16:18 Gijeki yzlar -3/ powestiň dowamy | |
Şu käre ulaşalym bäri diňe bir raýon merkezinde däl, eýsem kolhozlarda-da, olaryň gumuň jümmüşindäki uçastoklarynda-da, uzak-uzak öri meýdanlaryndaky çopan goşlarynda-da bolmak miýesser etdi. Diňe bir bolmagam däl-de, aýry-aýry adamlaryň durmuşy bilen tanyşmak, olardan özümi gyzyklandyrýan sowallaryň jogabyny agtarmak, gürrüňdeş bolmak hem miýesser etdi. Şeýle halatlarda men bir zada haýran galardym: jenaýatçylykly etmişlere baş uran ýa-da şeýle etmişleriň bosagasynda duran ýaş adamlaryň ählisiniň diýen ýaly gelinleri, näme üçindir biri-birinden owadan ýalydy. Ýok, bu göwnüme däldi, hakykatdanam şeýledi. Şonda her gezek “Gawunyň gowusyny şagal iýäýýär öýdýän” diýip, pikir ederdim. Ýöne göripçiligim ýokdy, her bir öýüň gelni owadan bolsa bir begenerdim, ýigidi görmegeý bolsa iki begenerdim. Olaryň durmuşy oňat bolup, hiç biri bidüzgünçiligiň gyrasynda görünmese, olara çyn ýürekden guwanardym.
Detektiw proza
Bu gezegem şeýle boldy, Muhady iş ýerinden tapyp bilmämsoň, wagty biderek geçirmezlik üçin Kakajanlara ugradym. Olaryň howlusyna giren dessime ilki gözüme ilen onuň gelni boldy. Ol howlynyň ortasyndaky ýörite ýasalan guýudan suw çekip durdy. Tanyşdyk. Meniň milisiýadandygymy eşidenden, ol allaniçigsi boldy, guýyň agzyna çenli getiren suwly bedresini alaçsyz elinden gaçyrdy. - Näme, ol ýene-de bir zat edipmi? –diýip, Nabat howsala düşende, özünden biygtyýar özboluşly bir gelşige gelýän käse ýaly gözlerini maňa dikdi: - Ýok-la, bolan zat ýok. Ýöne, biziňki bir hälki, profilaktika diýen ýaly. Näme, ol henizem gelenokmy? - Ýok. Eýse siz onuň birnäçe gün bäri öýde ýokdugyny nireden bilýäňiz? - Ony biz bilmän, kim bilsin! – diýen bolup gürrüňi derrew başga ýana sowmaga ymtyldym. Ýogsa garry pahyryň şübhe astyna alnaýmagy-da daşda däldi. Hernä bolsa-da Nabat gelin hem öz soragynyň üstünde döwnäp durmady. - Suw kranyňyzam-a waglap ýatan ýaly welin, ýörite guýam edinäýipsiňiz-le? - Gaýynym bende kranyň suwundan içip bilenok, suwy ýogyn diýýär. Onsoň, ynha, suw guýar ýaly ýörite guýy ýasatdyrdyk. Dag suwundan getirip guýýas. -Ýeri, onsoň iki suwuň tapawudy barmy, heý bilýäňizmi? – diýip, onuň ünsüni hälki sowaldan ymykly sowmak üçin ýene bir sorag berdim. - Wiý, ony biz bilmän, kim bilsin! – diýdi-de, gaýta ol daşlaşdyrjak bolýan soragyma öz beren jogabymy gaýtalady oturyberdi. “Bedibagtyň bu görmeginiň üstesine dogum bilen akylam bäri-bärde däl ýaly” diýip oýlandym. Onuň ýaňky sözleri aýtmak bilen näme diýjek bolýanyny aňsam hem, oňa asla düüşünmediksirän boldum. - Biziň üçin-ä olaryň hemmesi bir suw ýaly...Ýogsa-da gaýynyňyz öýdemi? Şol wagt özi hakdaky sowala geçilendigini edil eşiden ýaly, Kakajanyň ejesi öýden çykdy. Ol içerden göwresini çykaranyna mähetdel gelnine gygyrdy: - Aýu, Nabat, mallara suw görkezildimikä şu gün? Soňra ol daş işikde duran ýerinden elini kölegeledip ýokarsyna garanjaklady-da özbaşyna hümürdedi: - Baý, bu-uw, günem ikindi bolup giden oguşýar... Şondan soňky sözlerine bolsa ýene-de bat berip goýberdi: - Gyýw, Nabad-a nirede sen? - Men bärde. Garry ene galoşyny süýräp guýy tarapa ugrady. Maňa gözi ilen badyna ol edil ýylan gören ýaly kürtdürdi. Ýaňky ýaly ýene elini kölegeletdi-de: - Nabat, kim gyz bu? – diýip, menden gözüni aýyrman durşuna menden sorady. -Milisiýadan gelipdir – diýdi-de, gelin guýy suwundan dolduran iki bedresini alyp öýe ugrady. Megerem, Kakajanyň ejesi meni nirede hemem haçan görenini heniz unudyp ýetişen däl bolsa gerek. Ýöne şonda-da ol howsalaly nazary bilen ýüzümden bir zatlar okajak bolup çalyşýardy. - Näme habar, janym? - Hiç hili habar ýok, daýza. Kakajan gelmedimikä diýip sowlaýdym. - Hä-ä, oňarypsyň, oglum, ýöne Kakajan heniz-ä gara berenok. O deýýus ýerzeminiň açarynam ýany bilen alyp gidipdir öýdýän – diýip, oglundan gatyrgananyny gelni eşdäýmesin diýýän ýaly gürrüňiniň soňuny pessaýlatdy-da, gapa tarap gözüni aýlap goýberdi. - Ýeri, ol oňa nämä gerek bolduka? – diýip, anyklamakçy boldum. - Wah, nämä gerek bolsun! Ýöne gitmänkä oňa girip çykandyr-da, soňam açary goýmagy unudandyr-da... Tüýs atasy-da. Ol bende-de o başdan bu başa huşsuzlykdan kösenip geçipdi. Şol wagt Nabat owadan şypbygyny süýräp geldi-de, ýuwaşlyk bilen gaýyn enesine ýüzlendi: - Agşamky diýýänimi-hä aýdan dälsiň? - Wiý, ýogsa-da häliden bäri bir zat aýtjak bolup durun-da, huşum gursun, teý ýadyma düşenokda. Neme-le, janym gelin: “Öten gije ýerzeminiň gapysy birki gezek şakyrdan ýaly boldy” diýýär. Özüm eşitmämsoň men-ä näme diýjegimem bilemok. “Göwnüňedir” diýsemem, “Göwnüme dagy däl” diýip ýeň berenok. Ýerzeminiň açarynyň Kakajanyň ýany bilen gitmegi meni az-kem diňşirgenmäge mejbur edipdi, ýöne ynha, bu gürrüň welin şol diňşirgenmäniň ornuny şübhe bilen çalyşdy duruberdi. - Dogrudanam, göwnüňize bolaýmasyn? – diýip, gürrüňi gelniň özünden anyklamakçy boldum. - Şol wagt-a göwnüme dagy däldi, magat eşidipdim. Ýöne şeýdip, zol “göwnüňe bolaýmasyn” diýlip durulsa, birhili, ýuwaş-ýuwaşdan ol ýalan ýaly hem bolup barýar – diýip, Nabat birbada garra-da, maňa-da düşnükli bolar ýaly edip jogap berdi. - Siz ol ýerde üýtgeşik bir zatlar-a saklaýan dälsiňiz-le? – diýip, garrydan soradym. - Wah, üýtgeşik zat näme işlesin! Ol – bu ýapylan banka, onsoň kärtişge, sogan-beýleki bolaýmasa, başga zat ýokdur. - Diýmek, onda alnaýanda-da ol ýerde gynanar ýaly zat ýok-da? - Ýok-la, şoň üçin diýýän-dä bu gelne, ýerzeminimizde kimiň göri bar diýip. Men ýerzeminiň kiçijik gapysyny, ondan asylgy gara gulpy üns bilen synladym. Göräýmäge hemme zat bolmalysy ýaly: gapy hem ýerinde oňat otyr, gulp hem. Töwerekde ünsi çekip biläýjek başga hiç hili zat ýok. - Ýogsa-da içindäki zatlary barlap gördüňizmi, hemme zat ýerbe-ýermi? - Wah, janym, aýdýan-a açary Kakajan ýany bilen alyp gidipdir diýip. - Munuň diňe ýeke açary barmy? - Hawa-la, artyp galmyş, ýitip-ýitip ýeke açara diredi-dä. - Şeý diýsene asyl... Onda näme, Kakajan geler welin barlap göräýerler. Eger-de bardy-geldi bir zadyňyz alnan bolsa, onda şobada bize-de aýdarsyňyz. Meniň bu gürrüňimi eşiden, gaýyn-gelin bir-biriniň ýüzüne seredişdiler-de ýylgyryşdylar.Men nädip olaryň gülküsini tutdurandygyma şol bada düşündim: - Siz güljek bolmaň. Ol ýerde gynanar ýaly zadyňyz ýok hem bolsa, bir zadyň ýitmegi gowulygyň alamaty däl. Ol siz üçin hiç bolaýanda-da biz üçin zerur. Düşündiler öýdýän, köşeşen ýaly boldular. Soňra gitmezden öňinçä men olara ýene bir gezek tabşyrdym: - Eger bardy-geldi ýene gulpuň şakyrdysyny eşitseňizem bize aýdyň. Hökman aýdyň... Indiki ugur garaja tarapdy. Muhatdan ýene bir gezek habar tutup görmeli, mümkin, gelendir. Ýogsa-da, ýerzeminiň gapysy hakykatdanam ellendimikä ýa-da ol Nabadyň göwnünemikä? Eger ellenen bolsa ol hökman öz açary bilen açylan bolmaly. Sebäbi gulp başga bir zat bilen açylana-ha meňzänok. Eger-de öz açary bolsa, onda ony diňe Kakajanyň özi edip biler. Sebäbi, aýdylyşyna görä, onuň bary-ýogy ýeke açary bar, ol hem şonda. Beýle bolsa, gijäniň bir wagty ony açyp görmegiň Kakajan üçin nä derkarlygy bolup biler? Ol ýerzeminden islän zadyny gündiziň günortany hem alyp bilerdi ahyryn?! Näme diýjegiňi biler ýaly däl. Awtoparka baryp maşynlaryň remont edilýän zonasyna ugradym. Onuň maşyny heniz hem öňki duran ýerinde eken. Diýmek, ol remonty gutarmadyk bolarly. Maşynyň aşagyndaky çukurdan ýüzüniň kä ýerine ýag degen Muhadyň keşbi göründi. Ol maňa gözi düşen dessine gapdalda ýatan ýagly esgä emaý bilen el ýetirdi-de, nazaryny menden sowman durşuna ellerini süpürişdirdi. Sesini-üýnüni çykarman, çukurdan çykmak bilen boldy. Onuň meni görüp, ähli keýpiniň gaçandygyny aňdym. Diýmek, ilki bilen Muhadyň göwnüni götermek gerek. Ýogsa ol häzirki ýagdaýda meniň sorajak zadymy hut bilip duran hem bolsa aýtmazlygy juda mümkin. - Näme, döwüldimi? – diýip, salam-helikden soň onuň maşynyna kakyp goýberdim. - Aý, hawa, bir ýerinden jidkost dökýär eken. - Ýeri, onsoň nätdiň, düzedip bildiňmi? - Hawa. - Hälem bir gelip gitdim welin ýok ekeniň. - Hä-ä, o wagt şo jidkosty gözlemäge giden bolaýmasam... - Näme, maşyn könemi? - Aý, ýok, Gaty köne-de däl, ýöne öň köpüň eli degen maşyn-da. Her näme-de bolsa soran zadyňa irinmän jogap berip dur, şo-da ýagşy. Ýogsa, häliden bäri “göwnüni galdyrjak bolmaly” diýýän-de, munuň hiç ebeteýini tapyp bilmän durun. - Ol günki üçin işde azar berip duranoklar gerek? - Aý, ýok, häli-häzir-ä adymy tutanoklar. - Tutmazlaram. Sen arkaýyn bolaý. - Näme, ýörite şony aýtmak üçin geldiňizmi? - Hawa, şonam aýtmaga geldim, onsoň ýene bir zadam soraýyn diýdim. Muny biziň naçalnigimiz Ymamguly Berdiýewiçiň hut özi haýyş etdi. - Mendenmi? – diýip, ol eli bilen özüni görkezdi-de, geň galmakdan ýaňa gözlerini tegeledi. - Hawa, senden. Näme diýsene, Muhat, iki-üç günlükde gonamçylygyň ýanyna bir uly maşyn barypdyr. Onuň bilen şo ýere bir zat eltilipmi ýa-da alnyp gaýdylypmy aýan däl, garaz, näme üçin baranlygy näbelli. Özem, gijelikde barlan bolmaly. Senden etjek haýyşymyz – bile işleýän oglanlaryňdan soraşdyryp göräýseň diýýäs. Aslyýetinde bu ýerde hiç hili gorkuly zat ýok. Eger-de bardy-geldi jenaýatçylykly bir iş bolaýanda-da onuň üstüniň açylmagyna kömek eden üçin hemişe eglişik edilýär. Düşündiňmi? - Düşündim-le. Bäh, men onda içaly ýaly işlemeli-dä? - Ine, gördüňmi, düşünmänsiň. Özüň bolsa düşündimem diýen bolýaň. Saňa içaly ýaly işle diýýän barmy? Ýöne oglanlaryň käbirinden osmakladyp sorap gör. Biziň gyzyklanýanymyzy weli agzama...düşündiňmi? Welosipedli işiňden bolsa arkaýyn bolaý, hiç kim hiç zat diýmez. - Siz şo maşynyň anyk gije baranyny bilýäňizmi? - Anyk bilemzok, ýöne çak edýäs. - Beýle bolsa, dispetçerden sorap göräýmek gerek. Ol haçan haýsy maşynyň garajda bolmandygyny aýdyp berer. - Sen baryp soraýsaň, elbetde, aýdyp berse-de berer. Maňa welin aýtmaz. Özünden gorkar. Saňa kömek et diýilýäni hem şu zatlar üçin-dä. Dispetçerli meseläni oňat tapdyň, ondan hem sorap göräý. Adamçylykdyr, belki, bir zatlar ýüze çykmagy mümkin...Ýeri, nähili, gürleşdikmi onda? - Gürleşdik eken-dä –diýip, ol ýagjaryp duran elini maňa göwünli-göwünsiz uzatdy. Awtoparkyň howlusyndan çykmankam ol ýene yzymdan gygyrdy: - Eý, ýoldaş... Sägindim. Ol ýagly esgi bilen ellerini süpürip gelşine daş-töweregine ýaltaklady-da, edil alkymyma dykylyp geldi. - Haçan diýdiň? - “Näme haçan diýdiň?” - Şo ýere, gonamçylyga barlany haçan diýdiň? - Iki ýa-da üç gün mundan öň. Ýeri, muny näme üçin soradyň? - Iki-üç günlükde garaja giräýmämkäm bir pyýada maňa elini galdyrdy, durup: “Näme?” diýsem, “Kireý keýpiň ýokmy?” diýdi. “Nirä gitmeli?” diýsem, “Uzak däl welin, ýöne iki-üç sagat eglenmeli boljak” diýdi. Soňundanam “Ýagdaýyňa seret, muzdundan-a gaçyljak däldir” diýdi. - Sen ony tanamadyňmy? - Ýok tanamadym, ýöne şu ýerli oglan bolmaly, sebäp diýseň, onda-munda görýärmikäm diýýän. - Ýaş oglanmy? - Aý, şu özüň ýalyrakdyr-da. Sen näçe ýaşyňda – diýip, Muhat has işeňňirleşip başlady. - Ýigrimi dört. - Ol hem bolsa şo töwerekdir-dä. - Eger-de sen ony indi görseň tanarmyň? - Hawa-la, näme tanaman. - Onsoň, nätdiň, gitmediňmi? Ýöne dogryňy aýt. - Dogrymy aýdýan-da – diýip, ol nägile ýaly terzde ýüzüme jiňkerildi. – Gitmedim. Tormozyma göwnüm ýetmedi. - Onsoň ol kim bilen gitdikä, habaryň ýokmy? - Men-ä bilmedim. - Muhat, sen gaýrat et-de, şony hem biljek bol. Ol hökman şu şofýorlaryň biri bilen gidendir, şeýle dälmi? - Hawa-la. - Hawa bolsa, soraşdyryp gör. Sen onuň haýsy şofýordygyny anyklasaň bolýar, galanyny özümiz gürleşäýeris. Muhat bu gürrüňden soň nähili gürleşjekdigini göz öňüne getirjek bolýan ýaly, ýiti-ýiti seretdi. - Ýeri, bolýar, gaýrat et, ynha, hä diýmän, maşynlar gelşip başlar welin, oglanlaryň bir agzyny ysgaşdyryp gör... Men edara gaýdyp gelenimde, Ymamguly aga bilen Şäherli ikisi el ýaly kagyzyň daşyna egrilişip oturan ekenler. “Bu näme?” diýen sowalyň jogabyny olaryň ýüzünden okajak boldum, ýöne birbada hiç zada düşünip bilmedim. Gözümi elek-çelek edip duranymdan soň, Ymamguly aga haty stoluň üstünden galdyrman, maňa tarap süýşürdi. Rusçaa ýazylan we maşynkada çap edilen şol hatyň mazmuny şeýledi: “Ýoldaş Myşyýew! Siziň ogluňyz rýadowoý Çary Myşyýew harby okuw wagtynda heläkçilige uçrap wepat boldy. Biziň gynanjymyzy hem kabul ediň.” Ýazgynyň aşagynda bolsa birki sany düşnüksiz gol çekilgidi. - Komandirleriň atlary hem görkezilmändir-ow – diýip, bada-bat göwnüme gelenini aýdyp goýberdim. Olar bir-birleriniň ýüzlerine seredişdiler. Megerem, Ymamguly aga bilen Şäherli ikisi-de şu pikiriň üstünde saklanan bolarly. - Hawa, gepem şonda-da – diýip, Ymamguly aga aladaly görnüşde dillendi. – Göwnüme bolmasa, Çaryly meseläniň gitdigiçe bujurygy artyp gidip oturan ýaly... Biz-ä bilmedig-ow... – diýip, ol elini arkasyna tutdy-da adatdakylaryndan has haýallyk bilen gezmeläp başlady. Altynjy onlugyň gyrasyndan ýaňy gädip başlan bu adam sanlyja ýyl mundan öň hem göwnüme bolmasa, basan ýerinden ot çykyp dur diýilýänlerdendi. Her bir hereketi hem, işjeňligi ýalaw ýalydy. Ýüze çykan her bir işde uzak ikirjiňlenmezdi, bir ýerden bolmasa ýene bir ýerden urup çykardy. Dogry, şowsuz synanyşyklar hem gabat gelmän duranokdy. Onda-da biziň işimizde. Ýöne şowsuzlyk hem ony dogabitdi häsiýetden – töwekgellikden saklap bilenokdy. Ol özüniň şeýle kesgin häsiýetine gabat gelmeýän käbir başga zatlary hem oňat başarýardy. Eger-de töwekgellik bilen çykarylan netije bardy-geldi göni nyşana degmedimi, bada-bat ötünç sorardy. Häzir welin ol özüne meňzemeýän ýalydy. Näme üçindir ýaýdanýardy.Belli bir netijä geläýmek teý başardanokdy. Mümkin, beýle ýagdaý oňa öň gabat gelen däldir? Aslyýetinde, munuň ýagdaý diýip nähili ýagdaýdygyny hem kesgitlejek gümanyň ýok. Bir seretseň-ä ugran ugruň haýsydyr bir syrly işe tarap alyp barýan ýalydy, ýene bir seretseňem olaryň hiç biri-de üşerilip üns bererlik zat däl ýalydy. Garaz, pylan zat diýip, ynamdar aýdaýmaga bognuň ysjak gümany ýok. - Seniň-ä bilip bilen zadyň ýokdur-la? – diýip, Ymamguly aga ýüzüni galdyrman, aýlanyp ýörşüne sorady. - Ýok. Ýöne Muhady tapyp, oň berk tabşyrdym. - Aý, onyňdanam näbileýin-dä. Nepi degäýse... Ymamguly aganyň sähel ýerde aljyrajak bolup durandygy şu ýerde ýene bir gezek ýüze çykdy. Sebäbi Muhat biçüwdäki adamlaryň ýöwselligi zerarly kömeginiň ýetäýmeginiň mümkindigi hakda aýdanam hut Ymamguly aganyň özüdi. Ynha, indi bolsa eýýäm ondan göwni geçip otyr. - Belki deger, kim bilýär... Ymamguly aga, iki0üç günlükde bir adam-a onuň hut özüne-de kireýe gitmegi teklip eden eken. Ýöne nirä gitmelidigini aýtmandyr. -- Tanalýan adammydyka? - Öz-ä şu ýerli bolmaly diýýär, ýöne anyk tananok. - Şu ýerli diýýä diýsene – diýip, Ymamguly aga stolunyň başyna gelip sägindi. – Onda, oňa kartotekany görkezmek ýadyňa düşmedimi? Onnuň soňky aýdan zatlary sorag däl-de igenç ýaly bir zat bolup eşidildi. Dogrudanam, näme üçin şo wagt kartoteka ýada düşmedikä? - Men oňa erte günortana deňiç garaşyp görmekçi, eger-de şoňa çenli ondan habar bolmasa, onda ýene özüm üstüne giderin. Üýtgeşik bir zat bolmasa, men oňa suratlary şondan soň görkezerin. - Erte günortana çenli diýdiň-ow – diýip, ol ýene nägile äheňde meniň aýdanymy gaýtalady-da, ädimläp ugrady. – Erte günortana çenli... Erte günortana çenli... Şeýle çintgäp gaýtalaýan hem bolsa, häzir onuň aňynda Muhada haçana çenli garaşyljagy däl-de, büs-bütin başga zatlaryň at çapýandygy aýandy. Şäherli ikimize sesimizi çykarman garaşaýmakdan başga alaç galmandy. Ýöne halypa bizi uzak garaşdyrmady. - “Töwekgeliň işi ileri” diýipdirler, şeýle dälmi, oglanlar. - Ol-a dogrudyr – diýip, Şäherli oňa sypaýyçylyk bilen hä berdi-de, gürrüňiň yzyny eşitmäge howlukdy. - Dogry bolsa, onda, bagty synap göreliň. Men bu zatlaryň ählisi hakda häli naçalnik bilen hem maslahatlaşyp gördüm. Şübhelenmäge esas döredýän delilleriň ählisini ýekän-ýekän aýdyp berdim. Şol deliller hem ony biperwaý galdyrmadyk ýaly, birsellem böwrüni diňläp oturdy. Ahyrda-da garşy däldigini aýtdy. Ýöne, garaşylan netije çykmasa, soň gelşiksiz boljakdygyny hem ýatlatdy. Elbetde, ol aýtmaýanda-da munuň özi düşnükli zat...Zyýany ýok ötünç sorarys. Umuman, mundan buýana bir duran ýerimizi depip durmagy boldy etmeli. Halys bolduk – diýdi-de, ol stoluň üstüni tertibe salmaga durdy. Bu adam, ynha, indi hakyky Ymamguly aga meňzäp başlapdy. Kagyzlaryny saýpallap durşuna ýene gürrüňini dowam etdi. - Şu ýerden üç-dört sany oglan alarys-da, häziriň özünde gonamçylyga gideris. Eger-de çolalyk bolsa häziriň özünde işe girişeris. - Nähili işe? – diýip, Şäherli maýor Berdiýewiň häzirki pert-pert gürläp durşundan heder eden ýaly, ýuwaşlyk bilen sorady. Onuň bu sowaly halypanyň ýeňse damaryny çirkizip goýberen ýaly boldy. - Sen näme, gürrüňiň näme hakda barýandygyna henizem düşüneňokmy? Göräýmäge, bu ýerde düşünip düşünmez ýaly zat ýokdy. Ýöne muny Şäherli, hakykatdanam, bilmän soradymy ýa-da bilgeşleýinden soradymy – ine, bu welin, dogrudan hem düşnüksizdi. Ymamguly Berdiýew kinaýadan doly ýiti nazaryny Şäherliniň üstaşyr maňa öwürdi: - Senem düşüneňokmy? - Düşünýän, ýoldaş maýor! - Biriňiz düşünýän bolsaňyzam bolýa-la...Men häzir naçalnikden üç-dört oglan hemem maşyn sorap geljek. Şoňa çenli Kuwwat, oňa-da düşündir. Ol çykyp giden dessine Şäherliniň özi dillendi: - Näme, indi ol şol gabry açyp görmekçimikä? - Düşünenem ekeniň-le. Biderek özüňi gyjalata goýýaň. - Düşünsem he,, men onuň etjek bolýan zadyna hiç ynanyp bilemok. Bir bendäň mazaryny açmak... O nähili boraýt?! Ýeri, hossarlary eşidäýseler, näme diýerler?... “Ölen-ä öleni, gözüni garga çokany näme?” diýleni bolmazmy? Özem men-ä olar bilen goňşy bolup otyryn. Şol wagt Ymamguly aga gyssanmaç ýagdaýda kabinete gelip girdi. - Hany, onda ugradykmy? – diýip, ol ýene-de bir gezek seýfiniň tutawajyna elini ýetirdi-de, onuň gulpludygyny anyklansoň stolunyň üstüne göz gezdirdi. Hemme zat ýerbe-ýer. - Ýeri, näme beýdişip dursuňyz?! Ugralyň-da! - Ymamguly aga, bir bendäň gabryny bozmag-a gelşiksizräk bolaýmasa. Özem meň goňşym – diýip, Şäherli öz dykyz hem daýaw göwresine gelişmeýän ejizlik bilen dillendi. - Weý, şeýlemidi asyl. Onuň ýaly bolsa, Şäherli, sen galybam bilersiň. Kuwwat, ýör onda – diýdi-de, ol soňky sözleri ýeňsesi bilen aýdyp, çykyp gitdi. Birbada näderini bilmedik Şäherli ahyrsoňy ýaýdana-ýaýdana howluda garaşyp duran maşyna tarap mytdyldap ugrady. *** Gün ikindä sapypdy. Gonamçylyk özüne mahsus agraslyk bilen tukat dem alyp ýatyrdy. Adam-gara ýokdy. Şonuň üçin hem pil saklanýan jaýdan ýükümizi tutduk-da işe girişdik. Häzirki pursata çenli meniň üçin gije gonamçylyk saklamakdan gelşiksiz zat ýok ýalydy. Häzirki edip oturan işimiz bilen deňeşdireniňde welin ol hem hiç eken. Ýogsa-da munuň şeýledigini Ymamguly aganyň özi bilmeýärmikä? Bilib-ä bilýän bolmaly, ýöne ol bu hakda asla pikir etmejek bolup çalyşýarmyka diýýän. Onuň häzir gazap bilen işläp durmagyny hem bu pikiriň soňunyň birdenkä gelşiksiz pursada eltäýmek mümkinçiligi baradaky oý-pikirleri aňyndan kowmak üçindir diýip düşündim. Ýalpyldap duran alty sany pil rejelenip galdyrylan tümmegi sähel salymyň içinde dagatdy. Çukuryň gumy çykarylyp başlandy welin pilleriň ählisini işletmek kyn düşdi. Muňa bir tarapdan-a işlenip durlan ýeriň darlygy, ikinji tarapdan küpürsäp ýatan gumuň hiç tarapa dargaman, üstümizde duran tozany päsgel berdi. Şonuň üçinem gezekleşip diňe dört pili duruzman işletmeli boldy. Ýöne oglanlar gezekleşselerem, Ymamguly aga elindäki pilini hiç kime bermedi. Diňe çukuryň içine girip, gum oklamaly bolanda, ol demini almak üçin bir gyra çekildi. Şonda-da onuň iki gözi, bütin durky bilen işlenip durlan ýerde-di. Şeýle bolmaz ýaly hem däldi, ähli zat onuň boýnundady. “Köprüde düýäň ulusynyň taýak iýýändigine” onuň özem gaty belet bolmaly. Şeýle bolansoň, ol uzak ynjalyp oturyp bilmedi. Bir pursat dem alan dessine çukuryň başyna gaýdyp geldi. - Hany şol kerpiçlerden birini, ýarymyny bärik çekip boljak dälmi? – diýip, halypa ýokardan üstümize abanyp durşuna sorady. - Bärki gumy aýyraýmasak, ol entek gymyldamaz-a. - Gymyldar, ýöne gumy birneme gaýra çete sürüşdiriň. Ymamguly Berdiýewiçiň häzirki bolşy “tudananyň bişerine howlugýan” oglanyň bolşundan enaýy däldi. Işiň ahyry golaýlaşdygyça, ol has hem ýüregini eline aldy. Birnäçe günläp ölçerip-döküp tapan pikiriniň teý-ahyr nä netije berjekdigini bilmän, ýüregi atygsap durdy. Ahyrsoňy çukura özi girmese ynjalmady. Ol içki öýüň agzyna dikligine söýelen kerpiçleriň düýbündäki gumlary käte pil bilen, käte-de eli bilen gaýra çete sürdi-de kerpiçleriň birini ýerinden gozgajak boldy. Bolmady. - Hany, seredişip durmaň-da, boluň, gumy beýläk sürüberiň, ony daşyna oklajak bolmak hökmanam däl. Ýene birsellem işlenenden soň kerpiçleriň düýbündäki gum ep-esli peseldi. Kynlyk bilen hem bolsa, indi olary sogurmak başardýardy. Ymamguly aga ilkinji gopan kerpijiň hoňkaryp duran ýerinden elini geçirdi. Onuň çar tarapy sermeşdirýändigi bildirip durdy. Megerem, hiç zada eli ilmedi öýdýän: - Hany, aňyrrakdanam birini goparyp görüň! – diýip, çukuryň içinde iki ýana elewredi. Ýöne soňky aýrylan kerpiçleriň aňyrsyndan hem hiç zat tapmady. Içki öýüň boş takyrap ýatandygy indi hatda göze-de görnüp durdy... Ymamguly aga aty çykana döndi: - Ine, gördüňizmi, men aýdýan-a, şu ýerde bir syr bardyr diýip! Ol tolgunmadan ýaňa gözlerini elek-çelek edip, her kimiň ýüzüne bir äňedip çykdy. Ýaňyrak gelen Şäherlä seredende welin has uzagrak saklandy: - Gördüň gerek?! Dogrudan hem ol mamlady. Birnäçe günläp Ymamguly agany kösän ketje pikirler gopguny sowlan bulut ýaly, dyr-pytrak bolup gitdi. Tejribeli inspektoryň bikär ýere munça ölçerip-dökmändigi ahyrsoňy äşgär boldy. Diýmek, hakykatdan-da bu ýerde bir syr bolmaly, onda-da uly syr bolmaly. Göräýmäge, şol zatlaryň aladasy Ymamguly agany hem gurşaýmaly ýaly welin ýöne ol gaýta syrly bir hadysanyň gyrasyndan barlandygyna begenýän ýaly, henizem Şäherliniň ýanynda ýylgyryp dur. - Ymamguly aga, biziň begenjimiz heniz irräg-ä däldir-dä? – diýip, onuň häzirki şatlygyny onçakly paýlaşyp barmaýandygymy duýdurdym. - Ir däldir, Kuwwat, düşünseň, tüýs wagtydyr – diýip, ol soňra meniň ýanyma geldi-de, elimdäki pili bir ýana oklap, meni özi bilen oturtdy. – Seni belki häzir haýsydyr bir hilegärçilikli jenaýatyň nireden başlanyp, nirede gutarýandygy gyzyklandyrýandyr, şol jenaýatçylygyň aňyrsynda nämeleriň ýatandygy kimleriň durandygy gyzyklandyrýandyr, syrly wakanyň salgym atýan suduryny görmek howpy gyzyklandyrýandyr...Men muňa düşünýän. Ol zatlar meniňem böwrümi diňletmän duranok. Ýöne meni häzirki heýjana salýan zat – Myşy mugallymyň oglunyň nirelerdedir bir ýerlerde sag-aman gezip ýörenligi baradaky hakykata golaý çaklama. Şeýle bolansoň jenaýat baradaky pikir isleseň-islemeseň ikinji derejeli bolup galýar duruberýär... Ol häzir meniň bilen naçalnik hökmünde däl-de, ýürekdeş dost hökmünde gürrüň edip otyrdy. Hatda onuň hüý-häsiýetem özüme deň-duş adamyňka çalym edip barýan ýalydy. Ol eýýäm guramaga hyýal edip başlan goňurbaşyň birini agzyna gysdyryp, bütin töweregi nebsewürlik bilen synlaýardy, birdenem arkan gaýşyp, iki elini ýere dirägede, asmandaky tüýdüm-tüýdüm bolan ýukajyk bulutlara nazaryny aýlaýardy. Ýazyň ahyryndan galan bu günki günüň niresinde bir nepislik bar bolsa, gözi bilen dokunarça edip çykandan soň, ol ýene-de pessaýlyk bilen gürrüňini dowam etdi: - Sen, inim, entek ýaş bolýaň. Ynha, ýene bäş-on ýyl işläňsoň has oňat düşünip başlarsyň. Bu iş gereklidirem, gyzyklydyram, ýöne bir tarapy bardyr; kimsiniň öýünde mährem enesini uwladyp goýarsyň, kimsiniň öýünde söwer ýaryny, ýene biriniň öýünde naçar doganyny ýa-da bigünä çagalaryny. Garasaý, gargyşyň ýeter. Dogry, olar özleriniň şo boluşlaryna bir wagtlar düşünerlerem welin, ýöne käte gözlerinde oky bolsa seni urmaga taýyn adamlaram gyt däldir. Düşünmeseler nätjek?! Bir gezek gündogardaky magaziniň ýanyndaky tuduň üstünde dört-bäş sany çaga tudana iýip otyrdy. Şonda olaryň biri meniň gelýänimi gördi-de, elindäki çybygy tüpeň edinip, meni atmaga başlady. “Heý, sen nädýäň?” diýip soraýan. Ol welin bir agzam gürlänok-da, gözüni balkyldadyp şol “atyp” otyr. “Häýt, garagol, ýeri, birden degäýse nätjek, hany indi bes et. Beýdip atyp durar ýaly, men saňa näme etdim?” diýdim welin, ahyrsoňy onuň ýanyndaky oglanjyklaryň biri: “Sen onuň kakasyny türmä basdyrdyň” diýip gygyrdy. Soň, görüp otursam ýaňky oglan galplykda tutulan sklad müdiriniň ogly bolup çykdy. Elbetde, ol ulalansoň nämäň-nämedigine düşüner, kakasynyň türmä gtimegine men günäkärmi ýa-da onuň özi günäkärmi – bu zatlaryň hemmesine-de akyly keser. Ýöne her näme-de bolsa çaga kalby köp zady ýatda saklagyç bolýar, göwnüne deglen pursatlary-ha hasam şeýle. . . Men saňa munça takal okap, bilýäňmi, näme diýmekçi bolýan: biziň kärimiz lukmanyňky ýaly, şo-ol Taňryýalkasyn alyp oturmaly iş däl. Bu ýerde göwne-de degilýär, harçaňlaşylýaram, gerek bolsa dikleşilýärem. Bu günki ýaly pursad-a biziň işimizde asla-da gabat gelmeýän bolsa gerek. Biz ahy-nala çekip, uwlaşyp oturan bir maşgalanyň ýatan bagtyny gaýtaryp berýäs ahyryn, sen düşünýäňmi şoňa?! Men kellämiň gyzgynyna has öterägem aýdyberýän bolmagym mümkin. Elbetde, bu syryň üstüni biz açmaýanymyzda-da ol ahyry bilner, ýöne häzirki ýagdaýda biz şu şatlykly habaryň buşlukçysy bolup bilýäris, düşünýäňmi şoňa?! Ol häzir edil kakabaş oglanjyk ýaly, öz aýdýan sözlerinden özi göçgün alyp gidip barýardy. - Ymamguly Berdiýewiç, bu aýdýanlaryňyzyň hemmesine düşünýän. Ýöne mazaryň boş bolmagy entek oglanyň diridigini subut etmeýärmikä diýýän. - Bu aýdýanyňam dogry. Ýöne onuň diridigi hakdaky pikir mende bilýäňmi haçan döräpdi? Şu gubruň ellenendigi hakda göwnüme güman giden güni şo pikirem peýda bolupdy. Ondan soň bu pikir bilýäňmi nähili deliller bilen berkäp gitdi?.. Ol diri bolaýmaly, Kuwwat! Ol hökman diridir. - Onda-da anyk bilinýänçä hossarlaryna duýdurmaly dälmikä diýýän. - Elbetde. Näme, indi halypaň şonam bilmez ýaly beýle gojalýandyr öýdýäňmi? – diýip, ol elini meniň dyzyma urup, ýerinden galdy-da, oglanlary ýanyna üýşürdi. - Oglanlar, şu gün şu ýerde edilen iş şu ýerde-de galmalydyr, düşündiňizmi?! - Düşündik, ýoldaş maýor! - Häzir bolsa gubry ýene-de öňküsi ýaly edip goýmak gerek. Oglanyň hossarlarynyň aýlanmaklary-da juda mümkin. Gubur ýene-de ilkinji gezek galdyrylandaky ýaly keşbe geldi. Indi onuň iki çetindäki kerpiçler hem edil başdaky goýluşy ýaly, ak esgilerini galgadyşyp otyrdylar... Myşy mugallymyň esger ogly Çarynyň ykbaly nirä atyldyka? Ol dirimikä? Ymamguly aganyň kesgitleýşi ýaly, indiki ilkinji mesele şundan ybaratdy. *** Nobatdaky iş gününiň ilkinji täzeligini Muhat alyp geldi. - Soňky iki-üç günlükde kireýe giden iki adamyny-ha bilendirin. Olaryň biri Bokurdakdan mal getiripdir, beýlekisi welin, näme kireý edeninem bilenok. - O näme diýidigiň boldy, düşünmedim-le? - O diýdigim neme-dä, ýaňky Mylly diýilýän şopur bar-a, ana şoň özem bilenokda, nirä gidilenini. - Näme, nirä, gidenini bilip-bilmez ýaly, onuň gözüni daňyp äkidipdirlermi? - Ýok, on-a asla äkitmändirlerem. “Sen öýüňde oturyber, maşynyňy pylança wagtdan özümiz getireris” diýip, onuň özüni taşlap gidiberipdirler. - Sen bu zatlary onuň özünden sorap bildiňmi? - Ýok, özünden hiç zadam soramok. Ýöne düýn giçlik onuň özi şofýorlaryň arasynda gürrüň edip otyrdy. - Başga näme aýtdy? - Başgamy? “Şoň ýaly kireý düşüp dursa-ha ýamanam boljak däl eken” diýdi. Maşyny üç-dört sagatlyk berip goýberdim welin, soň ol üsti gök ellilikli gaýtdy geläýdi” diýdi. - Diýmek, ol maşynyň nirä äkidilenini bilmändir-dä? - Ýok. - Näme üçin äkidilenini hem bilenokmy? - Juk. Onam bilenok. Biljegem bolanok. Onuň üçin bomba daşaldy näme, tezek daşaldy näme, tapawudy ýok. Kişi muzduny bilýär. - Iň bolmanda maşynynyň näçeräk ýol geçenini bilýändir ahyryn? - Ony özünden sorap göräýmeseň, men-ä biljek däl. - Ýeri, bolýar, hany onda sen adyny, familiýasyny aýdyşdyr. Muhat gürrüňiň şu ýerinde müýnli ýaly kürtdürdi. - Sen oňa meň aýdanymy aýtmarsyň gerek? - Ýok-la, o näme üçin aýdaýyn. Hany, ady kim diýdiň? - Mylly – diýip, ol zordan burnuna salyp gürledi. - Familiýasy? - Şony welin biljek däl. Oňa hemme kişi “Mylly uzyn” diýýär. Senem şeý diýip barsaň, göni taparsyň. - Ol häzir garajdamyka? - Ýok, obýektdedir. Altydan soň geler. Şo wagtlar barssaň, tapyp bilersiň – diýip, ol ýerinden galdy-da, soragly nazaryny maňa dikdi: - Indi men gidibersem bolmazmyk? - Bolar, gaty bolar. Özüňe-de köp sag bol. Ýöne, Muhat diýýän-ä, Mylly kireýe giden adamsyny nireden tapdyka? Ol şo saňa sataşan adam-a däldir? - Biljek däl-dä. Özünden sorap göräý. - Kimiň özünden? - Mylly uzynyň özünden. - Ol nä bilsin saňa sataşanyň kimdigini?! - Aý, onda bilmedim. - Muhat, sen şol adamyň suratyny görseň tanarmyň? - Näme tanaman. Men kartotekadan ozal haýsydyr bir iş bilen düşen adamlaryň birgiden suratyny çykardym-da, onuň öňüne süýşürdim. Ol suratlary synçy nazaryndan eläp, ýekän-ýekän bir gapdala geçirip başlady. Ahyrda-da biriniň üstünde has köpräk eglendi. Ony bir ýakynyna getirip synlady, bir daşrakda tutup. Ol suratyň kimiňkidigini tanajak bolup, boýnumy uzadanymam şoldy: - Ynha, şu oglan bolmaly – diýip, ol elindäki suraty maňa uzatdy. Bu suratdan Nabat gelniň adamsy Kakajanyň agras nazary maňa tarap gezelip durdy. - Indi gidibersem bolarmy? – diýip, ol ýene-de işige tarapa götinläp ugrady. - Sen şu oglandygyny anyk bilýäňmi özi? – diýip, men ýene bir gezek anyklamakçy boldum. - Näme bilmän! Şu ýerli dälmi şo? - Hawa. - Bolany şo! Aýdýan-a men ony öňem oba arasynda görýärdim diýip. - Bolýar, Muhat, köp sag bol, indi arkaýyn gidip bilersiň. - Onda şo welosipedli gürrüňdenem arkaýyn bolaýaýynmy? – diýip, ol ahyry öz agyryly ýeriniňem üstünden bardy. - Arkaýyn bolaý. Hiç kim hiç zat diýmez. - Köp sagja bol, gardaş – diýip, ol keýpihonlyk bilen atylyp çykyp gitdi. Bu täzeligi başdan-aýak birlaý aňymda aýlap ýetişmänkäm, ýene gapy açyldy. Näme üçindir Muhat yzyna dolandymyka diýipdirin. Ýöne ol Ymamguly agady. - Kuwwat, ýaňkyň ýaman ökjesi ýeňläpdir-le, näme, eýgilikmi? - Ol-a bu gün ir bilen garaşylyşyndanam köp zat alyp geläýendir. Onsoň, menem ony öz işinden arkaýyn bolar ýaly edip goýberdim welin, onuň ökjesiniň ýeläni şondandyr. - Beýle nä ýeser habar, hany, bizem eşdeli. Men ýap-ýaňyja Muhatdan eşiden zatlarymyň ählisini oňa gürrüň berdim. - Hiç neneň däl – diýip, ol ýaňky zatlary dykgat bilen diňländen soň indiki wezipelere geçdi. – Onda, şu gün ilkinji nobatda şol Mylly uzyn diýilýän şofýor bilen gürleşmeli. Eger-de onuň maşynyny alyp giden hakykatdanam Kakajan bolsa, onda ol bir bulam-bujarlygyň-a gyrasyndan baran bolmaly. - Muhadyň aýtmagyna görä, ol altydan soň garaja gelmeli. - Oňa çenli garaşyp oturmak nämä gerek. Haýsy obýekte işe çykýanlygyny derrew anyklamaly-da, gürleşip görmeli. Ýogsa-da, Şäherli görünmedimi? - Ýok, heniz-ä görnenok. - Öz-ä gelmeli – diýip, ol ilki sagadyna seretdi, soňra ýerinden turup, stulyny has öňräge itdi-de, onuň arkasyndan tutup durşuna, häzir meni birinji gezek görýän ýaly, ýüzüme ýiti-ýiti seretdi. Onuň häzirki bolup durşundan çökder argynlygy duýmak kyn däldi. Muny onuň süzgekläp duran gözleri, ýellenen gabaklary aýdyp durdy. Ýöne şeýle argyn nazaryň aňyrsyndan jyklaýan başga bir zady, şatlykdyr begenjiň alamatlaryny hem görmezlik mümkin däldi. Ol özüniň häzirki garaýşyny birsellem üýtgewsiz kaddynda saklady-da, ahyry ýuwaşlyk bilen gürrüň bermäge durdy: - Eşider bolsaň, Kuwwat, öten gije men hemmesiniň anygyna ýetdim. Sen bu gün naçalnigiň az-kem gijä galyp gelenine seretmegin, ol bu gije iş bitirip bilendir. - Siz näme hakda aýdýaňyz, Ymamguly aga? - Myşy mugallymyň ogly hakda. Ol diri eken inim! Men haýran galdym. - Siz muny nädip bildiňiz? - Eşider bolsaň, men öten agşam Aşgabada gitdim. Oblastda işleýän oglanlaryň käbiri bilen gürrüňleşip gördüm. Garasaý, gepiň gysgasy, her zat etdik welin, gije üçe çenli Çarynyň gulluk edýän bölümi bilen gürleşmegi başardyk. Hawa, Çary Myşyýew sag-aman gulluk edip ýör diýdiler. Bu, begenmez ýaly habar hem däldi. Ýöne halypanyň begenişi welin aňyrdandy. Onuň tolgunma bilen aýdyp duran häzirki zatlaryny keseden synlan her bir adam gürrüň hökman Ymamguly aganyň öz ogly hakda barýandyr diýip düşünjekdi. - Ýaňy, ir bilen Şäherlä jaň etdim, “Myşy mugallyma okuwçysynyň ýanyna bir gelip gitsin” diýip aýt diýdim. Elbetde, Myşy mugallym üçin munuň özi biçak tolgundyryjy pursat. Ýöne goja mugallymyň ýüregi şeýle habara döz gelip bilermikä? Ejizläýmez-dä hernä?! Birdenkä, ýöne çalam-çaş bolup ýatyberse-de näme?! Aslyýetinde, oňa bu habar öýünde aýdylan bolsa nähili bolardyka?! - Ymamguly Berdiýewiç, siz oňa bu habary şu ýerde aýtmakýymy? – diýip, men her näme-de bolsa, onuň niýetini bilmek isledim. - Birsellem ölçerip-dökdüm welin, ýene şondan amatlysy ýok öýdýän. Esasy zat – muny ilki bilen mugallymyň diňe özüne aýtmaly. Oglanlarydyr aýalyna bolsa soň onuň özi aýdar. Sebäp diýseň, ol öz maşgala çlenleriniň ýagdaýyna bäş barmagy ýaly belet bolmaly. Ine, onsoň, bu habary olara nädip aýtmalydygyny onuň özi oňarar. - Ýaşulynyň özi ejizlemez öýdýäňizmi? - Ejizlär öýdýän. Şonuň üçin hem habaryň şu ýerde aýdylmagy isleseň-islemeseň, resmilik öwüşgini alar. Munuň özi oňa resmilik bilen aýdylan habary resmilik bilen kabul etmäge azda-kände ýardam edermikä diýýän. Onsoňam, bu ýerden çykyp, öýüne barýança aralyk onuň atygsap duran ýüreginiň az-kem teselli tapmagy üçin puryja bolar. Ine, şu zatlary öň birnäçe gezek sallarlap göremsoň, şeýle netijä geldim. Sen näme, bu pikiri oňlamajk bolýäňmy? – diýip, ol meniň ýüz-gözümden bir zat okajak bolýan ýaly çiňerilip seretdi. Şol wagt gapy açylyp işikde peýda bolan Şäherli duran ýerinden habar berdi: - Ýoldaş maýor, ol-a siziň sargydyňyzy aýdan dessime özüm bilen bile bärik gaýdyberdi. - Çagyr-çagyr – diýdi-de, Ymamguly aga aýgytlaýjy pursada taýýarlanýan ýaly, üst-başyna seredişdirip, has ykjamlandy. - Hä-ä, Ymam, gurgunmyň? – diýip, Myşy mugallym mähremlik bilen gelip girdi-de, ilki okuwçysyna, soňra maňa elini uzatdy. – Tüweleme, seň iş ýeriňem görmek nesibämizde bar eken – diýip, ol soňra Ymamguly aganyň görkezen oturgyjyna oturdy. - Bagyşla, mugallym, men häzirjik gelýän – diýip, Ymamguly aga ondan ötünç sorady-da, Şäherliniň goltugyndan tutup, daş çykdy. Şonda men kärdeşimiň Mylly uzynyň gözlegine gitmeli boljakdygy kelläme geldi. Ol bu barada halypadan görkezme alýança Myşy mugallym otagyň içini birlaý gözden geçirdi. – Ymamguly Berdiýewiçiň oturýan ýeriniň arkasyndaky Dzerjinskiniň haýbatly suratyndan başlap, tä bir burçdaky tekjede ýatan hukuk temasyndan bolan kitaplara çenli hiç zat onuň ünsünden sypmadyk bolsa gerek. - Ýeri, onsoň, mugallym, saglyklar nähili? – diýip, halypa gele-gelmäne özüniň dyňzap duran tolgunmasyny ilkinji sowal bilen basjak boldy. Ýöne häzirki gürrüňiň şirwan perdä ýeten dartymly pursadyny, bir sowal, iki sowal bilen kiparladyp bolar ýaly dältdi. Muny Ymamguly aga-da bilip durdy, menem. Naçalnigiň kabinetindäki üçünji adam bolsa ýene sähel salymdan ýatsa-tursa ömrülla hakydasyna gelmejek bir şatlykly habaryň şaýady boljakdygyndan asla bihabardy. Häzir jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalniginiň agzyndan çykjak oýnam söz Myşy mugallym üçin wulkanyň gümmürdisi ýaly eşidilmelidi. Bir üýtgeşik zat – wulkan özüniň zenzelesi bilen ot sowrup, läbik syçratsa, oýnam sözüň owazy oýuňa-küýüňe gelmejek şatlyk seçjekdi. Ýöne şol şatlygyň zarbyna goja ýürek döz gelip bilermikä? - Saglyklaram häzir-ä hiç neneň däl. Mekdebe gidip-gelmäge gurbumyz bar. Bize indi şo bolýa-da – diýip, mugallym sypaýyçylyk bilen okuwçysynyň ýüzüne seredip, ýylgyran boldy. - “Är garrar, heňňam garramaz” diýleni-dä – diýip, Ymamguly aga özüniň bu aýdýan zatlary bilen gürrüňi allowarralardan aýlap getirjek bolýana meňzeýärdi. - Hawa, şo diýleni-dä – diýip, mugallytm onuň gürrüňini alyp göterdi. – Ynha, ýaňy-ýaňy hem seň şu gezmeläp ýörşüň ýaly, klasda oturmany bilmezdik. Indi welin stoluň başyna özüňi sag-aman atsaň armanyň ýok. - Ýogsa-da, mugallym, garry enäň taby niçik? - Körpesi şeýle bolandan soň, ol-a halys çaşdy. Näme diýip, näme aýdýanynam bilenok – diýdi. – Düýn ertirem turup, bir sellem aglady. Soňam her gün otarýan gürrüňini aýtmaga durdy: “Düýşümde owadan halynyň üstünde oturyp, uçup gelýär. “Oglum, ýykylaýma, berk ýapyş” diýsem, “Eje jan, meni gaýgy etme, ynha, basym ýanyňda gonaryn. Onsoň şu halynyň üstünde ikimiz bileje çaý içeris” diýýär”. Pahyr günde-günaşa şu düýşi görýän diýýär welin, onsoň göwnüňe gümanam gidiberýär... - Nähili güman? – diýip, Ymamguly aga gyssanjyna gatyrak gürlänini hem duýman galdy. - Akyly-huşy bir ýerindemmikä diýip. . . Mugallymyň soňky aýdan sözleri halypamyň garaşan pikiriniň üstünden barmady. Ol her näme-de bolsa, ýaňky gürrüňiň ugruny syryp gidenini kem görmedi. - Onsoň ol düýşi ýorduryp görmediňizmi? Myşy mugallym okuwçysynyň bu gürrüňiniň oýundanmy ýa-da çyndan aýdylandygyna düşünip bilmedi-de, onuň ýüzüne naýynjar seredip, ýylgyryp oňaýdy. - Men oýun edemok, mugallym. Adamda adatdan daşary güýçli bir tebigy duýgy hem bolup bilýär ahyryn. Ol... neme... – Gyssanjyna onuň aýtjak bolýan sözi diline gelmedi öýdýän, ýöne mugallymy kömege geläýdi: - Intuitsiýamy? - Hawa-hawa. Intuitsiýa. Şonuň ýaly zadam bar ahyryn. Ynha, arada men birinden şeýle gürrüň eşitdim. Ýagny, bir otlynyň maşinisti endigine görä, ýarpy göwresini äpişgeden çykaryp, ýoluna esewan bolup barýarka, öňde büs-bütin ak egin-başly bir aýal gözüne görünipdir. Ol iki elini daldaladyp, “otlyny sakla!” diýýän ýaly yşarat edipdir. Maşinist gözüne görünýändir öýdüp, ýüz-gözlerini süpürişdiripdir. Soň, gaýtadan öňe seretse, ýene ýaňky aýal elini galgadyp duranmyş. Onsoň, ol ýadandyryn öýdüp, kömekçisini öz ýerine geçiripdir. Şonda kömekçisi hem oňa edil şeýle aýalyň gözüne görünýändigini aýdypdyr. Iki kişi aljyraňňy ýagdaýda otlyny saklapdyr. Şonda olar täsin bir zadyň şaýady bolupdyrlar: Taýak atymlyk öňde iki sany çaga relsiň üstünde ýatan eken. Asyl görlüp oturylsa, çaga üstünden ýogalan aýalyň ekiz ogluny olaryň öweý enesi relsiň üstüne taşlap gidäýen bolsa näme! Ine, şu pursatda ene biçäräniň ruhy otlyny saklamaga ýetişipdir... Görýäňmi, nähili zatlar bolýan eken. - Dünýe giň-dä, her hili zadyň bolmagy mümkin – diýip, mugallym hem bir zat gürrüň bermäge hyýallandy. – Menem bir wagtlar şu kysmy gürrüň eşidipdim. Kiýewde bir aýal ýöräp barýarka birdenkä ýüreginden tutýar-da ýykylýar ýatyberýär. Munuň näme üçin şeýle bolandygyny birnäçe günden soň bilip galýarlar. Onuň harby lýotçik ogly, hut, şol pursatda uzakda bir ýerlerde heläkçilige uçran eken...Çynmy-ýalanmy biljek däl, ene ýüregi diýilýän zat gaty duýgur bormuş-a diýýärler. - Halk bir zat diýýän bolsa bilip diýýändir, mugallym. Myşy mugallym bu gürrüňden soň kiçijik gözlerini şübhe bilen okuwçysyna aýlady. Ol, megerem, bir zatlar syzýan ýaly boldy. - Sen näme diýjek bolýaň, Ymam? - Ene ýüregi aldamaýar diýjek bolýan. - Hany, ogul, näme aýtjak bolsaň, düşnüklije aýt! – diýip, mugallym bütin göwresi bilen Ymamguly aga bakdyrylyp goýlan sorag alamatyna döndi. Naçalnik onuň oturgyjynyň arkasyndan bardy-da, eginleriniň üstünde elini goýdy. Ýuwaşlyk bilen çiginlerinden gysymlady. - Ymam, sen näme diýjek bolsaň, gönülesene – diýip, ol ýene-de gobsundy-da, özüne gelişmeýän gönümellik bilen gürledi. - Häzir, mugallym, häzir. Ýöne, özüňem bir zatlar aňansyň-la? - Men-ä hiç zada düşünip bilýän däldirin – diýip, ol arkasynda duran okuwçysynyň ýüzüne gaňrylyp seredende, gözi balkyldap gitdi. - Men öten gije Çarynyň gulluk edýän ýeri bilen gürleşdim. - Gulluk eden ýeri bilenmi? – diýdi-de, mugallym bu gezek Ymamguly aganyň ellerini egninden aýryp, göni ýüzüne dikanlady. - Ýok, mugallym, men ýalňyşamok, gulluk edýän ýeri bilen. - Diýmek, onda Çary jan. . . – mugallym sandyr-sandyr edip ýerinden galdy. –Diýmek. . . - Hawa, mugallym, Çary jan sag-aman gulluk edip ýör. Ýöne sen birsellem otur-da, demiňi dürse. Gyssanma, aljyrama... Indi ol okuwçysynyň aýdýan zatlaryny eşidenokdy. Diňe kalbyny lerzana salyp barýan sowallaryň jogabyny eşitmek isleýärdi: - Ol nähili beýle bolýar, Ymam? Onda demir gapyrjakda ol...Hany, dur, sen oňatja düşündirsene, bu nähili beýle boldy? – diýip, elden-aýakdan gidip barýan mugallym haraý isleýän ýaly, gürrüňiniň arasynda maňa-da naýynjar nazaryny aýlap goýberýärdi. - Sen gyssanma-da, arkaýyn otur, mugallym. Ynha, men hemmesini düşündirip durun ahyryn. - Ýok, Ymam, men hiç zada düşünemok. Şu wagt, indi Çary jan dirimi, hä? - diýip, oturyp-oturman, ýene zöwwe ýerinden galdy. - Aýtdym-a, ol sag-aman gulluk edip ýör diýip. Sen meni diňläňok öýdýän, mugallym! - Diňleýän, diňleýän. Hemme aýdýanyňam diňleýän. Ýöne, otüki, birhili, ibaly düşünmejek bolýan. Düşünýänem-de, birhili, neme... ynanmajak bolýan. Birhili, ynanasymam gelýär-de, ynanyp bilemok...Sen muny haçan bildim diýdiň? - Öten gije. - Özüň onuň bilen gürleşdiňemmi? - Özi bilen gürleşemok, ýöne komandiri aýtdy. “Biwagt çak näme üçin jaň edip ýörsüňiz?” diýdi. Menem aýtdym: “Ejesi bir ýaramaz düýş görüpdir-de, hökman habar tutuň diýip, aglap otyr”. Siz kim borsuňyz kakasymy?” diýdi. “Ýok ýakyn garyndaşy” diýdim. Onda ol : “Garyndaşy bolsaňyz, kakasyna aýdyň, Çary Myşyýew otliçno gulluk edýär” diýdi. Myşy mugallym: - Berekella, ogul! – diýip, ýerinden galanda ilki öz ogly barada aýdýarmyka diýipdirin, ýöne okuwçysynyň daýanykly göwresini gujaklap, aglap durka onuň bu sözi kime diýýänine soň düşündim. - Berekella, Ymam jan, berekella!.. - Onuň soňky aýdan sözleri welin öz-özi bilen gürleşýäne çalym edýärdi. – Oglum Çary jan diýmek, diri-dä?! Be, nähili zatlar bolup geçip ýör, heý, ogul, bu zatlardan başyň çykýarmy? -- Heniz-ä mugallym, baş çykýan däldir. Ýöne esasy zat – ogluňyz diri. - Gör-le muny! Ýeri, heý, akylyňa sygjak zatmy bu?! Eýho, adam pahyr her hili zat görjeg-ow...Ymam jan, men bu habary tizräk onuň ejesine ýetireýin...Gowusy men derrew gideýin. - Gyssanma, mugallym, häzir muny oňa ikimiz bileje gidip aýdarys. - Hawa-hawa. Ymam jan, şeýdeli, barypjyk gaýdaly. Ymamguly aga oňa ýüreksellik bir bulgur suw berdi-de, goltugyndan tutup alyp gitdi. Tejribeli bu mugallym adaty wagt bolanda meniň bilen hoşlaşman gitmese-de gitmezdi, ýöne häzir welin onuň şatlykdan gubarlan gözleri men-ä däl, ýolunam görenokdy. Ol indi asla nirä ýöreýänini hem bilýändir öýdemok. Bu ganatly habaryň ýas tutup oturan öýe nädip girenini görmek maňa miýesser etmedi. Ýöne ony görmesemem indi näçe gün bäri dady-perýat edip bozlap oturan, her gün düýşünde körpesini görýän enäniň bu habara bir ýazylyp, bir bozulyp, gözýaş baryny seçendigini, bir aglap, bir gülüp, hyýalynda eýýäm körpe balasyny müň kerem bagryna basandygyny bilip durun. - Hyýalymdaky bu topbak pikirleri gapynyň sesi pytradyp goýberdi. - Ýeri, nähili, goňşym begendimi? – diýip, Şäherli içerik girip-girmänkä uzaklardan göterip gelýän pikirini şo durşuna meniň öňüme oklady. Şäherliniň özüne mahsus gönümellik bilen beren sowalyna men hiç bir öwrümsiz jogap gaýtardym: - Gaty begendi! - Begener-le, pahyr, bilip durun-a!.. Men onuň sözüni böldüm. - Seni Ymamguly Berdiýewiç Mylly uzynyň yzyndan-a iberen däldir? - Hawa, şony alyp geldi. Hany, naçalnigiň nirede? - Ol häzir geler. Belki, Mylly bilen gürrüňleşip göreris? - Maslahat-da - Ol şeý diýdi-de gapyny açyp gygyrdy: - Mylly, hany, gel bakaly! Uzyndan arryklaç, ýaňy ösüp ugran saçy garaköli guzynyňky ýaly buýralanyp duran bu adam özünde sähelçe-de müýn bara meňzanokdy. Ýöne agzyndaky otluçöp dänesini bir erninden beýleki ernine geçirip oturyşyna hiçimiziň ýüzümize dikanlap hem seredip bilenokdy. Şäherli şofýor ýigidiň näme üçin çagyrylandygyny heniz aňşyryp ýetişmändi. Şonuň üçin hem ol häzir soragly meselede nobaty bialaç maňa bermäge mejbur bolupdy. - Siziň adyňyz Mylly dälmi? – diýip, men başardygymdan seresaplylyk bilen soraga girişipdim. - Hawa. - Familiýaňyz? - Çüruýew. - Siz özüňiziň şu ýere näme üçin çagyrylandygyňyzy bilýäňizmi? - Men näbileýin, aýtsaňyz biläýmesek. - Siziň garajyňyzda işleýän şofýorlaryň maşynlaryň öz şahsy bähbitleri çin ýa-da gazanç üçin ulanýandyklary barada bize habar düşdi. - Düşende näme?! – diýip, ol şol bir arkaýynlygyny saklamak üçin uzyn aýaklarynyň birini beýlekisiniň üstüne oklady. - Düşendemi? Olaryň arasynda, gynansak-da, Mylly Çüriýewiň hem ady bar. Ol çalşyryp atan aýaklaryny has ykjamlady-da ajy ýylgyrdy: - Onuň üçin gaty gynanyp duran dälsiňiz-le. - Gynanmanam duramzok. Sizi her näme-de bolsa göreldeli şofýorlaryň biri hökmünde häsiýetlendirýärler. Ol bu gezek hiç hili jogap gaýtarmady-da, ýüzüni kese-kese sowdy. Gürrüňiň alşyp gidibermezligi maňa ýaramady. Emma, her näme-de bolsa, sypaýyçylygy elden bermejek boldum. Şäherliniň welin takady mundan aňryk geçmedi: - Sen, ýigit, ýüzüňi gyjakçyňky ýaly kese-kese sowan bolup oturma-da göniňden gel, kireý edýäňmi ýa-da ýok? - Ýok. Şäherli häzir gyssanmasa-da boljakdy. Aslyýetinde häzirki wagt bizi onuň kireý edýänligi däl-de, gonamçylyga gidenligi-gitmänligi gyzyklandyrýardy. Şonuň üçin-de kärdeşimiň ony gyssajak bolmagyny ýerliksiz hasapladym. Onsoň hem, barybir, Myllynyň şeýle jogap berjekdigi görnüp durdy. - Näme ýalan sözleýäň?- diýip, kärdeşim ýene-de şol hörpünde eňip otyrdy. - Meniň size ýalan söz bergim ýok, düşnüklimi? – diýip, ol agzyndaky çöpi bir tarapdan beýleki tarapa aýlap goýberdi. - Mylly, sen hany eliňi kükregiň üstünde goý-da dogrujaňy aýt: eýsem siziň şofýorlaryňyz kireý edýän dälmidir? - Edýandir – diýip, ol hiç bir gypynçsyz gürledi. - Onda ör-gökden gelen bolup oturmak nämä gerek? - Men bir zada düşünemok. Gürrüň diňe özüm barada barýarmy, ýa-da umuman, garajyň şofýorlary hakda? - Olar hakda-da barýar, sen hakda-da. - Olarly gürrüňi olaryň özlerinden soraň, özüm barada aýdanymda bolsa, ýene-de bir gezek gaýtalaýan: men kireý edemok. Ýene-de soragyňyz barmy? Eger-de şuş-şu wagt Ymamguly aga gelip girmedik bolsa, onda bu gürrüňden netije-de çykarly däldi. Ol: - Elbetde bar, näme, sen beýle gyssanmaçmy? – diýip, Myllynyň soňky sowalynyň jogaby bilen gapyda peýda bolan bada süňňüme birneme ýeňillik aralaşdy. Ynha, indi bir zatlary anyklamak başartsa-da başardar. - Hawa, gyssanmaç, işläp ýörün ahyryn – diýip, Mylly täze gelen adamy synlap durşuna onuň jogabyny hem berdi. - Beýle bolsa, ony hökman göz öňünde tutmak gerek. Hany, näme bar? – diýip, ol Şäherli ikimiziň öňümizde ýatan kagyzlaryň arasyndan sorag protokolyny gözledi. - Heniz anyk hiç bir zat hem ýok, ýoldaş naçalnik – diýip, men oňa ýagdaýy bolşy ýaly aýtdym. – Biziň soraga başlap durşumyz diýen ýaly. - Şeýlemi asyl? – diýip, ol stoluň başyna geçdi-de özüni raslady. Onuň häzirki keýpi uzynly gije ýatmadyk adamyňka asla meňzanokdy. Onuň ýüz-gözünde ýeňijiniň buýsanjyna kybapdaş öwüşgin ýalkym atýardy. - Hawa, onda nämede galdyňyz? – diýip, Ymamguly aga ilki iki işgäriniň ýüzüne, soňra myhmanyň ýüzüne, äňetdi. Üç kişiniň birbada üçüsinden hem ses çykmady. Şonuň üçin gürrüňi ýene-de onuň özi dowam etdi: - Gel, onda tanyş bolaly, maňa Ymamguly Berdiýew diýýärler, jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalnigi. Ýalňymaýan bolsam, siziň adyňyzam Mylly bolmaly, Şeýle dälmi? - Hawa. - Familiýaňyz? - Çüriýew. - Gaty gowy. Ýoldaş Çüriýew, sen jenaýat kodeksi bilen tanyşmyň? - Men siziň näme diýjek bolýanyňyza düşünemok. Näme aýtjak bolsaňyz gönüläp aýdyň – diýip, Mylly kese bakyp oturyşyna bir-biriniň üstüne atylgy aýaklarynyň ornuny çalşyrdy. Ymamguly aga onuň bu gürrüňine geňirgendi: - Men-ä gaty düşnükli aýdýarmykam diýýän. Ynha, siz, heý, şu kitabyň sahypalaryna göz gezdirip görüpmidiňiz? – diýip, ol stoluň çekmesinden “Türkmenistan Sowet sosialistik respublikasynyň jenaýat kodeksi” diýen kitapçany çykardy-da, şofýor ýigide görkezdi. Mylly kitapça az-kem heder bilen gözüni aýlady, ýöne sarsmady. - Ýok, görmändim. - Şeýlemikänem öýtdüm. – Soňra Ymamguly aga ýaňky kitapçany agdaryşdyrdy-da, onuň bir ýerinde sägindi. – Ynha, şunuň 27-nji maddasynda “jenaýata gatnaşyjylyk” hakda aýdylýar. Üns berip diňle, häzir men saňa şony okap bereýin. - Onuň maňa nä dahyly bar? – diýip, häliden bäri kese-kese bakýan Mylly bu gezek naçalnige tarap öwrüldi. - Şunuň saňa derkarlygy bolansoň okap berjek bolýan-da. Hany diňle: “Jenaýat etmäge iki ýa-da şondan köp adamyň bilelikde bilgeşleýin gatnaşmagy jenaýata gatnaşyjylyk diýlip hasap edilýär. Jenaýaty ýerine ýetirijiler bile bir hatarda, jenaýaty gurnaýjylar, meçew berijiler we jenaýatda eli bar adamlar hem jenaýata gatnaşyjylar diýip hasap edilýär. Jenaýaty gös-göni eden adam jenaýaty ýerine ýetiriji diýlip hasap edilýär. Jenaýat etmäge yran adam jenaýat etmage meçew beriji diýlip hasap edilýär. Maslahatlary, görkezmeleri bilen, serişdeler bermek ýa-da päsgelçilikleri ýok etmek bilen jenaýat edilmegine ýardam beren adam, şonuň ýaly-da jenaýatkäri, jenaýat etmek üçin ulanylan gurallary we serişdeleri, jenaýatyň yzyny ýa-da jenaýatçylykly ýol bilen zatlary gizlemegi öňünden wada beren adam jenaýatda eli bar adam diýlip hasap edilýär. Jeza bellenen mahalynda sud jenaýat etmäge gatnaşanlaryň her biriniň jenaýata gatnaşyş derejesini we häsiýetini nazara almalydyr”. Ýeri, düşündiňmi? – diýip, ol kitaby ýene-de alan ýerine saldy. - Düşünemok. - Nämesine düşüneňok? - Şony näme üçin maňa okap berýäniňize düşünemok. - Hä-ä, näme üçin okap berýäniňe düşünemok diýsene. Ýöne ýaňky maddaň näme diýýänine düşündiň dälmi? Mylly bu gezek jogaba derek naçalnigiň ýüzüne seretdi-de oňaýdy. - Ýeri, bolýa, düşünmeýän bolsaň, häzir düşündireýin. Sanlyja gün mundan ozal biziň raýonymyzda uly bir jenaýat amala aşyryldy. Häzire çenli onuň maddy zyýany kesgitlenilenok, ýöne moral taýdan zyýany welin kiçi-girim däl. Şu ýerde oturan dört adamyň üçüsi bu jenaýatdan habarly, dördünji adam hem ondan habarlydyr diýmäge-hä milt edip biljek däl welin, ýöne, her hal, onuňam şol jenaýatda eliniň bardygyny aýdyp biljek. - Siz, näme, maňa töhmet atjak bolýaňyzmy?- diýip, Mylly şilliň uzyn aýaklaryny göneltdi-de, ör turmakçy boldy. - Oturyber-oturyber – diýip, oňa derek Ymmguly aganyň özi ýerinden galdy-da, ony egninden basyp diýen ýaly oturtdy. – Arkaýyn oturyber, men heniz gürrüňimi gutaramok. Hawa, bize mälim bolan maglumatlara görä, jenaýatçylara öz bet pygyllaryny ahyryna çenli amala aşyrmak üçin ýük maşyny gerek bolupdyr. Şonda olaryň biri bu işi öz boýnuna alyp, siziň garajyňyza barypdyr. Şol ýerde hem oňa ilkinji gabat gelen sen bolupsyň. Siziň gürrüňiňiz derrew alşypdyr, kireýiň muzdy bolsa seni aňryýany bilen kanagatlandyrypdyr. Sähel wagtlyk kireý üçin gök ellilik oklanansoň sen hatda maşyny oňa başybitin berip goýbermäge-de razy bolupsyň. - Ýalan! – diýip, şofýor ýüregi ýarylan ýaly ýerinden atylyp turdy. Ýöne Ymamguly aga ony ýene-de höre-köşe bilen ýerinde oturtdy. Soňra sypaýyçylyk bilen gürrüňini dowam etdi. - Mylly, men senden bu zatlar dogrumy ýa-da ýalanmy diýip soramok ahbetin. Ony sorap oturmaklygyň biziň üçin zerurlygy hem ýok. Sebäbi, jenaýatçylaryň biri eýýäm biziň elimizde. Bu gürrüňden soň gözüni tegeläp ugran Mylly ýene-de atylyp turarly göründi, ýöne oňa çenli Ymamguly aga ony köşeşdirip ýetişdi. - Ýok, men sen hakda däl, şol jenaýatçylaryň biri barada aýdýan. Ol bize ýaňky zatlaryň barysyny, hatda seniň maşyn nomeriňe çenli hem aýdyp berdi. Sen näme, biz bu zatlary düýşürgäp bilýändir öýdýäňmi? Elbetde, hemme zat aýdylansoň bilip otyrys... Saňa berjek maslahatym bolsa şeýle: eger-de bu iş barada ýaňky aýdylanlardan başga-da bilýän zadyň bolsa, jikme-jik aýt. Ýöne ýaňkylary gaýtalamagyň geregi ýok. Ol diňe biziň wagtymyzy alar... Ine saňa gerek bolsa jenaýaty agtaryşyň hakyky wekili. Ussat wekili! Şäherli üçin nähilidigini bilemok, ýöne meniň üçin-ä bu pursat gyzykly spektaklyň ussat aktýoryň gatnaşmagyndaky bir parçasyna tomaşa edençeräk boldy. Tejribeli inspektoryň aýdan çynu-çyn däl her bir sözüni pisint etmän diňlejek gümanyň ýok. Onuň aýdýan zatlaryna özüm hem tas ynanypdym. Ýöne Mylly-ha ahyrsoňy ynandy öýdýän, çünki naçalnik ahyrky sözleri arkaly öz aýdan zatlarynyň ep-esli bölegini eýýäm onuň üstüne atypdy. - Hawa, onsoň, ýene-de bir zady ýatladaýyn: eger-de sen bu işde bize ak ýürekden kömek etseň, onda biz seni jenaýata goşman hem bileris. Bu-da diňe seniň peýdaňa. Häliden bäri bir söz aýtsaň sarç mal ýaly, diriň-diriň böküp duran şofýor ýigidiň ahyrsoňy ýeli ýatyşdy. Indi ol kese-kese bakmagyň deregine, gulagyna ýetjek bolup duran dyzlarynyň arasyndan ýolunaýarly görünýän boýnuny sallap otyrdy. Mylly boýun almazlykdan başga çäräniň galmandygyna düşünýänçä şol bir naýynjar görnüşinden üýtgemän otyrdy. Ahyrda-da uludan dem alyp, ähli aýdany bir oýnam söz boldy. - Başga aýtjak zadym ýok. - Zyýany ýok – diýende, Ymamguly aga onuň agzyndan bir söz gaçsa razy boljak ýaly bolup duran adama meňzeýärdi. – Belki soň bir zatlar ýadyňa düşer, şonda aýtsaňam bolar. Ýöne häzir welin ýaňky görkezmeleriň aşagyna gol çekip goýber. - Haýsy görkezme? – diýip, ol howsala bilen naçalnigiň ýüzüne seretdi. - Ýaňky meň aýdyp beren zatlarym bar-a, ana, şol zatlary goluň bilen hem tassyklarsyň, wessalam! Mylly onuň aýdýanlaryna ynanmaýan ýaly, şol bir seredişine seretdi durdy. - Eger-de sen meniň aýdýanyma ynanmaýan bolsaň, onda häzir, gol çekmeziňden öňinçä ýazylan zatlary birlaý okap hem bilersiň. Men ýaňky aýdylan zatlary derrew sorag protokolyna görkezme hökmünde geçirdim-de, gol çekmek üçin Mylly Çüriýewiň öňüne süýşürdim. Ol gol çekmezden öňinçä, Ymamguly aganyň aýdyşy ýaly, görkezmäni howlukman, okamaga durdy. Men pursatdan peýdalanmak üçin Ymamguly aganyň gulagyna ýakyn bardym-da, pyşyrdap diýen ýaly: - Suraty görkezmerismi? – diýip soradym. Ol “häzir” diýen manyda ýeňillik bilen iki gözüni hem ýumup goýberdi. Mylly görkezme bilen tanşyp, gol çekensoň bolsa, ol: - Ýogsa-da olar maşynyňy sagat näçeden näçä çenli ulandylar? – diýip, oňa ýüzlendi. Ol biraz oýlanyp oturdy-da: - Dokuzdan bire çenliräk bolaýmasa – diýdi. - Sen maşynyňa näme ýüklänlerini bildiňmi? - Ýok, onuň üstünde hiç hili yz ýok eken. - Şeýlemi? – diýip, ol näme üçindir bu wajyp sowalyň üstünde kän döwnäp durjak bolmady-da, çekmesinden Kakajanyň suratyny çykaryp, ony myhmanyň öňüne oklady. - Seniň bilen gürleşen ýigit ynha, şu dälmi? Mylly oňa ýiti-ýiti seretdi-de: - Ýok, ol-a däl – diýip, suraty yzyna uzatdy. Naçalnik suraty ýerine salyp durşuna myhman biraz igendi. - Mylly Çüriýew, biz ikimiz ýap-ýaňyja gürleşdik ahyryn dogryňy aýtmaly diýip. Maşynyňyzy äkidip getirenem, siz bilen hasaplaşanam şu ýigit bolmaly, biz ony bilýäris. Gizlejek bolup durmak nämä gerek? - Ýok, naçalnik, siz ony bilmeýän ekeniňiz. Eger-de şeý diýip aýdan bolsalar, onda sizi aldapdyrlar. - Ýa şeýlemikä? – diýip, Ymamguly aga häliden bäri ilkinji gezek oňaýsyz ýagdaýa düşdi. Megerem, onuň bu gezekki guran pirimi nyşanyny dogry alyp bilmedi öýdýän. - Ýeri, bolýa, bar şol eken-dä, onda kimdi? - Men näbileýin kimdigini, tanaýan zadyn däl. - Bu ýeriň adamy dälmi? - Men-ä dälmikä diýdim. Gaty jalaý göründi. – diýdi-de, birdenem soňky sözleri aýdanyna utanan ýaly, aşak bakdy. - Görseň tanarsyň dälmi? - Näme tanaman. - Bolýar, Mylly, sen gidip bilersiň. Ýöne eger-de bardy-geldi şo günki zatlardan ýene ýadyňa düşeni bolsa habar edeweri. Şol diýýän adamyňa gabat geläýseňem duýdur. Myhman giden dessine Şäherli biçak ýadan ýaly, ýerinden galdy-da, bilini, aýaklaryny ýazdy. Ýöne naçalnik oňa üns berip durmady. Nämedir bir zadyň aladasyna gümra bolup, birsellem dymyp oturdy. Ahyrsoňy hem: - Be, Kakajanly meselämiz-ä birhiliräk boldy-ow. Ýa-da bularyň ikisinden biri ýalan sözleýärmikä? Ýaňky ýigid-ä soň ýagşy göneldimikä diýýän. Ýogsa-da, seniň şol Muhadyňda derek ýok bolaýmasyn?! Häk, diýseňem-ä şo ýigit öz aladasyndan dynjak bolup, bir zadyny aýdyp goýberen bolaýmasa. Göwnüme bolmasa, maşyn gözlegine çykan diňe bir adam – ýa-ha Kakajan, ýa-da Myllynyň diýýäni bolaýjak ýaly-da...Kuwwat, sen eşidýäňmi bu zatlary? – diýip, ol soňky sözleri, näme üçindir, gatyrganýan ýaly äheňde aýtdy. Men munuň üçin halypadan jinnek ýaly hem göwün etjek bolup durmadym. Onuň bu günki başdan geçiren işleri we düýnki gijäniň ukusyzlygy zerarly dörän argynlygy hökman bir ýerden çykaýmalydy. - Diňläp otyryn, Ymamguly Berdiýewiç – diýip, soňra oňa öz pikirimi aýtmaga durdum. – Men-ä Muhat ýalan sözlemeýärmikä diýýän. Onuň Kakajana töhmet atany-atmany bilen bu ýerde üýtgeýän zat ýok. Ýöne başga hili ýagdaýlaryň bolan bolmagy-da mümkin. Belki maşyn gözlegine iki adam çykandyr? Onsoňam, muny anyklamak juda bir kyn däl ahbetin. Bu gün ýa ertir Kakajanyň özem öýüne köwlense gerek. Şonda onuň bilen oňatja gürleşip göräýeris. - Gürleşende näme, gönüsini aýdaýar öýdýäňmi? – diýip, gürrüňe goşulman oturan Şäherli ahyrsoňy dil ýardy. Men, dogrusy, onuň bu sowalyna näme jogap gaýtarjagymy bilmedim. Munuň özi haýsydyr bir zady anyklamak üçin däl-de, gaharymyň gelýänini-gelmeýänini bilmek üçin berlen sowal ýalydy. - Aýtmasa, aýtdyrjak bolmaly bolar-da. Öz sowaly bilen oňa berlen jogabyň naçalnige nähili täsir edendigini anyklajak bolýan ýaly, Şäherli Ymamguly aganyň ýüzüne seretdi. Halypa muny duýmady öýdýän, ol sesini çykarman, bir nokada dikanlap, esli oturdy-da, ýene maňa ýüzlendi: - Hawa, aýtdyrjak bolmaly bolar. Sen şony, inim, özüň oňar. Onsoňam, eger şo diýilýän ugrunda bar bolsa, bir zatlar toslara maý bolmaz ýaly, öýüne köwlenen dessine onuň üstüni basjak bol. Men bolsa häzir bu günki zatlar bilen naçalnigi habarly edeýin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |