04:44 Akgoýunly we Garagoýunly türkmen şalary barada | |
■ AKGOÝUNLY TÜRKMEN ŞALARY BARADA
Taryhy makalalar
Akgoýunlylaryň ýurdy Diýarbekir. Ol türkmen taýpasyndandyr. Gadymy mesgenleri Türküstandyr. Garyndaşlary Garagoýunly bilen Argun han zamanynda Azerbaýjana geldi. Soň garagoýunlylar Azerbaýjan, Siwas etraplarynda watan tutdylar. Akgoýunlylar Diýarbekr tarapda mekan tutdylar. Gün-günden kuwwatlanyp işleri rowaç aldy. Içlerinde Alaeddin Turaly beg ýere dawa edip, Mosul tarapdan ýüze çykdy. Meşhur Uzyn Hasan ýokarda agzalanyň öwlatlaryndan bolup, Yrak we Töwriz häkimi Gara Ýusubyň ogly Jahanşa bilen birnäçe gezek jeň edip, Yragy we Azerbaýjany eýeledi. Hijriniň 873-nji ýylynda Mawerennahr häkimi Teýmirleňiň neslinden Abuseýit, Jahanşanyň ýurdyny elinden almakçy boldy. Emma Uzyn Hasan muňa ýol bermän, özi eýeledi. Şeýlelikde, Uzyn Hasan ýeňiji bolup, Abuseýidi we ähli esgerlerini gylyçdan geçirdi. Hijriniň 876-njy ýylynda Uzyn Hasan Rumy basyp almak üçin talaň edip, ondan Garaman welaýatlaryna girip, Garaman begi bolan soltan Muhammet ogly soltan Mustafa bilen uly söweşler etdi. Netijede, ajam taýpasy ýeňlişe sezewar bolup, gylyçdan geçdi. Ogullarynyň birine Bagdat begligini, beýlekisine Diýarbekr begligini, üçünjisine Azerbaýjan begligini berip, özi keýp çekmek bilen meşgullandy. Bu bolýan zatlar ýurt adatyna deň gelmäni üçin ýigrenç döräp, Diýarbekr sahyby Ýakyp beg atly kişä habar iberdiler. Kakasynyň ýerine tagta çagyrdylar. Hijriniň 893-nji ýylynda Şyh Haýdar ibn Jüneýit Erdebiliň sopulary bilen Şirwana baryp, Şamahy Şirwan şasynyň elinden alyp, ony eýeledi. Şirwan şa Ýakupdan kömek isledi. Ol hem Halyl sopy we ogly Süleýman begi biraz esger bilen Şyh Haýdaryň üstüne iberdi. Şyh Haýdary tutup öldürdiler. Şirwany eýesine tabşyrdylar. Soňy. ■ GARAGOÝUNLY TÜRKMEN ŞALARY HAKYNDA Bularyň başy beglik bilen belli bolan Baýram Hojadyr. Hijriniň 777-nji ýylynda, 4 aý Mosuly gabady. Soň aman bilen basyp aldy. Onda ýurt eýeläp, hijriniň 780-nji ýylynda wepat boldy. Öwladyndan äşgär bolanlar Teýmir we Osman patyşalary bilen uly jeňler etdi. Ýokarda agzalan öwlatlaryndan Gara Ýusup atly kişi gelip, Ýyldyrym hanyň Ajam üstüne gelmegine meçew berdi. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |