22:34 Mekir hatyn: Guýumçy ussanyñ başdan geçirenleriniñ beýany | |
GUÝUMÇY USSANYŇ BAŞDAN GEÇIREN WAKALARYNYŇ BEÝANY Gadymy döwürlerde Basra şäherinde bir ussat guýumçy (zergär) adam bardy. Ol tikinçilik sungatyndan-da örän ussatlyk bilen baş çykaryp bilýärdi. Ol öz döwrüniň iň kämilidi. Bir gün ol dükanynda ýagny zergärçilik ussahanasynda öz işi bilen meşgul bolup otyrka, birden seredip görse, garşysyndan köňülleri talaýjy bir näzenin zenan göni munuň dükanyna tarap ýöräp gelýär eken. Ol zenan gelip dükanyň öňünde durdy-da iki gulagyny açyp: - Eý, ussa guýumçy (zergär), şu gulaklaryma mynasyp, gowy ysyrgaň barmy? — diýip sorady. Guýumçy hem: - Howa, bardyr — diýip, yzyna bakyp sandygyny açyp, içinden bir mynasyp ysyrga çykaryp, näzenin zenana tarap öwrülse, görse ol aýal eýýäm gidip galypdyr, asla ondan sudur hem galmandyr. Muny gören guýumçynyň jany başyna syçrap, tiz dükanyndan daşary çykyp: «Ajap, şu tarapa gitdimikä» diýip, öňe-yza ýöräp, biraz gözledi. Emma tapmady. Onsoň yzyna gaýdyp gelip dükanynda oturdy. Emma hiç iş etmäge eli barmady. Hiç hili zat bilen hem köňli aram tapmady. Onsoň dükanyny ýapyp, aýlanmaga gitdi. Agşam düşýänçä gezip, aýlaň-çaýlaň etdi. Agşam düşenden soň bolsa gezelençden yzyna gaýdyp, gam-gussa batyp öýüne geldi. Onuň aýaly örän duýujydy. Ol äriniň melullygyndan bir zat aňyp: - Haý, ependim, näme üçin gam-gussa batypsyň? — diýdi. Emma äri aýalyna hiç-hili jogap bermän «Haçan daň atarka» diýip, düşegine girip ýatdy. Emma gözlerine hiç hili uky gelmän, daşaryny gözläp ýatdy. Daň atyp, gün Kap dagynyň depesinden baş göterende älem öz nury bilen bütin älemi münewwer etdi. Guýumçy öýünden çykyp, segredim bilen (ylgyr) dükanyna baryp, işigi açyp, işine meşgul boldy. Emma gözlerini ýola dikip: «Ol näzenin bu gün hem gelermikä» diýip, çap tarapa bakýardy. Birden görse, şol düýnki näzenin garşydan görnüp, dogry dükana tarap gelýär. Ol ýene-de guýumçynyň dükanynyň öňüne gelip, durdy-da, boýnuny açyp: - Ussa guýumçy, şu boýnuma mynasyp göwher bezegli altyn zynjyryň barmydyr — diýdi. Guýumçy: - Howa, bardyr soltanym — diýip, ony sandykdan çykaryp yzyna bakyp seretse, ol näzenin ýene-de gaýyp bolupdyr. Onsoň tiz dükandan çykyp: «Haýsy tarapa gitdikä» diýip, eýlesine-beýlesine garady. Emma hiç hili nam-nyşan tapmady. Dükanyna gelse-de işe-güýje eli barmady. Onsoň ýene-de dükanyny gulplar aýlanmaga gitdi. Agşama çenli gezip, aýlaň-çaýlaň etdi. Agşam düşenden soň gezelençden gaýdyp öýüne geldi. Gelip ýene-de gam-gussa batyp otyrdy. Ol ne gürleýärdi, ne-de gülýärdi. Aýaly görse, ýene-de äriniň ýüzi gülmez bolup, gam-gussa batypdyr. Onsoň aýaly: - Eý, ependim, indi iki agşamdan bäri öýe gamgyn halda gelýärsiň. Seniň derdiň nämedip? Ýa-da bir kişiniň yşgyna düşdüňmi ýa-da iki günden bäri söwdaň oňmadymy, näme derdiň, gussaň bolsa, maňa aýt, menem bilip, iki bolup gama bataly. Eger, bir kimsä aşyk bolan bolsaň, şoňa görä bir çäre edeýin. Eger borjuň-bergiň bar bolsa, ony bermelimi ýa-da çaltlandyrmalymy şoňa görä iş edeýin. Eger, söwdaň oňmadyk bolsa, oňa näme üçin gamgyn bolýarsyň? Bu gün oňmasa erte oňar — diýdi. Emma guýumçy ýene-de aýalyna hiç zat diýmedi. Derrew düşege geçip süýnüp ýatdy. Emma gözleri diňe daňy gözledi. Daň atan badyna bolsa ýerinden turup, dükanyna gelip, işigini açyp işine meşgul boldy. Emma ýene-de eli işe barmady. Köňlünde: «Geň zat, apaty-döwran ýene gelermi, bu dili-weýrany abat kylarmy» diýip, oýlanyp otyrka birden şol näzenin garşydan peýda boldy. Ol näzenin ýene-de dogry guýumçynyň dükanynyň öňüne gelip, hynaly topuklaryny guýumçynyň öňünde goýup: - Ussa guýumçy meniň şu topuklaryma-injiklerime mynasyp halkalaryň (halka, aýaga dakylýan bilezik) barmy? — diýip sorady. Ussa: - Bardyr meniň eýjejigim — diýip, sandygyndan halkany çykaryp, dönüp yzyna garasa, ýaňky näzenin ýene-de zym-zyýat bolupdyr. Ussa derrew dükanyndan çykyp, öňe-yza, aşak-ýokary ylgap segräp gözlese-de ol näzeninden nam-nyşan tapmady. Ýene dükanyna gelse-de eli işe barman, köňli karar tapman dükanyny gulplamaga başlady. Gulplap durka görse oturan ýerinde bir biz parçasy bagly ýatyr. Ussa: «Bu nämekä» diýip, eline alyp görse içinde bir zat bar. Açyp görse, içinde bugdaý, arpa, merjimek , nohut, baklajan, atyň tezegi, sygryň tezegi we düýäniň gumalagy bar bolup, olaryň ählisini bir ýere goşup, esgä dolapdyr. Guýumçy zergär öz-özüne: «Munuň nireden we kimden düşendigini kim bilýär» diýip, ol bizi ýene-de daňyp, meýdana oklap goýberdi. Soňra dükanyny ýapyp, aýlanmaga gitdi. Agşama çenli aýlaň-çaýlaň edip, agşam düşende ýene-de gam-gussa batyp, ýadaw halda, ýüz-gözüni eňşedip, öýüne geldi. Aýaly bu gezek hem ärini beýle gamgyn ýagdaýda görüp: «Ependim näme boldy? Seniň hal-ahwalyň neneňsidir. Üç gijeden bäri meniň bişirýän aşym iýilmez bolup, itlere dökülýär. Elbetde, indi tiz ahwalyňy maňa aýdarsyň ýa-da meni boşadarsyň — diýdi. Guýumçy-zergär aýalyny örän gowy görýärdi. Oňa örän muhabbeti bardy. Onsoň ol bialaç bolup: - Haý, keýwany, diňle, üç günden bäri meniň dükanyma bir aýal gelýär. Ol ilkinji gelen güni iki gulagyny açyp görkezip: «Eý, ussa, şu gulaklaryma mynasyp gowy gulaksyrgaň barmy» diýip sorady. Men hem: «Howa, bardyr» diýip, syrgany sandykdan çykaryp, yzyma garasam, ol eýýäm gidipdir. Derrew çykyp yzyndan seretsem nirä we haýsy tarapa gidendigini bilip bilmedim. Onsoň dükanyma geldim. Emma elim işe barmady. Dükany ýaryp, aýlanmaga başladym. Agşama çenli gezim edip aýlandym. Agşam öýe geldim. Ertesi gün, ýagny düýn daňdan turup, ýene dükana gitdim. Baryp işime meşgul bolup başladym. Şol wagt ýene-de ol zenan garşymdan peýda boldy. Gelşine-de dükanymyň ýanyna gelip, bir gezek boýnuny açyp görkezip: «Eý ussa, boýnuma mynasyp altyn zynjyryň barmy» diýip sorady. Men: «Bardyr mähribanym» diýip, sandykdan zynjyry çykaryp, yzyma seretsem ol ýene-de giden ekeni. Men ýene-de derrew dükandan çykyp yzyndan seretsem ýene-de zym-zyýat bolan ekeni. Yzyma gaýdyp dükanyma girip, işlejek bolsam, elim işe barmady. Onsoň ýene-de aýlanmaga gitdim. Agşama çenli aýlandym, agşam düşende bolsa öýe geldim. Ýatsam-da gözüme uky gelmedi. Daň atandan soň ýagny şu gün hem irden turup dükana bardym. Geçip işlemäge başladym. Hyýalymda: «Geň zat, bu gün hem gelermikä» diýip, gözlerim ýoldady. Birden garşymdan ýene-de şol näzenin peýda boldy-da göni dükanyň öňüne geldi. Gelen badyna-da hynaly topuklaryny galdyryp, dükanyň tekjesiniň üstünde goýup: «Eý, ussa, meniň şu topuklaryma mynasyp halkalaryň barmy» diýip sorady. Men hem: ««Bardyr ependim» diýip, sandygy açyp halkany çykaryp yzyma baksam, ýaňky zenan ýene-de gaýyp bolupdyr. Duran ýerinde ýeller öwüsýär. Ýene-de ylgap, daşary çykyp oýana-buýana, aşaga-ýokary seretdim. Edil ýer ýuwudan ýalydy. Hiç hili nam-nyşan tapmadym. Yzyma dolanyp dükanyma gaýdyp, geldim. Emma ýene-de elim işe barmady. Sabyr-kararym galman derrew dükanymy ýapyp aýlanmaga gitdim. Ine-de, agşam düşende öýe geldim. Bilmedim, meniň ýagdaýym nähili bolar?! Guýumçy-zergär şeýle diýip, biygtyýar aglady. Onda aýaly: - Be, janym, bu gün üç gündür, bir näzenin gelip gidip, ilkinji gün saňa gulaklaryny synladypdyr, ikinji gün boýnuny syn etdiripdir, üçünji gün bolsa topuklaryny görkezipdir, şeýdibem köňlüňi tutuşlygyna eliňden alypdyr. Şu üç günüň içinde, heý, bir zat taşlanyp ýa-da bir üm-yşaratyny aňlamadyňmy? — diýdi. Onda guýumçy-zergär: - Ýok duýmadym. Emma şu gün yzyndan ylgap, tapmanymdan soň, ýene dükanyma gelip seretsem, oturan ýerimde bir bölek biz bar ekeni. Men «Geň zat, kimden gaçyp galdyka» diýip, meýdana zyňmak üçin elime alyp görsem, ujunda bir düwün bar. «Bu nämekä» diýip, çözüp gördüm. Görsem, içinde bugdaý, arpa, baklajan, nohut, merjimek, atyň tezegi, sygryň tezegi we düýäniň gumalagy bar eken. Olaryň ählisini bir ýere jemläp düwüpdir. Onuň kimden gaçyp galanyny kim bilýär. Onsoň ony meýdana zyňdym. Gaýry hiç bir zat görmedim — diýdi. Onda aýaly: - Ol saňa örän oňat üm-yşarat edipdir. Emma sen aňmansyň — diýdi. Guýumçy-zergär muny eşidip, şolbada aýalynyň öňüne, ýagny aýagyna ýykylyp aglap ýalbardy. Aýalyň ýüregi äriniň bu halyna dözmedi. Ol: - Eý, dertment bende, ol aýal saňa üm-yşarat (syr) bilen: «Biziň öýümiz ot (bede, saman) bazaryndadyr» diýipdir — diýdi. Onda guýumçy-zergär: - Eý, hatyn, sen muny nädip bildiň — diýip sorady. Aýaly ýene-de: - Şol tapyp alan biz böleginiň içine düwlen bugdaý, arpa, merjimek, nohut, baklajan, at gumalagy, düýe gumalagy, sygyr gumalagy, bularyň bary ot bazarynda jem bolýandyr. Gaýry ýerde jem bolmaz. Indi ertir ir bilen turup, geýnip guşanyp, soňra seýran edip, ot bazaryna baryp dur. Ol aýal nirede bolsa-da seni görer hem-de, elbetde, saňa bir üm we yşarat eder. Şondan soňra meniň ýanyma gel-de nähili yşarat eden bolsa, maňa aýt. Onuň üm-yşaratyna görä, men saňa maslahat bereýin. Onsoň baryp, tanyşarsyň diýende, guýumçy-zergär aýalynyň jogabyny makul görüp, biraz köňli şat boldy. Gepiň keltesi, nahar edindiler, soňra aýaly düşek ýazdy, ikisi-de ýatdylar. Daň atan badyna guýumçy-zergär ýerinden turup, donuny geýip, sellesini başyna orap, gözlerine sürme çekip, aýalbazlaryň adaty ýaly bilini çekip guşady. Soňra öýünden çykyp ýap-ýap edip, ot bazaryna tarap ugrady. Ol ot bazaryna baryp bir çüňkde durup, çar tarapyna garanjaklap başlady. Birdenkä, görse, garşysynda bir çertekden özüni synlap durlar ekeni. Şol tarapa gözi düşen badyna ol zenan özüni çertegiň penjiresinden biraz görkezdi. Şondan soň özüniň ýüz-gözüni görýän kiçijik aýnasyny başdaňysyndan çykaryp alyp, ilki onuň ýüz görülýän tarapyny guýumça görkezip, soňra ony beýleki görülmeýän tarapyna dönderip aýnanyň ters ýüzüni görkezdi hem-de ony başdaňysyna sokup, içeri girip gitdi. Guýumçy zergär: «Ol zenan ýene-de çykyp, maňa bir üm-yşarat eder, onsoň men hem şol üm-yşaraty aňlap aýalyma aýdaýyn» diýip, uzak wagtlap garaşdy. Emma ol aýal asla çykmady. Guýumçy gam-gussa batyp, öýüne gelende aýaly: - Eý, ependim, sen ýene näme üçin gam-gussa batyrsyň? Ýa-da ony tapmadyňmy? — diýip sorady. Guýumçy: - Tapdym, emma meni görenden başdaňysyndan bir aýna çykaryp, ilki maňa onuň ýüz tarapyny görkezdi, soňra tersine öwrüp, arkasyny görkezdi-de ýene-de başdaňysyna salyp içeri girip gitdi. Men hem: «Ýene-de gelip, maňa bir üm-yşarat eder. Onsoň men hem ony saňa aýdyp bererin, şoňa görä hem bir maslahat ederis» diýip, kör garaşdym. Emma, ol çykyp hiç hili üm-yşarat etmedi —diýdi. Onda aýaly: - Ol saňa örän oňat üm-yşarat edipdir. Emma, sen ony duýmansyň — diýdi. Guýumçy: - Ol nähili üm-yşarat edipdir? — diýip sorady. Aýaly: - Ol aýal başdaňysyndan aýna çykaryp, onuň ýüz tarapyny görkezende saňa: - Häzir gündiz, sen gije gel — diýipdir. Ol aýal eglenmän şol bada içeri girmek bilen saňa: «Sen-de bu ýerde eglenme tiz git» diýipdir — diýdi. Aýalyndan beýle söz eşiden guýumçy-zergär örän şatlanyp, köňli dükana barmak islemän: «Agşam haçan bolarka?» diýip, gözlerini agşama dikip oturdy. Agşam düşende nahar iýdiler. Aýaly: - Tur, häzir saňa ol aýal garaşýandyr — diýdi. Guýumçy ussa begenip, ýerinden turup, donuny egnine atyp ugrajak bolan mahaly aýaly: - Saňa bir sözüm bar, diňle, ol gözleýän aýalyň örän meşhur mekir aýala meňzeýär. Ol aýal senden öň birnäçe kişini getirip, olar bilen gürleşen bolmagy ähtimal. Olar seni gören kişi bolup, derrew ele salsalar gerek. Diňle, eger başyňa şolar ýaly bir iş düşse derrew näme etseň et-de, meni habardar et. Gije eken, gündiz eken diýme. Maňa habar ýetip. Men baryp seni halas ederin. Emma, iberen adamyňa berk tabşyr, hiç wagt gelip, gapyny kakmasyn. Goý, ol adam eline üç sany daş alsyn. Birini jaýyň üstüne zyňsyn, birini gapa ursun. Eger seni zyndana eltip, zyndandaky guýynyň içine oklap, sarap taşlasalar, şol daşlaryň birini penjireden içeri zyňsyn — diýip, ärini gapa çenli ugratdy. Aýal ärini ugradandan soň gapyny ýapyp içeri girdi-de işine meşgul boldy. Guýumçy-zergär gapydan daşary çykyp gapyny daşyndan mäkämledi. Ondan soň bolsa ol hatynyň ýanyna tarap ugrady. Guýumçy hatyny tapyp, onuň öýüne baryp, onuň bilen aýşy-eşrete meşgul bolup oturdy. Şol wagt hem gapy kakylyp garawullar içeri girdiler we olaryň ikisini hem bilelikde tutup, zyndana tarap alyp gitdiler. Getirip zyndana salmak üçin zyndanbana tabşyrdylar. Her kim öýlerine gidenden soň, guýumçynyň ýadyna aýalynyň aýdan sözleri düşdi. Onsoň ol zyndançyny ýanyna çagyrdy. Zyndançy gelip: - Eý, ýigit näme üçin çagyrdyň. Menden näme istärsiň? — diýip sorady. Guýumçy: - Merhemet et. Men seniň eliňe bir altyn teňňe bereýin. Ýöne sen meniň öýüme, maşgalama meniň halymdan habar ber. Ýöne baran wagtyň hiç wagt gapyny kakmagyn. Eliňe üç sany daş alyp gitgin. Sen ol daşyň birini tamyň üstüne zyň, ikinjisini gapa ur, ondan soňra üçünji daşy hem penjireden içeri okla. Başga artyk söz sözleme, bar git — diýip tabşyrdy. Zyndançy altyny alyp, ýerine başga birini goýup, salgy berlen öýe tarap gitdi. Ol salgy berlen öýi tapyp, guýumçynyň aýdyşy ýaly eline üç sany daşy aldy. Olaryň birini tamyň üstüne zyňdy. Ol aýal uklaman, gulagyny daşary tutup otyrdy. Tamyň üstüne bir daşyň düşendigini eşidip, äri tarapyndan bir habaryň gelendigini bildi. Onsoň tizlik bilen ýerinden turdy. Onuň bir kenizegi bardy. Ol ony ýanyna çagyryp: - Eý, gyz, tiz ýeriňden tur. Ependimizi tutupdyrlar — diýdi. Onýança zyndançy daşyň ýene birini gapa urdy. Ony eşiden aýal: - Tiz bol, eý gyz, ependimizi zyndana atypdyrlar — diýdi. Zyndançy iň soňky galan daşy hem penjireden içeri oklady-da, gaýry hiç bir söz diýmedi-de, yzyna tarap gitdi. Ol aýal bolsa muny görüp kenizine: - Eý gyz, ependimizi zyndanda, bir guýynyň düýbüne oklapdyrlar — diýip, bu habary oňa ýetirdi. Özi bolsa tiz geýnip, guşanyp, bürenjegini başyna büräp, gijäniň içinde ýalňyz özi ýola düşdi. Ol zyndanyň ýanyna gelip, zyndança: - Bir är bilen tutulan bir aýaly getirdiňizmi? — diýip sorady. Zyndançy: - Hawa getirdiler — diýip, jogap berdi. Onda aýal: - Şol adam meniň ärimdir. Men her zaman, hemişe oňa: «Sagyn, ol aýal bilen gürleşme, bir gün seni basyp tutarlar» diýip, kän aýdardym. Emma, ol hiç wagt meniň sözüme gulak asmady, asla diňlemek hem islemedi. Ine, men saňa bir altyn bereýin. Sen olary daşary-ha çykarmarsyň, ýöne meni aşak, olaryň ýanyna sallap düşüp. Aşak düşüp, ikisi bir ýerdekä ýüzlerine bir tüýküreýin. Ondan soň öýe gitjek — diýdi. Zyndançy altyny alyp, ol aýalyň biline bir ýüp daňyp, ony guýa sallady. Aýal guýynyň düýbüne ýeten badyna, tiz bularyň üstlerinden daňylgy duran ýüpi çözüp, ol aýaly ýorgandan çykardy. Soňra özi çykarynyp, eneden dogma ýalaňaç boldy. Ähli egin-eşiklerini we lybaslaryny beýleki aýala geýdirip, özi çyplak äriniň goýnuna-gujagyna girdi we goluny-goluna dolap saralyşyp-çyrmaşyp ýatdy. Soňra guýumçynyň-zergäriň aýaly beýleki «ady belli» aýala: - Tiz bol, durma, bizi urgana mäkäm sarap, meniň ähli lybaslarymy geý-de, meniň sallanyp düşen urganymy biliňe baglap, gygyr. Zyndançy seni ýokary çekip çykarsyn. Ýöne hiç bir söz sözleme, yzyňa bakma, bar öýüňe git — diýdi. Ol aýal: «Pursat ganymatdyr» diýip, sallanyp duran urgany biline mäkäm baglap, soňra bolsa beýleki urgan bilen olary biri-birine mäkäm edip sarady. Ondan soň bolsa zyndança guýynyň agzynda duran ýerinden urgany çek diýip gygyrdy we urgany bir ýola silkedi. Muny gören zyndançy guýynyň agzynda duran ýerinden ol aýaly urgan bilen çekip daşary çykardy. Ol aýal söz-sözlemezden daşyna çykdy-da öýüne baka gitdi. Öýüniň gapysyny açyp, içeri girip, arkaýyn-asuda ýagdaýda, rahat oturdy. Daň atdy. Jelalat ertir namazyny okap, ymamy we beýleki adamlary jemläp, murtlaryny palta kesmez topar bilen gelip, guýumçyny aýaly bilen bile saralgy görnüşde zyndandan çykaryp aldylar. Soň bolsa ýorgany we düşegi bilen bile zemmeriň üstüne berkidip, hormatly kazynyň huzuryna getirdiler. Ymam öňe çykyp, kaza garap: - Eý, kazy ependi, biziň mähellämizde bir «meşhur» aýal bar. Biz onuň elinden ejiz we biçäre bolup galdyk. Ençeme gezek göz astyna aldyk. Ol her gün diýen ýaly öýüne ýaş ýigitleri getirýär. Biz ony tutmakçy bolup, şu jemagat bilen gapysyna baryp, işigini açdyryp içeri girdigimiz ol ýat kişi ýom-ýok bolaýýar. Biz ony nirä gaçyrýandygyny ýa-da nirede gizleýändigini bilmezdik. Bu gije bolsa bu adam gelip içeri girdi. Onsoň biz: «Eger häzir biz eglenmezden baryp içeri girmesek ol ony ýene-de gaçyryp bir ýerde gizläp, onsoň biz ony tapyp bilmeris. Biz gidenimizden soňra bolsa ol oýnaşyny çykaryp ýene-de aýşy-eşrete meşgul bolar. Gowusy biz muňa şeýle mekirlik bilen çäre göreli. Edil şu wagt biz oňa biraz päsgel bermäliň. Goý, olar doly iýir-içsinler. Haçan-da ýatanlaryndan soňra diwardan aşyp girip, çyrmaşyp ýatyrkalar hiç hili gymyldatman örtükleri bilen bile sarap, zemmere berkidip, zyndana salalyň. Daňdan hem hormatly kazynyň huzuryna eltip, şol ýerde çözüp, ikisini hem eneden dogma edip çykararys diýen karara geldik. Hakykatdan hem diýşimiz ýaly edip häzir siziň huzuryňyza getirdik — diýdi. Muny eşiden kazy: - Çözüň onda, bulary görüp olaryň haklaryndan çykalyň — diýdi. Şonda kethudalaryň biri hemmeden öňe çykyp, olaryň üstündäki urganlary çözdi hem-de üstlerindäki ýorgany serpdi. Şol wagt guýumçy aýaly bilen bile düşekden galkyp turdylar. Aýaly şol wagt derrew ýorgany üstüne alyp, bürenip, kazynyň öňüne gelip, perýat we pygan edip başlady. Guýumçy hem bir ýanyndan gykylyklap: - Eý, hormatly kazy, eýsem hiç bir kişi dost öýüne barmasynmy. Düýn halalym, ýagny, aýalym bilen myhmançylyga barypdyk. Agşama çenli iýdik-içdik. Agşam bolanda hem bizi göýbermediler. Onsoň şolarda ýatdyk. Agşam hem bu jellatlar diwardan aşyp gelip, aýalym bilen bile ýatyrkam tutup alyp siziň ýanyňyza getirdiler. Biz hiç zat duýmadyk. Diňe üstümize gelenlerinde bilip galdyk. Bularyň näme sebäpden beýle edendiklerini bilmedik. Olar ikimizi düşegimiz bilen bilelikde berk urgan bilen baglap alyp gaýtdylar. Soňra hem zyndanyň düýbündäki guýa salladylar. Daňa çenli bagly bentli ýatdyk. Ine, häzir hem siziň huzuryňyza getirdiler. Indi siz Resulyň namazlygynyň üstünde (pygamber ornunda) otyrsyňyz. Bu gün biziň hakymyzy bulardan alyp berip, adyllyk we adalatlylyk ediň — diýip, aýaly bilen bilelikde perýat we pygan edip uly gykylyk turuzdylar. Onsoň kazy hem bu jellada gaharlandy. Ilki ymam ependi, soňra azançy, ondan soň kethuda jerime çekdiler. Galan jemagat hem ýagdaýyň üýtgändigini aňdylar. Olar hem jerime çekdiler. Galan-gaçanlaryny gözlediler, emma tapyp bilmediler. Ondan soňra olar guýumça we onuň aýalyna egin-eşik getirip, geýdirdiler. Onsoň guýumçy: - Eý, hormatly kazy! Allatagala sizden razy we hoşnut bolsun. Bulardan biziň arymyzy alyp berdiňiz — diýip, minnetdarlyk dogalaryny okadylar. Soňra guýumçy aýaly bilen yzyna gaýdyp öýlerine geldiler. Öýüne gelenlerinden soň guýumçy egilip, aýalynyň elini öprüp oňa çäksiz minnetdarlyk bildirdi. Soňra olar birnäçe ýyllar biri-biri bilen agzybirlikde ýaşap, zowhy-sapalar sürdüler. Aýallarda bular ýaly hem mekirlikler bolupdyr. Kyssadan akyl eýelerine beriljek maslahat, olaryň her bir işde pähim-paýhas eýlemekleriniň gerekdigini aýtmakdyr. Taýýarlan: Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Ene keýik / hekaýa - 13.12.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |