USSA ATAM
Kakamyň agasy bolansoň hakyna seredeniňde biz oňa “Nurýagdy kaka” ýa-da “Nurýagdy däde” diýmelidik. Emma öz atamyzy görmänimizdenmi ýa kakama görä has gartaňrak görünýändigindenmi, çagalykdan “ata” diýip öwreniişäýipdiris. Biz şeý diýenimizden soň onuň öz çagalaram oňa “ata” diýip ugradylar. Biz ýöne, olardan tapawutlylykda “ata” sözüniň öňüne adynam goşup oňa “Nurýagdy ata” ýa-da ýöne, “Ussa ata” diýip ýüzlenýärdik.
Ussa atam agajetli, uzynak, akýagyz, goýun gözli, selçeňräk, gaty bir uzyn bolmadyk goňrumtyl, gyrçuw sakgally, kiçijik mukrazy bilen murtyny hemişe gyrçap ýören, göräýmäge ýuwaştap, agaç ugryndanam, demir ugryndanam obamyzyň içinde ýeke-täk ussa bolansoň hemişe idelip-soralyp ýörlen, açyk wagty diliniň diýseň süýjüdigine garamazdan uçursyz öýkelek, zoňtarrak häsiýetli adamdy. Iň ýamanam nämüçin öýkeländiginiň sebäbini aýtman içiňi ýakardy. Bir zada myrryhy tutdugy öwrülerdi-de, ýanyňdan tutar ötägiderdi. Soňam telim wagtlap ýüz bermän, ýüzüni ýerden asar ýörer, sen bolsaň onuň nämüçin şeýdip ýörendigini bilibilmän kösener ýörersiň. Öz etiňi özüň iýersiň, öýkesini ýazjak bolup eýlesinden bir bararsyň, beýlesinden bir bararsyň, emma peýdasy bolmaz.
Iň bärkisi ine, bir gezek goýun soýanymyzda bolan bir wakany gürrüň bereýin. Şonda ejem şamlyk üçin kelleaýak atardy. Nahar taýyn boluberendenem “bar, aýdyp gel”, diýip kakam meni bir köçe beýle ýanymyzdaky atamlara iberdi. Gitjek wagtym:
– Oglanlaryna-da aýt, özem ýeke-ýeke atlaryny tutup aýt, ýogsam ataň öýkeläýmesin, –diýdi.
Barsam hemmesi üýşüşipjik otyr ekenler. Allanäme atamyňam ýüzi-gözi açyk. Bir zatlar gürrüň berip oglanlaryny gülüşdirip otyr. Men muňa az begenmedim. Sebäbi ony şo halda görmek biziň neberämiziň islendigi üçin uly bagtdy. Toýdy. Baýramdy.
Salam berip gapydan girenimden ol maňa tarap boýnuny süýndürdi-de:
– Hä-ä, Gurban jan bi senmi, gel, geç, saglykmy özüňem, gurgunmyň – diýip, öz ýanyndan ýer görkezdi.
Atamyň uly ogly, öýli-işikli, eýýäm birki çaganyň atasy bolmaga ýetişen Annanur kakam, menden bäş ýaş uly ogly, şol ýyl mekdebi gutaryp Aşgabada okuwa gitmäge hyýallanyp ýören Aşyr kakam, özüm bilen gözlüje ýaşyt Aman dagam oturan ýerlerinden gozganjyraşyp “gelde-geç” boluşdylar.
Oturasym gelip, atamyň gürrüňini diňläsim gelip içim byjyklap barýanam bolsa men oturmaly däldim. Habarymy aýdyp dessine yzyma dolanmalydym. Şonuň üçinem, ellerimi owkalaşdyryp buruljyrap durşuma:
–Aý, ýok-laý, oturjakgäl-laý –diýip arkan-ýüzün gaýşan boldum-da: – Annanur kaka, Aşyr kaka Aman... – diýip, kakamyň sargaýşy ýaly atamyň oglanlarynyň adyny ýeke-ýeke tutdym. – Kakam siziň hemmäňizi nahara çagyrýa, geliň diýýä... – diýdim. Soňam “has-has” edip atama ýüzlendim. – Ussa ata, kakam saňa-da gelsin diýdi.
Atamyň açyk ýüzi birdenkä küsseren ýalam boldy welin oglanlary ýerli-ýerden “borda-bor” boluşansoňlar men oňa kän bir ünsem bermedimde çykyp gaýdyberdim. Üç tirkeşik bolşup yzymsüre agalarymam bardylar. Eýýäm haçan bir zat aňan ýaly kakam olardan:
– Hany ataňyz –diýip howsalaly halda sorady. Olaram “haňk-huňk” edişdiler-de, belli bir jogap berip bilmediler. Diňe Annanur kakam ýapyrlyp oturşyna gümürtigräge-de:
– Baryberiň, menem bararyn diýen ýala etdi öz-ä –diýdi. Kakamam:
– O nähili “diýen ýaly etdi” –diýip Annanur kakamyň ýüzüne çiňerildi. Ýöne, Annanur kakam gürrüňiniň ugryny ökdelik bilen başga bir tarapa sowdy-da berilen soraga jogap bermekden sypdy oturyberdi.
Ondan-mundan “gümür-ýamyr” edip şondan soňam ep-esli oturdyk, garaşdyk, emma atamdan derek bolmady. Gelmedi. Ejem iki öwre dagy zowzuldap gelip:
– Taýyn bolansoň nahary titretmäň, garaşdyrmaň, atalarynyň paýyny goýaga-da guýaýyn welin, iýiň gyzgynjagy bilen – diýensoň kakam keýpsiz halda:
– Bor onda, guýaý, –diýdi.
Şeýdip nahary öňümize aldyk. Ýöne, hiç birimiziňem iýip-içip ugrymyz bolmady. Tä, töwür galdyrýançak tabagyň başynda atamyň ýoklugy bildirdi durdy. Has beterem kakam gynandy. Ol häli-şindi uludan demini alyp:
– Beh, nämüçin gelmedikä bi –diýip gorsandy oturdy. “Sen bir säwlik goýberen bolaýma” diýýän ýaly öwran-öwran meniň ýüzüme seretdi. Sähel bir şykyrdy boldugy “ýalt” edip gapa tarap gaňryldy. Garaz, ynjalybilmedi. Şonuň üçinem:
– Hany, özümem bir habar tutup geleýin şondan –diýdi-de, gaýdarman bolan wagtlary Ussa atamyň oglanlary bilen bile ýerinden turdy.
Ýöne, barybir hiç zat bilibilmän geldi. Atam ýüzüni iki-baka sypjakladypdyr, “nämüçin barmadyň” diýse-de “gümmi-sümmä” urupdyr, garaz belli bir zat diýmändir.
Şondan on-onki gün geçensoň men haraza bugdaý äkitmek üçin atamyň eşegini dilemeli boldum. Barsam öňi gaýyş öňlükli, kellesine-de täp-täzeje hülle ýaglygy çekip daňypdyr-da, garader bolup ussahanasynda işläp otyr. Beren salamymy almad-a diýibiljek däl, ýöne, göwünli-göwünsiz, dodaklaryny çalaja gymyldatdy-da ýene-de işi bilen boluberdi. Men:
– Ussa ata, haraza gidip geljek welin eşegiňi bersene, -diýdim.
Onuň akýagyz ýüzi garaört boldy.
– Ýok! –diýende gözlerem edil körügindäki közler ýaly körügip gitdi. –Berjekgä!
Men göwnüme zat getirmän:
– Nämüçin –diýdim.
Atam ýarym-ýalta ýarylyp ugrady.
–Sebäbi seň ataň pisi bardyr. Eşegine münersiň welin saňada oň pisi ýokuşar. Şoň üçinem saňa şol eşek ýok!
Men onda-da göwnüme zat getirmän çaga sadalygy bilen:
– Ata, seň näme pisiň bamy –diýdim.
– Howwa, howwa, pisim ba! Sen näme bileňokmy şony? Ýa bilmediksirän bolýaňmy? -diýip, Ussa atam burnuny ýygryp, ýüzüni eňşedip oturşyna yzly-yzyna suňşurdy. –Bar, özüňem durma şu ýerde sömelip, maňa päsgel berýäň...
Men onuň ýanyndan çykdym-da, mellekleriniň aýak ujynda işläp ýören Aşyr kakamyň ýanyna bardym. Barşym ýalam sen-men ýok:
– Atamyň näme pisi bam-aý –diýdim. Ol güldi.
– Sen näme bileňokmy?
– Pisiniň barlygynymy?
– Ýok, nämüçin şeý diýenini?
– Ýok, bilemok.
– Sen höwün nahara çagyranyňda atamyň adyny bizden soň tutdyň. Şoň üçinem ol senden öýkeläp ýör. Şol agşam nahara barmadygam şoň üçin. Bizem düýn-öňňinlikde bildik. Ejemiň ýanynda agzyndan sypdyraýypdyr.
– Kakama-da aýtdymyka?
Aşyr kakam birhili ynjyly ýylgyrdy.
– Ömür aýdarmy...
Men “lampa” aşak çökenimi bilmän galypdyryn. Şo gezek şolar ýaly säwlik goýberendirin, atamam hut şoň üçin öýkeläp inisiniň çakylygyna baran däldir diýen oý-pikir asla kelläme gelmese näme. Bir erbet boldum. Birbada öz ýanymdan öz eden işimi ters, atamyňkyny bolsa dogry hasap etdim. Ýöne, men ony bilgeşleýin däl-de, çagalygym üçin, aklymyň ýetmändigi üçin edipdirin ahyry. O zatlar üçin Ussa atam menden öýkeläp, jan ýalyjak inisini şonça iňkise goýup, agdarylyp-düňderilip ikarada bular ýaly içgussalyk döredip ýörmeli däl-de, gaýtam “indikille eýtmegin, beýtmeginiň” diýip ýol öwretmeli, terbiýe bermeli ahyry. “Päheý, köpeý ogly, näme beýtdiň”, diýip çalarak eňsämize kakaýanda-da biz ondan gaty görüp durjak däl-ä. Dogrusyny aýtsam şonda meniň Ussa atama diýseň nebsim agyrdy. Ol meniň gözüme ugruny tapmasy kyn bolan çyrçykly çaga bolup göründi. Onuň bilen ýaraşasym, öýkesini açyp göwnüni göteresim geldi. Ýöne ýene-de çagalygymy etdim. Göni baraga-da ötünç soramaga het edip bilmedim. Nähilidir bir göze görünmeýän gorkunç diwar öňümi gabsady durdy. Şeýdip men ýene-de bir gezek kemterlige ýol berdim. Üstesine Aşyram özünden eşidenimi atama duýdurmazlygymy haýyş edipdi.Elbetde, men şol gün haraza gider ýaly ulagam tapdym, bugdaýymyzy üwedip öýe bir bogdak unam getirdim. Ýöne, şondan soň Ussa atamyň gözüne görünmäge welin çekindim. Käteler täze mellegimizde gurup ýören jaýymyzyň onsuna-munsuna kömekleşmäge ýa maslahat bermäne gelende-de ondan gaçgalaklaýanymy kem görmedim. Edibilýän çäräm, alajym welin ýok. Gaýtam ýokarky wakadan iki aý çemesi wagt geçer-geçmez men ýene-de bir gezek onuň gazabyna duçar boldum.
...Täze jaýymyzyň galan işlerini bir ýüzli bolupdy-da, aşagyny dalaklaýmak galypdy. Onam näme, ile belli ussa atamyz barka şol etmän kim etsin? Ýöne, öňki öýkeleşigiň sebäpkäriniň kimdiginden henizem bihabar gezip ýören kakam meni oňa kömekçi edip belledi oturyberdi. Menem näme, ýok diýeninmi? Bor, diýdim. Işe başlamaly günümiz içine günortan iýip-içer ýaly owkat salynan düwünçegi elime tutduryp, ugrajak bolup durka kakam:
– Ataň öýkelekdigin-ä bilýäň, şoň üçinem häzirräk bol, bor-bolgusyz sözler bilen gaharyny getiräýme, çaýyna-suwuna-da gowuja seret –diýdi.
Menem sesimi burnumyň içine salyp göwünli-göwünsiz:
– Bo-or –diýdim-de, täze mellegimize tarap mytdyldap ugradym.
Barsam ussa atam eýýäm gelipdir-de, täze jaýyň işiginde bir zatlara güýmenjiräp ýören ekeni. Maňa gözi düşenden myrryhynyň atlanyp ugranyny bilýän. Ýöne, syr bildirmedi. Beren salamymy göwünli-göwünsizrägem bolsa aldy, ýalňyşmaýan bolsam çalarajyk “gurgunmysyňam” diýdi. Şondan başga welin agzyndan ýekeje sözem sypdyrmady. Geldiňmem diýmedi, ony eýt, muny beýt diýip ýumşam buýurmady. Gurallaryny rejeleşdiren bolýa, dalaklyk tagtalary gözden geçiren bolýa, käte bir durup daş-töweregine ser salýa, içini hümledýä, hereketlerem şeýle bir haýal, şeýle bir agras, daşyndan meniň öz içimi it ýyrtyp barýa. Telim gezek dagy: gel-aý, bir ýakmazyny aýdyp ýahyny taşlaýmanka jyraýyn-la şuň ýanyndan, diýip gaçmana-da hyýallandym. Elimdäki düwünçegimi üýşmek kerpijiň kölegesinde goýanymdan soň-a şol hyýal bilen jaýymyzyň arka ýüzüne aýlandymam iki gezek dagy. Hern-ä Hudaý el-aýak bermedi. Ýene-de dolanyp geldim. Ahyram Ussa atam gysgyç bilen iki sany tagtany biri-birine gysdy-da, elime byçgy berip, aglak çaganyňky ýaly ynjyk, süýkeş sesi bilen:
– Şuny şu iki tagtaň arasyndan ýöret, boş ýerleriden-ä geçer, degýän ýerlerinem alar, tä ykjam degişýänçäler her gezek täzeden gys-da öňkiňi gaýtalaber –diýdi.
Olar ýaly tutuk adam şolar ýaly parahatçylykly sözler bilen ýumuş buýursa men ýaly titräp duran adama başga näme gerek? Hezil edip işe girişdim. Aýdyşy ýalam etdim. Görsem dalaklyk tagtalar hakykatdanam biri-birileri bilen jebisleşip gidip barýarlar. Asyl yşam galanok aralarynda. Gitdigiçe-de gyzyşdym. Begenjimden ýaňa tas guş bolup uçupdym. Çünki, bu meniň eýýäm bir hünär öwrendigimdi. Ussa atamyň ýoluny ýöredip biljejdigimiň alamatydy. Şol wagt meniň ýene-de şol gezekki ýalňyşlygym üçin Ussa atamdan ötünç sorasym, onuň öýkesini ýazasym, elmydama şeýdip menem ýanyňda işledäý-dä, diýip haýyş edesim geldi. Ýöne, bir zat diýdigim negözel gidip duran işi bulaşdyraýmaýyn diýen gorky döredi-de, goýbolsun etdim. Sebäbi bir gezek birine hiç zat ýok ýerden gahar edip ussahanasyndan kowup goýberenini özüm gözüm bilen gördüm. Şol bende şo gezek düýn-öňňinlikde saplamak üçin goýup giden pilini äkitmäge gelipdi. Ýöne, ol atama näbeletmi, nämemi daş çykansoňlar guş tüpeňlejek ýaly pilini kibtine goýup sapynam dik asmana tutdy-da:
–Nurgeldi aga şuň gumhana birikýän ýeri birhili tüňňüräkmi ýa göwnümemi –diýdi.
Atamyň akýagyz ýüzi hüýt-gara boldy. Ýöne sesini çykarmady. Usullyk bilen ussahanasyna girdi-de, agaç ýonýan teşesini alyp çykdy. Men ol indi sapy pilden aýryp tüňňüsini ýonjakdyr, müşderiň göwni ýeter ýaly edibem täzeden saplajakdyr öýtdüm. Ol bolsa piliň ýüz tarapyny beýleräkde ýatan töňňä söýedi-de, elindäki teşe bilen gumhananyň bir sere ýaly beýle ýanyndan r-ras bir ýelmedi welin, sap “güjürt” etdi-de, iki döwüldi ýatyberdi. Atam pil eýesiniň ýüzüne-de seretmän:
–Bar indi, kim ökde bolsa şoňa sapladaý –diýdi-de, ussahanasyna girdi ötägitdi. Näme diýjegini bilmän aňkarylyp duran pil eýesem piliniň özüni bir goltugyna, sapyny beýleki goltugyna gysdy-da, basymrak atamyň ussahanasyndan daşlaşmak bilen boluberdi. Ýolboýam:
–Al-aýt, bu bendäni Allatagalanyň ýasaýşyny... – diýip birsyhly başyny ýaýkady gitdi oturdy.
Ýene bir gezegem Ussa atam hem-ä goňşymyz hemem garyndaş ugrymyz aýy ýaly tagaşyksyz, daýaw, gulaklarynyň içine çenli gyl bolup duran Esen ýegene telim günläp küme guruşdy. Gürrüň berjek bolýan wakamyň bolan güni kümäniň ýokarsyny eşegarkalap ýördüler. Esen egen-ä aşakdan agaç-ugaç, çüý we beýleki gerek – ýarak zatlary äberişdirýärdi, atamam ýokarda durup kakyşdyrýardy. Esen ýegen onuň bir diýenini iki gaýtalatmajak bolup, gaharyny getiräýer ýaly söz aýtmajak bolup iňňän seresap hereket edýärdi. Gürlände-de diýseň ätiýaçly gürleýärdi. Ýöne, bolmajak bolsa bolmaz ekeni, eşegarka tamam boluberende atam agzyny çalaja müňküldetdi-de eşidiler – eşidilmez:
–Çüý!..-diýdi.
Esen ýegen maýtanaklap baryp içi çüýden doly köne setilden bir gysym çüý aldy. Şony indi şo durşuna, sesini çykarmanjyk uzadaýan bolsa bolaýjakdam welin, oýnumy ýa çynymy bilemok, mähnet göwresine gelişmeýän ýeňleslik bilen çalaja “hikrt” etdi-de:
–Daýy, ýaky äberenlerimi eýýäm gutaraýdyňmy-aý, -diýdi.
Kakjak tagtalaryny eýläk-beýläk agdaryşdyryp, dag bürgüdi ýaly al-asmanda galgap oturan atam bir demde doňňaradaşa döndi. Ozaldanam gabarylyp görünýän göwresi öňküsindenem beter gabardy. Ýüzi-gözi ýellendi. Gabaklary göreçleriniň üstüni örtdi. Töwerekde duran birlän-ikilen kömekçilerem uly bir tupanyň turaryna garaşýan ýaly bir Esen ýegene, birem Ussa atama tarap howsalaly seredişdiler. Gorkunjyma meniňem aýaklarym saňňyldap başlady. Esen ýegenem du-ur, çüýli elini asmana serip... Bir seretsem onuňam aýaklary sandyr-r-sandyr edýär. Ussa atam ahyry ýerinden turdy-da, her aýagyny eşegarkanyň bir gerşine diräp, iki elinem söweşlerde “ýesir” düşen esger ýaly dik ýokary galdyrdy.
–Esen ýegen mün-de barla!.. Ýa özüm aşak düşeýinmi?
Esen ýegeniň sesem sandyrady.
–Nämäni barlaýyn daýy?
–Meň endam-janymy barla!
–Nämeüçin?
–Öňki beren çüýleriňi kakman o ýerime bu ýerime dykyşdyran bolaýmaýyn ýene...
–Ýa, senem-ä daýy... –diýdi-de, Esen ýegen çüýli elini indi näçenji gezekdir atama tarap ülňedi. – Me! Al! Ine çüý!..
Atam welin içi çüýden, daşy tüýden doly äpet penjä tarap nazaram aýlamady. Gaýtam ýeňiş güni Reýhstagyň depesine dikilen baýdak ýaly, agy giň gyzylymtyl – goňur balagyny şemala parladyp elini göterip şondan soňam ep-esli durdy şol bir duran ýerinde. Esen ýegeniň bu golaýlarda özüni barlamajagyna gözi ýetenden soňam gollaryny usullyk bilen aşak goýberdi. Usullyk bilenem eşegarkadan aşak düşdi. Howlukman zatlaryny ýygnaşdyrdy. Şeýdibem telim gün bäri azabyny çeke-çeke, tas gutardym ediberen işini taşlady-da gidiberdi.
Ýeri, onsoň onuň şolar ýaly ýagdaýlarynyň bardygyny bilip durkaň nädip ondan gorkmajak? Nädip ondan çekinmejek? Şonuň üçinem sesimi çykarman tagta yzyna tagta jebisläp gidip otyryn. Men-ä jebisleýän, Ussa atamam ýerli-ýerinde goýup kakýa. Iň esasy zadam iş sessiz-üýnsiz gidip barýa.
Birdenem kakamyň: “Çaýyna-suwuna-da gowuja seret”, diýeni ýadyma düşdi-de atam çaýsyrap içinden gahar edip ýören bolaýmasyn diýen pikir bilen golaýragyna bardymda sesimi gyryljyradyp:
–Ata çaý içjekmi –diýdim.
Atam edip oturan işinden ünsüni sowman eşidiler-eşidilmezräge-de:
–Ýok –diýdi.
Entegräkdenem men ýaňky soragymy ýene bir gezek gaýtaladym. Atamam edil öňküsi ýaly, ýöne oňa görä birneme gaharlyrak jogap berdi.
–Ýo-o-ok!..
Men muňa-da özümçe düşündim. Ýagny, çaýy demläge-de: “Al ata, çaýyň-a ine taýyn” diýäýmän, hiç zat ýok ýere şol bir sözi gaýtalap otyrypdyryn. “Howwa, içjek! Ýöne hany çaý? Heniz ot ýakaňok welin, halys ýürege düşdüň-le, çaý içjekmi, diýip”, diýse näme jogap berjek?
Şonuň üçinem men töwerek-daşda çaşyşyp ýatan ýonuşgalary çöpleşdirdim-de ot ýakdym. Tüňçäni suwdan dolduryp oda goýdum. Atam yzly-yzyna ardynjyrap, üsgürinjiräp başlady. Bir näsazlygyň döräp ugrandygyny aňsamam nämedigini bilibilmedim. Tagtasy ýetişýän bolaýmasyn diýip, çaýyň arasy bilen öňküje edip ýören kärimem ýöretdim. Şeýdip iki baka ylgaşlap ýörşüme assyrynlyk bilen atamyň hereketlerini synlaýan. Aljyraýan.
Oňa çenli çaýam gaýnady. Gowy edip demledim-de jaýyň eýwanyna eltdim. Keçe ýazdym. Üstünden düşegem taşladym. Düwünçekdäki owkatlaram çykardym. Bir maňa, birem indi sünnälenmeli tagtalara seredip, agzyny müňküldedip duran atamyň ýanyna baryp ellerimi owkalaşdyrdym-da çekinjeňlik bilen:
– Ata çaý-a taýýar –diýdim. –Iýer ýaly zadam ba...
Dogrusy: berekella inim, şun-a oňardyň, diýen öwgüli sözlere garaşdym. Emma häliden bäri işini goýup, irkiljireýän erkek ýaly gözlerini süzüp, iki ýana yraň atyp duran atam elindäki çekijini bir tarapa, çüýünem beýleki tarapa zyňyp goýberdi.
– Men bu ýere çaý içmäne gelemok. Maňlaýyň şatlap ýazylyp barýan bolsa özüň içiber! Nandanyň deşilmänkä nanam iý!..
Şeý diýdi-de, edil Esen ýegenlerden gidendäkisi ýaly ýeňsesini tüňňertdi gidiberdi. Hatda zatlarynam ýygnaşdyrmady.
Men kyn güne galdym. Näme etjegimi bilmän kösendim. Atamyň yzyndan ylgasam-a barybir oňa gepimi düşündiribiljek däl, öýe tarap ylgasamam baryp kakama atamy ýamanlan ýaly boljak. Bir öçüp barýan oda, birem demlengi duran tüňçä tarap seredip durşuma: indi kakama näme jogap bererkäm diýip oýlandym. Ussa atamyň hakykatdanam ýeke bir “çaý iç” diýenim üçin, çaý demläp berenim üçin şeýdip gidendigine welin hiç ynanyp bilmedim. Aňyrsynda başga bir sebäpjagaz bar bolaýmasyn diýip kän oýlandym. Emma, hiç sebäp tapyp bilmedim. Çünki, aňymy şunça sermeleşdirdim welin şol: “Ata, çaý-a taýýar” diýen iň soňky sözüm bilen gelen badyma aýdan “salawmaleýkimimiň” arasynda artykmaç ýekeje sözem ýok ekeni. Eden işime göwni ýeten däldir diýseňem... onda-da şo barada bir zat syzdyraýmaly ýaly...
Birneme özümi dürsänimden soň ýerimden turup atamyň iş gurallaryny ýygnaşdyrdym. Galan tagtalary jebisleşdirdim. Bar belaň körügi şularda bolaýmasyn, diýip öňkülerimem birlaý barlaşdyryp çykdym. Goýuşdyrybam gördüm. Kemterräkdir öýden ýerimi täzeden sünnäledim. Köp pikir ede-ede beýnim doňupmy nämemi, ahyram şol tagtalayň birine maňlaýymy goýup, elim byçgyly uklap galypdyryn.
...Agaşmaralar aýagymy süýrap zordan öýe bardym. Atamyň iş gutarmanka gaýdanyny kakama nädip aýtjagymy bilmän ýaýdandym. Saňa gezek gelende hökman bir gep tapylaýýa-la how, diýip gyssaberdigi: “Kaka, men-ä öňki gezegem, şu gezegem diňe seň öz diý diýen sözleriňi diýdim, et, diýen hereketletiňem etdim, başga sözem diýemok, hiç hili herekedem edemok” diýip, dogrujamy aýtmaklygy ýüregime düwdüm. Ýöne, oýurganyp oturanymdan aňdymy ýa eýýäm eşidipmi, bilemok, öňürti kakamyň özi dillenäýdi.
– Aý, bor oglum, oň üçin gyýylma, galanyny özümiz bir zat ederis, ýöne nätjek, o bende-de bir taby kynrak adam-da, bar bolubilşi-dä şol..., indiden soň öz bolşuny onuň özem düzedibilmez. Galyberseşde aga biziňki. Ondan ýüz öwrüp gitjek ýerimiz ýok. Köneler aýdypdyrlar-a: “Burnuň poh bolsa kesip taşlajakmy” diýipdirler-ä...
Kakam şeý diýensoň üstümden agyr ýük aýrylan ýaly boldy.
Howwa, Ussa atam şolar ýaly bir töwra adamdy. Onuň öz öýkelekligi bilen bizi salan çykgynsyz günleriniň hemmesini sanap çykmak mümkinem däl. Ýöne, göwnünde zat ýokdy. Ýamanlyk diýen zady bilmezdi. Indi ine, şu günler, şu uzak araykdan seredip görýän welin, ol hut göwnünde zat ýoklugy, çaga ýaly arassalygy üçinem öýkelek ekeni. Çünki, ak zada kir çalt ýokýar ahyry. Onsoňam ol öz-özüne talapkärdi, adamkärçiligiň, edep-ekramyň ähli talaplaryny diýen ýaly berjaý edýärdi, ildenem şony talap edýärdi, emma göwnündäki çykmandygy üçin içinden kine edýärdi-de, özünem töweregindäkilerem kyn güne salýardy, özüniň ähli salyhatlylygynyň üstünden atanak çekýärdi. Netijede “okan namazy ürküzen gurbagasyna degenok” diýenleri bolýardy. Gepiň gysgasy ol durmuşy kämil görjek bolýardy, durmuş bolsa kämillikden öňem daşdady, häzirem daşda. Onuň haçan kämil boljakdygy belli däl.
2000-2001 ýý.
Hekaýalar