Ýalandygy öňünden bildirip duran zady dogry diýip tassyklamak ýaly bihaýalyk ýokdur.
* * *
Hakykat diňe möhüm zatlardamyka diýip gürlemekdir we işlemekdir öýtme. Hakykaty gürläňde-de aýt, iş edeňde-de subut et, iň biderejik zatda-da ýalan sözleme. Seniň hakykaty aýtmanyň bilen uly ýa-da kiçi zeleliň gelip-gelmezligi barada gürrüň baranok-da, eýsem seniň dogruçyllygyň ýa-da ýalançylygyň hakda gürrüň barýar.
* * *
Eger sen hakykaty gözlän bolsaň, eger ýeriňden turaga-da, bu oturan halaýyga hakykaty aýtmadyk bolsaň, seniň hakykata dönüklik etdigiň bolýar.
* * *
Iň biderek zatda-da hakykatçyl bol!
* * *
Ýigrimi sany etmişiňi bagyşlap bolar, ýöne bir gezek hakykaty ýoýsaň, ol bagyşlanmaz.
* * *
Beýiklige iň ýakyn durýan zat dogruçyllyk, päklikdir.
* * *
Eger adam päkligini ýitirse, ol üznüksiz kezzaplyga baş goşýar, şeýdip hem ol durmuşyň haram ýoluna endik eder gider.
* * *
Päk göwünli bolmak, halal ömür sürmek beýiklige ýetilýän ilkinji ädimdir, onuň özi beýiklik dälmi näme?!
* * *
Ähli adamlar gelip çykyşy boýunça birmeňzeş ahyryn, dünýä inişlerem meňzeş, ýöne Alla tarapyn halal adamlara il hormat-sarpa goýýar, olar meşhur kişiler bolup ýetişýär.
* * *
Şu jahanda halal adam ýaly ajaýyp zat ýok!
* * *
Her bir ady, mertebäni halallyk, päklik bezeýär.
* * *
Halal, päk adamlarda bir endik bar: olar ýüzi ýyrtyk, bihaýa adamlaryň edýän gabahat işlerini görüp, ýere seredip oturyberýärler.
* * *
Akyl eleginden geçen hakykaty hiç wagt gizleme-de, edil ýüzüne aýt, şeýtseň, deýýuslar senden gaçar, golaýyňa gelmejek bolar!
* * *
Özi kezzap bolmasa, kezzaplar bilen ham-çam gatnaşyk etmez.
* * *
Bir aldady – ömür aldady! Özüň üns ber, özüň oýlan!
* * *
Atymy al – ynanjymy alma!
* * *
Bir gezek aýtsaň – ynanaryn, iki sapar aýtsaň – ikirjiňlärin, üç gezek aýtsaň – ýalandygyna göz ýetirerin!
* * *
Hudaý aýdýar: senden hereket, menden bereket! Ýene size näme düşündiriş gerek? Ýa ýene-de – ýatyberjekmi, eý, betbagt adam!
* * *
Garry kakam garry ejeme aýtdy: «Eger öýüň ähli işini bir ýüzli eden bolsaň, onda öýdäki ähli pyçaklary bir ýere üýşür, onsoň her gün irden bir pyçagy igele, ýitelt. Şu saňa bir hepde irden iş bolar, ýitije pyçak bilen et dograrsyň, soýup kerçgilärsiň, ondan soň, ýene iş tapmasaň, men ýene şular ýaly iş tapyp bererin, çagalaryň ejesi! Dek ýatma, ýogsam şu öýüň pyçaklary ýaly poslarsyň!». Ejem kakama gulak asdy, balam, sen nätjek?!
* * *
Ýyldyrymy bilýäňizmi, beýik ýüregiň päkligi hem hakykatyň, adalatlylygyň kiçijik bir göjegine öwrülip, akylyňy haýrana salýar.
* * *
Päk adamyň mydama ruhy belentdir, şoňa görä-de, ol tüýs bagtly adamdyr, onuň mydam alny açyk bolýar. Onuň edýän ähli işi azadadyr. Mydama iliň aýbyny gözleýän pes adamyň ruhy pes bolar, şoňa görä-de onuň begenjem kiçidir, bahym geçer gider. Onuň edýän ähli işi göwnüňi peseldýär.
* * *
Halal adam bilen haram adamy edýän işi bilen hem tanap bolar, ýöne olaryň niýetine görä-de bilse bolar.
* * *
Ömrüň ötýänçä bagtly bolasyň gelýän bolsa, halal adam bol!
* * *
Halal, päk ýaşajak bolsaň, jemgyýetçilik bähbidini nazara al we diňe şoňa ynan. Şahsy bähbidiňi aramak köplenç ýalňyşdyrýar. Iň gowusy, temmini saýlap al, emma ýaman pälden gaça dur, sebäbi temmi bir gezek gynandyrar, päliýamanlyk bolsa – ömrüň ötýänçä gynar ýörer.
* * *
Haramlyk bilen edilen hiç bir işde hakyky rehimdarlyk bolup bilmez.
* * *
Arassa adama haramlyk töhmetini atmak, müňkürlik etmek ony öldürene barabardyr.
* * *
Arassa adamy azarlap bolar, emma onuň namysyna degip bilmersiň!
* * *
Eger kezzaplar haramlygyň ähli artykmaçlyklaryny bilen bolsalar, onda olar öz bähbitleri üçin kezzaplyk etmeklerini bes ederdiler.
* * *
«Men, dogrudan hem, halal, arassa adammykam?» diýip öz-özünden soraýan adam hakyky halal kişidir.
* * *
Halallyk – satylsa ölýär!
* * *
Halal, ýöne gysga ýaşalan ömür uzak, emma masgaraçylykly ýaşalan ömürden müň esse abraýlydyr.
* * *
Arassa ýaşamak – iň gowy, iň dogry ölümdir.
* * *
Wyždan kanunlaryň kanunydyr.
* * *
Iň ýokary sud – wyždan sududyr.
* * *
Wyždan diýmek jemgyýetiň aýratyn bir şahsyýet tarapyndan özleşdirilen hakydasydyr.
* * *
Ukyňy gowy aljak bolsaň, düşegiňe arassa wyždanyňy al!
* * *
At-abraý hem gerek, ýöne iň geregi – wyždandyr.
* * *
Ahlak – bize pent berýän kitaplaryň iň gowusydyr, oňa tiz-tizden äňedip duruň!
* * *
Iň esasy bezeg – arassa wyždan!
* * *
Adamlara wyždan terbiýesini bermeli, olaryň akyly dury bolar ýaly etmeli.
* * *
Päk wyždan – hemişelik baýramçylyk.
* * *
Wyždan meselesinde kanun köplenç işlemeýär.
* * *
Ähli babatda wyždanly bolmasa, ol adama ynanmak bolmaz.
* * *
Päk wyždanly bolmak – günäň ýokdugyny bilmek!
* * *
Päk wyždan ýalandan hem, myş-myşdan hem, gybatdan hem gorkmaýar.
* * *
Hiç bir aýp etmedik ýüregi gorkuzmak aňsat düşmez.
* * *
Wyždan – müň sany şaýat!
* * *
Wyždanyňa ters gelýän zatdan ägä bol!
* * *
Öz eden günäleriňi unutsaň, utançsyz-haýasyz adam bolarsyň.
* * *
Wyždanyňa ters gelýän zady ediji bolma, onsoň hem hakykata gabat gelmeýän zadyň gürrüňini ediji bolma. Ine, şu iň möhüm borjuňy ýerine ýetir, şol seniň ömrüň borjuny berjaý etdigiňdir.
* * *
Etmişinden utanmaýan adam – iň utançsyz adamdyr.
* * *
Wyždan – adam ömrüniň wepaly ýolbaşçysydyr.
* * *
Päk wyždan – iň gowy ýassyk!
* * *
Näletkerdäniň wyždanyny oýarmak üçin, oňa gowuja çarpyk çalmaly!
***
Wyždanyny ýitiren adamyň ýüzüne bakandan süllümbaý ýenjileniň ýüzüne bakan ýagşy!
***
Adamlary haram wyždandan beter biynjalyk edýän zat ýok!
***
Wyždan ýarasy bitmezek bolýar.
***
Men diňe iki sany betbagtlygy bilýärin: bir-ä wyždandan ejir çekmek, birem kesellilik.
***
Başdan özüni mynasyp alyp barýan adam wyždanyndan ezýet çekmez.
***
Wyždan ezýeti – ähli gowy zadyny ýitirmegiň öçmejek ýaňy!
***
Edeniňe däl diýilýän ýerden wyždan ezýeti başlanýar.
***
Diňe özümize dahylly günäni biz gaty bahym unudýarys.
***
Jenaýatçylarda galan bir gowy zat bar, ol hem wyždan horlugy.
***
Erbet işleriňe toba etmek – ömrüňi halas etmek!
***
Bir ýaman iş edip, ilden gizlenerin öýtme, ilden gizlenseňem, öz wyždanyňdan gizlenip bilmersiň.
***
O-how, bu wyždanyň oýnuna seretsene! Ol bigünäniň ähli gorky-ürküsini aýryp taşlap, günäkäriň göz öňüne getirýän ähli kanuny temmisini bolşy-bolşy ýaly surata çekäýýär.
* * *
Namys – ine, hakyky gözellik!
* * *
Namys – daşky wyždan, wyždan hem – içki namys.
* * *
Hakyky namys – ile-güne peýdaly işi her niçik ýagdaýda-da ýerine ýetirmegi ýüregiňe düwmek!
* * *
Namys – ömürdenem gymmatly.
* * *
Namysyňy bazara salyp – baýamarsyň!
* * *
Namys ýalana çydamaz!
* * *
Ähli kynçylyga çydaryn, emma namysyma degilse, oňa kaýyl bolman!
* * *
Paýhassyz, ahlaksyz hem adalatsyz ýaşap, hoş günde ýaşap bolmaz!
* * *
Uzaga gidýän zatlar, diňe şolar beýikdir.
* * *
Uzaga gidýän zadam adalatly zatdyr!
* * *
Adalatlylyk duýgusy, oňa teşnelik – ine, biziň halkymyzyň häsiýeti, sypaty şudur!
* * *
Öz ýakynyňa adalatlylyk etmegi hiç gaýra tesdirmeli däl. Bu ýerde haýal-ýagallyk etmek diýmek – adalatsyzlyk etmek diýmekdir. Adalatlylyk biziň edýän işimiziňem, oý-pikirimiziň hamyrmaýasy bolmalydyr.
* * *
Pikirinde adyl bolanyň bilen entek seniň iş ýüzünde adyl boldugyň däldir.
* * *
Adyl adamyň ahlak sypaty kanuny doly çalşyp biler.
* * *
Hawa, men mydama aýdýaryn, ýene gaýtalaýaryn döwletiň hem ýüregi bolmaly, wagta, ýagdaýa görä garyp-gasarlara kömek bermeli, onuň öňüni almaly, ony duýdurmaly, garyba iş ýüzünde raýdaşlyk etmeli.
* * *
Adalatlylyk göz bolsa, güýjem adalatsyz bolsa – bularyň ikisindenem, hernä, Allaň özi gorasyn!
* * *
Eger güýç bilen adalatlylyk ikisi birleşse, bu güýjüň öňünde hiç bir zadam durup bilmez.
* * *
Adyl çemeleşmek üçin örän az zat bilmeli, emma adalatsyzlyk etmek üçin welin, hukuk düzgünlerini ilik-düwme bilmeli.
* * *
Adamlara adalatly bolmagy öwretmek üçin, şuny söýdürmek üçin olara adalatsyzlygyň netijesini görkezmeli.
* * *
Adalatlylygyň iň beýik miwesi – parahat durmuş!
* * *
Adam öz ýüregini öwrenip, onuň adalatlydygyna göz ýetirende, gör, nähili lezzet alýar.
* * *
Howa görä, adalatlylyga ýa-da biadyllyga berilýän baha-da üýtgäp dursa, şondan beter adalatsyzlyk ýokdur.
* * *
Diňe ynsanperwer adam adalatly bolup biler.
* * *
Gowy adam bolmak – diňe adalatsyzlyk etmezlik däl-de, eýsem asla şony islemezlikdir.
* * *
Adalatlylygyň ölçegi sesleriň köplügi bolup bilmez.
* * *
Adalatsyzlygy bir adam edýärmi ýa-da kän adam bolup edýärlermi, tapawudy ýok, barybir zandyýamanlyk bolýar!
* * *
Adalatsyzlyk etmeýän adam adalatly adam däl-de, eýsem adalatsyzlyk edip bilýärkä adalatsyzlyk etmek islemeýän adam adalatlydyr.
* * *
Ýaşaýyş üçin çöregiň zerur bolşy ýaly adalatlylyk hem zerur zatdyr.
* * *
Doly kämillige ýetişen adam ähli haýwanlardan belentde durýar. Emma ol kanunsyz we adalatsyz ýaşaýan bolsa, onda ählisinden pesdedir. Dogrudan hem adalatsyzlygy ýarag edinen mahlukdan aýylganç nägehan ýokdur!
* * *
Adalatlylyk güýçli bolmaly, güýç hem adalatly bolmaly.
* * *
Gowy adam bolmak gaty aňsat, ýöne adalatly bolmak welin kyn!
* * *
Adalatlylygyň iki sany başlangyjy bar: hiç kime zyýan etmeli däl we jemgyýete peýda getirmeli.
* * *
Adalatlylyk gaýyp bolsa, adam ömrüne başga hiç bir zat gymmatlyk berip bilmez.
* * *
Iň beýik rehimdarlyk, adamkärçilik – adalatlylykdyr.
* * *
Päli peslik – buýsanjyň bir görnüşi, ol töwerekdäkileriň az gaharyny getirýär.
* * *
Suwuň ody söndürişi ýaly, pälipeslik hem buýsanjy nogtalaýar. Ol aýynyň burnuna dakylýan halka ogşaýar.
* * *
Pälipeslik mertebäni beýgeldýär!
* * *
Kiçigöwünlilik uly akylyň şaýady!
* * *
Kiçigöwünlige köplenç adamlar gowşaklyk hem-de ýaýdanjaňlyk diýip düşünýärler, emma tejribe adamlara munuň ýalňyşdygyny subut edenden soň welin, kiçigöwünlik adam häsiýetine täze ajaýyplyk, täze güýç we hormat-sylag berer.
* * *
Özüne kän käýeýän adam öz hakyky bolşundan kän gowudyr.
* * *
Beýleki balyklara meňzäsi gelmeýän balyk kenara zyňylýar-da, şol ýerde-de ölýär, çüýreýär. Beýleki gaplaňlara meňzäsi gelmeýän gaplaň hem dagdan aşak inip, şähere aralaşýar, şol ýerde-de tora düşýär. Dana kişi şu görýän adamlarymyzdan tapawutlanmaýar, şoňa görä-de onuň öňüne böwet salma bolmaýar.
* * *
Akylly hem ýalançy bolanyňdan, gowusy sen sada hem halal bol!
* * *
Şu dünýäde şeýle ýönekeý ýaşadym diýip henize çenli ökünen adam ýok!
* * *
Haýasyz, edepsiz adam zalym adamça kän ýokdur, sebäbi zalym adam diňe öz duşmanynyň üstüne topulýar, bihaýa bolsa öz duşmanyna-da, öz dostuna-da ýara salýar.
* * *
Ähli ýerde çeniňi-çakyňy bil, iň bärkisi, kiçigöwünlikde-de!
* * *
Öz kämil däldigiňe akyl ýetirmek seni kämillige ýakynlaşdyrar. Öte pälipeslik gizlin buýsançdan başga hiç zadam däl!
* * *
Öz pälipesligini diline alýan adam eýýäm pälipes däl-de, tumşugyny göterýän, ile göwni ýetmeýän adamdyr. Ol diňe şol lybasdäki adamdyr.
* * *
Ile görünmek üçin edilýän sadalyk – gaty inçeden yzarlaýan ikiýüzlülikdir.
* * *
Edil şöhratparazlyk ýaly ýalan sadalyk-da ýigrenji zatdyr.
* * *
Moral gözelligiň esasy şerti – sadalyk!
* * *
Sadalyk. Ine, meniň iň halaýan häsiýetim.
* * *
Sadalyk – öz adamkärçilik mertebäňe düşünmek.
* * *
Beýiklik bilen sadalyk edil bir almany iki bölen ýaly meňzeş!
* * *
Sada bolmak – beýik bolmak.
* * *
Özüňi ilden üýtgeşik hasaplamazlyk iň uly bagtlylykdyr!
* * *
Bolup bilseň, senem il ýaly adamsyň!
* * *
Kalby açyk adamyň ýüzem açyk!
* * *
Namartlar ýürekdeş bolup bilmezler!
* * *
Ýürekdeşlik – päk ýürekli bolmak diýmek. Bu sypat kän adama ýetdirmeýär.
* * *
Utanç käte kanunyň gadagan etmedik zadyny-da gadagan edýär.
* * *
Adam – belli bir ýagdaýlarda gyzarýan, ýa-da gyzarmaly ýeke-täk haýwandyr.
* * *
Utananyň reňki – gowulygyň reňki.
* * *
Ýürekde tegmil galandan ýüzüňde gyzyl reňk bolsun!
* * *
Adam gyzarsa, onuň gowy adam boljagynyň alamaty.
* * *
Utanmagy öwredip bolmaýar, utanç bilen bile dogmaly.
* * *
Utanjyny ýitiren adamy öldi hasaplamaly.
* * *
Ýitirilen utanç öwrülip gelmeýär.
* * *
Utanç bilen namys – edil lybas deý. Näçe göwşülmese, näçe köpelse, şonça-da olara göwnübir ýaly, äsgermezçiliksiz seredilýär.
* * *
Ähli utanjyny ýitiren gorkak adam her hili pislige ýüz urup biler.
* * *
Beýleki adamlardan utanşyň ýaly özüňdenem utan, özüňe-de, ile-de ýamanlyk etme, şol ýamanlygyň bilinjekmi ýa-da hiç bilinjek dälmi, parhy ýok, etme ýamanlyk! Iň esasy-da özüňden utan! Beýleki adamlardan utanmak – gowy duýgy! Emma özüňden utanmak ählisinden hem gowy!
* * *
Adamyň ahlak kämilligine utanç duýgusyna garap nyrh kesip bolar, diňe şu ölçeg dogrudyr.
* * *
Bu meselede!
Adam näçe kän utansa, ol şonça-da köp sylanmalydyr.
* * *
Nogsanlyklar bizi wagtal-wagtal gaharlandyrýar, emma nogsanlyklaryň daşky sypaty welin, bizi ertirden agşama çenli otdan alyp, suwa salýar, suwdan alyp hem oda taşlaýar.
* * *
Uly işi şöhrat üçin, ortaça iş endik bilen, kiçi işem gorky bilen etdim diýip düşündirseň, kän ýalňyşmarsyň.
* * *
Adam näme üçin öz eden nogsanlyklaryny boýun almaýar? Sebäbi ol henizem şol nogsanlyklardan arasyny üzüp bilenok. Bu ukuda ýatan adamdan «Düýşüňi gürrüň ber!» diýip talap eden ýaly bir zat.
* * *
Ýekeje zalym adam hem bagtyýar bolup bilmez!
* * *
Zalym adamlaryň ömri gorky bilen geçýär.
* * *
Köp adamlar üçin aýylganç adam köp adamdan hem gorkmaly bolýar.
* * *
Zalym, birehim adam kömre meňzeýär: eger ýakmasa-da, seni garalap-ha galar.
* * *
Zalymlyk bilen gorky ikisi el gysyşýarlar.
* * *
Zalymlyk mydama doňýüreklik we asgynlyk sebäpli ýüze çykýar.
* * *
Zalymlyk edermenlige hemra bolup bilmez!
* * *
Zalymlar beýik, gowy ideýalara wepaly hyzmat edip bilmezler!
* * *
Gahar hem, zalymlyk hem – namartlygyň bir görnüşi.
* * *
Ar almak – owunjak, pes adamlaryň ýüreginiň lezzet alýan närsesi.
* * *
Ýykylany debsilemek – iň namart adamlaryň pişesi.
* * *
Ýagşylyk perdesi bilen ýamanlyk edilmeýän bolsa, dünýäde kän ýamanlyk hem edilmezdi.
* * *
Erbet adamlar hem siňek şekilli – adam teninde nirede ýara bolsa, edil şoňa gonýarlar.
* * *
Iliň çekýän ejir-zulumynyň üstünden gülmek hiç wagt bagyşlanyp bilinmez.
* * *
Bokurdagy bilen garnyny gowy görýän adam hiç haçan hakyky ajaýyp zady döredip bilmez.
* * *
Diňe özüni bilip, başgalary adam hasabynda görmeýän adamlar üçin geçen zaman – boşluk, häzirki gün – çölüstanlyk, geljek– hiç zadam däl.
* * *
Diňe özüne ýaraýan adam başga hiç zada-da ýaramaz.
* * *
Diňe özüň üçin ýaşamak – ömrüňden zelellikli peýdalanmak diýmek!
* * *
Egoizm – kalbyň bitmez ýarasynyň sebäbidir.
* * *
Üç hili egoist bar: bir hili egoistler bar, olaryň özlerem ýaşaýarlar, başgalara-da kän azar berenoklar: ýene birtopar egoistler bar, olaryň özleri ýaşaýarlar, ýöne beýleki adamlary ýaşatmaýarlar: ahyrsoňy, ýene birtopar egositler bar – ne özleri ýaşaýarlar, ne başgalara gün berýärler.
* * *
Kelläňdäki bulaşyk pikirleri ýeňip geç, şol bada hakyky aň peýda bolar.
* * *
Doýmaz-dolmaz şöhratparazlyk aňy zäherleýär, onsoň ol üstüne abanýan howpy görmeýär.
* * *
Hemmelere gowy görünmek islegi – iň gülkünç islegdir!
* * *
Gerek dälkä özüň hakda gepleme. Bolan zat hakda bar zat hakda, boljak zat hakda hiç wagt öwünme.
* * *
Özüň hakda kän gürlemekden ýigrenji zat ýok.
* * *
Özümiz öwünenden başga biri bize magtasa kem bolmajak ýaly.
* * *
Patyşalaryň içinde öwünmek gülkini arzanjak satyn alan bilen meňzeş!
* * *
Hakyky gowy adamlar hiç wagt döşüne urup öwünmez.
* * *
Adamyň öz-özüni ýokaryk göterip bilmeýşi ýaly, ol öz-özüni taryplap hem bilmez. Tersine, ol özüni näçe taryplasa, şonça-da iliň gözünden düşýär.
* * *
Akyl taýdan ilden artykmaçlygyňy görkezmän bilmek üçin gaty uly akylyň bolmaly.
* * *
Öwme özüňi – kiçelersiň!
* * *
Öz mertebesi hakynda az pikir edýän ýa-da ol hakda az bilýän adamy biz şonça-da gowy görýäris.
* * *
Zyňlan daşy saklap bolmaýşy dek, oýlanman aýdylan sözem saklamak kyn!
* * *
Öň zamanlarda adamlar kän gürlemäni halamandyrlar. Olar öz sözleriniň yzynda durup bilmezligi masgaraçylyk diýip hasap edipdirler.
* * *
Men gizlin syr bilýän diýip öwünýän adam eýýäm şol syryň ýaryny açdy, galan ýaryny hem eglenmän aýdar.
* * *
Bilýän zadyny ile äşgär edip oturan adam bahym bilmeýän zatlaryny hem aýdyp başlar.
* * *
Belli bir maksatsyz iň ýakyn adamlaryň ýanynda-da bir zatlary gürrüň berip oturmak diňe eňegiňe jaň kakylan ýaly ýakasy gaýyşly ýaňralara mahsus sypatdyr.
* * *
Gürrüň edýän zadyň näme, ony kime aýdyp berýärsiň – ýygy-ýygydan şuny ölçerip, deňäp gör!
* * *
Diliňi saklap bilmezlik – belanyň iň ýamany!
* * *
Mydama bilýän zadyňy aýtma-da, mydama näme geplemelidigiňi bil!
* * *
Saklanmak aňsat iş däl, iň esasy hem diliňi saklamak kyn. Iň zerury, iň geregi hem şol!
* * *
Köp gürrüň edýän adam köp samsyk gürrüňler hem edýändir.
* * *
Öz diline buýrup bilmeýän adam dogruçyl bolup bilmez.
* * *
Danalar öz pikirlerini sallarlap görýärler, akmaklar jar edýärler.
* * *
Näçe akmak boldugyça, şonça-da iliň işine baha bermäge howlugýarlar.
* * *
Diňe ýüzleý bilýän, öz pikirine o diýen ynanmaýan adamlar öte kän geplegen bolýarlar.
* * *
Bir zady öwrenmek isleginden mydama geplemek islegi rüstem çykýar.
* * *
Öz-özüne garşy gidip, kän ýaňraýan adam gerek zady öwrenip bilmez.
* * *
Aýtmaga zady ýok adamlar iň kän gürleýän adamlardyr.
* * *
Köp ýaňramak – akylyň azlygynyň şaýady.
* * *
Kelte akylyň – dili uzyn.
* * *
Pikir edip bilmeýänler – kän gürläp göz baglajak bolýarlar.
* * *
Depregiň içi boş – şonuň üçinem gümpüldi kän!
* * *
Umuman, az bilýänler kän gürleýärler, kän zat bilýänlerem az gürleýärler, adamlaryň bolşy şeýle.
* * *
Ýaňra bilen hergiz etme dawany,
Alarsyň başyňa kän-kän gowgany!
* * *
Hakykaty aýt-da, azajyk geple!
* * *
Köp gürrüň etmejek bol, sebäbi köp söz giň bir ýere çalym edip, onda seni büdretjek daşlar kändir.
* * *
Sen edil şu gün ýerlikli zady aýt.
Galan zatlary soňa goý, olary hem ýeri gelen wagtynda aýdarsyň!
* * *
Işde-de özüňi goýberme, sözde-de diliňi goýberme!
* * *
Tejribe bize ýygy-ýygydan bir hakykaty öwredýär: adamlar hemme zatdan beter dillerine buýrup bilmeýärler.
* * *
Adamlar az sözde köp zady aýdyp bilýärkäler, dar düşünjeli adamlar tersine, kän gürlemegi başarýarlar, özlerem, gyzykly ýeri hiç zat aýtmaýarlar.
* * *
Sözlerem ýapraklar kibi: ýaprakly agaçlardan kän zat ýok, ýöne miwesi örän az.
* * *
Aýdara zady ýok adamlar söz tapmaga ýaýdanmaýarlar.
* * *
Adamlar täze bir zat aýtjak bolup, birgiden samsyk gürrüň edýärler.
* * *
Gürrüň üçin gürrüň etmek sungatyna edere iş tapmaýan adamlar mydama haýran galyp gezdiler.
* * *
Iş edýän adamlar diňe aýtmaly zady aýdarlar, başga gürrüňe olaryň eli degmeýär. Emma bikärlik, işsiz ýatmak dynuwsyz geplemek islegini döredýär.
* * *
Eger bir adamy etjek bolýan işinden saklamakçy bolsaňyz, ana, şol temadan gürrüň etdiriň: adamlar näçe kän gürrüň etseler, olarda şonça-da iş etmek höwesi gaçýar.
* * *
Iliň syryny açmak – dönüklik, öz syryňy açmak – akmaklyk!
* * *
Syr saklamak – bir adam üçin-ä gaty az, iki adam üçin ýeterlik, emma üç adam üçin welin, aşa kän bolýar!
* * *
Çuw ýalaňaçlyk ýaly, aşa aça çynlyk hem gelşikli zat däl!
* * *
Her bir ýalaňaçlyk masgaraçylyk, hatda kalbymyzyň ýalaňaçlygy-da biabraýçylyk. Gizlinlik beýlekiler bilen belli bir aradaşlygy saklaýar we bizi goraýar. Bu biziň niýetimizi goraýan tutudyr. Adamy kemsidýän zat diňe ýalan!
* * *
Öz bähbidiň üçin öz-özüňi aldamak – bolýar: başganyň peýdasy üçin ýalan sözlemek – haýynlyk etmek, ýalan sözlemek – töhmet bolýar: bu ýamanyň iň erbet ýamanlygydyr.
* * *
Kezzap çynyny aýdanda-da, biz oňa ynanmaýarys.
* * *
Ýalanyň hemişelik hemrasy – mekirlik.
* * *
Ýalança berlen temmi oňa indi hiç kimiň ynanmaýanlygy hem däl-de, eýsem indi onuň indi hiç kime ynanmaýanlygydyr.
* * *
Ýalançylyk hernäçe güýçlense-de, hiç wagt hakykata öwrülip bilmez.
* * *
Ýalana duş gelip, onuň bilen gidişmeli bolsa, atyp öldür ony! Ýalan atylyp ýok edilmek üçin, diňe şonuň üçin ýaşaýar.
* * *
Ýalan zadyň berki bolmaz!
* * *
Ýüzleý adam mydama aldap gezmeli, sebäbi olarda many ýok!
* * *
Diňe doly hakykat gowy, ýarym hakykatyň ýüzüne köz degsin – ol gara şaýa-da degmeýär.
* * *
Ýarym hakykat ýalança-da ýok, ondan hem gorkuly: ýalany bahym bilse bolýar, ýarym hakykaty welin, bilmek kyn, sebäbi ol ýüzüne perde tutýar-da, bir däl, birnäçe gezek aldaýar.
* * *
Iň howply ýalan – çalaja ýoýlan hakykat!
* * *
Ýarym hakykaty paş etmek arassa ýalany paş edenden iki esse kyn!
* * *
Ýalançy öz wezipesiniň kyndygyndan zeýrenmeýär, sebäbi ol özüniň birinji saparky aýdan ýalanyny gorap saklamak üçin ýene ýigrimi gezek, ondan hem kän kezzaplyk etmelidigini bilýär.
* * *
Bir gezek ýalan sözlän adam ýene hökman ýalan sözlär. Bir ýalany ýedi ýalan gollamalymyşyn!
* * *
Öz huşuna o diýen göwni ýetmeýän adama sakynman ýalan sözlemek aňsat düşmeýärmiş.
* * *
Eger siz diňe hakykaty aýdýan bolsaňyz, size ýatlap oturmaga hiç zadam gerek däl.
* * *
Adam ýalňyşsa, onuň şeýledigini her bir adam görüp biler: ol ýalan sözlese welin, her bir öňýeten görüp bilmez.
* * *
Ýalançy adam bolmaga mynasyp däldir!
* * *
Ýalançylyk bilen hilegärlik ikisi – akmaklaryň hem-de gorkaklaryň gaçyp atalgasydyr.
* * *
Ýalançy aldap ýaşaýar, ýogsam hem ölmeli!
* * *
Zorluk ýüze çykan ýerde ýalan peýda bolýar.
* * *
Öz-özüňi aldamak adam ömrüniň ezmegiň iň kän ýaýran, iň pes görnüşidir.
* * *
Ýalançylygy öwrenen adam iş üçinem, keýpine-de aldaýar.
* * *
Iňkise gitseňiz, gaty bir ynamyňyz ýok bolsa – hakykaty aýdaýyň.
* * *
Ýalançynyň ýady gaty gowy bolmalydyr.
* * *
Ýalan sözleýändigini bilseň, dymmak hiç wagt giç däl!
* * *
Ýalançylyk – iň aýylganç nogsan!
* * *
Diňe haramzadalar ýalan sözleýär.
* * *
Özüňi ilden mekirdirin öýtmek – aldanmagyň iň aňsat ýoludyr.
* * *
Ýalançy ahyrsoňy öz-özüni aldaýar diýip men mydama gaýtalap gelýärin, men şuny ýene-de gaýtalap aýdýaryn!
* * *
Öz mekirligini gizläp bilen mekir adam şu çaka çenli ýok!
* * *
Sadalyk, içiňi dökmek käte iň inçe mekirlikdenem geçirýär.
* * *
Mekirlik – örän dar düşünjeli adamlaryň pikir edip bilşi, özem akyldan örän tapawutlanýar, ýöne daşdan göräýmäge akyla şeýle meňzeş.
* * *
Gaýgy garradar, gam öldürer.
* * *
Adam gulakdan semrär, gulakdan – garrar.
* * *
Endik mydama hilä ýüz urýar, hile, mekirlik çäkli akylyň alamaty, özünem hilä, mekirlige ýüz urýan adamlar bir ýerde gizlenmäge ýetişseler, hökman başga bir ýerde olaryň üsti açylýar.
* * *
Mekirlik diňe paýhasyň ýoklugydyr: ol dogry ýol bilen maksadyna ýetip bilmejekdigini bilip, kezzaplyk we öwrümli ýollar bilen şoňa ýetjek bolýar: onuň betbagtçylygy-da mekirligiň ýekeje gezek kömek edýänligi, galan ýerde ol diňe päsgel berýär.
* * *
Birine garanda has mekirräk bolup bilersiň, emma ähli adamlardan mekir bolup bilmersiň!
* * *
Gaty mekir adamlar beýlekileri gaty mekir däl hasap edip ýa-da, dogrusyny aýtsak, olara bolşundan artyk baha berip, ýygy-ýygydan ýalňyşlyk goýberýärler.
* * *
Ili aňsatja aldaýandyryn öýdüp, adam pahyryň özi bahym duzaga düşýär.
* * *
Ikiýüzli adam – mydama guldur!
* * *
Ähli adamlary öwýän, taryplaýan adama ynanma!
* * *
Horluk, ezýet çekmejek bolsaň, bahyl bolma!
* * *
Bahyllyk – ýürek üçin zäher!
* * *
Bahyla hiç wagt toý ýok!
* * *
Bahyllar ölüp gidýärem welin, bahyllyk galýar.
* * *
Bahyllyk – bagtly adamlaryň duşmany.
* * *
Oňarsaň, bahylyň ýüzüni görme!
* * *
Gahar – mydama ýaramaz geňeşçidir.
* * *
Gaharyň gelen wagty gepleme-de, işleme-de!
* * *
Jedelleşjek bolmak, biriniň gürrüňini etmek, bahylçylyk – namart adamlara mahsusdyr.
* * *
Gahar – ysgynlygyň ýaragy.
* * *
Gahar – azajyk salymlyk diňlik!
* * *
Gahar – zalymlygyň çeşmesi.
* * *
Diňe bir tarap günäkär bolan bolsa, jedel beýle uzaga çekmezdi!
* * *
Gahar iň gowy adamlary hem kiçeldýär, horlaýar!
* * *
Gahardan gorkuň! Gahardan ägä boluň! Ol adamy wagşy haýwana öwürýän aýylganç hyjuwdyr. Ol zol-zol gaýtalanyp durýar, özem zalym, hötjek! Ol ölüme sebäp, betbagtlygyň ýarany, zelel bilen betbagtlygyň kömekçisi!
* * *
Gysgançlyk, husytlyk ähli nogsanlaryň köki.
* * *
Näçe gysganç köp bolsa, şonça-da birehimlik kändir.
* * *
Aýawly adam – iň baý adam: husyt adam – iň garyp adam.
* * *
Gysgançlyk diňe wagt harçlananda gowy!
* * *
Gysganç mydama garyp. Maksadyňy bil-de, çyzykdan çykma!
* * *
Özüňde ýok zada gynanman, özüňde bar zada şat adama paýhasly diýerler.
* * *
Az zada kaýyl adam baýdyr.
* * *
Iň belent baýlyk – gysgançlygyň ýoklugydyr!
* * *
Husytlyk – kalbyňy guradýar, özüňi hem çüýredýär.
* * *
Biziň ukybymyza ýaltalyk ýaly zelel edýän hiç zat hem ýok!
* * *
Ýaltalar haçan görseň bir işler etjek bolýandyrlar!
* * *
Ýaltalyk her bir işi agyr edýär.
* * *
Hiç bir iş etmeýän adamyň mydama kömekçisi kändir.
* * *
Işli adamyň ýanyna bihepbeler gaty seýrek myhmançylyga gelýärler – lakyrdap gaýnap duran taňkaň üstünden kän siňek uçup gitmez.
* * *
Ýöne keýpi-sapada gezip ýören adamlara men öz janlaryna kast edýän adamlar diýip garaýaryn.
* * *
Gorkaklyk – erkimizi kän gowy-gowy işlerden alyp galýar.
* * *
Gorkaklaryň kalbynda bagta orun ýok!
* * *
Gorkynyň guly bolmak – gulçulygyň iň ýaman görnüşi.
* * *
Gorkynyň özünden aýylganç zat ýok!
* * *
Öz ýaýaşýyny, öz ömrüni tertibe salmakdan ýaýdanyp ýören adam derýanyň kenarynda oturyp, tä derýanyň suwy akyp gutarýança garaşyp oturan akmaga çalym edýär.
* * *
Biz ömrümizi akmaklygymyz, nadanlygymyz sebäpli heläk edip, soň hem, şolaryň yzyndan döreýän ähli betbagtlykdan zeýrenýäris, şol betbagtlyklary hem, hamala, bolaýmaly zat hasaplaýarys – akmak gürrüň!
* * *
Adam ýygy-ýygydan özüne zalym duşman!
* * *
Öz-özüni heläk eden adamlar başganyň heläk eden adamlaryndan has kändir!
* * *
Arak ak, ýöne burnuňy gyzardyp, abraýyňy hem garaldýar.
* * *
Serhoş adam – adam däl, sebäbi ol adamy haýwandan tapawutlandyrýan zady – paýhasy ýitirdi.
* * *
Serhoşlyk nogsanlyklar döredýär diýýärler, emma beýle däl: serhoşlyk nogsanlyklary ýüze çykarýar! Bagt ahlagy üýtgetmeýär, bagt bagtyýarlygy nogtaýar!
* * *
Içmeýän, iýmeýän adam ýok. Emma serhoş bolup, ile masgara bolýanlar diňe haýwan adamlar!
* * *
Görmek, düşünmek şatlygyň tebigatyň iň gözel peşgeşidir.
* * *
Iň esasy zat – adama pikir etmegi öwretmek!
* * *
Biziň üçin iň esasy, iň ajaýyp zat – paýhas!
* * *
Adam paýhasynyň üç sany açary bar, şol açarlar ähli zady açýar: sany hem, haty hem, notany hem açýar! Bilýäris, pikir edýäris, arzuw hem edýäris. Bolany şol!
* * *
Biziň sarpamyz pikirimizde jemlenendir. Biz ne giňişligi, ne-de wagtgy dolduryp bilýäris, bizi diňe şol zat, ýagny pikirimiz belende göterýär, başga hiç zat!
* * *
Hiç bir adamyň, şol sanda şanyň, begiň paýhasyň üstünden agalyk etmäge haky ýok: gaýtam, tersine, paýhas şalaryň, begleriň üstünden höküm sürüp, olary dolandyrmalydyr.
* * *
Allanyň beren iň gymmatly peşgeşi – şadyýan, degişgen, rehimli akyl!
* * *
Hakykat şamçyragy köplenç ony göterip barýanyň elini ýakýar!
* * *
Filosoflaryň mydama-da iki hili dünýäsi bolar, olar şolar boýunça hem öz teoriýalaryny bina edýärler: birinjisi, olaryň hyýaly dünýäsi: bu dünýäde ähli zat hakykata çalym edýär we ähli zat ýalan! Ikinjisi, tebigatyň dünýäsi: bu dünýäde ähli zat çyn we hemme zat üýtgeşik – akylyňy haýran edýär.
* * *
Hakykata höwes, şoňa ýetjek bolmak – gahrymana muwapyk iş!
* * *
Goý, pikir bişsin, ýöne öte-de geçmesin: öte bişen miwedenem adama peýda ýok!
* * *
Aşa akyllysyramak – akmaklygyň iň aýp görnüşleriniň biri!
* * *
Iki sapar oýlan, kelläňe gelen pikiri welin, üç gezek barla!
* * *
Akmak pikir hemmäniň hem kellesine gelýär, emma akylly adam olary aýdyp ýörmeýär.
* * *
Hiç bir adam, her minutda dana bolup bilmez!
* * *
Samsyk gürrüň etmekden hiç kimi hiç zat gorap bilmez. Iň gynançly ýeri ony ýedi ölçäp, bir kesip aýdýarlar.
* * *
Ägirt uly netijeler getirýän pikirler mydama ýönekeý bolýar.
* * *
Sada dilde aýdyp bolmaýan pikir çakdanaşa gowşak bolmaly, ondan geçenden gowusy bolmaz.
* * *
Çuň pikirler – beýnä şeýle berk urlan mähek çüýdür!
* * *
Adamlar her bir ugurdan, garaz, bir akylly-başly netije gazanyp bilýän bolsalar, onda, diýmek, olar bolup biläýjek akmaklygy paýawlan bolmaly!
* * *
Paýhas biziň duýgymyza akyl-bilim berýär.
* * *
Sag akyl tamam boldugy akyl işe başlaýar diýilse, dogry bolar. ... bagt üçin akmak boljak bolsam, maňa şol bagt gerek däl... bagty eý görýän bolsam, paýhasymy ondan hem beter gowy görýärin. Emma, oýlanyp görýän welin, paýhasy bagtdan ýokary goýmagyň özem telbelik bolaýan ýaly bolup dur!
* * *
Akmag-a «damlar meni tanamaýarlar» diýip zeýrenýär, dana kişem: «Wah, men ili tanamok» diýip dyzyna urýar.
* * *
Nadan bu zatlaryň asyl bolşunyň şeýledigine geň galýar, bu hili geň galmanyň özem bilimiň başlangyjy. Dana kişi bolsa, tersine, bu zatlar bu hili däl-de, başga hili bolan bolsa, nähili bolardyka diýip oýlanar, geň galar!
* * *
Biziň aňymyz-paýhasymyz yzygiderli däl-de, eýsem ýiti diýsem dogry bolar, özem aslyna ýetip biljek zadyndan has köp zada ýapyşýar. Adam akylynyň üýtgeşik bir sypaty bar – ol mydama ynjalyksyz. Aladasyz akyla meniň gaharym gelýär ýa-da oňa gynanýaryn!
* * *
Teniň gigiýenasy bar bolsa, akyldar häsiýetiňem gigiýenasy bolaýmaly. Duýgyny hem edil akyly zaýalan ýaly zaýalap bolýar. Duýgyny hem, akyly hem biz ýa kämilleşdirýäris ýa-da, tersine, adamlar bilen gepleşip, gürrüňdeş bolup zaýalaýarys. Şeýlelikde, käbir gürrüňçilikler bizi kämilleşdirýär, käbirem – zaýalaýar. Diýmek, kim bilen gürrüňdeş boljagyňy jikme-jik öwrenmek gerek: emma bu-da, eger akyl bilen duýgusy ikisi ösmedik ýa-da zaýalanmadyk bolsa, asla mümkin zat däl. Ine, şoňa görä-de suwda kädi münen ýaly bolýarys, bu suwdan ölmän çykana bagtly adam diýäýmeli!
* * *
Güýje ýol bermeli, ýöne diňe paýhasa lepbeý diýmeli!
* * *
Bu ömrüňde iň kiçi eşret – baýlykdyr, iň uly baýlyk hem danalyk!
* * *
Goly güýçli, eli pully adamlara bagtly adam diýmäň-de, asyl hem akyl-paýhasly kişilere bagtyýar adamlar diýiň!
* * *
Howlukman oýlanyp, howlukman işläň, rehimdar hem geçirimli boluň-da, garşylyk görkezeniňizde örän berk duruň!
* * *
Paýhas – ot berýän aýna, ýansa-da buz dek sowuklygyna galýar.
* * *
Hakyky dana adamy sabyr-takadyna garap tanasa bolar!
* * *
Her bir akyl-paýhasyň hamyrmaýasy – sabyr-takat!
* * *
Adam paýhasynyň iň belent derejesi – ýagdaýa görä uýgunlaşyp, her hili bela-beterlere egin bermän, öz parahatlygyny saklamagy başarmakdyr.
* * *
Biziň ähli at-abraýymyz, derejämiz biziň pikir edip bilmek başarnygymyzdyr. Şoňa görä-de, geliň, dogry pikir edeliň, moralyň kökem şunda!
* * *
Iň beýik mertebe – pikirlenip bilmek, danalyk hem hakykaty aýdyp, tebigata gulak asmak, şonuň bilen aýakdaş ýöremek!
* * *
Danalar Hudanyň ýigrenýän zadyny dile getirmez!
* * *
Paýhasyň bolany ýeterlik däl, paýhasdan peýdalanmagy başarmaly!
* * *
Pikir – işiň enesi, onuň janly ýüregi, diňe her bir işi başlangyjy däl-de, goraýjysy hem. Pikir, şoňa görä-de, şu jahanda adam ömrüniň düýp özeni, başlangyjy hem iň mukaddes manysydyr.
* * *
Paýhasly adam bolmak üçin bu başagaý dünýä-de, meniň pikirimçe näme etmelidigini bilmek gerekse gerekdir welin, birinji nobatda, haýsy işi öň, haýsy işi hem soň etmelidigini bilmek gerek.
* * *
Paýhasly adam halaýan zadynyň ugrunda däl-de, eýsem her hili bela-beterlerden gorap saklaýjak zadyň ugrunda ylgaýar.
* * *
Paýhasly adam indiki sapar şunuň ýaly bolanda näme iş etmelidigini bilmek üçin çalyşýar, her bir işi bilen ýagşy!
* * *
Diňe jogap berip biljek sowallaryňyzy diňläň!
* * *
Täze hakykat üçin iň howply zat geçen ýalňyşlyklardyr.
* * *
Bolýan zatlary däli hem görýär!
* * *
Dogry pikir ýöredilmese, ýiti akyl hem adamy bezäp bilmez! Çalt işleýän sagat gowy bolman, eýsem wagty görkezýän sagat gowy dälmi eýsem?!
* * *
Geniler mümkin däl zat bilen kyn işi aýyl-saýyl edýärler.
* * *
Kimem bolsa biriniň ykrar etmeýänligi sebäpli, hakykat kemsinýän däldir!
* * *
Belli bir minutda haýsy-da bolsa bir hakykaty bilmek o diýen gelşikli däl, emma şol minut geçýär welin, ine, şol hakykat ähli döwür üçinem, ähli halklar üçinem peýdaly bolýar.
* * *
Hakykat – wagtyň zürýady!
* * *
Wagt, göräýmäge, çalt akýan derýa meňzeş. Emma hakykatda ol gymyldysyz ýatan ümbilmez giň meýdan, hereket edýän – biziň şony syn edýän garaýşymyz.
* * *
Düşnüksiz zat anyklanmaly, düşündirmeli. Döretmegi kyn zady hem irginsiz zähmet, tutanýerlilik bilen etmeli.
* * *
Parslaryň patyşasy bolanymdam ýekeje bir hadysanyň çyn sebäbine düşünenimi gowy görýärin.
* * *
Agyz – akylyň derwezesi. Eger ony açyk saklasaňyz, akyl zyrpyldap daş çykar. Hyýal – akylyň aýagy. Eger ony örklemeseňiz, ol akyly dogry ýoldan sowar.
* * *
Kalbymyzyň paýhasy – tenimiziň saglygy, ikisem bir!
* * *
Danalyk bilmezlikden gorkmaýar, şübheden hem, işden hem, ylmy barlagdan hem gorkmaýar, ol diňe ýekeje zatdan ätiýaç edýär – bilmeýän zadyny bilýän diýmekden gorkýar!
* * *
Dana adamlaryň şu aşaky artykmaçlyklary bar: olar gül ýaly kararlara gelýärler, ýalňyşsyz gürrüň edýärler hemem etmeli işi edýärler.
* * *
Iň seýrek duş gelýän mertlik – pikir batyrlygy!
* * *
Dana adamlaryň şu aşaky sypatlary bolýar: birinjisi ile maslahat berýän zadyny özi edýär: ikinji – hiç wagt adalatlylygyň garşysyna gitmeýär: üçünji – töweregindäki adamlaryň bolmaýan ýerlerine çydap gezýär.
* * *
Pikiriňi rejeleşdirmegi endik edin, şol seni bagta elter: muny başarmak üçin bolsa, ähli galan zatlarda düzgün-tertip gerek, iň ýönekeý zatlarda-da düzgün-tertip bolmaly!
* * *
Akylsyz-paýhassyz adamda erkem bolmaz, hiç zadam bolmaz! Akylsyz adamy beýlekiler aldaýarlar, garagyna galýarlar, ezýärler. Pikir edip bilýän adam azatdyr, özbaşdakdyr.
* * *
Pikiriň bar ýerinde güýç-kuwwat hem bardyr.
* * *
Dünýäde pikirden gymmat hiç zat ýok!
* * *
Taňrynyň bendesiniň iki sany baýlygy bar – biri paýhas, beýlekisem – pikir.
* * *
Adamyň nogsanlyklarynyň diňe iki sany çeşmesi bar: biri iş etmän, keýpi-sapada gezmek, biri hem yryma ynanmak. Adamda iki sany gowy zat hem bar – biri işlemek başarnygy, ýagny işlemek we akyl!
* * *
Saýlap bilmek başarnygy paýhasyň iň bir gymmatly tarapydyr.
* * *
Delilleri bolmandan soň, sitata getirýärler.
* * *
Gün dogup gelýärkä kölegäňe seredip, birden özüňe belent adam diýäýme!
* * *
Käte adam danalygyň özüne akmaklykdyr öýdýär: adamlarda kemsiz-köstüz tamamlanan ýekeje pikir hem ýok, seniň haýran galýan zadyň, başgalar üçin hiç zadyň alnyndan-da däl
* * *
Käbiri ile at dakyp, özüm akylly bolaryn diýip düşünýär.
* * *
Ähli kişiden mydama akylly bolmak islegi ýaly akmaklykdan erbet zat ýok!
* * *
Mekgede bolup gelen eşek ýene-de şol eşekligine galýar. Eşek – hajy bolmaýar.
* * *
Danalyk – tejribäniň zürýady.
* * *
Danalyga gutarma ýok – onuň bilen näçe kän ýaşadygyňça, ol saňa şonça-da gerek!
* * *
Adam ukybynyň ählisini özünde jemleýän akyl-paýhas ähli başarnyklarymyzdan kyn hem soň ösýär.
* * *
Ähli iş pikirde. Pikir bar zadyň başlangyjy. Şeýle bolansoň ony dolandyrmak gerek. Şoňa görä-de kämilleşmekde esasy mesele pikiriň üstünde işlemek!
* * *
Dünýäde erbet zat kän, ýöne çüprek akyldan ýaman zat ýokdur! Birinji erbet zat – akyl göýdükligi.
* * *
Güýç – paýhasda. Akylsyz kelle peltesiz çyra kibi!
* * *
Adam paýhasy onuň ýumrugyndan has güýçlüdir! Öz akmaklygyňy görmeýän bolsaň – sen akmak, görýän bolsaň – akylly, duýdurýan bolsaň – genisiň! Akylyňy däl, ýüregiňi öwüp bilersiň: munuň sebäbi ýüregiňi öweniň bilen hiç bir erbetligiň üstünden eltmez. Bahyllyk bu öwgä kän adamyň goşulmajakdygyny öňünden bilýär.
* * *
Adamlaryň näme bilen gyzyklanýandygyny bilsek, olaryň näme iş edýändigini hem bilersiň.
* * *
Ýalan däl-de, eýsem çyna meňzeş zatlar hakykata göz ýetirmäge päsgel berýär.
* * *
Belli bir maksady bolmadyk akyl, ýitýär, dagaýar: ähli ýerde bolmak hiç bir ýerde-de bolmazlyk diýmek.
* * *
Akyl rehimdarlygy çäklendirmän, eýsem onuň üstüni ýetirmelidir!
* * *
Ýürek akylyňa aýtdyryp biler, ýöne akyl ýürege aýtdyryp bilmez.
* * *
Akyl çäkli bolýar, emma sagdyn akyl giň, ýöne garym-gatym akyla garanda bizi az ýadadýar.
* * *
Hiç bir akyl başga bir akyla meňzemeýär, özem şol bir sebäpler dürli akyllarda birmeňzeş yz galdyrmaýar.
* * *
Ýiti akyla asla akylam diýip bolmaz. Akyl ýol tapýar, ýiti akyl ugur!
* * *
Oýlanman okaýan adamlar ýalňyşlyga düşýärler. Okasy gelmän, pikir edýän adamlar kyn ýagdaýa sezewar bolýarlar.
* * *
Akyl ähli ýerde birmeňzeş: akylly adamlaryň hemmesiniň biri-birine meňzeş häsiýeti bar: ähli akmaklar hem şeýle, ýogsam bular dürli millete degişli adamlar hem, egin-eşiklerem, dillerem, dinlerem, hatda durmuşa garaýyşlary hem üýtgeşikdir.
* * *
Akylly hereket etmek üçin diňe akylyň özi ýeterlik däl!
* * *
Biziň akylymyz – galypdan çykarylan metal, galyp bolsa – biziň edýän hereketlerimiz!
* * *
Biziň akylymyz soňra kän pikirlener ýaly, kän zada akyl ýetirer ýaly oňa diňe azrak görmek hem azrak eşitmek gerek. Ine, diri akylyň aýratynlygy şundan ybarat!
* * *
Akyl adama näme üçin gerek – akyl adama maksadyna ýetmek üçin gerek!
* * *
Gowyny erbetden saýlap bilýän adam akylly däl-de, eýsem iki erbediň, garaz, ýagşyragyny saýlap bilýän adam akylly.
* * *
Belli bir işi bitirmegi maksat edinýän güýçli akyl – ýer ýüzünde iň gowy akyl!
* * *
Sögseler, käýeselerem hakykaty ilden öň gören ýagşy. Hemmeler bilen deňje ýalňyşmak bolsa kyn däl!
* * *
Kiçijik zatdaky iň beýik zat – adam göwresindäki sagdyn akyldyr!
* * *
Akyl – adamyň ruhy ýaragy!
* * *
Akylly adamlar – iň gowy hazyna!
* * *
Pikirler öz-özünden ýüreklerde seslenme tapanda, biz göýä diýersiň müşki-anbar ysly seýilgähde ýaşaýan ýaly bolýarys. Diňe Alla tarapyn ýaradylyşyna laýyk gelýän zat çyndyr, hakykydyr. Haýran galyp, ýüregimizi telwasa getirýän zady çala gowulajak bolsak, onuň bar gözelligi ýitýär gidýär. Gadymkylar aýdypdyrlar: «Pikirler duýdansyz gelse, lezzet berýär. Ýelem şeýle – ol giň sährada erkana öwüsse, tämiz, arassa bolýar» diýipdirler.
* * *
Azajyk akyl ýetmese, kän zat ýetmeýär.
* * *
Bagtyň birinji şerti, gürrüňsiz, akyldyr!
* * *
Azajyk hem bolsa, öz akylyň bolsun!
* * *
Adam öz akyly-huşy bilen ýaşamak üçin dünýä indi.
* * *
Bu dünýäde az-owlak beýik iş etmek mümkin.
* * *
Öz akyly bolmadyk adama ähli adamlaryň akylyny jemlände-de, kömek etmeýär: garagy gapyk adama töweregindäkileriň gözüniň hiç peýdasy ýok!
* * *
Gowy akyl entek ýeterlik däl – gep ony ulanmakda!
* * *
Akyl esasy däl-de, ony ugrukdyrmak esasy – adamyň bolşy, ýüregi, rehimdarlygy, ösüşi – ine, şular gerek!
* * *
Eger akyl zorluga aralaşan bolsa, onuň gözelliginiň soldugy!
* * *
Öz akylyňy giňeltmeli däl-de, çuňlaşdyrmaly, onsoň hem ot alynýan aýnanyň jadysy dek, öz akylyň ähli ýylylygyny, ähli şöhlesini bir nokada jemlemeli.
* * *
Iň dana howandar hökmünde bütin ömrüňi diňe paýhasa ynanyp bolar, özge hiç zada!
* * *
Paýhas Taňryň bize beren iň beýik peşgeşi ahyryn! Paýhas bizi päli-niýetimizden, gowşak tarapymyzdan göterýär, artykmaç taraplarymyzy, zehin-başarnygymyzy we rehim-şepagatymyzy gowulyga peýdalanmaga kömek edýär.
* * *
Adam diňe pikirlenip bilýänligi üçin adam!
* * *
Paýhasa oýlanmak mahsus: ol düşünmeli, akyl ýetirmeli, ýagny herki zadyň sebäbini we netijesini bir zynjyra baglamaly. «Näme üçin beýle bolýar?» diýen sowala jogap berip, tötänden bolan zatlary ýüze çykarmaly, kanuny zatlary anyklap, täze hal-ahwallary täze şertler bilen baglamaly, bolup geçýän zatlaryň zynjyrynyň başyny-aýagyny tanamaly.
* * *
Ýönekeý, adaty zatlarda gudrat görýän kişiler – hökman dana kişiler bolmaly!
* * *
Dana bolmak sungaty haýsy bir zada üns bermeli däldigini bilmek başarnygydyr.
* * *
Adamyň pikiri mydama birahat bolsun! Ol pikire üýtgeşik gözellik berýär. Aladany, birahatlygy bilmeýän akyla men düşünmeýärin, oňa gaharym gelýär, oňa gynanýaryn, nebsim agyrýar.
* * *
Akyl – pikirem – iýmit. Pikir etmek – naharlanmak, iýmek-içmek!
* * *
Görýändigiňe we düşünýändigiňe begenmek – taňrynyň bendesine beren iň uly peşgeşi!
* * *
Akyl – pikir edip bilýänleriň hudaýy!
* * *
Danalaryň pikiri işläp başlanda, ýönekeý adamlaryň başy aýlanyp başlaýar.
* * *
Azat, erkana pikir etmek – her bir adamyň aýrylmaz hukugy.
* * *
Adamyň pikiri ýaly azat zat ýokdur.
* * *
Akyl gulçulyga çydamaýar.
* * *
Dana kişi mähelläniň paýhasa sygmaýan erkine boýun bolmaýar-da, ony belli bir ugra gönükdirýär.
* * *
Pikiri öldürýän adam – üç gezek ganhor!
* * *
Her kim bir hili pikir edýär, munuň üçin hiç bir jeza-temmi berilmeli däldir!
* * *
Hakyky tapandan ýalňyş tapmak has aňsat. Ýalňyşlar ýokarda ýatyr, olary bada-bat görýärsiň, hakykat bolsa gaty çuňda ýatyr, ony her öňýeten tapaýyp bilmez.
* * *
Akyl giňligi gowy pikirleriň möçberi we olaryň baglanyşygy bilen ölçenilýär.
* * *
Beýik hakykatlaryň üstüniň açylýandygy üçin, biz, köplenç, hut batyrlyga minnetdar bolmalydyrys, ýalňyşlygyň bolaýmagyndan gorkup, hakykaty gözlemegi bes etmek düýbünden nädogry!
* * *
Akyl gylyç deý ýiti, ýöne inli däl: akyl her ädimde zomap öňe çykýar, emma öňe gidip bilmeýär.
* * *
Kimde-kim owunjak zatlary owunjaklygy üçin gowy görýän bolsa, oňa boş, biderek adam diýerler, kimem netije çykarmak üçin olara baha berýän bolsa, ol – filosofdyr.
* * *
Akyl taýdan belli medeniýet bolmasa, şol üşükden nowa-da ýokdur!
* * *
Özüniň akyllydygyna şeýle ynanýan adam mydama ýa akyly azlaryň, ýa-da bütinleý akylsyzlaryň hataryna goşulýar.
* * *
Adamlar biri-birinden ýene bir zatda tapawutlanýarlar – birleri öň pikir edip, soň gürrüň edýärler, başga birleri bolsa öň gepläp, öň etjek işini edip, soň hem oýlanýarlar.
* * *
Akylly adam bilen akmagyň arasynda ýekeje tapawut bar: akylly mydama oýlanyp gezip, gaty az gürleýär, akmak bolsa, mydama gepläp, hiç wagt oýlanmaýar. Akyllynyň dili mydama pikirine daňylgy, akmagyň pikiri diline dahylly däl. Akyllynyň dili pikiriň mürzesi, akmagyň dili pikiriň gybatkeşi, pikiri satýançy içaly.
* * *
Adamlar ýygy-ýygydan bir samsyklyk etmek üçin öz akyllaryndan peýdalanýarlar.
* * *
Tejribe zatlary görkezýär, taryh hem olaryň arabaglanyşygyny aýdýar.
* * *
Ähli zatlar aýdyldy, ähli zatlar oýlanylyp görüldi diýip tassyklamak barypýatan ýalançylykdyr, ilki muny bilmezlikden, soňundan hem bahylçylykdan etdiler. Bahyl adalatlylyk lybasyna duwlanyp, bitirilen uly işi kiçeltmek üçin çem gelen serişdeleri ulanýar.
* * *
Gorky – azaşmanyň, ýalňyşmanyň sebäbi.
* * *
Ýaltalyk – ýalňyşmanyň, azaşmanyň çeşmesi.
* * *
Bilmek islegi – ýalňyşmanyň, azaşmanyň sebäpleriniň biri.
* * *
Eger bir harydy şeýle jan edip satjak bolýan bolsalar, onda ony alyp oturasy iş ýok – ondan peýda görüp gönenmersiň.
* * *
Birine kitapdan okan bir pikiriňizi aýdyň, şonda ol size bu ýerde täze pikir ýok diýer, onda oňa şu pikiriň özi dogrymy diýen sowaly beriň, görersiňiz welin, siziň söhbetdeşiňiz bu barada oýlanan hem däldir.
* * *
Söz urmaga, taýakdan peýda ýok!
* * *
Peýdaly hakykatlary näçe ýygy-ýygydan gaýtalasaňyz – şonça gowy.
* * *
Düzgün-tertip pikiri azat edýär.
* * *
Faktlary bilmegiň özüniň üýtgeşik gymmaty bar, sebäbi şol faktlarda ideallar ýatyr: idealsyz faktlar başyňy garjaşdyrýar.
* * *
Diňe şahsy tejribäňiz, gören görgiňiz arkaly ynanç edinip bilersiňiz, şularsyz oňa ýetip bilmeýärsiňiz.
* * *
Pikirleri öwrenmän, eýsem pikirlenmäni öwrenmeli.
* * *
Nähili söz aýtsaň, şony hem eşidersiň!
* * *
Akylyň gaýraty ýadawsyz hem irginsiz maşk edip, oňa çeýelik bermeli, akyl zähmetiniň güzaplaryndan yza tesmeli däl!
* * *
Akylyňa köpräk iýmit ber!..
* * *
Kän akyllar ulanylman poslap gidýär, gaty az akyl welin, tä doly tozýança ulanylýar.
* * *
Gaty kän adamlaryň akyly ömürboýy taşlanyp gidilen ýere meňzeş!
* * *
Demir kän ýatsa, poslaýar, ýata suw – porsaýar, adam akyly ulanylmasa, solup gurap gidýär.
* * *
Öz akylyňy iliň akyly bilen ýiteldip, igeläp durmaly, şuny hökman şeýdiň!
* * *
Göwräňem ykjam, akylyňam ykjam bolsun!
* * *
Umumy düşünjeleriň we uly ikirjiňlenmeleriň her bir kiçijik pursatda erbet betbagtlyga öwrüläýmegi ahmaldyr.
* * *
Her bir iş sözleriň teswiri bolmalydyr!
* * *
Maşyndan başy çykmaýan adam benzinsiz ýol aljak bolar: paýhasa düşünmeýän adam hem berk, jedelsiz akylsyz halyna pikir etmäge synanyşar.
* * *
Dogruçyl adam, ahyrsoňy, özüniň şu çaka çenli ýalan sözläp gelenligine düşünýär.
* * *
Biziň bir ýerde mertebämiz bar bolsa – ol biziň pikirimizdir, sebäbi biz ölümiň nämediginem, ömrüň nämediginem bilýäris!
* * *
Adam ogly hernäçe ýiti akylly bolsa-da, barybir, ol öz edýän ähli zalymlygynyň ählisine göz ýetirip bilmez.
* * *
«Wah, men şony bilemok-da, inim!» diýip, açyk boýun alyp bilýän belentler az-azdyr!
* * *
Meniň bulgurym kiçi, emma men öz bulgurymdan içýärin!
* * *
Hiç haçan ýalňyşmaýanlar garamaňlaý, olaryň hiç haçan mamla bolan wagty ýok!
* * *
... eger sen meniň bilýänimi bilýän bolsadyň, onda sen öz bilýän zadyňy bilip bilmezdiň.
* * *
Bäsdeşlik genileri döredýär, şöhratlanmak islegem talantlary orta çykarýar.
* * *
Jedelde hakykat ýitýär, unudylýar. Akylly adam jedeli bes edýär.
* * *
Aýdan sözümize müň gezek ökünip ýörenimizden bir gezejik dymanymyza begenip ýörsek bolmaýarmy?!
* * *
Käte kän zat bilýän adam ýaly syrly garap oturmak danalygyň alamaty däl. Adam näçe dana, näçe paýhasly boldugyça, ol öz pikirini şonça-da sada dilde beýan edýär.
* * *
Akylly adamlar iki-üç sözde kän zady aýdyp bilýärkäler, çäkli adamlar, tersine, hiç zat aýtman, kän gürrüň edip bilýärler.
* * *
Her bir söz, iş bilen berkidilmese, samandyr.
* * *
Iň köp ýeri öz pikiriňi goramak däl-de, öz pikiriňi bilmek!
* * *
Utançdyr gorky bizi kän-kän batyrgaý pikirlerden saklaýar. Emma akmaklyk bularyň ikisini hem güm edip kowýar. Bu dünýäniň ýalançydygyna düşünýän birlän-ikilän adamlar hiç zatdan utanmaly däldigine, hiç kimiň öňünde müzzermeli däldigine düşünýärler.
* * *
Pikirlenmek diýmek öz-özüň bilen gürrüňdeş bolmak diýmek, öz-özüňi eşitmek diýmek.
* * *
Ýalan pikiriňi has düşnükli edip aýt, ana, şonda ýalan pikiriň özi özüni ýalana çykarar!
* * *
Her kimem ýalňyşyp biler, emma şol ýalňyşyna hötjetlik bilen ýapyşyp ýatýanlar diňe akmaklardyr.
* * *
Özi üçin ölçegi bolmadyk adam hiç bir zady ölçäp bilmez.
* * *
Käbir düzgünleri bilmegiň özi ençeme maglumatlary bilmezligiň öwezini dolýar.
* * *
Akyl hem saglygymyz pisint bir zat: akyly bar adam ony bilenok hem!
* * *
Adam özüne deňiç edilen işleri her gaçan gaýtalap bilmelidir.
* * *
Uly iliň bilýän zadyny aýtmak üçin hem käte gaýrat gerek.
* * *
Her kim diňe düşünýän zadyny eşidýär.
* * *
Akyldan ätiýaç etmese, ondan doly akmaklyk bolmaz!
* * *
Samsyk adamlaryň arasyndaky akylly adam mydama geňdir.
* * *
Akmaklygyň nusga hasaplanýan ýerinde, paýhasa däli diýerler.
* * *
Akylly adamlaryň üstünden gülmek – akmaklara ýeten toý paý!
* * *
Ähli akmaklaryň pişesi bir – garaz, biriniň üstünden gülmek!
* * *
Päliýaman pisler mydama dil düwüşýärler ýa gybat edýärler, iň bärkisi samsyk adamlar näme, şolar hem ýamanlyk edip bilýärler.
* * *
Her bir adamyň samsyk bolmaga haky bar, muňa garşy hiç bir söz aýtmak bolmaz, emma öz hukugyňy-da aramrak derejede peýdalanmak gerek.
Sözler