10. Türkmenlerde atabeglik
Oguz döwürlerinden başlap köşklerde patyşanyň, serkerdeleriň, barjamly adamlaryň ogullaryna aýratyn bilim, terbiýe berlipdir. Patyşalygyň ýanyndaky ýörite mekdeplerde çagalara bilim, terbiýe berýän terbiýeçilere, mugallymlara atalar, atalyklar, atabegler diýlipdir.
Öz maşgala aladasy bolmazlygy üçin atabegler öý-işik edinmän, patyşalaryň we serkerdeleriň çagalaryny dünýä inen gününden terbiýeläp başlaýardylar. Atabegler türkmen gullaryndan ýörite ýetişdirilipdir.
Atabegler çagalara dünýä dillerini, aýratyn hem söweş we serkerdelik tilsimatlaryny öwredipdirler. Şeýle bolansoň, türkmenler az sanly goşun bilen özlerinden on-ýigrimi esse artyk duşmanlary hem ýeňmegi başarypdyrlar. Olaryň deňsiz-taýsyş ýeňişleri gazanmaklaryna atabegleriň öwreden tilsimatlary kömek edipdir.
Atabegler öz okuwçylaryna dünýäniň ähli ylymlaryny öwredipdirler. Türkmen serkerdeleri dünýäniň köp dillerini bilipdirler, dünýä ylymlaryndan, edebiýatyndan, söweş tilsimatlaryndan habarly bolupdyrlar.
Oguz handan başlap, orta asyra çenli türkmen ili dünýäde ylmyň, bilimiň, terbiýäniň ojagy bolupdyr. Hindistanyň, Hytaýyň, Wizantiýanyň hanlary, patyşalary çagalaryny okatmak, söweş we serkerdelik tälimini aldyrmak üçin Oguz iline ýörite iberipdirler. Türkmen atabegleriniň terbiýesini alan ýaşlar dünýäniň ähli künjeginde dünýägaraýyşlarynyň giňligi, sowatlylygy, beden taýdan sagdynlygy, serkerdelik başarnygynyň artykmaçlygy bilen parhlanypdyrlar.
Seljuk türkmenleriniň döwleti dargap ugranyndan soň sowatly atabegleriň birnäçesi özbaşyna döwlet – atabeglik döredipdir.
Uly türkmen atabeglikleriniň dördüsiniň bolandygy mälimdir, Şamda Böri Türkmenleriň atabegligi 1104 – 1154-nji ýyllarda, Zeňňi türkmenleriň Mesopotamiýada we Yrakda atabegligi 1127 – 1250-nji ýyllarda, Azerbaýjanda Ildeňiz türkmenleriniň atabegligi 1097-1165-nji ýyllarda, Salyr ýa-da Salgury türkmenleriň Parsdaky atabegligi bolsa 1148-1287-nji ýyllarda dowam edipdir.
Aslynda, oglanlary kiçiliginden durmuşda-söweşlerde şöhrat gazanan, uly tejribe toplan halypa ýaşulularyň terbiýelemegine tabşyrmak däbi türkmenlerde gadymy döwürlerden bäri saklanypdyr. Her bir obada kethudalyk ýaşyna ýeten we töweregiň ähli oglan göbekli çagalaryna dürli ylymlary, jemgyýetde özüňi alyp barmak kadalaryny, wagty gelende bolsa at münmek, esgerlik tärlerine türgen bolmak babatda bilim beren hormatlanylýan adamlar bolupdyr. Ondan sapak alýan oglanjyklara olar ýaý ulanyp, peýkamy nyşana ýalňyşsyz ibermegi, naýza ulanmagy, at münmegi we ýaş taýlara baş öwretmegi, göreşip-ýumruklaşmagyň tilsimlerini, islendik ýerde bolanda töweregiň şertlerinden peýdalanyp duşmana görünmez ýaly gizlenmegi, gylyçdyr-hanjar ulanmagy, yz çalmagy öwredipdir. Ýetginjeklere durmuşda gerek boljak şeýle endikdir ukyplary öwretjek, olary kynçylyklara çydamly, batyr we edermen bolan hakyky söweşiji edip ýetişdirjek adamlaryň ýörite saýlanyp seçilendigini bellemek gerek.
Munuň özi geň däldir, sebäbi çaganyň kim bolup ýetişmegi, aýratyn-da onuň jeň meýdanynda duşmana ussatlyk bilen aýgytly gaýtawul bermegi başarýan esger, merdana söweşiji bolmagy onuň öz halypasyndan aljak tälimlerine baglydy ahyryn. Elbetde, gündelik durmuşda kakalary we agalary çagalara harby sungatyň dürli aýratynlyklary barada köp gürrüň berýärdiler, söweşde özüňi nähili alyp barmalydygyny öwredýärdiler. Ýöne ýörişe ugralanda, jigitler duşman bilen ýüzbe-ýüz bolup, özüniň, öz dogan-garyndaşlarynyň, tire-taýpalarynyň namysyny-aryny, mahlasy, ata Watan diýen mukaddes söz bilen beýan edilýän eziz zatlary goramaly bolan mahaly esasy halypalar köpi gören esgerlerdi.
Bu ugurdaky tälim-terbiýe obadaky halypadan alynýan sapaklardan başlanýardy. Şonda olara goşun hatarynda hereket etmegi, galadyr seňňerlere, beýleki goranyş berkitmelerine zabt etmegi, ýöriş mahaly özüňi ozaldan gelýän kadalara laýyk alyp barmagy, nätanyş ýerinde ýoluny Gün we ýyldyzlar arkaly kesgitlemegi, mundan-da başga esasy guýularyň, bukulmak üçin amatly ýerleriň obanyň töwereginde nirede ýerleşýändigi öwredilýärdi. Şeýle hem olara gündelik durmuş aladalary bilen baglanyşykly zatlar: mal bakmak, atlary idetmek we köp beýleki möhüm zatlar öwredilýärdi.
Türkmenleriň beýik soltanlyklary döreden zamanalarynda hökümdarlar ogullarynyň has oňat tälim-terbiýe almagyna aýratyn üns berýärdi. Şonuň üçin hökümdarlar şejeresinden bolanlaryň her bir ogly üçin söweşlerde at gazanan, ylym-bilimden oňat başy çykýan bir serkerde – atabeg saýlanylýardy. Sebäbi şazadalar we ertir bolmasa ýene bir gün tagta çykjak mirasdüşerler ähli ugurlarda garamaýaklardan has ökde, has başarnykly bolmalydy ahyryn. Atabeglerden oňat tälim-terbiýe alan hökümdarlar söweş meýdanynda hem-ä esgerleri üçin merdanalygyň, batyrlygyň, çalasyn hereket etmegiň nusgasy bolmagy başarýardy, hem-de goşunlary dolandyrmakda, söweşi guramakda, esgerleriň toparlaryny jeň meýdanynyň has gerekli ýerine wagtynda ibermekde ussatlygyny görkezýärdi.
Atabegleriň, hökümdar duýdansyz ýagdaýda ölen halatda, hiç bir resmi amal geçirilmezden, şolbada ýaşy döwleti dolandyrmakdan heniz kiçi bolan geljekki soltanlaryň howandar-halypalaryna öwrülendigi we döwleti hatykatda özleriniň dolandyrandygy örän täsirdir. Mysal üçin, Baýram han Türkmen Beýik Mogollar imperiýasynyň hökündary Humaýynyň buýrugy bilen onuň 1542-nji ýylda doglan ogly şazada Ekberiň atalygy wezipesine bellenilipdi. 1555-nji ýylda Humaýun aradan çykýar, Baýram han bary-ýogy 14 ýaşynda bolan Ekberi imperator diýip yglan etdi. Emma 1556 – 1560-njy ýyllarda howandar-halypa bolmak bilen, Baýram han Türkmen döwleti Ekberiň adyndan özbaşdak dolandyrdy. Ekber öz halypasyna hormat goýýardy we ony «han baba» diýip atlandyrýardy.
Asylzada çagalara ýörite ylymly-bilimli, söweşlerde özüni tanadan abraýly adamlardan halypa-mugallymlary bellemek däbiniň türkmenlerden soň diňe bir Gündogaryň däl, eýsem Ýewropanyň hem dürli ýurtlarynda ornaşandygy özüne üns çekýär. Mysal üçin, oguz türkmenleri Kiýew Rusunda (X – XIII asyrlar) syýasy durmuşda uly orun eýelän mahaly rus knýazlary öz ogullaryny harby tälim almak we hakyky esger bolup ýetişmek üçin oguzlaryň arasyna iberipdir. Rus taryhçysy N.M.Karamziniň XIX asyrda «knýazlaryň ogullary meýdanda ösüp ýetişýär» diýip ýazmagy ýöne ýere däl. Olar merdanalygy we edermenligi, söweşijilik ussatlygy bilen şöhrat gazanan türkmen esgerlerinden tälim-terbiýe alýardy.
Harby sungatda ezberlän adamlar bolan atabegler öz häkimlerine wepadarlyk bilen gulluk edendigi üçin tutuş şäherleriň, hatda welaýatlaryň häkimi wezipesine bellenilýärdi. Hökümdaryň, emeldarlaryň we serkerdeleriň çagalaryny ýetişdirmek işini bitiren atabegler şol şäherlere, welaýatlara olary özbaşdak dolandyrmaga gidip bilýärdi. Olaryň käbiri, biziň eýýäm görşümiz ýaly, öz garaşsyz döwletlerini döretmegi-de başardylar. Jeň meýdanlarynda köp ýyllaryň dowamynda uly tejribe toplan atabegler duşman leşgerlerine garşy söweşlerde taýsyz edermenlik görkezýärdi.
Mysal üçin, Zeňňi Atabegligini esaslandyran Ymameddiniň (1127 – 1246-njy ýyllar) ogly Nureddin Mahmyt Zeňňi 1148-nji ýylda german haçly leşgerlerini al-Arima galasynyň ýanynda kül-peýekun etdi, şondan soň tiz wagtdan bolsa türkmenleri Kiçi Aziýadan gysyp çykarmak niýeti bilen olaryň ýerlerine süsňäp gelýän fransuz leşgerlerini hem ýok etdi. Fransuzlara garşy söweşiň şaýady şeýh Abu Abdallah al Kaýsari edermen Nureddin hakynda şeýle goşgy düzüpdir:
Rehimdar Allanyň we Mahmyt soltanyň adyna alkyş dogalaryny okamak üçin dillerimiziň bardygyna şükür!
Yslam hanjary kapyrlardan başga hiç kimiň başyny almaýar ahyryn.
Bu edermenlik üçin Nureddindir biziň alkyşlarymyza mynasyp bolan.
Şu sözler onuň adyna hutba-mynajat bolsun:
Eý, Ymameddiniň ogly!
Seniň öwgä mynasyp amallaryňdyr biziň rahatlygymyzyň gözbaşy, ýogsa ýürekleri gussa baglajak.
Şöhratly rum poladyndan ýasalan synmaz gylyçlar indi duşman başyna,
Olaryň zarbasyny yzyna serpikdirmegiň fransuzlar üçin ahyrzaman boldy.»
Görşümiz ýaly, şazadalara we beýleki asylzadalara atabegleriň tälim-terbiýe bermegi we olary tagta çykmaga, duşman leşgerini derbi-dagyn etmäge, döwlet işlerinde-de, jeň meýdanynda-da adyny şöhrata beslemäge şert döretmek bilen, ady äleme dolan ata-babalarymyzyň özboluşly harby tälim beriş mekdebi bolupdyr. Şolarda geçen asyrlarda toplanylan harby iş boýunça bilimdir tejribeler toplanypdyr, ösüp gelýän nesle öwredilipdir hem-de şeýlelikde türkmenleriň müňlerçe ýyllyk harby şan-şöhratynyň baky dowamatynyň binýady döredilipdir.
Taryhy makalalar