Herki zadyň döremeginiň öz sebäpleri bolýar. «Hakyda topukçalarynyň» hem döremeginiň öz sebäpleri bar: kitap okanyňda ýa-da söhbetdeşlikde gowy jümläni, pähimi okaýarsyň ýa-da eşidýärsiň. Men okan kitaplarymdan, eşiden gürrüňlerimden gowy gören, şeýle hem serime gelen jümlämi, pähimimi depdere göçürmegi, belläp almagy özüme endik edindim. Şu «Hakyda topukçalary» 1982 – 2001-nji ýyllar aralygynda depderime bellän jümlelerim. Men bellän jümlelerimi täzeden okanymda bir zada göz ýetirdim: öz kontekstinde maňzyňa batan, hoşuňa gelen käbir pähimiň, «öz sürüsinden» çykarylandan soň, aýratynlykda ilkinji gezekdäki ýaly ýakymly täsir galdyrmaýar. Bu durmuşda-da şeýle ahyryn!..
■ GORKY UMYTDAN ÖŇDE ÝÖREÝÄR
Jemgyýetden üzňe adam bolup bilmez, bu akyla sygýan zat däl!
* * *
Ähli babatda adam adama mätäçdir.
* * *
Adam kän zatsyz oňup bilýär, ýöne adamsyz oňmaýar.
* * *
Bir adamyň heläk bolýan ýerinde, iki adamyň birek-biregi halas etmegi mümkin.
* * *
Adam jemgyýetde ýaşamak üçin döredilendir; adamy jemgyýetden daşlaşdyryp, aýra salyp bir görüň – şonda onuň oý-pikiri buýur-bulaşyk bolar, gylyk-häsiýeti üýtgäp, gahar-gazaba atlanar, her hili bolgusyz hyýallar onuň kalbyna hüjüm eýlär, beýnisi çaşyp, däli-diwana öwrüler.
* * *
Adam özündäki ähzi zat üçin adamlara minnetdar bolaýmalydyr.
* * *
Adam jemgyýet üçin döredilendir. Ol ýalňyz ýaşap bilmeýär, ýalňyzlykda edermenlik hem görkezip bilmeýär.
* * *
Adam Taňry bendesi, emma ony ösdürýän, kämilleşdirýän – jemgyýet.
* * *
Adam öz tebigaty boýunça jemgyýetçilige baglydyr, ol şonuň önümidir.
* * *
Goý, aýratyn alnan bir şahsyýet nämäni küýseýän bolsa, nämeden keýp tapýan bolsa, nämäni özi üçin peýdaly hasaplaýan bolsa şony edibersin. Emma adamzat üçin hakyky öwrenilmeli ders – adamdyr!
* * *
Bir adamyň başarmajak işini köplük bolup bitirip bolar, akyllar, eller jemlense, güýçler birleşse, tas ähli işleri etse bolar.
* * *
Adamyň bir özi galmagy, ylaýta-da onuň ýalňyzlykda işlemegi gowy zat dal. Eger onuň, garaz, bir işleri amala aşyrma niýeti bar bolsa, oňa kömek hem ruhy taýdan goldaw zerur.
* * *
Diňe adamlaryň içinde adam özüniň kimligine akyl ýetirip biler.
* * *
Hiç wagt özüňi öte eý gördürjek bolma!
* * *
Aýratynlykdaky ýeke adam unudylan Robinzon dek ysgynsyzdyr: ol diňe beýleki adamlar bilen bilelikde kän iş bitirip biler.
* * *
Doly bagtyýar bolmak üçin bize töweregimizi gurşaýan adamlaryň kömek-goldawy gerek: olar biziň özleri üçin ýagşylyk etjekdigimize diňe belli-külli gözlerini ýetirenlerinden soň, diňe şondan soň bizi söýmäge, sylamaga, etsem-petsemlerimizi durmuşa geçirmäge goldaw-kömek bermäge razy bolarlar. Ine, şu zerur arabaglanyşyga ahlak borjy, ahlak jogapkärçiligi diýilýär.
* * *
Adam diňe özüniň adamdygyny ile görkezmek üçin jan çekýän bolsa, oňa şondan beter masgaraçylyk hem gerek däl, sebäbi adamçylygynyň gowşak tarapyna uly il gözüni ýetirenden soň, onuň ähli hudaýtarapynlygyny tamam bolýar.
Zyýadalygyň gyr duşmany – ýeňilkellelikdir. Paýhasly är diýmek ýöne bir adam diýenden has uly many berýän bolsa, ýeňilkelleli adama-da çyn adam diýmek bolmaz. Hiç bir aýp zat ynamy şonuň dek gaçyryp bilmez, çünki ýeňilkellelik çynlakaýlygy aradan aýyrýar.
Ýeňilkelle adam hiç wagt çynlakaý adam bolup bilmez, ylaýta-da, eýýäm ýaşy bir çene baryp, birneme öňräkden akylly bolmaga çalyşmaly adamdan oňlulyga garaşma.
Onsoň hem bu aýplyk gaty giň ýaýran nogsan hem bolsa, ol şonça-da bek ýigrenilmelidir.
* * *
Kimde-kim hormat-sylaga, sarpa-alkyşa mynasyp bolan bolsa, şol adam iň bagtly adamdyr.
Eger hormatlaýan bolsalar, onçakly ýiti söýmezlikleri gerek. Mejnun kimin aşyk bolmak – ýigrenje elter.
Mylaýymlyk bilen, hoştaplyk bilen hormat kän oňuşmaýar.
Şoňa gorä-de, gaty gorkmaly hem däl, gaty söýmeli hem däl.
Söýginiň soňy ýuwnuksyzlyga barýar, ol näçe köp boldugyça, şonça-da sylag azalýar.
Diňe ýürekden joşup çykan söýgi-muhabbeti gözlemän, eýsem, paýhasdan gaýdýan söýgini hem agtar. Bu söýgi, ine, şahsyýete mynasyp söýgüdir.
* * *
Başga biriniň akyl-paýhasyny bilmek üçin hem akyl gerek. Goý, bu ýerde paýhasly kişiniň ýitiligi ýaryşa girsin!
Otuň-çöpüň, daşyň-kesegiň görnüşini, häsiýetini bilenden adam häsiýetini bilen has möhüm!
Ömrüň iň nepis, iň inçe syry şundadyr.
* * *
Demri – jyňňyrdysy, adamy – sözi bilen tanap bolar.
* * *
Adamyň derege ýaraýandygyny ýa-da derege ýaramaýandygyny söz urşundan aňsa bolýar. Emma has ynamdary – adamy işde tanamakdyr.
Bu meselede iňňän ýiti üşük, ýadawsyz synçylyk, örän inçeden yzarlamagy başarmak, polatdan-jöwherdenem sagdyn nepes gerek.
* * *
Ylahym adamyň göwün talwasy kärindenem, baýlygyndan hem zyýada bolgaý! Hiç wagt, ozalda-ahyrda, hudaýa-hudawende, tersine bolmagaý!
* * *
Eý, dostum! Eýeleýän wezipäň her niçik belendem bolsa, öz şahsyýetiň hasam ýokarydygyny görkez.
Kimiň köňli baý bolsa, onuň işi barha rowaç alyp, şonça-da mertebesi galar.
Kimiň köňli dar, ýüregi maýda bolsa, şoldur işden basylyp ýören! Ol ahyrsoňy işinde-de, at-abraýynda-da hökman heläkçilige uçrar.
* * *
Kämil adamlar hakda kän gürrüň edilmeýär, sebäbi olara düşünýän az.
Kämillik adamyň keşbinde, ýüz-keşmerinde, emma, has dogrusy, gylygynda ýalkym saçýar.
* * *
Maddy zatlaryň gymmaty altynyň bahasy bilen, ahlak zatlaryň bahasy şahsyýetiň bahasy bilen ölçenýär. Ol zehin-talanty bezäp, hormat-sylagly edýär.
Adamyň durky – kalbyň bosagasy.
Agraslyk ýaňralaryň çaklaýşy ýaly kütek çäklilik däl-de, eýsem özüňe ynanmagyň ygtybarly netijesi – sözünde hem mälimdir.
* * *
Kämillik diňe ähli manyda adama mahsusdyr – ol nähili kämil bolsa, edil şol hili hem – şahsyýetdir.
Adam çagalykdan saýlanyp, ekabyr boldy, at-abraý aldy.
* * *
Her kim öz bilenini edýär, her kim özüniňkä dogry diýýär, şony dile getirjek bolup hem hiç zatdan gaýtmaýar.
* * *
Köp adamlaryň pikirinde tarapgöýlük bar, şondan çykyp bolanoklar.
Iki adamyň pikiri çaknyşýar welin, olaryň hersi özüni mamla saýýar, emma paýhas hiç wagt ikilik etmez.
Şoňa görä-de paýhasa ten berýän adam şunuň ýaly çalşyrymly ýagdaýda mazaly oýlansyn-da, öz bolşuna dogry baha berip, beýlekiniň pikirine bolan garaýşyny üýtgetsin.
Goý, özüni bäsdeşiniň ornunda goýsun, goý, onuň öňe sürýän delillerine düşünsin! Ine, şonda, ähtimal, özem masgara bolmaz, kişiniň hem göwnüne degmez.
* * *
Gyssanyp, aljyrap ýörmeli däl-de, etjek işiňi gowy bilmeli.
Eder işini bilmeýän adamlar işlisirän bolýandyrlar, emma olaryňka iş diýmek nädogrudyr.
* * *
Hil bir iş edýän kişi ýaly garabaşyna gaý bolup ýören adamlar halys ýürege düşdi. Olaryň ähli edýän işi – gülki.
Bu garynjajyklar hormatyň owuntyklaryny çöpläp, edermenlik şöhratyna dalaş edýärler...
* * *
Belent mertebäm bar diýip diliňe almajak bol. Öz işiň bilen bol! Öwünmek, döşüňe kakmak nobatyny kesekä ber!
Ýagşylygy mugt et, hergiz ýagşylygy satyjy bolma.
* * *
Öz biderekligiňi wasp etdirmek üçin ilden altyn galam dileme – mynasyplaryň görnüne degersiň.
* * *
Gahryman ýaly bolmaly däl, gahryman bolmaly.
* * *
Beýik işler beýik ärleri döredýär. Şu gili adamlaryň ýeke biri müň sany ortaça adama taý gelýär.
* * *
Öňde-de biri özüniň ähli zadynyň uly bolmagyny, hatda her gün ulanyp ýören zatlarynyň hem uly bolmagyny küýsäpdir. Emma är kişi boljak bolsa, şonuň ýaly ägirt gaýrat hem diläýmeli eken-dä!
* * *
Hudaýyň ýanynda ähli zat tükeniksiz, ähli zat çäksiz. Batyr ýigidiň hem ähli zadynyň iliňkiden üýtgeşik bolmagy, zyýada bolmagy zerur. Çünki batyryň ähli işi, hatda aýdýan sözem – bu görüp ýören zatlarymyzdan has äpet bolmalydyr.
* * *
Mydama özüňi synlaýanlar ýaly hereket et. Kim özüni elmydama özüne seredilýän ýaly alyp barsa, ana, şol adam ägä adamdyr. Ol tamda gulak bardygyny bilýär, ýuwha çykan aždarhanyň daş çykmaga dyzaýanyny aňýar.
Paýhasly är täk özi ýalňyz otyrka-da ylla bütin dünýä özüne seredip duran ýaly hereket edýär, sebäbi ähli zadyň bilinjekdigini bilýär. Erteki gün özüniň ýüzüne durjak ýa-da bu tomaşa şaýat boljak adamlary hem görüp otyr.
* * *
Uly iliň özüni görmegini küýseýän, asla mundan ätiýaç etmeýän adam öýünde otyrka, keseki bir öýden syn edýändiklerinden çekinmez!
* * *
Adamy gudratly edýän üç sypat bar.
Bu sypatlaryň üçüsi hem Allanyň beren sypatlarydyr, has dogrusy – peşgeşidir.
Olar, ine, şular: egsilmez joşup duran zehin-talant; çuň akyl; nepis hem bagtyýar küýseg.
* * *
Ýagşy oýlanmak, ylaýta-da, ýagşy seljekmek – iň uly artykmaçlykdyr.
Gowynyň gadyryny bilmek hem ondan kem däldir.
Zehin, talant diýilýän zat oňurgaňda oturan zat däldir. Eger şeýle bolan bolsa, onda onuň jöwher ýitiligi gaçyp, erjel adamlara-da ýetdirmegi ahmaldyr!
Emma dürs, dogry akyl ýöredip bilmegi paýhasly adamlar oňarýar.
Ýigrimi ýaşda – duýgy;
Otuzyňda – zehin;
Kyrkyňda – paýhas patyşalyk sürýändir.
* * *
Edil syrtlanyň gözi ýaly ötgür akyllar hem bar. Olar mydama nur saçyp duran ýalydyr. Gije näçe tümlük bolsa, olar hem şonça ýagtylanýar.
Başga bir hili akyllar hem bar. Olar bagtyýardyr, mydama diýeni bolup durýandyr. Bular örän kän ýagşy işler bitirip bilmeýärler. Tükenmez miwe eçilýän aşa gowy sypat şudur.
Eýsem-de bolsa, gowyny seljerip bilseň – ömürboýy hatyraly bolup gezersiň!
* * *
Ganmanyrajyk goý! Ýene dodaklaryň lebler küýsesin!
* * *
Köňül küýsegi – gymmatlygyň ölçegidir.
Gowyny küýseseň, süňňüň lerzana gelýär. Emma ony gandyrmak kyn. Hem-ä gowy bolsa, hemem az bolsa – iki esse gowy. Ikinji sapar eýýäm erbetleşýän ýaly bolýar. Aşa doýsaň, şol naharyň tagamy gaçýar, asyrlar dowamynda ykrar edilip gelýän beýikler näme, şolara-da çalaja ýigrenç döräp ugraýar.
* * *
Gowy görünmegiň iň gowy usuly – ýaňy açlyk işdäňe ot beren bada, ony, ýagny açlygy tapba basmaly-da, ony açlyk gulpunyň astynda goýmaly. Eger şuňa-da jynyň atlanýan bolsa, öte doklukdan kösenenden takatsyz islegden zyýan çeken ýagşy – azaply keýp iki esse süýji bolýar.
* * *
Mukaddeslik diýen bir söz bar – ähli zadyň aýdyldygy.
Haýyr iş etmek – tutuş kämilligiň, ähli şatlygyň gözbaşy.
Haýyr iş adamy köňli päk edýär, eserdeň, kyýamatly, üşükli, duýgur, parasatly, mert, eserdeň, dogruçyl, bagtyýar, hoşgylaw, öwgä ýakyn, hakykatçyl, hakyky hem-de çar taraply batyr edýär.
* * *
Üç sany göwün talwasymyz bar:
mukaddeslik;
saglyk;
paýhaslylyk!
Haýyr-yhsan ýa-da rehim-şepagatlylyk – biziň kiçi dünýämiziň güneşidir!
Onuň asmany hem – päk wyždandyr. Ol Taňrynyň hem-de onuň bendeleriniň mähir-söýgüsine mynasyp boldy.
* * *
Haýyr-yhsan edenden gowy zat jahanda ýokdur.
Diňe haýyr-yhsan çyndyr, galan ähli närseler ýasamadyr.
* * *
Çuňluk hem, zyýadalyk hem ykbal bilen däl-de, eýsem haýyr-sogap işiň bilen ölçenýär, oňa taý geljek zat ýok!
* * *
Adam dirikä – sylanýar, ölensoň hem ýatlanýar.
* * *
Adam rehimdarlygyna onuň joşgunly yhlasyna görä däl-de, her günki işi boýunça baha bermeli.
* * *
Adam hakynda pikir ýöretjek bolsaň, iň bolmanda onuň pikirleriniň, onuň uçran betbagtçylyklarynyň, onuň tolgunmalarynyň pynhan syrlaryna aralaşmaly.
* * *
Özüni beýleki adamlardan çetleşdirýän adam öz bagtyny ýatyrýar, çünki näçe daşlaşdygyça onuň ömrüne şonça zyýan!
* * *
Adamyň ýüz keşbine garap, oňa baha bermäň – bu diňe çen-çak urmaga mümkinçilik berýär.
Adama düşünmek, göz ýetirmek üçin ony eý görmeli.
* * *
Akyl hem akyldyr welin, adam adamy ýakynlaşdyrýan zat ýürekdir.
* * *
Adamlary özgertmek üçin, olary gowy görmek gerek. Olara täsir etmek olary söýmek bilen des-deň!
* * *
Haýsy hem bolsa bir zadyň hiline baha bermek üçin, şol hiliň belli bir bölejiginiň seniň özüňde-de bolmagy hökman!
* * *
Diňe öz-özi bilen ýaşap, diňe özi hakda pikir etmäge mejbur edilen adamyň çekýän zulum-horlugyny hudaý görkezmesin!
Dogrusyny aýtsak, il sylamasa, oňa ömürem diýmeli däl.
Eger saňa adamlar päsgel berýän bolsa, onda ýaşap ýörüp nätjek. Adamlardan gaçmak – bu öz-özüňi öldürmek, öz-özüňe kast etmek bolýar.
* * *
Her bir adam beýleki adama meňzemeýär we her gün öz-özünden daşlaşýar.
* * *
Adamyň nirede dünýä inenini däl-de, onuň edep-ahlagynyň nähilidigini, haýsy toprakda doglandygyny däl-de, onuň haýsy kada-kanun esasynda ömür sürmegi ýüregine düwendigini öwrenmek gerek.
* * *
Bagtyň henize – bu güne çenli adamy adamdan bigäne etmek üçin şeýle ýokary zyňan sapary bolmady.
* * *
Garasöýmezlik, diňe özüňi bilmek baryp ýatan peslikdir.
* * *
Sen hakda näme pikir edýän bolsalar edibersinler, sen öz adalatlydyr diýýän işiňi et. Käýinje-de, öwgä-de parhsyz gara.
* * *
Ilsiz oňup bilerin diýýän adam gaty ýalňyşýar. Emma il mensiz oňup bilmez diýýän adam ondan-da beter ýalňyşýar.
* * *
Adam ili näçe bagtly edýän bolsa, şonça-da öz bagtyny artdyrýandyr.
* * *
Sylag aljak bolaňda iliň öňüne geçme. Ýagşy iş etjek bolanda iliň soňuna galma. Ilden alanda, özüňe degişli zatdan artyk zat alma.
* * *
Ýagşy işlerde öz edip bilýän işiňden az iş etme.
* * *
Iliň bagty hakda çalşyp, öz bagtymyzy tapýarys.
* * *
Özüňize bolan ynamyňyzy gaçyrjak bolýan adamlardan gaça duruň. Bu gylyk pes adamlarda bar. Beýik adam welin, tersine, siziň beýik adam bolup biljekdigiňize bolan ynamyňyzy artdyrýar.
* * *
Özüňe ylham bermegiň iň gowy ýoly başga birine ylham bermekdir.
* * *
Gowa gowy diýmegi kyn görýän adamlaryň il öňünde hyzmaty hem ýokdur.
* * *
Sizi hiç kim halamaýan bolsa, onda arkaýyn bolaýyň – barysyna özüňiz günäkär!
* * *
Ynanýan bolsalar, zalymy hem aldama.
Güýçli bolsaň, men zorduryn diýip döşüňe kakma. Mertebäň bar bolsa, beýleki adamlaryň kemçiligini açyp oturma. Eger ukybyň bolmasa, iliň başarnygyna bahyllyk etme.
* * *
Iliň aýbyny sözsüz düzet. Eger şol ýalňyşlary iliň öňünde açmaly bolsa, onda seniň nogsany nogsan bilen kowdugyň bolýar. Adam hötjetligini akyl-öwüt bermek bilen düzetmek gerek.
* * *
Eger onuň üstüne eşgär topulsaň, bu seniň biderek ýere hötjetlik bilen ony düzetjek boldugyň bolýar.
* * *
Rehimdarlygyň näçe köp bolsa, ömrüň şonça uzak bolar.
* * *
Sypaýyçylyk bilen edilýän esgermezçilik ähli zatdan beter degýär.
* * *
Özüňize berk darap, ile ýumşak boluň! Şeýtseňiz, adamlaryň ýigrenjinden özüňizi halas edip bilersiňiz.
* * *
Paýhasly kişi öz artykmaçlygyny bilýär, emma bäsdeşlikden gaçýar. Ol hemmeler bilen dil tapýar, ýöne hiç kim bilen dil düwüşmeýär.
* * *
Aladaçyl adam özi hakda-da, başgalar hakda-da biynjalyk bolýar, ol hiç haçan biparhlyk etmeýär.
Biparh adam özi hakda-da, beýlekiler hakda-da alada etmeýär, Ýer düňderilse-de, onuň piňine däl.
Parasatly kişi çäkden çykmaýar. Ol öte aladaçyl hem däl, öte bigäne-de däl.
* * *
Özgä ýagşylyk edýän adam öz-özüne ýagşylyk edýär; nähili netijeler getirjekdigi manysynda däl-de, eýsem ýagşylyk etmek borjy manysynda gürrüň barýar.
* * *
Bir adama ýagşylyk edýärkäň, üns ber, şol ýagşy işi ýerine ýetirýärkäň özüň hem edil şol adam ýaly lezzet alýansyň!
* * *
Iň bir lezzetli hezil etmek başgalara lezzet bermekdir.
* * *
Käbir ýürekler çyg geçirmeýän kagyza meňzeş: ýakynlarynyň gözýaşy şol ýürekleri ezmeýär-de, diňe olaryň üstünden syrygyp akýar.
* * *
Gazaply bolmak gerek wagty rehimli bolmak – ýerliksiz. Rehim bilen duşmany dost edip bolmaz, gaýtam onuň işdäsini açarsyň!
* * *
Zalymlygyň, sütem-zorlugyň çydardan agyrdygyny göreniňden soň ol çydar ýaly bolmaýar.
* * *
Zalyma ýagşylyk etmek, gowy adamlara ýamanlyk eden ýalydyr.
* * *
Bolmalysyny bilmän edilen hormat – öz-özüňe ezýet bermekdir. Bolmalysyny bilmän edilen ägälik gorkaklyga, namartlyga alyp barýar. Bilmän edilen batyrlyk dälilik, akyldan azaşmak bolýar. Bilmän edilen mylaýymlyk, geçirimlilik gödeklige öwrülýär.
Eger döwlet ýolbaşçysy öz ata-enesini sylaýan bolsa, onda ýönekeý adamlar hem adamkärçilikli bolar. Eger jenap köne dostlaryny unutmasa, onda onuň hyzmatkärleri hem birehim bolmazlar.
Sagdynyň bir setiri ýadyňyzdamy? Patyşa bir daragtyň ýapragyny alsa, köpçülik ol daragtyň köki bilen alyp gutararlar. Adamlar ýolbaşçylaryň göreldesine syn edip oturandyrlar. Ýolbaşçy ogurlaýarmy, diýmek, halka-da ogurlamak bolýar. Halkyň halallygy patyşanyň döwlet ýolbaşçysyna görädir. Halk ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de bilýändir. Şonuň üçin döwlet ýolbaşçysy halal bolmalydyr.
* * *
Näme üçin adamlar biri-birine ýaşamaga päsgel berýärler, badak atýarlar? Bu nähili çykdajylara getirýär! Gaty uly zelel getirýär! Eger şol ýigrençler, şol zalymlyklar bolmadyk bolsa, onda, gör, adamlar biri-birinden nähili ägirt peýda görerdiler!
* * *
Adam üçin adamdan täsin zat ýok!
* * *
Meniň öz kalbymda saklaýan iň gowy zadym – gowy adamlara bolan janly duýgym!
* * *
Öz edip bilýän zadyň üçin hiç wagt ile azar beriji bolma.
* * *
Biz kömege garaşýan adamlarymyzyň göwnünden turjak bolman, eýsem kömek etmekçi bolýan adamlarymyzyň göwnünden turmalydyrys.
* * *
Gadymkylar özlerini kämilleşdirmek üçin okapdyrlar. Indi beýlekileri geň galdyrmak üçin okaýarlar.
* * *
Ýagşylygy ýagşylyk bilen üzülişmeli, ýamanlygy bolsa, adalatlylyk bilen üzülişmeli.
* * *
Akmak bizi öwen badyna, ol eýýem beýle akmak däl-ow diýýäris.
* * *
Myrryhlar bilen darkaşa gireňde, olara yza çekilmäge ýol goý. Olara rehimsiz daramak – syçanyň hininiň agzyny pugta baglan bilen meňzeş – hininde porsap galan syçanlar, şol töweregiň howasyny zaýalar.
* * *
Özüňizdäki hem beýlekilerdäki ynsan şahsyýetini sylaň!
* * *
Ili sylasaň, özüňi sylamaga-da ýer goýýarsyň.
* * *
Adam näçe akylly boldugyça, üýtgeşik, hiç kime meňzemeýän adamlary tapýar. Ortaça şahslar welin, adamlaryň tapawudyny hem bilenoklar.
* * *
Ili ýamanlap, sizem öwýän bolsa, şol adama gulak asmaň!
* * *
Adama serişde hökmünde garamaň-da, göz öňünde tutýan maksadyňyz hökmünde äňediň.
* * *
Rehimdar kişi garyplygy sebäpli, başgalara kömek-goldaw edip bilmese-de, azaşyp-horlanyp ýören bendäniň bir söz bilen gözüni açmagy ahmal, kyn ýagdaýa düşen adamy hem bir söz bilen agyr günden çykarmagy ahmal.
Ine, beýikden-beýik rehimdar kişi diýip şoňa aýdarlar.
* * *
Dostlaryňa başarjak işlerini maslahat ber, olary edep-ekramy bozman ýagşylyga äkit, emma iş bitmez öýden ýeriňe aýagyňy sekme.
* * *
Iliň ýanynda öz bitiren hyzmatlaryňy ýatlap oturmak gerek däl. Öz eden etmişleriň hakda iliň ýanynda ýatlap oturma. Iliň saňa eden ýagşylygyny unutmak bolmaz. Göwnüňize deglen ýeri unudyp bolmaz.
* * *
Duşan adamyňa hoş söz aýtmaga alňasa, soň ol adama gabat gelmezligiň ahmal.
Gaharly ýumruk ýylgyryp duran ýüze ýumruk çalmaz.
* * *
Ähli kemçiliklerine garamazdan, adamlar aglaba söýülmäge mynasyp.
* * *
Adamyň erbet ýerini gözlemän, gowy tarapyny agtar.
* * *
Birek-birege hoşniýetli garaýyş iň ýakyn garyndaşlykdyr.
* * *
Hiç kimi halamaýan adam hiç kimiň gözüne gelmeýän adamdan has betbagtdyr.
* * *
Ýagşylyk edeňde, özüň hakda-da, il hakda-da pikirlenmedik bolsaň, bir gysym dänäň müň batman bolup geler. Ile kömek edip, ony hem diliňe alsaň, taňryýalkasyny talap etseň, onda ýüz sany altyn teňňe-de saňa gara şaýyça peýda getirmez.
* * *
Adamlar öz aralarynda oňuşýarlar hem, oňşanoklar hem, emma hemmeler bir adama ýaranar ýaly edip bolmazmy? Her kime bir zatlar ýaraýar, bir zatlar hem ýaramaýar, emma bir adamyň gowy görýän zadyny hemmeleriň göwnünden turar ýaly edip bolmazmyka?
Öz islegiňi beýlekileriň islegi bilen deňeşdir-de, özüň üçin netije çykar – ine, şu dünýäde parasatly bolmagy öwrenmegiň ýönekeýje usuly şeýle.
* * *
Paýhasly kişi adamlara olardaky gowy zatlary görmäge kömek edip, erbet zady görmegi öwretmeýär. Pes adam gös-göni tersine edýär.
* * *
Terbiýeli adamlar adam şahsyýetini sylaýarlar, şoňa görä-de olar mydama geçirimli, sypaýy, eglişige gelýän adamlar.
* * *
Başgalaryň bikämilligini ýeňip geçip bilmek iň ýokary mertebedir.
* * *
Öýňüzde dälkäňiz, özüňizi hormatly myhmanlary garşylaýan ýaly alyp baryň. Adamlaryň hyzmatyndan peýdalanyp, göýä dabaraly dep-dessury berjaý edýän ýaly boluň. Özüňiziň islemeýen zadyňyzy ile-de etmäň. Ine, şonda döwletde-de, maşgalada-da närazylyk bolmaz.
* * *
Adam neçe akylly hem hoşgylaw bolsa, ol şonça-da adamlarda gowulygy köp görýär.
* * *
Näçe kän adama bagt eçilen adam iň bagtly kişidir.
* * *
Özüň dogry bolsaň, sözüňi hemmeler buýruksyz hem berjaý edýärler. Eger özüň dogry bolmasaň, onda buýruk berseňem, gulak asmazlar.
* * *
Diňe öz bähbidini bilýän, diňe öz gamyny iýýän adam hiç wagt bagtly bolup bilmez.
Sungat dünýäniň çar künjüne aýlanyp ýör. Ol biziň gan damarymyz ýaly işleýär.
* * *
Sungat adamzada geçmişden geljege barýan ýolunda kömek edýär.
* * *
Sungatsyz hakyky ýaşaýyş ýok!
* * *
Gözellik – tebigatyň pynhan güýçleriniň dabarasydyr, onsuz olar açylman galardy.
* * *
Sungatda aýdyň bolmaýan zatlar beýan edilýär.
* * *
Adam ýüreginiň jümmüşine röwşen ýollamak – ine, çeper ussadyň borjy!
* * *
Sungat, elbetde, ýaşaýşyň çöregi däl, ýöne ol ömrüň şeraby.
* * *
Diňe çeper ussat ömrüň manysyna düşünip biler.
* * *
Şu jahanda adam ýaşasa, sungat hem ömür sürer.
* * *
Gözellik ýaşaýşyň özi. Sungat ony düşündirmelidir.
* * *
Sungatyň güllän ýerlerinde, iň ajaýyp adamlar hem dünýä inipdir.
* * *
Özüni adam hasaplaýan her bir adam edebiýatsyz höziriň hem, lezzetiň hem, hatda ýaşaýşyň hem ýokdugyna düşünýär.
* * *
Adama iýgi-içgiň gerek bolşy ýaly, sungat hem gerek.
* * *
Ussadyň gös-göni borjy subut etmek däl-de, görkezmekdir.
* * *
Sungat – ömrüň özi, şonuň üçin hem ol ölümi bilmeýär.
* * *
Ýazmakçy bolan eseriňi ýazyp bolanyňdan soň, nämeden başlamaly ekendigiňe göz ýetirýärsiň.
Beýik sungat ahlaksyz wakalara ýüzlenip, özüni masgaralamaly däldir.
* * *
Diňe gözellik hiç wagt öçmeýär, ol mydama şadyýan, ruhubelent, baky, gymmatly!
* * *
Sungat eseri adamzat ýaşaýşyna täze duýgyny girizenden soň sungat eseri hasaplanyp biler.
* * *
Mydama täze, ter bolmak – ine, her bir sungat eseriniň mertebesiniň ölçegi.
* * *
Çeper ussat bakylygy duýmaly we şol bir wagtyň özünde-de häzirki zamanyň adamy bolmaly.
* * *
Her bir çeper ussat – betbagt aşykdyr. Betbagt aşyk hem öz betbagt aşyk-magşuklygyny gürrüň bermegi halaýar.
* * *
Sungat arzuwa däl-de, ýaşaýşa hyzmat etmelidir.
* * *
Gowy ýazylan taryhy romanlar taryh sapaklaryndan ýokarda durýar.
* * *
Ýönekeýlik – ajaýyplygyň zerur şertidir.
* * *
Roman ýazandan ol hakda arzuw eden has gowy.
* * *
Diňe pikirlenmezlik üçin okaýan adamlar şeýle bir kän welin, heý, siz soramaň!
* * *
Çeper ussat bize ýaşaýşyň nähili gözeldigini görkezmeli, ýogsam biziň iňkise gitmegimiz ahmal.
* * *
Medeniýet – bu diňe ýuwkajyk alma gabygynyň üstündäki gyzgyn buýur-bulaşyklylykdyr.
* * *
Maglumat, eger dogruçyl boljak bolsa, toslamanyň nusgasyny geçirmelidir.
* * *
Geplemän oturmak aýp görülýän wagty geplemek ählisinden agyr.
* * *
Durmuşdan üzňe sungat uzak ýaşap bilmez.
* * *
Sungat eseri mydama şu gün ýazylan ýaly bolmaly, täsirli bolmaly, ol hiç wagt başgaça ýaşamady, başgaça ýaşap hem bilmez.
* * *
Gadymkylar kitap ýazanlarynda özleri üçin ýazypdyrlar, täze ýazylýanlar köpçüligiň içinden çykan okyjylar üçin ýazylýar.
* * *
Her bir ýazyjy-şahyrda ylham joşgunynyň maýsajygy bolaýmaly, onsuz talant akyla sygjak zat däl. Ine, şol maýsajyk zehinli adamy çäklendirjek bolanlarynda, gysaja salyp, bir taraplaýyn maksada hyzmat etdirjek bolanlarynda, ylaýta-da, tiz-tizden janlanýar.
* * *
Eser ýazylanda edilen tagallanyň yzyny galdyrmaly däldir. Ýazylan zatlar, ýöne, häkibir, bagty çüwen tötänlik ýaly bir zat bolup görünmelidir.
* * *
Çakdanaşa owadan ýazylan eserlerde adam häsiýetlerem, pikirlerem görünmän galýar.
* * *
Bizde köne hakykatlara söýgi döredip bilýän eserler iň özboluşly, iň tezeçil kitaplardyr.
* * *
Akyllysyrap ýazylan eserler – düşünmän ýazylan eserlerdir.
* * *
Aýdyň pikir edýän ussat – aýdyň hem beýan edýär.
* * *
Çeper hakykat özi hakda özi gürrüň bermelidir. Ol düşündirişe mätäç däldir.
* * *
Ýazyja düşnüksiz ýazypsyň diýip igenmezden öň hut öz akylyňy gowuja elekden geçirmek zerur, düşünmezligiň sebebi şol ýerde bolaýmasyn. Iňrik garalyp barýarka uly harplary hem okamak aňsat däl.
* * *
Iiti sözüň üstünligi gepleýän adama-da baglysa baglydyr welin, ýöne has beter dinleýäne baglydyr.
* * *
Gowy işleýän ýazyjy öz okyjysyny hem biygtyýar terbiýeleýär.
* * *
Beýik sungat adamlaryň aňyna beýik maksatlary, pikirleri guýmalydyr. Şol maksatlar, pikirler hemmelere adam bagty üçin özüňi pida etmegi öwredýär.
* * *
Edebiýat – adam paýhasynyň gollanmasydyr.
* * *
Şygryýet – sözleriň sazy.
* * *
Şu güni beýan etmeýän hiç bir eser beýik bolup bilmez.
* * *
Beýiklik bilen hakykatyň birleşýän ýerinde sungat kämildir.
* * *
Durmuşa aşa ýakyn meňzeşlik sungaty sungatlykdan aýyrýar.
* * *
Asyrlarboýy gelýän köne düşünjelerden gorkman-çekinmän, öz pikirini aýdyp bilýän ýazyjy hakyky ýazyjydyr.
* * *
Ýürekden aýtmak —beýikligiň çeşmesi.
* * *
Söýgüde bolşy ýaly, sungatda-da, öňi bilen, açyk-aýdyňlyk zerur.
* * *
Özüň barada-da, il barada-da mydama hakykatçyl bolmak – iň beýik talantlaryň sypatydyr.
* * *
Pikir edip bilýän adamlary pikir etmäge mejbur edip bilse, ýazyjynyň aňrybaş dabarasydyr.
* * *
Diňe uly, umumadamzat we sosial meselelere tolgunýan ýazyjy galama ýapyşmalydyr.
* * *
Uly maksatsyz zamananyň uly sungaty hem bolmaz.
* * *
Sungat – milletiň lybasy.
* * *
Sungat mydama-da adamy beýan etmäge, hut tutuş adamzady beýan etmäge çalşyp geldi.
* * *
Okyjylaryň şuny menem ýazyp bilerdim diýýän kitaby – iň gowy kitapdyr. Tebigatyň gözelligi hem onuň hemmelere elýeterlidigi we sadalygy üçindir.
* * *
Sungat – adam bikämilligini düzetmegiň kuwwatly serişdesi.
* * *
Ilki ahlagyňy oňar, soň bolsa danalygyňy, sebäbi päk ahlagyň bolmasa, danalyk seni neýlesin!
* * *
Sungatyň wezipesi – ýüregi heýjana getirmekdir.
* * *
Sungat eseri – adam ruhunyň iň belent eseridir. Ol ömür berýär, ol adamy kämil edýär.
* * *
Sungat gowy adamlary döredýär, adam kalbyny päkizleýär.
* * *
Sungat ahlak bilen baglydyr.
* * *
Ahlakdan üzňe beýik sungat bolup bilmez.
* * *
Çeper ussadyň hökman iki sypaty bolmaly: biri ahlaklylyk, ikinjisem – geljegiňe ynam.
* * *
Sungatyň görnüşleri sungatlar içiniň iň beýigine hyzmat edýär – şu jahanda ýaşamak sungatyny öwredýär.
* * *
Sungatyň gymmatyny bir ölçegde ölçäp bolýar – ol ahlaklylyk.
* * *
Ýaş şahyrlar öz syýalaryna aşa kän suw guýýarlar.
* * *
Kebir şahyrlar mydama öz aýagyny ýalap ýören aýa meňzeş.
* * *
Diňe meniň kalbymy päk edýän, maňa gaýrat berýän şygryýet hakyky şygryýetdir.
* * *
Şahyr üçin bir ylhamyň özi ýeterlik däl – oňa ösen akylyň joşýan ylhamy hem gerek.
* * *
Her bir goşgy ýazýan şahyr däldir.
* * *
Şahyr nesiller bilen aýakdaş gitmek üçin öz döwründen önde barmalydyr.
* * *
Goşgy, öňi bilen – sazlaşyk.
* * *
Heýkeltaraş – görülýän şygryýet, şygryýet hem diňlenýän heýkeltaraş.
* * *
Öz şahsy baýlygyňy maksat edinmek her bir sungat eserini öldürýär.
* * *
Adam sahnada durmuşdakydan bir basgançak ýokarda durmalydyr.
* * *
Teatr – görkezýän aýna däl-de, ulaldýan aýna.
* * *
Sahnanyň ýeke-täk patyşasy, ýalňyz hökümdary – talantly artist.
* * *
Teatr şeýle bir gudratly münber, ol münbere çykyp, dünýe kän zatlar aýdyp bolýar.
* * *
Teatr – durmuş meselelerini çözmegiň iň ýokary ýeridir.
* * *
Arhitektura – doňup galan saz.
* * *
Her bir sazyň göz öňünde tutýan maksady – adamlaryň ýüregini tolgundyrmak.
* * *
Her bir saz eseri adam kalbyndan çakyp ot almakdyr.
* * *
Saz – umumadamzat dilidir.
* * *
Saz – sungatlar içinde iň beýigidir.
* * *
Ähli ylymlar, ähli sungatlar içinde iň gadymysy – sazdyr.
* * *
Adamzadyň bilýän owazlarynyň içinde iň ezizi sazdyr.
* * *
Saz bagtyýarlary hasam bagtly edýär, betbagtlary öňküdenem beter betbagt edýär.
* * *
Aglap ýazandan gülüp ýazan ýagşy, sebebi gülki adamyň üýtgeşik alamaty.
* * *
Henek – beýikleriň bir alamaty.
* * *
Henekde hiç kimiň özüni tanasy gelmeýär.
* * *
Gülkä öwrülen zat hiç wagt howply bolup bilmez.
* * *
Dilewarlygyň beýik syry – çynlakaýlygyna galmakdyr.
* * *
Sungat nirede bir nogsanlyk bar bolsa, şol ýere eňmelidir.
* * *
Suhangöý kim, suhangöý – pis zady owadanlap aýdyp bilýän suhangöý, belent zady – mynasyp beýan edýän, ortaça zady – orta gürpde gürrüň berip bilýäne suhangöý diýilýär.
* * *
Henek hem-ä sançmaly, hemem güldürmeli.
* * *
Beýik dilewar kişiler al-asmanda parlap uçup ýören laçynlar kibi belent maksatlar dünýäsinden aşak inmendirler.
Halk – sungatyň ýeke-tek tankytçysy, onuň pikirine gadyr goýmaly.
* * *
Erbet kitaplar diňe bir peýdasyz hem däl-de, eýsem zyýanlydyr.
* * *
Ýazyjyny tankytlamak aňsat, ýöne oňa baha bermek kyn.
* * *
Diňe ýazyjynyň säwligini tapmak üçin kitap okaýanlar hem bar.
Bilimiň her bir pudagynda ajaýyp bir kitabyň peýda bolmagy öň şol taýda kän erbet kitaplaryň bardygyny aňladýar.
* * *
Tankytsyz edebiýat – çyrasyz köçe.
* * *
Sungata söýgi ýok ýerinde, tankyt hem ýok.
* * *
Tankytçy – okamagy başarýan, okamagy ile-de öwredýän adam.
* * *
Tankydyň şamçyragy ýagtyltmaly, emma ýakmaly däl.
Adamyň şu jahana gelip etmeli işi – paýhasa esaslanyp, zähmet çekmek.
* * *
Zähmet – derman-tenekar, ol paýhasyň, rehimdarlygyň çeşmesi.
* * *
Zähmet – iň gowy ahlak hem-de gözel derman.
* * *
Zähmet – açlygyň atasy, aşgazanyň babasy, saglygyň hem babasynyň babasy.
* * *
Gadym zamanlarda hasylly toprakly ýurtlar iň baý ýurt bolupdyr, şindi adamlaryň iň işeňňir ýurtlary iň baý ýurtlar boldy.
* * *
Adam hereket etmeli, şonuň üçin ol dünýä inýär. Iş etmezlik bilen ýaşamazlyk – ikisi hem bir manyny andadýar.
* * *
Adam ömri, adam işi – biri-biri bilen şeýle bir jebis baglanyşykly welin, olar edil ýalyn bilen ýagtylyk ýaly bir zat.
* * *
Hereket etseň açylýar, işleseň hem lezzetiň artýar.
* * *
Keýpi-sapada, hiç bir işiň başyna barman ygyp ýörmek nogsanlygyň, keselbentligiň üstünden eltýär. Tersine, kimde-kim akyl-paýhasa uýup, işlese, dek ýatmasa, onuň mydama keýpi çag bolýar, jany sagat, şähdi hem açyk bolýar.
* * *
Bikärlik, günde şagalaň-keýp çekmek nadanlyk döredýär, şol bir wagtyň özünde işsizlik, keýpi-sapa ýykgyn etmek kän keselleriň gözbaşyna öwrülip gitdi.
* * *
Işsiz ýatmak mydama ýaltalyga, goram-gowşaklyga sebäp bolýar, soňy hem ülhit garrylyga ýazýar. Onsoň weý-weýle-de geziber!
* * *
Işi goýdugymyz – ýaşamagy goýdugymyz.
* * *
Her bir zähmet bolsa bolaýsyn, ol peýdalydyr, sebäbi zähmetiň özi ynsany ynsan edýär.
* * *
Halal ýerine ýetirilen her bir zähmet peýdalydyr, onda, diýmek, ol hormata-da mynasypdyr.
* * *
Ähli zat zähmete berilýär. Ähli eşret – adamyň zähmetine degişlidir, taryhyň şygary şeýle.
* * *
Durmuşda kän zähmet çekmeseň, hiç zat gazanyp bolmaýar.
* * *
Medeniýet neçe ýokary bolsa, zähmete-de şonça gadyr goýulýar.
* * *
Nähili iş edýän bolsaň hem, hatda iň hapa iş edýänem bolsaň, utanmaly däl. Diňe bir zatdan – başganyň hasabyna keýp çekip ýaşajak bolmakdan utanmaly.
* * *
Jemgyýet üçin hem, özüň üçin hem hiç bir peýdasyz entäp ýörmekden we bar akylyňy hiç zat etmezlige gönükdirmekden aýp, masgaraçylykly zat ýokdur.
* * *
Işlemeli, işlemeli, dynman işlemeli, ýogsam entek ölmenkäň heňlär-poslar gidersiň!
* * *
Özüňi zähmetden halas etmek jenaýatdyr.
* * *
Beýik işler ýüz ugra bolaýanok.
* * *
Haldan düşen hem bolsa, garran hem bolsa, her gün zähmetde bişen adamlar güýçli, dabanyndan ot çykýan, ýöne endigi ýok ýaş ýigitlere garanda, zähmete kän çydamlydyr.
* * *
Ýalta, wagtyny keýpi-sapada geçirýän adamlar ary ýatagyndaky çişik ene gurçuga çalym edýär, ol hem işeňňir bal arylarynyň getirenje balyny iýip ýatyr.
* * *
Adamlar üçin hakyky hazyna – zähmet çekip bilmekdir.
* * *
Ýaşamak – zähmet çekmek. Zähmet adamyň ömri diýmekdir.
* * *
Zähmet bizi üç beladan – iç gysmakdan, nogsandan, mätäçlikden, halas edýär.
* * *
Goýan maksadyňa ýetmek üçin bilimem gerek welin, işeňňirlik has zerur.
* * *
Islemek ýeterlik däl, işe girişmeli.
* * *
Adamlaryň hereketleri – olaryň edýän pikirleriniň iň gowy dilmajydyr.
* * *
Adam pikiri bilen däl, öz işi bilen tanalýar, şol pikir her niçik gowy pikirem bolsa, ol durmuşa geçmese, şuny amala aşyrmak üçin zähmet çekilmese, ol hiç zadyň alnyndan däl.
* * *
Ýaltalar mydama bir işler etmekçi.
* * *
Iş pikir üçin döredilmän, eýsem pikir iş üçin döredildi.
* * *
Haýsy-da bolsa bir işi başarman diýip pikir eden badyňyza, şony amala aşyrmak siz üçin kyn bolar.
* * *
Iňkise batmak – güýjüňi ýitirmek diýmek.
* * *
Oýlanyp-ölçerip edilmedik iş nirä gönükdirilen bolsa-da, tapawudy ýok, hiç haçan şowuna düşmez – amala aşmaz.
* * *
Adam näme iş edýän bolsa, özem şonuň ýalydyr.
* * *
Her bir adama işine garap baha berip bolar.
* * *
Her kim öz edip biljek işine we özüne gelişýän işe ýapyşmalydyr.
* * *
Jaýy – görki, adamy işi bezeýär.
* * *
Entek amala aşmanka gaty kän işlere boljak zat däl diýlendir!
* * *
Içiň gysyp, özüňden göwnüň geçip ugrasa, zähmete ýapyş, ol saňa derman bolar.
* * *
Ýeri, neme etjek, biziň barymyz ähli işe ýarap hem baramzok-da.
* * *
Ählisini bir bada etjek bolmak – hiç zat etmezlik diýmek.
* * *
Işiň bihaly ýok, işsizlik – masgaraçylyk!
* * *
Öz edip bilýän işini etmän, özüniň düşünmeýän işine ýapyşýan adam betbagt.
* * *
Irden turanda, özüňden: «Şu gün men näme iş etmeli?» diýip sora. Agşam, ýatmazyňdan öňinçä: «Men şu gün näme iş etdim?» diýip sora.
* * *
Güýjüňi çar tarapa sarp etmek – öz-özüňe kast etmek.
* * *
Men bir degerli iş edýänmi ýa-da biderek zat bilen gümra bolup ýörünmi diýip öz-özüňden soramak hiç wagt irem däl, gijem bolmaýar.
* * *
Her birimiz öz işimiziň balasy.
* * *
Öz ömrümizi zähmetsiz oňup bilmejek şertlerde goýmalydyrys. Zähmetsiz päk, şadyýan ýaşaýyş bolup bilmez.
* * *
Käte adam beýik boljak bolup, öte paýhasly bolýar. Edebiýatda-da, döwlet işinde-de şöhrat gazanmak üçin az-kem zähmetsöýerlik, edýän işiňe düýrmegiň bilen berilmek gerek.
* * *
Gowy başlasaň, işiň ýaryny etdigiň.
* * *
Ähli işde diýen ýaly esasy zat – şol işe girişmekdir.
* * *
Işe netijesine garap baha bermeli.
* * *
Etjek bolýan işiňi deslapdan bilmek batyrlyk berýär, ýeňil gopdurýar.
* * *
Birinjiden, sebäpsiz, maksatsyz bir işe başlama-da, etme-de. Ikinjiden, garaz, jemgyýete-de bir nepi degmejek bolsa, ýatan çöpem galdyrma!
* * *
Ähli gowy işler birbada amala aşyryp bolmajak ýaly bolup görünýär.
* * *
Işler maksada görä dolandyrylýar. Beýik maksada ýetmek üçin başlanan işe beýik iş diýilýär.
* * *
Aşa howlukmaçlyk hem, aşa haýallyk hem işi şowsuzlyga uçradýar.
* * *
Akylly adam käte howlugýar, emma alňasap iş etmeýär.
* * *
Işe emaý bilen başla, ýöne, işe bir girişeniňden soň, örän bek ýapyş.
* * *
Howul-haralykda edilen iş – uzaga gitmeýär.
* * *
Etjek işiňiziň hemmesini edip bilmeýändigiňiz sebäpli, edip biljek işiňizi küýsäýiň.
* * *
Eger bir adam biri-birine gös-göni çapraz gelýän iki işi etjek bolsa, – şolaryň birini etmek oňa hökmany suratda başartmaz.
* * *
Siziň işiňiziň netijesine özgeler baha berer. Diňe öz ýüregiňiziň päk hem-de adyl bolmagy barada çalşyň.
* * *
Her sapar çylşyrymly bir işe başlaňyzda, howlukmaň, işe görä wagt beriň-de, şol çylşyrymly işe çuňdan aralaşyň, iki-baka ylgap ýörmäň-de, biliňizi pugta guşap, çapyljak at ýaly ykjam boluň.
* * *
Biz öz sabyr-takatymyz bilen güýjüň bitirýän işindenem kän iş bitireris.
* * *
Sabyrly kişi başlan işini tamamlar, alňasak welin – ýykylar.
* * *
Her hili böwet bolaýsyn, ony tutanýerlilik bilen ýeňip geçip bolýar.
* * *
Tutanýerlilik gaty ykbaly ýumşadýar.
* * *
Kiçi iş edip bilmeýän adam uly işi hem bitirip bilmez.
* * *
Sabyr etmegi başarýan adamyň ähli garaşýan zatlary öz wagtynda geler.
* * *
Zähmet bilen ýeňip geçip bolmajak hiç zat ýok.
* * *
Tutanýerlilik – üstünligiň girewi.
* * *
Hem-ä talantly, hemem zähmet çekmegi halaýan adam üçin päsgelçilik ýokdur.
* * *
Sabyrlylyk – ajy, miwesi welin – süýji.
* * *
Her nämeler bolaýanda-da, biz öz sabyr-takatymyz bilen, berk erkimiz bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçeris.
* * *
Sabyr-takat we wagt – güýç bilen zorlukdan mydama rüstem gelýändir.
* * *
Adam üçin zähmet çekmek barypýatan lezzetdir.
* * *
Iş – meniň iň ilkinji lezzetim.
* * *
Lezzet almak üçin, ýadaman işle.
* * *
Her bir iş jana dynçdan ýakymlydyr.
* * *
Iň betbagt adam kim? Şu dünýäde oňa iş tapylmadyk adam.
* * *
Öz başarýan işini tapan adam – bagtyýar. Goý, ol özge gözellik gözläp hem ýörmesin, sebäbi onuň işi hem bar, ömrüniň maksady hem bar, bu – bagtyýarlykdyr.
* * *
Mydama we pugtadan-pugta berjaý edilýän haýsy-da bolsa bir iş ýaşaýşymyzyň beýleki ähli zatlaryny düzgüne salýar, ähli zat şonuň daşynda aýlanyp dur.
* * *
Ýakymly iş ruhuňy şat edip, gaýgy-aladaňy ýok edýär.
* * *
Zähmet ahlak ejirleriňi unutmaga kömek edýär.
* * *
Adamzadyň iň bir haýran galaýmaly ýalňyşmalarynyň biri – işsiz ýatmagy bagt hasap edýänligidir.
* * *
Bagtyň şeksiz-şübhesiz şerti zähmetdir: birinjiden, öz gowy görýän we azat zähmetiň; ikinjiden, der saçyp işlemegi talap edýän zähmet – bu işdäňi açýar; üçünjiden, gowy, janyňa rahat berýän süýji uky.
* * *
Zähmet, zähmet! Zähmet çekýärkäm özümi şeýle bagtly saýýaryn.
* * *
Zähmet – bagtyň atasy.
* * *
Ähli zady unudyp, der döküp işleýän wagtyňdaky ýaly bagtlylyk ýok!
* * *
Bikär ýatmak adamy guradýar, sandan çykarýar, başga hiç bir zat adama şeýle ýamanlyk edip bilmez.
* * *
Ýaltalyk – adamyň pos açmagydyr, zähmetem onuň posuny aýyrýar.
* * *
Dogry-dürs ýaşamak – işlemek diýmek. Maşyn kän dursa, ony pos iýýär.
* * *
Ýüz ýaşajak bolsaň, dynuwsyz işle, zähmet çek, başga derman ýok!
* * *
Zähmet biziň ömür çyragymyza ýag guýup dur!
* * *
Ýalta uzak ýaşar diýip hiç kimem aýtmaz, aýdaýsa-da mysal hem tapmaz.
* * *
Dymyp sesimi oňararyn diýýän adama akmak diýersiň!
Ýatyp ömrümi uzaldaryn diýýän adama merhum diýersiň!
* * *
Indiden beýläk iki hili adamlaryň bagty çüwer: pikir edip bilýän adamlar bilen zähmet çekip bilýän adamlar. Hakyna seredeňde, olar bir meňzeş adamlar, sebäbi pikir etmegiň özem zähmet çekmek, işlemek diýmek ahyryn!
Abraý we dostluk – suw bilen ot, üýtgeşik kysymly we duşmançylykly zatlar; deňlik – dostlugyň şerti.
* * *
Gatnaşyk edilende ýürekdeşlik, ýüz tutulanda dogruçyllyk gerek – ine, şuňa dostluk diýilýär.
* * *
Sözler