ÖMRÜMIZIŇ NURY
Ýaşaýşa hukuk bize şeýle sahylyk bilen eçilip berlen nämynasyp peşgeş bolup, ol ömrümiziň ähli görgi-horluklaryny ýekän-ýekän, daş ýany bilen ödeýär.
* * *
Ýaşamaly, ýaşamaly, hökman ýaşamaly! Her zat etmeli welin, ýaşamaly! Ine, şuňa hakykat diýilýär! Eý, Allam, şu çyn! Ýaşa, ýaşa! Ömür sür, nadan bolma!
* * *
Hemme zatdan öňürti adam üçin iň eziz, iň süýji zat näme?
Ömür, ýaşaýyş!
Sebäbi biziň bar şatlygymyz ömrümiz bilen baglanyşykly, bar bagtymyz, bar umyt-arzuwymyz şonuň bilen bagly.
* * *
Ýaşamak, ömür sürmek ýaly hem bir begenç bolarmy! Wah, şujagaz çalja tüsse bilen şu ýagty jahany ýeke gezek görenim nämä degmeýär. Elim-aýagym bolman, ho-ol gara daşyň üstünde oturyp, Günüň dogşuny synlasam, özge armanym bolmazdy. Diňe ýalňyz zat gerek adama – oňa bu dünýäniň gözelligini görmek, erkin dem almak ýeterlik, başga hiç zat! Bu ýagty jahanyň reňňi-roýuna bak ahyryn, üýtgeşik! Meniň asla ilden üýtgeşik bir zat döretmek küýümde-köçämde-de ýok, beýik bir eser döretmek-hä kelläme-de gelenok, meniň diňe ýaşasym, arzuw edesim gelýär, ömür gaty kelte, şoňa görä-de ony gowy ýaşap geçirmeli.
* * *
Taryh eýýäm geçmişe garap aýdylan pikirleriň we bahalaryň telim gezekler üýtgändigine şaýatlyk etdi, özem bir ýa iki sapar däl. Taryh ýene edil şonuň ýaly ählumumy belent zatlara ynanylýan zamanlarda niçembir kişileriň öz garaýyşlaryny üýtgedendiklerine-de güwä geçýär. Emma ikirjiňlenilýän döwürlerde her bir adam öz ynanjynda galdy. Iň aýylganç zat şol öz garaýyşlaryny tiz-tiz üýtgedip ýören ýa-da üýtgetmäge taýýar adamlar birden-de öz ynançlaryndan üýtgemän ýören adam ogullaryna ynanmaly bolaýsalar, oňa şonda nätse bolarka. Ine, aýylganjy şol!
* * *
Öňler ynanç paýhasyň başa düşen kysmata kaýyl bolmagydyr diýip tassyklaýardylar. Hakykatda bolsa ynanjyň özi – ynsan balasynyň güýji-kuwwatydyr, onuň bakylygynyň, ölmez-ýitmezliginiň kepilidir.
* * *
Ikirjiňlemek – eýýäm ynamyň bir bölejigi.
* * *
Şeýle bir adamlar bolýar: olar ynanmaýarlar, ynanmanam durmaýarlar, sebäbi olaryň ynanaslary gelmeýär, ynanman hem bilmeýärler. Ine, menem şeýle – özüme özüm ynanmaýaryn, sebäbi mende ynanmaga ýa-da ynanmazlyga isleg ýok.
* * *
Serhedi-araçägi bilmeýän ähli zatlar, owaly-ahyry bolmadyk zatlaryň bary, formasyz-görnüşsiz zatlaryň ählisi, dagaýan we toplanýan, üýşýän zatlaryň barysy, gaýgyly hem-de beýhuş ediji gözel zatlaryň tutuşy – polýusy ýadymyza salýar.
* * *
Şu jahanda ýaşap ýören mahluklaryň birine-de haýpyň gelmesin, olara nebsiňi agyrtma, iň bärkisi şu Zemin näme, şol hem seniň uludan dem alanyňa degmeýär. Biziň ömrümiz üznüksiz azap, tükenmez görgi. Rahatlan! Ýaşaýyş, ömür – dag: ýuwaşjadan çykýarys, çalt hem aşak inýäris. Ömür sürjek bolsaň, hereketde bol!
* * *
Ömür bilen işem edil ýalyn bilen ýagtylyk dek özaralarynda gaýym birleşen.
* * *
Ulanyň, ýöne öte geçmäň – akyl-paýhasyň ýörelgesi şeýle. Aç-suwsuz hem gezme, öte-de geçme – bularyň ikisem janyňa zeleldir.
* * *
Materiýadan belent ýekeje zat bar. Ol hem – illýuziýa, hamala, şol materiýadan hem ýokarda durýarmyş.
* * *
Danalyk maslahatda baş bolýar, ykbal hem – wakalarda!
* * *
Hudaýyň barlygyna akyl ýetirer ýaly däl, Hudaýyň ýokdugyna-da akyl ýetirer ýaly däl: biziň kalbymyzyň barlygyna-da, ýoklugyna-da şu jahanyň döredilenine-de, onuň el bilen, gol bilen ýasalandygy ýa-da ýasalmandygyna-da akyl ýetirer ýaly däl: ikinji günä barmy ýa-da beýle günä ýokmy – akyl ýetmeýär we ş.m.
* * *
Saýlan ýagşy – Adam öz ömrüni şu aşakdaky çaklamalaryň haýsy hem bolsa birine görä guramaly: 1) Adam baky ýaşar; 2) Adam ömri göz ýumup-açar salymlykdyr, ýyldyrym çakan ýaly geçer gider, belkem, ondan hem azdyr: emma bu, hakykatdan hem, şeýle-dä! Men adam ömrüniň şeýle keltedigine hiç düşünip bilmeýärin. Elbetde, ýürege düşmezlik üçindir, bilmedim, sebäbi ömrem edil çeper esere çalym edýär. Çeper eseriň esasy ölçegi gysgalyk. Emma kimiň ýüregi gysmaýan bolsa, goý, köpräjik ýaşasyn-da! Ýaşaýyş diýmek adamlaryň iň köp yhlas edip saklajak bolýan zady diýmekdir. Emma olar ony, arman gorap saklamaga az üns berýärler.
* * *
Özümiziň hezil edýän, lezzet alýan zadymyza görä ömür sürmegimiz zerur.
* * *
Tebigat hiç wagt azaşmaýar. Ol ýasama zady ýek ýigrenýär, şoňa görä-de ylmyň hem, sungatyň hem üýtgedip, ýoýup bilmeýän zady geň gowy zatdyr.
* * *
Biz tebigatyň kanunlaryna umyt etmäge şeýle bir öwrenişipdiris welin, olardan çala gyşarsak, uly bir bela uçrajak ýaly bolup durus.
* * *
Görüň-ä tebigatyň danalygyny! Şu başy-aýagy bilinmeýän bulam-bujarlygyň içinde hemmeleri deň etmegi başarýar.
* * *
Men hiç bir zadyň yz galdyrman geçmeýändigine ynanýaryn, şoňa görä-de, biziň her bir urýan gadamymyzyň şu günki hem-de ertirki ömrümiz üçin öz manysy bar.
* * *
Bu dünýä gadymdan bäri däli umman diýýärler, emma şu ummanda eli kompasly ýüzýän adamlar bagtlydyr.
* * *
Ömür tomaşa-da däl, baýramçylyk hem däl: ömür – agyr sapak. Ömür kelte, ýöne ömür sürmek, ýaşamak belent bagt.
* * *
Biz geçenlere bütinleý akyl ýetirip, şu güne düşünýäris. Geçenlere çuň aralaşyp, geljegiň manysyny açýarys. Yza garap, öňe tarap gadam urýarys.
* * *
Adam tebigatynyň düýp özeni – hereketdir. Doly rahatlyk – ölüme barabar. Oňa ölüm diýmek has dogry bolar.
* * *
Hiç zatdan hiç zadam döremez, şeýlelikde, bar zady hem hiç haçan ýok edip bolmaz.
* * *
Adama özüniň kimdigini görkezmek üçin 20 ýyl gerek.
Onuň binýadyny tanamak üçin 30 asyr gerek.
Onuň kalbyna düşünmek üçin bakylyk gerek.
Emma ony ýok etmek üçin ýekeje minut hem ýeterlik.
* * *
Mekan tutan ýerimizde soňra ýene ýaşamagymyzy dowam etdirer ýaly, biziň ömrümizde göwnümize gelenini edip ýörmeli aýratyn, boş, möhürsiz pursatlaryň ýekejesi hem ýokdur. Meniň her bir etsem-goýsamymyň dünýäniň geljesine täsir etmegi ahmal. Ýaşamak diýmegiň özi diňe bir maddy islegleriňi kanagatlandyrmagy aňlatman, eýsem, esasan, öz adamkärçilik mertebäňe düşünmegi aňladýar.
* * *
Ömür sürmek diýmek – duýmak diýmek, ýaşaýyşdan lezzet almak diýmek, ömür sürýänimizi ýatladyp duran hökmany täze zatlary duýmak diýmek!
* * *
Ömür sürmek diýmek – duýmak, pikir etmek ejir çekmek, hezil etmek diýmek, başga hili ýaşaýyş – ölümdir.
* * *
Görmek, duýmak – ine, şuňa jahanda ýaşamak diýilýändir, pikir ýöredýärin, diýmek, ýaşaýaryn, ömür sürýärin!
* * *
Ýaşan ömrümiziň hiç bir güni ýaşalan ömri bize ykrar etdirip bilmez.
* * *
Bu ýerdäki zatlaryň ählisi ajap bolan bolsa, bu dünýäde gözel zadam bolmazdy.
* * *
Ömür wakalary gowumy ýa erbetmi, bu köp halatda biziň şolary kabul edişimize bagly.
* * *
Dünýä mydama üýtgäp-özgerip durup bilmez, çünki hiç zat bagly däl, hatda üýtgeşiklerem hemişelik däl. Biz häkimligiň kanunlaryny bilmeýäris, emma öňi-soňy kämillige ýetilýär.
* * *
Maňa şu dünýäde bolýan-goýýan zatlaryň köpüsi ýaramaýar, meniň olary başgarak göresim gelýär. Emma näme alaç etjek? Kämillige her kim bir hili düşünýär. Wah, daragt elinden gelse agaç kesýänçiniň gelýänini görüp, aýakaldygyna gaçmajakmy eýsem?!
* * *
Asmanyň dynuwsyz hereket edýän güýç-kuwwatyna akyl ýetirip bolmaýar. Ol güýç bükýärem, ýazýar hem, göneldýärem, ýene bükýärem. Ol gahrymanlar bilen oýun edýär, gerçekleriň bilini bükýär. Paýhasly kişi şowsuzlyklara-da tagzym kylýar. Ol rahatdan düşmeýär we ykbalyň saljak oýunlaryna mydama taýýar bolup durýar. Onsoň asman oňa hiç bir kär edip bilmeýär. Ýasaşyň gelýäni çynmy? Ýaşaýşy söýýärmiň? Onda wagtyňy bihuda geçirme, çünki wagt mata kysmy zat, ömür lybasymyz şondan tikilýär.
* * *
Geçen günlere gynanyp, arman etmegiň hatajy ýok, bize ýara goýan özgerişlere-de gynanma, sebäbi özgerişler hut ömrümiziň aýnyja şertidir. Ondan sypma ýokdur.
* * *
Ýaşaýşyň özi entek hiç zadam däl, onuň gymmaty ondan peýdalanşyňa bagly.
* * *
Ömür edil şeýle alanyňda, ne eşret, ne-de zäher: ol eşret bilen ýamanyň gaby – ol ömri siz nämä öwürdiňiz? Ine, mesele şunda.
* * *
Ömür sürmek, ýaşamak – kösenip ýörmek hem däl, lezzet alyp ýörmek hem däl: ol biziň etmeli işimiz, özem soňuna çenli halal alyp gitmeli işimiz!
* * *
Ömür sürmek – dürlüçe oýunlar-göçümler etmeli, şol göçümleri öwrenmeli, olara göz bolmaly, sebäbi ähli babatda utulmajak bolmaly.
* * *
Ömür ölçegi onuň uzaklygynda däl-de, eýsem ony neneňsi peýdalananyňda.
* * *
Mynasyp ýaşalan ömri edilen işler bilen ölçemeli.
* * *
Ömür diýmek – hereket etmek, hereket etmek bolsa – göreş diýmek, göreşsiz hyzmat bitirip bolmaýar, hyzmat bitirmänem sylag almarsyň, hereket etmeseň, çalyşmasaň hem ýaşaýyş ýok.
* * *
Akylly, gujur-gaýratly adamlar ahyryna çenli göreşýärler, boş, hiç zadyň deregine ýaramaýan adamlar bolsa, özleriniň bimany ýaşaýyşlarynda kiçijik tötänliklere-de hiç bir göreşsiz boýun bolýarlar.
* * *
Akyl-paýhassyz, ahlaksyz keýpi-sapa çekip ýören adamlaryň ömrüniň gara şaýylyk gymmaty hem ýokdur!
* * *
Göreş – ine, ömrüň hezilligi!
* * *
Ýaşamak – göreşmek: göreşmek – ýaşamak!
* * *
Göreşsiz edermenlik hem solýar.
* * *
Ömür sürmek, ýaşamak diýmek, mydama zähmet çekmek diýmekdir. Şoňa görä-de, ömre diňe şu nukdaýnazardan garaýan adam oňa bütinleý adam ýaly düşüner.
* * *
Adam ömri ýaly ajaýyp zat ýok, ömrüň özi işlemek, ýadawsyz işlemek diýmek. Ýaşaýyş agyr ýük däl-de, adamyň ganaty, döredijiligi, şatlygy. Kim ömrüni agyr ýüke öwren bolsa, ony diňe özünden görsün.
* * *
Belli bir dünýägaraýyşsyz ýaşalýan ömre-de ömür diýmek bolmaz, ol ömür agyr ýük, aýylgançlyk!
* * *
Doňýüreklik – pes adamlara mahsus. Kimiň ýüregi pugta bolsa, ol ähli hereketini wyždanyna geňeşip edýär, ol öz prinsipine ömrüniň soňuna çenli wepalydyr.
* * *
Durmuş diňe özüni öwrenýän adama akyl berýär.
* * *
Ile syn edip ýaşalan ömür diýseň gyzyksyz ömürdir. Şonuň üçin köp işlemeli, hiç dek ýatmaly däl.
* * *
Biziň hazynamyz – biziň saglygymyz, sadaja ýaşaýşymyz, erkinligimiz, ten we ruhy galamyz, rehimdarlygymyz, goňşular bilen ylalaşykly ýaşamagymyz, dostlarymyz bilen saçakly gatnaşygymyz, işimiz şowluka pälipesligimiz, betbagtlyga uçuramyzda namartlamazlygymyz, hakykaty dos-dogry aýdyp bilýänligimiz, ýaranjaňlygy ýigrenýänligimiz.
* * *
Ýaşaýyş zähmet çekmeseň, hiç zat hem bermeýär.
* * *
Ýaşamak – işlemek diýmek.
* * *
Ýeňil durmuş gözleýän adam iň betbagt adamdyr.
* * *
Akmak ýaşamak, paýhassyz ýaşamak, edeniňi edip ýaşamak – ýaman erbet ýaşamak diýmekdir, emma bu emaý bilen ölmek bilen barabardyr.
* * *
Ýaşamak meniň üçin öçmez şemdir. Ol gudratly şamçyrag kibi meniň elime göz ýumup-açar salym düşdi, şoňa görä-de, men şol çyragyň geljek neslime berýänçäm kän-kän ýagty saçmagyny isleýärin.
* * *
Biziň ömrümizde zähmetiň gudratly güýji ýaşaýar, ol bizden öň ýaşap geçen ata-babalarymyzyň güýji-kuwwaty. Goý, indiki geljek nesiller hem biziň çeken zähmet-azabymyz bilen ýaşasynlar, biziň elimiziň-golumyzyň, biziň akyl-huşumyzyň güýji bilen ýaşasynlar. Diňe şonda biz öz borjumyzy ýerine ýetireris. Bu jahandan ötýänçäk köpräk bilim, köpräk bagt goýup gitjek bolmalydyrys, garaz, öňkülerden köpräk goýmaga çalyşmalydyrys, öz miras alan zatlarymyzdan hem gowy, hem kän bolar ýaly etmelidiris, ine, biziň azap-zähmet siňdirmeli zadymyz! Adam hiç wagt ýaşaýşyny gowulandyrmak höwesini ýitirmeli däldir.
* * *
Säher tur-da, daň şapagyna äňet, bu seniň başlangyjyna ogşaýandyr, günüň ýaşyş şapagy hem ömrüň soňuna meňzeş. Goý, şu gysgajyk ömürleriň her biri bir gowy yz galdyrsyn, goý, olaryň her biri özümizden rüstem gelýändigimize güwä geçeli ýa-da täze bir zada akyl ýetirdigimiz bolsun!
* * *
Hiç wagt ölmejek ýaly bolup ýaşasak, beýik işler edip bileris. Paýhasly ömrüň maksady – adalatlylygyň näme ekenligine düşünmek, gözelligiň, gowynyň-hordanyň nämedigine akyl ýetirmek. Bir gowy zady beýleki gowy zat bilen şeýle bir jebis birleşdirmeli welin, olaryň arasynda hiç bir iş galmaz ýaly etmeli – ine, şuňa men ýaşaýyşdan lezzet almak diýip düşünýärin.
* * *
Durmuş şeýle bir giň, şeýle bir köp taraply welin, ondan adam ähli göwün küýsegini doly tanap biler, şony agtarmak, tapmak güýçli, hakyky islegi talap edýär.
* * *
Täzeden ýaşamaga başlajak bolup ýörmän, öz-özüňe doly göz ýetirjek bolaý! Şeýtseň, ömrüň çür başyna çykanyndan soň, ähli zady täzeden özgerdip ýörmegem, täze durmuşa başlamagam, täze etsem-petsemlerem gerek bolmaz. Bu seniň ahyrky öz-özüňe erk-ygryýar etmegiňdir, özüňe özüň düşünmegiňdir, şo-da seniň janyňa aram-takat berer. Şeýlelikde, terezi öz etjek işini bitirer, onsoň men ömrüň paýaw bolandygyna göz ýetirerin.
* * *
Ömürden özge başga bir uly zady eý görmek – ýaşamakdan, ömür sürmekden başga-da bir uly zat bar diýmek dälmi näme!
* * *
Gözleýän zadyňdan belent zady agtar!
* * *
Dünýä iki gezek gelinmeýär, ýöne bir gezek ýaşamagy-da oňarmaýan adamlar gaty kän.
* * *
Dogrusyny aýtsak, şu gün bilen ýaşaýan adamlar örän az. Köp adamlar birneme soňrajyk ýaşamaga taýýarlyk görýärler. Gaty kän adamlar ömür sürmän ýaşaýarlar, olar ýaşamaga taýýarlyk görýärler.
* * *
Ertir ýaşarys, birigün ýaşarys diýip, ýaşamagy yza tesdirip ýörkäk, ol eýýäm geçip gidýär.
* * *
Peýdasyz ýaşamak ýaly erbet zat ýok!
* * *
Arzuw edýän zatlaryňyzyň hemmesini edip bilmeýän bolsaňyz, edip biljek zadyňyzy arzuw edäýiň!
* * *
Pidasyz, tagallasyz, horluksyz bu jahanda ýaşap bolmaýar: ömür durmuş – diňe gül-gülälekli bagy-bossan däl.
* * *
Ýaşaýşy paşmadyk kelep ujyny ýitiren adamlar, göwnüme bolmasa, arzuwlar kölüne gark bolýan ýaly.
* * *
Ömrüniň göz ýumup-açar salymjygyny-da uly many bilen geçirmegi oňarýan kişiler öz ömürlerini tükeniksiz uzaldýarlar.
* * *
Ýaşaýyş, ömür – geçen günler däl-de, ýatda galan günlerdir.
* * *
Ýaşaýyş ýaşamak üçin däl, eýsem ýaşaýanyňy bilmek, duýmak üçin ýaşamakdyr.
* * *
Uzak ýaşamak möhüm däl-de, seniň dogry ýaşanyň möhüm.
* * *
Dolup-daşyp ýaşalan ömre uzak ömür diýilýär. Biz ony wagt bilen ölçemän, bitirilen iş bilen ölçäris.
* * *
Ähli babatda üç sany başlangyçdan ugur gerek: hakyky zatdan, halal hem peýdaly zatdan ugur alan ýagşy.
* * *
Adamyň bu dünýä gelip etmeli işi – ömür sürmek, gün geçirmek däl.
* * *
Gowy ýaşalan ömre uzak ýaşalan ömür diýmeli.
* * *
Peýdasyz ýaşalan ömür – biwagt ölüm.
* * *
Lezzet almak – ömrüň ýeke-täk ulanylýan ýeri!
* * *
Bu ýagty jahanda ýaşamak diýmek mydama göreşmek we mydama-da üstün çykmak diýmekdir.
* * *
Her bir ömre ýaşaýyş diýip bolmaz, gowy ýaşalan ömür – ýaşaýyş.
* * *
Ähli artykmaç zatlar – zerur zadyň duşmany.
* * *
Içiň gysmagy hem adamyň energiýasy, emma ol özüne çykalga tapmaýar.
* * *
Ömür geçip barýar, kim ondan yza galsa, ýalňyz galyberýär.
* * *
Ýaşamak – dem almak diýmek däl, ýaşamak diýmek hereket etmek diýmek. Köp ýyl ýaşana däl-de, durmuşy köp duýan hakyky ömür süren adama kän ýaşady diýmeli.
* * *
Adam üçin bikärlik ýaly ýaman zat ýok, ne onuň etsem-petsemi, ne bir tutan çöpi, ne güýmenjesi, ne-de işi-pişesi bar, asyl onuň hiç zadam ýok! Onsoň ol özüniň sansyz adamdygyny, gerekmejek mahlukdygyny, kämil däldigini, ile garaşlydygyny, ähli zatdan asgyndygyny, boşdugyny duýýar. Onuň dat gününe!
* * *
Eý, başy ölümli ynsan balasy, ýaşaýşyň arasynda taýyber, emma ony debisgileme!
* * *
Maňa siz näme üçin ýaşaýarka şu adam diýýänsiňiz. Diňe bir zada düşünmek üçin ýaşaýaryn: şu dünýäde iň esasy zat nämekä? Ömrümiziň köpüsi ýalňyşlyklara, ýaramaz hereketlere gidýär: ep-esli bölegini ýatyp geçirýäris, mydama-da wagtymyzyň köpüsini etmesiz işleri edip geçirýäris.
* * *
Kyrk ýaş –ýaşlygyň kämil ýaşy. Elli ýaş kämillik ýaşynyň ýaşlygy.
* * *
Ýaşamak – dynmak öňe gitmek.
* * *
Pikir edýän we edýän işine çyny bilen garaýan adam – keramatly adamdyr.
* * *
Baýlyk, ölmek, ýaşamak we ş.m. meseleleri çözmek üçin, öňi bilen şol sowallary dürs goýmak gerek, onuň üçin bolsa kän wagt oýlanmaly, pikir etmeli, ýüregiňe geňeşmeli.
* * *
Durmuşda eşidesimiz gelmeýän zady eşitmeli, edesimiz gelmeýän zady etmeli bolýarys, şulardan biz lezzet almaýarys. Emma biz diňe şeýdip rehimdar bolýarys, diňe şeýdip özümizi taplaýarys. Eger-de biz diňe eşidesimiz gelýän zady hem pikir edip ýören bolsak, onda bütin ömrümizi edil zäherli neşe çeken ýaly humarda geçirmeli bolardyk.
* * *
Jemgyýetiň maksady hemmeleriň bagtly bolmagydyr.
* * *
Iliň bagty ugrunda yhlas edip, öz bagtymyzy tapýarys.
* * *
Bagtyň gizlin syry özüňi unutmakdyr.
* * *
Mydama şadyhorram adam bagtly adamdyr, kim bagtly bolsa – şol hem gowy adamdyr.
* * *
Gaty uly bagta garaşmak – bagtyň böwedi.
* * *
Ine, şeýlelikde biz hiç haçan ýaşamaýarys, diňe ýaşamagy umyt edýäris, şeýlelikde, biz mydama bagtly bolmagy küýseýäris, o ýerden hökmany suratda gelýän zat hem bizi hiç wagt bagtly etmeýär.
* * *
Kimde-kim bagta mätäç bolsa, oňa bagtly diýme.
* * *
Hemme kişide eneden dogma bir ýalňyş düşünje bar – hamala diýersiň, biziň barymyz bagtly bolmak üçin dünýä inen ýaly, bagt diýilýän ýeňil zat däl: ony özüňde tapmak hem, özüňden daşda tapmak hem gaty kyn.
* * *
Bagt diýýänimizem, betbagtlyk diýýänimizem, eger biz olara synag hökmünde garasak – ikisem birmezňeş derejede biz üçin peýdaly.
* * *
Bagtyň ertirki günem, düýnki günem ýok. Bagt geçeni bilmeýär, unutdy ony, geljek hakda-da pikir etmeýär, onuň diňe şu güni bar, özem bir güni hem däl, bir göz ýumup-açar salym ömri bar. Bagta ýetmäge höwes ýok ýerde, umuman, hiç bir höwes-islegem bolmaz. Bagta ýetmek hyjuwy – bu hyjuwlaryň hyjuwydyr.
* * *
Adama bagt gerek, onuň bagtly bolmaga haky bar, ol her zat etmelidir welin, bagtyýar bolmalydyr.
* * *
Bagt, göwnüme bolmasa, birek-birek bilen bölüşmek üçin döredilen bolmaly.
* * *
Bagt – şöhle saçyşy we näzikligi taýdan aýna meňzeş – çala bir zat bolsa, döwülýär.
* * *
Adam görgüli özünden daşarda bagt gözläp biderek azap çekýär: ähli zat onuň içinde, gursagynda ahyryn – asman hem, dowzah hem, onuň eminem seniň kalbyňda ahyryn, eý, adam ogly!
* * *
Bagt diýmek öz täleýiňe razy bolup, şoňa kaýyl bolup ýaşamak diýmekden özge hiç zadam däl.
* * *
Bagt – göz, ol hem çala hapa düşdügi ýaşaryp başlaýar.
* * *
Şu ömrümizde ýalňyz bir bagt bar – ol hem başga biri üçin ýaşamak.
* * *
Adam eger başga biriniň bagtlylygyna guwanýan bolsa, onda şol adam hakyky ömür sürýär.
* * *
Bagty başgalar bilen paýlaşsaň, ol artar gider oturar.
* * *
Uly iliň bagtly bolmagyny küýsäp ýaşamak her bir adamyň ýürek telwasy, şahsy bagtynyň şerti bolmalydyr.
* * *
Tä gabra girýänçä hiç kime bagtly adam ekeni diýäýmäň!
* * *
Ömri ahyr bolýança adama onuň täleýi çüwüp, bagtyýar boldy diýiji bolmaň!
* * *
Bagtyýar ömür ýok, bagtly günler bar.
* * *
Özüni bagtly hasaplaýan adam – bagtly.
* * *
Akmajyk bolmaly, diňe özüňi bilmeli we janyň sagat bolmaly – ine, bagtly boljak bolsaň, şu üç şert hökman gerek. Emma şularyň birinjisi ýetmese, galanlarynyň peýdasy ýok!
* * *
Azajyk pelsepe, azajyp saglyk, azajyk hem keýpi çaglyk bolsa, bagtly boldugymyz. Kän-kän adamlar bolsa, bagt gözleginde huşy gaçyp, kellesindäki ýa-da elindäki telpegini gözläp ýören adama çalym edýärler.
* * *
Tebigat her bir gowy ýürege hoş niýetli duýgy berip, ony kalbyň töründe ýerleşdiripdir, şol sebäplem ol duýgy öz-özünden bagtly bolup bilmeýär, ol hökman öz bagtyny özgelerde gözläýmeli.
* * *
O näme üçin meniň bagtyma arzuw-hyýaldan başga zat diýýärsiňiz? Eger şeýle bolaýanda-da, maňa şondan ganmaga bir ygtyýar ediň!
* * *
Bagta intizar bolmak hem – bagtlylyk!
* * *
Guş uçmaly, adam bagtly bolmaly – Allanyň emri şeýle.
* * *
Adam özüni gorap saklamaga we bagta ýetmäge çalyşýan duýgur, bilgir, paýhasly hem diýseň oýlanyşykly bir mahluk.
* * *
Bagt dolulygyna alsak, iň ýokary lezzetdir, biz oňa ýetip bileris, betbagtlyk bolsa, iň ýaman zulmatdyr.
* * *
Betbagtlyk gowy menden diýýärler, bolup biler. Emma bagt iň gowy uniwersitetdir. Bagt kalbymyzy terbiýelemegi tamamlaýar, ol gowy, gözel zatlar döredýär.
* * *
Özümizi iň bagtyýar adam diýip saýýan wagtymyz iň gaýgyly pikirler kellämize gelýär, göýä, bagt biz bilen uzak bolmajak ýaly.
* * *
Daşky bagt ýaly görünýän bagtymyz biziň duşmanymyzy köpeldýär.
* * *
Kim baý? Az zada kaýyl adam baý, çünki şol kaýyllyk adamyň ruhy baýlygyna şaýatlyk edýär.
* * *
Akmak adamyň bagty getirip baý bolsa, ol barha nadan bolýar-da, garny aşa doýup, halys gözden çykmaga başlaýar.
* * *
Bagt – razy adamlaryň tarapynda!
* * *
Durmuşda bagtly bolmagyň usuly bar – jahana, ylaýta-da, öz ýurduňa peýda getir!
* * *
Bagt hem edil saglyk ýaly bir zat: görmeýän-bilmeýän bolsaň, hökman ol bolaýmaly!
* * *
Şatlanjak bol, umyt et – ine, şuňa hakyky bagt diýerler! Gorkup, wehim edip ýaşamak, gama batmak – muňa-da hakyky betbagtlyk diýerler.
* * *
Durmuşda bagt her kimiň gapysyny bir gezek kakýar, emma köplenç şol her bir goňşy meýlishanada oturyp, şol tyrkyldyny eşitmän galýar.
* * *
Iň bir ýetilgisiz bagt belent dag gerşiniň çür depesinde bolýar: kän azap çekip, şol gerşe çykarsyň hem welin, o taýda ýa uç-gyrarksyz asmana gözüň düşer ýa-da ýel-tupana duçar bolarsyň.
* * *
Bagt ýoly hem Akmaýanyň ýoluna meňzeýär. Akmaýanyň ýoly hem sansyz-sajaksyz ýyldyzlardan dos-doly, olary biri-birinden seljerjek gümanyň ýok, ýöne olar jemlenişip ýagty saçýarlar, edil şonuň ýaly görner-görünmez tükeniksiz owunjak zerreler biziň şu ömrümizde, ahmal, bagtly hem edip bilerler.
* * *
Maksadymyz bagta ýetmek bolmalydyr, ýogsam ot alawlap ýanmaz, herekete getiriji güýç o diýen kuwwatly bolmaz, üstünlik hem göwün diýen bolmaz.
* * *
Her bir owunjak bagtdan hassa adamyň düşekden peýdalanyşy ýaly peýdalanmak gerek: sagalyp gitmek üçin, başga zat üçin däl!
* * *
Sapalak-supalak bilen, mekirlik edip bagtly bolup bilmersiň. Durmuşda şatlyk tapmagy öwren – ine, bagty şeýdip özüňe maýyl edip bilersiň. Näçe jan etseň hem beladan gutulmarsyň. Gaharyňy ýatyr, güm et ony – ine, bela-beterden dynmagyň iň gowy usuly şudur.
* * *
Saňa niýetlenmedik bagt janly-u-jansyz zatlaryň ählisini ýaradan Taňrynyň seniň üçin taýýarlamadyk, emma atanlykda saňa düşäýen bir närsesidir.
* * *
Arman etmän lezzet alsaň, ana, şol bagtdyr.
* * *
Durmuş hiç tükenmez şatlyk bolmalydyr, şeýle bolup hem biler.
* * *
Bagty gelende peýdalanyp bilmeýän adam ol geçip gidende arman etmeli däldir.
* * *
Bagt sabyrly kişilere mugtuna eçilýän gaty kän zatlaryny takatsyz adamlara pula satýar.
* * *
Elbetde, dünýädäki ähli zatlaryň soňy hem bar, çägi hem bar, iň soňky nokadyna ýetip, aşak gaýdýar, sebäbi şol ýagdaýda uzak saklanyp bilmeýär. Öz bagtyndan, öz işi rowaçlygyndan akyl-paýhasly ynam bilen peýdalanyp bilmeýän adamlaryň soňy şeýle gutarýar.
* * *
Täleýe gözüniň gytagyny aýlamaga-da ygtyýar bermeýän adam – bagtly adam!
* * *
Bagtly ýaşaýandygyny bilmän gezip ýörenlerem gyt däl.
* * *
Biziň duýgy başarnygymyzyň çäginden çykan bagt we gam derejesi-de bar.
* * *
Bagty hem, betbagtlygy hem görmedik-bilmedik adam hiç wagt duşman bilen sataşmadyk esger kibi ölüp gidýär.
* * *
Eger diňe bagtly bolmagy arzuw etmeli bolsaň, oňa bahym ýetersiň. Emma adamlar, adatça, ilden has bagtly bolmagy arzuw edýärler, bu bolsa tas mümkin bolmajak zat, sebäbi biz başgalary özümizden has bagtlyrak hasap edýäris, ýogsam olar, hakykatdan, beýle-de däl!
* * *
Adam hökman bagtly bolaýmaly. Eger ol betbagt bolsa, onda munuň üçin onuň özi günäkär. Şoňa görä-de, onuň özi özi barada alada etmeli, özem tä şu düşünmezlik ýa-da amatsyzlyk aradan aýrylýança gije-gündiz alada etmeli.
* * *
Bagtyň bitirip biljek zadyna ynanmaly, şonda bagtly bolarsyň!
* * *
Bagtly bolmak üçin şol ugurda hemişe çalyşmaly we oňa düşünmeli. Bagt ýagdaýa däl, saňa tabyn!
* * *
Bagt rehimdar adamyň elinden taýýar görnüşde alynýan peşgeş däl. Ol göreşilip gazanylýar, göreşilip edinilýär.
* * *
Bagt howadan alynman, zähmet bilen gazanylýar.
* * *
Kim köp zähmet çekse, azap etse – şol bagta ýetýär.
* * *
Her bir adam – öz bagtyny döredijidir.
* * *
Bikäre bagt hem kömek etmeýär.
* * *
Ömrüň iň beýik şatlygyny gurban etdim diýip guwanyp ýöreýänlerem ýygy-ýygydan duşýar.
* * *
Şatlyga, umyda maýyllyk – hakyky bagt. Rehimdar gorky-ürkä maýyllyk – barypýatan betbagtlyk.
* * *
Adamyň pynhan bir şatlygy bar bolsa, ol çem gelen zat hakda-da, büs-bütin başga zatlar hakda-da hezil edip gürrüň berer. Adamyň elmydama şadyýan bolmagy gerek. Şatlyk gutarsa, nirede ýalňyşanyňy agtar.
* * *
Eger durmuş saňa ägirt uly bir şatlyk ýaly bolup görünmeýän bolsa, onda seniň akylyň ters ugra gönügipdir, hökman şeýle bolmaly! Bizi gurşap alan zatlar begendirmän, eýsem biziň töweregimizi gurşap alan zatlara bolan garaýşymyz begendirýär.
* * *
Diňe uly zähmetde uly şatlyk bar.
* * *
Ruhy şatlyk adamyň güýjüniň alamaty!
* * *
Bikäre bagt kömek etmez.
* * *
Biz ähli isleglerimize bir sowal bermelidiris: eger şu edýän arzuwym hasyl bolsa ýa-da hasyl bolmasa, men nähili bolarkam diýmeli.
* * *
Şatlyga garaşmagyň özem şatlyk.
* * *
Ýalňyz şatlanmak – gama batmak.
* * *
Göwne salnan ýara wagt bilen, iş bilen bitýär. Şoňa görä güýjüň barka, durman işle! Şundan gowy ýürek dermany ýok!
* * *
Ýürek awusynyň iň gowy dermany – iş.
* * *
Durmuşdan basylma, onuň gös-göni garşysyna çyk!
* * *
Ähli zat könelýär, hatda gam-gussa-da süllerýär, ýitip gidýär.
* * *
Wagt ganaty gam-gussany uçuryp äkidýär.
* * *
Özüňe ynanmak, öz güýjüňe ynanmak gerek, ýogsam ruhdan düşersiň, ähli zatdan eliň sowar!
* * *
Ömür gorkuda gezenden, bahymjak aýylganç tamam bolan ýagşy!
* * *
Şatlygy datmak kyn zat däl, ýöne agyr günde mert bolan ýagşy!
* * *
Gussaly ýürege – aýdym-saz gerek!
* * *
Men diňe iki sany betbagtlygy bilýärin: wyždan horlugy bilen kesellilik.
* * *
Kän pul toplan bolsaň, öýüňe ogrular girer.
* * *
Çaga dünýä inende, enäniň jany Gylsyrat köprüsiniň üstünde.
* * *
Soňy bilen gynandyrmaýan şatlyk ýok.
* * *
Garyplyk agyz bekledýär, kesel – saglygyň aladasyny etdirýär.0
* * *
Bagtyň geljegini buşlamaýan betbagtlyk ýok. Şoňa görä-de, hakykata göz ýetiren adam şatlyk bilen gynanjy bölüp oturmaýar, emma ol şatlygy hem, gynanjy hem unudýar.
* * *
Kalbyny hyýallar kölüne gark edenleriň dadyna Alla ýetişsin, hyýal şu dünýäniň ýeke-täk çyn zady! Ham-hyýala gitmedikler hem işi gaýdan adamlar. Olaryň biri-hä kelebiň ujuny ýitiren, beýlekisi hem gijä galanyna ökünip, buduny çümmükläp ýör.
* * *
Urgynyň güýjüni urýan däl-de, urulýan bilýär: diňe horluk gören adam horlugy ölçäp biler.
* * *
Arzuw bilen oýun etme: paşmadyk arzuwyň durmuşda betbagtlyk getirmegi ahmal.
* * *
Mesele seniň bagtlylygyňda ýa-da bagtsyzlygyňda däl-de, eýsem bagta ýetmek üçin seniň ähli zady edip-etmänligiňde. Özüne göwni ýetýän asylly adam, gürrüňsiz bagtly bolmaga mynasyp, emma onuň oňa ýetip bilmänligine mydama zeýrenip ýörmäge haky ýokdur.
* * *
Bagt – wagtyň işi, şowuň, rowaçlygyň işi. Ejir çekmek üçin kän sebäpler bar: biri azaşany, ýalňyşany sebäpli horluk çekip ýör, ýene birleri – horluganlygy, alňasanlygy sebäpli horlanýar. Öz günüňden razy bolmak üçin ony erbet gündäki adamyň güni bilen deňeşdirmek zerur.
* * *
Başyňa bela gelende, daş-töweregiňe äňet-de – ynjal: bir topar adamlaryň düşen güni seniňkidenem agyr ahyryn!
* * *
Agyr günüň hakda ile gürrüň berip, ony ýeňledýärsiň.
* * *
Adamlar, garaz, bir betbagtlyga uçranlarynda, ykbaldan, Hudaýdan, aý, başga-da kän zatlardan nägile bolýarlar, emma, haýran galmaly, özlerinden görmeýärler.
* * *
Hiç zady piňine almaýan adamlar tiz bela ýolugýarlar.
* * *
Betbagtlygy diňe garşylyk görkezip ýeňip bolar.
* * *
Adam öz ömründe bir goldawa zol-zol ýüz tutýar – ol umyt!
* * *
Ähli adamlar üçin bir umumy zat bar, şol näme? – Umyt: sebäbi hiç bir zady ýok adamlarda-da, ol bar!
* * *
Umyt edil gijäniň asmany ýaly: çynyň bilen gözleseň, ahyry bir ýylpyldaýan ýyldyzjyga gözüň düşýär.
* * *
Bilip goýuň, dirikäk – hiç zat gutarýan däldir!
* * *
Çykylmajak ümür ýokdur. Esasy zat özüňi ýitirmezlikdir: säginme-de, öňe git!
* * *
Paýhasdyr wagtyň egismejek gussasy bolmaz.
* * *
Ähli zady ýitirenem bolsak, herhal, geljek galandyr!
* * *
Iň bir garry adamlar öz ýagdaýyny gowulaşdyrmak üçin etsem-petsemini goýmaýarlar.
* * *
Adam dirikä umytdan düşmeli däldir.
* * *
Gaýgy-gam, ökünç, gynanç kelep ujuny ýitirmek – bularyň bary durman geçip gidýän şowsuzlyklardyr, olar kalbymyzda labyr taşlap bilmeýän zatlardyr. Şoňa görä-de, tejribämiz bize bu atly duýgularyň ýalançydygyny öwretdi, biz bolsak, şol duýgynyň täsirine düşüp, bu betbagtçylyklara müdimidir öýdüp ýörüs! Ýok, müdimi däl!
* * *
Mydama umyt etmeli, hiç wagt göwnüçökgünlik etmeli däl! Ine, uly ýürekli adamlaryň bolşy şeýle!
* * *
Ýadaw göwrä, halys azap çeken kalbymyza umyt ýaly şeýle gowy dermany hiç bir lukman hem berip bilmez.
* * *
Umyt, her niçik düşnüksiz, eýläk-beýläk öwsüp duran-da bolsa, ol herhal, bizi kabul edilen ýoljagazdan äkidip, ömrümizi aýaklamaga kömek edýär.
* * *
Umytdyr isleg ikisi biri-birine meçew berip, biri sowasa, beýlekisi doňýar, biri tutaşsa, beýlekisi gaýnaýar.
* * *
Garaşmak käte şol günleriň özündenem gowy bolýar.
* * *
Umyt – ýeke-täk eşret bolup, ondan aşa düşjek gümanyň ýok!
* * *
Umyt ömrümiziň durkuna ýanymyzda bolýar, ol ölüm ýassygynda ýatyrkak hem başujumyza alyp oturýar.
* * *
Umyt, hatda, gabryň ýanynda-da ýaşaýar!
* * *
Umyt ölen ýerde, boşluk emele gelýär.
* * *
Umyt bolmasa, ýürek darka ýarylyp biler!
* * *
Öz kämil däldigiňe düşünseň, kämillige tiz ýetişersiň!
* * *
Biziň gowy tarapymyz bize durmuşda erbet tarapymyzdan kän zyýan ýetirýär.
* * *
Mertlik adam kalbynyň beýik sypaty. Mert halk öz mertligine guwanmalydyr.
* * *
Iň mert döwletde edermenlere iň belent hormat-sylag edilip, namartlar ýek ýigrenilýär, olara iň berk çäre görülýär.
* * *
Her bir är kişi, her bir dogruçyl adam öz Watanynyň abraýyna abraý goşýar.
* * *
Mertlik bilen berklik adamlara diňe duşmanyň ýaragynyň garşysynda durmak üçin gerek däl-de, eýsem her bir urgynyň garşysyna durmak üçin zerurdyr.
* * *
Watanyň her bir raýatynyň mertligi bilen harby batyrlyk – bir çeşmeden gözbaş alyp gaýdýar.
* * *
Ykbalyň şarpyklaryny batyrlyk piňine-de almaýar.
* * *
Şeýle bir paýhas bar, onda şeýle diýilýär: daga çykaňda, dik ýodajyk bilen ýöremäge gaýratyň bolsun. Gardan ýöräňde, typançak köprüden geçmäge gaýratyň bolsun. «Gaýratyň bolsun!» diýlen sözlerde örän çuň many bar. Eger durmuşyň howply öwrümlerinde we bu dünýäniň çarkandak ýollarynda gaýratyň bolmasa, hökman hapa-haşal ot basan bir çukuryň içinde ýitip ýok bolup gidersiň. Men hakyky mertlige abanýan howpa dogry, kämil baha berip bilmek hem-de şonuň öňünde moral taýdan berkden-berk durup bilmek diýip düşünýärin.
* * *
Batyrlyk – garşylyk görkezmek üçin gerek güýç: batyrlyk erbetligiň üstüne hüjüm etmek üçin zerur gerek güýç!
* * *
Batyr ýüreklere gelip urlup, ähli bişowluklar çym-pytrak bolýar, batyrlyk – rehimdarlyk, onuň güýji arkaly adamlar üstlerine howp abanyp durka ajaýyp işler bitirýärler.
* * *
Aýylganç ahwalata batyr kişiler ýaly döz geljek adam ýokdur!
* * *
Ajaýyp ölümiň öňünden gorky-ürküsiz çykýan adamlara mert ýigitler diýilýändir.
* * *
Kimde-kim är kişi bolýan bolsa, şol hem batyrdyr.
* * *
Batyrlyk diýmek gorkyny ýigrenmek diýmekdir. Onuň abanýan howpa göwni ýetmeýär, ony darkaşa çagyrýar-da, kül-peýekun edýär. Rehimdar kişi betbagtçylygy mertlerçe çydap ýeňýär. Pes adam welin, başyna iş düşse – egnini sallaýar.
* * *
Adam batyrlygynyň iň beýik synagy ýeňşe çydap, hiç wagt ruhdan düşmezlik.
* * *
Hakyky mertlik ölümiňi dilemek däl-de, eýsem şowsuzlyklara garşy göreşmek diýmekdir.
* * *
Ajal gorkusyna ömrüňiziň jylawyny beriji bolaýman! Şuňa gahrymançylygyň syry diýerler!
* * *
Gorkyny bilmän howpuň üstüne barýan batyr däl-de, iň güýçli gorkyny ýeňip geçip bilýän we gorkynyň diýenini etmän üstüne abanýan howp barada oýlanýan adam batyrdyr.
* * *
Merde garanda züwwetdin jedeli kän edýär.
* * *
Bütinleý batyrlykdan mahrum bolmak üçin, bitinleý islegiň bolmaly däl.
* * *
Masgaraçylykdan gorkmak – mertlik: beýleki adamlaryň özümiz barada edýän adalatsyzlyklaryna sabyr-takatly döz gelmek şu hili mertligiň biri.
* * *
Hakyky mert adam haýsy hem bolsa bir iş çözülýärkä özüni ýygra alyp barmalydyr, ähli tötänligi sallarlap görmelidir, emma ýerine ýetirmeli bolanda welin, gözsüz batyr bolmalydyr.
* * *
Howp abanmanka ony biljek bolmaly, ondan ätiýaç bolmaly. Ýöne ol abanandan soň welin, bir ýary galýar – howpy ärlerçe ýeňip geçmeli.
* * *
Batyrlyk gahrymançylykly işler üçin hem gerek, ýöne ol edil şonuň ýaly, beýleki ýerlerde-de, pikir edilende zerur.
* * *
Batyr adam adatça zeýrenmeýär-de, ejir çekýär, gowşak adam welin, ejir çekmeýär-de, zeýrenýär.
* * *
Hakyky mert kişiler özlerini hergiz ýitirmän, öz etmeli işini sessiz-üýnsüz berjaý edýärler, olar hiç bir howpdan-hatardan gorkmaýarlar.
* * *
Mertlik howp bilen bile ösýär, näçe kynlaşsa, şonça güýç kän gerek.
* * *
Mertlik diýmek howpy batyrlarça ýeňip geçmek däl-de, eýsem şol bela-beterleriň göni ýüzüne seredip garşylamak.
* * *
Hakyky mertlik az sözli bolýar: oňa özüňi görkezmegiň geregi ýok, sebäbi ol gahrymanlyga borç diýip düşünýär.
* * *
Howpdan gorkýanlar üçin mydama-da howp bar.
* * *
Eger siz özüňiziň ilkinji mertlik synagyňyzdan boýun gaçyrsaňyz, onda ikinjisinde has gowşak bolarsyňyz.
* * *
Batyrlygyň we mertligiň bihaýalyk, gödeklik bilen hiç bir galtaşýan ýeri ýokdur: olaryň çeşmesem, netijesem aýry-aýrydyr.
* * *
Paýhassyz mertlik – namartlygyň üýtgeşik bir görnüşidir.
* * *
Edermenlik – ahlak mertligidir.
* * *
Akyllylyk bilen mertlik utgaşsa, mertliksiz bir akyla garanda has uly kömek edýär.
* * *
Paýhasly kişi belanyň geljegini duýdurýar, mert kişi – ony gynançsyz-armansyz geçirýär.
* * *
Ärler aňsat ýeňşi halamaýarlar, hüjümiň ýelgini goranyşa kuwwat berýär.
* * *
Är kişiniň – lebzi halal!
* * *
Batyrlyk adamyň beýleki gowy häsiýetleriniň ösmegi üçin hökmandyr. Eýsem batyr bolman hem bir hakykaty agtaryp bolarmy ýa-da söýgini eý görüp saklap bolarmy?
* * *
Mertligini ýitirmedik adamam, heý, özüniň ýeňilendigini boýun alarmy?
* * *
Ähli zadym owarra bolsun, emma, eý, Allam, mertligimi bir özümde goýaweri!
* * *
Zadyňy ýitirseň, azajyk ýitirdigiň, namysyňy ýitirseň, köp zat ýitirdigiň, mertligiňi ýitirseň, hemme zadyňy ýitirdigiň!
* * *
Ýürek edip aýdyp bilýänim üçin hakykaty aýdýaryn: näçe ulaldygymça, şonça-da şuny seýrekletjek bolýaryn.
* * *
Namart adamlar gönümel bolup bilmeýärler.
* * *
Hakykat – biziň iň gymmat baýlygymyz. Geliň, oňa aýawly garalyň.
* * *
Diňe doly hakykat gowudyr. Ýarym hakykat ýarym şaýa hem degenok.
* * *
Mydama, her bir ýerde hakykaty gora, ýogsam onuň üstüne hüjüm edilme kemi galanok!
* * *
Biz diňe hakykatyň aşygy bolman, eýsem bize diňe şunuň özi gerek!
* * *
Eger hakykat bize etmeli işimizi görkezmeýän bolsa, onda ol mydama bize etmeli däl işimizi görkezer ýa-da indiden beýläk etmeli däl işimizi görkezer.
* * *
Hakykatdan çekinmeýän adama ýamandan gorkma gerek däl!
* * *
Pes, pis zat hiç wagt uzaga gidip bilmez.
* * *
Adamyň dogruçyllyk derejesi onuň ahlak kämilliginiň derejesiniň görkezijisidir.
* * *
Hakykata teşne adama şahyr bolmak hem, beýik bolmak hem gerek däl! Ol ýöne oturyberende-de, ol eýýäm şahyr, ol eýýäm beýik kişi.
* * *
Durmuşy eý görmegiň özi eýýäm hakykaty halamak ahyryn!
* * *
Hakykat ajy hem bolsa, gulak goý oňa!
* * *
Süýjüje hakykat ýok!
* * *
Hakykat – ajy, içesiň gelmeýän suw, emma ol saglygyňy dikeldýär.
* * *
Hakykat gaty gazaply aýdylsa-da, hiç kim üçin gorkunç bolmaly däldir.
* * *
Hakykat mydama azajyk göwnüňe degýär, emma şonda-da mydama peýdaly.
* * *
Dogruçyllyk – ýaşaýşyň dem alşy, ol her bir mertebäniň hamyrmaýasy.
* * *
Hakykat ýalançylaryň we töhmetçileriň yzyndan ýetýär.
* * *
Hakykaty oňaryp aýdyp bolsa, ony ýeňjek alajyň ýok!
* * *
Eger bir adamyň hakykaty aýtmakdan özge niýeti bolmasa, oňa iki-üç sany sözem ýeterlik.
* * *
Hakykatyň dili sada.
* * *
Hakykat – lagly-merjene meňzeş, oňa özünden gowy owadanlyk gerek däl, ol bezege mätäç däl. Emma ony gowy görner ýaly ýerde goýmak zerur.
* * *
Dogruçyl söz dogry aýdylan bolsa, ony ýykman – ýumurmak başartmaz.
* * *
Hatda watana gezek galanda-da hakykatçyl bolmak gerek. Her bir watan ogly öz watany üçin jan bermelidir, emma watanyň bähbidini arap ýalan geplemek bolmaz!
* * *
Şeýlekin, oslaman durkaň, diliňden sypaýan sözler mydama dogruçyl sözlerdir. Deslapdan taýýarlyk görlüp sözlenen, ýazylan ýalan iki ýüzli nutklara ynanmaň, olar akmaklara niýetlenen sözlerdir.
* * *
Hakykat boýunça ýaşa, ömür sür – ine, iň gowy wagyz-nesihat!
* * *
Ynanjaňlyk – şu duýgy bilen hemra duýgylaryň ählisini bezeýär, gözel edýär!
* * *
Akyl üçin hakykatyň bolşy dek, göz üçinem onuň ýaly gözel zat ýok: ýalan ýaly-da paýhas üçin bedroý, erbet zat ýok!
* * *
Hakykat – adam wyždanynyň ýeňşi.
Sözler