HUTDY DÄLI
Oňa näme üçin Hutdy däli diýýändiklerine men çagalygymdan bäri geň galar ýörerdim. Dogry oňa gabanjaňrak, sögünjeňräk, hatda degişmesem gödegräk diýerdiler. Bir gezek onuň kimdir biri bilen käýinişenini, erbet sögünnenini, “Rüççe bilen depesini şuň”, diýip öz sürýän maşynynyň otagasyndan demir “ruçkasyny” alyp çykanyny, o biriniňem: “Häý, däli oglanyňy...” diýip, öwrüläge-de gidiberrenini özümem gördüm, ýöne o bolşam barybir oňa dälilik derejesini bererden kemterräk kakýardy. Üstesine-de ol biziň ýaly ýaş oglanlar bilenem diýseň mylakatly gürleşýärdi.
Şol döwürler, ýagny, altmyşynjy ýyllaryň başlarynda biziň etrabymyzyň obalary oturymly ýerlerinden ýigrimi-otuz kilometr uzaklykda gowaça ekýärdi-de, ýygym gutarýança ähli obalar üçin ortalyk bir ýerde mekdep açylýardy. Şol ýerde obanyň wagtlaýyn kontorasy, kiçijik medpunkt, dükanjagaz, şeýle-de sallah mugallymlar üçin ýatakhanajyk bolandygy, şeýle hem birki sany öýli ýaşaýandygy üçin adamlar oňa “sentr” diýýärdiler. Her obanyň brigadalaram bölek-bölek bolup çöp kümelerde oturansoňlar okuwçylary daň bilen, maşynly baryp “sentre” alyp gaýdýardylar. Bizi köplenç Hutdy däli gatnadýardy. Onuň allaowaralardan alaşakyrdy bolup sesi gelýän, agaçdan ýasalan daşyna gaýyş çekilen dört burç otagaly şol döwürde atlandyrylyşy ýaly “üç tonnalyk” maşyny bardy. Ýöne, has ir çykan, bir ýarym tonnalyk maşynlara meňzeş bolandygy üçin oňa-da “palaturka” diýerdik.
Hutdy däli alagaraňkyda alazenzele turzup gelerdi-de, ili örüzmek üçin uzyn-uzyn signal berip kümeçiligiň ortarasyndaky çägesöw boş meýdançada birküç ýola aýlaw ederdi. Bizem enelerimiziň ýaňyja demlän çaýynam taşlap, çöregem iýmän, hininden çykan syçanjyklar ýaly çöp kümejiklerimizden zybyrdyklaşypjyk çykardyk-da, otagasyndan boýnuny uzadyp, “Boluň ho-ow çaltrak, gidýän bolmasa...” –diýip, bokurdagyna sygdygyndan zowladyp oturan Hutdy däliniň sesiniň gelýän tarapyna biri-birimizden öň ýetjek bolup, ylgardyk. Çünki, öňürti barybilseň ýyljak otaganyň içinde, Hutdy däliniň gadalynda oturyp bolýardy. Gijä galsaň üstüne münmeli. Ol ýeri bolsa sowuk. Eşiklerimizem el-hal bolansoň güýz gününiň daňdanky aýazy içiňden – bagryňdan geçip barýar. Beýleki sürüjiler öz ýanyna iki okuwçy alýan bolsa, Hutdy däli üçüsini dagy alardy. “Hemmäňizem şuň içine saljak welin, arman sygaňzok”, diýip bälçirärdi. Ýolboýam lak atyp, gülüşdirip, ýoluň nähili geçenini bildirmezdi.
Ýene bir bellemeli zat, kim näme diýse-de ol iňňän dogruçyl, gönümel adamdy. Doganoglan agasy Nökeri sygyr ogurlandygy üçin öz eli bilen eltip milissiýa tabşyranyny uly il gözi bilen gördi. Dogrusy , il içinde onuň bu hereketinem “däliligine” ýoranlar, öz agasyna özi ýamanlyk etdi, diýip düşünenlerem boldy, ýöne, dil-edebiýat mugallymymyz Saparlyýew welin, sapaga girende ony iňňän mert, hakykatçyl adam hökmünde suratlandyrdy. “Onuň şol eden işini her bir öňýeten başarmaz, başga biri bolan bolsa gaýtam agasynyň arkasyny alardy, dert-azar aklajak bolardy diýdi. Nökeriň özi bolsa toba gelenden geçen, gaýtam oturmaly möhletini tamamlan gelensoň eline tüpeň alyp: “Meni basdyran sen, şoň üçinem seni öldürjek”, diýip, Hutdy däliniň üstüne topulypdyr, hatda atypdyram. Ýöne, Hutdy däli çep eli bilen kakaga-da, niliň ujyny özünden sowupdyr-da, tüpeňem agasynyň elinden gaňryp alypdyr. Daşa urup gundagyny döwüpdir. Nilinem palta bilen ýenjipdir. Özünem ýeniçjek ekeni welin, türkmençilikde agaňa el galdyrmak bolmaýandygy üçin saklanypdyr. Ýöne: “Seni gabyram düzetmez” diýipdir-de, onuň ýanyndan göçüpdir. Şondan soň ol onuň bilen tä biz mekdebi tamamlaýançag-a gatnaşmadam, gepňleşmedem! Ýöne, soň näme bolanyny welin bilemok.
Men käteler oba baranymda seýregrägem bolsa oňa gabat gelýärdim, salamlaşýardym. O-da şol bir wäşiligi, degişgenligi bilen: “Ýer-ow, ýigit, saglykmy? Oba gezmäne geldiňmi? Ahally bolduň ötägitdiň-le how, sen gelip dur-a şeýdip”, diýýärdi.
Soňky on-ýigrimi ýyllykda onuň Badhyzdaky döwlet goraghanalarynyň birinde işleýändigini, şol ýerde öýi-ojagy, maşgalasy bilen ýaşaýandygyny, birgiden goýundyr-geçisiniň, sygyrdyr-düýesiniň hatda atdyr-ýabysynyň hem bardygyny eşitýärdim.
Ana, onuň şol oturan ýeriniň üstünden günlerde bir gün men iň ýolum düşdi.
Şol wagtlar men her ýyl diýen ýaly Maý baýramçylygyna gabatlap oba barýardym-da, dost-ýarlarym bilen Badhyzyň gözel ýerlerine oturmaga gitýärdim. Dogry, şäheriň tüsse gatyşykly hapa howasyndan beýnisi berç bolan adamy dag ýeriniň howasy, onda-da bahardaky burk urup duran hoştap howasy birbada heläk edýär. Ilk-ä myrtar bir kelleagyry peýda bolýar, soňam öler ýaly ukyň tutýar. Gözüň ýumulyp, ýere siňip barýansyň. Öwrenişeniňden soň welin, daş-töweregiňi synlap doýup bolanok. Hijran çeken aşyklar kimin bagyrlaryna gara gan öýen gyzyl gülälekleriň käbiri: ýene geldiňmi, diýýän ýaly aýaklaryňa çolaşyp, topuklaryňdan ogşasa käbiri seniň şäher howasyndan esgä dönen enjarsyz ýüzüňe, jahyl halyňa aýaklaryňy dyzyňa diräp, zoraýakdan oturyp-turşyňa haýpy gelýän ýaly gyýa-gyýa bakyp başyny ýaýkaýar.
Dek-düýnjik başlanan gysgajyk ömrüniň eýýamhaçan tamamlanyp barýanyny ýokuş gören çopantelpekler saçlaryňy ütüşip seniň bilen gyssagly hoşlaşýarlar. Başyna gyrasy ak gaýmaly sary şyrdajyklar geýen titrewükmamalar, mawy güllüje maýdajyk çigillemler, üstünde bir dem oturdygyň göwräňe bäş günlik yza salýan ösgün gök otlar seniň bilen görşenine begenýän gadyrdan gardaş kimin ülpüldeşip bolubilenlerini boluşýarlar. Janyňa dözüp belent daglaryň biline ýa gerşine çykybilseň-ä gözüň owlaklyja jerenlere ýa-da otlaşyp ýören gulanlara düşäýmegem ahmal. Garaz, dag ýeriniň bahardaky keşbini taryp edip aňyrsyna çykar ýaly däl. Ol özbaşyna bir dessan. Ýöne, biziň bu gürrüňimiziň özeni Badhyz barada däl-de, onuň bir çägini gorap oturan Hutdy däli barada.
Howwa, şol gezek ýolumyz onuň gözegçilik edýän meýdanynyň üstünden düşdi. Dogry, biz gidişin “Agar çeşmäniň” üsti bilen “Gara daş” diýlen ýere bardyk. Gijäni şol ýerde geçirdik. Ertesi aramyzdan kimdir biriniň teklibi boýunça, Hutdy dälinem görüp geçmek maksady bilen, garşymyzdaky howalanyp duran “Punhan’ atly belent dag gerişleriniň üstünden aşyp, pisse tokaýlyklarynyň içi bilen gorag merkezine ýetdik. Ol ýerde onuň özünden başga janly-jemende ýok ekeni. Şonuň jaýyndan başga jaýam ýok. Özüniň bolsa üçünji heleýi bilenem aýrylyşyp, syrma sallahlykda gününi görüp ýören döwürleri ekeni.
Çet ýerde içiňi hümledip oturan, onda-da Hutdy däli ýaly bälçik, märekeman adamyň ýagdaýy özüňize belli. Ol biziň baranymyza diýseň begendi. Hemmämiz bilen gujaklaşyp görüşdi. Edil garaşyşymyz ýaly hasyr-husur çebişem soýdy. Gazan atardy. Myhman bolamsoň meniň bilen hasam içgin gürleşdi. Öwran-öwran hal-ahwal soraşdy. Maşynly gatnatýan döwürlerini ýatlady.
Şol wagtlar ol uzyn boýly, burunlak, geplände aşaky ernini bir tarapa gyşardybraga-da bälçiksiräp, mes iner ýaly agzyny köpürjikledip, arasynda-da “wahahaýlap” gülüp gepleýän, iki elinem jübüsine sokup, uzyn satanlaryny hada ýaly hallanladyp, döşünem gaýşardyp ýöreýän, bir zat diýjek bolanda ýüzüňe ullakan ala gözlerini süzgekledip seredýän daýaw ýigitdi. Indi welin sykylypdy. Edil garramasa-da gartaşypdyr. Göwnüme bolmasa sesem içine giden
ýaly. Owazam garjaşygak çykýar. Bir wagtlar kükregi hyjuwdan doly, dünýäni sil alsa-da topugyna çykmaýan batyr, töwekgel, dogruçyl ýigit bolandygy welin barybir bildirip dur.
Jaýyň kölegesine atylan köneräk keçäniň üstünde ornaşyp öňümize nahardyr arak alyp, birküç ýola-da ýelmänimizden soň eňegi hasam açylyp ugrady. Hiç kime gezek bermän, agzyny köpürjikledip özüne mahsus bolan däljik gürriňlerine, esasanam öz başyndan geçiren, kim üçin bolgusyz, kim üçin bolsa geň-enaýy zat bolup görünýän gürrüňlerine başlady. Özleriniň öňem telim ýola eşdendiklerine garamazdan, “onam aýdyp bersene, munam aýdyp bersene”, diýşip,ony gepe-gürrüňe hasam öjükdidiler.
–Bir gezek naparnigim bilen maşynly aýlanyp ýördük dagyň içinde... – diýip aşyklyň etini gemrip, ýülügini sorup oturşyna Hutdu däli “kikir-kikir” güldi. Rolda-da ol. Elbetde gaty gyssanandyr-da, edil ýapy ýokary barýarkak ol “buşugasym gelýä, diýdi-de, ur-tut maşyny saklady. Öçürip el tormusyny çekdi. Birinji yskora geçirdi. Menem gysmalygymy gysyp oturybermedim-de, gowuja bir durmuka diýip çalarak gymyldatdym welin, yskor ýerinden çykdy-da, tormosa beýlekä baş bermän nazzatlap başlady. Eýitdim, beýtdim, bolar ýaly däl. Gidip barýa. Gaýtam aljyrap el tormusdanam aýrypdyryn. Ruluň başyna geçip aýak tormusa basaýyn diýsem oňa-da maý ýok. Maşyn eýýäm bat alyp barýa. Ine, onsoň menem “Ýa Alla” zyňdym özümi kabinadan daşaryk. Togalanyp düşdüm ýere. Bir görsem buşukjak diýip düşen pyýada aňyrsyna bakypdyr-da, dünýeden bihabar toňkataryny akjardyp otyr. Bir çilimem otlapdyr-da daş-töweregem alaburugsy. Maşynam “şalk-şalk” edip göni şoň üstünden barýa. Men ýatan ýerimden: “E-eý, diýip jynssyz bir gygyrdym welin, ol “ziňk” edip bärsine gaňryldy. Abanyp gelýän bela gözi düşendenem “zöwwe” ýerinden galdy-da, balagyny çekmänem unudyp, duşakly at ýaly hä eýläk, hä beýläk towsaklap başlady. Iki gözem yzynda. Ol haýsy tarapa öwrülse maşynam şo tarapa nazzatlaýa. Şol başmaşa-da ol kä ýykylýa, kä turýa, käwagt turmana ýetişmän emedekleýä. Arasynda: “Waý, eje” –diýip ulyili bilen gygyrýa, wägirýä.
Bolsa-da maşyn oň bilen deň bolmady, az-kem gaçdym – kowdum oýnady-da, güw gitdi aşaklygyna tarap. Gitdigisaýam bady güýçlendi. Her çaýkananda “jalkyldap” gapylarynyň hersi bir tarapa zyňyldy. Oturgyçlaram gaçdy. Aşaky jülgä inensoň badyna aňyrky ýapa-da ep-esli dyrmaşdy-da, ýene-de nazzad-y bilen aşaklygyna gaýtdy. Şol badyna gelip ýene-de bärki ýapa dyrmaşdy-da, ýene-de aňyrlygyna gitdi. Arasynda birküç ýola gyýaklap manýowr etdi. Aý, how, gepi köpeldip nädeýin, şol maşyn şeýdip üç sagat dag-a gatnady o ýan, bu ýan. Ahyram aňyrky ýapydan aşaklygyna gaýdan wagty has gyýaklady-da, deňagramlylygyny saklap bilmän agdaryldy. Şondan soň ondan elimizi üzdük-de, pyýada gaýtdyk. Oturdygy yzyndan şol maşyn geläýjek ýaly naparnigim, oturaý indi arkaýyn diýsemem etmän ýolboýy “pyrt-pyrt” edip gaýtdy-da öýe gelenimizden soň täzeden aýak ýoluna gitdi. –Şol gürrüňini gutaryp-gutarmanka Hutdy däli hasyr-husur bir gezek göterdi-de: –Ýene bir gezegemmi... – diýip, başga bir wakany gürrüň bermäne başlady. –Gijäň içi birtopar byrakonnirleri kowaladyk. Ýanymda-da ýene şol naparnigim. Rulda-da özüm Byrakonýer diýeniňem zaluwatlar daga şeýle bir belet welin, nireden ýol tapyp, nireden çykýandyklaryny bilmersiň. Özlerem ýaman hytyr. Eýtdiler, beýtdiler, bizi bir uçudyň gyrasyndan eltdiler-de, özleri edil ýer ýuwdan ýaly zym-zyýat bolaýdylar. Bir görsem eýýäm ho-ol, aşakdaky jülgäniň içi bilen başga bir tarapa tutduryp barýarlar. Men edil, onbäş, ýigrimi metr ýaly galanda bildim özümiziň uçuda golaýlanymyzy. Onda-da biljek däl welin, men edil şol ýerde öň daş üýşirip goýupdym, gije-girim üstünden geläýsek dagy biler ýaly diýip. Oýlanara, eýläk-beýläk sowulara, maşyny saklara maý ýok, şoň üçinem men naparnigime: “Zyň özüňi kabinadan, ýogsam uçýas”, – diýip, sesimiň ýetdiginden gygyrdym. Nämäniň – nämedigine düşünmän ýüzüme aňkaryldam welin, elimi uzadaga-da, şol tarapky gapynyň tutawajyndan çekip, özünem iterip goýberdim. Oň bilen deňeçer diýen ýaly özümem bökdüm beýleki tarapa. Kertden bolaýsa bäş-alty ädim bäri düşündiris. Maşyn bolsa güw gitdi, aşaklygyna tarap. Bir haýukdan soň elhenç bir çagşyldy eşidildi, ýöne o-da entek maşynyň ýetjek ýerine ýetendigini aňladmaýan ekeni, togalanyp barýarka bir kertden başga bir kerte degip edýän sesi ekeni. Şolar ýaly “jalkyldy” birnäçe gezek gaýtalanandan soň üznüksiz “şakyr-şakyr” başlandy. Ýatan ýerimden boýnumy süýndirip seretsem, näçe togalanyp näçe galanyny bilemok, ýöne, jülgä düşensoň bir säw bilen maşyn dikine galypdyr-da, edil öňki maşyn ýaly badyny saklabilmän o ýapydan bu ýapa, bu ýapydan o ýana gatnap ýör.
Men ýerimden turdum-da, naparnigime: “Ýör gideli, bu maşynam otyrýerimize urdyk –diýdim. Şeýdip bugezegem yzymyza pyýadalap gaýtdyk. Aýak sesimizden aňýalarmy ýa ýapyrylyp gyrmyldymyzy görýälermi, bir ýerlerden byrakonýerleriň sesi gelýä. “E-eý, eltip gaýdaýaly öýüňize maşynlyja” diýşip gülüşýärler. Menem: “Maşynyňyzy eneňiziňkä sokuň, barybir men sizi taparyn, maşynyňyza tanadym, özüňizem sesiňizden tanaýan” –diýip, pişik haýbatyny atan bolýan. Ýogsam tanama nämişlesin. Ýöne, gaty köp gatnan bolmaly, aşak gaçan maşynymyzyň “şakyrdysy” orta ýola ýetenimizden soňam aram-aram gulagymyza geldi durdy... Şomy, şo dämi toçno bilemok, ýöne öýe baryp, çaý – paý içip birhaýukdan soň daşary çykanymda-da şo tarapdan şakyr-şukuryň sesi geläýdi. –Şondan soň Hutdy däli: –Hany içeliň-le ýene bir gezek –diýdi-de, özüniň iş arasynda oba gezmäne baran mahallary başyndan geçirenlerinden bir wakany gürrüň bermäne başlady. –Motorly obadan şähere barýan welin, köneje “Moskowiçli” biri bir öňüme geçýä, bir yza galýa, halys ýüregime düşdi. Tanyş beýlekimikä janlarym, diýip siňe-siňe seredýän welin, o-da däl. Nätanyş birine sögäýmänem birhili görýän. Ahyram janym ýandy-da, azyrak öňe gidäge-de agzyma ep-esli nas atdym. Kowup gelip deňleşdem welin, dilimiň aşagynda entek doly öljeribem ýetişmedik ýarym gury nasy ýüzüne “püfläp” goýberdim. O-da göni baryp gözüne girdi. Ýüzüni çyr-çyrşak etdi. Maşynyň badyny saklamana-da ýagdaýy bolmady bendäniň. Syrazymam ruly goýberdi-de, iki eli bilenem ýüzüni penjeledi. Aýnadan seredýän welin, galyň Meskewiç “ýoluň o çetine bir çykýa, bu çetine bir çykýa” Ahyram eýdip –beýdip saklady. Iki büklem bolup daş çykdy. Ýer sermäp, emedekläp ýoluň gyrasyna bardy. Çommalyp oturşyna gözlerini owkalap başlady. –Hutdy däli hezil edip güldi. –Şol wagt guşlugrakdy. Men şähere baryp, telim ýere görnüp, ähli işlerimi bitirip, ak öýlänler yzyma dolandym. Görsem ol henizem şo-ol oturan ýerinde gözüni owkalap otyr ekeni. Deňine ýetenimde dym-gyzyl bolan gözlerini dyzzardyp, gymşarylybraga-da ýüzüme bir seretdi, ýöne tanabilmedi. Çalatak elini bulan ýaly etdi, yraň-daraň ýerinden turup maňa tarap abşanaklajak boldy, emma ýarym gün bäri hereketsiz duran dyzlar diýen etmedi öýtýän, iki ädim ädip-ätmänkä syrtyny ýere goýdy düňküldedip... –Hutdy däli sözüne dyngy berdi-de: –Hany, onda biriň tost aýdyň, –diýdi. Öz şanyna aýdylan tostdan soň onuň keýpi hasam göterildi. –Maladis! –diýip, ol tost aýdan ýoldaşymyzyň egnine kakdy. Hut şonuň haýyşy boýunça-da öz başdan geçirmelerini gürrüň bermekligi öňkülerindenem has uly hyruç bilen dowam etdirdi. –Bir gezegem kolhozda işleýän döwürlerim Aşgabadyň mäskombinatyna goýun äkitdik. Baramyzsoň şäheriň çetinde bäş-üç gün garaşyp ýatmaly bolduk. Şoň üçin menem ýoldaşlarymdan rugsat aldym-da, hem-ä Aşgabady göreýin, hemem milisgede işleýän Aman çykany tapaýyn, ýagdaýlaryny soraýyn, diýip, şähere gitdim. Aman çykan bilen bolsa özüňiz bilýäňiz, pämilýämem, doglan ýylymyzam bir meňzeş. Aşgabady men öňem bir gezek görüpdim, pyzuwa diýip alyp gaýdanlarynda, ýöne, derrew gaçyp gaýtdym-da, düzüwli görüp ýetişmedim. Bu gezgem içiňi ýakaýyn diýen ýaly Aman çykanyň adresini alyp gaýtmandyryn. Ýöne, pylan ýerde işleýä diýip salgysyny berenleri ýadyma düşýä. Ine, onsoň ilk-ä onmirmagyň arka ýüzündäki piwenoýa baryp piwo içdim. Gowy doýdum. Soňam “Ak altyn” diýilýän bir yssylawoý bar ekeni, oňa girip nahar iýdim. Katlit. Bäş porsy dagy aldym welin, şonda-da aňryma düşen zat bolmady. Çykyp beýläme seretsem oňňam arka ýüzünde piwenoý bar. Mynnanam ýelmedim üç kürüşgäni. Görsem, köçe bilen iki sany gyz gelýä, yzlarynda-da iki sany oglan. Lak atýalarmy, azar berýälermi, garaz, bolup gelişleri gowy däl. Menem näme, keýpi kök adam çykaga-da: “Ýeri-ow ýigitler, bi nä boluşdyr bi, başga biri lak ataýanda-da goramaly halyňyza siz özüňiz azar berip gelýän ýaly-la how, bu gyzlara” –diýdim. Şeý diýdim welin, gyzlaram: “Wah, jan agam, şeýtsene şulara bir haý-küş etsene, halys ýöremäge goýanoklar gapdalymyzdan aslyşyp” –diýdiler. Şondan soň men hälki bedasyllaryň alkymyna dykylaga-da: Baryň ýok boluň şu taýdan, ýogsam ed-dil şu ak saplyny dikerin döşüňizden, diýip, gapdalymdan asylgy pyçagyma ýapyşdym. Şeýdip haýbat atsam gaçaýarlarmykan öýtdüm welin gaýtam ikisi iki ýerden daşyma geçip alarladyberdiler. Bir-ä asyl ýakamdan towlap tutdy-da: Mataý otsuda a to ploho budit” diýdi. Menem: “Bäh, bu näme diýdigi bolduka janlarym muň”, –diýip gözlerimi tegeläp durun. Oňa çenlem o ýigit elini aýlan ýaly etdi. Menem “Ýa Alla” –diýäge-de, ak saplyny gynyndan sogurdym-da, sap tarapynyň şahy bilen berdim şol el uzadanyň ýazzy maňlaýyna. O-da “jüňk-ge” deşdi-de, ýüzünden –gözünden gan zogdurylyp ugarady. Beýlekis-ä züwwetdin ekeni, zut gaçdy, “Dat, Mişku ubili”, diýip. Mişka diýýänem soň görüp otursam Muhammet ekeni. Olam sesiniň ýetdiginden zörledýä, “Waý, mama”, diýip. Bir görsem eýýäm iki sany milisge ylgap gelýä. Gelişleri ýalam golumdan tutdular-da, şatyrdadyp arkama towladylar. Geçip barýan bir ýeňil maşyny saklabam güpür-tapyr içine dykdylar. Mişkanam başga bir maşyn bilen dogtara iberdiler. Hern-ä gyzlar mert ekenler. “Bu adam biziň üçin uruşdy, bizi goraglady, bizem şuň bilen bile gitjek, düşündiriş ýazjak, görkezme berjek” diýdiler. Bolsa-da milisgelerem ýok diýmediler. “Pylan raýonyň içeri işler bölümine baryberiň” diýdiler. Meni eltdilerem welin, gyzlaram tasaşyp girdiler gapydan. Ilk-ä meni, soňam olary sorag etdiler. Bar zady bolşy-bolşy ýaly edip aýtdyk. Aýratynlykda-da sorap gördüler. Hemmesi dogry gelip dur. Şondan soň üçümize-de düşündiriş ýazdyrdylar. Dogtara jaň edip Mişkaň ýagdaýyny soradylar. “Gowy, pawlekşi däl” diýdiler. Maňa-da: “Bar onda gidiber, ýöne, Mişka arza ýazsa iş gozgamaly bor, çagyrmaly borus” diýdiler. Pasbyrdymdan adrisimi ýazyp aldylar. Gyzlaram: “Arkaýyn boluň, iş gozgatdyrmarys, arza-da ýazdyrtmarys, biz Mişkaň hossarlaryny görüp bar zady düşündireris, bolmasa-da ondan öňürti özümiz arza ýazarys, sebäbi siz ýeke bizi däl, şäheriň tertip – düzgünini goradyňyz” –diýdiler. Milisgelere-de: “Siz ýalyň ýüzüsinden şular ýalyň biri peýdaly, sebäbi iş-işden geçýänçä siziň garaňyz görnenok, soňundanam hondan bärsi hökümlisireşen bolýaňyz”, diýip käýindiler. Şeýdip olar-a gitdiler, menem bir daş çykyp çilim çekdim-de ýaňadandan yzyma girip ýaňky oglanlara: “Şu şäherde meňňem bir Amanmyrat diýip milisge inim bolmaly, şony tapyp bolmazmyka” ––diýdim. Olaram ilk-ä: “Aý, gardaş, şäherde raýon köp, milisgäň edarasy köp, hersinde-de telim adam işleýä, haýsy birini tanaly biz oň”, diýdiler. Soňam böwürlerini diňleşip durdylar-da: “Pämilýäsi näme iniň”, diýşip ýüzüme çiňerilişdiler. “Ine, meň pämilýäm-dä, oňkam, Bakyýew-dä –diýip, pasbyrdymy somladym. Şondan soň olaryň biri pasbyrdymy ýaňadandan gözden geçirdi-de: “Beh, dogrudanam gabat gelýär-aý, doglan ýerem, obasam, pämilýäsem bir ikisiniň”, diýdi. Görüp otursam o zaluwat Aman çykanyň dosty ekeni. “Oň bilen alty aýlyk kursda-da bile okadyk, işe-de bile girdik, o bu wagt Jitnikowda işleýä, sülçi bolýa, häzir eltäýerin ýanyna” diýip, ýylgyrjaklaberdi. Asyl ýüzü-gözem açylyp gidip barýa. “Ýerindemikä özi bir” diýip jaň etdi welin ýüregim ýaryldy Aman çykan oňa meň agasy däl-de çykanydygymy aýdaýar öýdüp. Ýöne, oň özi ýok ekeni-de, ýoldaşlarynyň biri: “Häzir daş çykdy, basym geler” diýip jogap berdi. Bardyk welin dogrudanam Aman çykan ýylgyrjaklap otyr. Eginlerem pagonly. Meni tutanlar ýaly hakyky milisge. Görenden boýnuma zyňdy. Gujaklady. Derrewem “öýe gideliň” diýip dyzap ugrady. Gitdik, beýleki ikisinem alyp. Aman çykanyň armadan getiren ors aýaly bardy, gowy ekeni. “Aman çöwe pirnisti...” diýip bosagany alyp dur haçan görseň. Uzynly gije hyzmat etdi. Ol iki milisge-de hezil etdi, iýip-içip. Öýlerine-de gitmän ýatdylar şo gije şo ýerde. Aman bilen aga-ini däl-de çykandygymy welin bilmediler. Bilgeşli Aman çykanyň pasbyrdy bilen öz pasbyrdymy açyp öňlerinde-de goýýan mahal-mahal: ine, ynanmasaňyz göräýiň, diýip. Görýärlerem. Ýöne, Aman çykan ikimiziň doglan ýylymyzyňam, aýymyzyňam birdigini, doglan günümiziň arasynda bolsa bary – ýogy dokuz günüň bardygyny welin bilenoklar. Ol-a apriliň on birine, menem ýigrimisine doglan. Şoňa üns berse sähelçe üşügi bar adam bilmel-ä bir heleýiň dokuz günden ýene bir çaga dogurmajagyny. Aga-iniň ikisinede şol bir adyň dakylmajagam bell-ä... Ýöne, pämilýämiz meňzeş bolansoň galan zadyna ünsem berenoklar...–Gürrüňe kellesi gyzan Hutdy däli şondan soň sözüne dyngam bermedi-de başga bir gürrüňe başlady. –Soňky alan tatar aýalymyň meni taşlap giden döwürleridi. Özümem köp içýärdim şo wagtlar. Hemem işsizdim.
–Öňürti şoň nämüçin gidenini aýtsana –diýip ýoldaşlarymyzyň biri ony gižželäp goýberdi.
–Ony aýtsam, o bende diýseň namazhon ekeni. Bäş wagtyny sypdyrman okaýady. Aslam Gazandanmy, nämemi, tataryň bol ýerinden ekeni öz-ä. Nahar-şora-da ökde. Hyzmatam gowy. Adamkärçiligem oňat. Öňki aýalymdan galan çagalaryma-da gowy seretýä. Hepde-de bir gezegem hökman banýa düşürýä. Düşseňem düşürýä, düşmeseňem düşürýä. Ýöne, hemmesi meň özümden boldy. Dilimden boldy...
–Hä, näm boldy –diýip, ahyry menem gürrüňe goşuldym.
–Bolan zat, inim, kakam pahyryň bir degişgen dosty bardy, Hümmet aga diýip. Kakam bilenem degişerdi-de, ýöne, ikisiniňem agzy arassady. Hapa sözi agyzlaryna almazdylar meň ýaly. Şoň üçin Hümmet aga maňa elmydama käýýär ýörerdi, seň degişmäň porsy, diýip. Ana, bir gün şol Hümmet aga öýe geldi-de, aýalymyň namaz okap oturanyny görüp: “Hudaýberdi, tüweleme namazly-täretli musurman maşgalaň-a bar ekeni, Hudaý köp görmesin” diýdi. Menem: “Aý, howwa, hä, hüm” diýip oturybermeli welin, samalygymy etdim-de: “Hümmet kaka, arapça gaty bir düşünib-ä baramok welin, ýöne şü ir-ertir, giç agşam “Rahmatulla”, “Nygmatulla” diýip menden öňki baran ärleriniň adyny sanap otyrmyka diýýän”, diýdim. O-da muny eşitdi-de, syrazim ot alyp ugrady, sen maňa göwni garaçylyk etdiň, diýip. Ahow, oýun etdim, degişmäm şo meň, diýip şunça janykýan welin, bolanok-da! Şo-ol dyzap dur gitjek diýip. Ynansaňyz bütin oba bolubam saklap bilmedik şony. Ana, şondan soňam içip ugradym, içim gysyp. Bir günem agşamaralar öýe çala pyýanrak halda geldim welin, ejem pahyr: “Seň sag wagtyň ýok, belli bir işiň başyny tutaňok, çagalaryňa seredeňok, şu bimesrenligiň zerarly sende heleýem duranok” diýip käýýäp ugrady. Menem oň iňňirdisine çydaman daş çykdym welin edil warataň agzynda Polly çişik gabat geldi. Salamlaşdyk. Nirä barýaň, diýsem: “Aý, şü, pyrkurorlyk işim bar, şoňa barýan” –diýdi. Menem özümi urara ýer tapman duran adam: “Ýör, men görüp bereýin şony, ýöne, soňundan bir şişe arak almaly borsuň” –diýdim. “Gowy tanaýaňmy özi, aýdanyňy edermi” –diýip, Polly çişik öňümde iki baka leňňer atyp ugradam welin: “Arkaýyn bol, aramyzdan gylam geçenok” diýdim. Pyrkukoryň jaýynyň agzyna baramsoňam Polly çişikden, pyrkurory nämüçin görmelidiginem soramadym-da: “Sen şu taýda dur, men özüm gürleşip çykaryn” diýdim. Şeýdibem girip gitdim. Pyrkuroryň öz oturýan jaýynyň gapysyny jykladym welin, iki adam gürleşip otyr. Meni gördüler-de ikisi-iki ýerden: “Gel-de, gel” boluşdylar. Ýaman dert indi men şolaryň haýsynyň pyrkurorlygyny bilemok. Yza dönsemem bir şişe arak köýjek. Şoň üçinem usullyk bilen içeri girip gapynam ýuwaşlyk bilen ýapdym-da, gözlerimi açalak-ýumalak etdirip: “Pyrkuror diýilýäni bir bolýamy ýa iki” diýdim. Olaram: “Bir bolýa” diýip gülüşdiler. “Onda haýsyň pyrkuror däl bolsaň çyk, meň pyrkurorlyk işim bar” diýdim. Ýene-de gülüşdiler. Ýöne, şondan soň olaryň biri barybir päpkesini goltuklap çykdy. Menem beýlekisiniň ýüzüne çiňerildim-de: “Sowet hökümedi gurlaly bäri şu edaranyň şu raýonda näçe är-heleýi aýrylyşdyranyny, näçe öýi ýykanyny bilýäňmi” diýdim. O-da şol bir ýylgyryp oturşyna: “Bilemok” diýdi. Menem: “Sen bilme-seň men bilýän, ýöne şolaň barysyna derek meniň şol tatar aýalymy yzyna gaýtaryp bilseňiz, ýaraşdyrsaňyz iki öküz berjek” diýdim welin, ýeke özi güle-güle kese ýykyldy. Hälki çykan ýoldaşynam yzyna çagyryp, ýaňky diýenlerimi aýdyp berdi. Şondan soň iki bolup gülüşdiler. Menem daş çykdym-da, talyň saýasynda garnyny gäberdip duran Polly çişigiň ýanyna bardym. Nasdan doly agzyny dik ýokary tutup: “Nätdiň”, diýdem welin: “Arkaýyn gaýdyber, işiň bitdi” diýdim. “Ýo-ok, gaýdyp näme, bile gaýdarys, öýe bararys, oturarys, ýuwarys” diýdi-de, golumdan tutup idirdediberdi. Maňa-da geregi şol. Öýe barmasam, arak üçin jübümden pul çykarmasam bolýa. Gitdik. Uzynly gije oturdyk. Hudaýberdi bize kömek edipdir, diýip aýaly görgülem daşymda petek-peýman. Pollam öwran-öwran: “Men onda barybam oturjak-gä purkuroryň ýanyna” diýip janyny barlap görýä. “Ýo-ok barma, asyl galan ömrüňe gözüne görünme, görünseň bulşadyrarsyň” diýýän. “Maljagaz-haljagaz berjekdim welin, ony nätsekkäk” diýýä welin, menem: “Maňa ber, özümjik eltip bererin, sen indi goşulma bu zatlara şaýat köpeliberse pyrkurorlar halanoklar” diýýän...
Hutdy däli şu ýere ýetende Badhyzyň “Pynhan” belentliginiň üstünden aşak inýän darajyk ýolundan äpet bir gara maşyn güzürdäp aşak indi. Golaýladygysaýam gürrüldisi artdy. Ol gelip göni biziň çat maňlaýymyzda saklandy. Onuň üstünde üç sany esger, otagasynda bolsa sürüjiden başga-da inçesagat, ýülmek saryýagyz ýaşajyk leýtnant ýigit bar ekeni. Sürüji bilen esgerleriň ikisi türkmen, üçünjisi bilen leýtnant ors.
Leýtenanta gözi düşenden Hutdy däli “zöwwe” ýerinden galaga-da, iki elinem ýokary göterip ulyili bilen gygyrdy:
–O-o-o, Kolýa-a-a!.. Otagadan düşer-düşmänkä-de ylgap baryp gujaklady. Ogşady. Elinden tutup biziň ýanymyza getirdi. –Zamnaç zastawa –diýip tanyşdyrdy. Saçagyň başyndan ýer görkezdi. Oturtdy. Kolýa esgerlerine: Baryň aňyrrakda garaşyň diýdi-de, keçäniň gyrasynda oturyp ädigini çykardy. Tabagyň başyna geçdi. Hutdy däli oňa üç gezek yzly-yzyna arak guýup berdi. Kä arkasyna, kä egnine kakyp orsça bilşine görä “patdyk-sutdyk” şelaýyn sözler aýtdy, degişdi. Öwran-öwranam ogşady. Ahyram nädip bu ýerlere düşendigini sorady. O-da:
– Komandir iberdi. Biziň bir öküzimiz şu ýere gelipdir. Seň mallaryň arasyndamyşyn. Bilýändir, barsaň berip goýberer diýdi –diýip, birhili aýtmasyz zady aýdan ýaly çekinjeňlik bilen ilk-ä Hutdy däliniň, soňam biziň ýüzümize seretdi.
Hutdy däli aýasy bilen onuň ýagyrnysyna kakdy:
– Da, da, karowa ýest, ty ne beskoýyt, kuşat, peý!..
– Ne korowa, a byk.
– Nu... şnim! Karowa ili byk kakoý yraznyssa...
– Raznisa ýest... –Kolýa Hutdy däliniň ýüzüne seredip ýylgyrdy. -Razwe ty ne znaýeş?
– Yznaýyş, yznaýyş! Zaçem nyznaýeş...- Hutdy däli birdenkä ýüzüni sallady. –Eto byk wöpçe ne waş byk.
– Kak eto ne naş byk? Komandir skazal çto naş.
– Ne-et... Eto ne waş byk. Eto eýranskiý byk.
Şondan soň Kolýa kejigip ugrady.
– Ýa wypolnýaýu prikaz, Hutdyşka! A tam pust sami razberutsýa, iranskiý ili sowetskiý.
– Eýranskiý, eýranskiý... –Hutdy däli serhoş boldumy, nämemi, leýtnanty gižželäp ugrady. –Eto byk waş kamandir warawal.
Kolýa ýene-de biziň ýüzümize naýynjarlyk bilen seretdi. Ogurlykda tutulan ýaly özüni birhili oňaýsyz duýdy. Gahary geldi. Birdenem aňyrsyna öwrüldi-de, ädigini geýmäne başlady. Hutdy däli onuň ädigine ýapyşdy. Özünem süýrekläp diýen ýaly öňki oturan ýerine geçirdi.
– Sadis! Peý! Kuşaý! Galawa ne maroç!
– Ni ýa, a ty mne golowy moroçiş –diýip, Kolýa-da dyzap ugrady. –Tak çto, ty daş mne byka ili net?
– Daş, daş! Tolko eto ne waş byk, eto eýranski byk! Bolşoý byk! Takoý byk u nas nikowo netu. –Hutdy däli gözlerini ümezledip bize tarap serertdi. –Eýrandan geçen öküz-laý, araky harasatda. Bir süri goýun bilen bile birtopar öküz geçdi. Gepleşik geçirip berenlerini berdiler-de, birtoparynam alyp galdylar. Indem eýemsireşip bir ujyndan iýip ýörler. Oňňam biri gaçyp tezip meňkilere goşulypdyr. Kim bilýä ol öküzler o ýerde bir garyp bendäniňkidirmi, nämemi. –Ol aşak bakyp, böwrüni diňläp oturdy-da, birdenem başyny silkip ýokary göterdi. –Kimiňki bolanda-da iliň malyny gaýdyp bermel-ä.... Iýmeli däl-ä... –Şondan soň ol Kolýa tarap eňegini ülňedi. –O zatlardan muň habaram ýokdur, bilýänem däldir. Şoň üçinem gahary gelýä, gaty görýä, men ogurlyk ýapýandyr öýtýä...
O zatlardan dogrudanam Kolýanyň habary ýok bor-a çemeli, çünki ol şondan artyk dawalaşjagam bolmady-da:
– Berseň-ä äkitjek, bermeseňem gaýdyberjek, maňa tapawudy ýok, bermedi diýerin, wessalam... –diýip ýene-de ädigine tarap süýşenekledi.
Hutdy däli ýene-de onuň ädigine ýapyşdy. Emma bu gezek Kolýa oňa eýgertmedi. Hutdy däliniň elini silkip goýberdi-de, ädigini geýdi. Turdy. Maşyna tarap ýöredi. Hutdy däli ony yzyndan ýetip saklajak boldy. Kolýa ýene-de onuň elini silkdi. Muňa Hutdy däliniň gahary geldi. Ýüzü üýtgedi. Agzyna hapa söz aldy. Biz ol ikisi urşar öýdüp ýerimizden turduk-da, ýanlaryna bardyk. Hutdy dälä töwella etdik.
–Göwnüne degme, myhmandyr, öküzinem ber, äkitsin, günäsi öz boýnuna – diýdik.
Şondan soň ol azajyk köşeşdi-de, gabat garşymyzdaky ýapyň ýüzünde öz peýwagtlaryna otlaşyp ýören mallary Kolýa görkezdi.
– Won tam! Byk... –Ol azajyk böwrüni diňläp durdy. Keçäniň üstüne geçip oturjak ýalam etdi-de, ýaňadandan ýüwrüp gidip Kolýanyň üstüne gygyrdy. –No eto serewno ne waş byk! Eto eýranskiý! Şondan soň ol maşynyň üstündäki türkmen oglanlara tarap elini galgatdy. – E-eý, şonyňyza aýdyň, ýoldan çykyp maşynyna ýekeje düýp oty basgylatdygy akt ýazyp işini pyrkurora geçirerin.
Onuň bu sözleri Kolýanyňam gulagyna degdi. Başgasyna düşünmese-de, “akt”, “pyrkuror” ýaly sözlerden bir zatlar aňan ýaly otagadan ýarpy göwresini çykardy-da, sen kimmişiň meni prokurora bererçe, akt ýazarça, diýýän äheňde ýüzüni-gözüni eňşedip:
–Çego, çego-o-o... . –diýdi.
–Niçewo, niçewo-o... –diýip, Hutdy däli onuň özündenem beter süýkdirip gepledi. –Ýa gawarit akt napisaýu. Maşyn twoý odin trawa poedit, odin trawa palamaýyt, akt napisaýu, pyrkuror daýu. Ponyl da?
Kolýa onuň ýüzüne seredip durdy-durdy-da, hiç zat diýmän otaga girdi. Maşyn ugrady.
Mallaryň otlap ýören ýerine barmak üçin, olar düýbünden ters tarapa gitmeli boldular. Şondan soň Hutdy däli aýaklanmadyk köşek ýaly patanaklap öýüne girdi-de, bir gözli dürbi alyp çykdy.
–Ine, serediň! Hiý, şu jelagaýyň öküzine meňzeýämi şol?
Ýapynyň ýüzündäki agyp-dönüp ýören mallaryň arasynda goýunam, geçem, sygyram, öküzem, ýabydyr-atam, hat-da düýe-de bardy. Ýöne, bir gara öküz welin, dogrudanam üýtgeşikdi. Äpetdi. Daýawdy. Del ýeriň malydygy daşyndanam bildirip durdy. Biz: “beh-de-beh” bolşup ol öküzi gezek –gezegine, öwran-öwran dürbüledik. Birdenem mallar bir zatdan tebil tapan ýaly arkan serpildiler-de, ilk-ä “gyrmyl-gyrmyl” edişip ýygnanyşdylar, soňam agzybirlik bilen ýapynyň aňry ýüzüne geçdiler. Şol wagtam Kolýa dagynyň maşyny “güzürdäp” aşakdan ýapy ýokary çykdy. Mallaryň hälki otlaşyp ýören ýerlerine baryp durdy. Kolýa otagadan çykyp daş-töweregine seretdi. Maşynyň üstündäki oglanlaram eýläk-beýläk garanjaklaşdylar. Emma hiç zat görmediler. Ahyram maşynyň üstündäki oglanlaryň biri mallaryň aşan alaňyna tarap elini uzatdy-da, bir zatlar diýip gygyrdy. Beýlekilerem ala-goh boluşdylar. Kolýanyň şol tarapa elini salgap ýaňadandan otaga girmegi bilenem birtopar kötel ýollary, jülgeleri söküp, alla-owarralardan aýlanyp gelmek üçin aňyrlygyna tarap gyrmyldap ugaradylar. Bu zatlaryň barysy bize dürbüsizem edil kinoda görnen ýaly görnüp durdy. Maşynyň jülgä girip, gyrymsy agaçlaryň arasynda gözden ýitmegi bilen “kino” gutardy.
Iki sagatdanam gowrak wagt geçenden soň olar şol mähnet öküzi bäş-üç sany sygyr bilen bilelikde öňlerine salyp geldiler. Esgerler bilen sürüji Hutdy däliniň ýörite mal ýüklemek üçin ýasanan çukuryna maşynlaryny saldylar-da, kenarasynyň üsti bilen öküzi nowa tarap kowup başladylar.
Kolýa welin, yssyladymy, nämemi, papagynam eline aldy-da, ýüzüni ak-tam edip Hutdy däliniň üstüne herrelip ugrady.
– Ty, eto spessialno, da? Naroçno da? Hotel nas pomuçat da?
– Çewo, çewo-o-o... –diýip, Hutdy dälem öz-özünden ýel alyp dazarylyberdi. – Çewo ýa naroçno? Şto ýa naroçno?
Görüp otursak, Kolýa özi barýança mallaryň ýapydan aňryk aşanyny Hutdy däliden görüpdir. Ony bilensoň-a Hutdy däliniň etegine ot düşdi. Sebäbi oýundan, çyndanmy, hernäçe içýakgyç gürrüňler aýdanam bolsa ýaňky meselede onuň günäsi ýokdy. Oňa biz gözli şaýatdyk. Nähak töhmet bolsa islendik adamy gazap atyna atlandyrýar. Hutdy dälem muňa erbet tolgundy-da, öňküje geplerinem tapman, aýaklary bilen ýer depip öz okunyň daşyndan aýlandy durdy. Şonuň üçinem, biz oňa kömege barmaly bolduk. Diýjek bolýan zatlaryny Kolýa terjime edip berdik. Şol meselede onuň günäsniň ýokdugyna güwä geçdik. Leýtnant welin, barybir ýeň bermedi. Gaýtam:
– Wy wse za odno. Druzýa! Sobutylniki! Wy ego podderžiwaete, –diýip, gaýatam biziň özümizem götin ogry tutdy. –Wy hoteli izdewatsýa nadomnoý... No ýa ni takoý... Ýa... ýa...
Halys bolmajagyny bilensoň Hutdy däli Kolýanyň alkymyna dykyldy-da, agzyny ak köpürjik edip döşüne ýumruklamana başlady.
– Kolýa! Ýa lüwlü tiwe, potomu çto my sol kuşaý, no, zaçem ty mne serdse? Hä? Zaçem ty mne serdse?...
Bu onuň: Her nämede bolsa biz duz iýişip ýörüs, men seni gowy görýän, ýöne, nämüçin beýdip göwnüme degýäň, diýdigidi. Biz onam terjime edip berdik. Emma dag howasy aragyň humary bilen garyşyp beýnisine berkiräk urupmy, nämemi, Kolýa gowşar ýerde gowşamady. Öküzi maşyna ýükläp ugrajak bolup durkalaram ol şol bir sözüni telim gezek dagy gaýtalady. Şondan soň Hutdy däliniňem sabyr käsesi doldy öýtýän:
– Aý, seňňem bir... –diýip ilk-ä enesine, soňam gyzgynjagy bilen aýal doganyna ýetdi-de, enesinden hantama bolan etene guş ýaly özüne tarap dodagyny çommaldyp, bir zatlar diýip duran leýtnantyň çaňdyr-tozandan ýaňa çap-çal bolan ýüzi kessir ýelmäp goýberdi. Leýtnant bir tarapa agyp gitdi. Elindäki papagam tigirlenip honda düşdi. Ol ýatan ýerinden jynssyz gygyrdy.
– Soldaty! Zaşişaýte swoýego komandira!
Türkmen oglanlar-a kömege gelenden geçen, gaýtam guma bulaşyp ýatan leýtnanta tarap gyýa-gyýa bakyşdylar-da, Hutdy dälä:
– Agam, gatyrak ursana şony. Düýnden bäri öküz gözledip halys bizar-peteňimizi çykardy –diýdiler. Sürüjem buruljyrap bir gyra çekildi.
Olardan haraý bolmajagyna gözi ýeten leýtnant ýatan ýerinden ors oglana tarap gygyrdy.
– Rýadowoý Iwanow, zaşişaý swoego komandira!
Hutdy däli gybyrdyklap alkymyna dykylan Iwanowyňam gulagynyň düýbüni tozadyp goýberdi. Onuňam sermagallakdan gaýdanyny gören leýtnant emedekläp diýen ýaly ýerinden turdy-da, Hutdy däliniň üstüne topuldy. Hutdy däli çep elini uzadyp onuň hekirtmeginden aldy-da, sag eli bilenem agzynyň üstüne malçyldadyp goýberdi. Çiňarkan gaýdandanam ylgap baryp ýerden göterdi, gujaklap bagryna basdy we şol bir sözlerini gaýtalap başlady.
– Kolýa!...twoý mat, ýa lüwlü tiwe? No zaçem ty mne serdse? Hä? Zaçem ty mne serdee? Konçaý mazgi ... bat! –Kolýa bir zatlar diýjek bolup “yňňyl-çyňňyl” edip ugrandanam aran ýaly mähnet penjesi bilen ýüzünden penjeledi. Kolýa Hutdy däliniň barmaklarynyň arasyndan petreýlip görünýän gözlerini asmana dikdi. Bereketli aýanyň içinde galandygy sebäpli burny bilen dem alyp bilmän “hassyldady”. Geplejek bolanda-da bokurdagy bozuk radio ýaly “jygyr-jygyr” etdi. Hutdy däli ýene-de ony bagryna basdy. Ogşady.
– Ty mne lüççiý durug, no zaçem ty mne serdse?..
Biz ýene-de olary aralamaly bolduk. Ýalňyşýandygyny Kolýa ýene bir gezek düşündirdik. Ynandymy, ynanmadymy, belli däl, şondan soň ol dodaklaryny kemşerdip Hutdy däliniň ýüzüne seretdi.
– Ladno, my ýeşşo pogoworim s toboý o družbe –diýdi-de, maşynyň otagasyna girdi.
Şondan soň äpet maşyn ýerinden gozgandy. Gelendäkisindenem beter uly ala goh turzup “güw” gitdi.
Biz oturan ýerimize dolanyp geldik. Ýöne, iýip-içip ugrymyz bolmady. Üstesine yssam düşdi-de, irgözinden ýol aşmak üçin turarman bolduk. Aramyzdan kimdir biri oýun edip:
– Hudaýberdi! Ýaňky peläket “pogoworim” diýdi welin, birgiden awtomatly sallady yzyna tirkäp geläýmesin ýene üstüňe, garaşaýaly bolmasa birazajyk, –diýdi.
– Gelibilmez! Gaýtjak bolsa-da neçennik zastap goýbermez. Syrtlarynyň pohludygyny bilip durandyrlar özlerem. Sebäbi iki döwletiň arasynda şertnama bar, serhetden geçen mallaryň başy bitin yzyna tükel tabşyrmak barada. Bulaň bolsa ilden öňürti özleri bozýalar namany. Ýüz goýun geçse, ellisini gaýtaryp ellisini alyp galýalar, on sygyr geçse üçüsini berip ýedisini alyp galýalar, bäşdir-üçdür, iki-ýeke geçenleriniň-ä ysynam çykaranoklar. O tarapdan gelip barlap bilýän bolsa ýok. Barlajak bolsaňam Moskwalaşyp onsoň barlamaly. Onam tutuş süri ýa baýlaryň, uly ketdeleriň mallary geçäýmese edibilenoklar bular etjeklerini edýäler. Organ işgärlerine duýdursaňam gelýäler-de, öz paýlaryny alýalar, araklaryny içýäler, şeýdibem gülala-güllük edip gidýäler. Ikortada ýigrenji bolup galýanam sen. –Hutdy däli kimdir birinden howatyrlanýan ýaly sesini ýuwaşadyp töweregine garanjaklady. –Şu ýere gelip keýik awlaýan byrakonnerler näme garybyň çagalarydyr öýdýäňizmi? Hemmesiniňem arkasynda otyrýeri kädili epeý-epeý adamlar dur. Bir ujam baryp Aşgabatdan, Meskewadan çykýa. Käte telim maşyny keýikden dolduryp barýanlaram tutýas. Akt dolduryp işlerini süýde-de geçirýäs. Şulara-ha indi ýa atuw bererler, ýa-da azyndan ýigrimi-ýigrimi bäş ýyl-a bererler, özlerem galan ömürlerine aw diýip şu jelagaýlarda görünmezler, diýýäň welin, iki günden ýene-de çat maňlaýyňda syrtarylypşyp durandyrlar, elleri aw tüpeňli. Biz näme? Biz ýöne, pormalny goragçy. Hiç hili hukugymyz ýok. Bar, eger-de garamaýak gelse. Pakyr-pukara aw etse. Olar üçin kanunam bar. Olary ýekeje keýik üçinem on bäş, ýigrimi ýyl basyp bolýa. Basýalaram. Şoň üçin olar gelenoklar. Keýigiň etini keýigi goramaly adamlar iýýäler. Kanunam kanuny goramaly adamlaryň özleri bozýalar...
Ýanymyzda etrap gazetiniň baş redaktory bilen etrap bankynyň başlygy bardy. Olaryň ikisi-iki ýerden:
– Goý, goý! Biziň ýanymyzda bir olar ýaly gürrüňler etme –diýşip, ýarym oýun, ýarym çyn bilen ellerini daldalaşdyrdylar. –Sen-ä aýdaňok, bizem eşidemizok.
Oňa çenlem biz ugramak üçin özümiziň çym gyzyl reňkli “Niwa” maşynymyzyň ýanyna geldik. Häliden bäri eňegine jaň dakylan dek, hiç kime gezek bermän gürläp gelýän Hutdy däli birden-kä suslandy-da, ýantaklap meniň ýanyma geldi.
– Oturalyň-laý... Otursaňyzlaň-laý...gitmeseňizläň-laý...hiç bolmanda agşama çenli bir bolsaňyzlaň-laý...ýaňadandan bir hyzmat edeýin-laý... –diýip, özelenmäne başlady. Beýlekilere-de ýeke-ýeke ýalbardy. Soň ýene-de meň ýanyma geldi. –Be-e... Bular-a indi hiç, häli-şindi gelip- gidip durlar welin, seň ýanyňda birhili gelşiksiz-ä boldy-bi... Özem birinji gelşiň... Häýt, muň gabat gelip ýörşüni diýsene...
Men:
– Beý diýme, Hudaýberdi aga, gynanma. Gaýtam gowy boldy –diýdim.
– Hä? Nämesi gowy boldy?
– Aý, şü, kiçijikligimden bäri nämüçin saňa Hutdy däli diýýändikleriniň sebäbini bilibilmän ýördüm, ana, şony bildim, şonuň özem maňa ýeterlik...
Hutdy däli böwrüni diňläp durşuna maňa tarap gulaklaryny keýýertdi:
–Howwa, men nähili däli ekenim? Näme üçin maňa däli diýýän ekenler?
– Dälem bolsaň sen akyl dälisi ekeniň, Hudaýberdi aga. Sen hakykatçyl adam. Düzgüni bozýanlary öz doganyň bolsa-da halaňok, dostuň bolsa-da.Olar bolsa dogruçyl adamlary halamaýarlar. Şonuň üçinem saňa däli diýýäler.
Şeý diýdim-de hezil edip güldüm.
– Nätdi? Boldumy? Oňardymy?.. – diýşip, ýoldaşlarymyzam garaçynlary bilen gülüşdiler. Aşak bakyp, azajyk oýlanyp duransoň argyn ýüzüni ýerden galdyr-dy-da, Hutdy däliniň özem güldi. Sag eliniň aýasyny maňa uzatdy.
– Kak bäşi!
Kakdym. Şondan soň onuň bilen hoşlaşdyk. Maşyna mündük. Ýerleşdik. Emaý bilen ugradyk. Hutdy däli bolsa tä, biziň garamyz ýitýänçä yzymyzdan garady durdy.
2001-2001 ý.
Hekaýalar