5. Isgender Zülkarnaýynyň garşysyna
göreşen merdana türkmen serkerdeleri
Makedoniýanyň patyşasy Filippiň ogly ýaş patyşa Aleksandr tarapyndan ýeňişden-ýeňşe alnyp barylýan oňat tälim berlen we düzgün-nyzam birkemsiz ýola goýlan makedon goşuny Aziýa ýurtlarynyň üstünden ýeňişli ýörişini dowam edip, miladydan öňki 333-nji ýylda Issa şäheriniň golaýyndaky aldym-berdimli söweşde patyşa Dariý III-iň baştutanlygyndaky ahemen leşgerlerini derbi-dagyn etdi. Ahemenler ýeňildi, netijede olaryň patyşasynyň ähli maşgalasy Aleksandr Makedonskä ýesir düşdi.
Miladydan öňki 331-nji ýylda Aleksandr goşunlary Pars döwletiniň içine tarap sürdi. Iki leşger Gawgamely diýen assiriýa şäheriniň ýanynda duşdy, söweşe taýýarlyk görüp başlady.
Ýöne örän dürli halklardan we taýpalardan bolan ägirt uly ahemen goşuny merkezi dolandyryşy amala aşyrýan serkerdeleriň buýruklaryny geregiçe ýerine ýetirmegi başarmaýardy. Makedonlaryň ulanýan söweş usulyna görä «ataýry» diýlip atlandyrylýan, berk düzgün-nyzamly, serkerdeleriniň bir diýenini ikinji gezek gaýtalatmaýan goşuny bilen duşanda ahemenleriň ejiz gelýändigi bellidi. Dariniň goşunlarynyň düzüminde türkmenleriň ata-babalary bolan saklar hem bardy. Ýunan taryhçysy Kwint Epiý Flawiý Arrianyň (miladynyň I asyry) şaýatlyk etmegine görä: «saklar – Aziýada ýaşaýan skif taýpalaryndandyr, olary Besse (baktrlaryň we sogdlaryň başynda duran) tabyn edipdi, olar Dariniň gönüden-göni soýuzdaşlarydy. Olara Mawaş baştutanlyk edýärdi; olar bedew münmekde ezber bolup, ýaýdyr peýkamy ussatlyk bilen ulanýardy».
Dariniň emri bilen, saklar ilki bolup söweşe girişdiler. Baktrlar bilen bilelikde olar Aleksandryň hakyna tutma atly goşunyny yza çekilmäge mejbur etdi. Şonda makedon patyşasy olara garşy Aretanyň baştutanlygyndaky atly goşuny ibermegi buýurdy. Şol söweşde makedon esgerleriniň köp sanlysy wepat boldy. Arrian öz ýazgylarynda türkmenleriň ata-babalarynyň «we olaryň bedewleriniň demir sowut bilen goralandygyny» belleýär.
Turan esgerleri makedon leşgerlerini gylyçdan geçirip, naýzalaryna düzýän mahaly ahemenleriň galan goşuny ökje ogurlap başlady we soňra jeň meýdanyndan gaçdy. Dariniň baştutanlygynda diňe az sanly ahemen atlylary halas bolmagy başardy. Parsystana tarap ýol açykdy. Miladydan öňki 330-njy ýylda Aleksandryň goşunlary Türkmenistanyň ýerlerine aralaşyp başlady.
Gyş möwsümini Nusaýyň sebitinde geçirip, makedonlar goşuny Ariýa sebitiniň (Sarahs ýaýlasy) serhetleriniň alkymyna bardy. Emma Ariýanyň hökümdary Satibarzan aýgytly garşylyk görkezip, duşmana garşy göreşe ähli ilaty aýaga galdyrdy. Ýöne oňa kömege gelen bolmandyr. Gazaply söweşleriň birinde Ariýanyň gahrymany mertlerçe wepat boldy.
Aleksandr Gündogara tarap ýörişini dowam etdi. Miladydan öňki 328-nji ýylda ol Amyderýadan geçdi. Ýöne şol wagt Amyderýa bilen Syrderýanyň arasyndaky sebiti gurşaýan Sogdianadan tanymal esger bolan Spitamen skif atlylarynyň 3000-ýe golaýyny makedonlaryň düşelgesine çozmaga göwnedipdir Şol atlylar Türkmenistanyň Garagum ýaýlalarynda ýaşaýan turan esgerleri bolupdyr diýlip hasap edilýär.
Türkmenleriň ata-babalary bolan skifler, dahlar, massagetler şol döwürde Merkezi Aziýada örän giň ýerleri eýeleýärdi. Hut şol taýpalar soňra Syrderýanyň boýunda oguzlaryň döwletini döretdiler, onuň paýtagty Türküstandy (Ýaňykent). Makedoniýadan älemi basyp almak niýeti bilen çykan Aleksandr suwly ýaýlalarda ýaşaýan sürmen taýpalaryny, ýagny, ekerançylary ýeňmegi başaran hem bolsa, sähralyklarda mekan tutan çarwa türkmenleri tabyn etmek üçin ol entek köp söweşlerde üstün çykmalydy, köp kynçylyklara döz gelmelidi.
Aleksandr Syrderýada berkitmeleri gurup başlanda derýanyň garşy kenarynda skifler ýygnandylar hem-de duşmany peýkamlardan oka tutup başladylar we Aleksandra: «ol skifler bilen tutluşmaga milt etmez, ýogsa ol skifler bilen aziýa wagşylarynyň arasyndaky tapawudy bilmeli bolar» diýip haýbat atypdyr. Bularyň bolşuna dergazap bolan Aleksandr derýadan geçmegi karar edipdir hem-de goşunlary we ýaraglary geçirmek üçin tulumlary taýýarlap başlapdyr. Ýöne derýadan geçmäge häzirlikleri tamamlap, ylahylaryň hemaýatyny diläp, sadaka berende, asman-zeminiň alamatlary işiniň oň bolmajagyny görkezipdir. Bu ony juda lapykeç edipdir, emma her niçik-de bolsa, ol derýadan geçmekden saklanypdyr. Skifler oňa rahatlyk bermändir. Aleksandr ýene-de sadaka berip, derýadan geçmekçi bolupdyr we onuň ýanynda ýorujy bolan Aristandr oňa betbagtçylygyň howp salýandygyny aýdypdyr. Aleksandr bolsa Aziýanyň ähli ýerlerini diýen ýaly basyp alyp, Dariý ýaly, skiflere gülki bolandan janyndan geçmäge taýýardygyny aýdypdyr.
Mynajyklardan duşmanyň üstüne ýagdyrylýan agyr daşlary we gaplara guýlup ýakylan gara ýagy perdelenip, Aleksandr goşunlaryny Syrderýanyň sag kenaryna geçiripdir. Şondan soň makedonlaryň agyr atly goşuny skiflere tarap hüjüme geçipdir. Emma skifler şol atly goşunyň daşyny gurşap, olary keýmir uçlukly peýkamlardan oka tutupdyr we kem-kemden sähralyklara tarap çekilip, makedonlary kowmaga mejbur edipdir. Makedonlaryň ähli goşuny söweşe girişenden soň skifleriň esasy güýçleri hem jeň meýdanynda peýda bolupdyr. Söweş örän gazaply geçipdir. Arrianyň berýän maglumatlaryna görä, skiflerden ölenleriň sany bir müňe golaý bolupdyr. Kursiý Rufuň şaýatlyk etmegine görä, makedonlardan 160 adam ölüp, 1 müň adam ýaraly bolupdyr. Eger Gawgamelydaky uly söweşde makedonlardan (Arrianyň aýtamagyna görä) 100 adamyň ölendigini ýada salsak, Aleksandryň skiflere garşy söweşiniň örän tutumly jeň bolandygy äşgär görünýär.
Söweşden soň Aleksandryň ýanyna skifleriň kethudalary gelipdir hem-de ony açgözlikde aýyplapdyrlar, şeýle hem basybalyjylykly ýörişini bes etmeginiň gerekdigini, ýogsa oňa garşy ähli «skif» halkynyň aýaga galjakdygyny duýdurypdyrlar.
Aleksandr hakykatdan-da olar bilen urşy bes edipdir. Şol wagt Spitamen öz hereketlerini barha güýçlendiripdir. Farnuhyň baştutanlygyndaky iki müň esgerden ybarat makedon goşuny Spitameni yzarlap barýarka Samarkanda tarap ýolda garaşylmadyk ýagdaýda parahat çarwalaryň üstüne çozupdyr. hatda Arrian hem makedonlaryň «bu hereketiniň sagdyn pähime ters bolandygyny» ýazýar. Şondan soň çarwalar Spitameniň tarapyna geçipdir hem-de bilelikde hereket edip, Farnuhyň goşunyny doly ýok edipdir.
Aleksandr özüniň gündogar ýörişiniň bütin dowamynda şeýle uly ýitgileri hiç haçan çekmändi. Ol bu pajygaly waka hakyndaky habary öz esgerlerinden ýaşyrypdyr, sebäbi dergazap bolan esgerleriň gozgalaň turuzmagy mümkindi. Aleksandr bolsa özüniň ähli gahar-gazabyny Sogdiananyň we Baktriýanyň (häzirki Balhyň) üstünden inderipdir we şol ýeriň ilatyndan öç alypdyr.
Miladydan öňki 328-nji ýylyň güýzünde Spitamen Aleksandryň Baktriýadaky berkitmelerde jemlenen goşunlaryna zarba urupdyr. «Massagetler diýlip atlandyrylýan skifleriň 600-sinden» ybarat goşun toparyna baştutanlyk edýän Spitamen oljasyny alyp, şol ýerden gidipdir.
Miladydan öňki 228-nji ýylda Spitamen wepat bolýar. Onuň ölüminden soň Merkezi Aziýadaky halk hereketi gowşamak bilen bolupdyr. Aleksandr Makedonskiniň ýörişleri diňe Günorta-Gündogar we Günorta Türkmenistanyň üstünden geçdi. Hazarýakadaky giň sebitler, Merkezi Garagum ýaýlalary we Köneürgenç özbaşdak bolmagynda galdy, şol ýerde dah-massagetler ýaşaýardy. Aleksandr dahlar bilen harby şertnama baglaşdy we olar onuň bilen bilelikde Hindistana ýörişe gatnaşdylar.
Taryhy makalalar