03:39 Ýollar Gözli ata eltýär | |
ÝOLLAR GÖZLI ATA ELTÝÄR
Ýol ýazgylary
• Keramatly ýere zyýarat Säher bilen "Balkan" gazetiniñ redaksiýasyna barsam, "Gözli ata" haýyr-sahawat jemgyýetiniñ başlygy Gulgeldi Hojamämmedow maña garaşyp oturan eken. Gadyrly salamlaşdyk. Edil göçi geçip barýan ýaly, haçan görseñ howlukmaç ýigit saglyk-amanlyk alşylandan, goşaryndaky sagadyna seredip: - Maña daşarda maşyn garaşýar. Şähere gurluşyk materiallaryny almaga geldim. Haýsy gün boşlag bolsañ aýt, yzyñdan maşynly gelip äkideýin. Mukaddes ýerde tämiz howadan dem alyp, şäheriñ goh-galmagalyndan ýadan beýniñe dynç berersiñ - diýdi. Men onuñ bu teklibine göwünjeñ razy boldum. Şenbe güni duşuşmaly etdik. Derrew suratçy Nasyrmyrat Garagulowa jañ etdim, "Agam jan, ýatyp-ýatyp ahyry bir hoş habar aýtdyñ-aý" diýip, "jykyr-jykyr" gülýär. Şeýdibem, ýola düşdük. Gülşüp-degşip barşymyza Gözli ata nähili ýetenimizi duýman galdyk Geçen ýyl gören metjidimi asla tanar ýaly däldi. Bir tarapyny gök, beýleki tarapyny gyzyl daglar gurşap alan, çar ýana uzap ýatan ýodajyklary kalbyña täsir edýän oýluk ýerde gurlan ymaratyñ içinde hem, daşynda hem adamlar işleşip ýördüler. Biz baryp, olaryñ armasyny ýetirdik. Orta çaý-nahar getirilenden soñ, olar bilen tanyşlyk açdyk. Gurluşykçylar brigadasyna metjidiñ ilkinji kerpijini goýýanlaryñ biri bolan, dürli hünärlerden ezberlik bilen baş çykarýan Begmyrat Rejebow ýolbaşçylyk edýär. Ol brigadada 20-den gowrak adamyñ zähmet çekýändigini, Mary welaýatyndan bu ýere öz islegleri boýunça işlemäge gelen suwagçylar G.Gylyjowyñ, E.Abaýewiñ, T.Tuwakkakaýewiñ, kömekçi işçiler Ý.Begmämmedowyñ, G.Tuwakkakaýewiñ özlerine tabşyrylan işleri birkemsiz ýerine ýetirýändiklerini nygtady. Şeýle-de, Gözli atadaky sogap işe öz goşantlaryny goşýan Nebitdagyñ gurluşyk detallary kombinatynyñ agaç ussasy D.Allamyradowyñ, "Welaýatgaz" önümçilik birleşiginiñ kebşirleýjisi M.Baýramowyñ, agaç ussasy Ö.Hojamýarowyñ, kömekçi işçi B.Annataganowyñ atlaryny hormat bilen tutdy. - Oglanlar, tüweleme, birek-birek bilen gaty agzybir, olar işlemegi-de, gülşüp-degişmegi-de başarýarlar. Iş wagtynyñ ýekeje minuty hem bisarpa tutulanok. Her kim öz etmeli zady bilen gümra. Şeýle bolany üçin hem metjidiñ gurlyşyk işi örän öndümli barýar - diýip, Begmyrat aga gürrüñ berýär. Gözli atada gurulýan metjidiñ göwrünu kiçi-kirim däl. Onuñ proektini Gulgeldi Hojamämmedow Arabystana zyýarat gidende şol ýerden alyp gelýär. Metjidiñ 1000 adam namaza durar ýaly giñ zal şekilli otagy, ini 6, uzynlygy 18 metr bolan eýwany, gelen myhmanlar dem-dynç alar ýaly 2 sany otagy bar. - Bu metjidi, Hudaý ýol berse, döwletimiziñ bäş ýyllyk garaşsyzlyk, özbaşdaklyk toýuna sowgat ederis. Onuñ dabaraly açylyşyny gurap, Türkmenistanyñ öz içinden, goñşy ýurtlardan myhmanlary çagyrarys - diýip, Gulgeldi Hojamämmedow gürrüñ berdi. Ildeşimiz, professor Tagandurdy Hallyýew "Diýar" žurnalynyñ 1993-nji ýylyñ 10-njy sanynda eden çykyşynda: "Dünýäniñ, taryhyñ mum ediji presine özünu bermedik halkym bu gün ýaý dek ýazyldy we öz arzuwyna gowuşdy. Ol bu gün öz aslyna, halky halk edýän taryhyna, medeniýetine, diline, däp-dessurlaryna, öz islän durmuş obrazyna gowuşdy. Ol geçmişdäki durmuşy gaýtalamak üçin däl, aslyñy añmak, tanamak, mertebesini duýmak: özüniñ bu dünýäde tötänleýin däldigini, beýleki halklar bilen ýaşytdaşdygyny hem deñ hukuklydygyny duýmak üçin geçmişe nazar salýar... Ilim täzeden döreýşi, beýik galkynyşy başdan geçirýär. Onuñ ruhy täzelenýär, kalby nurlanýar. Onuñ ruhy durmuşyna dünýewi we dini gymmatlyklar utgaşdy. Halkymyzyñ ruhy, ahlagy onuñ durmuşyna kybapdaş geldi" diýip ýazýar. Hak aýdylan sözler. Öz aslyndan üzülen halk hiç wagtda bagtly bolup bilmeýär, ol özüniñ buýsanjyndan, ar-namysyndan, din-imanyndan jyda düşýär. Türkmen özüniñ garaşsyzlygyny, özbaşdaklygyny gazanmak üçin asyrdan-asyra, ýowuz ýagylar bilen darkaş gurdy, jeñ meýdanynda baş alyp, baş berdi. Ýöne onuñ şol mukaddes arzuwyñ hasyl bolmagy üçin köp wagt, juda köp wagt gerek boldy. Men ikindinara ajaýyp peýzažy synlamak üçin daga tarap ýöneldim. Geçmişimiz hakda, şu günümiz hakda pikir öwrüp, ol ýerde ep-esli oturdym. Uly-uly din wekilleriniñ çekeleneni düýndi, merhum atasynyñ hatyrasyna sadaka berendikleri üçin añyrsy haram anonimkaçylaryñ gül ýaly ýigitleri wezipelerinden boşatdyranlary düýndi, ateistleriñ "Din adam üçin tirýekdir" diýen temadan leksiýa okaýanlary... düýndi. Bolupdy. Geçdigi bolawersin. • G.Hojamämmedowyñ portretine ştrihler Ol şol döwürlerde atlandyrylyşy ýaly, Çärjew obalstynyñ Darganata raýonynyñ Gyzyl Baýdak kolhozynda dünýä inýär. Käri boýunça mugallym. Çeper edebiýata söýgüsi, žurnalist bolmak arzuwy ong günleriñ birinde respublikan gazetiñ redaksiýasyna getirýär. Kalby hyjuwdan doly, basan ýerinden ot çykarýan ýigit özüni örän tiz aldyrýar. Onuñ döwrüñ wajyp meselelerini gozgaýan makalalary yzygiderli çap edilýär. Aradan onçakly köp wagt geçmänkä Gulgeldini SSSR Žurnalistler soýuzynyñ agzalygyna kabul edýärler. Öñ diñe çagalara niýetlenen goşgulary ýazyp ýören awtor hekaýadyr oçerk žanrlarynda hem öndümli işläp başlaýar. Ýakyn gatnaşyk saklap ýören ýazyjy-şahyrlary oña özbaşdak ýygyndylaryny kitap edip çykartmak üçin taýýarlamagy maslahat berýärler. Ol berlen maslahatlara eýerýär. Ýöne paýtagtda gül ýaly howlusy bolan, rahatja ýaşap ýören ýigit birden köpler üçin juda adama öwrülýär duruberýär. Ol Balkan welaýatynyñ merkezi bolan Nebitdag şäherinden 150 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gözli ata gonamçylygynyñ daş-töweregini tertibe salmak, şol ýerde metjit gurdurmak hyýalynyñ bardygyny mälim edende, hamala ony ilkinji gezek görýän ýaly, haýran galmak bilen gözlerini tegeleşip seredişýärler. "Aklyña aýlan-ow, Gulgeldi, Aşgabat nire, Balkan welaýatynyñ merkezinden ep-esli uzaklykda ýerleşýän gonamçylyk nire! Hemme arzuw hakykata öwrülýändir öýtmegin, seniñki-hä juda uly görünýär. Yzyñda gury "Gulgeldiniñ pylan zat edişi ýaly" diýen ýaly ýaramaz gep galdyran bolarsyñ sen" diýip, niýetinden dänmegi maslahat berýärler. Emma Gulgeldi "Atylan ok daşdan gaýtmaz" diýen pähime eýerýär. Şeýdibem, bilini berk guşap, kalbyndaky arzuwyny durmuşa geçirmegiñ ugruna çykýar. - Meniñ gaýyn atam Öwezmämmet hajy Mary welaýatynda belli adamlaryñ biri. Ol SSSR döwründe birgiden ýaşlara dini ugurdan ders beripdi. Ýaşulyny gat-gat gapylaryñ añyrsyna çagyryp, "tertip-düzgüne çagyrmak" kemini goýmandylar. Häli-şindi bolup duran "gel bäriler" halys ýüregine düşensoñ, ol bir sapar özünden sorag edýän epeý pyýada: "Siz, han ogul, meni beýdip horlap ýörmäñ, öldürip dynyñ. Men bir ýaşy birçene baran adam. Oglanlygymdan eşidenim dini gürrüñler, okanym dini kitaplar. Adamkärçiligi, ar-namyslylygy, dogruçyllygy, ündeýän zadyñ höküwmete näme zeper ýetirýändigine men-ä düşünýän däldirin" diýipdir. Hawa, gaýyn atam özi ýaly gojalar bilen aram-aram bäri - Gözli ata zyýarata gaýdardy. Elbetde, Hudaýyñ buýrugy bilen şeýle bolandyr-da, bir gün oturyp: "Ynha, bular ýaşlary birçene baran adamlar. Emma telim menzil ýol söküp, öz urugbaşylarynyñ mazarynyñ başynda aýat-töwir okap, olaryñ ruhlaryny şat edýärler. Adam ölýär, yzynda il-güne eden ýagşylyklary galýar. Gel, menem haýyr iş etmegiñ ugruna çykaýyn, "Yhlas bilen aglasañ, sokur gözden ýaş çykar" diýip, ýöne ýere aýdylan däldir. Niýetiñ düzüw, ýüregiñ arassa bolsa, Hudaý hökman goldap, işiñi rowaç eder" diýip oýlandym. SSSR döwründe köp ezýet berlen gaýyn atam üçin Hywadan ýörite ussalary getirip, howlusynda metjit gurdurdym. Soñ Gözli ata gonamçylygynda abadanlaşdyryş işlerini geçirip başladym. Özümiziñ niýetimizi welaýatyñ häkimi Rejepmämmet Puhanowa mälim edenimizde, ol bizi ikelläp goldady, haýyr işimizde rowaçlyk arzuw etdi. Men oña baş amanlygyny, ojak abatlygyny otursam-tursam keremli Tañrydan dileg edýärin. 1993-nji ýylyñ sentýabr aýynyñ soñky ongünlüginde şol mukaddes ýerde uly sadaka berdik. Oña döwletimiziñ çar ýanyndan, şeýle-de, Garagalagystan, Özbegistan ýaly ýerlerden myhmanlar geldiler. Welaýat häkiminiñ ýardam bermegi bilen zyýaratçylar Nebitdagda, Jebelde, Türkmenbaşy şäherinde guramaçylykly garşy alyndylar. Şeýle köp mähelleli sadakalar 1994, 1995-nji ýyllaryñ awgust aýlarynsa hem berildi. Indi awgustyñ 17-18-i aralygynda beriljek sadaka ykjam taýýarlyk görýäris. Bu ýere gelmeli myhmanlara niýetlenen ähli zerur zatlary ykjamlap goýduk - diýip, Gulgeldi Hojamämmedow gürrüñ berdi. Ol Gözli atanyñ il-günüñ gelim-gidimli ýerine öwrülmegi üçin nähili azap çekýändigi, nähili güýç sarp edýändigi barada hiç zat aýtmady. Belki, bu zähmetsöýer, il adamlary üçin mahsus bolan häsiýetdir. Olar hiç wagtda eden işlerini mazamlap, döşlerine kakmaýarlar. Emma halk diýeniñ mizan terezi, ol kimin kimdigini örän oñat bilýär. Gulgeldi Hojamämmedow üçin dynç alyş güni diýen zat ýok, ol dañyñ düýbi çyzylandan ýa Nebitdaga ýa Türkmenbaşy şäherine tarap ýola düşýär. Uzynly gününi ol edaradan beýleki edara baryp, metjit üçin zerur bolan gurluşyk materiallaryny gözleýär. Ol: - Amanmyrat, ynansañ, Aşgabatdaky öýümde diñe gyş paslynda ýaşaýaryn. Sebäbi bu ýeri juda sowuk bolýar. Ýylyñ galan döwrüni Gözli atada geçirýärin. Aýalym Bossanam, çagalaram bärde bolýarlar. Biz-ä indi çarwa durmuşyna öwrenişiberdigem - diýip, Gulgeldi Hojamämmedow gürrüñ berýär. Men onuñ ýan ýoldaşy bilenem gürrüñdeş boldum. - Men Gulgeldi Gözli ata gaýdarman bolanda, onuñ haýyr işini ikelläp goldadym. Dogry, ilki-ilkiler ýeñilem bolmady. Ýöne dura-bara öwrenişdik. Metjit gurýan gurluşykçylara, aýat-töwir okatmak üçin bäri sowulýan ýolagçylara biş-düş taýýarlaýarys. Aýgözel Jumaýewa, Annagül Ýagmyrowa, onuñ gyzy Şemşat dagy bu ýere Mary welaýatyndan ýörite geldiler olar uzynly güni ojak başynda geçirselerem ýeke gezegem nägile äheñde geplänlerini eşdemok. Sebäbi özleriniñ sogap iş edýändiklerine düşünýärler - diýip, Bossan biziñ bilen söhbetdeş bolanda aýtdy. Gulgeldi Hojamämmedowyñ iki ogly, bir gyzy bar. Arakdyr çilimden dynç adam olaryñ gowy ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin alada edýär. Ol iki oglunyñam dine köñül berendiklerinw begenýär, sebäbi diniñ adam ogly üçin terbiýeçilik mekdebidigine añryýany bilen düşünýär. Gulgeldiniñ uly ogly Gurbannazar Özbegistanyñ Buhara şäheriniñ Mir-Arap medresesini tapawutlanan diplom bilen gutarypdyr. Kiçi ogly Gurbanmyrat bolsa Özbegistanyñ Andijan şäherinde okap, kary bolup gelipdir. Olar il-günüñ hormatlaýan adamsy bolup ýetişseler, kakalarynyn armany ýok. Soñky döwürde diýarymyzyñ ähli welaýatlarynyñ merlezi şäherleriniñ demirýpl wokzallarynda ýörite namaz okalýan otaglar peýda boldular. Olar zerur bolan ähli amatlyklar bilen üpjün edildiler. Şol namaz okalýan otaglaryñ Gulgeldi Hojamämmedowyñ irginsiz aladasy netijesinde peýda bolandyklaryny biziñ köpimiz, bilýänem däldiris. 1994-nji ýylda "Gözli ata" haýyr-sahawat jemgyýeti döredilip, oña ýolbaşçylyk etmek Gulgeldi Hojamämmedowa ynanylypdy. - Biziñ jemgyýetimiz maýyplara, ýetim-ýesirlere, ýagşy niýetler bilen metjit gurýanlara kömek edýär. Geljekde gurulýan metjidiñ töweregine ýol, suw, gaz, tok getirmegi, bag-bakja ösdürip ýetişdirmegi arzuw edýärin - diýip, işjanly ýigit gürrüñ berýär. Men onuñ arzuwlarynyñ hökman amala aşakdygyna ynanýaryn. Sebäbi ol tutan ýerini goparmasa ynjalmaýan örän galjañ adamlaryñ hilinden. • "Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup..." Balkan welaýatynyñ juda baý taryhy geçmişi bar. Bu ýerler beýik Azadynyñ, Magtymgulynyñ, Zeliliniñ, Garajaoglanyñ, Ärsarybabanyñ, Gözli atanyñ, Aba serdaryñ, Wepaýynyñ, Döwletmämmet Balgyzylyñ, Baýram şahyryñ... mekany. Şu şahyrlaryñ, serkerdeleriñ, din wekillwrinuñ hersi barada örän täsirli kinofilm, täsirli kitap, monografiýalar tapgyryny ýazmak boljak. Elbetde, bu ajaýyp şahsyýetleriñ käbiri barada ýazylan işler bar. Ýöne olar ýeterlik däl. Ildeşimiz, taryh ylymlarynyñ doktory Hemra Ýusubowyñ gözlegleri, döwürleýin metbugatdaky çykyşlary biziñ göwnümizden turýar. Aramyzdan juda ir giden taryh ylymlarynyñ doktory Amantagan Begjanow özünden soñkulara "Gömlen akabalar, göçülen ýurtlar", "Ärsarybaba" ýaly ýene sanlyja ýyldan gündiz eliñ çyraly gözleseñem tapyp bolmajak ajaýyp kitaplary miras goýup gitdi. Bu kitaplarda Balkanda ömür süren taryhy şahslaryñ birnäçe barada örän gymmatly materiallar ýerleşdirilipdir. Tebigat zehinleri juda seýrek eçilýär. Kim bilýär, belki, ýene elli ýyldanmy, ýüz ýyldanmy, beýikleriñ ençemesini dünýä beren toprakda ýanyp duran zehinli çagajyk dünýä iner. Ol ulalar, kemala geler. Günleriñ birinde bolsa gadymy taryhyñ bir çetinden girer. Okar, bellik eder, oýlanar, netije çykarar. Onsoñ öz pikirlerini kagyz ýüzüne geçirer. Dramamy, romanmy, ylmy monografiýalarmy... dünýä iner. Halk ony ruslaryñ A.Tolstoýyñ "Pýotr-I"-ni, özbekleriñ Aýbegiñ "Nowaýysyny", gazaklaryñ M.Auezowyñ "Abaýyñ ýoly"... kitaplaryny okaýyşlary ýaly teşnelik bilen okarlar. Şeýdibem, Hudaýyñ gudraty bilen dünýä inen üýtgeşik zehinli ynsan öz halkyny beýgelder, halk-da öz gezeginde onuñ adyny arşa göterer... • "Minnetdarlyk sözi sada bolarmyş..." - Türkmen diýeniñ bir asylly, ýukaýürek halk-da. Ol ata-baba bir işiñ başyny tutan adama elinden gelen kömegi berip gelipdir. Gyzlar üçin üme, erkekler üçin ýowar edilip durulypdyr. Üstünden näçe asyr geçse geçibersin, wagtyñ çañ-tozany ajaýyp zatlaryñ üstüne siñerden ejiz gelýär. Gözli atada işläp başlan ilkinji ýyllarym, dogrusy, hopugmanam durmadym. Ýöne, ömri uzak bolsun, welaýat häkiminiñ ýolbaşçylygynda "Türkmen goşy dura-bara" diýen ýaly, işler ugrugyp gitdi. "Balkannebitgazgurlyşyk" trestiniñ uprawlýaýuşisi Süleýman Berdialyýew bilen ykjam gatnaşyk saklaýaryn. Hudaý köp görmäwersin, terbiýe gören ýigit bolmaly, haçan ýanyna barsam, işi-derdi özüne ýetik, emma ýeke gezegem ýüz ýygrykdyranyny görmedim. Her gezek: "Işan aga, geleweri!" diýip, örän gadyrly garşylaýar. Tüweleme, ýanynda işiñ müşgili ýok, derrew bitirip goýberýär. "Balkannebitgazgurluşyk" trestiniñ awtotransport kärhanasynyñ naçalnigi, hamrak ýigit Sapar Garajaýewe-de keremli Tañrydan uzak ömür dileýärin. Şol kärhananyñ sürüjileri her ýyl berilýän sadakada Gözli ata zyýarata gelýän adamlara ýüz ýygrykdyrman hyzmat edýärler. Öñ bu ýerde onuñ ýolbaşçylyk edýän kärhanasyndan Täçguly Kulyýew diýen sürüji işläpdi. Şeýle bir ýumry-ýumşak, sypaýy oglan. Eýläk-beýläk gatnap, günüñ dowamynda azyndan 300 kilometr ýol geçilýär. Emma gaşyny çytanyny görmersiñ. "Işan aga, gulluk" diýip durandyr. Häzir keramatly ýerde Tölegen Kuldaşow sürüji bolup hyzmat edýär. Onuñam gylyk-häsiýeti edil Täçgulyñky ýaly. Şeýle iner ogullary kemala getiren maşgalalaryñ ojaklary döwletli bolsun. Men siziñ gazetiñiziñ üsti bilen "Balkangeofizika" eksedisiýasynyñ naçalnigi Nurjan Geldiýewe, "Türkmennebitgazhyzmat" uprawleniýesiniñ Balkan bölüniniñ naçalnigi Seýitguly Durdygulyýewe, gurluşyk detallary kombinatynyñ başlygy Nazar Eminjanowa, "Welaýatgaz" önümçilik birleşiginiñ başlygy Hudaýberdi Allaberdiýewe, Tamponaž uprawleniýesiniñ naçalnigi Ýagmyr Ballakowa, Balkan gözleg buraw işleri uprawleniýesiniñ başlygy Amanberdi Hojaýewe we beýleki ýoldaşlara öz çäksiz minnetdarlygymy bildirýärin. Hudaýyñ hasapsyz zady ýokdur, il-güne bir ýagşylyk etseñ, ol yzyna müñ ýagşylyk bolup gaýdyp geler - diýip, Gulgeldi Hojamämmedow aýdýar. Gözli ata şol geçen ýyllarda-da menzil aşyp, ogryn-dogryn zyýarata gelipdirler; merhumlaryñ ruhlarynyñ şat bolmagy üçin aýat-töwir okapdyrlar. Döwür-döwranlar üýtgäp, Türkmenistanam sähetli günleriñ birinde özbaşdaklygyny, garaşsyzlygyny gazandy. Dinimize, däp-dessurlarymyza giñ ýol açyldy. Asyrlar aýlansa-da, goý, hiç wagtda şol ýola çaýyr bitmesin! Türkmen öz ruhy köküne buýsanyp, guwanyp gezsin! • Sözsoñy Ýene-de sanlyja günden bu öý ýene janly keşbe girer. Içi Türkmenistanyñ ähli welaýatlaryndan, Garagalpagystandan, Özbegistandan, Eýran Yslam Respublikasyndan gelen myhmanlardan doly awtobuslar, ojak başynda dümtünişýän baýdal boýly gyz-gelinler, ak sakgallary ýüzlerine nur, mähir berýän gojalar, ýeñil gopýan ýaş ýigitler Gözli ata özboluşly bezeg bererler. Keramatly ýerde paýyş sözler aýdylmaz, kimdir biriniñ gybaty edilmez, ýalan-ýaşryk sözlenmez, myhmanlar diñe bir dilde - dostluk-doganlyk dilinde gürleşerler. Iñrik garalyberen uçurlary bolsa köpi gören gojalar baryp-ha atam döwründen galan, ýöne buz ýaly suwuny gelene-gidene sahylyk bilen eçilip duran guýynyñ suwundan demlenen ajy gök çaýyñ başynda gadymy gürrüñleriñ bir çetinden girip ugrarlar. Gulgeldiniñ weli aladasy hasam artar: geleni garşylar, gidene "Me, sadakanyñ zadyndam çagalaryñyza-da dadyryñ!" diýip, gawun ýa garpyz hödürlär. Ýola düşýän her bir adam onun arkasyna kakar-da, "Berekella, ogul, ajap iş edýäñ. Döwletiñ yrylmasyn, ogul-gyzyña guwan!" diýer. Bu sözler Gulgeldi Hojamämmedow üçin iñ uly serpaý bolar. Hawa, ol žurnalistikadan el çekdi, çagalar üçin goşgular, ulular üçin hekaýalar ýazmasyny goýdy. Ýöne munun aýby ýok, sebäbi ol has zerur, has sogap işe baş goşdy. Şol iş hem onuñ ömrüni zyýar eder. Men muña ynanýan. Amanmyrat KIÇIGULOW. "BALKAN" gazeti, 01.08.1996 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |