19:31 Agajanyñ abraýy | |
AGAJANYÑ ABRAÝY
Baýramalynyñ üstünden otluda ençeme sapar eýläk-beýläk geçsem-de, bereketli topragyna dabanym kakmandy. Ýetmiş ýaşa ýetip barsam-da, saglygymdan nägile däldim. Dynç alyş öýlerinde-de, şypahanalarda-da bolmandym. Ömrüñ ötýänçä beýle saglyk tapylyp durmaýar. Nähoşluk ýürekden başlandy. Nebitdagda newrolog lukman Ahmet Kadyrow Baýramalynyñ sagaldyş sanatorisine gitmegi maslahat berdi. Üç adam bolup şypahananyñ howlusynyñ basgançagyndan ätledik. Çat garşymyzdaky kabulhana ýetip barýarkak, uzyn boýly, ak ýüzli mylaýym ýigit gapdalymyzdan çykdy. Mähirli salamlaşdy. Saglyk-amanlyk alyşdyk. Kabulhananyñ garaşylýan jaýyna girip oturdyk. Ýañky ýigidi kabulhananyñ işgäri hasapladym. Ondan: - Siz näme kär bilen meşgullanýarsyñyz? - diýip soradym. Ol: - Kärim lukman - diýip jogap berdi. Melhemhanada ýerleşmäge kömek etdi. Ertesi meni ýanyna çagyryp, dabanymdan tä başyma çenli ýiti nazaryny aýlady. Agajan lukman sorag berdi. Men hem hiç zady gizlemän, jogap gaýtardym: - Ýüregiñ kä gijeler gürsüldäp gaty urýarmy? - Hawa, urýar. - Sähel zada gaharyñ gelip, içiñe salýarmyñ? - Hak aýdýarsyñyz, gahar içde saklanýar? - Gijeler agzyñyz, bokurdagyñyz gurap, hopugyp oýanýarmysyñyz? - Munyñyz-da dogry. Şeýle ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanyp durýar. - Içiñiz gataýarmy? - Hawa. Sorag-jogapdan soñ köneleriñ aýdan sözi ýadyma geldi. Älemde dünýä inem çagalara Allatagalam müñ-de bir hünär paýlarmyş. Şol hünäe boýunça ynsanyñ ykbaly çäklenýärmiş diýerdiler. Agajana beýik Tañry lukmançylyk kärini joşupdyr-ow diýip, içimi gepledenimi duýman galdym. Tanyşlygyñ soñunda Agajan lukman: - Durmuşyñ oýny köp. Begençli günleri bilen bir hatarda gussaly günleri-de bolýar. Adamyñ edýän tagallalary islenýän netijesini bermese, nerw dartgynlygy emele gelip, barha güýjeýär. Bu bolsa ýürek-gandamar sistemasyna, garyn-içegäniñ kadaly işlemegine zeper ýetirýär. Netijede, adamda ýürek agyry, süýji keseli, iç gatama ýaly nähoşluklar peýda bolýar. Bu keselleriñ derdinden adamlar emgek baryny çekýärler. Şoña görä-de ýygnanan otrisatel energiýadan "boşanmagy", ondan saplanmagy başarmaly - diýip, içe düşümli gürrüñ berdi. Agajan Rejebow 1960-njy ýylda Baýramaly şäherinde dünýä inýär. Şu şäherdäki 1-nji dünýewi mekdebi tamamlaýar. Şol ýyl Türkmen döwlet medisina institutynyñ bejeriş-profilaktiki fakultetine okuwa girýär. Ol baýry mugallymlaryñ berýän leksiýalarydyr seminar sapaklarynyñ ýekejesini-de sypdyrman diñleýär. 1984-nji ýylda instituty tamamlaýar. Agajan Rejebow Baýramaly şypahanasyna işe ugradylýar. Şondan bäri şu ýerde yhlasly zähmet çekýär. Häzir ol şypahananyñ bölüm müdiri. Agajanyñ işi jogapkärli. Ol ýürek bilen iş salyşýar. Ol özüni uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly alyp barmagy başarýan dili süýji lukman. Hawa, ol "Saglyk" syýasaty bilen baglanyşykly meseleleri öz işleýän şypahanasynda durmuşa geçirmekligiñ oý-pikirini, aladasyny edýär. Ol bir sözünde ýurdumyzyñ adamlaryna hyNat edip, saglygyny dikeldip bilsem, şu dünýede armanym galjak däl" diýip, içki syryny mälim etdi. Agajan Rejebow ýüreginde beslän maksadyna ýetipdir. Munuñ şeýledigine özüni bejerden näsaglaryń ýazgy depderindäki galdyran minnetdarlyk ýazgylary-da şaýatlyk edýär. Aşgabat şäherinden Abadangözel ATAGARRYÝEWANYÑ minnetdarlygy: "1995-nji ýylyñ aprel aýynda Baýramaly sanatorisiniñ üçünji korpusynda öz saglygymy dikeldenimde, maña sereden eli ýeñil lukman Agajan Rejebowa ullakan minnetdarlyk bildirýärin. Uly iliñ jana-jany, Lukmanlaryñ hekimi siz. Goý, adyñ gezsin illerde, Waspyñ düzülsin dillerde. Bagtly bolsun başyñyz, Oñuna bolsun işiñiz. Goý, uzyn bolsun ýaşyñyz, Lukmanlaryñ hekimi siz". 1995-nji ýylyñ maý aýynda saglygyny dikelden Mary şäherinden Altyn Nurýagdyýewa bir bent şygyr galdyrypdyr: Näsaglara yhlas bilen seredip, Olaryñ añynda ynam döredip. Ýürekleriñ törlerinden ýer edip, Lukmanlar içinde belli Agajan. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryñ alkyşy: "Biz üç sany uruş weterany - 1995-nji ýylyñ 18-nji iýulynda saglygymyzy dikeltmäge geldik. Bölüm müdiri Agajan Rejebow yhlas bilen saglygymyza seretdim biz eli ýeñil lukmana minnetdarlygymyzy bildirýäris" diýip, ýazgynyñ yzyna Aşyr Öwezow, Suhan Annanurow, Magtymguly Şabasanow gol çekipdir. Minnetdarlyk kitaby 1995-nji ýylda döredilipdir. Muña garamazdan, adamlar onlarça minnetdarlyk hatlaryny galdyrypdyrlar. Agajan Rejebow meniñ saglygyma uly kömek etdi. Ýüregimiñ gaty urmasy aýryldy. Şükür Hudaýa, ýürek ýerinde kadaly işläp başlady. Oba gaýtmazymyzyñ öñ ýanynda ýene ganymy barladylar. Lukman Agajan: "Agam, süýji keseliñ kadalaşypdyr" diýip begendirdi. Köneler "Alym bolmak añsat, adam bolmak kyn" diýerdiler. Agajan hakyky Adam. Oña uzak ýyllar jan saglygyny, abraýynyñ mundan beýläk-de artmagyny arzuw edýärin. 1997 ý. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |