“EMKA”-nyň dargadylmagy
Garawulçylykdan kowulyp, alýanja aýlygyndanam kesilensoň, Nuhty Nazar professor Myratberdi Könäýewiň ýanyna bardy. Çat maňlaýyna geçip, eňegi bilen howanyň ýüzünde ellips çyzyp oturşyna öňürti professoryň öz ýagdaýyny, öý ýagdaýyny bikesiniň saglygyny sorady. Dermanlyk ot ýa gol kömegi gerek bolsa dagy diňe özüne ýüz tutmaklaryny ýogsam iňňän gaty görjekdigini ýene bir gezek ýatlatdy. Soňam kellesini ýaýkap buruljyrap oturşyna ýaşlykda-ha ýeter-ýetmezlik bilen ösendigini, häzirem yzyndan kömek alman, diňe stipendiýa bilen oňýandygyny, okuwyna päsgel berýändigi üçin garawulçylygam taşlandygyny öwran-öwran nygtady.
Professoram eýýämhaçan çikgesinden ýaş akyp ugran gözlerini elýaglygy bilen süpürdi-de, bokurdagyny dolduryp:
–Menden näme kömek gerek, neme jan? Pulmy? Işmi? –diýdi. Burnunyň suwuny çekdi. Elýaglygyny dört epläp jübüsine dykdy-da, Nuhty Nazardan utanýan ýaly ýüzüni aşak sallady. –Haýsy gerek bolsada aýdyber, çekinme.
Okunyň nyşana degendigini aňan Nuhty Nazaryň gözleri ýiteldi. Sesi göz-görtele batlandy. Stoly bagyrtlap ýatan göwresi dikeldi.
–Iş gerek, daýy jan! Iş! Özüm gazanmasam adamdan pul almyýan men. Meň häsiýetim şoňňaly.
Professor azajyk oýlanyp oturdy-da, elini kabinetiň içine aýlap goýberdi.
–Şu kabinet hem-ä meň iş ýerim, hemem gaýybanaçylaryň “ştaby”. Şolar sessiýä gelselerem şu ýere gelýäler, şähere gezmäge gelselerem şu ýere gelýýäler, hersiniňem bir aladasy bar. Gelmedikleriňem kimsiniň kontrol işlerini registrassiýa etmeli, kimsine jogap ibermeli, sessiýa çakylyk ugratmaly, ýetişmeýäni bolsa duýduryş ibermeli, garaz şolar ýalyjak ownuk-uşak hysyrdylary bar. Bir laborant gyzjagazym bardy welin, o-da durmuşa çykdymy, nämemi, üç-dört hepde bär-ä görnenok. Görünjege-de meňzänok. Sekretara sen ýöredäý şu işi diýsem o-da kyn görýä. –Professor arkan gaýyşdy-da, gaňtarylgy seýrek saçlaryny barmaklary bilen darap goýberdi. Birden teklibim göwnüne ýaramasa dagy näderkäm diýýän ýaly Nuhty Nazaryň ýüzüne gorkuly garady. – Bolmasa sen şuny özüň alaý! Elbete, uçursyz aýlyg-a ýok, ýöne okuwyň gapdalyndan bolýa-da. Işem ýeňil.
Üzüm çokjak horaz ýaly boýnuny süýndirip:
–Wah-h!..Bolýa şo maňa daýy jan, bolýa, – diýende, Nuhty Nazaryň galgap duran golunyň bir barmagy tas, professoryň gözüne giripdi. –Tüýs meň başarjak işim şol! Aýlygam bolany bolsun.
Professor uludan demini aldy.
–Ana, onda gepleşdik. Seňki şu iş.
–Haçan başlamaly? Al.
–Rektoryň adyna arzajyk ýaz. Ed-dil şu günden başlap pirkaz berdireýin.
Nuhty Nazar ýerinden turagada, professory gujaklaýasy, ogşasy geldi. Emma ejap etdi. Şonuň üçinem ýalan ýaşa dolan kiçijek gözlerini yhlas bilen ýuwlup, emaý bilenem ütüklenen jowur ak ýaglygyna süpürip oňmaly boldy. Çürüje kellesini arkan taşlap burnuny çekende eňeginiň ujy göni jaýyň petigine gönükdi.
Professoryň aýdyşy ýaly aýlygy az diýäýmeseň, gaýybanaçylar “ştabynyň” dogrudanam alyp barýan işi ýok ekeni. Üstesine-de: “Men bar-u-ýok, kösenip ýörme, arkaýyn gir, çyk” diýip professor Könäýew Nuhty Nazara kabinetiniň bir açarynam berdi.
Şeýlelikde, mugallymlar bilen elleşip salamlaşmanam özüne dereje bilip ýören student kişi tutuş bir bölümiň “hojaýyny” boldy oturyberdi. Çünki, ýönekeý mugallymlar, kandidatlar, professorlar ýa “doktor nauklar” dag-a beýlede dursun, hatda prorektoryň, rektoryň hut özüniňem: gaýrat et-de şunyňy aç, bir almalyja zadym bardy, diýip ýüz tutýan gezeklerem az bolanokdy.
Hä diýmänem gyş düşdi. Sessiýa golaýlady. Gaýybanaçylar institutyň daşynda kebelekleşmäne başladylar. Kimsi gündizki bölümde okaýanlaryň ökderäklerine pul berip kurs işlerini işledip ýör, kimsi geçen ýyldan galan bergisini tabşyrjak bolup “hossar” gözläp ýör. Garaz, giden bir erewde-berewlik. Käbirlerem: dost jan, taýyn işlerden satsana, göçüreli-le, diýşip Nuhty Nazaryň daşynda pelesaň urşup ýörler.
Oňa-da näme, geregi şol! Oňa baran ýeriňde dek gez diýmeseň bolýa. “Ýest, ýigitler!” diýdi-de, basdy ata gamçyny.
Başda gizlinräk, gorkagrak, çekinibräk hereket etdi. Kurs işlerini, kontrol işlerini berende öz bahajygy bilen, ýöne, hökmany suratda depderi dolap getirmek şerti bilen berdi. Gitdigiçe-de ýüreklendi. Açyk söwda geçdi. Küti-küti depderleri goltugyna alyp koridoryň ugrunda-da, ýol ugrunda-da satyberdi. Piwohanada gara der bolup piwo içip durka goltugyndan çykaryp paýlan gezeklerem boldy.
Ýöne, barybir giden depderleriň hemmesi gaýdyp gelmedi. Biri ýitirdim diýdi, ýene biri: poçta bilen iberipdim welin näme, gelmedimi, diýip kwitansiýasyny görkezdi, garaz gaýybanaçylaryň tekjesi gowzap başlady.
Bir günem günortanaralar bileje çaý içişip otyrkalar Myratberdi Könäýew özüniň şol bir sadalygy bilen:
–Nuhty jan, depderler azalýamy ýa meň göwnümemi? –diýip, Nuhty Nazaryň ýüzüne naýynjar garady. –Öňki gyzam bir zatlara edýädi welin, ýöne muň ýaly depderleriň san-a azalanokdy. Tak çto depderler yzyna gelsin.
Nuhty Nazar şondan soň gaýybanaçylaryň üstüne herrelmäni çykardy. Dilege gelseler ýüzüni küsserdip:
–Berjek-gä! Öňki äkidenlerem yzyna dolap getirenok. “eMKa” bolsa meň janymy alyp barýa, kowjak bolýa, siz diňe öz işiňiziň bitenini bilýäňiz, –diýdi-de, çiň arkan gaýyşdy. Içi depderden doly tahyllarynyň agzyny “tarpyldadyp” ýapdy. Emma ol şeýtdigisaýy gaýybanaçylaram nyrhlarynyň üstüne nyrh goşdylar.
Şeýde-şeýde depderler-ä gutardy. Professoram käte bir äýneginiň üstaşyry seredip:
–Tapjak bolaweri, neme jan!.. –diýýärdi-de, giren agzyňdaky asawaçdan ildirilgi duran şlýapasyny başyna atyp gidiberýärdi.
Ýagdaý şeýle bolansoň Nuhty Nazar hasam gylawlandy. Depderler gutaransoň kabinetiň içindäki göze ýakymly zatlary peýläp başlady.
Öňi bilen iki tarapy syýa çüýşeli, ortasy ruçkadyr-galam goýulýan dört burç, ýasy, çalymtyl mermer gitdi. Ony günbatar raýonlaryň birinde oba hasapçysy bolup işleýän gaýybanaçy oglan aldy.
–Ýa, he-eý, heýwere gawy bolady şüýä. Men muny asyl Kryma gidip-de tapybilmän ýödüm-ä, –diýip agşamaralar Nuhty Nazaryň otagyna baryp mazaly ýuwdam.
Şondan soň owadanja ruçkalarmy, agdarma kalendarlarmy, bloknotmy, skrepkamy, knopkamy, kabinetde näme bolsa ýeke-ýeke ýok boldy. Soňabaka gündizki bölümde okaýan oglanlaram sykma ýelimleri, dört burç oturgyçlary, küti depderleri Nuhty Nazardan arzanjak bahasyna elinjek edindiler.
Professor bolsa şonda-da:
–Pukaralyk ýaman zatdyr, ýetimlik ondanam beterdir, ikisinem görendirin... –diýip, gözüne ýaş aýlady ýördi. Käte-de derman yzyna derman ýuwdup oturşyna gözlerini ýere dikip: –Arada sen ogulbalalygy orta atdyň, men göwnemedim. Men indi şoňa razy. Ol öýi, ol baýlygy, bu derejäni men başyma ýapaýynmy, yzymda guwanarym bolmasa! Sen özüň eýelik et şo öýe! Pukaraçylykdan çyk! Maňa sogaby ýetsede bolýa... –diýdi.
Emma indi oňa Nuhty Nazaryň özi göwnemedi.
–Hökmanam däl-laý daýy jan! Eýtsek garyndaşlar gaty görerler. Ýöne men onsuzam sizi edil öz atam ýaly görüp ýörünä. Ony uly ilem bilýä-rä. Siz ýöne... –Nuhty Nazar kabinetiň içine eňeginiň ujuny aýlap goýberdi. –Siz ýöne şuň içinde käte bir ownuk – uşak zat ýitende gaşyňyzy çytmasaňyz bolýa...
Bir günem proessor ir bilen işe gelşi ýaly, düýn-öňňünlikde alnan täzeje abajur bilen setden aýdýan iki programmaly radionyň ýokdugyny gördi. Agzyny açyp ýetişmänkä, kellesini titredip duran Nuhty Nazar ellerini owkalaşdyryp, ýalym-ýulum etdi.
–Öňküjelerimizem erbet däl-läý.
Professor ony şondan artyk gynamajak boldumy, nämemi, iki elinem jübüsine sokdy-da, repide ýaly ýüzüni iki ýana sypajaklatdy:
–Howwa-laý, keşdämizi gömän durusmy-aý! Soňky habarlaram haýsy radiodan eşidenmizde bolman dur.
Kabinetiň içinde ir döwürlerden bäri duran üç sany ýumşak, daşyna gara gaýyş çekilen mähnet kürsi bilen şolara degişli diwan bardy. Ýokarky wakadan soň köp wagt geçmänkä, şol kürsüleriň biri gürüm-jürüm boldy. Ýene bir gün ikinjisi, soň üçünjisem gitdi.
Professoryň bu babatda bar diýeni şu boldy.
–Nuhty jan! Onça mähnet zatlary sen nädip hiç kime bildirmän institutyň terriotoriýasyndan çykarybildiň, köşek? –Soň ol kürsülere derek gelen köneje tagtadan ýasalan oturgyçlaryň üstünde ýeke-ýeke oturyp gördi. –Köneräk ekeni öz-ä. Bolmasa üstüne gazet-pazet ýapyşdyrarysda...
Hakykatdan welin oturgyçlar ýeke bir köne-de däl-de, sallaram gowşak. Üstünde sähelçe nädogry hereket etseň, pagyş-para bolup gitjekdigi görnüp dur. Seplenen ýerlerine urlan posly çüýleriň käbiriniň kellesi somalyp duran bolsa, käbiriniň boýny gyşaryp ýatyr. Aňry ýüzüne geçen uç taraplary bolsa ýüzüňe gyýa bakyşyp durlar. Haçan çalnandygy näbelli, agaryp giden gök reňki bolsa, pakgaryp, çala el degirdigiň pitirdäp, ýere döküljek bolup dur.
Üç hepde geçip-geçmänkä diwanam ýok boldy. Ýerine-de ak patyşa döwründen galan pružinaly, ýaýjyklary nikellenen, demir krowat geldi.
–Ba-a!.Şular dagy düýbünden ýitendir öýdüp ýördüg-ow, –diýip, professor krowadyň daşyndan on gezek dagy aýlandy. –Indi muň üstünede düşejikmi, pokrywalmy, bir zatlar atyşdyrmalam-a bor...
Şondan soň kabinetiň içi uruş döwrüniň meýdan gospitalyna meňzedi.
Giren agzyňdaky şifoner bilen tördäki tekje hem gidensoň gezek professoryň öz oturýan stuly bilen üsti ýaşyl begresli stoluna ýetdi.
Nuhty Nazar öňi bilen-ä begresi satdy. Soň stuly satyp, ýerine-de kürsä derek getirilen çalamydar oturgyçlaryň birini goýdy. Bu zatlary professor aňyp-aňmanka stolam birine ýelmedi-de, deregine köneje, golastysy serpilip açylýan, ir döwrüň gara reňkli mekdep partalaryndan birini getirip goýdy.
–Gözüňe ýakymy dagam bir başga. Asyl ýaşlygymy ýadyma salaýdy, –diýip, professor partanyň çaňyny ýeňi bilen süpürip oturyşyna çagadanam beter sadalaç gürledi. –Ir döwürler ýaman ýörgünlidi bi... –Ol partanyň daş-töweregine geçip ýiti-ýiti synlady. –Tüweleme beýikje-de ekeni özi...
Hanyň atyny tutmakçy bolýan hyzmatkär ýaly, Nuhty Nazar bir bökende partanyň ýanyna bardy-da, bir eli bilen burçundan tutup, beýleki eli bilenem professoryň goltugyndan ýapyşdy.
–Hany, üstüne-de bir münüp görüň bakaly. Janyňyz hezil edäýer.
Professoram:
–Dogry aýdýaň näme jan, –diýdi-de, çaman ata çykjak çapyksuwar ýaly ilk-ä eglip balagynyň gonjuny çermedi. Soňam partanyň burçundan ýapyşdy. Dyzady. –Ho-opb-a-a-a-!...–Bolmajagyny bilensoň Nuhty Nazaryň ýüzüne naýynjar garady. Onuň goltgy bermegi bilen partanyň oturgyjyna ýanyn ornaşdy. Şondan soň ilki sag aýagyny, soňam çep aýagyny çekip alyp, partanyň içine saldy. Gönülendi. Oýkanjyrady. Oňaýly oturdy. Begenjine “ýyrş-ýyrş” edende, gözlerem “ýylpyldap” gitdi. Birdenem oýunjak maşyna münen çaga ýaly ellerini rullandyrdy-da, agzyndan ak köpük syçradyp: –Dyz-z-z, dyz-z, dü-ü-üýt, dü-ü-üýt, –etdirdi. Elýaglygyny çykaryp agzyny-burnuny süpürdi-de, edil ikinji klasyň okuwçysy ýaly iki elinem jüpläpjik öňünde goýdy. Nuhty Nazaryň ýüzüne seredip ýylgyrdy. –Gelişýämi?...
–Nuhty Nazar eňegini taýzardyp elini çarpdy.
–Wah, ölüşýämi diýsene, daýy jan! –Şondan soň ol ökde hudožnigiň ýaňy bir boldum eden eserini synlaýşy ýaly, gözlerini süzüp professoryň bir sagyna geçdi, bir soluna. Bir öňüne geçdi, bir yzyna. Ahyram ýazzy maňlaýynda saklandy-da, çep gözüni ýumdy. Sag eliniň başam barmagyny taýzardyp professora tarap uzatdy. –Wo!..
Hemişe ýumşak diwanyň ýa kreslonyň üstünde islese gaýşarylyp, islese çäşerilip, aýagyny beýleki aýagynyň üstüne atyp geregiçe dynç alýan, ýalpyldawuk, owadan, stoluň başynda oturyp iş ýöredýän, kabinetiň estetiki durkuna diýseň üns berýän, içi gözelleşdigisaýy guwanýan, tekjelerde gül goýmany, suwarmany eý görýän professor indi işe gelşi ýaly asawaç ýoklugy sebäpli üstki eşiklerini köneje oturgyçlaryň biriniň üstüne atýar-da, çagşap barýan mekdep partasynyň başyna geçip, ellerinem jüpläpjik öňünde goýýar. Nuhty Nazaryň halyny soraýar. Soň telefonyny goýara ýer tapman kösenýär. Partanyň üstünde goýsa-ha üsti pesaşak, typyp aşak gaýdýar. Insizje tekiz, ýerinde goýsa-da sygman şakyrdap ýere gaçýar. Halys bolmansoň iki dyzynyň üstünde goýýar-da, bir eli bilenem üstünden basyp oturýar. Daş çykjak wagty telefony baryp äpişgäniň öňünde goýýar. “Şun-a şu ýerde ymykly goýsagam boljak welin, her gezek jaň gelende turup – oturmagam aňsat däl” diýip öz-özi hüňürdenýär. Geleniň gideniň ýanynda bolup oturşyndan utanyp ýygrylýar. Müzzerilýär. Hiç kim hiç zat soramasada: “Aý inwentarizassiýamy... remontmy... nämemi...” diýip hüýt-gara bolan ýüzüni iki ýana sypajakladýar.
Şonda ol hakykatdanam kabinetiniň içi düzüw döwürlerindäkä görä has naýynjar görünýär. Gaşlary öňküsinden has ösen ýaly, selçeňlenen ýaly, dodagy has salparyp, çekge süňkleri has somalyşan ýaly bolýar.
Partanyň başynda otyrka aýaklary ýere ýetmän çaganyňky ýaly hallan atýar. Şonda ozaldanam birazajyk kelte kakýan jalbarynyň gonjy ýokary çekilýär-de, çöp ýaly horja injikleri gyşaryşyp ýatan selçeň tüýleriň aşagyndan edil ölüniňki ýaly sarymtyl, ak öwsüp görünýär.
Kabinetiň içinde awtoruçka, galam, kagyz, hiç zat bolmansoň bir çüýşejige suw guýup poroşokdan syýa ýasanýar. Nuhty Nazaryň üsti bilen gör, nirelerdendir tapan syýa çüýşesine syýa guýýar-da, partasynyň çüňkündäki ýörüte ýasalan çukurjygyň içinde goýýar. Syýa poroşogyň tas, ýatdan çykaňkyrlan ýakymly ysyna meýmiräp oturşyna, dag içindäki obalaryň birinden getirden agaç ruçkasyna on birlik pero ötürýär. Onam partasynyň öň erňegindäki ýörite ýasalan joýajykda goýýar. “Be-e ...öň bar zat hasaply edilýän ekeni-ow..” diýip pyşyrdaýar. Ýer goduklaýanda-da ruçkasynyň ýa syýa çüýşesiniň ýere gaçmajakdygyna begenýär. Durşy bilen mawy syýa boýalan barmaklaryny ýuwmak üçin sabyn gözläp ýörşüne Nuhty Nazaryň hälem bolsa telefony sataýmandygyna şükür edýär. Şol häsiýeti üçin ony mert saýýar. Onuň başdan geçiren horluklaryny ýatlap gyýylýar.
Nuhty Nazar bolsa indi içinde ýel öwüsýän bu kabineti terk etmek barada oýlanýar. Beýleki kafedra müdirleriniň daşyndan aýlanýar. Olaryň hüý-häsiýetlerini, maşgala ýagdaýlaryny, yştymahy gelip çykyşlaryny öwrenýär. Owkalar ýaly gowşak damarlaryny, näzik duýgularyny gözleýär, nämelere mätäçlik çekýändiklerini, howludamy, etaždamy, nähili jaýda ýaşaýandyklaryny öwrenýär. Mal-garalarynyň, syrkawlarynyň bardygyny ýa ýokdugyny anyklaýar. Käte-de halys çydabilmän käbirleriniň ýanyna barýar-da, özüniň garyş ýaşlykdan bäri gara zähmetden başga hiç zat görmändigini, bu durmuşda zar-zelilligiň hupbatlaryny juda ir datmaly bolandygyny, şu ýere gelensoňam az horluk görmändigini, hatda açlyga çydaman itiň öňündäkini alyp iýen gezeklerniňem bolandygyny zeýrene-zeýrene gürrüň berýär. Olaryň ýüreklerini gobsundyrasy gelýär. Edil professor Myratberdi Könäýew kimin olaryňam öz üstünde kökenek bolmaklaryny isleýär.
Ýöne nätjek, hemme adam Myratberdi Könäýew ýaly ýuka ýürek däl-dä!.
Hekaýalar