak gepläp, deramatsyz ellerim bilen bolgusyzja şekilleri çyrşaşdyran hem bolýardym. Toýuň… Sülgüniň toýunyň yz ýanlary… Döwran ýene-de dymdy. Oňaýsyz ýagdaýa düşen Jennet näme diýjegini bilmedi. Dynç alyş otagynyň depesinden daş ýaly agyr dymyşlyk asyldy. Birhaýukdan soň sabyrsyzlyk bilen yzly-yzyna sagadyna garanjaklaýan Jennet ýene-de Döwranyň agyr oýlanmalarynyň arasyny bölmäge het etdi: -Döwran, bu gelin, ekizjeler, asmanda uçup barýan ýalňyz durna çekilen suratyňyzy näme üçin “Aýralyk” diýip atlandyrdyňyz? Suratdaky şekilleriň syry nämede? Şeýle seretseň şekiller eseriň ady bilen baglanyşmaýan ýaly welin… -Baglanyşýar Jennet, baglanyşýar!-diýende Döwranyň sesi gyryljak çykdy:-Gelin bilen daşynda aýlanýan ekizjeler, gijeler düýşde, gündizler huşda görlen, ýöne wysal bolmadyk arzuw, köýen yhlas, gözýetim sary uçup barýan durna bolsa şol ajaýyp, bägül erteki bilen ebedi hoşlaşygyň nyşany… Döwran ýene-de dymdy. Birdenem elini silkip goýberdi: -Ýeri bolýar-la!.. Her niçigem bolsa, söýen söýülmese-de söýmedikden bagtly!-diýip hümürdedi. Soňra çaýynyň ýarysy içilen käsesine elini uzatdy: -Bu zatlaryň Jennet, siziň taýýarlajak maglumatyňyz üçin derkary hem ýok-la! Özümiň ýöne ençeme ýyllap özümden hem hyýalymda çekýän suratlarymdan özge derdineşere dertdeşim, iç döküşere syrdaşym bolmandygy zerarly, birhili kim bilen sataşsam, kelläm gyzýar-da, göwnümdäkini aýdyp başlanymy duýman galaýýaryn… Men gowusy, size bäşinji suratymy hyýalymda çekip başlaýşym barada gürrüň bereýin. Işlediň, ses ýazýan enjamyňyzy… ***** …“Adam başy daşdan gaty” diýýärler welin, her niçigem bolsa, ynsanyň başy-da, ýüregi-de daşdan däl. Adam pahyr gowgaly dünýäniň irginsizlik bilen üstüne sürnüp duran kynçylyklarynyň, ýaramaz duýgularynyň, erbet pikirleriniň öňünde ejizlemejek bolup şunça jepa çekse-de, günlerde bir gün erkini elinden aldyryp, ýamanlygyň öňünde ýan berenini özi-de duýman galýar. Agam bilenem şeýle boldy. …Kakam pahyr ýarawsyzlyk zerarly ir aradan çykypdy. Ejem görgüli biz birtopar çül-çaga bolsak-da, iki uly gyz doganym bilen agam ikimizi zada zar etmän, il deňinde ekläp-saklap, terbiýeläp ýetişdiripdi. Uýalarymy durmuşa çykaryp, agamy öýli-işikli edipdi. Meniňem okuwymy tamamlaryma garaşyp ýördi. Men öýlenenenimden soň agam göçmelidi. Ol meniň tersime juda hojalykçy we durmuşy adam. Meniň ýaly hyýaly älemlerde gaýyp ýörmeýär. Öňünde anyk, ýetmesi mümkin bolan maksat goýýar. Şol maksadyna ýetmeklige-de üntüşigini berip ymtylýar. Men onuň uly arzuwynyň özbaşyna jaýly-howluly, oňat ulagly bolmakdygyny, öýüniň içini gowy-gowy, zynatly goş-golamlardan doldurmakdygyny bilýärdim. Sebäbi käte-käte onuň bilen hojalygymyz barada maslahat edenimizde, ol özüniň gurýan jaýy, geljekde howlusynda ýerleşdirjek hojalyk jaýlary, mal ýatagy, ussahana ýaly enjamlaşdyrjak ulaghanasy, hammamy, bassyrmasy, içini limon agajyndan doldurjak aýna eýwany barada süýjüdip-süýkdirip, sagada çekdirip gürrüň berýärdi. Gürrüň bereni bilenem oňman, gurmak isleýän jaýlarynyň her haýsynyň çyzgysyny ýerde çekip görkezýärdi. Olaryň içinde oturtjak enjamlaryny, aljak goşlaryny ýeke-ýekeden süýndürip suratlandyrýardy. Eýýäm onuň mellegindäki jaýynyň boýy hem ýetirilgidi. Ýöne meniň başymdan inen betbagtlyk onuňam özbaşyna ýerli-ýurtly bolmak arzuwynyň köküne palta urdy. Ysmaz inisi bilen ýaşy durugşan ejesini “nädip başyňyzy çarasyňyz, şeýdip çaraň” diýip, ýeke taşlap, başyny alyp göçüp gidibermäge onuň ynsaby çatmady. Üstesine-de maňa sarp edilýän çykdajylar onuň gazanjynyň agramly bölegini alýandygy sebäpli ol jaýynyň gurluşygyny düýpgöter başyndan aýlap urmaly boldy. Ýöne ilkibada ol syr bermedi. Çydady. Çydaýandygyny bildirmän çydady. Emma herki zadyň çägi-serhedi bolşy ýaly, çydamagyň hem çeni bar. Agam hem assa-ýuwaşdan menden, meniň keselimden ýadap başlady. Irdi. Doýdy. Özi dil ýarmasa-da, gelnejemiň gyýgy ajap ugrady. Men-ä men! Dilsiz-agyzsyz bir tokga et! Hemişe gymyldy-hereketsiz ýatyrylan ýerimde ýatyryn. Öýde bolýan zatlaryň köpüsini görmeýärinem, bilmeýärinem. Ol zatlaryň ählisi meniň çalaja bäri bakmagyma-da dabany ýere degmän begenýän ejem görgüliniň gerdenine düşdi. Ilki tasanjyramalar, siltenjiremeler, ýaşmak astyndan hüňürdiler… Soňra ýaşmagam syryldy… Bir günem agam ýük ulagyny alyp geldi-de goşlaryny ýükläp, çagalaryny hem alyp, ötägitdi. Göçdi. Ejem meniň ýanymda sesini çykarmady. Emma garaört bolan ýüzünden onuň agamdan juda gaty görendigini aňýardym. Käbäm bir-iki günläp sesini çykarmady. Ýöne maňa ideg etmegiň oňa juda kyn düşýändigine düşünmek üçin kimdir biriniň aýtmagy derkar däldi. Özüni eýgermeýän hassa idi-yssywat etmegiň bir adamyň eýgerjek işi däldigine akyl ýetirmek üçin bir gyly deň iki ýarýan paýhasam gerek däl. Ol köre hasa. Gündelik edilmeli emler wagtynda ediläýmeli, täreti hem astynda, üstesine-de ýekelli halyna öýüň syr-süpüri, biş-düşi… Iň bärkisi günde birnäçe sapar arassa howadan dem aldyrmak üçin meni göterip daşaryk çykaryp, öýe salmagyň özem bir adama dert… Öň-ä bu iş tutuşlygyna agamyň boýnunady. Indi welin, her gezek ejem goňşulara aýlanyp, degenegräk jahyllara ýalbar-ýakar edip ýörmeli. Ýalbar-ýakar üçinem bir ýagşy, iki ýagşy… Her kimiňem işi-derdi ýetik, “haçan, goňşularyň maýybyny gujagyňa alyp daşary çykaryp bermeli bolarka” diýip, hiç kimiň seniň ýanyňy alyp durmaga wagty hem ýok, islegi-de… Ýygnap-ýygşyranjasy sabap ugranyndan soň-a ejem işiňem ugruna çykmaly boldy. Mekdebe süpüriji bolup işe girdi. Onsoň-a onuň derdi goşalandy. Meni öýde ýeke goýmazlyk üçin günde birini tapmak iş boldy. Hernä, garyndaşlar bar, il-gün bar, ejem görgülä ýerli-ýerden goldaw berdiler. Kä uýalarym gezekleşip ýanymda boldular, kä garyndaşlar, käte goňşular… Serişde-de näme, ölmeli diýlen zat ýok, bokurdagy deşen Allatagala ryzk hem berýär. Sakgaldan alyp murta ýelmäp, murtdan alyp sakgala ýelmäp, garaz, agam göçüp gidenden soňra bir çaýkanan güzeranymyz ýykma-ýykylma ýola düşdi-de, endiganlyk bilen tigirlenip ugrady… Ýöne agam welin, edil äht eden ýaly, meniň bilen, ejem bilen gan dawasy ara düşüp aýrylyşan dek, soň görünmedi. Elbetde bolýan däldir-dä… Men şonda düşündim, ýeke sapar ýaramazlyga ýeňsäňi görkezeniňden soň ikilenç onuň garşysyna çykmagyň öte müşgildigine… Ýarag-esbabyňy juda ykjam tutup, täzeden atlanaýmasaň ol eýesiz eýgerdäýmezem özi… Ýarym ýyldan gowrak wagt geçdi. Men öz betbagtlygymyň bäşinji ýylyna aýak basdym. Meniň ellerime, bilime günsaýyn güýç gelýärdi. Birmahal gymyldamany kyn görüp, özgeler bilen düşünişmek wezipesini tutuşlygyna gözlerimiň üstüne taşlan ýalta dilim hem indi meniň aýtmak isleýän gep-sözlerimi kynlyk bilen bolsa-da düşnüklije edip diýmegiň hötdesinden gelýärdi. Adaty günleriň biridi. Giç öýlänler, ejem ikimiz daşarda sekiniň üstünde çaý içip otyrdyk. Ejem görgüli yhlasynyň ýerine düşýändigine begenjinden iki bolup bilmeýärdi. Şonuň üçinem ol bu wagt meniň geljegim hakda süýjüden-süýji gürrüňleri tapýardy. Öz gürrüňlerine hasam göwni açylyp, keýpiçaglyk bilen çaý süzýärdi. Şol pille-de gädigimizde täzeje daşary ýurt ulagy gelip saklandy-da, ondan agam düşdi. Ol birhili bize seretmäge çekinýän dek, ýüzüni sapajak-supajak edip ýakynymyza geldi. Men begenjime owsunyp gitdim. Emma ejemiň ýüzüne garan badyma ýüzüm boz-ýaz boldy. Käbämiň mydama mähir şuglasy bilen lowurdap duran mähriban keşbi bu wagt daşdan çapylana çalym edýärdi. Misli bu, her bir deňesinden öten üçin mylaýym söz tapmagy özüne borç bilýän ejemiň ýüzi däl ýalydy. -Salawmaleýkim-diýende ejemiň ýüzüne seredip bilmeýän agamyň sesi gowuşgynsyz çykdy. -Hä, aleýiksalam-diýdi-de ejem öz ogly bilen däl-de, nätanyş biri bilen salam-helik alşan ýaly, çaýyna gümra boluberdi. Agam muňa hasam aljyrady. Dagy näme diýjegini bilmän ýüzüni çym-gyzyl edip, hümürdedi: -Ulag edindim, eje! Adyma geçirjek bolýaryn welin, öýden pasportymy tapmadyk. Bärde galmadymyka? Ejem şol bir oturşyny üýtgetmedi. Iň bärkisi kiçi dilden bärde-de “gutly bolsun” diýmedi. Diňe: -Bolsa bardyr! Gir-de gözläber!-diýip oňaýdy. Özüme iň ýakyn ezizlerimiň bolup durşuna men juda gyýyldym. Ýüzüme seredip bilmeýän agam özüme “barmysyňam” diýmese-de, oňa nämedir bir zatlar diýip, ara düşen oňaýsyz dymyşlygy bozasym geldi. Emma bokurdagym doldy-da, hiç zat gepläp bilmän ýere bakaýdym. Agamam sähel salym özüni nirä ýok etjegini bilmeýän dek, ýüzüni sallap durdy-durdy-da, birdenem: -Bolýar-la, öýdedir-le, birden tapmasam soň geläýerin-dä!-diýip yzyna öwrüldi. Baryp, ulagyna mündi. Ulagyny otlady. Şol pursadam ejem saklanyp bilmedi. Kalbynyň jümmüşinde kine örtgüsi bilen basyryp duran mähir şuglasy ejemiň keşbindäki daş nikaby çym-pytrak etdi-de, lowurdap ýüzüne çaýyldy. -A-ýuw, oglum…-diýip ejem köçä tarap galkyjaklanda agamyň ulagy yzyndan depilen ýaly, bat bilen tozan turzup ugrady. Onuň yzyndan garap, ýerinden gobsunyşyna doňup galan ejem, diýjek bolan sözlerini pyşyrdap goýberdi:-…bi agtyjaklarym nähili…ady dakylanjamyz gowjam… Ulagyň turzan tozanynyň howada eräp ýitip gidişine garap durşuna-da ejem gyňajynyň çowuny gözleriniň çetine ýetirdi-de, hamsygyp goýberdi: -Dogman geçen dogman geçmiş… Beýle-de bir doňbagyrlyk bolar oguşýan. Iň bärkisi kesäňden bir: “jigim ýagdaýlaryň neneň?” diýip bilmedi… Men ejeme näme diýip näme aýtjagymy bilmedim. Dymdym oňaýdym. Şol gün agşam bolsa daň atýança çyranyň ýagtysyna, oturan ýerimden, galam bilen “Mähir” diýen suratymy çekdim… Sowuk hem mährewsiz jala guýup dur. Çabga ezilen iki dogan kert gaýany penalapdyr. Doganlaryň ulusy ezilen eşiklerini guratmak üçin ot ýakjak bolýar. Emma öl-myžžyk bolan otluçöp ýanmaýar. Muňa onuň gahary gelýär. Yzgytsyz ýüzi eňşäp dur. Doganlaryň kiçisi soňkuja otlyçöpüni otlap, köräp duran ysgynsyzja bolsa-da, ýiti yşyjagy bilen gözüňi deşip gelýän otjagazy goşawujynda, çapgyn ýelden penalap, agasyna uzadýar. Onuň keşbi mähirden doly. Olaryň ýeňsesindenem günüň ýagtysy gyňyr bulutlary nurly şöhleleriniň öňünden syryp, arşyň meňzini açyp gelýär… ***** -Ine şeýdibem, meniň “Mähirim” taýyn boldy-diýip Döwran dymdy-da, bogazy gurandygy üçin çaýyndan owurtlady. Jennet ses ýazýan enjamyny öçürdi. Käsesini eline aldy. Emma owurtlaman yzyna goýdy. Onuň bolşy Döwrana nähilidir bir sowal beresi gelip, dili gijäp durana, ýöne şol soragy bermäge çekinýäne meňzeýärdi. Döwran muny duýdy. -Jennet, siziň menden bir zady sorasaňyz gelýän ýaly-la. Çekinmän soraberiň. -Äý, ýok-la, Döwran, sorag bolup soragam däl-le, asla bu meniň işim hem däl, ýazjak maglumatymyza dahyly-da ýok… Ýöne agaňyz… Siz elbetde meniň şahsy durmuşyňyz barada soraýanymy bagyşlaň…-diýip Jennet sakynyp jogap gaýtardy. -Hä, siz: “agaňyz soň näme işledi” diýjek bolýarsyňyzmy? Agammy? Agam häzir maşgalasy bilen bizde ýaşap ýör. Ejemem agtyjaklarynyň arasynda äbe-de-jüýje. Gelnejemem daşymyzda hozanak…Bi neme…-diýip Döwran sözüne dyngy berdi-de ýene-de çaýyndan owurtlady:-Bäh, sowap gidipdir-ow! Neme onsoň… suratyň garalamasyny çekdim-de, ertesini gün öýlänler, goňşymyzyň oglundan: “agama gowşur” diýip ugratdym. Agşamara-da bar goşlaryny süýräp, çagalaryny, gelnejemi yzyna düşürip agam geldi… Özem bolup gelişlerem bir gülkünç…-diýip Döwran myssa ýylgyrdy:-…misli ýagydan sypan bosgunlar ýaly, göýä yzlaryndan allajy kowalap, söbüklerini sydyrdyp gelýän dek, öýe, biziň ýanymyza özlerini atsalaram, belent diwarly, synmaz galada gizlenjekler ýaly, elem-tas bolşup… Döwran ýene-de ýylgyrdy. Az-kem dymanyndan soň bolsa üstüne goşdy: -Äý hawa-da, ýagy kemi ýok. Ýamanlykdan ýeňlip, onuň guluna öwrüleniňden soň ondan şeýdip etek alty ýeň ýedi bolup, gaçyp sypsaňam hudaýýoly berersiň-le! Äý bolýar-la!-diýip Döwran elini silkdi:-Bu siz näme çaý içmeýärsiňiz-le, Jennet? Ýa sowan bolsa gaýtadan demläp ber diýip haýyş edäýeliň? -Ýok, ýok Döwran! Meniň wagtym çäkli. Şonuň üçin siz ýadamadyk bolsaňyz, gaýrat edip altynjy suratyňyzyň döreýşi barada-da gürrüň beräýseňiz… -Äý hawa-da, menem gepi uzaldyp, siziň esli wagtyňyzy alaýdym. Häzir derrew aýdar beräýerin. Ýöne siz Jennet…-diýip Döwran az-owlak sägindi-de degişmä ýazdyryp goýberdi-…“bu adam nähil-ä, ilkinji duşan adamsyna içini döküp otyr” diýip geň galmaweriň! Ýaňam aýdyşym ýaly, men-ä bir birnäçe ýyllap ýekelik basmarlan, dymyp gezmäge mejbur bolan adam, indem gürläp-gürläp, şol dymanlarymyň öwezini dolaýjak bolýaryn… Jennet ýylgyrdy: -Ýok-la, Döwran, men-ä gaýta begenýän, sebäbi siziň ýaly söhbetdeş habarçy üçin tapylgysyz hazyna. Sowal bermegem gerek däl, käbiri dagy bilen gürrüňdeş bolýarsyň welin, her sözi agzyndan atagzy bilen çekip almaly. -Bolýar Jennet, geňlemeýän bolsaňyz bolar. Onda işlediň ol zadyňyzy, söhbedimiziň soňuna nokat goýalyň. ***** Taryhy uzak däl onuň. Juda gysgajyk. Bilseňiz, adam owalybeletde ýaradylanda ýalňyzlygyň barlyşyksyz duşmany hökmünde ýaradylypdyr. Güni gowy bolsun, erbet bolsun, çydamaza dönsün, tapawudy ýok, oňa elmydama höwür gerek. Erbet gününde dagy höwür adam üçin, edil howa ýaly, iýmit ýaly derwaýys zerurlyga öwrülýär. Meniň bilenem şeýle boldy. Ejem meniň höwrüme öwrüldi. Elbetde ene her bir ynsanyň ilkinji hem esasy höwri. Bu tebigatyň kanuny. Ýöne meniň üçin welin, bu kanun kanunlaryň kanuny, kanunlaryň şasydy. Sebäbi ysmaz ýatan ýyllarymyň her pursadynda men öz ýüregimiň ýanynda ejemiň durky-düýrmegi bilen gulaga öwrülip, onuň her bir yrgyldysyna diň salyp durandygyny duýup ýaşadym. Şol hem maňa betbagtlyk duýgusyny ýeňmäge, kalbymda sungatyň ajaýyp jadysyny dikeldip, maýyplyga, ejizlige, nalajedeýinlige garşy göreşmäge güýç-kuwwat berdi, gaýrat berdi. Belki hemme kişi üçinem şeýledir. Meniň-ä göwnüme bolmasa ejem bu dünýä ebedilik gelen ýalydy. Ol kesellemelem däldi, uklamalam, ýadamalam… Hemişe meniň we beýleki çagalarynyň aladasynda, gyzyletenelerine howp abanan ene guş dek jöwlan urup ýörmeli ýalydy… Emma görüp otursam ejem hem adam ekeni… Bir gün ol ýykyldy. Hakyýt, sözüň hakyky manysynda, irden meniň ýanymda gelnejem, agtyklary bilen saçak başynda oturan ýerinden, birdenkä ýüzi üç ýuwlan ak esgä döndi-de, bir gapdallygyna agyberdi. Turdy bir başagaýlyk, gopdy bir howsala. Gelnejem aljyrap iki-ýana elewräp başlady. Goňşular çagyryldy. Kim habar etdi, bilmedim, bir ýerden ýüzüniň ganyny gaçyryp agam geldi. Ol ulagyndan düşüp-düşmänkä-de, derwezämiziň öňünde böwri “Tiz kömek” ýazgyly ulag gögerdi. Şol başagaýlygyň arasynda-da men diňe bir, ak halatly lukmanyň: “Infarkt… tiz göteriň…” diýen sözlerini üzlem-saplamrak eşidip galdym. Onýança-da, agam käbämiň ýelege dönen horja göwresini gujagyna gysdy-da, ylgady “Tiz kömek” ulagyna garşy… Onuň bolup barşyny görübem meniň birhili ýüregim ýerinden gopan ýaly boldy. Gözümiň öňi garaňkyrady-da, başym hyrra aýlanyp ugrady. Gözümi ýumdumam welin, gözlerimiň öňünde düýbi görünmeýän, tükeniksiz gorp peýda boldy. Men hopugyp, gözümi açmakçy boldy. Emma gözüm açylmady. Garagym gapylana döndi. Gözlerimiň öňündenem şol düýpsüzliginden ýaňa demiň tutulýan gorp aýrylmady. Men aljyradym. Gorkdum. Gelnejemden, kiçijik jigilerimden haraý isläp, olary çagyrmaga çytraşdym. Özüme zor salyp gözlerimi açmaga dyrjaşdym. Ýöne paşmady. Gabaklarym aňymyň diýenimi etmeýärdi, dilimem gymyldamaýardy. Men gyssandym, janyma dowul düşdi. Dagy başga zady başarmasam, ellerimi daldaladyp bir töweregimdäkileriň ünsüni çekeýin diýen niýet bilen, bolanja güýç-kuwwatymy bir ýere jemläp dyzadym. Emma hiç-hili gymyldy-hereket bolmady. Birdenem özümiň ysgynsyz ellerim bilen şol gorpuň gyrajygyndan asyl-asyl bolup durandygymy duýdum. Meniň bolanja erkim hem dyr-pytrak boldy. On iki süňňümi gorky, howsala, ejizlik gaplap aldy. Men dyzaýardym. Şol gorpuň gyrasyna ysgynsyz göwrämi oklajak bolup dyzaýardym. Emma ellerimde gujur bolsa-da ýüregimde gaýrat ýokdy. Gorpuň gyrasyndaky gyýçak daşlardan ýapyşýan barmaklarym hem assa-ýuwaşdan gowşap, tyrpyp barýardy. Men birden düşündim. Eger-de şu wagt, şu pursat barmaklarym sypyp, şu tükeniksiz gorpa gapgarylaýsam soň özüme ondan çykmagyň ýokdugyna, meniň şeýle azaplar bilen ýagtylyga, goşawuç göwrümli süňkden gapyrjagyň içinden erkinlige çykan kalbymyň tümlügiň holtumyna düşjekdigine, gaýdybam onuň girisinden sypyp bilmejekdigine düşündim. Bu düşünmegimden ýaňa-da meni has hem beter howsala gaplap aldy. Men ýene-de gorpdan çykmak üçin dyzap ugradym. Emma gaýratym çatmady, gaýratym ýokdy… Men dagy nätjegimi bilmän, iň bolmanda şol gorpa gaçmazlyk üçin bolanja gujurymy jemledim-de gan-gabarçak bolan barmaklarym bilen gyýçak daşlardan berk ýapyşyp, tükeniksiz tümlügiň üstünde asyl-asyl bolup, sallanyp galyberdim… ***** Döwran aşa tolgundymy nämemi, sandyraýan eli bilen käsesini aldy-da, sowan çaýy başyna çekdi. Soňra çäýnekden çaý guýunyp ony-da içdi. Uludan demini aldy. -Şeýlebir kyn muny ýatlamak!-diýdi-de, bogazyny arçabam gürrüňini dowam etdirdi. ***** …Näçe wagt şeýle halda, asyl-asyl bolup durandygymy bilmeýärin, gün geçdimi, hepde geçdimi, aý geçdimi, hasaby ýitdi. Soň, hassahanada özüme gelenimde, başujumy alyp oturan uly uýam on iki günläp huşsuz ýatanymy, diňe demim gelip-gidendigini, hassahana eltilen gününiň ertesi bäri bakyp ugran ejem görgülä-de hiç zat aýtmandyklaryny aýtdy. Şol wagt welin, men hiç zady bilmeýärdim. Aňymda bolsa birje pikirden özge hiç-hili duýgy-da ýokdy, pikirem. Diňe bir zat, her zat etmeli welin, gorpa gaçmaly däl, gaçdygym gutardygy, gaçmaly däl, gaçmaly däl diýen ýekeje pikir, ýekeje duýgy, meniň ýadamakdan, ysgynsyzlykdan ýaňa gurap giden barmaklarymy ýazylmazlyga, soňkuja güýç bilen gyýçak daşlara ýapyşmaga mejbur edýärdi. Men bilemok, belki akyl-huşy ýerinde ynsanlaryň hasaby dogrudyr, uly uýamyň aýdyşy ýaly, men şol gorpuň gyrasyndan ganymy sarkdyryp, bary-ýogy on-on iki gün sallanyp durandyryn. Ýöne meniň üçin-ä häzirem şol wagt tükeniksiz asyrlardanam uzak bolup görünýär. Günlerde bir gün men ýarym bihuş halda asyl-asyl bolup, hallan atyp durkam, kimdir biriniň gury agaja dönen ellerimden tutýandygyny duýdum. Gözlerimi açsam keşbi bolmasa-da gözleri meniňkä meňzäp duran, alty-ýedi ýaşlaryndaky oglanjyk meniň gollarymdan berk tutupdyr-da, meni gorpdan çykarmak üçin bolanja güýç-gaýratyny jemläp dyzaýar. Özi-de gara der bolup dyzap durşuna nämedir bir zatlary eşidiler-eşidilmez pyşyrdaýar. Ojagazyň bolşuna meniň kalbymy lapykeçlik gaplap aldy. -Ýeri indi şujagaz göwräň bilen sen meni çekip çykaryp bilerin öýdýäňmi?-diýip men teşnelikden ýaňa ýaryk-ýaryk bolan dodaklarymy zordan gymyldadyp, pyşyrdadym. Şol pursat ol oglanjyk göýä meniň sözlerime jogap berýän ýaly dodajyklaryny gymyldatdy. Men onuň näme diýýändigini eşitmek üçin üşerildim. Ol öz aýdanlaryny meniň eşitmändigime göz ýetiren ýaly ýene-de gaýtalady: -Eger güýjüm ýetmese, onda bile gideris. Sensiz maňa-da ömür ýok, dogan! Ojagazyň göwrejigine hem ýaşyna gelişmeýän bu sözleri misli bir dirilik suwy deýin meniň damarlarymdaky ganyma gatyldy-da, tutuş durkumy söküm-söküm yzarlap gitdi. Onuň garaja gözjagazlaryna garadymam welin, meniň kalbyma gaýrat indi, gollaryma kuwwat indi. Olar şeýlebir ümmülmez aýgyt, tükeniksiz gaýrat bilen şöhlelenip, lowurdap durdylar welin, göwnüňe bolmasa ojagaz garaja garamyklar bir gögeleje oglanjygyň gözleri däl-de, ýüz-ýüzden ýüz gezek ýüz müňlere garşy durmaga-da myzaýyk etmeýän gahrymanyň otlukly göreçleri ýalydy. -Hany bol dogan, beýtmäli, çykaly mundan!-diýip oglanjyk ýene-de pyşyrdady-da meni çekip ugrady. Menem dyzap başladym. Şeýdibem dyzap-dyzap biz iki bolup meniň ysgynsyz bedenimi gorpuň gyrasyna okladyk. Okladyk-da, arkan düşüp ýatdyk. Men heniz demimi dürsäp-dürsemänkäm hem oglanjyk ýerinden turdy-da nirädir bir ýere ýöneldi. -A-how, jigim, sen nirä? Asla seniň adyň näme?-diýip men barha daşlaşyp barýan oglanjygyň yzyndan gygyrdym. Ol yzyna garaman gidip barşyna jogap gaýtardy: -Gaýrat. Men: -Gaýrat! Dur entek, Gaýra-a-at!-diýip onuň yzyndan gygyrdym-da, öz gykylygyma gözümi açdym welin, ýiti ýagtylyk gözümi gapdy. Şol wagtam bir gara sudur aýagujumdan böküp galdy-da, meni garsa gujaklap, uly uýamyň sesi bilen hamsygyp goýberdi: -Doganjygym! Özüňe geldiňmi, jan jigim?! Seni gaýtaryp beren Päk Perwerdigäre şükür!... ***** Döwran sözüne dyngy berdi. Birsellem ýatlamalaryndan saplanyp bilmeýän dek dymyp oturdy-da, birdenem başyny silkip, ýylgyrdy: -Ine, şeýdibem men, hassahanada ýatyrkam altynjy suratymy hyýalymda çekip başladym. “Gaýraty”. Hassahanadan çykanymdan soň bary-ýogy bir-iki aý geçip-geçmänkä-de suratlarymyň ählisini kagyza geçirip ugradym. Ine-de onuň netijesi!-diýip Döwran ýüzüne gelşik berýän ýagty ýylgyryş bilen ýylgyrdy-da, misli tutuş sergiler öýüni gujagyna gysmak isleýän ýaly, ellerini giň açdy. Enjamyny öçüren Jennedem Döwranyň gürrüňleriniň täsirinden çykyp bilmän azsalym sesini çykarman oturdy. Soňam: -Döwran, sag boluň, juda täsirli gürrüň boldy. Siziň bu aýdanlaryňyz asyl bir maglumatyň ýa-da makalanyň özeni däl-de, giden bir çeper eseriň hamyrmaýasy bolmaga-da mynasyp. Ynsanyň sungatyň kömegi bilen öz keselini, ýalňyzlygyny, betbagtlygyny, ýamanlygy hem ejizligi ýeňşi hakda rowaýat… Ýöne çeper eser ýazmak üçinem ukyp gerek, zehin gerek… Taňryýalkasyn, Döwran! Men taýýarlajak maglumatymda siziň aýdanlaryňyzy örän ýerlikli ulanjakdygyma söz berýärin-diýdi-de ýerinden turdy. Zatlaryny ýygnaşdyryp işige öwrüldi. -Gaýta özüňize sag boluň, menem özüňiz ýaly gözel gyz hem tejribeli habarçy bilen söhbetdeş bolup, biraz göwnümiň posuny açdym-diýip Döwran edähetine eýerip degişdi-de, gyzy ugratmak üçin onuň yzyna düşdi. Olar sergiler öýüniň dälizine çykyp, hoşlaşdylar. Redaktoryň aýdan wagtyna çenli az galandygy ýadyna düşen Jennet ymaratyň çykalgasyna tarap haýdap barşyna näme üçindir yzyna garady welin, uzyn däliziň ol çetinde, tigirçekli kürsüsiniň gyrasyna ellerini goýup Döwranyň henizem yzyndan seredip oturandygyny gördi. Jennet sägindi. Maýyp ýigde tarap siňe-siňe seretdi. Birdenem oslagsyzlykdan ýaňa tisginip gitdi. Göwnüne bolmasa, däliziň ol çetinden özüne tarap gyratyň üstünde ellerini giň açyp, çapuwyň ýelginine ezýaka köýnegini galgadyp barşyna, süňňüni doldurýan bagtyna bäs gelip bilmän, aýdyma gygyrýan jahyl okdurylyp gelýän ýaly boldy. Jennet gözüne ynanman, gözüni gyrpdy. Bedew bilen çapyksuwar gaýyp boldy-da, ýene-de Döwran göründi. Ol mähirli ýylgyryp, Jennede elini galdyrdy. Gyzyň kalbyny nähilidir birhili üýtgeşik ýeňillik gaplap aldy. Näme üçindir aňynda Döwranyň sözleri mylaýym pyşyrdy bilen gaýtalanyp, gaýtalanyp gitdi. “…Söýgüniň hakyky keşbiniň nähilidigini bilýärsiňizmi?! Kimi çyn ýürekden söýen bolsaň, şonuň gözüňe mahymyň şuglasy, ýyldyzlaryň nury, kuýaşyň enweri çaýylan ýaly bolup görünýän gül jemaly hem söýgüniň hakyky keşbidir.” “Hakykatdanam ol ýanbermezligiň, gaýratyň hut özi ýaly” diýip Jennet oýlandy. Bada-badam öz pikirine süýji ýylgyryp, Döwrana elini galgatdy-da, ýoluna rowana boldy. S.Ataýew. Ýaşaýyş yşky. Hekaýalar ýygyndysy. A.:TDNG, 2015 | |
|
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |