01:55 Myrry Ýekegulagyñ başdan geçirenleri | |
MYRRY ÝEKEGULAGYÑ BAŞDAN GEÇIRENLERI
Çagalar edebiýaty
(ertekiler toplumy) ▶ Munda Myrry Ýekegulagyñ kellesine geýdirilen tañka barada gürrüñ berilýär Gün dogdy. Günüñ nury äleme saçyldy. Güne meñzeş günebakarlar altyn perlerini ýaýradyp, gülümsiräp, Güne salam berýän ýaly, ýüzlerini gündogara bakan öwürdiler. Janly-jandarlaryñ bary aýak üstündedi. Emma Myrry öýünde sypaldan örülip ýasalan bir aýagy döwük krowadynda ýorganyny başyna çekip, myrlap ýatyrdy. Onuñ horruldysy gamyşdan dikeldilip, içi-daşy palçyk bilen suwalan kepbäni göçüräýjek bolýardy. Penjireden düşýän günüñ ýyly şöhlesi Myrrynyñ dabanyny gyzdyryp ugrady. Ol aýaklaryny ýygyrdy-da, beýlesine agdarylyp ýatyberdi. Gapy kakyldy. Ýöne myrryldydan başga jogap bolmady. Daşardan goñşularyñ şadyýan sesleri eşidildi. - Görseñiz-le, Myrry henizem turmandyr! - Ol entek hezil düýş görüp ýatandyr. - Düýşünde syçanlar bilen kowalaşyp oýnaýan bolsa gerek!. Horazguly gapyny çekip açdy. Aýy pälwan, Towşanmyrat, Kirpigeldi dagy içeri girdiler. Aýy pälwan asgyrdy. - Myrry, sen mydama penjiräñi ýapyp ýatýarsyñ. Şonuñ üçinem mydama içeriñde ýakymsyz ys bar! Tüýlek Aýy pälwan baryp, penjiräni açyp, içerini şemallatdy. Horazguly bolsa, krowadyñ başujuna çykdy-da: "Tok-tok-tok!" etdi. Onsoñ bogazyna sygdygyndan gygyrdy. - Ü-ü-üý! Üý-üý! Myrry-y! Gün dog-dy-y! Myrry oýandy. Ol gözüni ýalpa açdy-da, içerdäkileriñ ýüzüne garady. Onsoñ ýorgany serpdi-de, böküp ýere düşdi. Ol dostlarynym jem bolup, ýanyna gelenine diýseñ begendi. Olara oturmaga ýer görkezdi-de, çalak-çulak ýuwundy. Myrry pezzerip duran murtlaryny taýly gezek iki ýanlaýyn sypady-da, özüniñ giç turany üçin dostlaryndan ötünç sorady. - Bagyşlaweriñ! Agşam ýazuw-bozuw işlerine güýmenip, giç ýatdym! Indiden beýläk ir turmaga çalşaryn!.. Indi men taýýar! Ýörüñ! Dostlar Myrrynyñ öýjagazynyñ arka ýüzündäki ýasy Güllüdepä çykyp, nyzama düzüldiler. Olar her gün ir bilen bedenterbiýe maşklaryny bileje ýerine ýetirmegi wadalaşypdylar. Ine olar Towşanmyradyñ komandasy astynda bedenterbiýe hereketlerini sazlaşykly ýerine ýetirip başladylar. Myrrynyñ birentek hereketlere ýetişmän, az-kem aljyrandygyny, garagol Kirpigeldiniñ öz öñünde gaýa ýaly bolup duran Aýy pälwanyñ ösgün tüýüne gyzylja esgi dakandygyny hasap etmeseñ, irki bedenterbiýe tertipli geçdi. Soñra dostlar "Gizlenpeçek" oýnadylar. Oýun ýañy gyzyşan pillesi Myrry ajygyp ugrady. Ol öýjagazyna sümülip, garnyny doýurmagy ýüregine düwdi. Ol bukdaklap kepbesiniñ gapysyna gelende içerden ulu güpürdi, gap-çanaklaryñ şañk-şuñk sesleri eşidildi. Gapynyñ, penjiräniñ açyk ýerlerinden tozan çykýardy. Myrry gaharlanyp, gapyny açdy. Içerden gopýan ýeñiljek tozanyñ içinde iki ýana at salýan syçanlary gördi. Myrrynyñ murtlary syh-syh boldy. Ol iç işikde ýatan taýagyny eline aldy. Syçanlaryñ hüşgärräkleri Myrryny görüp, hinlerine kürsäp urdy. Ýöne Myrrynyñ naharly gazanyny düñderip, üstünde tans edýänler, jamlary, çemçeleri ýalap oturanlar entek Myrryny görenokdylar. Myrry dişini gyjap taýagy ýokary göterdi: - My-r-r! Häýt siziñ bir!.. Ol taýagyny syçanlaryñ gür ýerinden inderdi. Tarelka döwüldi. Ýöne syçanlaryñ hiç birine-de zat bolmady. Olar jyrralşyp, gaçmaga ýüz urdular. Bir syçanjyk aljyrap, Myrrynyñ gyşda geýýän ädiginw sümüldi. Myrry ony tutaryn öýdüp, ädigiñ gonjuna kellesini sokdy. Ädigiñ içinde syçanjygyñ guýrugy Myrrynyñ ýüzüne-de degdi. Ýöne Myrra syçany tutmak başartmady. Syçanjyk ädigiñ burnundaky deşikden çykyp gaçdy. Myrry şu ýerde öz-özüne käýindi: "Myrry, sen ýaltañ ýaltasy! Ädigiñ burnundaky ýyrtygy bu gün ýamaryn-erte ýamaryn diýip, haçandan bäri aýdym edinip ýörsüñ. Eger ony wagtynda ýamap goýan bolsañ, onda bu wagt syçanjyk seniñ penjäñde bolardy!". Ol gaharyna ädigi başyndan sypyryp, aýyrdy-da, ony ýeriñ ýüzüne urdy. Pol sarsyp gitdi. Düñderilgi gazanyñ añyrsynda gizlenen syçanjyk bir gez towusdy. Myrry onuñ üstüne bökdi. Syçan burçdaky hiniñ agzyna bardy. Ýöne eýýäm hiniñ agzyny añyrsyndan beklän ekenler. Syçanjyk alaçsyzja sandyrap-sandyrap, Myrrynyñ penjesine düşdi. Myrry onuñ guýrugyndan tutup, ýerden göterdi. Syçanjyk aýaklaryny kelemenledip, urunýardy, dyzaýardy. Emma onuñ guýrujagy Myrrynyñ penjesinde berk gysylgydy. Myrry beýleki penjesi bilen syçanyñ tumşugyna kakdy: - Hä-ä, syçanjyk! Indi men seni gazanda gowrup iýeýinmi ýa diriligine lak-luk ataýynmy? Biçäre syçanjygyñ dili tutulypdy. Ol öz dilinde çalaja jyññyldap, bir zatlar diýýärdi. Elbetde, ol pişige ýalbarýardy. Myrry öz duşmanlarynyñ birini gola salanyna gomparyp, uly-uly ardynjyrap, murtuny sypalajak boldy. Gysylgy penjesini gowşadanyny duýman galdy. Syçanjyk böküp ýere düşdi. Ol indi girere deşik gözleýärdi. Birdenem ol Myrrynyñ ýykylyp ýatan tañkasyna sümüldi. Myrry ony penjesinden sypdyranyna şeýle bir gahary geldi. Ol gaharyna saklanyp bilmän, tañka zarp bilen kellesini sokdy. Syçan bolsa tañkanyñ jüründiginden çykdy-da, diwaryñ suwagy gopan ýerinde ýitirim boldy. Indi habary kimden al, Myrrynyñ tañka giren kellesinden al. Myrrynyñ kellesi tañka añsat girenem bolsa, ol añsat yzyna çykmady. Ol çoýun tañkany zordan göterip, ýerinden galdy. Egnine direlip duran erñekden iki goly bilen göterdi. Emma tañka kelleden aýrylmady. Ol ýene aşak ýatyp, kelläni tañkadan sogrup aljak boldy. Geñ zat, girende geçip giden kelle indi yza geçenok. Ahyry ol dikelip, gollary bilen sermeläp, penjiräni tapdy. Şol ýerden dostlaryna gygyrdy: - Eý, dostlar, geliñ-eý! Kömek ediñ! Geliñ-eý!.. Onuñ sesi tañkanyñ içinde ýañlanýardy. Myrry öz sesinden özi gorkdy. Meýdanda Myrryny gözläp ýören dostlar bir üýtgeşik ses eşidip, ylgaşyp geldiler. Emma olar içerde Myrry görünmänsoñ, ýene daşaryk çykyp ugradylar. Şol wagt Myrry seslendi: - Maw! Men bärde, haw! Horazguly apañ-sapañ basyp, onuñ ýanyna bardy. "Tok-tok-tok" edip, çüñküni bir-iki sapar tañkanyñ böwrüne urdy: - Tok-tok-tok! Munuñ aşagy-ha Myrry welin, ýokarysyny tanamzok-la! Towşanmyrat äpet gulaklaryny dikgerdip, Myrrynyñ ýanyna geldi. - Myrry dost, kelläñdäki näme? Kelläñdäkini aýyr. Ýüzüñi bir göreli! Myrrynyñ naýynjar sesi ýañlanyp eşidildi: - Kellämdäkini aýryp bilemok. Siz muny çaltrak aýyryñ! Men bu ýerde demigip ölüp gelýän, haw! Maw, kömek ediñ, haw! Towşanmyrat tañkany gyşardyp, ony pugta gujaklady-da, batly çekdi. Emma pişik hem şol ugra ýöredi. Horazguly kömege geldi: - Myrry, sen bir zada düşün. Biz kelläñe geýdirilen tañkany çeken mahalymyz öñe däl-de, yza dyza. Tumşugyñy göneldip, kelläñi yza çekjek bol! Aýy pälwanam kömege geldi. Üç bolup tañkany çekdiler. Emma tañkany aýryp bilmediler. Sebäbi, olar tañkany çeken wagty Myrrynyñ aýagy ýerden saýlanýardy. Onsoñ ol dyzap bilmän, ýöne asyl-asyl bolup durdy. Dostlar ikä bölündi. Ýarysy tañkany çekdi, ýarysy bolsa Myrrynyñ aýaklaryndan, guýrugyndan çekdi. Myrry zaryn seslendi: - Beýle gaty çekmäñ, haw! Boýnumy üzýäñiz, haw! Dostlar durup maslahat etdiler. Her kim bir teklip etdi: - Daş bilen tañkany döwmeli! Horazgulynyñ bu teklibine Kirpigeldi garşy çykdy: - Tañkany döwsek, Myrrynyñ kellesini mynjyradarys! - Onda demir kesýän byçgy getirip, tañkanyñ gap bilinden aýralyñ! - Onda tañkanyñ ýarysy Myrrynyñ boýnunda galar. Soñ ony nädip aýyrjak? Aýy pälwan çynyny etdi. Ol tañkanyñ jüründigini krowadyñ demrinden geçirdi-de, Myrra sargady: - Dost, häzir biziñ hemmämiz birigip, seni çekip çykarmakçy. Eger kelläñ döwülse, ýa boýnuñ üzülip, kelläñ tañkañ içinde galsa, bizden görme! Razy bol! Zarp bilen çekdiler. Myrrynyñ boýny şeýle bir süýndi welin, tas üzülere geldi. Jan süýji. Ölmek kyn. Myrry kellesini eýläk-beýläk towlady welin, ol çykdy duruberdi. Ol bir salym dem-düýtsüz ýatdy. Dostlary ony ölendir öýdüp gorkdy. Towşanmyrat Myrrynyñ kellesini göterdi. Oña suw içirdiler. Myrry gözüni açdy. Ony krowadyna geçirip ýatyrdylar. Towşanmyrat öýüne gidip, dostuna bir käse süýt getirip içirdi. Nähoş şol bada sagalyp, aýak üstüne galdy! Ol bolan işleri ýatlap, hezil edip güldi. Kirpigeldi ondan sorady: - Dost, nädip beýle boldy? Tañkadan suw içjek bolduñmy? Myrry ýerde ýatan tañkanyñ agzyny özüne tarap öwürdi. Onsoñ öñki hereketlerini gaýtalap düşündirmäge durdy: - Bir syçanjyk menden gorkusyna tañka kürsäp urdy. Menem onuñ yzy bilen ine şeýdäge-de... onuñ yzyndan kellämi sokdum!.. Myrrynyñ soñky sözleri tañkanyñ içinden ýañlanyp eşidildi. Sebäbi, Myrrynyñ kellesi göçüpdi. Ol bolan işi bolşy ýaly düşündirjek bolup, ýene kellesini tañka sokupdy. Aýy pälwan gaharlandy: - Dost, bu näme etdigiñ? Sen ojagaz içi boş kelläñi öñem zordan sogrup aldyk ahyry! Indi nätjek! Dostlar ýene Myrrynyñ aýaklaryndan, guýrugyndan ýapyşyp çekdiler. Ýöne kelle indi çişen bolarly. Çekip çykaryp bilmediler. Horazguly öz teklibini aýtdy: - Dost, sen indi bütinleý tañka gir. Biz tañkanyñ bokurdagyny çekiç bilen döwýäris. Soñ näçe gerek bolsa, döwüp aýryp giñeldibereris. Başga çykalga galmady. Dogrudanam Myrrynyñ göwresi kellesinden kiçi eken. Ol şol bada art aýaklaryny hem guýrugyny çekip aldy. Aýy pälwan çekiji aldy-da, Myrra tabşyrdy: - Dost, indi biz tañkanyñ agzyny döwmeli boldy. Sen düýbe çekilip, hüşgär bolup otur. Başladyk. Urýaryn! Aýy pälwan çekiç bilen bir uranda tañkanyñ agzy çat açdy. Ýene bir urdy welin tañkanyñ jaýrygy ulalyp, böwrüne ýeteñkirledi. Towşanmyrat Aýy pälwanyñ aýagynyñ arasyndan geçip, jaýrykdan pahna sokup gañyrdy welin, tañkanyñ uzaboýuna sepi açyldy-da, ol iki bölündi ýatyberdi. Gorkusyna düýrülip ýatan Myrry böküp çykdy. Ol begenjine dostlarynyñ hersine bir gujaklap çykdy: - Azatlyk! Siz meni hakyky azatlyga çykardyñyz, dostlar! Sag boluñ! Siz ýaly agzybir dostlaryñ arasynda ýaşamak nähili ýakymly?! Berdimuhammet GULOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |