12:45 Ynsan gadyry | |
YNSAN GADYRY
Pedagogika we edep-terbiýe
Adam bar ýerinde ölüm-ýitim-de bolýar. Adamzat janyny amanat saýýar. Biri ýurduny täzelese, "Amanadyny tabşyrdy" diýlip aýdylmagy şol sebäpli bolýar. Boljagy-geljegi öñünden bilen, dünýä welisi, akyl gämisi Magtymguly Pyragynyñ: "Gabrystana bar-da otur, pikir eýle, Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup" - diýmegi, baky ýaşaýşyñ ýokdugyny aýdýar. Gonamçylyga baranynda, adam pikirlenýär. Hernäçe ýaşasañ-da, ahyry gabrystanlyga gelmelidigini añynda aýlaýar. Kalby arassalanýar. Kysmatyna kaýyl bolýar. Ýaşap ýörenine şükür edýär. Öten-geçenleri ýatlaýar. Bu hakykata, dogrusy, öñ-de düşünilýärdi. Ýöne käbir ýöntem pikirlere uýulyp, ýaş nesle gezek gelende, hakykat gabatda goýulýardy. Diş gysylýardy. Dil dañylýardy. Şeýdibem, türkmençilik boýunça merhumy iñ soñky ýoluna ugratmagyn edebinden, ýolundan başy çykmaýan nesil kemala gelýärdi. (Häzir kyrk ýaşanlarymyzyñ arasynda daşky çukuryñ ölçegini, içki jaýy gazmagyñ kadasyny bilmeýänleri az däl). Ynsan gadyry gaçýardy. Elbetde, bu şahsyýet üçin ösüş däl-de, tesişdi. Çünki şahsyýet öz milli däp-dessurynu näçe gowy bilse, ol şonça-da belende galýar, il-güne nepi köp ýetýär, ýüreklere ýakyn bolýar. Garaşsyzlygymyzy alyp, dünýewi döwlet bolanymyz bäri ýaş nesillerimiz ýaşulular bilen ysnyşyp başladylar. Hatyra gününde, sadakalarda, toýlarda el-aýak bolup hyzmat edýärler. Tüweleme, olaryñ bir bölegi türkmençilikden diýseñ oñat baş çykarýar. Okuwçylaryñ birentegi dünýewi mekdebiñ daşyndan dini mekdepde-de okaýar. Bu milliligimize, aslymyza gaýdyp gelip başlandygymyzdandyr. Hatyra gününi bellemek adam gadyryny belende göterdi. Hatyra güni her kim öz ene-atasynyñ, dogan-garyndaşynyñ jaýlanan ýerine baryp sadaka berýär. Halkymyz "Ölüsini sylan baý bolar" diýen nakyla durky bilen uýýar. "Akly bolan ölüsine aglamaz" diýilýär. Şeýle-de bolsa, adamyñ ýüregi etden bolýar. Aýralyk oduna çydap bilmän, ses etmeli bolýar. Ses etmek bilen, bendäniñ sanalgysynyñ dolandygyny daş-töweregine eşitdiripdirler. Gölegçi gelende, hoşlaşyk sesi bolupdyr. Erkek adamlar häzir-bu güne çenli şol ýörelgeden gyşarman barýarlar. Öñler zenan saçyny ýaýyp, iki elini öñe sallap, aýanyñ üstüne aýasyny urup, towuş ederdiler. Häzir zenanlar öte geçýärler. Ýakasyny açyp gursagyna urýarlar. Aýylganç ses edýärler. Olary höre-köşe edýänler-de göze ilip duranok. Hata bolana gadyr-hormat goýjak bolsañ, beýle etmeli däl. Ýaradanyñ emrine jür bolmaly. Adamy ýaradýan-da Allanyñ özi, alýan-da. Şükür etmeli. Näşükürlik ýogalan adama zyýan ýetirýär. Şonuñ üçin "Akly bolan ölüsine aglamaz" diýilýär. Mollalar Kuran okalanda hemmeleriñ oturmagyny, sessiz-üýnsüz diñlemegini ündemeli. Şeýle edilse, hata bolanyñ gadyrynyñ bilindigidir. Ynsan biri-biriniñ gadyryny bilmek üçin dostlaşýar. Adamlara jan dostuny tapmak añsat düşmeýär. Her kim tokaýa girip, boýuna görä agaç kesýär. Kalbyndaky duýgular, gylyk-häsiýetiñ, edep-ekramyñ gabat gelse, onda şol jan dostuñ hasaplanýar. Dostluk çagalyk, ýetginjeklik döwründen başlanýar. Şeýle dostlar jan dostlary hasaplanýar. Muña "Donuñ - täzesi, dostuñ - könesi" diýen nakyl tymsal bolup biler. Jan dostuñdan ýüz öwürmek - nadanlykdyr. Biri-biriñ gadyryny bilmek üçin göwnüne çalarak degilende, geçirimlilik eden sogap gazanýar diýerdiler. "Özüñi süýt bilgil, dostuñy - gaýmak". Eger şeýle bolsa, dostuñam seni gaýmak saýar. Dostluk könelmez. Dostuñy göreniñde begenersiñ. Begenç bagtdyr. Bolar bolmaz zada baş goşup, ene-atanyñ aýdanlaryny ret edýärler. Dünýä inderenleriñ gadyryny bilmeýärler. Olara "at ýitiren" diýilýär. Ene-ata jepa baryny çekýär. Ýaşulular ýaşlaryñ arly-namysly, il ogly bolmaklaryny küýseýärler. Ýaşlaryñ bagtly, Watana, il-güne wepaly bolmagyny Ýaradandan dileýärler. Ýaşlar-da ýaşulylaryñ gadyryny bilmeli. Hormat goýmaly. Ýöne tersine bolýan halatlaryna gabat geleniñde gynanýarsyñ. Men bir gezek toý saçagynyñ başynda Gazanjyk etrabynyñ keselhanasynda baş lukman bolup 21 ýyl işlän Osman Garabaýew bilen tabakdaş boldum. Ol saglygyny dikeltmek üçin Aşgabada gidýär. Lukmandan şypa tapýar. Gazanjyga öwrülmek üçin ýola çykýar. Awtobus myhman öýüniñ golaý ýanyndan gecýän eken. Awtostansiýa baryp bilet almaga wagty bolmaýar. Ol awtobusa ýolda münüp, bilet puluny töleýär. Awtobusyñ içinde rahat durar ýaly üç-dört garyş ýer ýok. Aram-aram oturmaga ýerini beren tapylar diýip tama edýär. Tamasy puç bolýar. Başga-da özi ýaly ýaşulular asyl-asyl bolup durlar. Ýaşlaryñ biriniñ-de bulara rehimi inmändir. Ýaşulular kä sag, kä sol aýagynyñ üstünde durup, aýaklaryny gezekleşdirip dynç berip gaýdyberipdirler. Şeýle ýagdaýda ýol-da önüp duranok. Ýaşy çene baranyñ biri dözmän Osman lukmana öz ýerini berýär. Lukman onuñ aýagynyñ agyrylydygyny, Mollagara kurortyna barýandygyny gürrüñdeş bolanda bilýär. Onuñ ýerinde oturmajagyny anyk aýdýar. Emma ol ýolagçy Osmanyñ halynyñ teñdigini bilip, ýolda öz ýerinde oturdýar. Osman Garabaýew "Aýlanaýyn könäm senden" diýip, içini hümledýär. Gartaşan adamyñ gadyrdandygyna guwanýar. Ýeri gezekleşe-gezekleşe sag-aman Gazanjyga gelýär. Osman lukman-da diýseñ gadyrly, sada, ak ýürek kişi. Dyz epmekde arkalaşan adamyñ yzyndan hal-ahwal soraşmaga Mollagara barýar. Bu ýerde adam gadyry aç-açan duýulýar. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |