Mommat daýymyň welin şonda–da ondan el çekesi gelmedi. Salgysyny alyp yzyndan gitmek üçin etrap bilim bölümine kän gatnady. “Orsça gepleşmeli bolsa dagy gerek borsuň” diýip, käte menem ýany bilen alyp gitdi. Ýolboýy: “Gyzygar, ýemisçä gezek gelse–hä adama ýüz tutjak–gä welin, şü, orsşa birazrak kyn düşýä–dä –– diýip, hüňürdendi.
Öňem daşyndan gahar edip ýörendikleri üçin, etrap bilim bölüminiň işgärleri Mommat daýyma Nazar mugallymyň salgysyny bermeg–ä beýlede dursun, asla ýüzem bermediler. Uruşda kellesine zyýan ýetendigi üçin sähel zada gyzyberýän, ili içinde Gündogdy kantuş adyny alyp gelen bir–ä:
–– Sen ýaşuly bizi öň–ä iň gowy ispisalistimizden mahrum etdik, indem tutuş ili masgara etjek bolýaňmy ýat ýerlere baryp? Hä? –– diýip, ýuwaşjadan başlady–da, birdenem gyzyp ugrady. –– Bilýäňmi sen kim? Hä? Sen wreditil! Halk duşmany! Ýežow bolan bolsa bilýäňmi näderdi şumat seni? Hä? Ed–dil bagryňy garaldardy.
Mommat daýym dogrusy ilk–ä bir üýşenjek ýalam etdi. Agzyny müňküldedip, gözlerini ýumjykladyp kän durdy. Ýöne, bireýýämler özem tereziçileriň hasabyna goşulan Ýežowyň ady agzalandan soň ony öz sözüniň üstünde tutdum hasap etdimi, nämemi, ýantaklap ýanyna bardy–da, Gündogdy kontuşyň ýüzüne tüýküligini syçradyp başlady.
–– Ä–äý, käntüş bäläň käkäýin! Kimmişin ol seň Jejewiň meň bägrimi gärälder ýäli? O seň öz bägriňi gärälder. Bildiňmi? Bäjiň bägrini gärälder. Düşdüňmi? Meň bägrimi Gitler gäräldibildimi o gärälder ýäli!..
Mommat daýymyň o sözleri Gündogdy kontuşy doňňara daşa dönderdi. Doňy çözülenden soňam haýsy tarapa ýörejegini bilmän, şo–ol bir duran ýerinde pyrlandy durdy. Arasynda dişlerini gyjap Mommat daýyma tarap topulaýjak ýalam etdi–de, ýene–de saklandy. Oňa çenlem bilim bölüminiň beýleki işgärleri güpürdeşip geldiler–de, ýerli–ýerden Mommat daýyma töwella edip başladylar. Köşeşdirjek boldular. Arasynda Gündogdy kontuşa–da käýinen boldular. O–da: “A–how, o maňa şumadam sögüp dur–a?” diýip, Mommat daýyma tarap elini uzatdy. Kimdir biri Mommat daýyma eşitdirmezlik üçin agzyny onuň gulagyna golaýlatdy–da: “Bolmanda–da poha daş atsaň üstüňe syçrar–da” diýip pyşyrdady. Şondan soň Gündogdy kontuş “hüňür–hüňür” etdi–de, edaranyň içine girip gitdi.
Mommat daýym welin köşeşmedi. “Kantuşa” käýelenini bilip hasam möwç aldy. “Ä–äý, käntuş–ş!.. Şyk gäýrätiň bolsa! Nämä, enesiniň etegine bukulýan şägä ýäli bukulyp otyrsyň o ýerde…” diýip, öwran–öwran gapa tarap topuldy. Tutjak bolsalar beter dyzady. Halys bolmansoň milisiýa jaň etdiler. Iki sany işekçer jahylyň hersi bir goltugyndan girip, howludan süýrekläp diýen ýaly çykaranlaryndan soňam Mommat daýym barmagyny bilim bölüminiň edarasyna tarap çommaldyp gygyrdy gitdi oturdy. Birdenem jyny milisionerleriň özlerine düşdi.
–– Ä–äý, Ähädiň puşt ogly! Ä–äý, Gylyçnyýazyň berenjesi! Pederne nälet getirenler! Goýberiň meni! Kim bolupsyzyň siz ýemise göz görkezip gaýdan adamy beýdip äkiderçe!..
Milisionerler oňa gulagam asmadylar. “Göter–göter” edip ýola çykardylar–da, bir köneje “polutarkany” saklap, içi çöplemeden doly çuwal ýaly nowasynyň içine oklap goýberdiler. Sürüjisine-de: “Ýalawajyň ýabyndan geçir–de taşlap gaýt, aňryk ýa özi gider, ýa biri eýe çykar” diýdiler. Üstüne dyrmaşjak bolup maşynyň daşyndan aýlanyp ýörşümi görüp: “Senem şuň bilenmi”, diýşip ýüzlerini küsserdişdiler. Başymy ataryma mähetdel, goltugymdan tutdular–da, menem atdylar nowaň içine. Töňňe ýaly togalanyp ýatan Mommat daýymyň:
–– Ätäjän ýegen, gorkma! Men entek bularyň dedesini ýändirin… –– diýen gyjyrdawuk sesi endam–jany alaşakyrdy bolup duran “palaturkanyň” “Warryk” sesine garjaşyp gitdi. Onuň badyna ýaňy bir tirsegine galyp barýan Mommat daýym ýene–de ýykyldy. Ýöne, şol ýatyşyna–da ol elini dik ýokary uzadyp, barmagynam etrap bilim bölüminiň howlusyna tarap çommaldyp bir zatlar diýdi, emma men onuň näme diýenini aňşyrybilmedim.
… Nazar mugallym üçin Mommat daýyma oba adamlarynyň içinde–de iňirdemedigi galmady. “Negözel ýigidi oba sygyrmadyň öz kejirligiň bilen” diýip, ýerli-ýerden igelerini süýkediler ýördüler. Ol bolsa şonda–da özüniňkiniň dogrudygyny, Nazar mugallymyň öz ýeňilenini boýnuna almajak bolup gaçandygyny subut etmek üçin, kim şol gürrüňi gozgasa: “Ynanmasaň, ine sen–ä Ä–ä–äý… menem Ýer–r…” diýip, daşyndan aýlandy ýördi.
Bir gezek mekdebiň arka ýüzündäki oba dükanynyň işiginde şeýdip biriniň üstüne dübläp durka, okuw müdiri daýaw, otuz bäş ýaşlaryndaky Şaguly okudyjy geldi–de, ýüzüni erbet turşardyp assajadan:
–– Ýaşuly, däliräýme ýene –– diýdi.
Sag eliniň penjesi bilenem Mommat daýymyň çep golundan tutdy. Gysdy. Dişlerini gyjady. –– Goýber bu kişini öz ugruna, –– Bahana boldugy ökjäni göterjek bolup duran “Aý”, müdir şeý diýenden Mommat daýymyň elinden sypdy–da, diwaryň düýbi bilen öýüne tarap “düňk” ýasady. Gahary gaty gelen bor–a çemeli, müdir Mommat daýymyň goluny birki ýola erbet silkeledi. –– Diliň keýpini görjek bolup obany bulamaňy, adamlaryň mazasyny alyp ýörmäňi goýjakmy sen, ýa ýok?..
Mommat daýym:
–– Eý, wä–äk, gyýtjyňňy ýemedeýiniň ýemesi, goýber golumy!.. –– diýip, ilk–ä bir çylbyrlygyny edip ugrady. Soňam ähli yzasyny unutdy–da, gözlerini çym–gyzyl edip, Şaguly okudyjynyň ýüzüne seretdi. –– I–i–i… özüň süwüt edip beräý onda şony sen maňa, ökde bolsaň… Ýä seňňem öz ügrüň dämi ol? Hä?! Ügrüň bolmasa, inim, ügrüňejik geziberseň bolmadymy? Goşulmaýsaň bolmadymy? Öz ügri bolmasa–da goşulan bolup hän–hä, Näzär näme gördi? Äsmän diýdi, ýildiz diýdi, soňam ne Äýi öz gününe goýdy, ne Güni. Soňam, gündiziň güni, äl–äsmände sällänip duran zädiň soragyny berýän welin, bilibilmän dur, dikilgazyk bolup. Senem şoň ýälisiň–dä! Ysportdan okutýan diýen borsuň, beýleki diýen borsuň–da, dudarsyň, ägziňe süw älän ýäli bolup. Gaçyp giderin diýseň bäşgä obaňam–a ýok seň. Näzäriňki ýäli… –– Şaguly okudyjynyň ýöwselläp başlanyny görüb–ä Mommat daýymyň halys göhi geldi. –– Siziňki şol, iliň gözüniň görmiýän zädini äýdip kör äbräý gäzänmek. Emma häýsi ügürden tutsaň şäňkildedip oturanyňyz welin ýok. Ýeke Näzär ikiňiz dä, şü yşgoldan girip–şykýanlaň hemmesem şöýle!
Hiş häýsiňizde–de ilim ýok siziň. Äşgäbätde okan wagtyňyz iki agyz söz öwrenipsiňiz–de, şo–ol şony gäýtäläşip ýörsüňiz, şondan şyksaňyz ägsägiň elinden ägäjini alan ýäli, siňizki, du-ursuňyz töweregiňize garanjaklaşyp. Ýä ýälänmi? Sübüt edibiljekmi ýa şüň ýäländigini? Näzäriň äýdibilmedik zädini äýdibiljekmi? Bol, äýt, men onsoň gäýdip sesimi şykarmaýyn, şü obaň işinde. –– Mommat daýym uly dabara bilen müdiriň daşyndan aýlanmaga başlady. –– Ine, sen–ä Ä–ä–äý… Men bolsam Ýer–r–r… Ýä sen özüň Ýer boljakmy? Men Äý bolaýynmy? Hany, onda sen öz okuň däşinden bir gezek äýlen! Egniňde–de bir kükürtjik ýa başga bir zät goý–da, şony özüň häsäp et! Sürätli tarapynam ýüzüm diý! Diýdiňmi? Bolduňmy?!..
… Onuň bilen ýol ugrunda eňekleşip durmany özüne uslyp bilmedi öýdýän, müdir ajymtyk ýylgyryp başyny ýaýkady–da, mekdebe tarap ugrady. Bäş–on ädim ädensoňam bärsine öwrüldi. Ýüzüni boz–ýaz edip:
–– Kesbiňden bereket tap, agam! Sen bu bolşuň bilen Nazar mugallymy–ha kosmonawtikanyň atasy Siolkowksinem gaçyrsyň, şu oba üç günlük işlemäne geläýse dagy… –– diýdi.
Ýene–de “ýeňiji” bolup çykan Mommat daýym:
–– Bar, öz yspordyň bilen bolsan–aý… –– diýip, oňa bakan elini salgady–da, howany gulaçlap öýüne tarap ugrady. –– Intiriski adam–a, bular! Ännätomiýadan başlary çykanok welin, ýene–de Äýe erňeşen bolýalar… Häý!..
Ýene bir gün, Hudaýýoluda otyrkalar, Nazar mugallymly mesele boýunça Mommat daýym obamyzyň mollasy bilen çaknyşdy. “Şol kere bir “haý–küş” edip bersene” diýlip öňünden haýyş edilen bor–a çemeli!
–– Mommat, goýaý indi senem şü keçjekligiňi, ýaşyňam birçene bardy… –– diýip, molla sözüni başda umumyrak äheňde başladam–da, yzyny birdenkä özem bilmezden diýen ýaly Mommat daýymyň iň bir “wawwaly” tarapyna ýazdyrdy oturyberdi. –– Seň Aý bilen ne işiň ba, Gün bilen ne işiň ba… O zatlaryň bi, pelegiň ýüzünde nädip eýle bolýanyny, nädip beýle bolýanyny ýaradanyň özi bilmese biljek bamy? Sen bendemi, geziber öz ugruňa, bendeçiligiňi et–de!..
–– Äý, Ällek! Äsmäne seretseň gözüňe görnüp duran zäde jedel nämä gerek –– diýip, Mommat daýym ýassanyp ýatan ýassygyny goltuklap Allah molla tarap süýşenekledi. –– Şu obaň adamlary haýsy ýanlaryna ýatsalaram Äýiň ärkasy ertirine–hä Aýtgulyň ägiline täräp, ägşämyna–da Hally bedewlere tarap bolýa. Ýöne, şüň nämüşin şöýle bolýanyny welin, bilýän ýok. Sorasaňam jogap berip bilmän, obadan şykyp gaşýalar. Seň okuwyň olaryňka görä üýtgeşigräk bolsa ine, indi özüň pikir et-de, jogabyny beräý, men gaýdyp sesimi şykarmaz ýäli.Ýä sen entek Äýiň şolar ýäli ýägdäýiniň barlygynam bileňogammy? Göroňogammy?
Allak molla dogrudanam Aýyň arkasynyň öwrülşine üns bermändir öýtýän, kesgitli bir zat diýmedi–de, “hyňk–huňka” uraýdy.
–– Aýtdym–a, Mommat men ýaňy saňa, hemme zat Allanyň yradasy bilen bolýandyr –– diýip.
–– Änä, gördüňmi, senem süwüt ädibileňok–da, bar zady Allanyň üstüne atýaň oturyberýäň… –– Mommat daýym böküp ýerinden turdy. Süýem barmagynam mollanyň çat maňlaýyna diredi. –– Ine, sen–ä Ä–Ä–äý…
Allak mollanyň bir–ä ýerinden turanyny, birem işikden dazlap çykanyny görüp galdyk. Şondan soň ol esli wagtlap, şol ýerde Mommat kerem bar diýseler pata–töwire–de barmady. Köpçüligi irikgä etmez ýaly, ýerine başga bir adam tapyp iberdi welin, özi gitmedi.
–– Asyl şoň ýüzüni görjekgä men –– diýip, özünden–özi gyjyndy ýördi. –– Durdygözel “egriajal” diýýä welin, “dogryajal” diýmeli ekeni şoňa. Ol bir öňünden çykan üçin dogry gelen ajal–a! Başga hiç zat däl–ä! Hiç, adam syýagy ýog–a! Görüň–ä, ajalyňam aňyrsy almandyr–a şony! Agzyna salandan soňam telim gezek dagy dişleriniň arasyndan çykaryp zyňypdyr–a!
Mommat daýym welin ýarym ýyldanam gowrak wagtyň dowamynda:
–– Ine, sen–ä Ä–Ä–äý… –– diýip, kim öňünden çyksa ilk–ä onuň daşyndan, soňam öz okunyň daşyndan bir öwrüm etdi ýördi. Bu ýagdaý iki–ýeke Seýitguly aga ýaly tomaşakärler bolaýmasa, bütin obany irizdi. Hatda öz garyndaşlarymyzdanam Mommat daýyma käýýänleri, gahar edenleri az bolmady. Kakamyň inilerinden bir–ä “Şu gylygyňy goýmasaň gaýdyp gapymyzdan barma, ilem bizar etdiň bizem, utanaňokmy şu ýaşdan soň şeýdip ýörmäne” diýip, iň soňkujasynam aýtdy. Ýöne, barybir o–da oňa täsir etmedi. Gaýtam: “Hä–äý, ännätomyýadan başy şykmaýan nadanlar, diýsänim” diýip, oňa-da agzyndan gelenini aýtdy.
Ahyram oba adamlary üýşüp onuň üstünden başlyga arz etdiler. Eger–de “höre–köşe” eden bolsady, onda nerme–näzik çaga ýaly Mommat daýym oňa–da per bermese bermezdi, gaýtam: “Ine, sen–ä Ä–ä–äý…” diýip, onuňam üstüne dyzaýmagy mümkindi, ýöne, ol ony edarasyna çagyrdy–da, çyna berimsiz edip:
–– Mommat, seni Aý urupdyr diýýäler. Özem şuny mugallymlaram, mollalaram, oba adamlaram, kolhozda uly güýç bolup durýan kolhozçy aýal–gyzlaram tassyklaýarlar. Düýn şähere gidip gürleşip gördüm welin, dogtorlaram “Howwa, şolar ýaly kesel bar, “naprawlinni” bereli, Aşgabada äkidiň” diýdiler. Milisiýa işgärlerem şu teklibi biragyzdan goldadylar. Şoň üçinem seni bir aý, kyrk gün dälihanajyk ibereli, Işallasa derrew gutularsyň, senden beterler gutulýa! Sen–ä, ine, Hudaýa şükür, ony–muny tanyýaň, gepe düşünýäň, bizem ine, habar tutar durarys –– diýdi.
Başlygyň atan oky nyşana degdi. Mommat daýym hut, şol günüň özünde “açyldy”. Öňünden çykany saklap, öz okunyň daşyndan aýlanmasyny goýdy. Ýöne, oturan–turan ýerinde:
–– Sübüt bolmasa bolmasyn! Sübüt edibilmeseler edibilmesinler! Meni ýanäseler ýanabersinler! Esasy zat men halka Äýiň ärkesiniň irden–ä Hälli bedewlere täräp, ägşämligem Äýtgulyň ägiline täräp bolýandygyny bilip berdim. Milletiň gözüni äşdim. Dünýä döräli bäri menden öň äňşiren ýok şony şu obada –– diýip, jibrinmesini welin goýmady.
Her niçik hem bolsa ol tiz wagtdan ojagaz jibrinmesinem goýdy. Şeýdip, Mommat daýymyň “Aýly” döwri tutuşlaýyn tamam boldy.
■ Mommat daýym taryha dalaş edýär
Şondan soň ol Ýazberdi aga ýaly gürrüňçil adamlaryň ýanyna gatnap ugrady–da, olardan eşidenjelerini özüçe öwrüp–çöwrüp, dünýäniň ähli tanymal adamlaryny türkmen etmäni çykardy. Myraly, Soltan Söýün, Nowşirwan adyl, Hondemir ýaly has irkiräk, aňyrsy türki, iň bolmanda gündogar halklarynyň birine degişli bolan şahsyýetleriň ady agzalanda–ha dogrusy oňa känbir müňkürlik edýänem ýokdy welin, soňabaka ol has bäri süýşüp, şu günki, has uly–uly ýurtlaryň baştutanlaryna çenli atlaryny çepbesine çöwrüp, türkmenleşdirmäge başlady.
Hindistanyň premýer–ministri Jawaharlal Nerunyň Moskwa gelen döwürleri dagy üýşmeleňlerde otyrkalar soralsa–soralmasa:
––Be–e… Bul–aýt, türkmeniň diýýän–ä, ýer ýüzüne ýaýramadyk ýeri ýog–ow –– diýip, özüni orta oklamany çykardy. –– Şu wagtky Meskewä gelen ak donly, ap–ak somsa papakly pyýada–da ir döwür, Baýram han dagy bilen Hindistana giden türkmenlerden bolmaly. Öz ady Jumahally, kakasynyň ady Nury bolmaly. Ýöne, orslar oňa özleriçe Jumahally Nuryýew diýjek bolýalar–da, oňa–da dilleri ýetmänsoň Jawaharla Neruw diýen bolýalar… –– Özüne sähelçe üns berilýänini aňdygam: –– Iňlisiň Mallysson diýilýän gynyrallaram türkmen –– diýip, daş–töwregine pytrap başlaýar. –– Özem ir döwür şu ýerden Özbegistanamy, ol ýerdenem Owganystanamy göçüp giden Molla Berkeli dagydan bolmaly. Adam Esen. Ata–babasyndan kowup Molla Esen diýlen–dä! Pir sebäp bilen ol o ýerdenem Hindistana geçýä, şo ýerde–de iňlislere sataşýa. Olaram: haý, şüýä bir meniklije oglan eleni, diýýäler–de, ýanlaryna alyp ula çekiberýäler. O–da mollaçylygan taşlaýa–da, özüni harbyçylyga urýa gidiberýä. Hä diýmänem gynaral bolýa. Gynaral diýmegem näme, ýanaral diýmek–dä.
Mommat daýymyň bu patarrakysyna kim gülýä, kim: aý, bu ker diýýän bolsa dogrudyr, diýýär–de, turýar gidiberýär. Seýitguly aga ýalylar bolsa:
–– Mommat aga, hany, bi, orsdanam–a biri bar ýaly–la, Kutuzow diýip, şoň yştymaýy gelip çykyşy nähilikä? Arassa orsmyka? –– diýşip, Mommat daýymy öňküsindenem beter gižželeýärler.
–– Häýsi?! Ho–ol, bir döwür pereňliler bilen uruşanmy? –– diýip, Mommat daýym olary gözi bilen iýäýjek bolýar. –– Ors bormy ondanam bir! Türkmen! Adyndanam görnüp dur–a, türkmendigi. Guduz! Ed–dil, guduz açan ýäli uruşýandygy üçin “gälän läkäm oňa. “Bä–ä, büý–ä guduz–ow, diýildigi. Ors bolsa oňa Guduz–ow diýýä–de, özüni däl–de, atasyny Guduz etýä goýaýýa… Düşdüňmi? Pereň urşunda ejizläp ors ony bizden diläp äkidende, soňam yzyna bermedik, Görgüli birnäçe gezek gaçypdyram welin, ýene–de tutup yzyna äkidäýipdirler–dä! Bir gezeg–ä ho–ol, Göwşutgalaň gädiginden girensoň yzyndan ýetipdirler. Şonda ol gözüne ýaş aýlap: häý bolmady–ow, ýöne, şu göbek ganymyň dökülen ýerinde ýekeje taňka şaý bir işeýin, diýipdir. Bolsa–da rugsat beripdirler. Änä, şoň üşinem Gowşut galaň şemal tarapky gädigine kä adam: “Guduz geçen” diýýändir. Guduzyň çaý içen ýeri diýdigi şol. Birentek nadan adamlar o gädigi “Guduz açan” diýip ýälňiş ätlandyrýäler. Bir, guduz açan itiň ädi bilen baglanyşdyryp ters düşünje ýaýratýalar. Düşdüňmi? Böýtmeli däl–ä, täryjy ýöýmaly däl–ä…
–– Mommat daýym käte, aýalaryny ýere diräp ýerinden galar–da: “Gelýänçäm gymyldaýmaň, how” diýip buşukmak üçin daş çykar. Gelensoňam dik duran ýerinde agzyny–burnuny töwlar–da, oturanlary ýeke–ýeke tükellär. Märekäniň başynyň bozulmandygyna gözüni ýetiribem ýerine geçer–de, gürrüňini dowam etdirer. –– Şumatky Ämrikä başlyk bolup ýören öglan bardyr. Esen Häzir diýýändirler. Ana, şolam bizden. Ors oňa Eýsengäwür diýýä. Bi diýdigi: Eý, sen, gäwür, diýdigi. Gäwür diýmegem käpir diýmek. Türkmen-ä olara käpir diýýä, olaram olara käpir diýýäler. Ädem pahyryňky näme, şo–ol, biri–birine piçjiň ätişip ýörmek–dä! Ýogsam şol ikisiniň dagy dinlerem bir–ä! Uruş döwürlerem Ämrikäň başlygy Oraz Belet diýip bir türkmen öglandy. Ýäzberdi dag–a şoň obasynam salgy berýädi welin, hä, ýäzip äläýmändirin–dä! Orslar şoňňam türkmendigini gysganyp, özleriniňkä öwürjek bolup, Orsbelet diýdiler ýördüler… Iňlisiň Ädnanuram Ännanur bolmaly, sebäbi “anna” sözi arapça “adna” bolýa. Garaýagyz bolansoň iňlisem şoňa arapdyr öýdüpmi, nämemi, Annasyny –– Adna öwüräýipdir. Ýöne näme, ilçilik–dä, bilinmeýän zät ýok–da…
Mommat daýym gürrüň edip oturan wagty diňleýjiler: “Oraz Belet diýýäni –– Ruzwelt, Esen häziri –– Eýzenhauer, Annaur diýýäni –– Adenauer”, diýşip, ýuwaşlyk bilen biri–birleriniň gulaklaryna çawuş çakyşarlar. Bu “hyşy–wyşylar” Mommat daýyma päsgel bermez, gaýtam gulagyna hoş ýakar. Şonuň üçinem ol uly hyjuw bilen, daşary ýurtlarda şalyk süren türkmen ýigitleriniň sanyny kem–kemden köpelder gider oturar.
… Şular ýaly degdim–gaç gürrüňlerine aldanyp, bir gezek onuň ýanyna Aşgabadyň Ylymlar Akademiýasyndan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny öwreniji, ýaş, etnograf alymlaryň biri ýörite iş saparyna–da geldi. Ýöne, gyzyl tapan gul ýaly, myhmanynyň daşyndan aýlanyp, agtyklaryna çaý–nahar buýrup ýören Mommat daýym onuň bilen kän bir mesaýy gürrüň edişip, ideşip soraşybam oturmady–da:
–– Bi, ädem mäýminden äzipdir diýen häýsiňiz önsoň –– diýip, ur–tut gürrüňdeşiniň ýakasyna elini ýetirip ugrady.
Ýaş alym onuň oýnudygyny ýa çynydygyny bilibilmän birneme ýaýdandy.
–– Ony diýen Darwin. Çarlz Darwin…
–– Kimiň ogly ol? Ady zad–a türkmen şagasynyňka meňzeýä. Çary Derwüş diýen ýaly… Ýä siziň öz ýöldeşleriňizden birimi?
Myhman ýigit zoraýakdan ýylgyrdy.
–– Aý, ýok, biziň ýoldaşlarymyzdan–a däl. Ol birwagtlar ötüp giden adam. Özem daşary ýurtly. Agtyklaryňyzyň kitaplarynyň arasynda–da bardyr–la, Darwinizm diýip. Ana, şo kitabyň awtory ol.
–– Wah, şo agtyklar–da meni bizar etýän, “Ätä, ädem mäýminden äzenmişin, inenmeseň ine guýruk ýerem ba”, diýşip… –– Mommat daýym maňa tarap elini salgady.–– Ine, Ätäjän ýegeniňem bar gürrüňi şol…
Şondan soň Mommat daýym diýseň çynlakaý sypata girip, alymyň ýüzüne dikanlady. –– Sen özüňem ynanýäňmi, osoň şoňa?
–– Nätjek–dä, ýaşuly… Ylym şony diýýä–dä… Bizem onsoň ynanmaly bolýas–da…
–– Näzär bilen Şägelden şöýle. Biri bir zat diýse güp ynanaýýälar. Ýalňyşyny şykarsaň bolsa halanoklar. Obadan şykýalar gidiberýäler. Saňa–da gaty bir ýa ýakaram öýdemok ýegen, şü meň äýtjek bolýan zätlerim.
–– Ýaksa–da, ýakmasa–da, hakyky zat bolsa aýtmaly, ýaşuly. Bize asyl geregem şol. Hut şoň üçinem şeýdip, biz il söküp aýlanyp ýörüs.
–– Äýtsem, ýegen, sen ine, bir zätlär gözleýän diýýäň, Ýäzberdi ýäli tärihi dörjeşdiren bolýaň, onyň gowy zät, ýöne, näme gözleýäniňi welin özüňem bileňok.
–– O nähili bilemok?
–– Bileňok–da!
–– Aýtdym–a ýaňy, türkmenleriň gelip çykyşy barada maglumat ýygnaýan, diýip.
Mommat daýym bir düýrmek boldy–da, oturan ýerinde “gyjyr–gyjyr” etdi.
–– Türkmen näme adam dämi–aý?
–– Men näme, adam däl, diýdimmi?
–– Adam däl diýeňok, ýöne, ine, öňürt–ä adamyň aňyrsy mäýmin diýýäň, soňam türkmeniň äňyrsyny gözleýäs diýýäň… –– Ol sag eliniň arkasy bilen çep eliniň aýasyna telim gezek dagy şarpyldadyp ýelmedi. –– Ahow, ýegen, adamyň aňyrsy mäýmin bolsa, türkmenem adam bolsa, onda oňňam aňyrsy mäýmin bor–da!
Uly hyjuw bilen işe başlan myhmanyň mesenesi peselip ugrady. Ýöne, her niçik hem bolsa syr bildirmezlige çalyşdy.
–– Seň bu pikiriň umumyadamzat taryhynyň çür başyna degişli, ýaşuly. Ol asyl biziň ylmy kompetensiýamyza–da girenok. O zatlar bize entek–entekler başartmaýaram. Biz häzirlikçe diňe türkmeniň gelip çykyşy bilen gyzyklanýas. Meň hut öz temam şol. Eşitseňiz eşidensiňizem, ine, oguzlar diýýändirler, seljuklar diýýändirler, ondan aňyrrak gidiberseň gunlar diýer, hunlar diýer, garaz, şolaryň hemmesem biziň aňrymyz, türkmen halkynyň kemala geliş prosesine gatnaşan halkyýetler…
–– Her öňýeten gatnaşyberer ýaly o näme ýowarmykan–aý, egen? Onsoňam sen bir zada düşün: oguzlaram edil, ýapyň ýüzünde gögeren–ä däldirler. Ýa Oguz han olary melleginde ekip ýetişdiren–ä däldir. Ýa şol ýaňky sanan hälklaryň hiç birinem hiç kim inkibatyrdan şykaran–a däldir. Häýsiniň aňyrsyny bildim diýseň oňňam–a aňyrsy bolmalydyr. Äne, onsoň barar–barar–da, barysynyň aňyrsy maýmynyna dirär duruberer. Şondan bärki azaplardan sen boş! Sen ýöne şol mäýminiň äňirsiniň häýsi mäýminden gelip şykandygyny bilerin diýseň, onda işläber! Onda sen tarhan!.. –– Myhman usullyk bilen meniň ýüzüme seretdi–de, kagyz–galamlaryny ýygnaşdyryp başlady. Onuň hyýalyny aňan Mommat daýym ýerinden turdy–da, garşydaşy ejizläberende edýän endigine görä, gybyrdyklap baryp egnine kakdy. Çigninden basdy. –– Hany, sen entek birazajyk giň bol! Darykma. Hiç zädi göwnüňe–de alma. Ine, çaý iç, nahar geler, nahar iý, ýat, tur, dynjyňy al! Gije–de ikijigimiz ässe–ýuwaş gümür–ýämir edişi–ipjik, sakyrdaşar oturarys. Ir bilenjigem Ätäjän ýegen ikimiz ýola şykaryp göýbäris. Ýä–de eltip gaýdarys, şähere…
Eýýäm ýerinden ör turan myhman öýkesini bildirmejek bolup diýseň ýuwaş gepledi:
–– Aý, ýok, ýaşuly. Men gaýdaýyn… Irgözindenjik aşaýyn… Ertir irdenem ol awtobus bilenjik…
Öte geçenini ýaňy bilen ýaly, indi Mommat daýymyň özi ýan berip başlady.
–– Ýa, he–eý, ýegen!.. Giňräk borlar–a, ile şykaňsoň… Ugrumy tapyp gürledibilseň gürrüň kändir mende. Aýt, diýseň barynam aýdaryn men. Asyl, şu jelegaýda gürrüňe menden ökde adam ýokduram. Gotur pahyr birneme parhlyrakdy, ýöne, o–da ýok indi. Ýäzberdem ýok. Bir men galan. Ömrüm uzak bolaýsyn ýöne. –– Mommat daýym gapa golaýlaberen alym ýigidiň öňüni çolady. –– Men, ýegen, irepliýüwsäniň öň ýany özüň ýaly biriniň gepine gidip gyzyllar bilenem çalarak “tark–turk” edişen adam men. Gerek bor diýseň içi ýemisli gürrüňlerdenem aýdybiljek. Aýyň arkasynyň nämüşin ertirine–hä eýläk, agşamyna–da beýläk bolýanynam düşündiribiljek. Sübüdem edibiljek…
Şol wagt Mommat daýym: “Ine, sen–ä Ä–äý…” diýip, ýaş alymyň daşyndan aýlanyberer öýdüp gara janym galmady. Hernä ol beýtmedi. Howlukman köwşüni geýen myhman bilen egin deňläp daş çykdy, elleşip hoşlaşdy, möhümi bitmedigi üçin myhmanynyň gynanýadygyny görüp özem gynandy. Şonda ol ömründe birinji gezek öz kejirligi üçin öz–özüne yza beren bolsa gerek, uzynly gije uklap bilmedi. Zol–zol daş çykdy. Gorsandy. Göwnüne myhman ýigit gaýdyp geläýjek ýaly ertesi uzynly gün ýola bakyp oturdy.
Mommat daýym Tuwak gelnejemi halamaýar
Bir gezegem ýaz aýlary Mommat daýym elimden tutdy–da:
–– Ätäjän ýegen, ýör, Ýäzgeldi käkäňlere gideli, iläýik heleýem öýünde ýokmuşyn. Bir gülüşip, degişip hezil edeli, göwün açyşaly oň bilen. Hemem “aýdym maşyn” diňläli –– diýdi. Ýolboýy keýpi kök halda hiňlenjiräp, maňa dagam her hili henekler atdy gitdi oturdy.
Ýöne, elbetde, maglumat ýalňyşrak düşendir–dä, barşymyz ýaly Tuwak gelnejem öňümizden çykdy–da, Mommat daýymyň bar keýpi gaçdy duruberdi. Ýogsam, Tuwak gelnejem onuň göwnüne geler ýaly zadam diýmedi. Adam şekilli salam berdi, iç–daşyny soraşdyrdy, giriberiň, Ýazgeldi öýdedir, diýdi. Derrewem bir çetde garaşyp duran gara taňkany garbap aldy–da, çaý goýmak üçin işiklerindäki ojaga tarap topuldy. Umuman, ähli hereketleri bilen biziň gelerimize begenýändigini bildirdi.
Mommat daýymyň göwnüne welin onuň şol hereketleriniň barysy ýasama, ýalan bolup göründi.
Iň ýamany ol ýylgyrjaklap öýden çykan Ýazgeldi kakam bilenem sowuk–sala salamlaşdy, gyýa bakyp görüşdi, töre geçip oturandan soňam daş işige tarap “hüžžerildi–de”, ýaňyja gazandan çykarylan gyzgyn ete agyz uran ors gürjüsi ýaly garjaşyk sesi bilen “wagyr–wugur” etdi. Oňa men–ä düşünmedim welin, ýöne, Ýazgeldi kakam:
–– Şükür, özüňem gurgunmy? Sag–aman gymyldap ýörsüňmi –– diýdi. Soragyna jogap alyp bilmäninden soňam alkymyna dykyldy–da, iki gözüniň içine dikanlap bokurdagyna bat berdi. –– Tüweleme geläýipsiň–oow!..
Mommat daýym aşak bakyp oturşyna agzyny “müňk–müňk” etdirdi. Soňam Ýazgeldi kakamyň ýüzüne alaryldy.
–– Näme, gelmelem dämi?
Mommat daýym şondan soňam Ýazgeldi kakam bir zat diýdigi:
–– Häýsi? –– diýip, onuň ýüzüne gyňraýdy oturdy.
Onuň eýýämhaçan bir zada kejigendigini aňdy–da, “Näm boldy muňa” diýýän manyda Ýazgeldi kakam meniň ýüzüme seretdi. Men eginlerimi ýygyrdym. Ed–dil şol wagtam onuň uly ogly Handurdy düňküldäp gapydan girdi–de: “haş–haş” edip durşuna Mommat daýyma salam berdi. Dik duran ýerinde aýaklaryny silkeläp, köwşüniň her taýyny bir tarapa taşlady–da, ylgap baryp görüşdi. Çykyberjek boldam welin, Ýazgeldi kakam oňa bir çetde ýatan gazetleri görkezdi.
–– Bar şolaň birini al–da öňküje emeliňi et, ýogsam eýgertjekgä bi bize.
Handurdy bir gazeti iki gatlygyna bileginiň daşyna orady–da, dükançylaryň süýji çekende edişi ýaly, bir ujuny çürreldip ullakan guýguç ýasandy. Onuňam giň tarapyn–a Mommat daýymyň gulagyna, inçe tarapynam öz agzyna tutdy–da,”men taýýar” diýen terzde kakasynyň ýüzüne seretdi. Şondan soň Ýazgeldi kakam–a sorag berdi, Handurdam onuň aýdanlaryny Mommat daýymyň gulagyna guýdy.
–– Öý içerler saglykmy–y–y?!.. Özüň gurawmy?!
Mommat daýym myrryhynyň tutandygyny gizlejegem bolmady. Öňüne oklanan iki sany ullakan gök ýassygy çep dyzynyň aşagyna dykdy–da, ilki Handurdynyň, soňam Ýazgeldi kakamyň ýüzüne çiňerildi.
–– Buraw?..
Ýazgeldi kakam “ýyrş” edip maňa seretdi. Soň ýene–de Handurda ümledi. Handurdam maňlaýynyň derini eliniň tersi bilen syldy–da, guýgujynyň uly tarapyny Mommat daýymyň ýarpy ýüzüne geýdirdi.
–– Buraw diýeno–ok, gurawmyň diýýä–ä!.. Janyň sagmy diýýä–ä–ä–ä!..
Mommat daýym gözleriniň agyny bulandyryp Handurda seretdi.
–– Eliňdäkiňi bir ýok etsene, Hän ýegen! Özüňem gygyrma. Ker ýok bi ýerde…
Handurdy boz–ýaz boldy. Birazajyk ýaýdanyp durdy–durdy–da, elindäki gazeti bir gapdala oklap goýberdi. Eglenmänem daş çykdy.
Şondan soň Ýazgeldi kakam Mommat daýymyň çat maňlaýyna geçdi. Çöküne düşdi. Tüýdügiň ýanynda ýanama gygyrýan bagşy ýaly diň–gögüne garap gözüni ýumdy. Ellerini salgap sesiniň ýetdiginden gygyrdy.
–– Nahar getireýinmi ýa çaý içjekmi–i?!..
Mommat daýymyň dodaklary bäş–üç gezek dagy büzülip ýazyldy.
–– Hiý, türkmençilikde gelen ädeme gitjekmi diýilýänmidir, Ýäzi ýegen?..
Ýazgeldi kakam çygylmakdan ýaňa çym–gyzyl bolan gözlerini çygjardyp hasam ileri omzady. Mommat daýymyň boýnundan gujaklady–da, agzyny onuň gyllary çoguşyp duran gulagyna golaýlatdy.
–– Gitjekmi diýemo–o–ok, çaý içjekmi diýýä–ä–än! Ça–aý!.. Ça–aý!.. Çaý içjekmi–i–i!!!.. Ýa öňürti nahar getireýinmi–i–i?..
–– Meň gähärimi getirerden ýäşsiň entek, Ýäzi ýegen…
–– Gaharyňy getireýinmi diýemo–o–ok, nahar getireýinmi diýýä–ä–än… Naha–a–ar… Nahar–r–r…
Mommat daýym oda gorsalan kartoşkanyň daşy ýaly garört bolan guraksy, ýygyrt–ýygyrt ýüzüni öňküdenem beter küssertdi.
–– Beýdip mäsgärä bolup oturma–da getiriber nämäň bolsa… Ýä hökmän soräp bermelimi sen ony?..
Içiňi ýakaýyn diýen ýaly edil şol wagtam Tuwak gelnejem saçak getirdi–de, özüni Mommat daýymyň ýanynda betnam eden şol bir sözlerini oýunlyga salan bolup ýene–de orta atdy oturyberdi.
Men birhili boldum. Şondan soň nämeleriň bolup geçjekdigini göz öňüne getirip düýrükdim. Damarlarym dartylyp, tenim iňňe soksaňam duýmaz ýaly derejede doňdy. Bir Mommat daýymyň, bir Tuwak gelnejemiň, birem Ýazgeldi kakamyň ýüzüne howsalaly garap oturşyma demimi kadaly alybilmän “has–has” etdim.
Düwdek bolup oturan Mommat daýym bolsa Tuwak gelnejemiň ýüzüne erbet bir alaryldy. Owurdyny çeýnedi. Agzyny müňküldetdi. Göwresini saňňyldatdy. Ahyram ýaryldy–da, Tuwak gelnejeme aýdasy gelip, aýdybilmän ýören sözleriniň barysyny bir demde dile getirdi.
–– Bilgeşleýin edip–etmän, gelin egen, biziň ilde hakymyz köýenok. Düşdüňmi? Iliňem bizde haky köýenok. Onsoňam men şu gapa Ýäzi ýegen diýip gelýändirin. Düşdüňmi? Başga ädem diýip gelýän däldirin. Bildiňmi? Ölýänçämem gelerin… Saňa ýaksa–da gelerin, ýakmasa–da gelerin.
Ýaşulynyň göwnüne deger ýaly üýtgeşik zat aýdandyrynam öýtmän, ýyljyraklap duran Tuwak gelnejemem birdenkä oňaýsyz ýagdaýa düşdi–de, özüni aklamak üçin bir zatlar diýmäge synanyşdy. Oňa çenli Ýazgeldi kakamyňam inçemik, saryýagyz ýüzi gamaşdy. Goňrumtyl, gür şalary uzyn maňlaýynyň aşak eteginde birnäçe gezek üýşüp çaşdy.
–– Güm bol! Bar özüňem ejeňlere git–de, tä, Mommat daýym gaýdýança garaňy salma! Biz özümiz günümizi göreris.
Tuwak gelnejem ylalaşykly äheňde: “Bor, bor, gidäýerin, diýse–de, tasanjyrap çykyşyndan, “tosaň–tosaň” edişinden, azajyk ynjandygy bildirdi. Gapydan daşlaşdygy saýam sesi gataldy. Ýöne, onuň näme diýenini Mommat daýym–a däl, hatda Ýazgeldi kakam ikimizem aňşyrybilmedik.
Şondan soň Mommat daýymyň özem açylyşdy, gulagam. Gepleşmegem aňsatlaşdy. Ýazgeldi kakam ikisi uzakly gije ondan–mundan gürrüň edişip oturdylar. Ýazgeldi kakamyň köneje patefonyny açyp aýdymam diňlediler. Handurdy ikimizem gapdallarynda oturyp diňledik. Hezil etdik. Uzynly gije daşarda ýagyş çisňedi–de, içeriniň howasam diýseň hoştap, arassa ýumşaksy boldy.
Ertesi irden çaý içip otyrkak daşardan Tuwak gelnejemiň sesi eşidildi–de, Mommat daýymyň ýene–de myrryhy tutdy. Öýlän gideris diýip oturan halyna maňa tarap mölerildi–de:
–– Ätäjän egen seret, ýägiş goýdumy, goýan bolsa gideli –– diýdi.
Men daş çykyp geldim–de, Mommat daýymyň üstüne howala boldum. Agzymy gulagyna golaýlatdym.
–– Goýdy-y–y!!!
Mommat daýym “ziňk” edip ýüzüme çiňerildi.
–– Bugdaý?
Bir çetde bize syn edip, ýylymjyrap oturan Ýazgeldi kakam başyny ýaýkady. Saklanybilmänem güldi.
–– Adamyň özünde–de birazajyk üşük bolmalydyr–a, şu ikorta bugdaý sözüniň geljegini–gelmejegini bilmelidir–ä…
Oňa çenlem Mommat daýym ýerinden turdy. Eşiklerini geýdi. Guşandy. Ýanbyldakdan gapa tarap ýöneldi. Ýüzüni kese sowup, howany gulaçlap barşyna Ýazgeldi kakama bakan gyňralybraga–da:
–– Senem ömrüňi oýnaklap geçirjeg–ow, Ýäzi ýegen –– diýdi.
–– Aý, näme, “It ata, är daýa” diýenleri–dä, Mommat daýy.
Mommat daýymyň agyz ýeri çyzylyp gitdi. Bu onuň göwünli–göwünsiz ýylgyrdygydy.
Bir zada gahary gelse ýa kejikse Mommat daýymyň hakykatdanam gulagynyň agraýýandygyny men ine, şonda bilip galdym. Ýöne, ol muny Tuwak gelnejemiň aýdyşy ýaly bilgeşleýin edýärmi ýa bar bolubilşimi, ine, şony welin şu wagtam aýdybiljek däl.
■ Mommat daýymyň syýasata süýkenişi
Munça bolanyna görä, Mommat daýymyň syýasat barada hem özüçe pikir ýöretmäni, iň bolmanda özüni syýasatdan başy çykýan adam hökmünde görkezmäni gowy görendigini hem aýtmagym gerek. Bu ugurdan ony has ir döwürler nämeleriň gyzyklandyrandygyny bilemok, ýöne, men akylymy bilip ugranymdan soň–a gürrüňi sowet hökümetiniň ýer ýüzi boýunça adyl syýasat alyp barýandygy, Leniniň kelleli, Staliniň parasatly adam bolandygy, şol ikisi bolmadyk bolsa SSSR–iňem bolmajakdygy, faşistleriň öz emellerine çolaşyp, Gitleriň Stalinden öler ýaly basylandygy, uruş bolmadyk bolsa biziň baryp–ha bir wagtlar dünýäniň ähli ýurtlaryndan, hatda Amerikadanam ozup geçmelidigimiz, ýöne barybir “hä” diýmän ozup geçjekdigimiz, sebäbi biziň adamzadyň röwşen geljegi bolan kommunizme tarap barýandygymyz ýaly günde–günaşa radioda, gazetdir žurnallarda agzala–agzala halys leji çykan meseleler barada bolýardy.
Dogrumy, dogry dälmi, tapawudy ýok, üýşmeleňlerde–de şolar ýaly süwümsiz, howaýy, syýasy söhbetlere ýol açyp, şol meselelere kimdir biri bilen geýdirlişibilse, äheňini merkeziň uly ýygnaklarynda edilýän gürrüňleriň hörpi bilen deňeçerläp, diliniň keýpjagazyny görübilse oňa başga zat gerek däldi. Şol zatlar barada gürlände üznüksiz gobsunjyrap, gollaryny galgadyp, içine çöküp ýatan kükregini ýelden dolduryp dabara bilen sözlemäni, özüni hökümete hemmelerden yhlasly, ýolbaşçylara ýakyn adam edip görkezmäni gowy görýärdi. Onuň düýp sebäbiniň baryp–ha otuzynjy ýyllardan, uruş döwürlerinden bäri dowam edip gelýän ýamanlaşyklardan, “onda eý diýipsiň, munda beý diýipsiň” diýen ýaly bahanalar bilen edilen tutha–tutluşyklar, basha–baslyşyklar bolaýmagam ahmal. Sebäbi, her gezekki “çykyşynsan” soň ol usullyk bilen oba arasyna diň salýardy, “Ätäjän egen men hakda gürrüň ýokmy” diýip soraýardy. “Erbet zat aýtsaň–a derrew ýetirýäler, gowy zat aýtsaňam agyzlaryna suw alan ýaly, enkewedäň ägentleri gyrlan ýaly” diýip, garaçyny bilen jibrinýärdi, Iki agzynyň birinde–de Troske sökýärdi. Stalin wagtynda duýup ýoguna köýmedik bolsa, onuň sowet hökümedini şol wagtlar dargatjak ekendigini diş–dyrnak bolup düşündirýärdi. Staline duýdurman halky tutha–tutluga sezewar edendigi üçin Ýežowam ýerden alyp, ýere sokýardy.
Howwa, başda onuň hörpi şolar ýalydy. Ýöne, soň–soňlar jyny Hruşewe düşdi. Stalini tankyt edendigi üçin ony Tuwak gelnejemdenem beter ýigrendi. Uly ýygnaklaryň hörpüne gabat gelmese–de:
–– Häý, oglanny eşek kowalanyň keli! Özi barka–ha aşagyna girjek bolýady welin, indi gö–ör, jiňkerilen bolşuny!.. –– diýip, öz ýanyndan özi gyjyndy ýördi. –– Şo keliň öz göti düzüw däl, Ätäjän ýegen, ine, gör–de dur, ahir bir gün seseseri sätip gider şol. Şo kel işpeýan bolup şykmasa, ýegen, meň bär bilenim ýälän. Bi, hälke mekgäň ununy iýdirip ýörşündenem bäll–ä, oň kimdigi. Şo bolşy bilenem halky mämänizmde ýaşatjakmyşyn. Enesiniň onsuny ýaşadar…
Orta mekdebi gutaranymdan soň men Moskwanyň edebiýat institutyna okuwa girdim. Şonuň üçinem, hamala men o ýerde Hruşew bilen günde–günaşa görşüp, tirkeşip ýören ýaly, meniň ýanymda şoňa bir zat diýdigi tüýs jüpüne düşäýjek ýaly, şoňa diýlen zatlar ot bolup öňürti meniň bagryma basylyp, Moskwa baranymdan soň ony ýanyma çagyraga–da: A–how, kel, sen gowuja bol. Ýogsam Mommat daýym halanok seň bolup ýörşüňi, gahary gatyrak gelse heläk eder o seni, diýip, mazalyja käýýäýjek ýaly. Mommat daýym ony meniň ýanymda öňkülerindenem beter, öňkülerindenem has hyruçly ýepbekläp başlady.
Bir gezegem şeýle ýagdaý boldy.
… Men hernä kanikula gaýdanymda Moskwanyň üýtgeşik süýji–kökelerinden jigilerime, gözaýdyňa gelen goňşy–golamlaryň çagalaryna dadymlyk alyp gaýdardym. Şol sapar welin, halys wagtym bolmady–da, gel–aý, Aşgabatdan alaýaryn–da, diýip, boş gaýtdym. Aşgabada gelensoňam näme, her kim basymrak öýüne ýetjek, etrabymyzyň awtobusy ugrajak bolup dur ekeni–de, dükanlara–da sowulman basdym biline. Etraba baransoňam obadan ýüke gelen maşynlaryň biri duşdy, garaz, iki elimi burnuma sokup barmany kyn gördüm–de, obamyzyň dükanyndaky atam eýýämden bäri baslygyp ýatan ýenjik–ýenjik, içiniň ballary çoguşyp duran dörtburç süýjüden iki kilojyk satyn aldym.
Öýe baryp saglyk–amanlyk soraşanymyzdanam hälki süýjini eneme berdim. Olam onuň ep–eslisin–ä jigilerime paýlaşdyrdy, galanynam bir telperje läläniň içine salyp gözaýdyňa gelenleriň öňünde goýdy.
Hä diýmänem ýatymlyk odundan gelen ýaly aýagyny süýräp Mommat daýym gapydan girdi. Bir goluny kelemenledip gelşine indi mazaly bady gaçyşan gyryljak sesi bilen:
–– Geldiňmi–ow, ýegen!.. –– diýip, gygyrdy.
Men ýerimden turup görüşdim. Öz ýanymdan ýer görkezdim. Ýassyk okladym. Aşagyna düşek atdyrdym.
Sähelçe salym dowam eden mesaýy gürrüňlerden soň ol özüniň syýasy hasap edýän söhbetine başlady.
–– Ätäjän ýegen, Ämirka güýşlümi ýä biz? Şoň yzyndan ýeterismi–i, ýä ýetmerismi? Biziň–ä habarymyzam ýok welin, ýüňdemi, ýymyrtgadamy bir zatda–ha ozup geçipmişik şolardan şo şynmy şo? Ýä ýälänmi? Kel–ä bar zatda–da özup geşeris diýýä. Ýa pohuny iýip ýördügimikä oňňam?..
Olar ýaly töňňeli meselelere menden düzüwli jogap alyp bilmejegini bilensoň, Mommat daýym birazajyk dommarylyp oturdy–da, gürrüňiniň ugruny üýtgetdi. –– Ýegen, bi Meskewada ýüzünde adam görnüp dürän yradyýa ba diýýäler welin şo bir şynmy? Şoň işindäkiler şyn adammy ýä sürätmi? Ýeriň äşägi giden şähermiş diýýänleri nähili? Ätem bommasyny zyňyp izindenem wädärot diýilýän bommälaryny täşleseň ýeriň ýüzünde bi–ir, ýäkimli, sälkin howä bolýa diýýäler welin oň ugrundalygy nähili? –– Birdenem onuň gözi ortadaky süýjä düşdi. Arasyndan abadyny gözleýän ýaly birmeýdan tiňkesini diýip oturdy–da, usullyk bilen elini uzatdy. Süýem barmagy bilen dörjeleşdirdi. Iň ýokarsyndaky ýarty süýjini alyp kösseşen gözlerine golaýlatdy. Dişleri dökülendigi sebäpli soňky döwürler hasam ýiteňkirlän kempaý tumşugyny bolşundanam beter kempeýtdi. –– Gö–ör o kel gyzyňy ýygyraýynyň öz iýýän zädini! Ýeri, bir döwlet bolup otyrsyň. Iber–dä şu ýerigem şular ýäli üýtgeşik süýjülerden bir ýeşik, ýärim ýeşik. Iň bolmände Maryda ýä Aşgabatda barlygyny bilsegem Sapbym ussa ýäliň biri bazar günleri pil sap satmana gidenlerinde sargojog–a, bizem. Hiç bolmanda dadyp bir galjag–a… Ýo–o–ok, äýtýän–ä şoň göti düzüw däl diýip… Hälkä bolsun etjek ädäm däl ol. Nädip etsin, Keminäň heleýi ýäli öýünde oturmasa. Bir gün ondän şykýa, bir gün myndan…
“Kel” aýrylansoň onuň jyny “gaşlaga” düşdi. Özem hamala döwlet ýolbaşçylaryny men aýryp goýýan ýaly:
–– Gäşini Oguljuma pähiriň gäşi ýäli edip siziň mynyňyzdadam–a derek ýok ýäli–how ýegen –– diýip, her gezek oba baranymda maňa iňirdedi ýördi.
Ýogsam, “gaşlak” ýurt başyna geçende men eýýäm okuwymy gutaryp gelip, Aşgabatda işläp ýördüm.
Bir günem zähmet rugsady döwrüm oba gezelenje gelipdim–de, işigimizde oňa–muňa güýmenen bolup ýördüm. Birdenem Mommat daýymyň agtyklarynyň biri ylgap geldi–de:
–– Atam çagyrýa –– diýdi.
Barsam hum ýaly çişip otyr. Gözlerem ganguýma gyzyl. Gapydan girişim ýalam elime “Sowet Türkmenistany” gazetiniň iň soňky sanyny tutdyrdy–da, saňňyldap duran barmagyny gazetiň “Sport täzelikleri” diýen ýerine dürtüp, hemleli gygyrdy.
–– Oka!
“… Ýaňy–ýakynda, Leningrad şäherinde SSSR boýunça woleýbol ýaryşy geçirildi. Şol ýaryşda Türkmenistan SSR–niň woleýbolçylar komandasy on ýedinji orny eýeledi” diýen jümläni okap çykdym–da, “hä, näme” diýen manyda Mommat daýymyň ýüzüne seretdim. Öňdenem suwa goýberiljek gaýyk ýaly galkyjaklap oturan pyýada bir dyzyna galdy–da, üstüme howala boldy. Ýüzüme gyňralyp durşuna eliniň arkasy bilen “tarp–tarp” etdirip täzelikleriň üstüne kakdy.
–– Näme, düşünmediňmi?
–– Ýok, näm ba?
Mommat daýym aýtjak sözlerini çeýneýän ýaly dodaklaryny müňküldetmezden öňürti esli mahal gäwüşäp oturdy. Ýüzüme alarylyp içini hümletdi. Birdenem barmaklaryny büküp başlady.
–– Öň–ä seseser boýunça on älti irespulka bardy. Şömi?
–– Howwa.
–– Oňňam biri dönük bolup şykdy. On bäşi gäldimi?
–– Dönük çykanok ol, Mommat daýy, ony awtonomiýa öwürdiler.
–– Hä?
Men gaýtaladym. Mommat daýym iki çignine agyz urdy.
–– Po–ohuňy iýme! Bir gep tapmadyk bolsalar aýyrmazdylar.
–– Ýeri bolýa, näme diýjek bolýaň?
–– Hä?
–– Näme diýjek bolýaň diýýän?
–– Düşünmeýän zädim, ýegen, seseserde bary–ýogy on bäş irespulka barka, nädip bi, biziňkiler walabol oýnanda on ýedinji bolýalar? Sen ine, şony äýdip ber maňa, Meskewädä okan bolsaň…
–– Oň sebäbi, Mommat daýy, respublikalardan daşary Moskwa, Leningrad, Kiýew ýaly uly şäherleriň özleriniňem aýratyn komandalary bolýa. Şolaram hasap edilýä…
–– Ýo–o–ok, ýegen, onyň bolanok! Onyňa men ynanamok. Sen ýöne aralarynda okap gaýdaňsoň şolara ýan basjak bolýaň. Bi ýerde başga mesele ba. Siýäset ba. –– Mommat daýym ýumrugy bilen “güt–güt” edip kükregine urdy. –– Olaň hiç häýsiniň ine, şunsy düzüw dä… Oloň bizi galyndyraslary gelenok. Düşdüňmi? Uruşmäly bolando–ha sen olara birinji oşur gerek, dünýäň düzüw wagtam ine. –– Ol elindäki gazeti silkeledi. –– Sen on ýedinji! Bi, bolmyýa, ýegen! Meskewäde okanam bolsäň, jürnälde işliýänem bolsäň sen düşünmeýän ekeniň, bi zätlärä…
■ Mommat daýym bilen hoşlaşyk
Jedelleşmäni gowy görşi ýaly, ol jedelleşip otyrka–da gitdi. Gitdi diýäýýän–dä, ýogsam men özüm–ä obada ýokdum. O wagt Aşgabatdadym. Aýdyşlaryna görä, öz öýünde obadaşlarynyň biri bilen eňekleşip otyr ekeni–de birdenem ýüregini tutup bir gapdala gyşaraýypdyr. Şol gyşaryşam–gyşaryşy bolupdyr. Gaýdyp galmandyr.
Men ony jaýlan günleriniň ertesi geldim. Ýazgeldi kakam bilen öwlüýä gidip, başujunda aýat okadym. Ýedisine çenli düşeginde oturdym. Gaýtjak wagtym indi garrap, halys tapdan düşen Durdygözel daýzamyň ýatan jaýyna baryp hoşlaşdym. Ol meni görüp bozuldy.
–– “Egri ajaly” ahyr ajal elimden aldy, Atajan ýegen! Ýeke galdym. Kararym ýok –– diýip aglady. Goýbermän kän saklady. “Gitme” diýip, şo–ol, özelendi oturdy. Iki gezek dagy turanymdan soňam ýeňimden çekip aşak oturtdy. Iň soňunda–da: –– Menem uzak durman indi, ýegen jan, Egriajalymyň ýanyna giderin. Eňekleşere adam tapman kösenýändir ol o ýerde. Şoň üçinem, görsek–görmesek yrza bol… –– diýdi.
Aýdyşy ýalam boldy. Hä dýmän o–da gitdi. Mommat daýymyň gapysy menden ýedi ädim daşlaşdy. Hernäçe mähriban, hernäçe alçak bolsalaram, çagalarynyň hiç biri onuň ornuny tutup bilmedi. Onuň ornuny asyl, oba bolubam tutup bilmediler, Märekede, meýlisde, uly–uly oturşyklarda şol, göwresi tagaşyksyz, eňegi gyşyk, gulaklary agyr, keçjal hem jedelkeş adamyň orny hemişe oýuldy durdy. “Hä, Mommat ker bolan bolsa–ha hezil bererdi welin…” diýşip uly ahmyr bilen çaşanlaryny men özümem telim gezek dagy gördüm.
Howwa, ýatan ýeri ýagty bolsun, pahyr juda gowy adamdy…
Hekaýalar