16:20 Gijeki yzlar -4/ powestiň dowamy | |
Öýe gelip az-kem dynç alanymdan soň, bu günki wakalardan galan ýatlamalar ýene-de birlaý hatar gurap, göz öňümden geçip gitdi. Şonda iki şofýoryň görkezmesindäki, näme üçindir, gabat geläýmeli ýaly bolup duran çaprazlyk ýene bir gezek iňkise goýdy. Bu sowalyň özi Ymamguly agany hem ýöne ýerden oýa batyrmandy. Aslyýetinde, pikir edip otursaň, Kakajan perişde saýyljak ýigitlerden-ä däl. Onuň diňe geçmişiniň özi hem muňa şaýat. Üstesine, soňky döwürdäki syrly gaýyp bolmalaryna näme diýersiň? Ýogsa-da oňa ýerzeminiň açary nämä gerek bolduka? Onsoňam, ýeri “gije gapy şakyrdadan ýaly boldy” diýilýän gürrüňe näme diýjek? Bu zatlaryň üstesine-de, eger Muhadyň aýdýany dogry bolsa, onuň ýük maşynyny gözläp ýörmegi nämäniň alamaty? Bu sowallaryň özi, her näme-de bolsa, böwrüňi diňletmän-ä duranok. Diýmek, ol bir ýerlere işe gidýän diýip, öýündäkileri hem aldaýan eken-dä?
Detektiw proza
Jogabyny tapmasy kyn bolan bu sowallar barha ynjalygymy gaçyrdy. Ymamguly aganyň “öýüne köwlenen bada üstüni basjak bol” diýip aýdan sözleri ýadyma düşende bolsa, ol meniň şol tarapa ýola şaýlanmagyma itergi boldy. Aslyýetinde, ogly bilen biziň gürleşip görmegimizi haýyş edip, onuň ejesi göni milisiýa barypdy. Şonuň üçin, olara yzly-yzyna baryp durmagymy garry-ha geň görmese-de görmez welin, ýöne gelin näme pikir ederkä? Munuň özi gelşiksizliginden hem beter, onda nähilidir bir şübhe-hä döretmez-dä? Belki onda olara ýörite barlan ýaly däl-de, ýöne, hälki bir ýüzugra salamlaşylyp geçilen ýaly pikir döretjek bolmalydyr? Arslanjygy zor bilen gujagynda saklap, telewizor görjek bolup oturan gelnime sala saldym: - Humaý, näme etjek ony zor bilen saklajak bolup. Ýörüň gowusy, üç bolup, ilerki köçä çenli gezelenç edip gaýdalyň. Munuň günde-günaşa gelip durmaýan teklip bolanyndanmy-nämemi, ol bu gürrüňiň menden çykandygyna ynanmaýan ýaly, birbada ýüzüme çiňerilip durdy. Onuň bu ynamsyz garaýşyny hatda şondan soňky iki söz hem tassyklady: - Seniň çynyňmy? - Elbetde, çynym, näme, oýun edýändir öýdýäňmi? Arslan-a birsellem ylgap, aýagynyň ýelini alar, bizem arassa bahar howasyndan dem alarys. Ýeri, nähili görýäň, gidýäsmi? Ol gujagynda zor bilen saklap oturan ogluny bir gapdala geçirdi, soňra telewizory öçürip, aýnanyň öňüne geçdi-de, iki taý çekgesinden çogup çykan saçlaryny ýaglygynyň içine itişdirmäge durdy. - Sen Arslany al-da çykyber, men häzir ejeňe aýdaýyn, onsoň barýan –diýip, ol soňra beýleki otaga girip gitdi. Sähel salymdan soň biz üç bolup, Arslanyň aýagyna eýerdik-de gündogarlygyna tarap ugradyk. Iňrik garalyp başlan hem bolsa heniz garaňky düşäýmändi. Öňümizden çykan ilkinji kese köçeden ilerligine sowuldyk. Kakajanlaryň köçesine düşenimiz hem şoldy, olaryň öýüniň deňesinde saklanan taksiden bir ýigit düşdi-de howla girip gitdi. Ol Kakajandy. Men ätiýaçdan, gapdalymdan geçip giden şol taksiniň nomerini ýatda saklaýmak hem zyýan bolmaz diýip pikir etdim – 09 – 15. Ine, indi ber habaryňy! Ozalky pikirim, çagalary köçede sähel wagtlyk galdyryp, olardan habar tutup çykaýmakdy. Ynha, indi welin, bu ýigit bilen egri oturyp, dogry gürleşmeli wagt geldi. Şonuň üçin bulary iň gowusy öýe eltip gaýdan ýagşy. - Kuwwat, näme üçin içiňi hümledip barýaň? Gezelenç edeli diýip tapan-a özüň – diýip, Humaý bir zatlar aňjak boldy. - Men-ä içimi hümledemok, göwnüňedir – diýdim-de, oňa hiç zat bildirmezlige çalyşdym. Oňa häzir bu barada aýtdygyň üstüňe öliň soragynyň ýatjakdygy görnüp durdy. - Her näme-de bolsa uzak eglenmän, öýe köwlendik. Men Humaýa işe baryp gaýtjakdygymy aýtdym-da, işikden yza dolandym. Ýolboýy pikir edip barşyma Şäherliniň aýdany hakydama geldi: “Gürleşende näme gönüsini aýdar öýdýäňmi?” Elbetde, bu bolup ýörşüniň yzynyň bir çöpi bar bolsa, gönüsini aýtmasa-da aýtmaz. Ýöne aýtdyrjak bolmaly bolar. Ýa-da Ymamguly aganyň edişi ýaly eýýäm hemme zat aýan boldy diýip tutubersemmikäm? Aý, ýok, büý-ä maňa başartmasa gerek. Oňa halypanyň özüniňki ýalyrak paýhas hemem tejribe gerek. Gowusy, ilki bilen, onuň şunça günläp nirede näme işländigini anyklamaly. Şu sowalyň jogaby onuň soňky soraglara berjek jogaplarynyň hem hörpüni kesgitläýse gerek. Ýogsa-da, onuň öýüne gelendigini Ymamguly aga ýetiräýsem näderkä? Ol-a meseläni çöp döwen ýaly edäýse-de ahmaldyr. Ýa-da bu bolşum öz-özümim ynamdan gaçyrýan ýaly bolaýarmyka? “Size-de ýumuş tabşyrarlygy ýog-aýt” diýip, dursa nätjek? Onsoňam, haçana çenli her ädimde Ymamguly aga diýip durmaly boljakka diýip pikir edip barşyma ahyrsoňy öz-özüme – az-kem ýöwsellejek bolýan Kuwwat Meredowa igenip başladym. Şol wagt Kakajanlaryň öýüne gelip ýetmedik bolsam, kim bilýär, belki onuň hatda oňatja suwuna degsemem degerdim. Ardynjyrap, giň otaga giren badyma gelindir-gaýyn ikisi ähli badymy ýatyrdy. Men-ä tutuş süňňüm bilen sorag alamatyna öwrülip, zordan galpyldymy saklap gelýän, onuň bolsa bu zatlar piňine-de däl, zym uçan ýaly bolupdyr. - Nirä gitdi? – diýen soragy men gaýyndyr gelin ikisiniň hem öňüne keserdip okladym. Gelni garrynyň gürlärine gyssansa-da, edebi öňe düşübermäge oňa ýol bermedi. - Wah, jan ogul, ol bize aýdyp durmy näme, nirä gitjegini –diýip, garry şol öňki zeýrenç gürrüňini gaýtalady. - Näme, ol içeri girdi-de sesini-üýnüni çykarman gidiberdimi? Bu gezek ýigidiň ejesi gelniniň ýüzüne sertedi. Diýmek, Kakajan bir gürrüň eden bolsa, megerem, gelni bilen eden bolarly. Şonuň üçin hem bu gezekki sowal olaryň ikisine däl-de, diňe Nabat gelne gönükdi: - Hawa, näme diýdi? - Üýtgeşik diýen zady ýok – diýip, ol üstünde oturan köne halyçasynyň ýolnup çykan ýüpüni ýerine itekläp oturyşyna ýumşaklyk bilen gürledi: - Meni soran boldumy? – diýdi. - Sen näme diýdi? - Näme diýeýin, bolşy ýaly edip aýtdym. - Meniň gelip gidenimem aýtdyňmy? - Hawa – diýip, ol “Näme, aýtmaly däl ekenimmi?’ diýen manyda maňa tarap gabagyny galdyrdy. - Ýeri, onsoň, ol näme diýdi? - “Olar meni gözlär ýaly näme bolupmyş?” diýdi. - Onsoň? - Başga üýtgeşik aýdan-diýen zady bolmady. - Nabat, mümkin bolsa, siz şo pursady bolşy-bolşy ýalyjak gürrüň berseňiz-le. Ol, ynha, aýdaly, edil meniň gelşim ýaly, işigiň agzynda çommalyp soraglaryny berägede, soňam çykyp gidäýdimi? - Ýok-la – diýende, ýüzüni aşak salyp oturan gelniň çalaja ýylgyrany duýuldy. - Onda gaýrat et-de, başdan ahyryna çenli bolşy ýaly aýtjak bol. Nabat gelin halynyň sapagy çykan ýerini dyrmap oturyşyna nämeden başlajagyny bilmeýän ýaly, birsellem böwrüni diňledi. Bu dymyşlyga Nabat ikimizden beter, garrynyň takaty ýetmedi: - Ah-heý, jigi, onuňam bir bolşy-bolmaýşy bormy? Göreniň Kakajandyr-da, gelen wagty geler, giden wagty gider. Onuň üçin gelin bendäni beri gyssap oturma. - Daýza, men ony gyssamok ahbetin, ýöne soraýan. - Sorasaňam, soramasaňam, ynha, ýaňky aýdylan zatlar-da – diýip, ol ilki iki elini ýere urup dyzyna galdy-da, soň zordan ýerinden turdy: - Wah-wah-eý, hany, men çaý beri goýup geleýin. - Özüm goýaryn-la – diýip, gelin gobsundy. Işik garryny aňryk geçirip goýberenden soň, gelin az-kem ynjalşan ýaly boldy. - Ýanynda bir zat diýip otursaňam gowy däl, ogluny ýamanlaýan ýaly – diýip, ol gürrüňe başlady. “Garrynyň özem ogluny az ýamanlanok, ony gaýgy etme-de arkaýyn aýdyber” diýip, içimden Nabady ruhlandyrdym. - Hawa, onuň gele-gelmäne ilki niýeti-hä ýuwnup-ardynmakdy öýdýän. “Hammamy gyzdyr” diýdi. Men hemmesini aýdanymdan soň, ol eýýäm çykaryp taşlan köýnegini gaýtadan egnine sokdy-da gidibermek bilen boldy. “Suwa düşjek dälmi?” diýsemem, “Ýok, soň düşerin” diýdi. - Başga? - Başga bir ullakan bolan gürrüň ýok. - Açary soradyňmy? - Hawa. “ Mende-hä däl, näme ýitipmi?” diýdi, “Hawa” diýsem, “Kime gerek ol” diýdi. Menem sesimi çykarmadym. - Şeý diýibem çykyp gitdimi? - Hawa. - Nirä gideninem, haçan geljeginem aýtmadymy? - Hawa, hiçisinem aýtmady. Şondan soň ýene-de birgiden biynjalyk pikirleri ýanyma aldym-da, häzirlikçe bu öý bilen hoşlaşdym. Garaňky mazaly gatlyşypdy. Ýyldyzlar eýýäm ýerli-ýerden birek-birege göz gypyşyp başlapdylar. Asman diýseň gözeldi, aýdyňdy. Ýöne, ýeriň üsti welin, häzir, göwnüme bolmasa, howsalaly, sowallar bilen örtülen ýalydy. Eýsem, bir emmasy bolmasa, Kakajan milisiýa sesini eşidenden ur-tut eňiberermidi? Beýleki, ähli gümürtik sowallary birýana goýup, diňe şuny orta alaýaňda-da ol ymykly böwrüňi diňletmän duranok. Bu meseläni, asla, häzir,şu durşuna galdyryp beri bolarmyka? Ýok, her näme-de bolsa, Ymamguly agasyz gymyldajak bolmaly däl. Igense-de, käýinse-de häziriň özünde hemmesini bolşy-bolşy ýaly edip, oňa aýtmak gerek. Ýogsa, ertirki gün giç bolaýmagy-da mümkin ahyryn... Ymamguly aga bilen gürrüňimiz uzaga çekmedi, ol soňky alyp gelen täzelilerimi üns bilen diňledi-de: - Onuň nähili maşynda öýüne gelenini gördüňmi? – diýip, sorady. - Hawa, Aşgabadyň taksisi bolmaly, nomeri – 09 – 15. Ol ozalky zatlary häzirki aýdanlarym bilen bilelikde kän saldarlap gördi öýdýän, başyny ýerden galdyrar ýerde galdyrmady. Ahyrynda-da sesini-üýnüni çykarman, telefonyň trubkasyna ýapyşdy. Onuň kime jaň edýänini gürläninden soň bilip galdym: - Şäherli öýdemi? Şony telefona çagyryň!.. Şäherli, hany, sen bir derrewjik öýe gelip gitsene! Raýon milisiýasynyň jenaýaty agtaryş bölüminiň naçalniginiň öýünde bolan üç işgäriň maslahaty uzaga çekmedi. Ymamguly aga ilki bilen Şäherlä wezipesini kesgitledi. - Sen häziriň özünde Aşgabada gitmeli bolarsyň. Göni taksoparka baryp, -09-15 nomerli maşyny taparsyň. Eger-de eýesi maşyny goýup gaýdan bolsa, onda onuň öýüne gidersiň, heniz liniýada bolsa, onda gelýänçä garaşarsyň. Gepiň keltesi şol şofýory tapda gürleş: şu gün agşam sagat sekizlerde biziň raýonymyza getirip giden adamsyny nireden alypdyr, nirä degipdir, eger ýany adamly münen bolsa, onda ýoldaşlary nirede düşüp galypdyr, ýolda näme gürrüň edipdirler, ýanlarynda şübheli bir zat bar ekenmi – garaz, men saňa öwredip oturmaly däl ahyryn, ähli zerur bolaýjak zatlary ýekän-ýekän anykla. Nähiliräk hasaplaşanyna çenli bil. Onsoň şu gijäniň özünde-de maňa ýetirersiň. - Ymamguly aga, giije ikiden bäri-hä yza köwlenip bolmazmyka diýýän, şondan soň bimaza edip ýörmegem giç bolaýmasa. - Giç bolmaz. Tüýs wagtydyr. Ertire goýsak şonda giç bolar. Şäherli bäşga hiç zat gürlemän, çykyp gitdi. - Kuwwat, senem şu gün şol öýi saklamaly bolarsyň. Men häziriň özünde naçalnigiň ýanyna gitmekçi. Geňeşip görerin, mümkin, şu gijäniň özünde sanksiýa alyp, olaryň öýüni döküp görmek gerekdir. Umuman, öý dökülende-dökülmände-de gözegçilik etmeli bolar. Ýigidiň yzyna köwlenäýmegi gaty ahmaldyr. Ýöne şoň giden ýerini anyklamak başardaýsa... – diýip, ol eşiklerini geýip durşuna dillendi. – Hany, göreli, belki, Şäherli bir zatlar bilip geler. - Ymamguly aga, öýi saklar ýaly, ol ýerde çemeli ýerem-ä ýok – diýip, men oňa häliden bäri özüme ynjalyk bermän duran sowaly aýtdym. -- Köçede ybaly ýer ýok bolsa, göni howlularyna gir-de oturyber. Howlynyň aýagujynda küme-beýleki bardyr-a? - Bar ýaly. - Bar bolsa, ana, şolaryň birine gir, kim bilip durmuş! Onsoňam, bardy-geldi Kakajanyň ejesi biläýende-de onuň özi gürleşiň diýip, haýyş edipdi ahyryn şeýle dälmi? - Şeýle welin, gijäniň ýarynda ogluňyz bilen gürleşmek üçin dölede otyryn diýip dursaňam-a gelşiksizräk bolýmasa... - Gürleşdirjegi çyny bolsa ogluny tapyp bersin, ýogsa-da biz onuň bilen hut şeýdip, şo ýerde gürleşjek. Dogry-da – diýip, Ymamguly aga bilmedim Kakajana, bilmedim onu ejesine – haýsam bolsa birine gaharlanyp başlady. Ýöne näme üçindir,gaharynyň soňuny öz üstüme syrykdyraýdy. - Senem şu, gelşiksiz bolaýmasa, birhili bolaýmasa diýen ýaly gürrüňleriňi goý-how. Ulygyz däldirin öýdeňok. Onsoňam gelşiksiz bolup-bolman, näm, biriniň öýüni urjak bolup durmyň sen? Mümkin, gaýta sen ol öýi haýsydyr bir betbegtçylygyň öňünden sowýansyň?! Ol şondan soň sesini çykarman, gapa ýöneldi. Howludan çykan dessimize bolsa biz aýrylyşdyk. *** Ymamguly aganyň aýdyşy ýaly, howlynyň aýagujynda ýasalan mal ýatagyň gapdalyndaky kiçijik kepbä özümi atdym. Köçede ýanýan çyranyň şöhlesi tüm-garaňky bolup oturan howlynyň ep-esli bölegine, şeýle hem derwezäniň daşyna-içine birgeňsi ýagtylyk saçyp durdy. Şonuň üçin hem häzirki oturan ýerimden jaýyň işigi görünmese-de howla giren-çykan magat bildirjekdi. Garaňkyda emaý bilen otagyň içini sermeşdirip ýörşüme ýüňmi ýa şoňa meňzeş zat dykylan ýart halta elime ildi. Ony kiçijik penjiräniň alkymyna getirip, jaýdar ornaşdym-da, durşuma üns bolup, derwezä tarap seretdim. Elbetde, munuň özi gonamçylygy saklan bilen deňeşdireniňde ýer bilen gök ýalydy. Sebäbi, ol iş belli bir derejede özüňe bagly. Bu ýerde welin, seniň eliňden geljek zat ýok, uzak gije şo-ol garaş-da ýat. Ertir il örmwnkw, şu ýerden sag-aman çykyp gitmegem hernä, görgi bolaýmasa ýagşydyr. Şu zatlary kellede aýlap oturyşyma käte sagada hem göz aýlaýan. Her gezegem gözüme ynanman, ony gulagyma-da tutup görýän. “Bir sagat çemesi-hä geçendir” diýip, garşy seredýän welin, ýaňy on bäş minut geçen bolaýýar. Eger-de şu wagt kimdir biri sagatlar gündizine çalt işläp, gijesine iki esse haýal ýöreýär eken diýse, walla, özüm-ä güp ynanjak-da. Sagat üçden alyp ugrapdy. Töwerekde iňlär siňek duýlanokdy. Häliden bäri käte pyşgyryp, käte aýaklaryny ýere urup, ýürege düşen goýnuň sesi hem galypdy. Uky, diýseň, ol hem öz gadryny ymykly bildirip başlady. Çyranyň ýagtysyna eliň aýasynda ýaly görnüp duran derweze käte dumanyň arasynda ýaly, çala saýgardýardy. Şeýle pursatda göwüňi owkalap, ýagşy tijenmeli bolýardy, şondan soň derwze ýene-de adaty keşbine gelýärdi. Şeýdip, uky bile ber-başagaý bolup otyrkam, birdenkä, derwezäniň bäri gyrasynda, haýaty üstünde bir gara peýda boldy. Gözüme ilen dessine hem ol ýere düşdi. Men hasyr-husur ýerimden turdum-da, kepbäniň açyk duran gapysy bilen boýdaş bolup duruberdim. Megerem, oňa has golaýrak barmak gerekdir? Şu maksat bilen şo tarapa ýöneljek bolanym şoldy welin, ýaňky garnyň özi göni bärligine gaýdyberdi. Ine, indi ber habaryňy! Elimi sapança ýetirenimi duýman galypdyryn. Ol welin, iki ýanyny ýaltaklap, henizem göni gelýär. Sapançany elime aldymda aşak oturdym. Soňra görünmejek bolup, ýene-de ozalky oturan ýerime – penjiräniň alkymyna geçdim. Aralyk bäş-alty metrden kän däl bolsa gerek. Birden-kä ol sägindi-de haýsy tarapa gitjegini bilmeýän ýaly, iki ýana ýaltaklap durdy.Eger-de şondan bärik geçäýse, indi onuň meni göraýmegi-de ahmaldy. Ýeri, görse nätmeli? Kellä her näçe agram salsam hem, bu sowalyň jogaby tizara tapdyrmady. Ýöne alkyma ýetip gelen pyýadanyň pessaý sesi bilen: - Kuwwat, sen nirede? – diýen soragy meni boýlan giden howsalaly oý-pikirleriň arasyndan sogrup alaýdy. Sebäbi bu ses Şäherliniň sesidi. Ol gapdalymda jaýlaşyp oturansoň, pyşyrdap diýen ýaly, gürrüň bermäge başlady. -- Bujagaz ýigidiň yzyny dogry tanapdyrn. Asyl, bu özi ýaly biri bilen şäherdäki “Aýna” restoranynda oturyp çykan eken. Olar şondan çykyp, taksä münüpdirler-de wokzalyň töweregine barypdyrlar. Şol ýerde Kakajanyň ýoldaşy düşüp galypdyr, soňra taksiçi ony şu ýere alyp gaýdypdyr. Olaryň ikisi hem birneme içgili ekenler. Ýolda barýarkalar ýoldaşy oňa şeýle diýipdir: “Hemme zat imi-salalyk bolsa, entek howlukmasak hem bolar, amatlyja ýelmär ýaly ýer tapylýança goý, dursun. Ot-suw sorap durmy näme?” Görýäňmi, deýýuslarda hökman bir zad-a bolmaly. Sen nähili pikir edýäň? - Seňki ýaly pikir edýän... Şäherli, sen bu barada Ymamguly aga duýdurdyňmy? -- Hawa, meni şu ýere iberenem şo-da. - Ol başga zat aýtmadymy? - Ýok, ýöne ertire çenli gaýrat ediň diýdi. Özümem göz-gulak bolaryn diýdi. Şäherli gelenden soň hem bir sagat çemesi wagt geçipdi. Ilkagşamdan bäri bütin derwezäniň töweregini hemem howlynyň ep-esli bölegini ýagtyldyp duran köçedäki çyra birdenkä öçdi galaýdy. Töwerek birbada gözedürtme garaňky boldy. - Özi öçäýdimikä? – diýip, Şäherli öňküden hem pessaý pyşyrdady. - Ýok, oňa bir zad-a zyňylan ýaly boldy. Biz ähli ünsümizi derwezä tarap jemläp ýatyrdyk. Bu howludan ep-esli aňyrrakda ýanýan çyranyň ýagtysyna gabatlasaň, derwezäniň üsti saýgartman hem duranokdy. Çyra öçen dessine köçeden çalt-çalt ýöräp giden aýak sesi eşidilen ýaly boldy. Ýöne doly aňşyryp bilmämsoň göwnüme bolaýmasyn diýip çak etdim-de, bu barada Şäherlä-de zat aýtjak bolup durmadym. Onsoňam, aýak sesi magat eşidilen bolsa, ol hem duýaýmaly ýalydy. Aýak sesi baradaky gümürtik pikirlerden heniz saplanyp ýetişmänkäm, gapa bir ýük maşyny gelip saklandy. Maşynyň sesi ýatan dessine bir adam haýatdan aşdy-da, derwezäni açdy. Şol bada howlynyň içinde ýene-de üç adamyň sudury peýda boldy. “Näme ederis?” diýen manyda Şäherliniň ýüzüne äňetdim. Ol belli karara gelip bilmeýän ýaly, bir gobsundy, bir oturdy. Pessejik penjireden howlynyň derwezesi görünse-de galan ýeri oňat saýgartmaýardy, şonuň üçin ikimizem gözegçiligi gapynyň agzynda durup, dowam etdirip ugradyk. Olar eýýäm ýere siňen ýaly bolupdylar. Biz howlynyň ortasynda serilgi duran geýimleri gabatladyk-da, öňe süýşüp ugradyk. Birdenem, olaryň aýak sesleri eşidilip başlady. Bir görsek, olar itenekleşip, nämedir bir zady ýerzeminden çykaryp alyp gelýärler. Biz ýene-de bir-biregiň ýüzüne serdişdik. Megerem, munuň özi aýgytlaýjy pursatdy. Indi, mundan artyk garaşmagyň asla hajaty ýokdy. - Duran ýeriňizden gymyldamaň! – diýip, Şäherli elindäki sapançany ykjam tutdy-da öňe çykdy. Olar nämäniň-nämedigine bada-bat göz ýetirip ýetişmänkäler, biz eýýäm olary alkymlap bardyk. Ýöne, megerem, olar elimizdäki ýaraglary görmedik bolarly, özlerini dürsän batlaryna ellerindäki äpet gapyrjagy taşladylar. - Duruň, ataryn! – diýip, Şäherli ýene batly gygyrdy. Ýöne olar durarly däldiler. Şol wagt edil şeýle çasly hem haýbatly ses daşarda hem ýaňlanyp gitdi. - Duruň, biriňizem butnamaň! – Bu Ymamgyly aganyň sesidi. Olaryň ýerzeminden çykaran zady bolsa birnäçe gün mundan ozal bütin obany ýasa batyryp jaýlanan gapyrjakdy. Onuň içinden agramlyk üçin goýlan birnäçe daş bölegi bilen birlikde klýonka dolangy alty sany kelle ýaly gara zat çykdy. Ol 20 kilogram çemesi tirýek ekeni. Şol günüň ertesi işi derňew bölümine geçirdik. Bizi birnäçe günläp düşnüksiz oý-pikirleriň arasynda söm-saýak edip goýan sowallaryň käbiri derňewiň başlan ilkinji güni ap-aýdyň boldy. Tussaglykdan boşap gelenden soň Kakajan Aşgabatda söwda bilen iş salyşýan topara goşulypdyr. Olar uly söwdanyň şeýle wariantyny saýlap alanlarynda, öz operasiýalaryny şäheriň içinde geçirmegi howply hasaplap muny obada, has dogrusy, Kakajanyň obasynda amala aşyrmakçy bolupdyrlar. Bu işde oňa ilkinji tabşyrylan wezipe, amatly esger tapmak bolupdyr. Ol munuň üçin diýseň laýyk adam tapypdyr. Çarynyň agalarynyň biri onuň klasdaşy eken. Bir gezek, Kakajan klasdaşyndan inisiniň ýagdaýyny soranda, ol onuň häzir bir aýlyk türgenleşik okuwdadygyny aýdýar... Iki aýdan hem gowrak wagta çeken derňewiň netijesinde bu işe jemi ýedi adamyň gatnaşandygyny äşgär etdi. Türkmeistan SSR Jenaýat kodeksiniň 257-nji maddasy esasynda günä bildirilen ýedi jenaýatçynyň ýedisi hem kanun boýunça degişli temmisini aldy. ***** Höküm çykarylanynyň ertesi ir bilen Myşy mugallym okuwçysynyň kabinetinde peýda boldy. Onuň gözleri şatlykdan ýaňa balkyldap durdy, süňňi ýigdelen ýalydy. - Ymam jan, ogul-a gelendir! - Kim, Çarymy? – diýip, Ymamguly aga onuň elinden tutup durşuna sorady. - Hawa, Çary. Ynha, indem, siziň hemmäňizi toýa çagyrmaga geldim. - Toýa bararys, mugallym, hökman bararys. Haçan barmalydygyny aýtsaň bolar. - Şu gün, ertir, birigün – üç günläp barybermeli. Özem, ilki bilen, ynha, size aýtmaga gelşim. - Aýdanyň-a gowy welin ,mugallym, ýöne üç gün gaty kän dälmi? - Kän däldir, inim, kän däldir! Aşy-suwy berlensoň, gaýdyp gelen ogul üçin näçe gün toý etseňem azdyr. Şol toýda iň arzyly myhmanymam siz bolarsyňyz, Ymam jan ! #"Gijeki yzlar" kitaby. 1990Ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |