00:57 Guş dili / hekaýa | |
GUŞ DILI
Çagalar edebiýaty
Biziň obamyzda Kerkaw atly bir oglanjyk bar. Ol guşlaryň diline düşünýär. Hawa, ynanmazçylyk etmäň. Men onuň guş diline düşünýändigine özüm şaýat. Şon-a, islän zadtňyzdan jedelem edip bilerin. Men şony size gürrüň bereýin. Bu nähili boldy diýsene... Bir sapar obanyň eteginde bugdaý oragy gidýärdi. Kerkaw günortanlar kombaýn sürüp ýören kakasyna çaý-nahar eltdi. Howa gaty yssydy. Ol kakasy çaý-nahar iýýänçä, Amerikadan ýaňyrak satyn alnyp, bugdaý orýanlara paýlanan täzeje «Žon Deer» kombaýnynyň arassaja, salkynjak kabinasyna münüp, oturmakçy boldy. «Žon deeriň» alynky aýnasyna özüni uraýjak-uraýjak bolýan ene torgaýyň zaryn sesini eşidip, ukusyndan oýanan ýaly boldy. Kerkaw kombaýnyň kabinasyndan böküp ýere düşdi-de, torgaý sesine gulak asdy. Kakasy oglunyň bu bolşuna geň galyp: – Näme, basym düşdüň-le, ýa halamadyňmy? – diýip, kombaýynyň kölegesinde çaý içip oturan ýerinden aladaly aýtdy. – Salkynjak ýerde, kabinada oturyberseň bolmaýarmy! – Kaka – iýip, Kerkaw kakasyna howsala bilen seretdi. – Eşidýäňmi, ene torgaýyň näme diýýänini! Onuň zaryn saýraýşyna bir seret. Onuň kakasy aladaňdandan bäri kombaynyň birsydyrgyn gürrüldisine öwrenişip gideni üçin, guşuň sesinem, beýleki sesleri hem eşidip baranokdy. Şonuň üçin ol: – Beý, men-ä bolemo-gaý. – diýmeden başga zat aýtmady. Emma Kerkaw arkaýynlanmady. Ol ylgap barşyna, äpet kombaýynyň aşyndan aýlanyp başlady. Bozja torgaý henizem zaryn saýrap, ot-elek bolup, özüni kombaýnyň ullakan aýnasyna urmasyny goýanokdy. Özem bat bilen «Žon deeriň» aşagyna özüni urýardy-da, kombaýynyň beýle tarapyndan zarp bilen çykyp gidýärdi. Kerkaw kombaýynyň aşagyna girdi. Ine, şonda onuň gözi yzky tigirleriň aşagynda galan, birneme mynjyran höwürtgejige düşdi. Ol höwürtgede heniz etene-de bolmadyk, ýaňrak ýumurtgadan çykan jüýjejikleriň saryja çüňklerini ýokary tutup, gepläýjek-gepläýjek bolup jürküldeşýändigini gördi. Ol içi çaga guşjagazlyja höwürtgäni tigirleriň aşagyndan emaý bilen sogrup, eline aldy-da, kombaýynyň aşagyndan çykdy. Soň ony bugdaýly peliň gyrasyndaky gür ýandakly käle eltip goýdy. Kakasy şonda oglundan razy bolupdy, ýöne sesini çykarmandy. Aradan dört-bäş gün geçipdi. Kerkaw Welijigiň has-has edip, bir ýere ylgap barýanyny gördi.Onuň boýnundan asan kemany iki baka hallan atýardy. – Eý, Weli, sen nirä barýaň? – diýip Kerkaw oňa gygyrdy. – Ýör-eý, senem, Sapar guş satýar-eý! Menem guş satyn aljak! – diýip, Weli gysymyndaky puluny güjeňledi. Kerkaw gujagyndaky ter oty gölesiniň öňüne dökdi-de, Saparlara bakan howlukdy. Olaryň goňşusy, özünden bir synp ýokarda okaýan Sapar ýaňy ganat çykaran torgaý jüýjejikleriniň dört sanysyny gözenekli gapyrjaga salyp, ortada goýupdyr. Elindäki ene torgaýyň bolsa, aýagyna uzyn kendir ýüp daňypdyr Ol her wagt, her wagt şol ýüpi depesinde pyrlap goýberýärdi. Şonda ene torgaý ganatlaryny pasyrdadyp, ýüpüň ugruna bakan pyrlanyp barşyna, biçärelik bilen urunýardy, bu ýere guş satyn almaga gelen oglanlaryň höwesini meçewlendirýärdi. Sapar bolsa üýşen çagalara göz edip: – Geliň-eý, alyň-eý, guş satýan-eý! – dilip aldygyna gygyrýardy. Onuň sesine öňem ýürejiklerinde sar galmadyk ene torgaý-da, onuň jüýjejiklerem, tisginip, tisginip gidýärdiler. Näme diýseňem, Kerkawy gören Saparyň kän bir ugry bolmady. Sebäbi ol Kerkawyň guşlaryň diline düşünýändigini bilýärdi. Ýöne Kerkawyň sesini çykarman durşy ony geň galdyrdy. Ol Kerkaw gelen badyna akyl satyp başlar öýdüpdi. Kerkaw guş diline düşüneni bilen Sapary pälinden gaýtaryp bilmejegine düşündi. Sebäbi, Sapar bu obada belli garagol, hiç kime gulak asmaýan keçje oglandy. Ol öz ejesiniň, kakasynyň-a däl, mekdepdäki mugallymlarynyň hem diýenine gulak asyp baranokdy. Onsoň, ol Kerkawyň diýenini edermi, diýsene. Ol şu ýaz çykaly bäri telim-telim guş çagasyny tutup, oglanlara satyp, bir topar pul edinipdi. Asyl, ol guşlara gelen ýagydy. Kerkaw bu guşjagazlaryny kälde goýup gaýdan guşjagazlaryna meňzetdi. Ýöne muny Sapara nädip aýtjak. Aýdanda-da, ol gulak asjakmy diýsene. – Eý, sen şularyň diline düşünermiň – diýip, Sapar guşlaryndan gözüni aýyrman aýtdy. Kerkaw sesini çykarmady. – Eý, saňa diýilýär! Şu guşlar bilen gepleş-dä. Şol wagt ene torgaý öz jüýjejiklerine garap zarynja jürküldedi. Onuň jüýjejiklerem ýerli-ýerden jürküldeşdiler. Ene torgaý çagalarynyň zarynja jüýgüldisine tisgindi-de, aýagynaky ýüpüni undup, özüni kapasanyň toruna urdy. Kerkaw mundan aňry çydamady. Ol misli olaryň diline düşünýän ýaly, gürläp başlady. – Bu togaýy ynjytma! Ol kiçijik torgaý çagasyny görkezdi. – Ol: «Men Saparyň jigisi Çarydyryn!» diýýär. «Doganjygym bizi halas etsin» diýýär. Galanyny özüň bil. Sapar doňup galdy. Onuň hälki badyhowalygyndan hem, zalymlygyndanam nam-nyşan galmady. Şu ýazyň başynda onuň körpe jigisi Çaryjyk ýogalypdy. Sapar şondan soň has doňbagyr bolan ýaly bolupdy. Ol Çaryjygy arkasyndan düşürmän, eziz görüp, göterer ýörerdi. Bu sözden soň Saparyň gözlerinden ýaş pürkülip gitdi. Ol garry mamasynyň sözlerini ýene ýatlady. Mamasy: «Gynanma, balajygym Çary jan şu wagt jennetiň akja guşuna öwrülip, seleň sähralarda uçup ýörendir». Sapar şonda jigisiniň ruhunyň akja guşa öwrüljegi barada köp oýlanypdy. Häzir hem şol söz ýadyna düşüp, ýüzi gyp-gyzyl boldy. Ol ene torgaýa, onuň ejizje jüýjejiklerine, edil bir jigisi Çary jana sereden ýaly, mähribanlyk bilen garady. Soň guş satyn almaga üýşen çagalar: – Baryň, baryň, guşlar meniň doganjyklarym. Heý, olary ynjydyp bolarmy? – diýdi. Soňra, ol torgaý guşlary alan ýerine eltip geldi. Şondan bäri biziň obamyzda ýekeje ene torgaý-da zaryn saýramady. Sapar bolsa henizlerem: – Guşlar biziň doganjyklarymyz. Oňa azar beräýmäň! – diýip, jany-jigeri bilen aýdyp ýör. Guşlaryň diline düşünseň, şeýle ýagdaýlar hem bolýan eken... 10-njy aprel, 2000ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |