ADAM BOLMAK – ULY BIR SUNGAT
Alym bolmagam, şahyr bolmak hem, esger, kanun çykaryjy we ş.m. bolmak hem gowy zat, emma her kim bolsaň hem, öňi bilen, adam bolmaly, adam bolmasaň, sen hiç kim! Wezipe bilen adam bolup bilmersiň.
* * *
Göwnüme bolmasa, menem bir janly planeta ýaly, şo-ol öz pikir-hyýallarymyň daşynda aýlanyp ýörün. Emma men diňe isleýän, pikir edýän, çözýän zadym bilen adam däl-de, eýsem halamaýan, islemeýän zatlarymy bilelikde alamda adam. Men bu dünýä inmänkäm ýaradylan ynsan. Men näme boljagymy saýlap-seçip bilmedim. Şoňa görä-de, men öz elime ilen zady ulanmaly, peýdalanmaly boldum.
* * *
Elmydama gahryman bolup bolmaz, ýöne mydama adamlygyňda galmalysyň.
* * *
Adam bolmak – öz jogapkärçiligiňe düşünmek. Saňa dahylly ýeri ýok ýaly bolup görünýän garyplygyň öňünde özüňi utan, ejir çek, günäli duý! Ýoldaşlaryň, syrdaşlaryň her bir ýeňşine, üstünligine guwan. Öz goşandyňy goşup, täze bir dünýä gurmaga hemaýat edýäniňe düşün!
* * *
Bir adamy aýratynlykda tanandan adamlary umumylykda tanamak aňsat.
* * *
Kimde-kim özüni ýekeje gezek ele alan bolsa, ol şu jahanda gaýdyp hiç bir zat ýitirmez. Onsoň hem kimde-kim özüniň adam ekenligine düşünen bolsa, ol ähli adamlara-da düşüner. Her kim özüni gowy görýär – adam ruhunyň bolşy şeýle. Her kim öz bolşuna, gylyk-häsiýetine çuňdan syn etse, şu meýliň nähili güýçlüdigine göz ýetirip biler, şol meýli neneňsi netije berýändigi bolsa äşgär görnüp dur. Biziň beýleki adamlardan owadan, akylly, güýçli, söýülýän, bir söz bilen aýtsak, gowy bolasymyz gelýär.
* * *
Adam ogly gowy hem beýik zady küýsemelidir.
* * *
Adam diňe beýik zada tagzym etmän, ondan ozup geçmäge çalyşmalydyr.
* * *
Adam gam-gusa çekip, ölmez-ödi günde ýaşamak üçin dünýä inen däldir, eýsem ägirt uly, beýikden-beýik işleri durmuşa geçirmek üçin, dynuwsyz işläp dünýäni özgertmäge dahylly bolmak üçin jahana gelendir. Ol şu hakykaty ömür unutmaly däldir!
* * *
Şu dünýäde on müň sany zat bar, adam kalbynda on müň sany duýgy bar, şu toprakda on müň sany iş bar. Eger şulara kütelişen göz bilen äňetsek, onda olar buýur-bulaşyk, garym-gatym bolup görner. Ýok, eger biz olara nurly göz bilen seretsek, onda biz ähli zatlaryň rejeli-tertipli durandygyna äşgär göz ýetireris, bar zat tertipli, düzgünlidir. Bu üýtgewsiz, täsin ýagdaýa haýranlar galarsyň. Näme üçin zatlaryň biri-birinden üýtgeşikdiginiň, özara tapawutlanýandygynyň aladasyny edýärsiňiz? Näme üçin ony saýlap, muny hem toslan bolup ýörsüňiz? Beýle etmek nämä gerek? Ynsan kalbynda hakyky dünýäniň hut özi bar. Ondan tüýdügiň hem sazyň hoş owazyny eşitmeýän bolsaňyz, o taýda mydama şatlyk höküm sürýär. Ynsan kalbynda müşki-anwar ysy-da kükäp durmaýar. Ýöne mydama päk, ap-arassa gül-gülälegiň ýakymly, hoşboý ysy akylyňy haýran edýär.
* * *
Paýhasyňy tämizle-de, zada, baýlyga kowalaşmadan el çek, boş, bigerek pikirleri zyň, zyň bir gapdala – ana, şonda ynsan kalbyna aralaşyp bilersiň.
* * *
Adam bolmak diýmegiň özi göreşiji bolmak diýmekdir.
* * *
Adam öz gurallary bilen daşarky tebigatyň üstünden agalyk sürýär, öz göz öňünde tutýan maksatlarynda bolsa, ol şoňa tabyndyr.
* * *
Rehimli kişiniň kalby parahatdyr. Pes adam bolsa mydama birahatdyr.
* * *
Rehimdar adam dinimiz-ýörelgämiz hakynda oýlanyp, gün-güzeranynyň kän pikirini etmezek bolýar. Ol ekin meýdanynda zähmet derini saçyp, aç hem bolup biler. Ol özüni ylma-da bagyşlap biler – şeýdip kän sylag-peşgeşlerem alyp biler. Emma rehimdar kişi geljegiň aladasyny edýär-de, garyplygyň gürrüňini etmeýär.
* * *
Zor adamlar hor-zarlykdan basylmaýarlar, pes adamlar welin, beýle däl, olar çala bir kynçylyga duşsalar, eginlerini sallaýarlar.
* * *
Mynasyp adamyň hökman giň düşünjesi, berk häsiýeti bolaýmaly. Onuň çekýän ýüki agyr, ýetmeli menzili uzak.
* * *
Onuň çekýän ýüküne – adamkärçilik diýilýär: näme, oňa ýeňil diýjekmi eýse? Onuň geçmeli ýoluny diňe ölüm tamamlaýar: eýsem bu heňňam uzak dälmi näme?
* * *
Adam bolmak – uly bir sungat.
* * *
Ahlak düzelenden tiz zaýa bolýar.
* * *
Adam akylly, ýönekeý, adalatly, batyr hem rehimli bolmaly. Diňe şonda onuň bu belent ady götermäge haky bar – Adam!
* * *
Öz bir gowşan tarapyňy gördüňmi, ony gizlejek-ýaşyrjak bolma-da, derrew düzetjek bol: özüňe-de ikiýüzlülik ediji bolma!
* * *
Ahlak taýdan kämil boljak bolsaň, bu ugurda tagalla et, çalyş, bu onuň zerur şertidir.
* * *
Özüňi ýeňip geçmegi başaryp, öz bolmaly ornuňa dolanyp gelmek – ine, şuňa hakyky adamkärçilik diýilýär.
* * *
Adamkärçilikli bolmalymy ýa-da adamkärçilikli bolmaly dälmi – bu biziň diňe özümize bagly.
* * *
Biz diňe heniz hem haýran galyp bilýändigimize haýran galmalydyrys.
* * *
Adamyň doglany ýa-da öleni, puluny, öýüni, mülküni ýitireni gynançly däl – bularyň bary adama degişli zatlar däl. Gynançly ýeri, adamyň özüne degişli zady – öz adamçylyk mertebesini ýitirmegi.
* * *
Men öz düşünmeýän hadysalaryma gorky-ürküsiz çemeleşýärin, olardan hiç ätiýaç etmeýärin. Olardan belentde durýaryn.
* * *
Adam özüni ýolbarsdan hem, gaplaňdan hem, ýyldyzlardan hem, ýer ýüzündäki ähli zatlardan hem, hatda düşnüksiz, gudratly ýaly bolup görünýän zatlardan hem özüni ýokary tutmalydyr, ýogsam ol adam däl-de, ähli zatdan gorkup ýören syçandyr.
* * *
Iň mynasyp är kişiler tutuş dünýäniň zynjyryndan gaçyp gutuldylar, olaryň yzyndan belli bir mekana örklenenler gitdiler, olaryň yzyndan keýpi-sapanyň jadysyndan gaçanlar ýöredi, olaryň yzyndan – gybatdan, ýaman gep-gürrüňden gaçanlar ýörediler.
* * *
Biz sözlere gadym manysyny berýäris, şol many bolsa olarda ýokdy.
* * *
Adalatlylyk ähli ýagdaýlara düşünmäge esaslanýar.
* * *
Dünýäniň suratyny çekýän bolsaň – örküjini çekgin!
* * *
Ylgaýan ýykylýar. Süýşenekleýänler ýykylýan däldir.
* * *
Arzuwyň, hakykatdan hem, gowy tarapy bar. Hakykatda-da, arzuwdan hem gowy ýerler bar. Doly bagt şularyň ikisi-de birleşende bolýar.
* * *
Eýgertmeýän zatlaryň bary biziň höwesimizi hem gaçyrýar.
* * *
Adamlar, garaz, bir zady başarmasalar, ähli günäni ýagdaýyň üstüne atýarlar. Men welin, ýagdaýyň şeýle güýçlüdigine ynanmaýaryn. Bu dünýäde özüne gerek şerti gözleýän adamlar üstünlik gazanýarlar, eger tapmasalar, onda şol şerti döredýärler.
* * *
Halal adamlar beýleki adamlar haramlyk eder öýtmeýär. Erbet adam welin, gowulyk etseňem, erbetlik gözleýär.
* * *
Gülki adamyň düýp özeni.
* * *
Öz-özüne jogap berip bilmeýän adam hökman özünden gorkýan adam bolmaly, şeýle adam gara şaýa-da degmeýär.
* * *
Adam iň belent gaýa-da çykyp biler, ýöne ol şol ýerde kän saklanyp bilmez.
* * *
Idealsyz ýaşaýan adam – iň betbagt adamdyr.
* * *
Ideal – ýol görkezýän ýyldyzdyr. Onsuz belli ýol, belli ugur hem ýokdur, şular bolmasa-da – ömür hem ýok!
* * *
Tebigat adamy dört aýakda ýöremekden mahrum edip, oňa hasa bolsun diýip – ideal berdi! Ana, şondan bärem ol şol gowa, ýokaryk ymtylyp gezip ýör!
* * *
Ideýadan gorkýan adam ahyrsoňy düşünjesinem ýitirýär.
* * *
Ynam – meniňki bolanlygy üçin däl-de, eýsem hakyky bolanlygy üçin gymmatlydyr.
* * *
Diňe akmaklar bilen merhumlar özleriniň pikirlerini hiç wagt özgertmeýärler.
* * *
Çyn adamda kän ideýa bolmaz. Kän ideýaly adam hiç wagt çynlakaý adam bolup bilmez.
* * *
Ýüregimiň urşuna görä ynanjym hem üýtgäp duran bolsa, işimiň gaýtdygy.
* * *
Adam hökmünde öz pikirine gadyr-gymmat goýmaýan adama ynanyp bolmaz.
* * *
Öz ynanjyňy aýtmak üçin batyrlyk gerek.
* * *
Halal, päk ýaşamak üçin öňe dyzamak gerek, ýalňyşmaly, gidişmeli, urunmaly, başlamaly we taşlamaly, onsoň ýene täzeden başlamaly, onsoň ýene taşlamaly, şeýdip mydama göreşip hem mahrumçylyga duçar bolup ýörmeli. Rahatlyk bolsa – ruhy namartlykdyr!
* * *
Arzuwda adamyň ýürek talwasy bar.
* * *
Arzuwyň gutaran ýerinde adam hem tamam bolýar.
* * *
Adamlara ýetjek bolýan maksadyna garap, gadyr goýmaly.
* * *
Batyrlyk, edermenlik – beýik maksat ugrunda çalyşýan kişileriň baýlygydyr.
* * *
Her bir adamyň hem, ähli adamlaryň hem bilelikde bir, häki aýtsak, belli bir maksady bar, şol maksada ýetmek ugrunda çalşyp, olar birini seçip alýarlar, beýleki birinden hem gaçýarlar.
* * *
Ömrümiz mydama hereketde bolar ýaly, bize hökman isleg gerek.
* * *
Belli bir maksady bolmadyk adam iki-baka urnar ýörer, göräýmäge ol ylgap ýören ýalydyr. Emma öz maksadyňy göz öňünden ýitirmeýän iň bir haýal adam hem ondan – maksady ýok adamdan çalt ýöreýändir.
* * *
Ýolundan azaşyp, ylgaşlap ýören adamdan dogry ýol bilen mytdyllap barýan adam barjak ýerine öň ýeter.
* * *
Beýikler öz öňünde belli bir maksat goýýarlar: galan adamlar isleglerine eýerýärler.
* * *
Hiç bir maksatsyz ýaşaýan adamlar bar, olar bu dünýäden derýanyň köpürjigi kibi geçip gidýärler – olaryň özleri ýöremeýärler, olary durmuş derýasy aparýar.
* * *
Kiçijik zada aşa kän üns berýän adam, adatça, beýik işi başarmaýar.
* * *
Ýagdaýlar üýtgäp dur, prinsipler welin, hiç wagt üýtgemez!
* * *
Haýsy gämi duralgasyna tarap ýüzüp barýanyny bilmeýän adam üçin şemalyň nireden öwüsýändiginiň parhy ýok.
* * *
Är kişi ähli zatdan – borjy ileri tutýar. Batyr ýürekli är kişi bolup, öz borjuna düşünmese, onuň başbozar bolaýmagy gaty ahmaldyr. Batyrlyk ýokundyly pes adam öz borjuny bilmese, galtaman bolar.
* * *
Her gün kiçiräk bir borjuňy hökman berjaý kyl – ine, beýik iş diýip şuňa diýerler.
* * *
Borjuňy eý görmän, ony ýerine ýetirip bolmaz.
* * *
Erkek kişi üçin iň uly mertebe – syr saklap bilmekdir.
* * *
Gujurly-gaýratly bolmak – ine, saňa baky lezzet!
* * *
Isleg – pikiriň atasy.
* * *
Hyjuwyňa erk et, ýogsam hyjuwyň seni owsarlar.
* * *
Hyjuwyň ugruna gitmek – paýhasly kişileriň işi däl.
* * *
Dana hyjuwy bilen söweş alyp barýar, akmak – onuň guluna öwrülýär.
* * *
Biparhlyk ýaly erbet zalymlyk ýokdur.
* * *
Adamlara ne zelel, ne peýda getirýänlerden öte pes adam asla bolup bilmez.
* * *
Garaz, bir zady söýýän, halaýan adam garaz bir zady aňladýar. Hiç zat bolman, hiç zady söýmän gezip ýörmek – bularyň ikisem bir zady aňladýar.
* * *
Halk aýylganç moral synagdan geçýän wagty bitaraplyk saklan adam edil dowzah odunyň ortarasyna düşer!
* * *
Söýmeýän adam ýigrenip hem bilmez. Haýran galmagy başarmaýan adam göwni ýetmezligi başarmaz. Alkyş okamagy bilmeýän adam gargap hem bilmez.
* * *
Iliň gynanjyna gynanmaýan bolsaň, sen adam hem dälsiň.
* * *
Biz kemçiligimizi görkezýän adamlara taňryýalkasyn aýtmalydyrys.
* * *
Edilýän adalatsyzlyklary görüp hem dymmak – bu şol adalatsyzlyklara seniňem gatnaşmagyňdyr.
* * *
Biz kemçiligimizi aýdýan adamlara taňryýalkasyn aýtmalydyrys.
* * *
Men öz ömrümiň durkuna tagzym edýän adamlara garanda, öz tankytçy dostlarymdan kän peýda gördüm, ylaýta-da, şol edilýän tankytlar sypaýçylykly, dostlukly äheňde bolsa kän peýda berýär.
* * *
Dymmak käte iň ýiti tankytdan hem beter täsir edýär.
* * *
«Beýtme!» diýmek aňsat. Şonuň üstüne ýene şu sözleri goşmak zerur: «Ine, şeýle etmeli!» diýmeli.
* * *
Diňe käýemäge gönükdirilen akyl barha sandan gaçýar, guraýar, gutarýar.
* * *
Adamlaryň ýüzüne hakykaty aýtmagy öwrenmek üçin, şol hakykaty ilki bilen özüňe aýtmagy öwrenmek gerek.
* * *
Töhmetde delil ýok, emma ömür öçmejek yz galdyrýar.
* * *
Şindi gurçuk iň gowy almany zaýalanýandyr, töhmet hem şeýle – ol hem iň naýbaşy adamlaryň başyna ýetýär.
* * *
Bir adama edilen adalatsyzlyk hemmeleriň üstünden abanýan howpdur.
* * *
Öz burunlaryndan aňyrsyny görmeýän adamlar, adatça, öz garaýyşlarynyň çäginden has aňyrdaky zatlaryň gürrüňini edýärler.
* * *
Dürlüçe ýalňyşyp bolar, dogry hereket etmegiň bolsa bir ýoly bar, şoňa görä-de birinji aňsat, ikinji bolsa – kyn; pys geçmek aňsat, nyşanany urmak kyn.
* * *
Iň uly ýalňyş näme? Iň uly ýalňyş haýsam bolsa bir adamyň özüni ähli babatda akylly saýmagydyr.
* * *
Ýalňyşmagyň iň ähtibarly serişdesi – özüňi ýalňyşmaýan adam diýip hasaplamak.
* * *
Ýalňyşdan gorkmaň – onsuz ýaşamarsyň.
* * *
Ýalňyşlar paýhas getirýär.
* * *
Biregiň ýalňyşy – beýlekä sapak.
* * *
Düzedip bolmajak owunjak ýalňyşlyklardan uly nogsanlyklara geçmek ap-aňsat.
* * *
Ýalňyşmaýan adam ýok, emma beýik adamlar öz ýalňyşlaryny boýun alýarlar.
* * *
Halk üçin ynsanperwerlik otdan, suwdan hem beter gerekdir. Men otdan, suwdan heläk bolýanlary kän gördüm, emma ynsanperwerlikden wepat bolany görmedim.
* * *
Adamyň içki dünýäsinde gowulyk, bu – Gündür!
* * *
Gowulyk – lallaryň gepleşip bilýän, kerleriň eşidip bilýän dilidir.
* * *
Ýagşylyk edip bilýän adam gowy däl-de, eýsem ýamanlyk edip bilmeýän adam gowy adamdyr.
* * *
Ýagşylyk etmek biziň ömrümiziň iň belent maksady. Ýagşylyga nähili düşünsek düşünibereli, ýöne biziň ömrümiz ýalňyşlyga ymtylmakdan başga hiç zadam däl.
* * *
Ýagşylyk – şeýle bir lybas: hiç wagt solmaýar, köpelmeýär. Ýagşylyk bir sypat, ol artygrak hem bolsa zelel ýetmeýär.
* * *
Adam näçe akylly bolsa, näçe hoşgylaw bolsa, şonça-da iliň edýän ýagşylygyny päk görýär.
* * *
Paýhas bilen ahlak mydama gabat gelýär.
* * *
Rehimdarlyk müň hazynadan hem gymmatdyr, şony bilmeýän iň barypýatan betbagt adamdyr.
* * *
Asman – giň, onuň aňyrsy hem ýok, bärsi hem ýok. Emma adam kalby ondan hem giň, ondan hem belent!
* * *
Köp gören sahy däl, wagtynda beren – sahy!
* * *
Kim ýagşylyk etmek barada kän oýlanýan bolsa, onuň ýagşylyk etmäge wagty ýokdur.
* * *
Ýagşy işi uzaga çekme: uzaga çekilen her bir iş paýhasa laýyk däldir, üstesine-de hatarlydyr.
* * *
Adamkärçiliksiz adam dar ýerde kän durup bilmez, ol kän şadyýan hem bolup bilmez.
* * *
Diňe hakyky adamkärçilikli adam söýüp hem biler, ýigrenip hem.
* * *
Rehimdarlyk hakynda pikir ýöretmek gowy zat, ýöne bu entek rehimli boldugyň däl, pikiriňde adalatly bolmak hem entek iş ýüzünde adyl boldugyň däl.
* * *
Ahlakly adam öz dostlaryna, ili-gününe kän ýagşylyk edýär, käte ol şu maksat bilen öz janyny hem orta goýýar.
* * *
Adamyň ahlak sypaty niýetinde ýüze çykýar.
* * *
Ýagşylyk edýärkäň, özüňde, birhili, üýtgeşik kanagat, kanuny guwanç duýýarsyň – bu seniň päk wyždanyň işi!
* * *
Akyl taýdan rahatlyk tapmak ahlak derejäň gymmaty bilen ödelýär.
* * *
Ahlaklylyk häsiýetiňde bolmaly.
* * *
Käbirleri ahlaklylyga arhitektorlaryň jaýa garaýyşlary ýaly garaýarlar – öňi bilen öz rahatlyklaryny göz öňünde tutýarlar.
* * *
Ahlak keşbiň pes ýerinde, beýik adam bolup bilmez.
* * *
Adam akyl we ahlak taýdan näçe kämil bolsa, ol şonça-da özüni azat, erkana duýýar, ol şonça-da ömrüni hoş geçirýär.
* * *
Paýhasly, ahlakly we adalatly ýaşaman, lezzetli ömür sürmek mümkin däl, edil tersine, lezzetli ömür sürmän, paýhasly, ahlakly we adalatly ýaşamak akyla sygjak zat däl.
* * *
Ähli adamlaryň diýen ýaly özümize parhsyz garaýandygyny görüp-bilip durkam, elbetde, çalaja gaharym gelýär, sebäbi buýsanjyma dil ýetirilen ýaly bolýar. Emma adamlary edil boluşlary ýaly görmek gerek. Olaryň diňe öz kelleleri bilen edýän işleriniň netijesine gahar etmek ýazyň apy-tupanyna, tomsuň epgegine, güýzüň ýagşyna, gyşyň jorkuna zeýrenen ýaly bir zatdyr... Adamlary eý görmek üçin, olardan kän zat tamakin bolma!
* * *
Adam ahlaksyzlykdan hiç wagt hakyky lezzet alyp bilmez.
* * *
Ahlakly bolmak, ile rehimdarlyk etmek – ine, adamyň aňrybaş bagty, aňrybaş lezzeti.
* * *
Hatda ýekeje özüň otyrkaň hem ýaman sözi diliňe getirme, ýaman bir iş etme. Ile garanda, has hem öz-özüňden utanmagy öwren.
* * *
Adamyň ahlak sypaty hakda baha berjek bolsaňyz, onuň aýry-aýry tagallasy boýunça däl-de, eýsem gündelik işi boýunça nyrh kesiň.
* * *
Razyçylyk diýmek hamyladar bolmakdyr, her bir hamyladarlyk hem ahyrsoňy belli bolmalydyr, aýdylmalydyr.
* * *
Aýp iş edýän adamyň özi ilki bilen özünden utanmalydyr.
* * *
Jenaýatçylykly islegden erbet betbagtçylyk ýokdur. Şol islege ýetenden isleýän zadyňa ýetmezlik müň keren ýagşy.
* * *
Siwilizasiýanyň hakyky görkezijisi – baýlygyň we bilimiň derejesi hem däl, şäherleriň ululygy hem däl, hasylyň bollugy hem däl-de, ýurduň terbiýeleýän adamynyň sypatyndadyr.
* * *
Paýhas adama hyzmat etmese, nähili aýylgançlyk!
* * *
Biz köp adam söýemzok, ýöne hemmelere akyl öwredesimiz gelýär, maslahat beresimiz gelýär. Bu akyllysyramak nireden çykdy, munuň sebäbi näme? Muňa biziň şöhratparazlygymyz sebäp bolýar. Tas ähli adamlar diýen ýaly özüni akylly saýýar, öz ýakynlaryndan ol has akyllymyşyn, özüni şeýle hasap edýän adamlary hem ol hut şu sebäbe görä has gowy görýär. Siz özüňizden maslahat soraýan adamy halaýarsyňyz: bize ýalynjaňlyk edýärler, olar bizi aldaýarlar, olar özlerini bizden pesde goýýarlar. Mundan hem başga, biz maslahat berýärkäk öz ähli prinsipimizi, ideýalarymyzy, duýgy-düşünjämizi aýdyp bilýäris, özümiz hakda gürläp, keýpden çykýarys.
* * *
Siwilizasiýanyň özüniň düýp gelip çykyşy manysynda alaňda, islegi köpeltmek diýmek däl-de, eýsem öz isleg-arzuwlaryňy azat-erkana hem-de örän akylly nogtalamak diýmegi aňladýar.
* * *
Adamlara adamyň tebigatyna, tejribesine, paýhasyna esaslanýan ahlak zerur.
* * *
Tebigat adamyň eline bir üýtgeşik ýarag berdi – akyl-paýhas, ahlak, güýç berdi, emma ol bu ýaragy tersine-de ulanyp biler, şoňa görä-de, berk ahlak ýörelgesi ýok adamlar mahluga öwrülip, iň bir gabahat işlere baş goşýarlar, olar wagşylaşýarlar, olaryň gaýdýan goşy ýok.
* * *
Wagt, zähmet, päklik, bilim, özüňe erk etmek, adamyň fiziki, akyl we ahlak güýji – her bir hili baýlygy döredýän zatlar ýalňyz şulardyr.
* * *
Her kim rehimdarlyk hakda takal okamagy öwrenmän, öňi bilen, rehimdar bolmagy, rehim-şepagatly iş etmegi öwrenmelidir.
* * *
Adamyň nähili bolmalydygy hakda nutk yzyna nutk sözländen, bahymrajyk adam bolaýmak gerek!
* * *
Rehimdar adamyň kim ekenligi hakynda pikir ýöretmeýäris-de, gowy adam bolmagyň pikirini edýäris.
* * *
Biz öz hasaplamalarymyza ylaýyk wada berýäris, wada beren zatlarymyzy bolsa öz ätiýajymyza göräräk berjaý edýäris.
* * *
Özara mähir-muhabbetden, sylag-hormatdan özge hiç zady ile karz beriji bolaýmaň!
* * *
Dünýä gowy adamlardan doly, ýöne biz muny tä ýaman güne düşýänçäk bilmeýäris. Bu, megerem, ömrümiziň agyr pursatlary üçin berlen üzülişik ýaly bir närse bolsa gerek.
* * *
Wah, adamlar iň bolmanda özlerine ynanar ýaly bir päli pes bolan bolsalar bolmaýarmy?!
* * *
Öz eliňden gelýän işi kişä buýrujy bolma. Goý, her kim öz işigini süpürsin. Eger her kim şeýtse, tutuş köçe ap-arassa bolar.
* * *
Bir süri şaýadyň ýanynda edýän işlerini hiç kime görünmän, ýekelikde etseler, gör, nähili gowy bolardy. Men muňa iň uly gahrymançylyk diýerdim.
* * *
Adalatsyzlyk etmäge mümkinçiligi bolup hem şony etmeýän adama adalatly adam diýilýär.
* * *
Näçe az adamy oňaýsyz ýagdaýda goýan bolsa, şol adamyň häsiýetiniň soňabaka düzeläýmegi ahmal.
* * *
Hormatdan selçeň lezzet alýan adam bilen lawr daragtyny ekip, şonuň saýasynda käýarym bir dynç alýan adam hormata-hatyra mynasypdyr.
* * *
Bizden hakykaty gizleýän adamlardan göwün-kine etmäň: biziň özümiz ony mydama öz-özümizden ýaşyryp ýörmänmidiris näme?! Adamlar peýdany ahlak gözleginden aýra salyp, tebigatyň hamyrmaýasyny düzýän zady ýoýýarlar.
* * *
Basnýa-da uzaklygyna garap baha berilmeýär, durmuş-ömür hem şonuň ýaly, mana garalýar.
* * *
Adamkärçiliksiz bolup, adalatly bolmak asla mümkin däl.
* * *
Beýikligiň rehimdar bolmak ýaly çyn alamaty ýök.
* * *
Men her bir hili ynama gadyr-gymmat goýýaryn, ylaýta-da, meniň ynanjym bilen bir ýere sygyşmaýan ynançlara hormat goýýaryn.
* * *
Hernäçe syr saklaýan kişi bolsaň boluber, şonça-da biri-birinden samsyk myş-myşlaryň ýaýramagyna sebäp bolarsyň. Ol myş-myşlar hakykatdan on esse ýamandyr.
* * *
Eger günä bir tarapda bolan bolsa, adamlar arasyndaky jedeller beýle uzaga-da çekmese çekmezdi.
* * *
Hakykaty halamak, ähli ýerden gowyny tapyp bilmek onuň gadyryny bilmek başarnygynda ýüze çykýar.
* * *
Şöhrat – peýdaly haryt däl. Öz-ä gymmada düşýär, üstesine-de saklamasy kyn.
* * *
Ýönekeý adamlaryň pikirinden ýokarda durýan pikirli adamlar az, pikirlerini edip aýdyp bilýän adamlar welin, ondan hem az. Adamlaryň dogry pikir bilen razylaşmaýandyklarynyň sebäbi olaryň akyly kemligi sebäpli däl-de, eýsem öte buýsançlydygyklary üçin: olar dogry işdäki öňki hatarlaryň eýýäm eýelenendigini görýärler, yzky hatarlar hem olara gerek däl.
* * *
Erbet endiklere garşy ertir göreşe çykandan şu gün başlan ýagşy!
* * *
Egin-eşigiň tämizden owadan, gelşikli bolsun, ýöne kaşaň, ilden çykyjy bolmagyn! Tämizlik – adamçylygyň alamaty, ilden çykmak – nadanlygyň.
* * *
Hapyl-hupyl geýinmek adamyň ruhy pesliginiň alamatydyr. Emma käte adamlar muny öz ikiýüzlüligini gizlemek üçinem edäýýärler.
* * *
Diňe päli peslik, kiçigöwünlilik bilen utgaşyp gidýän owadanlyga owadan diýip bolar. Gopbam owadanlyk bolup bilmez. Gözelligiň päli pes bolmasa, oňa gözellik diýilmeýär, oňa häki bir oýnaky diýerler.
* * *
Rehimdar adam – iň gowy adam.
* * *
Gözellik – moral ýagşylygyň simwolydyr.
* * *
Hemmeler tarapyndan ykrar edilen uly mertebeli, akyl-paýhasly adamlar, ýüz keşpleri owadan hem bolmasa, gelşiksiz däldirler. Olaryň mertebesi, akyl-paýhasy bar zady ýuwýar, arassalaýar, olara aýratyn nur çaýýar.
* * *
Owadanlyk – azat kalbyň, berk jan saglygyň miwesi.
* * *
Gowy adamy, päli-niýeti düzüw, ýürekdeş adamy gözündenem tanap bolýar.
* * *
Içerki owadanlyk jan bermese, daşky owadanlyk hiç wagt doly bolup bilmez.
* * *
Akyl-paýhas ýok ýerde hiç hili gözellik bolup bilmez.
* * *
Daşky owadanlyk içki owadanlygyň üstüni örtýän bolsa, has hem gymmatlydyr. Altyn jilt kitabyň altyn manysynyň daşyny dolasa, ol kitap has hem uly abraýa eýe bolýar.
* * *
Owadanlyk gowy zat, emma ol özüni görmesin!
* * *
Ýaşlyksyz owadanlyk bilen owadansyz ýaşlyk – ikisem birmeňzeş peýdasyz zatlar.
* * *
Öte geçýän şaý-sepler ýaşlygyň älemgoşar dek gözelligini pese gaçyrýar.
* * *
Bezegler käte owadanlygy ogurlaýar.
* * *
Owadanlyk goşmaça bezege mätäç däl, bezeg bolmadygyça, ol has hem owadanlaşýar.
* * *
Daşyňy bezeme-de, kalbyň gözelligini kämilleşdirjek bol.
* * *
Medeniýet we daşky bezeg – büs-bütin aýry-aýry zatlar.
* * *
Ajaýyp şlýapanyň aşagynda mydama akylly kelle bardyr öýdäýmäň!
* * *
Diňe owadan bolmagy başaran aýallaryň ömri ýaly zaýa ömür bolmady, ýok, bolmaz hem.
* * *
Owadanlyk – şa gyzy, gaty az salymlyk höküm sürýär.
* * *
Owadanlyga pugta sypat berjek boluň!
* * *
Men daşky gözelligi däl-de, içki gözelligi halaýaryn, adamyň ruhy sypaty gözel bolmaly ahyryn!
* * *
Ýüz – kalbyň aýnasy.
* * *
Ýeriň ýüzünde biz üçin iň gyzykly zat – adamyň ýüz kyýanaty!
* * *
Adamyň ýüzi – onuň kalbynyň aýnasy.
* * *
Adamyň ýüzi mydama onuň içki dünýäsini beýan edýär, şoňa görä-de, hamala, pikirde reňk ýok diýip pikir etmek nädogry.
* * *
Adamyň dilinden eşideniňden onuň ýüzi kän we gyzykly zatlar aýdýar: dil diňe adamyň pikirini aýdýar, adamyň ýüzi bolsa pikiriň tebigatyny gürrüň berýär.
* * *
Owadanlyk – açyk maslahat berýän hat, ýöne ol ýüregi öňräjik ýeser edipdi.
* * *
Owadanlyk hakyky bagtdyr, çyn gahrymançylykdyr, ol dabaraly sözlere mätäçlik çekmeýär.
* * *
Owadan ýüz-keşp sessiz öwgüdir.
* * *
Kalby açygyň ýüzem açykdyr.
* * *
Owadanlyk – ähli ýerde arzyly myhman.
* * *
Owadanlyk, edep-ekram, daş sypat, mylaýym ses ömür ýoluňy ýeňledýär. Emma owadanlyga aşa-da baha bermeli däl: beýleki ýagşy gylyklar bolmasa, onuň bir özüniň zyýan getirmegi mümkin.
* * *
Owadanlyk – ynam döredýär.
* * *
Hiç kim haýran galmaýan bolsa, aňrybaş owadanlykdyr, ýalpyldap duran gözellikden ne peýda.
* * *
Daş sypaty owadan adamlar kän, ýöne olaryň içki dünýäsi boýunça hiç öwünmäge, magtanmaga haky ýokdur.
* * *
Samsyk owadanlyk – owadanlyk däl. Ýeňilkelle zenanyň göräýmäge owadan sypatyna içgin syn ediň, ýüzüniň her bir sypatjygyna üns berip äňediň, ýylgyryşyna, iki-baka garaýşyna serediň, ol zenanyň owadanlygy kem-kemden haýran galmaly bedroýlyga öwrüler gider.
* * *
Owadanlyk misli säher çygy dek – göz açyp-ýumasy salymda ýok bolup gidýär.
Sözler