13:17 "Gulmajyñ" gujury | |
"GULMAJYÑ" GUJURY
Gulmaç obasynyñ gadymydygyny rowaýatlaryñ üsti bilen bilse bolýar. Aleksandr Makedonskiý Uşak (Gulmajyñ gadymy ady) obasynyñ bir kilometr demirgazygynda, Eýrana ýöriş edip barýan mahaly ýük ýazdyrýar. Şol ýeri il-gün "Isgenderiñ düşlän ýeri" diýip, häli-şindi ýatlaýar. Nikolaý II döwründe şol ýere stansiýa gurulýar. Isgenderiñ ady dakylýar. Gulmaç obasynda gadymy döwürde gazylan käriz ir wagtlardan bäri obany suwlulandyrypdyr. Ekin ekilip, bolelin suwarylypdyr. Munuñ bir çetini gözümiz bilen gördük. Häzir ol käriz gömlüp, tep-tekiz bolupdyr. Gadymy obanyñ adyny göterýän "Gulmaç" firmasynyñ eýesi Düýegurban Mürzäýewi öñ birki gezek görüpdim. Biraz gürrüñdeş bolupdym. Obadaşlarymyñ Düýegurban barada eden gürrüñlerini ençe gezek eşidipdim. Berilýän gürrüñlere salgylanylyp, "Bendäniñ çagasynyñ Hydyr atany gören bolmagy ahmal-ow" diýip pikir ederdim. Türkmen halk ertekilerine salgylansañ, Hydyr ata köplenç ýañy oglanlykdan saýlananlara görünýär. Şol wagt ynsanyñ kalby päk bolýar. Kähalatlarda orta ýaşdakylara-da görnüpdir. Hydyr atany görenler bu hakda hiç wagt dilinden sypdyrmandyrlar. Eger saklanyp bilmejek bolsalar, sadaka berip, syryny mälim eder ekenler. Hydyr atany görenleri halk synlap duýar eken. Maly birden aşa köpeliberse, gapanyna tilki, şagal, möjek, keýik ýaly haýwanlar, gapan gurup ýetişibilse düşse, el uran işi öz-özünden boluberse, şol adam Hydyr atany gören hasaplanypdyr. Olara: "Gum diýip garbany gyzyl bolýar" diýerdiler. Hydyr atany görenlere arkaly diýilýär. Olar öñdengörüji, duýgur bolupdyrlar. Mundan başga-da, ynsanperwerlikde, halalhonlukda, pespällikde, eli açyklykda, rehimdarlykda özüni ile tanadypdyrlar. Düýegurbany ilkinji gezek Bedew baýramçylygynyñ şanyna tutan toýunyñ öñüsyrasynda gördüm. Ýöne giñişleýin söhbetdeş bolmak miýesser etmedi. Toý aladasy bilen, köpsanly myhmanlary garşy almakçy bolup, dyz epmäge-de wagt tapmady. Haçan-da bolsa söhbetdeşlik bolmasam, ýüregim ynjaljak däldi. Ýola düşdüm. Bir wagtky obama gidipdir. Ýaşlykda ýaşan obamda ýekesiremedim. Deñ-duşlar bilen gezen ýerleriñ göz öñüñe gelip, sözleri, aýdym-sazlary gulagyña eşidilip duran ýalydy. Jahan nury güneş naýzasyny zemine urdy. Tañrynyñ ýene bir güni ötdi. Düýegurban ekin meýdanyndan geldi. Saglyk-amanlyk alyşdyk. Öýe girdi. Gep başy gök çaý diýlişi ýaly, çaý başynyñ gürrüñi başlandy. Düýegurbanyñ gürrüñinden: - Bary-ýogy dört adam bolup, 1988-nji ýylda "Mebel" kooperatiwiniñ başyny çatdyk. Öwünýär-ow diýme, ýörite söhbetdeş bolmaga geleniñiz üçin, hakykatyñ hatyrasyna görä, dogrusyny aýtmaly boldy. Gapy, penjire, stend, bufet, dutar ýasamakda özüme göwnüm ýetýärdi. Öñüme ussa geçer öýdemokdym. Ol wagt tagta-tugta tapmak-da kyn däldi. Işe başladyk. Biziñ ýasap başlan mebellerimiziñ hyrydary barha köpelip başlady. Nyrhy barada gürrüñ-de edip durmadylar. Zakaz üstüne zakaz, ýetişip bolanokdy. Göwnüm ýetýän agaç ussalaryna "Bize işe geliñ!" diýsem, geñ gördüler. Şol wagt birhili garañky görünýärdi. Ýaradanyñ özi hemaýat berýändir-dä, asla ynamdan gaçmadym. Hiç zatdan çekinmedim. Töwekgel bolmasañ, geñ görülýän täze ugruñ azaply ak ýol düşmejegini ýüregim syzýardy. Az wagt geçensoñ, adam sany artyp başlady. Gurluşyj brigadirlerini düzüp, halka özbaşdak hyzmat edip başladyk. Gurbaty çatsa-da, gujury gaçan garrylara, onki synasy sag bolmadyklara, oñşuk başyna düşen zenanlara içine girip oturybermeli jaýlar gurup başladyk. Harjy aýba-aý artdy. Tikinçilik sehini açdyk. Ýorgan-düşekleriñ daşlary, milli egin-eşikler... zakazlar boýunça yzygiderli tikilip başlandy. Maşgalam dynuwsyz işledi. El-aýak uzady. Töleglu awtotransport hyzmatyny ýola goýduk. 20 sany ýük awtomaşyny, suw çekýän maşyn, 12 sany dürli tipdäki traktorlar, kombaýnlar, ot ýygýan, üweýän agregatlar oba adamlary üçin hyzmat edip başlady. Etrap merkezinde "Nowruz" atly dükan açdyk. Gurluşyk materiallary, haly ýaly ýaşaýyş jaýy üçin ulanylýan harytlary satdyk. Kooperatiwe günde 30 müñ manatdan az girdeji girmedi. Hasap-hesibi özüm ýöredýärdim. Il-güne daýanç bermek baş maksadymdy. Maksat ýüregiñden, onki süññüñden syzyp gaýtsa, gün dogandan gün ýaşara çenli erkiñe goýmaýar. Gijesine etsem-goýsamyñ, kelle taryña mazaly agram salýar. Tutan tutumyñ Ýaradanyñ emri bilen, durmuşyñ egrem-bugram ýollaryny batly söküberse, adama güýç-kuwwat berer ekeni. Süññüñ gamak ýaly ýeñil, höwesiñ artyp, maksadyña ynam döreýär. Girdejiniñ ýene bir çeşmesi ene topraga der dökmekdi. Garagum kanalynyñ boýundan ilki 350 gektar ýer berdiler. Ukrainadan kyrk tonna ak bugdaý tohumyny getirdik. "Baý baýyñ yzyndan kyrk ýylda, daýhan daýhanyñ yzyndan bir ýylda ýeter" diýenleri boldy. Oba adamlaryna elýeterli nyrhdan däne bilen bir hatarda et, süýt-de gerek. Orsuñ pulunyñ hümmetiniñ güýçlüräk wagty, bäş müñ manatdan 40 sany köşekli düýe aldyk. Şeýle hem kooperatiw ýañy işläp başlan uçurlary 5-6 sany göleli sygyr, müñden gowrak goýun edindik. Mal edinmek kyn däl. Maljanly çopan tapmaly. Onuñ hyzmatyny etmeli. Hiç zada zar etmeli däl. Mal ösdürmäniñ maýasy şundady. Şeýle-de etdik. Islän çopanlarymyz tapyldy. Olara ýörite ýük maşynlar, suw çekýän maşyn berkitdik. Suw bar ýerinde ýaýlym ýok, ýaýlym bar ýerinde suw ýok. Ýaýlym bar ýerine göçüp-gonup ýörler. Ýaýlyma, suwa zar bolanoklar. Çopanlar üçin göçme wagonlarymyz bar. Çopana gulluk etseñ, malyñ hor boljak gümany ýok. Işgärlerimize aýba-aý mugt huruşlyk dowar berýäris. Wagtal-wagtal sygyrdyr düýe soýup, arzan bahasy bilen et berýäris. Sygyr sagyp, süýt berýäris. Durmuşda toý-tomaşa bolýar. Gapa ýas düşegi ýazylýar. Ine, şonda añrujy takadasyny tapsañ, her bir kişä eliñi açmaga gezek gelýär. Musulmançylykda haýyr-sahawatyñ añrujy hasaplanýandygyjy bilmeýän ýokdur. Ekerançylyk, maldarçylyk ýaly kömekçi hojalykdan girýän girdeiji gaznany barha galñadýardy. Eliñi uzadan ýeriñe ýeter ýaly edýär... Düýegurban ýetim-ýesirlere, mätäçlere berýän kömegi barasynda dil ýaranok. Bu onuñ kiçigöwünlidigini, men-menlikden, gopbamsylykdan, öwünjeñlikden nam-nyşn ýokdugyny añladýar. Onda-da käbir zadyñ anygyna ýeteýin diýen duýgy böwrüme dürtdi durdy. - Düýegurban, ile-güne kömek etdim diýip, beren zadyñy aýtmagy kyn görjegiñi duýýaryn. Şeýle-de bolsa, soragyma ýarpy-ýalçyrak bolsa-da, birki agyz söz bilen jogap beräýseñ, kem-ä görjek däl. - "Özüni öweniñ tanapynyñ çüýrükdig-ä" hemmä aýan. Onda-da bolsa, soragyñyza az-kem jogap bereýin. Orsuñ pulunyñ pul wagty, işe başlan wagtymyz Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniñ Gazanjyk etrap guramasynyñ hasabyna 1500 manat, Nebitdagdaky çagalar öýüne 100 müñ manat, Gazanjyk etrabyna tebigy gaz geçirmek üçin etrabyñ býužetine 10 müñ manat geçirdik. Bu beýleki sowhozlaryñ býužete geçiren pulundan iki esse köpdi. Il-güne edilýän oba adamlaryndan sorasañ, gelşikli bolar - diýip, kelläni aşak basdy. Gürrüñi başga ýana sowmalydygyny añladym. - Düýegurban, Bedew baýramçylygynyñ toýuna gelenimde, öýüñ töwereginde, edarañyzyñ howlusynda birnäçe bedewlere gözüm düşdi. Şu barada-da aýdaýsañ? - Allanyñ nazar salan janaweri aýratyn täsin bolýar. Owadanlykda, ýyndamlykda, gylyk-häsiýeti boýunça türkmen bedewine taý geljegi dünýäde bardyr öýdemok. Ýaradanyñ türkmen halkyna joşan janawaryny edinmek, söýmek, guwanmak her bir türkmene mahsus bolşy ýaly, meniñ kalbymda-da ir oýanypdy. Başdan sekiz sany baýtal alyp, içine belli bedewi höwre goýduk. Hudaý ugruna salsa, köpeliberer ekeni. Häzir firmamyzda 22 at, 12 baýtal bar. - Hemmesini özüñiz seýisleýärsiñizmi? - Bäş-altysyny özüm seýisleýärin. Galanlarynyñ birentegini kim seýisläp saklajak bolsa, şoña berýäris. Toýda ozup baýrak alsa, ony özüñki hasaplamaly. - "Äri är edýän-de aýal, gara ýer edýän-de aýal" diýen türkmen nakyly bar. Şu babatda ýürek syryñy dökseñiz? - Gabatda zat saklaman. Şü çaka çenli elime kakan ýeri ýok. Tersine, "Ber, berekediñ artar-a" diýýär. Çagany, ylaýta-da, gyzy terbiýelemek ejäniñ gerdenine düşýär. Hudaýa şükür, ýanýoldaşym Bibinyýaz iki gyzy, iki gelni bilen turuwbaşdan hop berip başladylar. Men-ä näme-de bolsa, gijesine ukymy alardym. Bular gije ýaryma çenli tikin-çatyn bilen gidişer oturardylar. Onuñ üçin maşgalama döwletbaşy diýesim gelip dur. Ogullarym-da öz kärleri bilen alawer-de-berewer. Dek oturýan ýok. Bu-da bir Hudaýyñ berdigidir-dä. - Düýegurban, hiç bolmanda ogul öýerip toý tutýanlara geçen ýyl beren kömegiñiz barasynda kelan agyz söz aýtsañyz? - Toý tutýanlaryñ gelip boş gideni ýok. Geçen ýyl 64 adama dört milliona golaý karz pul berdim. Galyñ bende takadyny tapsa, alýar-da, berýär-de. Wagtyñ köýse-de, puluñ-a köýenok. Iru-giç berýärler. - Ekin meýdanyñyz, ekilen ýerleriñiz hem-de geljekde eksem-goýsamlaryñyz nähili? - 375 gektar ýere arpa-bugdaý ekip, gowy gögeriş aldyk. Hemme tehnikamyz goşa-goşadan bar. Suw bilen üpjün. 500-lik, 50-80-lik suw nasosymyz kadaly işläp dur. Biziñ firmamyzyñ düzüminde öz maşgala brigadamyz bar. Onda alty dogan, dört ogul, iki gelin, iki gyzymyz zähmet çekýär. Maşgala brigadamyza 100 gektar ýer berildi. Ol ýeri-de boş goýjak gümanymyz ýok. Etrabyñ merkezinde iki etažly (aşaky gatynda tikinçilik, ýokarsynda halyçylyk sehi) tikin, haly sehleriniñ gurluşygyna başladyk. Nesip bolsa, döwletimiziñ Garaşsyzlyk baýramyna ýetişdireris, işe başlarys diýen tamamyz bar. Sag-aman işe girişilse, 300 iş orny dörär. Ýene-de obamyzy un bilen üpjün etmek maksady bilen, ýylyñ aýagyna çenli un üweýän degirmeni gurup, işe girizmegi maksat edinýäris. Ukrainadan hemme enjamlar alyndy. Şükür Hudaýa, güýjümiz-ä ýetmän duranok. Üç süri goýun, bir süri düýe, bir süri sygrymyz bar. - Hususyýetçiligi ösdürmekde ussat guramaçy hökmünde azaply ýola düşenlere näme maslahat berip biljek? - Öñi bilen yhlas, höwes, etjek işiñden başyñy çykarmagy başarmaly. Ýeri oñarsañ almaly. Maly başarsañ almaly, köpeltmeli. Ýaltaçylyk etmeli däl. Tutan işiñe durkuñ bilen gyzyklansañ, höwesiñ artýar. Göwnüñ galkynýar. Ýaltaçylyga ýol bermeýär. "Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen ýer". Il-günüñ alkyşy göwün guşuñy uçurýar. Iñ soñunda-da Hudaý tutan tutumyñy oñuna etsin! Tatar ÜÝŞMEKOW. # "Türkmenbaşynyñ ýoly - Türkmeniñ ýoly", 1999 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |