23:07 Türkmen halk yrymlary -12: Dürli ynançlar bilen baglanyşykly dörän yrymlar | |
DÜRLI YNANÇLAR BILEN BAGLANYŞYKLY DÖRÄN YRYMLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Uzak ýola düşeniňde ýol dogasyny okasaň, ýoluň hemişe açyk bolarmyş. * * * Awçylar awa çykanlarynda, awlary oňar ýaly Awlamyş atany çagyryp, şikara gider ekenler. * * * Ojar ýygmaga çöle gidenlerinde Ak işanyň ýoluna bir zat aýdyp, işleriniň şowly bolmagyny arzuw edip, ýagşy niýetler bilen gitseler, işleri şowly bolar ekeni. * * * Gerçek goç ýigitler öz işleriniň şowly bolmagyny Allata-galadan dilänlerinde «Ýa pirim Aly, şiri Huda» diýip, pirlerini çagyrar ekenler. * * * Dutar ýasaýanlar: «Baba Gambar pirim, özüň ýetiş, kömek, ýardam ber» diýip, uly ynam bilen Baba Gambar pire ýalbaryp, öz işlerine başlaýarlar. * * * Baýrat göweç – zergärleriň piri hasaplanylypdyr. Zergärler işe başlanlarynda «Baýrat göwejiň ady bilen başlasaň, şowly bolýar» diýen ynanja eýeripdirler. * * * Adamlar ýylyň gurakçylyk boljakdy¬gyny duýsalar, Burkut babanyň ýoluna janly aýdar ekenler. Köpçülik bolup, agzybirlik bilen üýşüşip, iýip-içip, «Burkut babanyň ruhuna barsyn, iýilen-içilen hudaýýoluna sadaka bolsun!» diýip, aýat-töwir eder ekenler. * * * Düýe janawer näsaglasa, ýa ýitse, Weýis babanyň ýoluna bir zat aýdar ekenler. * * * Welpeteň garyp ýabyň piri hasaplanylypdyr. Iş ýabylarynda işlänlerinde, şolary köpeldenlerinde Welpeteň garybyň ady bilen başlasalar, işleri şowlanypdyr. * * * Dal bedewleriň piri Düldül ata hasaplanylypdyr. Bu pygamberiň ady hem Hezreti Alynyň Düldül atynyň ady bilen bag¬lanyşykly bolmaly. Dal bedewleri seýislänlerinde, öz ata-babalaryndan galan ýörelgelerine uýan türkmen halky Dül¬dül atanyň ady bilen başlapdyr. Şonda işleriniň şowly boljakdygyna ynanypdyrlar. At çapyşyklarda, ýaryşlarda hem Düldül atanyň ady bilen tutan tutumlary şowly bolupdyr. * * * Başyna iş düşen adamlar «Sadagaň bolaýyn, Gaýtarmyş ata, özüň ýetişeweri, bela-nägehandan sowaweri!» diýip, Gaýtarmyş atanyň ruhundan ýardam isleýärler . * * * Göwender babany geçiniň piri hasaplapdyrlar, geçini köpeldenlerinde Göwender babanyň ýoluna çykyp, zat aýdyp, ruhuna aýat okapdyrlar weli, işleri şowly bolupdyr . * * * «Musa pygamber – Çopan ata – goýnuň piri» diýip, halk arasynda giňden ýaýran ynanç bar. Musa pygamber goýun çopan bolupdyr. Ol Allatagalanyň gudraty bilen pygamber bolupdyr. Allatagala bilen sözleşip bilen pygamber hasaplanylýar. * * * Zeňňi baba – sygryň piri. Sygyr saklaýan türkmenler Zeňňi babanyň adyny dilinden düşürýän däldirler. Çünki sygyr, birinjiden, köpelmeli, köpelenden soň hem aladasy kän. Sygryň süýtli bolmagy, süýdüni çek¬mezligi, süýdüniň ýagly bolmagy, ýelnine ýara düşmezligi, sagat bolmagy hakda mydam alada eden halkymyz Zeňňi babadan goldaw isläp, şonuň ruhuna ýüzlenipdirler. * * * Pälwan ata Ödemämmet towugyň – piri hasaplanylýar. Towuk köpeltjek bolsalar, onuň kesellemezligi üçin Pälwan ata Ödemämmediň ruhuna ýüzle¬nipdirler. * * * Idris baba (Idris pygamber) geýim-gejimiň piri hasaplanylypdyr. Täze öwrenip başlan tikinçiler öňi bilen Idris babanyň ruhundan kömek, ýardam isläp, ony çagyrar ekenler. Idris baba tikinçi eken. Ol barada halk arasynda rowaýatlar hem saklanyp galypdyr . * * * Käkilik öwülýä ýitigiň piri hasapla¬nylýar. Bir zady ýitenler «Käkilik ata bir pata» diýip, birnäçe gezek gaýtalapdyrlar. «Şonda şol ýiten zatlar tapylýar» diýen ynanç halk arasynda ornaşyp galypdyr. Zat tapylansoň, «Käkilik piriň ruhuna barsyn» diýip, aýat-töwir edipdirler. * * * Meşrep diwana ýoluň piri hasaplany¬lyp¬dyr. Bir ýere ýola çykanyňda Meşrep diwanany ýatlap, şonuň ruhuny kömege çagyryp, «Ýoluň ak, ýoldaşyň hak bolsun!» diýip, ýola salar ekenler. Meşrep diwana barada hem halk arasynda rowaýatlar kän . * * * Dawut pygamber – demriň piri. Demir bilen işleýänler demriň piriniň ýoluna nämedir bir zat aýdyp, özlerine ondan medet dileýärler. «Eger-de Dawut pygamberiň ýoluna zat aýdyp, şowlulyk dilemeseň, işiň şowsuz boljak ýaly bolup dur» diýlip, yrym edilýär. Şowsuzlyk bolsa-da, yrymlara uýup, demriň piri Dawut pygamberiň ýoluna zat aýdypdyrlar. * * * Züleýha (Zylyha) – aşyklaryň piri. Aşyklar başlaryna kyn iş düşende Züleýhany çagyrar ekenler . * * * Lukman hekim – saglygyň piri. Eger-de näsaglyk bolsa, Lukman hekimiň emlerini ýatlap, şol emleri ýerine ýetirip, Alladan saglyk dileýärler. Bu ynanç hem adamynyň saglygy bilen baglanyşykly yryma öwrü¬lipdir . * * * Mirkulal (Pirkulal) – küýzegärleriň, küräň piri. Küýzegärler kürelerini otlap, Mirkulal piri çagyrypdyrlar. «işlerimiz şowlanar» diýip, tama edipdirler. * * * Mirhaýdar – ýeliň piri. Ýel turanda basga düşüp başlaýan adamlar tizlik bilen «Ýeliň piri Mirhaýdar baba ýetişeweri!» diýýändirler. Hakykatdan hem, ýel gowşaýar, bu yrym hem halkyň ynanjy bilen baglanyşykly dörändir. Howa dymyk, şemalsyz bolsa, «Çal Haýdar, çal Haýdar» diýip gaýtalamaly, şeýle diýilse, şemal öwsüp başlaýar. Tüweleý turanda hem tüweleýiň ugruna suw sepeläp, şeýle sanawaç sanasaň, tüweleý sowlup gidermiş: Howul bela, howul bela, Üstümizden sowul bela, Tüf, tüf, Suwum seni peselder, Tüweleý çöle gider. * * * Ýel tursa, sussuň basylýan adamyň gelermiş. * * * Ýel tursa, «Şemal ýuwaş, goýun ýuwaş» diýip gaýtalamalymyş. * * * Möwlana Jelaleddin Rumy gepe-söze suwara, dilewar adamlaryň, şahyrlaryň piri. Şahyrçylyk ýoluna gadam goýanlar «Ozaly Hudaý, ahyry Hudaý, pirim Jelaleddin Rumy kömege ýetiş!» diýip, onuň ruhuny kömege çagyrmaly. Jelaleddin Rumy XIII asyrda Türkiýede ýaşan türkmen, taryhy şahs, uly söz ussady. Ähli şahyrlaryň, söz ussatlarynyň ruhy halypasy. * * * Nalaç baba – jykyryň piri. Türkmenistanda suwuň gytçylyk etmegi zerarly jykyr guraly ýasalyp, işe girizilipdir. Ony ilkinji ýasan, işe girizen hem Nalaç baba bolmaly. Jykyr bilen suw alyp, ekin ýerlerini suwarypdyrlar. Öz pirleri Nalaç babanyň ruhuna ýüzlenmek jykyr bilen iş salyşýanlar üçin yryma öwrülip gidipdir. * * * Nuh pygamber – agaçdyr gäminiň piri. Nuh atamyzyň za-manynda onuň kowumlarynyň köpüsi azyp, ýaramaz hereketler edip başlapdyr. Şonda Allatagala oňa «Agaçdan gämi ýasap, özüňe eýerýän adamlary ýanyňa al-da, suw bilen daşlaşyp git, onsoň men ýeriň ýüzüni sile aldyrjak» diýipdir. Şonda Nuh pygamber gämi ýasapdyr, şol gämi bilen hem özüne ynananlary halas edipdir. Şonuň üçin hem, ony agaçdyr gäminiň piri hasaplap, şoňa sygynypdyrlar. * * * Parawbibi çagasy bolmaly aýallaryň howandary hasaplanylýar. Parawbibi türkmen halkynyň ynanjyna görä, halallyk nyşany. * * * Pugta – tamdyryň piri. Tamdyr sal¬nan¬da Pir Pugta çagyrylýar. Aýallar tamdyra çörek ýapanlarynda hem «Pirim, pirim, Pir Pugta men ýapaýyn, sen togta» diýip, ýapan çörekleriniň gaçmazlygyny dileg edipdirler. Ynanja görä, dilegler hem kabul bolupdyr. * * * Sahy Sagdy Wakgas – jomartlaryň piri. Sahy Sagdy Wakgasyň örän sahy adam bolanlygy hakda halk arasynda rowaýatlar kän. * * * Sarsgyn baba – Hoja Abdylla Ensary – diş agyrynyň piri. Dişi agyrýan adamlar Hoja Abdylla babanyň ýoluna bir zat aýdyp, ýardam bermegini dileýärler. * * * Soltan Hüpbüjan – öýlenjekdir at aljagyň piri. Türkmen-lerde geçmişde at almak hem edil öýlenmek bilen deň derejede diýen ýaly görlüpdir. Soltan Hüpbüjan çagyrylsa, dilegler kabul bolar ekeni . * * * Süleýman pygamber – sebetdir, suwuň pi¬ri. Süleýman pygamberiň bir ýüzügi bar ekeni. Şol ýüzügiň kömegi bilen ähli zatlardan baş çykarar ekeni. «Her bir adam zähmet çekmeli, adam bu dünýä zähmet çekmek üçin gelipdir» diýen pikire uýan pygamberiň özi hem zähmet çekipdir, ol sebet örer ekeni. Şonuň üçin hem ol sebet örmekligiň piri hasaplanylýar. Şonuň bilen birlikde suwuň hem piridir. Beýik Magtymguly atamyz «Ýele, suwa hökmi ýörgen Süleýman» diýip, Süleýman pygamberiň köp zatlara güýji ýeten pygamberdigini ýatlaýar. * * * Sümsük-Sümek baba – gyrkymyň piri. Türkmen halky maldarçylyk bilen meşgul¬la¬nansoň, gyrkym işleri örän gyz¬ga-laňly geçirilipdir. Şonuň üçin hem, ilkinji ökde adamlary pir hökmünde ýatlapdyrlar. Iň ilkinji ökde gyrkymçy hem Süm-sük-Sümek baba bolupdyr. Sümek hem ýüňden daralyp taý-ýar¬lanylýar. Bu at ýörite sümek edilýänligi bilen bagla¬ny-şyklydyr. * * * Ussa Badýan – juwazyň piri. Türkmen halky ähli nygmatlary özi öndüripdir. Juwaz oýlap tapyp, juwaz bilen ýag alypdyrlar. Juwazy ilkinji oýlap tapyp, ýag çykaryp başlan Ussa Bad¬ýan hasaplanylypdyr . * * * Şeýtan – Ýelkildik baba – ogrularyň piri. Ogrular hem öz-lerine pir tutunyp, şony çagyryp, öz ýaramaz işlerine başlapdyrlar. * * * Şyhy Zinde – guýynyň piri. Türkmenistanda çöllük ýerler kän bolany üçin, suwsuzlyk belasy agdyk bolupdyr. Şonuň üçin hem, geçmişde guýular gazylypdyr. Ilkinji guýy gazan, ony oýlap tapan hem Şyhy Zin¬de bolupdyr. Şonuň üçin guýy gazyjylar mydama öz işlerine başlanlarynda Şyhy Zindäni çagyryp, ondan ýardam isläpdirler. * * * Şyhym Pukara – Hütdükgyz – tapylmaýan zatlaryň piri. Bir zat ýitende Şyhym Pukaranyň ýa-da Hütdükgyzyň ýoluna zat aýdyp, kömek, ýardam isläpdirler. * * * Ybraýym Halylulla – ymaratyň, mille¬tiň piri. Her bir dine uýýan adamdan «Kimiň ymmaty, kimiň milleti, kimiň dosty, kimiň mezhebi» diýip, soranlarynda: Muhammet ymmaty, Ybraýym Halylullanyň milleti, Dostumyz dört Çaryýarlar, Mezhebimiz Ymam Agzam. diýip, jogap bermelimiş. Ybraýym Halylulla ymaratyň piri hökmünde hem tanalýar. Çün¬ki ol Käbäni ilkinji guran hasap-lanylýar . * * * Ymam Agzam – söwdanyň piri. Türkmen ahlagyna görä, söwda edilende adam hiç wagt söwdasyny yzyna gaýtarmaly däl. Ol meshebsizlik hasaplanylýar. «Pylany mezhebinde durmady, söwdasyny gaýtardy» diýlip, şol söwdasyny gaýtaran adam ýazgarylýar. Ymam Agzam halallygyň nyşany hasaplanylypdyr. Oňa şeýle halal bolanlygy üçin üç ýaşynda ymamlyk berlipdir. Şonuň üçin hem «Kimiň mezhebi?» diýen soraga «Mezhe¬bimiz Ymam Agzam» diýlip, jogap berilýär. * * * Ysmaýyl goja – noýbadyr mäşiň piri. Türkmen halky däneli ösümliklere uly orun berýär. Her ekiniň hem özüniň başlangyjyny başlan adamlar bolýar. Şolara pir hökmünde hormat-sylag bilen garalypdyr. Her bir ekiniň piri çagyrylsa, hasylyň bitginli boljakdygyna halk ynanypdyr. * * * Eýýup pygamber – ýüpek gurçugynyň piri. Eýýup pygamber sabyrlylygyň hem piridir. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda Eýýup ýaly sabyrly bolmagy ündeýän setirlere kän duş gelmek bolýar . * * * Äraly pir – ýaranyň piri. Endam-jany ýaraly bolan adamlar Äraly piriň ýoluna bir zat aýdyp, hudaýýoly paýlar ekenler weli, şol iş barada tutan maksadyň hem amala aşýar ekeni. * * * Ýalaňaç baba – borýadyr gamyş kepbäniň piri. Şu zatlary ilkinji oýlap tapan Ýalaňaç baba hasaplanylýar. Ýazlaga gidenlerinde, malyň yzyna düşüp, sonarlyk ýerlere göçüpdirler. Şon¬da borýa, gamyş kepbe ýaly zatlar zerur bolupdyr. Şony ilkinji oýlap tapan ussatlar hem pir hasaplanylypdyr. * * * Agşam ýatylanda okalýan dogany sag egniňe gyşaryp, okamaly. Eger arkan düşüp okasaň, garnyňa şeýtan münermiş. * * * Gurban baýramynda hiňňildik uçsaň, günäleriň dökülermiş. * * * Gurbanlyk üçin öldürilen çebşiň eti derman hasaplanarmyş. «Gurbanlyk, gurbanlyk, birje çebşim dermanlyk» diýlip, sanawaç sanalypdyr. * * * Gurbanlyk üçin öldürilen malyň damak ganyny, yrym edip, maňlaýyňa çalmalymyş. * * * Pygamber toýy (ak goýun toý) tutulanda, yrym edilip, Muhammet pygamberiň gowy gören tagamy bolan süýtliaş bişirilýär. * * * Pygamber toýy, adam şol ýaşa ýetmän ölse, şol ýaşa barandan soň, merhum bolsa-da, tutulýar. * * * Mukaddes Oraza başlananda, dürli tagamlar bişirilip, ys çykarylmaly. * * * Oraza gutaranda hem mukaddes Oraza baýramy bellenilip ys çykarylýar. * * * Oraza aýynda (baýramçylykda) bedeniňi hem kalbyňy päklemeli. Allatagaladan ýagşy dilegler etmeli. Bişirlen nygmatlary ýagşy niýet bilen yrym edip ak desterhana salmaly. Ýagşy niýetler bilen täze çaga doglan, gelin edinilen öýlere barlyp gaýdylýar. Täze eşikler geýmeli, iň bolmanda barmagyňa akja ýüp saramaly. Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |