8. Abdal türkmenleriniň
(ak hunlaryň) harby sungaty
Ýewropa baran hunlaryň öz imperiýasyny döreden wagtynda Türkmenistanda ýaşamaga galan hunlaryň bir bölegi baknalyga çydaman, Sasanlar döwletine (III-VII asyrlar) garşy gozgalaň turuzdy. Maglumat çeşmelerinde olary abdallar (eftalitler), hionitler ýa-da ak hunlar diýip atlandyrýarlar.
Ilki başda olar sasanlar bilen Wizantiýa garşy şertnama baglaşdylar. Olaryň 359-njy ýylda Şamdaky Amid şäheri gabawa alnanda sasanlar patyşasy Şapur II-iniň tarapynda söweşendigi agzalýar. 384-nji ýylda abdallar sasanlylar bilen Edessa şäherini gabamaga hem gatnaşdy. Maglumat çeşmelerinde abdallaryň ýaýdyr peýkamy ussatlyk bilen ulanan atly goşunynyň bolandygyny, naýzadyr gylyç oýnatmakda hem ökdeligi bilen tapawutlanandygy, şeýle hem urgan-kemendi ezberlik bilen ulanandygy, ýaragdyr sowutlarynyň birkemsiz bolandygy, şäherlere gabalyp, olara hüjüm edilenden bolsa süsňeçleri we mynajyklary ulanandygy barada ýazylýar.
V asyryň başynda abdallar Merkezi Aziýanyň ähli halklarynyň Sasanlar patyşalarynyň sütemine garşy azat edijilik hereketine baştutanlyk edýär. Olara ilki başda Merwi Sasanlaryň elinden basyp almagyň başartmandygyna garamazdan, olar tiz wagtdan Hazar deňziniň ähli gündogar kenaryny, Amyderýa sebitlerini, Murgabyň we Gerirudyň (häzirki Tejen) ýokarky akymyny öz tabynlygyna doly geçirdiler.
459-njy ýylda Sasanlaryň patyşasy Firuz abdal hökümdary Huşnawaz bilen harby şertnama baglaşýar we munuň netijesinde Firuz bu ýagdaýdan peýdalanyp, Eýran hökümdarlarynyň tagtyny eýeleýär. Emma tiz wagtdan Firuz bileleşme şertnamasyny bozýar. Has beteri-de, ol Gürgen derýasyndan demirgazykda uzynlygy 300 km bolan diwar gurduryp, düýn şertnama baglaşanlary bilen arany ýapdy, 482-nji ýylda bolsa abdallaryň topraklaryna leşger çekip geldi.
Abdallar ata-baba ulanylyp, hemişe oňat netije berýän söweş usulyny peýdalanyp, sasanlary aldadyp, dar dag jülgesine getirdiler. Duzaga düşen duşmanyň goşunynda suw-da, azyk-da galmandy. Taryhçy Prokopiniň şaýatlyk etmegine görä, ynsanperwerligi bilen tapawutlanýan Huşnawaz Firuzy ýesir alandan soň oňa parahat ýaşamagy teklip edipdir. Firuz indi serhetleri bozmajakdygy barada ant içipdir.
Emma Firuz ýene sözünden dänipdir we leşger toplap başlapdyr. Sasanlar urşa gitmegi islemeýärdi. Ermeni taryhçysy Lazar Parpesi (V asyr) şeýle ýazýar: «Hatda parahatçylykly döwürde hiç bir ynsan abdal hakynda gürrüňi gorkusyz diňlemäge ýa-da oňa tarap seretmäge milt etmeýärdi, oňa garşy söweşe çykmagyň asla gürrüňi-de edilmeýärdi; olaryň sasanlaryň patyşasyny nähili horluklara we ýeňlişlere sezewar edendigi heniz hemmeleriň şu günki ýaly ýadynda».
484-nji ýylda sasanlaryň goşuny sähralyklara tarap ýörişe ugrady. Söweş Gürgen sebitlerinde boldy. Abdallar söweş boljak ýerde garym gazdylar we onuň üstüni görünmez ýaly, çöp-çalam, agaç pudaklary bilen örtdüler. Olaryň ýeňil atly goşuny gaçýandan bolup, sasanlary şol garymyň üstünden eltdi. Ine, şonda abdallaryň esasy güýçleri hem jeň meýdanyna çykdy. Şol söweş sasanlaryň leşgeriniň doly kül-peýekun bolmagy bilen tamamlandy. Firuzyň özi-de wepat boldy, tiz wagtdan tagta çykan Kawad (Kuwat) bolsa iki ýyllap abdallara paç töledi.
Kawad abdallar bilen oňşukly ýaşady. 494-nji ýylda abdallar Kawadyň täzeden tagta çykmagyna kömek bermek üçin hatda Eýranyň çäklerine hem aralaşdylar. Şanyň saýlama esgerleri abdallaryň goşun bölümlerinden ybaratdy.
V asyryň ahyrynda abdallar Merkezi Aziýada iň güýçli halka öwrüldi. VI asyryň başynda abdal patyşasy Toraman Owganystany we Demirgazyk Hindistany öz döwletine goşdy.
Abdallar döwleti VI asyryň ahyrynda türkmenleriň täze soltanlygynyň Göktürkmen imperiýasynyň zarbalaryna döz gelip bilmän syndy.
Taryhy makalalar