12:50 Mynasyp daýza / hekaýa | |
MYNASYP DAÝZA
Hekaýalar
…Bedewi pellehana ýetiberenräk ýaşululaň ýerlikli-ýerliksiz: “Yssalyn” diýşen bolup köp hetjikleýän, gerşi örküçli aždarlar kibi hakykat ýüzünde bolany-bolmany gümana, undulan ertekä ýa-da garabasmaly düýşe çalymdaş, heýhatly-hyýaly zamanaň döwürdeşi – köneje ýonujy enjamda küşdüň çöpüni ýa-da paltaň sapyny ýonan kişi bolup güýmenäýmeseň, zähmet sapagynda, dagy, ne kylyp, ne kaýrar sen?! Himiýa ýa-da biologiýa-ha däl ol, tükgeligiňe kese oturyp, saç penjeläp kitap baryny okap-öwrenip ýataryň ýaly. Şonuň üçinem zähmet mugallymy altynjy synpyň okuwçylaryna, özüne mahsus ýarym peltegräk, gödeňsi äheňde, gepiniň kä ýerinde “h” harp bilen “g” harpynyň, “w” harpy bilenem “b” harpynyň ýerini almaşdyryp: “Ogujylar, hideýliň-de, Mynasyp daýzaň mellehiniň ot-çöpüni çapyşdyryp, elinjek depip werip haýdaýlyň! Direhtir-ä ruhhat werdi, özümmizemm näme, ýeke ýaşaýan, gossarsyz-gowandarsyz harry hörhül-ä ýardam edip wilsek, hem-ä sohap wor, hemem özüňiz ýaly aýyny iýip, äjit-mäjidi haçyranlaň nohhy-hohhy sorahlaryny johaplap oturmakdan gellämiz wirneme dyýynç alar” diýende, olaryň guşy uçdy. Bejit bolup, mekdebiň ammaryndan oglanlar-a pil-dyrmyk-çarşak-kätmen-palta-orak-üzümgaýçy ýaly gerek boljak-bolmajak tapan-tupan gurallaryny aldylar. Zähmet mugallymynyň agzyna öýkünip, gyzlaryň eline-de: “Şunnan waşha derde ýaraýan zadyňyz warmy, sizleriň?!” diýip sübse tutdurdylar. Hümer tutuşybam, mekdebiň ileri ýüzündäki köçäniň ikinji çatrygyna garşy ýöneldiler. Köpden bäri idi-yssywat edilmändigi zerarly ot-çöp basan üzümçilik mellek, haýatsyz-derwezesiz, topragy depelenip-depelenip beton düşelene dönen howly, bişen kerpiçden örülen bolsa-da daşy suwagsyz, ikije otagly, penjireleriniňdir-gapylarynyň reňki pakga-pakga gopuk-gopuk, birhili göwnüňe bolmasa ýekesiremekdir ejizlemekden ýaňa gözüň alnynda ýegşerilip-maýrylyp, ýere siňip barýana çalym edýän jaý, ala-wagyrdy bolşup, gülşüp-degşip gelýän okuwçylardyr mugallymy ümsüm garşy aldy. - Mynasyp daýza-gow! Bamysyňyz-gow?!-diýip zähmet mugallymy öýüň gapysyny kakyp, gygyrdy. - Hä! Bardyryn! Geliberiň!-diýip içerden garry zenanyň gyryksy, hyžyrdyly sesi eşidildi. Biraz salymdanam körmüş gözleriniň üstüne elini kölegeledip, tuduň taýagyndan egriräge-de hasasyna daýanyp, sary gidip, reňňi solan köne köýneginiň etegini sallap işikden garry daýza çykdy. - Salowma, Mynasyp daýza!-diýip salam beren zähmet mugallymy jyňklaryny çykarman garagol gözlerini jüýjerdişip duran okuwçylaryna alaryldy. Olaram mugallym gözüniň gyýtagyny aýlaryna mähetdel, ýerli-ýerden başly-barat: “salowma-da, salowma” boluşdylar. - Hä! Äleýiksalam, köwşekler!-diýip olaryň hemmesiniň salamyny bir gezekde alan garry, soň sesini çykarman zähmet mugallymyna soragly garady. - Mynasyp daýza, biz-ä başlyhymyzdan ruhhat alaga-da seň mellehiňi arassalamaha hömehleşeli diýip heläýendiris, ine!-diýip zähmet mugallymy habar berdi. - Hä!-diýende garry zenanyň ýüzüniň ýygyrtlary ýazyldy:-Oňarypsyňyz-da, köwşekler, şeýdip meň ýaly ýere urup ýeke galan ýekemen görgülini unutman, goluňyzdan gelenni gaýgyrman ýörseňiz, ylaýym Ýokardakyň özi sizi mynasybyňyza mynasyp eder, enşalla! Alkyşly hem söýünçli sözleri garym-gatym edip, ýarym pyşyrdy bilen ýarym eşitdiribräk hümürdeşdirýän garry gozgalaň tapdy: - Siz hany, başlaberiň, köwşekler! Onynça Mynasyp daýzaňyzam size, ine, elinjek gökje çaý atarsyn, sandygyny açyp, süýji-köke çykarsyn… Külli Zemin togalagynda adamzat ähliniň takmynan ep-esliň ýarysyndanam gowragyna minnetsiz, haýyşsyz, oslagsyz, dilendirmezden-elendirmezden, ýöne, keýpine, mesaýy ýagşylyk etmekden lezzetli zat ýok bolara çemeli. Garrynyň özlerine begenmesine mugallymyň-a ýyrşaryp erni gulagyna ýetäýjek bolýardy welin, bezzatlardyr-alçaklaram garagollugy-diliduzlylygy undup, mugallymlarynyň: - Ýak senem-ä, Mynasyp daýza, otur-a, azara-wizara halma! Wizler bi taýlara seň çaýyňy içip höke-süýjüňi iýmäge helip ýatmadyk agyry! Otur ýeňňe, bi hyzlaň özleri eder gemme zady!-diýişdirýän loh-lohly lokguldysyna gulak gabartman, aýtdyrmasyz ýerli-ýerden işe ýapyşyberdiler. Oglanlaryň-a kimsi üzümleriň haçjaryşyp duran şahalaryny gyrkyp ýör, kimsi pelleriň hapa-haşal ot-çöpüni çapyp ýör, kimsi arassalanan ýeri depmek bilen başagaý. Gyzlar diýseň, içerini syr-süpür edip ýöreni haýsy, eli öl esgili gapy-penjire ýuwýany haýsy, howla sübse çalýany haýsy, gap-gaç ýuwup, ýorgan-düşek kakyp, çaý ataryp ýörenem bar arasynda. Zähmet mugallymam sakawraga-da lokguldamasyny kesmän, “amadyny peýläp boş oturaýyn” diýmeýär. Gayta, aýaguçdaky çalamydar, gyşyk kümede dörünjiräp-dökünjiräp, üsti-başyny tot-tozandyr kerebe besläp, eline ilen döwük pilmidir-çarşakmydyr-paltamydyr-çekiçmidir ýaly gurallary bir gujak edip jaýyň oňündäki çaklaňja bassyrmanyň aşagyna küdeläpdir-de, garader bolup olary bejermäge gümra. Işläp ýörenlere hem-ä ýagşy söz bilen “hähini” bermäge hem-de öwüt-nesihat edip ugrukdyrmaga ýetişýän, guşgunyna bereket inen garry görgülem barysynyň daşynda hozanak. - Hä, balalarym, ylahym mynasybyňyza mynasyp edesi, Ýaradanyň özi! Berekella, armaweriň-ýadamaweriň, mynasybyňyza mynasyp bolasyňyz! Hä, guzym, ol keçäni gaty beýlebir dogumly-dözümli kakyşdyrybermeginem häli! Bi garry eneňiz gyzka ejem pahyryň “enemizden nyşan” diýipler zynharlaplar elbukjama bagyş eden gadym çitimli kilimidir, ol! Tüýdüberseň işi gaýdar, onuň! Derrewe-de ýetirmän deregi dagar, derrewden-derrewdenem biraz çaltrak! Şü şäher tarapda hasam köp bolup ýaşaýan saryja gulpakly mynasybyna mynasyp bolmuşlaň agyn bolmasa “müz-zeý” diýşen boluşýan ýerinde sergä goýubermeli zatdyr onym, hä! Hämi, gyzym?! Hädir-le, “hä” bolman nätsin! Häk, saçjagazyňa döneýin, gulpajygyňdan aýlanaýyn, mynasybyňa mynasyp bol, güljagazym! Gy-y-ýy-yw, oglum! Gy-ý-y-y-w, diýýän saňa mynasybyna mynasyp bolmuş! Hä, hawa-hawa, saňa diýýän, Nunna golagyň ýüzi oturdylan ýaljak bolup, tomalanyp ýören, mynasybyna mynasyp bolmuş! O eliňdäki gaýçyňy dözümli-dözümli şatyrdadyp, bi garry daýzaň gölegöz üzümini inniki ýyl hasylsyz galar ýaly edip gyrkyşdyraýma birden! Eşidýäňmi, Nunnaň agtygy?! Ýa çowlugymy sen, o mynasybyna mynasyp bolmuşyň?! Hä!? Hä, bolýa, agtygy bolýandan bolsaň! O, ylaýym mynasybyna mynasyp bolmuş, ataň bende, saňa üzümiň şahalaryny bu ýyl biraz uzynrak kesmelidigini, kesýän şahaňda öten ýyldaky ýalaky üç bogun däl-de, alty-ýedi bogun goýmalydygyny öwretmedimi, hä?! “Öwretdi” diýýäňmi, mynasybyna mynasyp bolmuş, goçjagazym?! Onda şeýt-dä, ballym!... Garry zenanyň “Nunnaň agtygy” diýýän oglanjygy beýleräginde ýer depip ýören köpbilmiş synpdaşyna tarap assyrynlyk bilen süýşdi-de, hiç kime eşitdirmänräk pyşyrdady: - Eý dos, bi daýza mydama “mynasybyna mynasyp bolmuş” diýip gaýtalap ýör welin, şoň üçin oňa hemme kişi Mynasyp daýza diýýä-maý?! Onda munuň çyn ady näme?! Köpbilmiş eginjigini gysdy: - Men näbileýin-aý, Mynasyp daýzaň hakyky adyny. Men-ä dogup-dörälim bäri hemme goňşular oňa Mynasyp daýza diýýärler. Olam seň ýaňky diýýäniň üçin bolmagy mümkin. Sebäbi Mynasyp daýza birine sögende-garganda-da: “Häk, mynasybyňa mynasyp bolasyň-da, hernä” diýip käýinýär, alkyşlanda-da ýene-de şo sözi… - G-y-ý-w, Nunnaň mynasybyna mynasyp bolmuş agtygy!!! Oglanjyklaryň söhbedini Mynasyp daýzanyň sesi böldi. - How Mynasyp daýza!-diýip eli üzümgaýçyly oglanjyk “hä” berdi. - Üzümleri kesip bolanyňyzdan soň çöpüni gaýrat edip desseläbem bereweriň, ylaýym mynasybyna mynasyp edesi balajyklam! - Mynasyp daýza, sen alada etmesene, heçip otursana, bi ogujylaň özi eder gemme zady!-diýip nobatdaky piliň sapyny pyçak bilen ýonup oturan zähmet mugallymy, oglanjyga derek jogap gaýtardy… Garaz günortana çenli altynjy synpyň okuwçylary Mynasyp daýzanyň melleginem, howlusynam, öýünem tämizläp, gül pürkülen ýaly etdiler. Soňam: - Görýäňmi, Mynasyp ýeňňe, bi wiziň öňümizde iş durmaz! Eddiljek ýöne, çar ýanyňy çekirthe çozana döndäreýendiris!-diýip zähmet mugallymynyň öz-özünden göwnühoş halda öwran-öwran gaýtalamasyna gulak gerip, mazaly derçiräp, Mynasyp daýzasynyň süýji-kökeli çaýyny içdiler. Soňra öňküleri ýaly hümer tutup, mekdep sary ýola rowana boldular. Gidip baryşlaryna-da Mynasyp daýzanyň özlerini ugradanda yzyny üzmän ýagdyrýan alkyşy oglanjyklardyr-gyzjagazlaryň hem-de olaryň mugallymynyň gulagynda şol gaýtalandy durdy: - Ylaýym mynasybyňyza mynasyp edesi sizi, balalarym! Mynasybyňyza mynasyp boluň!... | |
|
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||