MOMMAT DAÝYM
■ Mommat daýym bilen tanyşlyk
Ýoldaş Goturow, Emir kary ýaly obamyzyň täsin gylyk-häsiýetli adamlarynyň ýene birem Mommat daýymdy. Çyn adynyň Muhammetgulydygyna garamazdan, oba arasynda onuň ýörgünli ady Mommat kerdi. Ker bolup şeýle bir depme kerem däldi–de, ýöne, ýagdaýyna belet bolmasaň gepleşäýmek aňsadam däldi. Üstesine eňegem gyşykdy–da, geplände agzyndan tüýkülik baryny syçradyp, “häw–wäw”, “wat–wüt”, “pfü–fü” etdirip diýseň düşnüksiz gepleýärdi. Aýdýanja sözleriniňem ýa–ha soňuny ýuwudýardy, ýa–da öňüni kem aýdýardy. Köplenjem “ç” sesine derek “ş”, “a” sesine deregem “ä” ulanýardy. Galan seslerem şol iki sesiň gelşine görä üýtgäp durýardy.
Iň geň ýerem ol göwnän wagty–ha agzyňy çalaja gymyldatdygyň “şapladar” oturardy, keçjallygyna tutan wagty ýa bir zada gahary gelen wagtam gulagynyň agzynda top atsaňam ýa–ha eşitmezdi, ýa–da eşitmediksirän bolardy. Eşidäýende-de ýüzüňe gyňraýlybraga–da: “Häýsi?” diýip, düýbünden ters sorag bererdi. Nämäň haýsysy, haýsyň haýsysy, Hudaý bilsin! Onuň bu bolşuna öz obamyzyň adamlar–a halys öwrenişipdiler welin etrap merkezinde ýaşaýan, doganoglan agam Ýazgeldi kakamyň aýaly Tuwak gelnejem oturan–turan ýerinde: “Şuňň–a kerligem ýalan bolaýmasa… Bilgeşleýin edýän bolaýmasa…” diýip, hili bir iş bitirýän ýaly syrtarylar ýörerdi. Bu–da Mommat daýymyň gulagyna ýeterdi–de, öler ýaly gaty görerdi. Ýüzüne eýle–beýle diýmese–de: “Bymy!? Myň niýeti düzüw däl. Päli ýaman! Myň maksady Ýäzgeldi ýegeni gärindeşleri bilen gätneşdirmezlik. Biziň barmanymyz bilen iläýik, bal gününe batar–da weli…” diýip, özünden özi hüňürdener ýörerdi. Ýazgeldi kakamlara görme–görşe gitse–de, Tuwak gelnejemiň ýok wagtyny peýläp gidäýenini kem görenokdy.
Kerliginiň üstesine Mommat daýymyň daş–keşbem gözgynyrakdy. Ozaldanam küsserip duran ýüzüni üşän kürräň ýüzi ýaly bir tarapa sowup, dogabitdi kiçijik göwresinem iki büklem edip ýöräp başlanda, bilinden ýokarsy ädimsaýy bir tarapa burlup–burlup gidýärdi. Garpyz gysdyrylan ýaly gabaryp duran sag goly bolsa suwa gideniňki ýaly birsyhly howany gulaçlaýardy. Üstesine aýagam täbigräkdi–de, kesesinden syn edeniňde synasy ýaraly bir ganaty döwük, uçmana mejaly bolmansoň höwürtgesine tarap süýrenjiräp barýan garry bürgüdi ýadyňa salýardy.
Indi bolsa geliň, Mommat daýymyň synasynyň niresine, nädip, haçan we nähili ýagdaýda zeper ýetendigi bilen tanyş bolalyň.
Eňeginiň gyşyklygynyň sebäbini aýtsak, uruşdaka ok degipdir–de, tikejiniň çep tarapyny kül–uşak edipdir. Owurdyny selteripdir. Öz aýdyşyna görä, doktorlaram içinden rezim goýupdyrlarmy, nämemi, bir emel bilen tikipdirler-de, eňeginiň galanja ýarysyny saklar ýaly edipdirler. Şonuň üçinem, çep ýan dulugy agzy–burny bilen bir tarapa towlanar durardy, Geplän wagty ses çykyşyndan ýa gaçyp guzlaýan towugyň syrty ýaly käwagt bir müňküldäp duran büzük dodaklarynyň gymyldysyndan çen tutaýmasaň, şol ýerde agyz bardygam bildirenokdy.
Eşidişimize görä gapdalynda granat ýarylypmy, ýa özi gömülgi ýatan minanyň üstünden basypmy, onuň gulagyna–da uruş döwri, entek eňegine ok degmezdenem öň zeper ýetipdir. Telim wagtlap gospitalda ýatansoň bir gutulan ýalam edipdir–de, eňegini operasiýa edenlerinde ýene–de gozgaýypdyr. Şondan soň welin gaýdyp açylmandyr.
Göwresiniň iki eplenmeginiň sebäbi bolsa ine şü: ýagny, uruşdan gelen döwürleri agyr işe ýaramsyz adam hökmünde ony kolhozyň ýorunja meýdanyna sakman goýupdylar. Oňa–da her gije arabakeşleriň ýabylary baryp bizar edýän eken. Ine, onsoň bir gije halys jany ýanypdyr–da, Mommat daýym ot küdeleýän dört diş ýabagyny alyp eňipdir hälki ýabylaryň üstüne. Beýleki ýabylar–a bir gara zadyň gabyrdyklap gelýänini Aýyň ýagtysyna görüpdirler–de, ýazzyny beripdirler. Ýöne, agyr işden ýaňa arkasy çöküp giden çakan ýaby welin tisginmändirem. Mommat daýymam: “Häý, eýäň gömmäjäjegine gömeýiniň ýäbijikleri…” diýip, gyjyrdap gelşine elindäki ýabagy sokýa çakan ýabynyň çep gasygyndan. O–da ilk–ä bir “ziňk” edip bärsine bakýa, soňam göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen syrtyny öwüräge–de salýa goşa toýnagy muşt ýaly pyýadanyň kükreginden.
Mommat daýymyň şol bada demi içine düşüpdir–de, tä ertir arabakeşler üstünden gelip ýygnaýançalar gök körpeli yzgar peliň içinde çabalanyp ýatypdyr. Käte bir gözüni açsa atlar töwereginde arkaýyn otlaşyp ýörler diýýä. Çakan ýaby–ha asyl, eden işine puşman edýän ýaly birküç gezek gelip Mommat daýymyň ýüzüni–gözüni ysgap halyndan habar alybam gidipdir.
Wah o janawer başda–da beýleki ýabylar bilen bilelikde gaçjak ekeni–de, soň görüp otursalar çep gözi sokur kör ekeni. Mommat daýymam emgege çapan ýaly onuň ed–dil görmeýän tarapyndan baraýypdyr.
Ana, şondan soň onuň göwresi iki eplendi. Kükregi içine çöküp, ýagyrnysam azajyk tüňňerdi.
Golunyň galgap durmasy bolsa hut özüniň kejirligi sebäpli boldy.
… Ellinji ýyllarda, ýaňy bir obalara tok çekilip ugran wagtlary Anna çolak diýen bir adamy tok urdy. Ol ir bilen bir eli taýakly, keýtikläp, sygryny sürä goşmaga barýan ekeni–de, tilagaçdan sallanyp duran üzük sim telpegine degäýipdir. O–da ony sadalyk edip eli bilen kakaýsa nätjek! Tas, ölen ekeni. Ine, şondan soň il arasynda: “Tok adam urýamyşyn, ahmal bolsaň öldürýämişin” diýen gürrüň ýaýrady. Dogry, tokly sime golaýlaşmaly däldigini tok çekenlerinde montýorlaram düşündirip–düşündirip gidipdiler. Guramalar ýygnakda–da aýdypdylar. Ýöne, edil gözleri bilen göräýmeseler oba adamlary bir zada ynanaýýarlarmy näme? Onda–da Mommat daýym. Ol:
–– Änne çolagyň sömpüliginden ol. Bolşy şo bolsa ony tok sym–a däl, ýolda ýätän çüýrük lüpem urar –– diýip öňünden çykan bilen eňekleşdi ýördi. –– Hänhä, guşlar otyr–a şöň üstünde, şolary uraýanog–a…
Fizikadan okadýan Muhat mugallym:
–– Mommat aga, guşlar oň birinde oturýa, birbada ikisinde–de otursalar olaram urar –– diýip, hernäçe düşündirjek bolsa–da Mommat daýym ýeň bermedi.
–– Ýä ýäländir ol. Işinde tok ýok bolsa höküwmet şekermi oň ikinjisini sym zäýäläp? Onsoňam nä şöň häýsinde tök ýögüni–bärini guşlar bilýändir öýdýäňmi?..
Bir günem şähere barýarka eşegi zady bilen obamyzyň ilerisindäki “goşa köpriň” gyrasyndaky raýyşa çykypdyr–da, elindäki taýagyny tilagajyň simlerine ýeke–ýeke degripdir.
––Mänä! Gördüňizmi! Hiç häýsäm üränök! –– diýip, geçip barýanlary ýoldan sowupdyr. Üränök gerek! Sübüt etdim gerek? Sizem şuny gördüňiz gerek! Şäýät borsuňyz gerek?
Şol barmana taýagy simleriň ikisine–de birden galtaşagada, eşegi zady bilen zyňyp bir goýberipdir welin, Mommat daýym gaýdyrylyp gelşine ötegçileriň öňüne patlap düşüpdir. Ol hatda “waý” diýmägede ýetişmändir. Eşegi bir ýerde, özi bir ýerde gözlerini agdaryşyp ýatyrlar diýýä. Asyl, eşek janaweriň–ä şol bada jany çykypdyr. Sebäbi, soň bilýän adamlaryň aýtmanlaryna görä, “massa” bolupmy, “zemlýa” bolupmy. Tok Mommat daýymyň üstünden geçipdir–de eşegi urupdyr.
Ötegçiler derrew bir ulag tapyp şäher keselhanasyna alyp gitmedik bolsalar, Mommat daýymyň özüniňem eşeginiň gününe düşäýmegi ahmal ekeni.
Şol gezek keselhanadan çykyp, obanyň çetinden girende, öňki iki büklemliginiň üstesine bir golunyňam howany gulaçlap gelşini gören oba adamlary oňa: ind–ä, şu bolgusyz kejirligini goýaýsa gerek, diýişdiler.
Emma Mommat daýym öýüne girip–girmänkä olaryň bar umytlaryny puja çykardy.
–– Ýe–o–ok, gep iki symy birden elläniňde dä–ä… Ol ýälňiş. Byrynjydanna men syma elimi degiremok. Täýägimi degirdim. Ikinjidenem, urýan zät tok däl–de, bäşgä bir belä bölmaly. Tilagajyň işinde bir hüňňüldi ba welin, änä şö böläýmägäm ähmäl. Ýöne, onam barlap görmeli–dä… Onsoňam men omat eşegiň üstünde otyrdym. Äşägiňde eşek bolsa, oňňulygyň üstünden barmajagyň bell–ä…
Şondan soň montýorlar gelip, biziň obadan şähere gidýän ýoluň ugrundaky tilagaçlaryň hemmesine, ýüzüne kelleçanagyň çakyr süňki çekilen ýokarsyna–da “Ne wlezaý, ubýot!” diýip ýazylan agymtyl, demir bölejiklerini çüýläp çykdylar.
Mommat daýymyň aýagynyň täbikligi welin gury, gysyr emgek diýýänlerinden boldy. Bir maşyny gök ýorunjadan mas ýükläp, özem üstünde joňkarylyp gelýärkä şu ýerden–ä Eýranyň obalaram görünäýse gerek, diýip ör–boýuna galanda telegrafyň simi kekirdeginden ilipdir–de, hallanladyp, obamyzyň ortasyndaky şyr ak takyra pylçap urupdyr.
Ölümden sypanam bolsa, bir aýagyny haram ölen malyň satany ýaly saraňgaty edip şol gezegem ol keselhanada esli mahal–a ýatdy. Ýalňyşmaýan bolsam arasynda Aşgabada–da äkitdiler. Ahyram ussa Haýty diýdilermi ýa şonuň ogly diýdilermi, döwüge–ýenjige ökde bir tebip barmyşyn, diýip, Mara–da äkitdiler. O–da: giç getiripsiňiz, ötüşipdir, ýosgam munyňyzy dagy keýik kowalabermeli ederdim, diýipdir. Ýöne, her niçik hem bolsa ony öz agramyny özi göterer ýaly edib–ä goýberipdir.
Mommat daýymyň dogabitdi bilesigeliji adam bolandygyny onuň deň–duşlary has irkiräk döwürlere salgylanmak bilenem tassyklaýardylar. Ol her bir täzelige edil çaga ýaly begener ekeni. Geň galar ekeni. “Beh, intiriski zat ekeni–aýt”, diýip başyny yrar oturar ekeni. Özüni haýran galdyran şol “intiriski” zadyň içki syryny bilmäge dyrjaşar ekeni. Şol hakda birneme ýöntemrägem bolsa özüçe pikir ýöreder ekeni, baha berer ekeni.
Ol esasanam uruşdanam öň, ilki çykan döwürleri radio geň galypdyr. Şeýle–şeýle bir zat barmyşyn diýip gürrüň ýaýrandan, entek synasy sagat Mommat daýym gökje eşegini münüp göni şähere depipdir. Barybam ýokarsyna ullakan, ak radio çüýlenen tilagajyň düýbünde eşegini bökelekledip durşuna: “Beh, intiriski zat ekeni–aý” diýip başyny ýaýkapdyr. Uzynly gününi şol ýerde geçirip, diňe garaňky düşenden soň yzyna dolanypdyr. Aýaly Durdygözel daýzamyň çat maňlaýyna geçip, çaý içip oturşyna ýene bir gezek başyny ýaýkapdyr–da: “Äý, ýok, dogrudanam intiriski zat ekeni” diýipdir. –– Içindäk–ä Ýanaryň uly ogly ýaly diýseň alçak ýigit ekeni, seni görüp oturan ýaly gelen badyna–ha salamlaşýa, gidende–de sagbollaşýa. Sesem edil ýag içeniňki ýaly. Dup–dury. Bagşylaram şol haýsyny aýt diýse şony aýdýalar” diýipdir.
Şondan soň ol tä, öz obamyza–da çekilýänçä şähere, radio diňlemäge gatnapdyr.
Telim gezek dagy ajalyň elinden sypandygy, uruşdanam ajala per bermän gelendigi üçin Durdygözel daýzam oňa “egriajal” diýerdi. Käte “eňek” diýäýmesem bardy. Ýöne, ol muny Mommat daýymyň eňeginiň gyşyklygy üçin däl–de, kejeňekligi, jedelkeşligi üçin diýerdi.
Emma Mommat daýym ony gaty görmezdi. Ýaman etse: “Beh, intiriski heleý ekeniň–aý” diýip, agzyny, burnuny towlardy–da, ýagdaýyna görä çalaja ýylgyryp gürrüňiň ugruny başga bir tarapa sowup goýbererdi.
Asylam ol ikisiniň arasynda uruş–sögüş bolmazdy. Käte Mommat daýymyň özi kejeňekligini edip gaňňasyny gaýşardyberse–de, Durdygözel daýzamyň özi bir ýol bilen onuň göwnüni awlardy. Ugruna kowardy. Aýagyny uzyn salyp, çaý süzüp oturşyna agzyny şapbyldadyp: “Aý, meň egriajalym zordur bi, muň aýdanyna däl diýip bolmaz, hemme aýdýanlary dogrudyr”diýerdi.
Şonuň üçinem, olaryň öýi hemişe ýylydy, mähirlidi. Çagalarynyň süňňi ýeňildi. Günde–günaşa gapylaryndan galmagal gelip duran öýleriň sus, tukat, göwnüçökgün çagalaryna seredeniňde olaryň hemişe keýpleri kökdi, wagtlary hoşdy, howalalary belentdi. Hemmesem edil Durdygözel daýzam ýaly hoşgylawlydylar.
Meni Mommat daýymlaryň gapysyna imrindirýän, onuň bilen dostlaşdyrýanam hususan şol zatlardy.
■ Mommat daýym uruşdan gür berýär
Ellinji ýyllaryň başlarynda, Mommat daýymy at depeninden–ä soň, tok urmazyndanam biraz öň biz suwsuzlyk zerarly oturymly ýerimizden ýüz elli kilometr çemesi daşlykda, gowaça ekip ugradyk. Şonda her ýyl ýygym düşende bütin oba bolup diýen ýaly ekin üstüne göçüp gitmeli bolýardyk. Mekdebem göçýärdi–de, okuwçysy bolup özleri gidibilmeýän ata–eneler çagalarynyň ýanyna garry–gurtularyna goşup iberýärdiler. Olaram jaý ýetmezçiligi sebäpli, sähelçe garyndaşlyklary bolsa ikibir, üçbir, bir jaýda bileje bolýardylar. Tapanjalaryny bileje iýip–içýärdiler.
Bizem: men, enem, özümden uly uýam, agam, Mommat daýymlaryň bäş baş maşgalasy, jemi dokuz jan bolup ýeke otagly, pessejik tamjagazda bile ýaşardyk. Iňňän kiçijikdigine garamazdan ojagaz külbe bize darlyk etmeýärdi. Çünki, Mommat daýymyň çagalarynyň giňgöwrümliligi bize–de täsir edýärdi. Öýde oňaýly ýagdaý döredýärdi. Ne ulularyň, ne çagalaryň arasynda hiç hili itnişik, “keýe–keýe”, sene–mene bolmaýardy.
Şol, bir öýde bile ýaşalan ýyllar meni Mommat daýym bilen hasam ysnyşdyrdy. Kerliginden, keçjallygyndan, jedelkeşliginden başga onuň diýseň gürrüňçil adamdygynam men şonda bilip galdym. Ýöne, ol Goturow ýaly Mýunhauzeniňkidenem bäş beter howaýy fantastiki ýa–da rowaýata çalymdaş gürrüňler etmeýärdi. Diňe öz başyndan geçenlerini sözleýärdi.
Ir bilen enem ýa Durdygözel daýzam:
–– Turuň! Bireýýäm zaň kakyldy. Baba birgat eýýäm üçünji gezek aýlanyp ýör –– diýip, bizi yralaý–yralaý zordan turuzar welin, görseň Mommat daýym eýýäm pejiň aňyrsynda arkasyny diwara ýaplap, “wagyr–wugur” edip oturandyr.
–– … Kemendirimiz bir gün ýänine şägirdi–de: Täçkulaýüf bir iş ba, şonam sen ýerine ýetirmeli, diýdi… Nämol diýsem, dil getirmeli diýdi. Bi diýdigi pilin diýdigi. Ine, onsoň ýänime iki säni sällät äldim–de, äňirsi iki sägetden üş säni ýemisi öňüme sälip geldim. Kemendirimiz şonda tutuş urotany ustroýsa duruzdy–da: Yspasypa, Täçkulaýüf! Sen tüýs, syn türkmenski närot, diýdi. Gelibem elleşdi. Ysdalyna–da ýetirjek şü seň eden işiňi, diýdi. Äý, ýetir, ýetirseň diýdim, näme diýeýin…
Käte turmana ýaltanyp oýaly–ukuly halda gorsanyp ýatyrkak, Mommat daýymyň gürrüňleriniň gylla ýarysyny düýşümizde görýän mahallarymyzam bolýardy…
… Ine, olar tutuş rota bolup içi çygly bir darajyk, ýerkümäniň içinde çugutdyryşyp otyrlar. Howa sowuk. Daşary gar. Esgerler esli wagt bäri hereketsiz ýatyrlar. Her günem ol ikindinden bu ikindine çenli kükürt ýalyjak nan berýärler. Nan paýlanýaram welin, daýanykly bir ýigit gelýär–de, Mommat daýymyň elindäki nanyny kakyp alýar. Öz paýynam haltasyna salyp, soň ajyganda iýýär. Mommat daýymyň paýyny bolsa şol wagt iýýär. Mommat daýymam: men bularyň arasynda ýeke türkmen, muňa bir zat diýdigim üýşüp öldirler, diýen gorky bilen sesini çykarybilenok. Ahyram: öňi–soňy ajymdan öljek, beýdip ölenden arymy bir alyp öleýin, diýen pikire gelýär. Daýaw pyýada üstüne abanyp nanyna elini uzadandanam boýnuna bökýär–de, juwazyň oky ýaly bokurdakdan urýa, her biri aran ýaly goşa penjäni. Alty aý bäri alynman duran, her biri palta ýaly göm–gök dyrnaklaram bada–bat nanhoryň kekirdeginden geçýär. Ganjardýar. Töweregindäkilerem “maladis–de – maladis” boluşýarlar. Mommat daýym muňa hasam arka tapynan ýaly bolýar we, tä gözlerini agdaryp, çiň arkan gaýdýança daýaw pyýadany bogýar. Şondan soň onuň rotadaşlary: “Täçkulaýüf, hiwätit” diýýärler. Mommat daýymam onuň bokurdagyny goýberýär–de, ýerinden turýar. Nanhor ellerini serip özünden gidende zyňylyp honda düşen nany ýerden galdyrýar. Gumuny kakyşdyrýar. Üfleşdirýär. Oturyp iýýär. Nanhor gözüni açandanam oňa tarap barmagyny çommaldyp: ataka ýest, ýa tiwe awzatylny ystyrlaýyt, diýýär. Ýöne nemesler ony Mommat daýyma ýetirmeýärler. Çozuş bolan wagty, şuň bir bagryny garaldaýyn–la, diýip, daş–töweregine ser salýar welin, görse ol eýýäm agsaklap uruşdan çykyp barýarmyşyn. Ýöne, barybir ony atmaga Mommat daýymyň gözi gyýjak däl ekeni.
–– Nädip ätjek? Eşegem bolsa özüňk–ä. Ýemis däl–ä. Ätseň özüň günäkär–ä. Ýöne, ol bir hälki, gähäriň ügrüne äýdiläýýän zät–dä…
Soňky sözleri biz ukudan turup, elimizi, ýüzümizi ýuwup ýörşümize, howul–hara garbanyp, çaýjagaz owurtlap oturşymyza Mommat daýymyň öz agzyndan eşidýäris. Derrewem daňdanyň aýazyna digdenekleşip işe ugraýarys.
Şonuň üçinem, biz onuň gürrüňleriniň galan böleklerini diňe uzakly gün keşiň içinde gowaçalar bilen ýakalaşyp, guran çaňňalaklaryň ýiti uçlaryna endam–janymyzy çyzym–çyzym etdirip gelenimizden soň, dolulygyna, ine–gana diňläp bilýärdik.
–– Kä wagtam ätäkä gitýäň… –– diýip, diňleýjisiniň köpelenine monça bolan Mommat daýym ýyljak pejiň aňyrsynda oýkanjyrap oturşyna gürrüňe başlar. –– Atäkä diýdigi çözhä–çöz diýdigi. Kemendiriň häýsi täräpä elini ülňäp “urheý” diýdimi, içiňde janyň bolsa eňäýmeli sen şo täräpä. Şo ýerde ätäň ýätänem bolsa baryp depesine düňküldedäýmeli sen şoň. Başga ylaç ýok. Sebäbi, kemendiriň ýaňy “ur” diýip buýruk beripdi–dä saňa. Onsoňam, bi, seň kälhöziňdäki ýaly, şumat ýärämö–ök, söň baraýaryn diýen ýäli bähänelerem düýbünden gädägän o ýerde…
Biziň uly üns bilen diňleýänimizi görüp Mommat daýym hasam ykjamlanar. –– Ýöne käte äkopdan şykman ýätän–ýätän ýeriňde ätişilýän gezeklerem bolýa, ýemis bilen. Oňa “ägün” diýilýä. Bi diýdigi “ot aş” dýdigi. “Ot aş” diýdigem “at” diýdigi. Orslar gähäri gelse oka “ot” diýýän ekeni. Sebäbi, oky ätän wagtyň tüpeňiň ägzinden ot çykýa. Şoň ütinem, kemendirler “ätiň” diýjek bolanda “ystarlaý” diýmän, “ägün” diýýäler. Ine, onsoň senem şü, ätip ýätänsiň, ätip ýätänsiň, gözüň zat görmez. Ýemis nirde, beýleki nirde, bilmersiň. Ýöne, şonda–da kemendiriň “ästäwit” diýip uly ili bilen gygyrýanşa oduň äräsini kesmek bolanok…
Mommat daýym hamala şu wagtam okopyň içinde ýatan ýaly agzyny müňküldedip pejiň aňyrsyndan bize tarap boýnuny süýndürer. –– Şolar ýäliň birinde “gel–aýt” gözüm bilen görübem öldüreýin–le, şü ýemisiň bäş–üç sanysyny, soň oba baryp gürrüň eder ýäli diýip, äkopdan boýnumy süýndürdimem welin, äşäki eňegime “şyňk” edip bir zat degen ýäli boldy. Bir görsem eýýäm, üstüm–başym garagan. Ýöldeşlerim göter–göter edip sänçasa äkitdiler. Barşym ýäläm bir beýik ysdolyň üstünde ýätirdiler–de: “äpäräs etmeli, ýogsam sapsim apasny” diýdiler…
––Türkmençe aýtdylarmy –– diýip, Durdygözel daýzam garaçyny bilen sorar.
–– Türkmenşe nämişlesin, orsşa aýtdylar. Sebäbi barsy ors–a oň o ýerde. Ýekeje–de türkmen dogtor ýog–a! Ýöne, dili bilinensoň düşünilýä–dä, haýsy dilde aýtsalaram. Käte, äýäk ýolune beýlekä gideňde tokaýyň işinde entäp ýören ýemisiň biri–ýärimi üstüňden gelip “hendi hoh” diýäýse dagy oňa–da düşünilip dur…
–– O näme diýdigikä janym?
–– O diýdigi, Durdygözel “ystawaý, uruky wer” diýdigi, ýagny “goluňy galdyr” diýdigi. Ýöne meňň–ä ine, ýemisiň özi ýok, Hudaýy ba, ýälän sözlejek–gä, işimi doly bitirmän, şermegimi şekip kemerimi bilime ykjam daňman, golumy göteren ýerim ýokdur…
–– O hiç–laý, Mommat kaka, hany, ýaňkyň yzyny aýtsana –– diýip, töwerekden seslenip ugrarlar welin, Mommat daýym şol tarapa boýnuny süýndürer–de bilgeşleýin:
–– Häýsi?.. –– diýip, soran bolar. –– Häýsiniň izini?
–– Ine, ýaňy sançasa eltdiler diýdiň–ä… Aparas etmeli, diýdiler diýdiň–ä…
–– Hä–ä… Omy? Howwa, ine, onsoň birgiden derman berdiler. “Döwletiň syry bi” diýip şo wagt–a aýtmadylar welin, soň görüp otursam şolaryň biri beýhuş derman ekeni. Duhtorlaryň biriniň: “yras, dywa, tiri…” diýip sänäp bäşlänini bilýän. “Sim” diýenindenem özümden gidipdirin. Bir görsem owadan, igşildäşip ýätän gök mäýsäli meýdanyň üstünden uşup barýan…
–– … Bir gezegem tutuş “diwiz” bolup pilin düşdük… –– diýip, Mommat daýym käte örän seýrek edýän gürrüňlerindenem eçilip goýberer. –– … Diwiz” diýdikleri bir leşger goşun diýdikleri. –– Ine, onsoň barymyzy ädil mal süren ýäli sürrekledip äkidip barýalar. Nirä barýanymyz–a bir bilemizok, üstesine–de ä–äç, hö–ör, eşiklerimizem säl–säl…
–– Wah, seň egniň bitin, garnyň dok bolan wagty bamy, egriajal –– diýip, Durdygözel daýzam tikin–çatyna güýmenip oturşyna “kikir–kikir” etdi. Ýöne, Mommat daýym oňa känbir ünsem bermez–de:
–– … Üstesine–de näşe günüň ukusyzlygy… –– diýip, gürrüňini dowam etdiriberer. –– Her kim ýöne, gidip barýan ýerinde gözüniň äwüsini älip barýandyr, biri–birine söýenişip. Änä, onsoň tördülenji gün diýlende “Çoganly” diýen ýäli, intiriskije adam–a bardy welin, şumat hiç, ýädime düşenok, bir kiçeňräk şäheriň çetinden girdik. Görsem derwezäniň ägzinde ýemis pormaly garaýagyzrak, syrdam boýly bir ýigit garawul dur. Egninde–de ýemisiň aptamady. Pägunam şolaňky. Ýöne, görmeseňiz inänmarsyňyz, şü, särsmän durşuna iki gözüni oýnadyp öten–geçeni bir synlaýa welin, ed–dil Amangylyş ägäň ortanjy ogly Gurbagylyş–da! Ilk–ä gözümedir öýtdüm. Näşe gün ýatmamsoň obadaşlarym gözüme görünýändir öýtdüm. Has golaýragyna baramsoň welin bildim–dä, şodugyny. Ýemis pormalam bolsa ýeme–dä, özüňki–dä, gözüňe yp–yssy–da… Ine, onsoň, yraň–daraň edip ysdyraýsadan şykdym–da, bardym, ýäňkiň ýänine. Şät mäňleýine–de geşdim. Ýüzüne şiňňerilibem: “Beh! Gurbangylyş–ş!.. Bi senm–äý?..” diýýän welin: “o–how, Mommat kaka, salowmaleýkim, sen nädip düşüp ýörsüň bu ýerlere” diýip, boýnuma zyňmana derek, gäýtäm puluny az gören künti ýäli ýüzüni–gözüni şytyp, git diýen manyda eli bilen yşarat edýä. Soragymy üş gezek dagy gaýtalamsoň görgüli ýüzüme erbet bir gäňrildi-de: “Näýn, näýn, ih bin näýn Gurwangylyş” diýip, agzynyň ýetişdiginden ýemisçe samraberdi…
Gürrüň şu ýere ýetende Mommat daýym azajyk säginer–de, el işlerinden dynyp öňüne ýaňy bir çäýnek gök çaý alan Durdygözel daýzamyň ýüzüne sereder. Sebäbi ol her gezek bolşy ýaly bu gezegem: “Orsçamy oň o diýeni” diýip soramaly. Bu hut şeýle–de bolar. Mommat daýymam endigine görä:
–– Häýsi? –– diýen bolar–da, ikinji ýa üçünji gezek soradandan soň: –– Ýö–ök–laý, orusşa nämişlesin, ýe–ýemisje… –– diýip, arkan–ýüzin gaýşar. Durdygözel daýzam bolsa ony öňküdenem beter gyjyklar.
–– Waý, egriajal, “wagyr–wugur” edip türkmençäni düzüw gepläbilmeýän halyňa nemisçäni nädip öwrenip ýörsüň o dara–direlikde?
Mommat daýym diwar bilen pejiň aralygyndaky dar ýerde ýazylan iki gat körpeçäniň üstünde bir düýrmek bolar–da, ete bökjek pişik ýaly Durdygözel daýzamyň ýüzüne çiňeriler.
–– Intiriski heleý ekeniň–aý, Dürdügözel. Birinjiden–ä, men o wagt “wagyr–wugur” edemokdym. Äňim sagdy. Ikinjidenem, men saňa öňem telim aýtdym, häýsi dilde geplense–de düşünilýä diýip. Sebäbi başyňy etegiňe sälip o ýerlere baraňsoň sen biläýmeli o zatlary. Düşdüňmi? Sebäbi, täläp şeýle. Ysdalynyň täläbi şeýle. Dilini bilmeseň, dinini bilmeseň duşmany ýeňip bolmaz diýip ännätomiýada–da ýazylan–a… –– Şondan soň Mommat daýym töwella–da garaşman, gürrüňini goýan ýerinden dowam etdirer. –– Äý, ho–ow, öz obaň oglany şolar ýäli ýät ýerde, ýät ilde, şeýdüp äslinden dänip, ýemisiräp dursa, ädem pähir ýämän erbet bor ekeniň. Şoň üşinem, gaharyma ýäňkiň ýäkäsinden tutaga–da: “E–e–eý, Ämängylyjyň puşt ogly! Her pohuňy iýseňem sen Gurwangylyş–ş… Düşdüňmi? Ynanmasaň oglan wagtyň kese ýäbiň äňirsindäki ýändäkli kälde eşek guýruklanyňam äýdäýinmi” diýdim welin, kä–äpiriň ogly ägzini gulagyma golaýlatdy–da: “Mommat kaka, ugruny tapyp elimden gelen kömegimi edeýin, ýöne şony bir agzama, ýemisler şoň ýäli zädi ýämän erbet görýäler, diýip, türkmenşe saýraberdi. Oňa şenlem sürüp gelýän ýemisiň biri “halt” diýip ulili bilen gygyrdy–da, apdamadynyň gundagy bilen iki kebzämiň ortarasyna hylçyldadyp bir ýelmedi. Bir “hyk–k…” bolanyny bilýän, gözümi äşsäm bir uly säräýiň işinde ýätirin. Däş–töweregimem ýätilýän ägäş kerewatlardan doly. Üsti–üstüne goýlan özem. Soň görüp otursam, baran ýerimiz sewediň türki hälklerden bolan pilinleriniň säklänýän ýeri ekeni. Oňa “lägirem” diýýäler, “legonom”.
–– Legonyň–a bilemok welin, okuwçylaň tomsuna dynç alýan lägiri ýaly bolsa–ha gowy bolmaly seň o baran ýeriň –– diýip, Durdygözel daýzam ýene–de Mommat daýyma tow berip goýberer. Mommat daýymam ondan o gürrüňi birinji gezek eşidýän ýaly, garaçyny bilen gyjyrdar.
–– Aptamadyň oky bilen mäňläýiňden şüýlänlerinde bilersiň sen oň gowudygyny, erbetdigini. Olar ýämä seni şo ýere bakmak üçin sürüp eltendirler öýtýäňmi? Agytassa ädip, söwede garşy uruşdyrmak üşin eltýäler.
–– Hi–ýh, Hudaý saklasyn… –– Durdygözel daýzam Mommat daýymyň ýüzüne çiňeriler–de, ýakasyny tutup içini çeker. –– Şü, biziň öz sewedimize garşymy?
–– Bäşgä nä sewet bam–aý?
–– Daş edewersin! Birden olaň onsuny Ysdalyn eşidäýse dagy nätjekkäler?
–– Ysdalyn eşidäýsemi? Ysdalyn eşidäýse ed–dil, olaň külüni şykaraýar. Soň äsil, şeýle boldam–da şol. Sebäbi Ysdalyn Gitler ýaly spreýtir däl, gynaralysmus…
Şolar ýaly–da bize, Mommat daýy, Stalin o wagt generalissimus däldi, ol ady oňa uruşdan soň berdiler” diýmek bolanok. Sebäbi onuň öýkeläýmegi, edip oturan gürrüňini orta bilinden böläýmegi mümkin. “Howwa–da, siziň baryňyz akylly–da, biz bir zat diýsek ýalňyş bolaýýa–da” diýip, iňirdäýmegem ahmal. Durdygözel daýzam welin, islän wagty, islän soragyny berip bilýä. Ýöne juda gahary gelen wagty: “Äý, intiriski heleý ekeniň–aý, Dürdügözel! Bilmiýän zädiňe sokulyp ädäm barynyň mäzäsini alaýýaň…” diýip, Mommat daýymyň ondanam öýkeläýýän pursatlary bolýa. Käte turubam gidiberýär, buşugyp geljek bahanasy bilen. Onsoň biz onuň o gürrüňleriniň dowamyny başga bir gezek, ýaňadandan eçilen wagty diňlemeli bolýarys.
–– Nirede durdum–aý men şo gezek –– diýip, ol henizem öýkeden doly açylmadyk gözleriniň jikgesini süýem barmagynyň ujy bilen süpürip oturşyna Durdygözel daýzama tarap üşeriler. O–da aşak bakyp, “mys–mys” gülüp oturşyna:
–– Lägirde –– diýip, ýuwaşja seslener. –– Gurbangylyja duşan ýeriňde.
Mommat daýym ýene–de şol bir ikýakgyç soragyny gaýtalar.
–– Häýsi Gurbangylyş?..
––Näme, müň Gurbangylyç bam–a, seň hekaýaň içinde… Amangylyjyň ogluna duşdum, soňam lägire bardym, olaram sewede garşy uruşdyrjak boldular diýmediňmi?
–– Hä–ä… O diýsene… Ine, onsoň olar şeýdip bizem günüň–gününe agytassa edip ugradylar. Dogry, käbir hamy ýukaraklaryň boýun bolaýýanam bolýa, ýöne, men–ä kim gelse–de: “nit” diýýän. Kemendandyň özi gelip gyssasa–da şo sözi gaýtalap otyryn.
–– Onyňam ýemisçemi?
–– Kemendant diýýänimmi?
–– Ýok, “nit” diýýäniň.
–– Ol ýemisşe däl, orsşa…
Mommat daýym aşak bakyp böwrüni diňläp oturşyna Durdygözel daýzamyň ýene bir zatlar diýerine garaşar. O tarapdan hiç hili hereketiň bolmajakdygyna gözi ýetensoňam: –– Ähirem ýänime öz türkmeni, şüý–ä boýun eder–ow şuny, diýip, Gurbangylyjy iberdiler –– diýer–de, göwünli–göwünsizräge–de gürrüňini dowam etdirer. Derrewem dirjener. Ýene–de edil öňküsi ýaly hyjuwlanar. –– Görüp otursam o doňuz asyl ädini, pämilýäsini üýtgedäýen eken–ä! “Äý, barybir ýemis ýeňer, sewediňki indi gutardy, onsoňam bylar bizi olar ýäli horlajakgäler, gowy görjekler, özbaşymyza döwlet etjekler” diýip oýkanjyrap otyr şät mäňleýimde. Äý, bärsän–äý, sürsen–äý, gäýdip şü gürrüňiňi gäýtäläseň berýän iki gözüň ortarasyna muşt bilen, diýdim. Ýöne ýämän nämärt ekeni. Bir görsem hakyt, meň adymdan ýemisleň gäzýedinde sewede garşy hät ýäzäýipdir. Maňa: men sewetden dänýän, Ysdalyna garşy uruşmana taýýar, hemme pilinlerem şoňa şagyrýan, diýdiripdir. Şü äteňenäledi bir öz elim bilen öldüreýin, Ämängylylyş ägä–de özüm jogap bererin, diýip kasdynda ýämän kän gezdim welin, hiç maý bermediler. Ýemis oglanlar yzyma düşdüler ýördüler. Ahyram barymyzy bir ýere üýşürip atjak boldular. Şonda içimizden däýäw orsuň biri: “Geliň, gowusy şolara boýun bolan bolalyň–da, jänimizi gutaralyň, elimize aptamat berip urşa salanlaryndanam özümiziňkilere goşulalyň, oňa şenlem pärtizänler bilen äräni sazlarys” diýdi. “Makul–da, makul” boluşdylar. Täçkulaýüf, sen nähili garaýaň şuňa diýdiler. Menem bäme, il oňlasa atyňy söý” diýipdirler, ýöne, orta ýolda nämärtlik etdigiňiz ýemise ýetirmän özüm gyraryn, baryňy, Gurbangylyşy öldüribilmänime–de işim ýänip dur, diýdim. Ýöne, äldämän ekenler. Bir baýramşylyk güni ýemisleriň pýan wagtlaryny peýläp gozgalaň turuzdyk–da, tokaýdaky pärtizänlere goşuldyk. –– Mommat daýym şondan soň sözüne azajyk dyngy bererdi-de, agzyny müňküldedip ýekän–ýekän ýüzümize seredip çykar. –– Ähirem how, gör–ä bi bolýan zätläri, uruş gutaransoň oba geldik welin, ýemise pilin düşüpsiň, şoň ägitässesine gidip sewede gärşi ok ätipsiň, diýip mäňä on bäş ýyl sürek berdiler. Iň bir işiňi ýäkýän ýerem şol meni süýt edenleriň işinde Gurbangylyşam bar–da!
Gürrüň şol ýere ýetende, hamala birinji gezek eşidýän ýaly Durdygözel daýzam allaniçigsi bolup içini çeker:
–– Hiý–wiý, hakyt utatanogammy?
–– Utanarmy? Gäýtäm how, ýüzüňe durýar–a, çyn şol, men şo zatlara özüm şäýät, diýip. Şo–ol, meň ädim bilen şykaran mäkälesinem görkezip otyr–a!..
–– Aý, egriajal! Aýtsaň bolmyýamy süýt etýänleriň ulusyna, men dä–ä, ine, şuň özi olara goşuldy, diýip.
–– Äýtseň boljak welin, seň o–ol uly diýýäniňem ho–ol, birdöwür, Aky baýyň aldawyna düşüp gyzyllara tarap “tark–turk” edenimi ýüzüme bäsip otyr–a, bi öňem oň eşek däldi, diýip.
–– O näbilýämişin ol seň o döwürler olara goşulyp–goşulmanyňy?
–– Onbaşymyz şoň özi bolar–da bilmezmi–aý?
–– Aý, onyň–a birhili bolýa, egriajal. Uruşan sen, ýurdy goran sen, işpeýançylyk eden olar, ýene–de basylýan–a sen, basýanam olar…
–– Äý birtopar ännätomiýadan başy şykmaýan eşekler–dä olar, Dürdigözel! Onsoňam näme, olar–a ysdolyň aňry şetinde, höküwmediň adyndan gepläp otyrlar. Sen bolsaň günäkäriň oturgyşynda otyrsyň. Hiý, onsoň oýnuň deň gelermi olar bilen? Juda gyssaberseňem: biz, wätiniň täbşirigini berjaý etdik, diýýäler. Ýöne, häkikät ýerde ýätänog–a, sen, Dürdügözel, özüň bilýäň–ä, soň üstleri äçilip, özleri bäsildiler–ä! Gäýdibem gelmediler–ä! Men bolsam üş ýyldan gaýdyp geldim–ä, äklenip. Eşdişime görä olary soň Ysdalynyň özi öz eli bilen atanmyşyn, siz Täçkulaýüf ýaly ärässe ädemleriň işlerini bulaşdyrypsyňyz, diýip…
■ Mommat daýym ili oýnaýarmy ýa il ony?
… Güýz düşüp, gowaçalary sowuk urandan soň, Mommat daýymyň arzysy hasam artýar. Çünki, körek ýygymy başlanýar–da, käteler harmandaky körek arassalaýjy maşyn döwlüp, el bilen arassalatmak üçin her öýe halta–halta körek paýlanýar. Ýüregedüşgünç hysyrdynyň azabyny ýeňletmek hem–de uzak gyş günlerini gusgaltmak üçin, şonda içi körekli fartuklaryny goltuklaşyp ähli goňşular biziňkä ýygnanyşýardylar.
Olaryň käbirleri getiren köreklerini arçap bolanlaryndan soňam Mommat daýymyň gürrüňlerinden aýrylyp bilmän, içi ýumşak pagtadan doly fartuklaryny ýassanyşyp, ýatyp galardylar, daňdanlar, zaň kakylandan soňam asgyryşyp oýanardylar we howlukmaçlyk bilen çykyp giderdiler.
Hut, şolar ýaly gürrüňçiligi, has beterem degişmä ýaraýanlygy üçin, kerligine, kejirligine, barypýatan dikdüşdiligine, birazajygam zypdurunlygyna garamazdan, Mommat daýymy oba adamlary iňňän gowy görýärdiler, uly–uly märekelerde hem ony üns merkezlerinde saklaýardylar, her kimiň oňa degesi, gižželäsi, üýtgeşik bir zat diýdiresi, käbirleriniň ony göz–görtele oýnasy gelýärdi.
O–da hakykatdanam özüni oýnadýarmy ýa oýnadan bolup özi ili oýnap ýörmi, ony bilýän ýok, ýöne, jogap berende–de, sorag berende–de, edil, bilgeşländen edýän ýaly, köplenç iliň tersine gürleýärdi. Gürläp oturan adamyň gaňryşyna gaýtmany, gepine gaňyrmany, kejikdirip goçgara çolaşdyrmany gowy görýärdi. Asyl onuň ýüzi–gözem haçan görseň “gel dawalaşaly” diýýän ýaly gamaşyp, büzülip–ýazylyp durdy.
Çalarak ýadyma düşýä, bir gezek obamyzyň atly çopany Pygam agany şol döwürde ýoň bolşy ýaly Moskwa, Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisine iberdiler. Gaýdyp gelenden soň ol uly üýşmeleňleriň birinde gören–eşidenlerinden birgiden geň–enaýy zatlary hezil edip gürrüň berdi–de, yzyndanam:
–– Aý, dil bilseň–ä Meskewada–da hor bolmasaň boljak ekeni –– diýdi.
–– Häýsi dil ol? –– diýip, bir burçda küçen ýaly eplenip ýatan Mommat daýym ýüzüni eňşedip ýerinden galdy. ––Orsçamy, türkmençe?
–– Ýak, senem–ä. Mommat, Meskewa bolsa orsça bor–da, seň türkmençäňi kim başyna ýapsyn o ýerde –– diýip, Mommat daýymy haýsam bolsa bir jedele küşgüribilse göhi gelýän Seýitguly aga Pygam agadan öňürti, seslendi.
Mommat daýym welin ses gelen tarapa nazaram aýlamady–da, agzyny–burnuny towlap Pygam aganyň ýüzüne jüýjerildi.
–– Pygam, şo baran ýeriňde gedaý bar ekenimi?
–– Howwa, bar ekeni. On–a öz gözüm bilenem gördüm –– diýip, Mommat daýymyň bir bolgusyz gep taparyndan basylyp, häliden bäri ýaýdanjyrap oturan Pygam aga howul–hararaga–da jogap gaýtardy.
–– Orsmy özlerem?
–– Howwa, ors.
–– Şolar näme, onda dil bilmeýändikleri üçin şöýdüşip, ellerini serşin ýörendirler öýtýäňmi?
–– Aý, bi bir Müňkür–Nekir ýaly bir zatlaý! Obaň başyndan inen emgek–laý –– diýdi–de, asylam ynjygrak hasap edilýän Pygam aga şonda çym–gyzyl bolup ýerinden turdy. Gapydan çykjak wagtam gözlerini jaýyň depesine dikip garaçyny bilen zeýrendi. –– Şu ker zerarly, adamlar men dogrusyny aýtsam, gumdan gaýtmana–da ýaýdanýan. Öýüm, çagam şu ýerde bolansoň nälaç gaýdaýýan, ýogsam, ömrümi şo ýerde geçirmäne–de kaýyl men, şuň derdinden…
Başga bir üýşmeleňde iki–ýeke obanyň zyna iş edýän zenanlary barada gürrüň gozgaldy. Kim şolary hökümet işgärlerine aýdyp obadan çykarmaly diýse, başga biri: obadan çykaranyň bilen düzelerler öýdýäňmi, gaýtam baran ýerlerinde–de ýene saňa ysnat getirler, şoň üçinem tutup basmaly barysyny, diýdi. Üçünji birem: aý, hökümet bumat olaň tarapynda, bir zat diýseň gaýtam seň özüňi basarlar, diýdi. Dyzmajrak jahyllaryň içinden garaçynlary bilen dişlerini gyjarşyp: ýa, basma–da, göçürme–de, damaklaryny tersine çal–da ýa, dyn diýsene, diýşip dyzlaryna galanlaram boldy. Seýitguly aga ýalylar ganymadrak hasap edilýän çep gulagyna tarap ýerli–ýerden ýapyrylşyp, Mommat daýymy gürrüňiň gidiş mazmuny bilen yzygiderli tanyşdyryp durdular. Käbir maglumatlary üýtgedibräk aýdyp, üstünde mazaly işlediler. O–da esli mahal sesini çykarman, agzyny müňküldedip oturdy–oturdy–da, birdenem böwrüne symsyklanan ýaly “ziňk” etdi–de:
–– Häýsi?!.. –– diýip, gapdalynda oturanyň ýüzüne çiňerildi. Yzyndanam sen–men ýok, towlanyp duran dodaklaryndan tüýkülik baryny syçradyp uly ili bilen gygyrmaga başlady. –– Ädemler! Şu diýýäniňiz şyn bolsa, başga–da bir alaç ýok bolsa, onda siz şol zenlere äýdiň, zyna işi kim bilen etselerem o–ol, bize soň goşulan obaly Äýli kör bilen bir etmesinler.
Oturanlar ýerli–ýerden gobsunyşyp: o nämüçin–de, o nämüçin boluşdylar. Mommat daýymam bir zaman gäwüşäp oturdy–da: –– I–i–i!!!.. –– diýip, öňküsindenem beter gygyrdy. –– Görýäňiz–ä oň şägäleriniň barsy bir tagma! Barsynyň bir gözi bitaý! Ýänäşdikleri şagaň kimdendigini, häýsi obadandygyny edil, Äý dogan ýäli edäýer! Gäläninem özleri bilsinler, biziňkä bir äýtmek, duýdurmak… Ynanmasalaram ännätomiýany okap göräýsinler…
Märekä geregem şoldy. Berdiler pakyrda. Kim içini tutup otyr, kim iki eli bilen ýüzüni tutup, içigip otyr, giden bir goh. Mommat daýym bolsa:
–– Şüler ýäli nämisli gürrüňlere–de gülkiňiz tutýan bolsa, siziň özüňizem baryp ýätän binamys! Öňürti özüňizi öldürmeli siziň –– diýip, “hoňňul–hoňňul” etdi.
Mommat daýymyň ýaňky “soň goşulan obadan…” diýmesiniňem özüne ýetesi sebäbi bardy. Ýagny, urşuň yz ýanlary biziň obamyzy goňşy oba bilen birikdiripdirler–de, başlyk saýlamak, täze mellek almak, ortalyk mekdep, klub salmak, täze ekin meýdanlaryny açmak ýaly meselelerde hemişe dawa, jedel turýardy–da, yzam iki obanyň adamlarynyň biri–birine bolan bäsleşikli garaýyşlarynyň öňküdenem beter artmagyana alyp barýardy. Şonuň üçinem, Mommat daýymyň düşünjesine görä biziň obamyzyň zyna iş edýän zenlerinden, ol obanyň bugdaý brigadiri Aýly köre meňzäp duran çagalaryň peýda bolmagyndan beter bir namys iş ýokdy. Bir gezegem gürrüň iki oba hem degişli edilip, ýöne, ol obada açylan keselhana barada gitdi.
Keselhananyň obada açylanyny elbetde, biziň obamyzyň “gürrüňçil” adamlary ýokuş görüpdiler. Şonuň üçinem olar her bir gürrüňçilikde şo hakda gürrüň gozgap, Mommat daýym ýaly “garadangaýtmaz, gyzma, jedelkeş adamlary şol meselä öjükdirmäge çalyşýardylar. Ol boş gürrüňleriň, bolgusyz dawa–jenjelleriň aňyrsynda başlyklyga, baş buhgalterlige ymtylýan käbir oba guramalarynyň hususy bähbitleriniň Seýitguly aga ýaly ýelhegräk ýaşulylaryň kümsük häsiýetleriniň ýatandygyndan bihabar, hil bir iş bitirýän ýaly, şol “nogsanlyklara” garşy janaýaman göreşip ýören Mommat daýym şol gezegem “dürtgä” çydaman özüni sadalyk bilen orta oklady. Hamala diýersiň il bähbitli uly bir teşwüşiň beýemçiligi ynanylan kethuda ýaly bir dyzynyň üstüne galdy–da:
–– Ädemler! –– diýip, gollaryny galgatmaga başlady. –– Goşulmankagam bir gezek şolar bilen şärikli bugdaý ekip göklügine orupdyk. Äsilem, ortalyk bolan ýerde hakyň köýen ýeri köp bolar. Şärikli zädiň mäzäsem bolmaz. Soňam däwäli bor. Bulam şöýle bor. Ýöne, häzirlikçe bir emel etmeli. Ýägni, biz–ä indi bir sänden galan ädäm welin, siz, ýäşler berk duruň! Özlerindenem beter boluň. Ulularyna näm bermelem bolsa beriň–de, şol balnise şol obadan, biri girse siz üş bolup giriň! Äsil giriň, duruň! Olar bäş gün ýätip şyksalar siz on, on bäş gün ýätiň! Ýätirkäňizem bälnisiň nähärinden olar bir jam iýseler siz iki jam iýiň! Olar bir kerewatda ýätseler siz birikdiriň–de, ikisinde ýätiň! Düşeklerini dagy her gün iki şalşyryň. Olar bir derman işseler, siz, ýäkär–ýäkmäz diýmäň–de, üşüsini, dördüsini işiň! Ädemşilikdir, şo bälnisiň işinde şol obadan biri–ýärimi ýögeläýse–de kem galaýmaň! Häkiňizi köýdürmäň! Şöýtseňiz indikide şöýtmez ýäli hökümede–de pent bor…
Şeýdip, bar aýtjagyny bir demde aýtdy–da, Mommat daýym öňküsi ýaly çugutdyrdy oturyberdi. Gaýdyp gürrüňe–de goşulmady. Biri bir zat diýse–de endigine görä: “ziňk” edip, “häýsi?” diýdi–de, ýüzüne mölerildi oturdy.
■ Mommat daýymyň Nazar mugallymy obadan gaçyryşy
Annamyrat işan diýlip, tutuş etrap boýunça sylanýan ussaçylrak bir adam ullakan Hudaýýoly berdi–de, bir gün öňünden obanyň ekabyrrak, hyzmata gaýymrak adamlaryny geňeşe çagyrdy. Başga işe ýaramasa–da, märekä şowhun beriji adam hökmünde Mommat daýymam çagyrdy. Ine, şonda welin ol öz kejeňekligi bilen, jugrafiýaçy Nazar mugallymy ýaman heläk etdi.
Ýaman ýerem Nazar mugallym biziň obamyza bir ýerlerden täzelikde işe gelipdi–de, entek oba adamlary bilen doly öwrenişibem ýetişmändi. Mommat daýyma–da gaty bir beletçiligi ýokdy. Ýöne, özi bir gürrüňçil, sypaýy adam ekeni–de, öz ugruna degişli bolsun, bolmasyn, beren soragyňa bildiginden jogap bermäni, düşündiriş geçmäni gowy görýän ekeni. Bilmediginem: şuny–ha men özümem bilemok, ýöne, birküç gün puryja beriň, bilip bereýin, diýýärdi–de, diýen wagty nirede bolsaňam tapyp, kanagatlandyrýardy. Juda bolmasa–da: men–ä şony bilibilmedim, diýip boýnuna alýardy. Mommat daýym ýaly bilmese–de bilýänden boljak bolup dyzap oturanokdy.
Ol daşyndan seredeniňde uzynak, agajetli, mama dişän ýüzüniň kä ýerleri gök öwsüp duran, burnunyň çep ganaty ýitigräk, hemişe papiros kükedip ýören, görksüzräkdigine garamazdan mähri yssy görünýän, orta ýaşlaryndaky, gözleri kiçijik, sypaýy geýinýän adamdy. Entek çagalaryny göçürip getirmändigi üçin, wagtlaýynça kolhozymyzyň kontorasy bilen ýanaşyk duran, il içinde “finskiý dom” diýlip atlandyrylýan naşyja, gurnama jaýyň bir otagynda ýaşaýardy.
Şol gezek adamlar nahar iýip, ertir kimiň näme iş etmelidigi baradaky maslahatam bir ýere çugdamlapdylar–da, indem çaý başynda ondan–mundan mesaýy gürrüňler edişip otyrdylar. Bizem iç işikde, ululara päsgel bermez ýalyrak ýerde ornaşypdyk–da, hem–ä çäýnekler boşasa çaý demläp gelýärdik, hemem gürrüň diňleýärdik. Birdenem, kimdir biri Nazar mugallyma kosmos giňişligi, Aý, Gün, ýyldyzlar, planetalar, galaktika, Akmaýanyň ýoly barada sorag berdi. Nazar mugallymam:
–– Bu zatlar meň öz ugruma–ha degişli däl, ýöne, bilenjämi aýdaýyn –– diýdi–de, planetalaryň ýerlelişi, aýlanyşy, olaryň haýsynda ýaşaýşyň bar bolmagy mümkin bolup, haýsynda bolmagynyň asla mümkin däldigi, biziň aklymyz çatardanam has alyslarda, giň–giň galaktikalaryň bardygy, ondan aňyrda–da ýene şolar ýaly ýüzlerçe, müňlerçe, belki millionlarça galaktikalaryň bardygy barada onda–munda okanlaryndanmy, eşidenlerindenmi, garaz, endigine görä ýuwaşjadan, gyzykly edip, ep–esli gürrüň berdi. Ahyram Aýyň dogup–ýaşyşy baradaky meseläniň üstünden bardy.
–– Agşamaralar ilerden täze Aý görnende siz Aý dogupdyr, diýýänsiňiz. Emma ol dogry däl, Aý ol ýerden däl–de, gaýradan, Günüň dogýan ýerinden dogýa, ilerden bolsa ýaşýa. Şoň üçinem, täze Aý dogdy diýmeli däl–de, “göründi” diýmeli. Köp adamlar şony diýýälerem, ýöne käbir adamlar gündizlikde –– ýagty bolansoň öň gaýradan doganyny görenoklar–da, ýaşjak bolup duran wagtyny görüp “dogdy” diýýäler…
Hemmeler Mommat daýymyň ýüzüne seretdiler. Gapana düşen syrtlan ýaly bir çüňkde çugutdyryp oturan Mommat daýymam olary uzak garaşdyrmady. Ol Nazar mugallymyň ýüzüne jokgarylyp:
–– I–i–i… Dögrüdenem men senden bir zat barada soraýyn–la hö–öw, mölle Näzär. Intiriski zat özem şü… –– diýdi–de, jedele girişjek wagty edýän endigine görä, hasyr–husur iki dyzynyň üstüne galdy. Dodagyny müňküldetdi. Agzyny açman gäwüşedi. Soňam üç–dört ýola ýuwdundy. –– Ýäňki diýýän zätleriňe–hä pilän diýibiljek–gä, ýöne, şü, Äý diýeniň gündizine, gaýradaka–ha arka tarapy Hally bedewlere tarap bolýa, agşam, ileri geşende–de tersine, Äýtmirädiň ägiline täräp bolýa. Şü nädip şöýle bolýa şü molla Näzär?..
–– Ol şeýle bolaýmalam–da, Mommat aga –– diýip, Nazar mugallym çekip oturan çilimini öçürip, täzesini otlady. Işdä bilen sordy. –– Sebäbi Ýer–ä öz okunyň daşyndan bir gije–gündiziň dowamynda bir gezek aýlanýa. Aý bolsa…
–– Ony bilýä–ä–än… –– Mommat daýym öňde duran tutluşygyň humaryndan ýaňa çym–gyzyl bolan gözlerini çygjardyp ileri–ileri omzady. Bir tarapa towlanyp duran dodaklarynyň müňküldisini hasam ýygjamlatdy. –– Seň o diýýän zatlaryň annatomyýada–da bar… –– diýip, özüni ylymdan habarly adam hökmünde görkezmek islän wagty hemişekije ulanýan sözünem söz arasyna sokup goýberdi. –– … Sen ýöne jugrap bolsaň maňa äsmändäki Äýiň bir günde nädip hem eýläk, hem beýläk boýanyny aýdyp ber.
Nazar mugallym ýylgyryp oturşyna Mommat daýymyň ýüzüne mähirli seretdi.
–– Anatomiýada–ha asylam ýokdur welin, Mommat aga, o zatlar jugrafiýada–a ýok. Bu zatlar astronomiýa degişli. Şoň üçinem men öz bilenjämi aýdýan. Ýalňyşýan bolmagymam mümkin… Galannam näme, ine, ertir ba, birigün ba…
Nazar mugallymyň “söweş meýdanyny” taşlap giderinden ätiýaç eden Mommat daýym:
–– Ýö–ök–läý! Ertire, birigüne goýup näme ony! Bilýänjäňi äýtseň boldy şol! Bir gün öň düşünsek bir peýda… –– diýip, az–kem yza çekildi.
Nazar mugallym şol bir ýylgyryp oturşyna çalarak ýapyryldy–da, Mommat daýyma tarap elini uzatdy.
–– Ýer aýlanýa diýdikmi ýaňy?
Her gezek gyssaga düşende ýa tolgunan wagty bolşy ýaly bu gezegem Mommat daýymyň gulagy agraýyp ugrady.
–– Hä?..
–– Ýer aýlanýa diýdik gerek?
–– Hawwa, diýdik.
–– Diýen bolsaň, ýaňky seň diýýäniň ana, şoň bilen baglanyşykly. Ýagny, agşama çenli Ýer öz okunyň daşyndan ýarym gezek aýlanýa, şeýdibem biziň Aýa garap duran nokadymyzy üýtgetýä. Ine, özüň göz öňüne getir–de göräý. –– Nazar mugallym kükäp duran papirosly elini ýokary galdyrdy. –– Aý–a ine, şeýdip dur, al–asmanda. Ýerem öz okunyň daşyndan aýlanyp dur. Şeýdibem dura–bara ol egnine öwrülýä welin, ertirki eýleleýin görnüp duran Aý agşamaralar beýleleýin görünýä duruberýä.
–– Äý, ýok, beýle–hä bolmaly däl ol –– diýip, Mommat daýym biline urlan gaýyň ýaly buruljyrap, Nazar mugallymyň ýanyna geldi. Ýüzüne jiňkerildi. –– Men–ä bir düşünmedim welin, märeke–de gaty bir düşünendir öýdemok şuňa. Şoň üçinem muny bulara subut edip bereli ikimiz. –– Ol indi Nazar mugallymyň üstüne abandy. –– Ine, sen–ä Ä–äý, menem Ýer–r… Seň şep egniň şu wagt Hälli bedewlere täräpmi, änä, şoňa–da biz Äýiň ärkesi diýeli. Säg egniňem Äýtgulyň ägiline täräp, oňa–da Äýiň ägzi diýeli. Ine, indi sen–ä otur şo oturan ýeriňde, menem öz okumyň daşyndan äýlenjek. Göreli, şonda seň şep egniň Äýtgulyň ägiline täräp öwrülýämi ýä ýök. –– Mommat daýym duran ýerinde bir öwrüm etdi–de, agzyndan ak köpük saçyp ulili bilen gygyrdy. –– Änä, gördüňmi? Hiý, üýtgän zät boldumy?
Töwerek–daşdanam: beh, dogrudanam şü keriňki dogry ýaly–la, how, diýşensoňlar–a Mommat daýym hasam gylawlandy. Ýöne, Nazar mugallymam özüni ýitirmedi.
–– Mommat aga, sen şu wagt öz okuň daşyndan doly aýlandyň, emma ýaňky diýýän hadysaň ýarym günüň dowamynda bolup geçýä –– diýip, pert–pert gepledi. –– Meseläni dogry çözjek bolsaň sen öz okuň daşyndan ýarym aýlaw etmeli.
–– I–i–i… Ine säňä ýärim äýlew –– diýdi–de, Mommat daýym “hyrra” yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýalam oturanlara ýüzlendi. –– Hiý, öňküde, soňkuda meň äýlenenim bilen mölle Näzäriň egni üýtgedimi häw, ädemler? –– Mommat daýym ýantaklap geldi–de, Nazar mugallymyň egnine kakdy.–– Ýok, özüň aýt, mölle Näzär, bir äýleneýin, iki äýleneýin, hiý egniň üýtgeýämi?
–– Üýtgemelem däl–dä! Sebäbi men Ýer däl. Aý. Şoň üçinem egin meňki däl–de, seňki üýtgemeli. Seňkiň üýtgänligi üçinem meň bir egnim saňa ilk–ä eýläk, soňam beýläk görünýä.
–– Görünenok–da şol!
–– Görünýä diýýäň–ä.
–– Äýde görünýä, ýöne, sende görnenok. Sen şony subut edibileňok.
–– Subut edýän–ä.
–– Äý, ýök, edibileňok.
Nazar mugallym şunça özüne erk etjek bolsa–da, sesi çalarak sandyrady.
–– Hany, dur onda ýene bir gezek öňki durşuňa.
–– Ine, durdum.
–– Hany indem ýarym aýlaw et, ýaňkyň ýaly.
–– Ine, etdim.
–– Ana, gördüňmi? Eginleriň ýerini çalyşdy. O tarapda duran egniň–ä bu tarap boldy, bu tarapda duran egniňem o tarap boldy.
–– Ähow, jän inim, beýläme öwrülsem egnimiňem öwrüljegini men onsuzam bilýän. Sen ýöne mäňä Äýiň nädip öwrülýänini düşündir. Nämüçin Ýer öwrülende Äýiň ägzi üýtgeýä–de, men öwrülemde seň egniň üýtgänok?
–– Aý öwrülenok, Mommat aga, sen öwrülýäň, Ýer öwrülýä. Aýa tarap seredip duran adamyň nokady üýtgeýä. Sen ýöne ony özüň duýaňok.
–– I–i–i… Duýmasam diýmerin–ä men bu zätleri. Äsilen Äýiň şo gylygynyň barlygyny menden öň şu obada duýan ýog–a! Birinji bolup açan men–ä ony.
–– Bolýa. Mommat aga, men saňa başgaçarak düşündirjek bolaýyn. Mysal üçin, seň gapyň irden, Aýyň arkasynyň Hally bedewlere bakyp duran wagtam gaýra garap durandyr, agşamlyk, Aýtgulyň agylyna garap duran wagtam gaýra garap durandyr. Ýöne, sen Aýa ertirine seredeňde–hä ganyň bilen ugurdaş durup seredýänsiň, agşamyna bolsa garşydaş durup seredýänsiň. Şonda seň öz egniňem üýtgeýändir. Gaýra bakyp durkaň beýle tarapyňda duran egniň ileri öwrüleňde eýle tarapyňda durandyr. Ana, mesele nirede? Düşdüňmi indi?
–– Şu gezeg–ä birhili bize–de düşnükli bolan ýaly boldy –– diýşip, tomaşakärlerem oturan ýerlerinde oýkanjyraşdylar. Mommat daýymam birbada düşünen ýaly etdi. Ýerine geçip oturjagam boldy. Ýöne, ep–esli wagt böwrüni diňläp, Andreýiň doňzy ýaly “hyňk–hyňk” edip durdy–durdy–da, sen–men ýok, özüni bir ädim beýläk zyňdy, Nazar mugallyma tarap barmagyny çommaltdy.
–– Ine, sen–ä Ä–ä–äý… Men bolsam Ýer–r–r…
–– Näme, ýene düşünmediňmi? Sen onda şo durşuňa dur–da, haýsam bolsa bir egniňe bir zatjagaz goý…
–– Me, ine şuny goýaý –– diýip, Seýitguly aga ýassanyp ýatan sary güpbüsiniň jübüsinden ýarysy gädik bir gap kükürt çykardy–da, Mommat daýyma uzatdy.
Ýeňşiň golaýlandygyny duýan pälwan ýaly, Nazar mugallym oturan ýerinden görkezme berip başlady.
–– Sen, indi, Mommat aga, öz göwräň–ä Ýer, şol egniňe goýan kükürdiňem özüň hasap et.
–– Etdim.
–– Özümem Aýtgulyň agylyna tarapdaky egninde durun, Aýyň agzam şo tarap, diý.
–– Diýdim.
–– Diýen bolsaň, hany indem aýlan ýaňkyň ýaly ýarym gezek, öz okuň daşyndan.
–– Ine, äýländim.
–– Nätdi?
Mommat daýym Nazar mugallymyň iki gözüniň içine dikanlap seretdi.
–– Hiç zädem bolmady. Ine, özüňem göräý. Kükürdem meň bilen deňine äýlendi.
–– Deňine aýlansa sen indi kükürdiň ýüzüni bäri öwür.
–– Nämüçin?
–– Nämüçindigini aýtdym–a men ýaňy. Irden gaýra bakyp seredýän bolsaň, öýlän ileri bakýansyň diýdim–ä. Şoň üçinem öwür kükürdiň ýüzüni bärik.
–– Dur men öwüräýin–le şony –– diýdi.
Seýitguly aga süýremjiräp ýerinden turdy–da, ýaltanman baryp Mommat daýymyň egnindäki kükürdiň suratly ýüzüni Nazar mugallyma tarap öwürdi.
–– Änä, gördüňmi, mölle Näzär –– diýip, Mommat daýym ýene–de gyjyrdap başlady. –– Şonda–da üýtgän zät bolmad–a! Bar zät öz käddine geld–ä!
–– Ý–ok, Mommat aga, beýle däldir, sen ýöne ony bolşy–bolşy ýaly edip göz öňüne getiribileňok.
–– Häni onda ýämäşekketdandanam bir gaýtalap göreli… Ine, sen–ä Ä–äý…
Mommat daýym şol hereketini yzly–yzyna birnäçe gezek gaýtalandan soň, biziň oba geleli bäri ilkinji gezek Nazar mugallymyň ýüzi çytyldy. Ýöne, ol şonda–da diýseň sowukganlylyk bilen gürledi.
–– Aý, men–ä indi Mommat aga, goýjak şu gürrüňi… –– Ol keýpsiz halda boş gabyny mynçgap oturşyna edil şol wagt gapydan giren öý eýesiniň ýüzüne seretdi. –– Meňň–ä çilimimem gutaraýypdyr… rugsat berseňiz… Nesip bolsa ertir geleris…
Öý eýesi oňa rugsat berdi. Ýöne, Mommat daýymyň welin ýaňy bir dişine ilen awuny aňsatlyk bilen sypdyraýasy gelmedi. Ol ýerinden turdy–da, düwdenekläp gelip sag eliniň aýasy bilen Nazar mugallymyň süňklek egninden üç–dört gezek dagy aşak basdy.
–– Otursan–aý, mölle Näzär, öýkelemesen–aý, oglanlaň biri getirer–läý, şilimiňi… –– Ol Nazar mugallymy oturdyp, özem gabat garşysynda çökdi–de, ýüzüne dikanlary. –– Onsoňam ýene bir täkiklemeli zat ba… Mysal üçin, seň şonyň öz okunyň däşinden sag egnine täräp äýlenýämi ýa şep egnine täräp äýlenýämi?
–– Ýermi?
–– Höwwe…
Mommat daýymyň bu soragy Nazar mugallyma ýa–ha hakykatdanam kyn düşdi, ýa–da onuň hakykatdanam şol gürrüňi şondan artyk dowam etdiresi gelmedi. Şonuň üçinem:
–– Onam bilip beräýerin, Mommat aga, ýöne häzir däl… Soň… erte–birigün –– diýdi–de, haýallyk bilen ýerinden turdy.
–– Ýä–dä hiç täräpäde äýlenmän pökgi ýäli tigirlenip omadakketdan äşýän bolaýmasyn! –– Mommat daýym ellerini kelemenletdi. –– Ine, şöýdüp, şöýdüp…
Nazar mugallymyň dodaklary titredi. Ýüzüne kül sepilen ýaly, mamaň yzam has köpelen ýaly boldy. Bir zatlar diýmäge haýallandy. Oňa çenlem Mommat daýym onuň öňüni gabap, ýetişibildiginden samrap başlady.
–– Şeýledir şol. Omadakketdän äşýändir şol. Sen ana, şony bilýän dälsiň. Seni ýälňişdirýän zät ana, şoldur. Ännätomyýada–da şeý diýip ýäzilendir häli görseň. Ýa bolmasa ýene bir gezek ýamaşakketdandan barlap göräýeli? Hä?! Hm?!.. Ine, sen–ä Ä–äý… Men bolsamam Ýer–r… –– Mommat daýym gap–gaçlary şakyrdadyp, çäýnek–käseleri uşadyp, ortara–da iki bakan omman aşmaga başlady. Arasynda–da: –– E–e–eý, mölle Näzär! Nätýä–ä–ä?.. Sübüt bolýamy?.. Häsäbiň dögri şykýamy?.. Mesele çözülýämi?.. –– diýip, gygyrdy. Ýerinden turansoňam gygyrdy. Ýöne, Mommat daýymyň o masgarabazçylygyndan soň–a Nazar mugallymyň asylam o gürrüňe dolanasy gelmedi. Şonuň üçinem eşidiler–eşidilmez:
–– Beh, bi asyl beýle adam eken–ow –– diýdi–de, ýüzüni sallap işige tarap ýöneldi. Mommat daýymam derini çalyp onuň yzyna düşdi. Bile çykdy. Ep–esli ýere baranlaryndan soňam onuň “wagyr–wugury”,”tapyr-tupury”, “ine, sen–ä Ä–äý… diýýän garjaşyk, gyjyrdawuk sesi it–guşlaryň sesleriniň arasy bilen üzlem–saplam eşidildi durdy.
… Şondan soň Mommat daýym gabat gelen ýerinde Nazar mugallymy saklap:
–– Ine, sen–ä Ä–äý… –– diýip, daşyndan aýlandy ýördi. Duran ýerinde eýläk, beýläk öwrüldi. Arassarak ýer bolsa ommanam aşdy. –– Ine, mölle Näzär, görýäň–ä… Bolanog–a… Seň diýýäniň dogry şykanog–a… Boýnuňa alaý–a…
Gepiň gysgasy, Mommat daýym ony öýünde–de goýmady, mekdepde–de. Hatda oglan okudyp otyrka klasa barybam: “Ine, sen–ä Ä–ä–äý…” diýip, daşyndan aýlanyberdi. Bir gezeg–ä Nazar mugallym Mommat daýymyň sesini eşidip obamyzyň tomaşa jaýyndanam çykyp gaçdy, görüp oturan kinosynyň ýarysyndanam gowragyny taşlap.
Ahyram ol obamyzdan gaçyp gitmäge mejbur boldy. Ol hatda gitjegini etrap bilim bölümine duýdurmandyram. Arzasynam öz obalaryna baransoň, hat üsti bilen iberipdir. Ýöne, Mommat daýym sebäpli gidendigini aýtmandyr. Öýsüzlik kyn bolýa, diýipdir.
Hekaýalar