16:22 Ylahy fantaziýa / goşgular | |
■ DAGLARYM
Goşgular
Dogan ýerne dogan sanyp, dostum kibi görenim, Geldim ýene size matam baglaýyb-a, daglarym! Serçeşmede tebil alyp, ýada salyp gözelim, Keýgiň gaçdy zelil göwnüm awlaýyb-a, daglarym! Ulugyz deý uýaljyrap, dilin dişlän pisseleň, Ak pisseleň gördi gözlem, gaýry peýker istemen, Saç-sakgala siňipdir ak ah çekemde gussadan, Ümür kibi dolupdyr gam zawlaryňa, daglarym! Baýryňa giren ýyldyrym çyksa çigildem bolup, Gözelleriň seýle geler şol birisi kem bolup, Asman aglap, nagra dartar, ýagynlar göwnüm bozup, Atar älemgoşaryny ýaýlaýyb-a, daglarym! Pendiniň bir näzeninin rowa görmän ogluňa, Gözýaşymy akdyrdylar seniň göwher-laglyňa, Daşa dönen ýüregimi garyp bir gün çaglyňa, Gider men başymny alyp, aglaýyb-a, daglarym! * * * Dünýä neneň ajaýyp, dünýä neneň owadan, Bir ömüre ýeterlik ajap seýilgähdir ol. Görüp gözüň doýmaýan, ýaşap göwnüň doýmaýan, Söýdürmegen goýmaýan Yşk deý ýeke-täkdir ol. Gezseň, keşt edip gezseň Hindi, Hebeş jeňňelin, Hem gyýylsaň daragtdaky örän düşbi maýmyna. Ýeniseýde Hemingueý deý suwa atsaň çeňňegiň Münüp gadym tunguslaryň ham syrdalan gaýgyna. Baltikada suwa düşseň deňi-duşlaryň bilen, Gadym Maryň binýatlaryn synlasaň, pikir etseň. Dünýä baksaň Bethoweniň eşdýän gözleri bilen Hem bu dünýä özüň bilmeý gelenňe şükür etseň. Jahankeşde durnalar deý seýil etseň Şaryňa, Düşleseň dagda-düzde, ymgyr çölde, öleňde. Dünýä, ajaýyp dünýä degýändir ýaşanyňa, Dünýä, ajaýyp dünýä degýär ahyr gelenňe! Dünýä neneň ajaýyp, dünýä neneň owadan, Bir ömüre ýeterlik ajap seýilgähdir ol. Görüp gözüň doýmaýan, ýaşap göwnüň doýmaýan, Söýdürmegen goýmaýan Yşk deý ýeke-täkdir ol. ■ ENTEK... Entek meniň ýazlanmadyk ýazym bar, Entek meniň ýaşalmadyk ýaşym bar. Entek yşk-heserden, datdan sözlerim, Ataşdan sözlerim, otdan sözlerim Aýaz dadan enar ýaly ýarylýar. Entek göge älemgoşar ýaýylýar, Sabalara tylla suwy çaýylýar. Eý, nowjuwan dünýä, ajaýyp dünýä, Synlap seniň serwi kaddy-kamatyň, Eşretiňden, hezzetiňden ganaýyn. Entek meniň ýazylmadyk şygrym bar, Entek meniň aýdylmadyk syrym bar. Entek gaýtarma deý owadan dünýä Meni görgeý ýaşmagyny sypyrýar. Entek ertä aýdyp bilmedik jümläm Öwrülip zybanda kişdä-kişmişe, Barýar bakylygyň aýdymyn aýdyp, Göwnüm gelejege, göwräm geçmişe! Entek meniň ýaşalmadyk tomusym, Jokrama epgegim, otly jöwzam bar. Entek meniň dünýä bile, yşk bile Soňlanmadyk söwdam, ajap döwran bar. Entek meniň görülmedik güýzüm bar, Entek meniň gönenmedik düýnüm bar. Entek güýzler gömýär üstüm rysgaldan, Entek gyşlaň ak hyýal deý köpenin, Ýaz edip taşlaýar ýagyş-yrslaňlar. Entek boz baranlar heýjana gelip, Hyjuw-hyruç salýar jiger-bagryma. Kyrruwlaşyp gelýän ajap durnalar Girip gidýär kalbyma hem şygryma. Entek yşk-heserden ýaradylan ýaz, Salýar ýanar oda jiger-janymy. Barar jaýyň baky uçmah bolsa-da, Heý, panyny taşlap gider ýalymy! Entek tükenýänçä etsem-petsemim, Dünýe menden, Men doýmankam dünýeden Entek, entek, entek ýaşaýyn, entek Göýä pany dünýä baky gelen dek. ■ YLAHY FANTAZIÝA Ylahy fantaziýa—dünýä diýeniň, Ylahy fantaziýa—älem diýeniň. Başy garly-gaýly, dumanly daglar, Peleňli, jerenli, umgaly daglar, Agdarlyp-düňderlip akýan bulaglar, Penje-penje güle bürenen zawlar, Ýa, Allam, owadan kalbyňdyr seniň! Ol meni birdemde benduwan edýär, Yşka sataşdyryp nowjuwan edýär, Adamdygma kalbym gyýylyp gidýär. Ümürsin tokaýlar, jady jeňňeller, Lemmer-lemmer buldy oýnaýan ýeller, Bilden maýsalary owsunýan ýerler, Tereň derýalardan akýan heserler, Berdi Arş ganatyn, berdi halatyn. Şag-şaglaýyp ýagýan bahar çabgasy, Asmanyň heseri, Arşyň nagrasy — Dünýä gelip, şahyr bolup söýenim, Aklymy çaşyryp uçmah diýenim, Ýa, Allam, ylahy fantaziýaň seniň! Men asmandan ýanyp gaýdan ýyldyzyň, Apy-tupanlary ýakan ýyldyrym, Hany, meniň ýanyp, ýakan ýyllarym? Çigildemli, gyzyl gülli alalar Men betbagty bagtdan ýaňa agladar! Ylahy fantaziýa—dünýä diýeniň, Ylahy fantaziýa—älem diýeniň. Meni däliretdi Ýaryl-eý, ýürek! Ylahy fantaziýa — owadan dünýä Janyn gurban beren şahyrlar gerek. Ummanlaň dag ýaly gaýnaýan möwjün, Synlap onda Hakyň yşkyny gördüm. Goduklaýar gara Ýer ýaly göwnüm. Däli ruhum münüp gara gaýlara, Apy-tupanlara, tüweleýlere, Aşyk bolup Arşdan garaýar ýere. Ylahy fantaziýa —dünýä diýeniň Ylahy fantaziýa — älem diýeniň, Men şahyr — zemini fantaziýaň seniň! ■ YŞK Yşka uçrap görmegenler, Yşk apatyn ýalan biler. Söýgi näme? Hasrat näme? Ony diňe ýanan biler. Didede ýaş, jigerde gan, Bijede ah, perýat-pygan, Gijelerine parçalap jan Yşk goşgusyn ýazan biler. Ýaşlyk, senden hezil etmedim, Çekip yşkyň ezýetlerin. Bagyrmagyň lezzetdigin Dadyň dünýä ýaýan biler. Demim — ýalyn, ýürek — ataş, Tutaş, yşkyň ody tutaş, Jiger-bagryň edip tutaç Yşky bagty ýatan biler. Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. # edebiyatwesungat_2019 | |
|
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Eý, Habybyňdan gelip, hamdyňda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Men Gazadaky çaga / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Gider idim men ýol syra, ýawlak uzamyş bir agaç... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Aglama sen, ýüregim! / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Buýy-zülpüň kibi anbar bar-u misgin olmyýa / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||