ÝEKELIKDÄKI IKIÇÄKLIKK
■ On birinji mynajat: ÖÝ ÜÇIN ALKYŞ
Eýa, Biribar!
Bikemallykdan göç edip, kemal taparym üçin
Mesgensiz wagt içre mesgen bereniňe şükür!
Tozmajak hem könelmejek, ýyrtylmajak düşek edip
Ýelden ýyndam hem durnukly Zemin bereniňe şükür!
Beýik daglardan myh urup, sährany sallançak eýläp,
Öwzarsyzlyklar içinde öwzar bereniňe şükür!
Bu nurana ýagty jahan myhman däl mediwan öýüdir!
Pany gulaga bakydan owaz bereniňe şükür!
* * *
Şeýle bir rowaýat bar, Isgender Zülkarneýn hakynda.
Zülkarneýn – gadymyýetiň beýik serkerdesine ene-atasynyň däl-de, soň adamlaryň dakan ady. Häzir, iki ýarym müň ýyl geçensoň, taryhyň dakan ady diýseňem bolup dur. Eýse, bu serkerde taryha giren şahsyýet. Ýöne taryhdan öň ol rowaýata giripdir. Umuman, taryha beýikleriň özi girýär. Beýik işleri hem-de gahrymançylykly ýeňişleri bilen. Rowaýata bolsa olary adamlar salýar. Olaryň adatdan daşarylygyny, gudratlydygyny bilensoňlar. Rowaýat – gudratyň hem şan-şöhratyň öýi. «Zülkarneýn» iki şahly diýmek bolýar. Şah – biziň halkymyzda gudratlylygyň alamaty. Üýtgeşik iş, gaýrat, özgäniň elinden gelmeýän zada dalaş edýäne: «Şeýtseň, şah çykararyn öýdýäňmi?» diýilýär. Ýa-da: «Näme, pylan zat etdiň, şah çykardyňmy?» diýibem aýdylýar. Öňem ýazyşym ýaly, goçuň şahynyň şekili ýa-da awlanan tekäniň, keýigiň şahy türkmeniň gündelik ýaşaýşynda orun alan. Taryha görä, Isgender dünýäniň iki bölegini – Ýewropany hem-de Aziýany boýun egdireni üçin, ýokardaky ady alypdyr.
Rowaýata görä bolsa, başgarak. Isgenderiň kellesinde şahjagaza meňzäp duran iki sany ýumry bolupdyr. Öz teninde şeýle üýtgeşikligiň barlygyna ol namys edipdir hem-de muny hiç kimiň bilmezligini isläpdir. Özgäň bilmezligini isleýän bolsaň – goý, ol iň bir ähmiýetsiz zat bolsun – seniň syryň bolýar-da. Isgender öz syryny janyny hem namysyny goran ýaly gorapdyr. Her gezek saçyny bejeren, ýagny syryny açan dellekleri ölüme höküm edipdir. Näme köp gaýtalansa, bu adamlaryň gözüne ilýär. Serkerdäniň saçyny bejermäge gidýän delleklerden gaýdyp gördüm-bildim bolmaýanlygy adamlaryň ilki ünsüne, soňam diline düşüpdir. Olar bu taýda bir hikmetiň barlygyny çak edipdirler.
Beýik däller üçin beýikligiň özem, elbetde, syr.
Bir garyp dellek ýigide: «Ertir Isgenderiň saçyny bejerip gaýtmaly» diýipdirler. Öňki dellekleriň ykbalynyň gümürtikliginden habarly ýigit ynjalykdan gaçypdyr hem-de muny ejesine aýdypdyr. Ejesi juda akylly aýal eken. Ol gije ýatman, külçe bişirip, irdenem külçeleri oglunyň ýantorbasyna salyp goýberipdir.
Saçyny bejerip, özüniň syryna şaýat bolan ýigide Isgender: «Seni ölüme höküm edýärin. Häzir başyňy alarlar. Şundan ozal maňa näme aýtjak zadyň bar» diýende, ýigit öz getiren külçesinden dadyp görmegini ondan haýyş edipdir. Haýyşy bitendenem, dellek:
– Eý, hökümdarym, siz neneň edip, öz süýtdeş doganyňyzy öldürip bilersiňiz?! – diýen. Süýtdeş doganynyň ýokdugyny bilýän Isgender ýigide soragly bakanda, ýigit iýlen külçäniň öz enesiniň süýdüne garylandygynyň syryny açypdyr. Aýdylyşy ýaly, hakykatyň öňünde goýlan Isgender ýigidi aman sypdyrmaly bolupdyr.
Şah syry.
Külçe syry.
Meniň üçin häzir ikinjisi has ähmiýetli. Onda-da adaty bir külçe-de däl, ene süýdüne ýugrulan külçe. Bu bir alamat, gudrat manysynda bir alamat. Gudrat belany gaýtarýar. Belany saklaýar. Gudrat syry dogurýar. Syr bolsa alamat bolup görünýär.
Öý hem gudratdyr. Bu gudrat öýi mukaddeslige öwürýär. Öýde dört sany mukaddeslik bardyr. Bular:
Ene süýdi.
Ojak.
Saçak.
Tamdyr.
Eger şu dördüsi halaldan tutulsa, öý dünýädäki iň mukaddes ýerleriň hataryna goşulýar. Çünki bular arkaly dünýäde iň uly gujur, iň uly gudrat – adam kemala gelýär. Şular mynasybetli öýde juda uly gujur-güýç jemlenýär. Şonda halal öý perişdeleriň arzyly ýerine, bu öýden çykyp bakyýete giden merhumlaryň ruhunyň güýç hem umyt ojagyna öwrülýär.
Perişdeler öýüň goragçylary, ruhlar bolsa öýüň gaýyby eýeleridir. «Eýe» aslynda-da öý sözündendir.
Ýadyma düşýär, çagalykda gijelerine köne harabalygyň ýanyndan geçenimizde, gorkardyk hem üýşenerdik. «Taşlanan öýleriň içinde eýeler barmyş» diýip, ulular aýdardylar. Eýse, bu biçem gürrüňem däl.
Çünki öý gudratlygyndan başga-da, pelsepe dilinde aýdanyňda, ekzistensial giňişlikdir. Älem giňişligindäki ähli jisimler hem-de zatlar hemişelik hereketdedir. Muňa göz ýetirmek üçin, asman giňişligini gijelerine synlamak ýeterlikdir. Hatda adam gözüne gymyldysyz bolup görünýän ýyldyzlaram, galaktikalaram, garaz, külli mahlukat hereketdedir. Hereket seýre, sergezdanlyga getirýär. Jansyz mahluklaryň şeýle sergezdanlygy janly mahluk üçin ýaramly däl. Aslynda ruhuň, janyň ýaradylmagynyň maksady halka (mahluga) göz ýetirmek hem-de Halygy tanamakdyr. Bu maksadyň mutlak, hemişelik sergezdanlykda amala aşmagy mümkin däl. Munuň üçin durmak, oturmak, ýer tutmak gerekdir.
Öý, mesgen saklanmagy – ýer tutmagy, ýere baglanmagy aňladýar. Toprakdan ýaradylan adamyň topraga kök urmagy, örklenmegi üçin öý, mesgen döräpdir. Örklenmese, aýagy ýer tutmasa, göwni oturmasa, adamzadyň ruhy ýaşaýşy mümkin bolmaz. Seýr içindäki Zeminde durmak, saklanmak – mesgen tutunmak adamzady täsin mahluga öwürýär. Adamzat beýleki jähetlerde bolşy ýaly, bu meselede-de iki sany gapma-garşylygy – hereketi hem-de hereketsizligi utgaşdyrýar, bir ýere sygdyrýar.
Öý adam binýadynyň goýulýan ýeri.
Öý – üznüksiz hereketde ýitip gitmezligi üçin adamyň örklenmegidir
Adamyň adam bolşy öýde, adamzadyň adamzat bolşy Zeminde geçýär.
Öý wagtyň hereketinden goranmak üçindir. Tomusda yssydan, gyşda sowukdan goraýan öý dünýä içindäki dünýädir. Bu içki dünýäde dünýälere akyl ýetirjek, belki-de, olary ele aljak adamzat kemala gelýär. Säkin höwürtgede jümle älemleri seýr edip çykjak ganatlar kemala gelýär.
Şu manyda örklenmek, durmak, oturmak oňatlykdyr.
Şu manydaky durnuklylyk, durk haýyrdyr.
Haýryň hem oňatlygyň ýeri bolsa mukaddeslikdir.
Öý adam üçin ýöne bir jaý däl. Öý diňe eklenç, güzeran, durmuş bilen baglanyşykly däl. Öý adamyň ötegçi dünýädäki hemişelik mekany. Öý – ömrüň meýdany. Öý Hudaýa degişli dünýäniň içindäki adama degişli dünýä. Öýüň serhedi seniň dünýäň serhedi. Ol serhetden aňyrsy saňa dahyllydyr, ýöne saňa degişli bolman biler. Serhediň birisi bolsa diňe we diňe saňa degişlidir.
Öý adama dünýäniň hem ýaşaýşyň müdimiligi baradaky duýgyny berýär. Men muňa «öý duýgusy, öýlülik duýgusy» diýip at berýärin. Öý duýgusy bolmasady, onda adam bu dünýäde uly işleriň, beýik döredijiligiň hötdesinden gelip bilmezdi. Çünki dünýäni kämil etmek, dünýäni gözel hem-de manyly etmek üçin dünýäniň seniňkidigine, saňa degişlidigine, ýagdaýynyň hem ykbalynyň hut saňa baglydygyna bolan mizemez ynanç bolmaly. Öý, ýurt, dünýä – ýaşaýyş barlygynyň mukdar taýdan, ululyk-kiçilik tarapdan biri-birinden tapawutlanýan, emma hil taýdan, saňa degişliligi, ýagny mähremligi tarapdan şol bir zat bolan giňişlikleridir. Öý duýgusy bolmasa, ýurt duýgusy bolmaz, ýurt duýgusy bolmasa, tutuş dünýäniň, ýaşaýşyň mähremlik duýgusy bolmaz.
Adamzat bu duýgynyň nämedigine öz taryhynyň ýaňy başlanan eýýamynda göz ýetirmeli bolupdyr. Atamyz Adam şeýtan aldawyna gidip, öz öýünden – jennet öýünden kowulýar. Öýden aýra düşmegiň pajygasy onuň ýüreginde ömürlik ornaşýar, bu pajygaly duýgy onuň neslinden nesline geçip, häli-häzire çenli ýüreklere yza berip dur.
Emma adamzat öz eli, öz akyly bilen Zemini öz öýüne öwürdi. Ol Zeminde öý, ýurt tutundy. Onda ösdi, ulaldy, örňedi. Adamzat Zemine şeýle bir ysnyşdy welin, indi bu ýeri adamsyz göz öňüne getirmek hem mümkin däl. Eýse, dogrudanam, heý, ýekeje gezek bu dünýäni, bu ýaşaýşy adamsyz diýip göz öňüne getirip gördüňizmi?! Nähili aýylganç hem mümkin däl zat! Beýle bolsa, dünýä ähli manydan hem barlykdan, ýagny ýok dällikden, ýoksuzlykdan, hiçsizlikden mahrum bolýar. Munuň özi öz şahsy ölümi haýsydyr birhili barlyk hökmünde göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly bir zat. Ölüm adam üçin tejribe däl, tejribe diýilýän zat öz amalyňdan soňam, onuň eýesi bolmaly şahsyýeti göz öňünde tutýar. Ölüm, ýokluk babatynda muny aýtmak mümkin däl. Ýoklugyň eýesi-de ýok. Eýe düşünjesi diňe «barlyk» düşünjesi arkaly mana gelýär. Ölüm ölmeli kişi üçin dowamaty-da aňladanok, ol dowamatyň gutarmagyny, kesilmegini, ýagny, hiçlige öwrülýändigini bildirýär.
Adamzat babatda-da şeýledir. Adamzatsyz dünýä aňa, ýürege sygmaýar.
Öý, ýurt – ýürege hem aňa sygmaýan barlykdyr. Başgaça aýdylanda, öý – barlygyň ýüregiňe sygan bölegidir.
Ýüregiň eda bolmagy, ömrüň kesilmegi bilen öý ruhy giňişlik, ruhy künç hökmünde puja dönýär. Çynlykdan aýrylýar, ýok, ýalanam bolanok, hiç bolýar. Çünki ýalanlygam ýene eýäni aňladýar. Bina galar, jaý galar, emma öý bolmaz. Elbetde, dirilikde, haýatda galanlar üçin öý şondan soňam dowam eder. Emma ol eýýäm şolaryň öýi bolar.
Her bir adamdan ozalam dünýäniň bar bolşy ýaly, elbetde, adamzatdan öň hem Zemin bolupdyr. Aýdaly, ylmyň berýän maglumatyna görä, aňyrsy bäş million ýyl mundan ozal adamzat diýilýän biologik görnüş bolmandyr. Aýdaly, ýüz million ýyl mundan ozal Ýer ýüzünde läheňler-dinozawrlar ýaşapdyrlar.
Eýse ol mahallar Zemin bolandyr, emma dünýä bolan däldir. Dünýä – adamzadyň öýüdir. Dünýä – adamzadyň barlyk öýüdir. Munuň özi göbek gany dökülen içeriden başlanýan, soňam adamzadyň aýagy, eli, gözi, pikirleri hem-de duýgulary ýetýän çäklere çenli uzaldylan we giňeldilen barlykdyr. Ol ýoklugy aradan aýyrmagyň hasabyna giňelen we giňelýän öýdür. Bürgüt üçin öý höwürtge bilen çäklenmeýär, ganatlarynyň äkidýän iň çetki giňişlik nokadyna çenli aralyk bürgüdiň öýüdir, dünýäsidir.
Dünýä – adamzadyň aýak ýeterindäki, el ýeterindäki, göz ýeterindäki, pikir ýeterindäki, duýgy ýeterindäki maddy-ruhy giňişlikdir. Bu – onuň öýüdir.
Bu öý indi şeýle bir giňelipdir hem ähmiýetli bolupdyr welin, mundan beýläk adamzadyň dünýäsi bolmasa, Ýer ýüzünde özge dünýälerem ýaşap bilmez. Biz haýsydyr bir biogörnüşiň, aýdaly, çybynlaryň ýaşaýyş üçin ähmiýetini, olar bolmasa, nähili kynçylygyň, hatda petigiň ýüze çykjakdygyny gürrüň edýäris. Eger, hyýaly göz öňüne getirsek, adamzat bolmasa, Ýer ýüzüniň biologiki hem ekologiki ulgamlary nähili pajygalaryň üstünden bararka?
Onsoň adamzadyň dünýäsiniň abatlygy hem-de paýhasalaýyk gurulmagy külli janly-jandaryň dünýäsiniň abatlygynyň şerti bolup durýar. Adamzadyň öýlüligi jandarlaryň öýlüliginiň şertine öwrülýär. Hem-de tersine.
Adamzat ösüşiň ýokary basgançaklaryna galdygyça, öz öýüni, öz dünýäsini giňeltmek isleýär. Janly-jemendesiz görünýän, entek sesine ses bermeýän Älem giňişligi onda guwanç hem şatlyk döredenok. Ol öz pikir edişiniň tersine, älemiň özge künçlerinden akyldaş doganlaryny gözlänok, ol şol ýerlerden özüni gözleýär. Ol döräli bäri edip gelşi ýaly, boşlugy öz barlygy bilen, gowuzlygy öz dolulygy bilen doldurmak, ýoklugy barlylyga öwürmek isleýär. Adamzadyň ýekeje ählumumy islegi bar – ol öz öýüni giňeltmek isleýär. Ol öz ýaşaýyş giňişliginiň külli älem giňişligine doly barabarlygyny gazanýança gitmekçi. Çünki haýsydyr bir aýak ýetmeýän, göz ýetmeýän, aň ýetmeýän ýeriň bardygy oňa öz häzirki barlygy bilen deňeşdireninde has uly, has ähmiýetli bolan, onsoň öz barlygyna howp salyp biljek hiçlik hem ýokluk bolup duýulýar. Bu ahwalat ilkidurmuş adamynyň aýak basylmadyk tokaýlara howatyrly bakyşyny ýatladýar. Ýöne indi öz serhedine göwni ýetýän häzirkizaman adamynda ol howatyr aşak – aňasty jelegaýlara gidipdir, ýokarda – akylda bolsa hyjuw hem bilesigelijilik bar.
Eýsem-de bolsa, adamzat hyjuwyň hem bilesigelijiligiň yzyna düşüp, öz ojagyna gaýdyp gelerden has uzaga gitmese ýagşy!
Nähili netijä getirende-de, adamzat öz islegleriniň yzyna düşüp, olaryň amal bolmagy üçin, olaryň amal bolşy görnüşinde ýaşaýar. Islegler bolsa barlyk öýüniň barha we barha giňelmegine getirýär. Adamzada maddy mümkinçilikler itergi berenok, maddy mümkinçilik şert bolup durýar, itergi bolsa adamzadyň ruhy barlygynda – aňynda, kalbynda, hyjuwlaryndadyr. Her bir amal bolan isleg, her bir ýetilen sepgit öňki täsinligini hem syrlylygyny ýitirýär, oňa derek olar özüňkilige – mähremlige eýe bolýar. Şeýdip, öý hem dünýä giňelip gidip otyr.
Emma öý duýgusynyň ýitirilmegi öýsüzlik, öwzarsyzlyk, garawsyzlyk duýgusynyň döremegine sebäp bolup biler. Adamyň hem adamzadyň öz asly, kökleri bilen ýürek – ruhy baglanyşyklaryň ýolunmagy öwzarsyzlyk duýgusyny döredýär. Ol özüni gurşap alýan töwerek bilen, gaýyba giden geçmiş bilen hylwaty ysnyşmak ukybyny ýitirýär. Barlyk hökmündäki öý bitewüligini unudýar. Onuň bilen ara çöp düşýär. Barlygyň mähremlik dili unudylýar, özgeler bilen garyşyp-gatyşyp öz ata-babalarynyň dilini unudan adamy göz öňüne getiriň. Ol indi keseki, ýat ahyryn.
Öwzarsyzlyk duýgusy adamy garawsyz hem ejiz edýär. Dünýä onuň üçin myhmanhana öwrülýär. Ol özüniň bu dünýäde ýatdygyny duýýar. Şonuň netijesinde bolsa ol pelek, ýalançy dünýä, panylyk ýaly düşünjelere arassa ýaramaz, diňe tersin manylary berýär. Öz öýüni özüne duşman tutunýar. Bu ruhdan düşmeklige, göwnüçökgünlige, tukatlyga, garaz, terkidünýälige alyp barýar.
Munuň özi howaýy akylyň ölüp, dünýäniň hamana ýokarsyna çykyp, dünýä eliniň astyndaky öwreniş serişdesi, gural hökmünde garamagyndan bolýar. Şonda ýürek bilen akylyň arasyna jaýryk düşýär. Adam bilen ýaşaýyş barlygynyň arasyna bolsa howaýylyk düşýär. Adam dünýä, hakykatdanam, zat hökmünde, kalpdan, jandan mahrum, öli, öwrenmeli, sökmeli-düzmeli, böleklemeli-ýygnamaly, garaz, üstünde akylyň synaglaryny geçirmeli jansyzlyk hökmünde garaýar. Akylyň howaýylaşmagy, serhetleşmegi, inçelmegi, agyrlaşmagy netijesinde adam barlykdan barha daşlaşýar. Asyl ojagyndan – öýünden, köklerinden, toprakdan aýagyny üzýär. Ony gurşap alýan ýaşaýyş mähremligini, hylwatylygyny, anjaýynlygyny, täsinligini ýitirýär-de, olaryň deregine açylmaly, paş edilmeli bary-ýogy düşnüksizlik galýar. Aradan mähir, kalp gatnaşyklary we baglanyşyklary aýrylýar.
Atasyny tanamaýan, ony unudan näletkerdäniň öz öýüne gatnaşygy-da şeýledir. Onuň üçin atalykdan galan zatlar gerekmejek esgi, köne tenha, köne zatdyr. Ol öýüň gudratyny hem mukaddesligini duýmaz. Onuň üçin ene ojagy, ata ýurdy diýilýäni ýat duýgudyr. Olary känbir ýatlabam durmaz. Öýden çykyp gidensoň, dolanjagam bolmaz. Özüne galan öýüň onuň üçin diňe maddy, zat, baýlyk hökmündäki gymmaty bardyr. Olary satjakdyr, pula öwürjekdir, ulanjakdyr. Ol bar zada ulanmak, peýda görmek tarapdan garar. Zerury çyksa, öýi-de satyp goýbär. Zerurlyk bolmasa-da, satyp goýbär. Öý onuň üçin bary-ýogy jaýdyr, tamdyr. Türkmen munuň ýalaga «at ýitiren» diýýär.
Şeýle adamda hatda öwzarsyzlyk duýgusy-da ýokdur. Öýünden aýralyk duýgusy adamy ruhy taýdan ykmanda, sergezdan edýär. Ol dünýäde direg, gonalga duýmaýar. Onuň göterilesi, baş alyp gidesi gelýär. Ol özüni ýeliň ugruna gaýyp ýören peşmek ýaly duýýar. Emma onuň gidere-de ýeri ýok ahyryn. Ol biziň nusgawy edebiýatymyzyň terkidünýäsi-de däl. Terkidünýä şu dünýäden geçenem bolsa, o dünýä ynanýar, şoňa ymtylýar. Emma öwzarsyzda beýle ynanjam ýok. Onuň haly has çökder.
Adamzadyň pese düşmezligi, wagt şemalynyň ugruna tozap gitmezligi üçin öý, direg, ojak duýgusy gerekdir. Bu duýgy gudrat döredýär:
Ol ýalan dünýäde çyndan ýaşamaga, wagtlaýyn dünýäde hemişelik bolup ýaşamaga ruhy esas bolýar. Şeýle ruhy diregi bolan adam hakyky bagtly adamdyr.
* * *
Türkmen öýe mukaddeslik hökmünde garaýar. Şu garaýyş hem milletimiziň ruhy sütüniniň binýadydyr. Bu binýat türkmeniň taryhyň hem durmuşyň iň kynçylykly, pajygaly synaglaryndan sag-aman geçmegine, onuň öz-özüliginde üýtgemän, ýoýulman galmagyna ýardam edipdir. Öý, ojak ruhy ynanjyň baş diregi, daýanjy bolupdyr. Bu mukaddesligiň gudratyny göre-göre gelen ata-babalarymyz şeýle hakykaty beýan edýän, onuň mizemezligini tekrarlaýan dana rowaýatlary, dürdäne pähimleri döredipdir. Bu ruhy mirasa öwrülen eserlerde, ylaýta-da, ojagyň duzunyň hakyky keramaty köp ykrar edilýär. Öýüň halal duzy üýtgeşik güýje, energetika eýe hasaplanylýar. Duz öýi gelýän beladan goraýar. Hatda bet niýet bilen gelýän hem öýüň duzuny dadandan soň, özüne düşünmese-de, niýetinden el çekmeli bolýar. Öýe myhman gelende hem myhmansöýerlik däbine eýerip, hem-de ýaramazlykdan gorasyn diýip, öňünde duz-çörek goýulýar.
Duz öýüň, öý adamlarynyň penakäri, öýüň duzuny depelän-hä beýlede dursun, duzy harlanam hiç mahal gönençlik görmeýär. Türkmen şunuň ýaly beýik ahlak ynanja gulluk edipdir.
Örän gadymy rowaýatlaryň birinde şeýle gürrüň berilýär. Bir şäherde pis, niýeti hem amaly ýaramazlyk bolan kazy ýaşapdyr. Ol ýuwaş hem sada bir ýigidi tanaýan eken. Öz ýanyndan hemişe ýaňky ýigidi aldawa salmagy, ony betbagtlyga duçar etmegi ýüregine düwüpdir. Ony ýanyna çagyryp, möhüm bir ýumşunyň bardygyny aýdypdyr. Sada ýigit kazynyň ýumşuny ak ýürek bilen bitirmäge taýýardygyny bildiripdir. Kazy ol ýigidiň eline hat berip, golaýdaky şäherde ýaşaýan bir adama eltip bermegi tabşyrypdyr. Ýigit şol günüň özünde ýola düşýär.
Ol hat okap bilmeýän eken. Ýöne diňe bu sebäpli däl, aslynda özgäň hatyny okamagyň gelşiksizdigi üçin, özüne berlen hatyň gatynam açmandyr.
Barmaly şäheri bir gije-gündizlik uzaklykda eken. Ýol oglanyň dogduk obasynyň üstünden geçipdir. Ol: «Bü-ýä gowy bolaýdy» diýip, öz öýlerine sowulýar. Ejesi nahar bişirip otyr, kakasy bolsa meýdanda işläp ýören daýhan. Adatça, öýe giç gelýär. Oglan kazynyň gyssagly ýumşuny wagtynda bitireýin diýip näçe gyssansa-da, ejesi goýbermändir. Ol zenan köneden gelýän mukaddes däpleri yrman berjaý edýän aýallaryň biri bolupdyr. Ol ogluna:
– Nähili gyssanmaçlyk bolsa-da, öýüň duzuny datman, kakaň bilen salamlaşman gitseň, nädogry bolar – diýip, ogluny alyp galypdyr. Oglan kakasy meýdandan gelensoň, onuň bilen bile nahar iýip, gürrüňdeş bolup, şol agşam öýlerinde ýatypdyr.
Ol irden barmaly ýerine baranda, ony garşylamak üçin adam garaşyp oturan eken. Oglanyň gelip ýetenine begenip, ol haty alypdyr. Oňa bolsa biraz garşmagy tabşyrypdyr.
Çaý içip bolansoň, öý eýesi oglanyň ýanyna gelip, oňa bir düwünçek pul berip, egnine-de serpaý-halat ýapypdyr. Oglanyň nämäniň-nämedigine düşünmedigini görübem, şeýle diýipdir:
– Kazy aganyň hatynda ýazylan zatlary berjaý etdim. Ol «Iki adam iberýän, birinjisini-hä zyndana taşlarsyň, ikinji barandan bolsa, öňki bermeli zatlaryňy berip goýbärsiň» diýip ýazan eken.
Şonda oglan özüni öýüň duz-çöreginiň halas edendigine düşünip galypdyr. Ikinji bolup barmaly adam iberilen ýere agşam, bu oglandan öň gelip düşen eken.
* * *
Öý diýmek – mekan diýmekdir. Älem giňişliginde diňe Allatagala lamekandyr. Özgeleriň hemmesiniň belli bir mekany bardyr. Mekansyzlyk adamzat üçin mutlak mümkin däldir. Adam şahsyýeti özüniň islendik jähetinde, islendik taglymy düşünilişinde öý, mekan bilen baglanyşdyrylýar. Mekan onuň hakykylygynyň görnüşidir. Diňe bir onuň ýaşaýyş giňişligi däl, ýagny onuň özünden daşky, başga bir barlyk däl-de, eýse öz ýaşaýyş usulydyr, öz barlygydyr. Öý, mekan bolmasa, adamyň özi-de barlyk meýdanyna gelmeýär, hije dönýär. Munuň özi adamyň islendik – maddy ýa ruhy, dini ýa mistiki (irfany), ylmy ýa ylmy däl – düşünilişinde şeýledir. Adaty, ýagny durmuşy düşünilişde adamyň mekany onuň öýi. Öýde ol adam hökmünde kemala gelýär, adam bolup ýaşaýar, onuň gylyk-häsiýeti, düşünjesi öýde kemala gelýär. Adamyň aslynda özi öýde – enesiniň reheminde döreýär. Adamyň daşky barlygy-da, içki temperamenti-de öýde – ata-enesiniň gen gaznasynda ýüze çykýar.
Adamyň jöwheri onuň janydyr diýip alsak, jan hem öýde – göwrede ýaşaýar. Göwre, beden jan üçin ýöne bir gap däldir. Köpler bu iki barlygyň gatnaşygyna şeýle ýöntem düşünýärler. Beden zat däldir, ol öýdür. Öý bolsa zat däl-de, eýse närsedir. Zat bilen närsäniň arasyndaky tapawuda üns hem ähmiýet berilmeýär. Aslynda bolsa bu ikisiniň arasyndaky tapawudyň örän uly manysy bar. Şol bir, aýdaly, jisime zat ýa-da närse hökmünde garalýanlygyna baglylykda, iki sany düýpgöter başga-başga dünýägaraýyş hem-de dünýäduýuş emele gelýär. Jisime zat hökmünde seretmek ony janlylykdan hem-de mähremlikden mahrum etmekdir. Eýse janlylyk näme?
Janlylyk şol jisimiň adamyň aň hem ruhy ýaşaýşy bilen baglanyşygydyr. Ol adamyň durmuşynda eýeleýän orny we hyzmaty arkaly mana, ýagny jana gelýär. Ol närsedir. Öten ata-babalardan galan haýsydyr bir hamana gaby, mysal üçin, küýzäni alyp göreliň. Syrçasynyň köp ýeri gopup giden, eltutarynyň biri döwlen gadymy küýze. Ony ele alanymyzda nähili duýgular döreýär! Dag eteginde pytrap ýatan sansyz ýylmanak daşlaryň birini ele alandaky ýalymy ýa-da başgaçamy?! Elbetde, düýbünden başgaça. Küýzäni eline alan adam birsalym pikire batýar. Eger ol duýguçyl, ruhy ýasawy inçeden guralan adam bolsa-ha, ýüregi jigläbem gidýär, gözüne ýaşam aýlanmagy mümkin. Munuň sebäbi nämede?! Sebäbi bu küýze gaýyba giden adamlar, şu küýzeden suw, belki-de şerap, belki-de, çal, aýran içenler barada habar berýär.
Küýze adam durmuşynyň baglanyşyklarynyň jisimi. Şonuň üçinem ol ýöne zat däl-de, eýse närsedir. Ol adam barlygynyň öýüniň içindäki hadysadyr. Onuň gurluşy, şekili, reňki, ýüzüne çekilen haýsydyr birhili nagyşlary, hatda köne hatda ýazylan ýazgylar – bularyň hemmesiniň adamçylyk mazmuny bar. Bularyň bary adamyň barlyk öýüniň aragatnaşyk diliniň serişdeleri, maglumat, habar, many aňladyş serişdeleri. Bularyň aňyrsynda adamyň durmuşy, ömri hem ykbaly bar. Diýmek, mundan tapawutlylykda, adam barada hiç hili habar bermeýän, adamyň ýaşaýyş öýünden daşgary bolan jisim zatdyr.
Indi başga bir, aýdaly, jisimi alyp göreliň. Tötänlikde meýdandamy ýa çölüň içindemi adamyň postuna gabat geldiňiz diýeli. Siz öz öňüňizde ýöne bir süňki görýäňizmi ýa-da başga bir närsäni?! Eger edep-terbiýeli adam bolsaňyz, siz posty alaga-da, ýere jaýlarsyňyz hem-de aýat okarsyňyz.
Sährilerde (materialistlerde) olaryň tutuş dünýägaraýyşlary ýaly şowakör hem ýöntem bir pikir bar. Olar dirileriň merhumlara gatnaşygyny şeýle düşündirjek bolýarlar: hamana diriler ölülerden gorkýarmyş, şonuň üçinem olary ynjytmajak bolýarmyş. Hakykatda, merhuma garaýyşda ýokary ahlak-ruhy sypat bardyr. Türkmençe merhuma «bende, görgüli, neresse, pahyr» diýilýär. Munuň özi düýpli ekzistensial aňlatmalardyr. Olara dirilik öýünden çykan biçäreler hökmünde garalýar. Jan dirilik öýünden çykansoň, jansyzlyga dönen göwräni – jesedi-de bu öýden çykarmaly bolýar. Şonuň üçinem türkmençe «merhumy çykarmak» diýilýär. Jan çyksa, göwre – läş. Ýöne şol bir wagtda göwre bolmasa, jan hem dirilige gelip bilmeýär. Öýe gelip, dünýä gelip bilmeýär. Janyň göwrä girmegi onuň ýaşamak üçin öý tapynmagydyr. Diňe ikisi birigensoň, adam mümkin bolýar. Ikisiniň biri-birinden aýrylmagyna-da aýrylmak – ölmek diýilýär.
Şonuň üçinem beden ýöne bir gap däl. Beden adamyň dünýädäki ýaşaýyş usuly. Edil öýüň maşgalanyň ýaşaýyş usuly, ýurduň bolsa milletiň ýaşaýyş usuly bolşy ýaly. Dogry düşüniň: ýurt milletiň ýöne ýaşaýan ýeri däl, ýurt milletiň pelsepesindedir, gylyk-häsiýetindedir, ýasawyndadyr, onuň milli duýgy-düşünjesindedir. Bularyň bary daşkylyk däl-de, daşkylyga gatnaşykdyr. Bu gatnaşygy millet öz dili bilen aňladýar.
Şol bir geografik giňişlikde – dag eteginde ýa-da sährada, ýa bolmasa tokaýda dürli döwürlerde, aýdaly, biri bäş müň ýyl öň, biri-de soň ýaşan iki milletiň ýurdy asla-da bir bolup bilmez. Çünki olaryň şol giňişlige ruhy gatnaşygy-da, dili-de bir bolup bilmez. Diýmek, öý hem, ýurt hem, hatda dünýä hem adamyň ýa adamlaryň daşky ruhy däl gurşawa – tama, jaýa, daga, çöle, sähra... ruhy gatnaşygydyr. Has dogrusy, öý – munuň özi ruhy gurşawdyr.
Şonuň üçin adam bedeni-de ruhy hadysadyr. Türkmençe muňa «tüýs, jyns», «adamçylyk ysy» diýip aýdylýar. Ýakylan çyranyň bütin öýe ýaýrap durşy ýaly, adam jany, ruhy-da onuň tutuş göwresine ýaýrap durandyr. Ony diri edýän, ony diriler jynsyna goşýan şol jandyr. Çyra öçende, öýüň garaňkylyga, ýagny ýokluga, hiçlige öwrülişi ýaly, jan çykansoň, beden-de ýokluga öwrülýär. Ýöne çyra diňe öýüň barlygynda, jan hem göwräniň barlygynda mana gelýändir. Ýagny, öý – sözüň ýokarky ähli pelsepe manylarynda ýaşaýyş giňişligidir. Öý – beden bolsun, tam bolsun, ýurt bolsun, dünýä bolsun – daşky çäksiz ruhy däl, ynsany däl boşlukdan, bimanylykdan hem jansyzlykdan bölünip aýrylan barlykdyr. Has dogrusy, öý hökmündäki bedeniň, tamyň, ýurduň özge bedenler, tamlar, ýurtlar bilen gatnaşygy içkilikdir. Dünýä başga, dünýäniň aňyrsynda, dogrudan-da, boşluk ýerleşýär.
Öý diýmek «meňki» diýmekdir. Bu diňe ruhy hadysa däl, bu, umuman, dirilik hadysasy. Şol hadysa manysynda diňe adamyň däl, ähli jandarlaryň öýi – öz ýaşaýyş giňişligi bar. Bu giňişligiň serhedi bozuldygy, «ýa almaly, ýa ölmeli» diýen göreş başlanýar.
Öý bar ýerinde ýaşaýyş bardyr, ýaşaýyş bar ýerinde öý bardyr.
Öý ýok ýerinde ýaşaýyş ýokdur, ýaşaýyş ýok ýerinde öý ýokdur. Ol ýerde diňe boşluk bardyr. «Boşluk» diýmek başlangyjam ýok, soňam ýok, serhedem ýok, çäk hem ýok, öň hem ýok, yz hem ýok diýmekdir.
Öýüň barmy, diýmek sen dirisiň.
Şu manyda hatda merhumlar hem diridir. Merhumlaryňam öýi bar, ýurdy bar. Men häzir türkmeniň dilinde «jaýlamak, ýerlemek», «içki öý, daşky öý» ýaly aňlatmalaryň barlygyny göz öňünde tutýaryn. Emma diňe bular bilen merhum öýi düşünjesi paýan bolmaýar. Halk ynançlaryna görä, merhum diňe diriler üçin däl, eýse öz-özi üçin hem diridir. Türkmen ynanjynda her anna agşamy merhumlar öz dirilikde ýaşan öýlerine tarap gaýdýarmyşlar. Şonuň üçin şol agşam aýat-doga edilýär. Merhumlar ruhy iýmit üçin öz mährem ojaklaryna gelýär. Eger hiç hili aýat okalmasa, degsin edilmese, olar ýüzlerini sallap yzyna rowgatsyz halda gaýdyp barýarmyş.
Bir dana özüne nätanyş mazarystanlygyň ýanynda aýak çekip, dessur boýunça aýat okapdyr. Geçip barýan alasamsygragyň biri: «Ýaşuly, bu ýerde dogan-garyndaşyňyzdan ýa tanyş-bilşiňizden ýatan barmy?» diýip sorapdyr. Dana şeýle jogap beripdir: «Men bu ýatan bendeleriň hiç birini-de tanamok. Ýöne men bu mazarlaryň hersiniň aşagynda bir dünýäniň ýatandygyny bilýärin».
Öý ýaşaýyş, barlyk, dirilik ölçegi hökmünde şeýle bir zerur welin, öýüň hakyky manysynda mümkin däl ýerinde, şertli manyda öý bar edilýär. Metjide «Allanyň öýi» diýilmegi şonuň üçindir. Metjidiň – binanyň içinde ýaşar, bolar ýaly Allatagala maddy, hatda adamyňky ýaly ruhy barlyk däl. Emma onuň hakykylygyny, jedelsiz barlygyny şertli aňlatmak üçin metjide «Allanyň öýi» diýilýär. Şu dünýäniň diriligine, barlygyna gatyşmak üçin hatda şertli hem bolsa, «öý» diýilýän usul, görnüş zerurdyr.
* * *
Adam iň ýokary jandar hökmünde diňe öz öýi barada däl, eýse özündenem ýokary barlygyň – Allanyň öýi hakynda-da, özünden pes jandarlaryň öýi barada-da alada hem pikir etmelidir. Adam haýwanatyň öýüni bozmajak bolmaly. Bu onuň öz tebigy hem ruhy barlygynyň abadanlygy we abatlygy üçin hökmany zerurlykdyr. «Ekologiýa» diýilýän ylmyň düýp ahlak-ruhy manysy şundadyr.
Öýüň, ýurduň gudraty, bu giňişliklere başga ýerde bolşy ýaly bir däl-de, birnäçe wagtyň sygýanlygyndadyr. Olarda wagtyň mümkin bolan üç jäheti-de – geçmişem, heminzaman hem, geljegem bar. Bu ýerlerde hemme tanyş, mähriban.
Öýüň gudraty ondaky ojak bilendir.
Ojak diriligiň, ýaşaýşyň gözbaşy.
Ojak öçse, öý ýykylar.
Köne döwürlerde nahary ojakda bişirip, ojagyň başynda-da maşgala, nebere bolup nahar iýipdirler. Ojak agzybirligiň, abadanlygyň hem parahatlygyň alamaty bolupdyr.
Ojak başynda adamlar söhbet edipdirler, şatlygyny hem gussasyny paýlaşypdyrlar.
Ojak başynda oňat işleriň tutumyny tutupdyrlar. Ojak başynda ýaraşylyp, duşmanlar dost bolupdyr.
Ojaksyz öý bolmaz, öýsüz ojak.
Türkmen öz ojagyna umytly ak ojak diýipdir. Çünki onda bagtly geljegiň umydy bar. Bu öýde örňän nesiller köpelip, ojakly öýleriň sany hasam artypdyr.
Ojagyň aklygy onuň halallygyndadyr. Saçakdaky çöregiň halallygy, ojagyň aklygy öýüň abadanlygynyň, adamlaryň döwletliliginiň kepilidir.
Ojakdan ojaga ot, saçakdan saçaga çörek, öýden öýe döwlet geçer.
Ojagyň ody ýürekleri ýylydar.
Haramlygyň ýamany iýen duzuňy depelemekdir.
Ojak başynda myhmanyň orny aýratyndyr.
Döwlet tyllada, baýlykda däldir, ojakdadyr.
Ojagy ýagşy niýet, ýagşy iş, ýagşy pikirler öçürmän saklar.
Öýüň mähri dört zatdadyr: ojakda, saçakda, sallançakda hem-de gujakda.
Öýüň çetde bolsa-da, adamlaryň ýüreginiň ortarasynda bolsun.
Ojak öçse, ötenleriň ruhy ynjar, geljekleriň ýoly azaşar.
Öýüň diregi ojagyň ody bile girip, küli bile çykýan aýaldyr.
Ojagyň ody ýoly düşenleriň maşalydyr.
Ojak öçse, saçak, gujak hem sallançak boş galar.
Eýa, Biribar!
Öýüme – eziz ýurduma,
Öýüme – mährem dünýäme Özüň pena bol!
Dost ýüzi guwançly bolsun!
Duşman ýüzi aňry bolsun!
Maksadymyz – gurmak, döretmek,
Ynanjymyz – Taňry bolsun!
Öýümi abat et!
Ýurdumy abadan eýle!
Ruhumy belent et!
Dünýämi jawydan eýle!
Saňa sarsmaz ynanjymyň hakyna,
Rehmetiňe begenjimiň hakyna,
Eýeligiňe şükürimiň hakyna,
Maksadym, päl-pikirimiň hakyna
Ömrümi gözel, göwnümi gözel, öýümi gözel eýle!
Dünýämi gözel eýle, döwrümi gözel eýle!
Bize gelen döwranyň öwrümin gözel eýle!
Döwran gaýdyp gitmesin!
Ojakda ot ýitmesin!
Özüň garaw, özüň pena, özüňsiz rebbena, ýa, Perwerdigär!
Filosofiýa