12:28 Hindistanyñ Gujarat we Gilanşalar hanedanlyklary | |
HINDISTAN ŞALARY
Taryhy makalalar
Hindistanyň uly basybalyjylary Gaznalylaryň, Gurlaryň, Horezmşalaryň zamanynda bolupdyr. Hintde köp adamlar patyşa bolupdyr. Olar barada giňişleýin aýtmak mümkin däldir. Olar barada bu kitapda düşündiriş bermek biziň maksadymyza laýyk däldir. GÜJARAT ŞALARY BARADA Olaryň başy soltan Muzaffarşahdyr. Ol batyr we at gazanan adamdy. Soň ogly Muhammetşa soltan boldy. Soň Eleň ogly Nyzameddin Ahmetşa soltan boldy. Ol gowy häsiýetli, mähirli ulama we ähli kişä haýyr getirýän adamdy. 14 ýaşynda patyşa bolup, uzak wagtlap soltanlyk etdi. Ol Ahmedabat atly şäheri bina etdi. Paýtagt edindi. Hekaýat: Ýokarda agzalan bir gün şikara çykyp kanal kenarynda bir derwüşi gördi. Mümkin ol Şyh Yshak halypasyndandy. Ol derwüşiň ady Şyh Lämady. Ahmetşa ony görüp, atyndan düşdi. Oňa salam berdi. Aýtdy: “Eý derwüş, meniň adym Ahmet”. Ol: “Meniň adym Läme” diýdi. Soňra Ahmet: “Bu kanaly maňa bagyş et. Men bu kanaly bina etjek şäherime elteýin. Ol şähere Ahmedabat diýip at bereýin” diýdi. Şyh: “Soltan Ahmet, sen näme diýseň, şol bolsun” diýdi. Ahmet şa şäherden çykyp gitdi. Ol kanalam ugruny üýtgedip, Ahmet şahyň yzyndan şäher tarapa akyp başlady. Soň Ahmetşa aradan çykdy. Ýerine ogly soltan Mahmyt şa boldy. Ol köp bagtly patyşa boldy. Hijriniň 760-njy ýylynda ol aradan çykdy. Onuň oglanlary 960-njy ýyla çenli Güjaratda höküm sürdüler. Gilan şalary barada Gilan ýurdy iki bölekdir. Bir bölegi Lahyjandyr. Beýleki bölegi Reştdir. Lahyjanyň patyşalary Muhammet pygambermiziň neberelerindendir. Bu barada saadatlaryň ýagdaýy we halypalaryň döwri beýanynda gysgaça aýdyldy. Olaryň ata-babalaryndan emir Sifi uly şyhdy. Oňa köp adamlar, şägirt bolup, soň mukaddes söweşler edip, özünden soňra öwlatlary mälik boldular. Olaryň ýagdaýlary barada mälim däldir. Emma han Ahmediň kakasy soltan Muhammediň ogly Hasan köp zaman gowy gylyk-häsiýeti we adyllygy bilen hanlyk edip, aradan çykdy. Ogly han Ahmet patyşalyk tagtyna geçdi. 38 ýyl soltanlyk sürdi. Soň patyşa Tahmasp han Ahmedi tutup, Kähkähe galasynda birnäçe wagt tussag etdi. Tahmasp aradan çykdy. Hijriniň 975-nji ýylynda Ogma şa Ysmaýyl soltan bolandan soň han Ahmedi tussaglykdan boşadyp, ýurduna iberdi. Onda baryp, Kemakan han öldi. Şu wagt Lahyjan we Mazenderanyň ähli ýeri onuň elindedi. Emma Reşt hanlary köp ýyllaryň dowamynda han boldular. Olara Etken nesli diýerler. Paýtagtlary Kumendedir, hal-ýagdaýlary barada ýazylmandyr. Ol taýpadan bize mälim zat Yshak begdir. Soň ogly soltan Alaeddindir. Soň onuň ogly Hesam begdir. Soň ogly emir Duwaçdyr. Soň Muzaffar handyr. Şa Tahmasp oňa gyzyny berip, ony giýew edinipdir. Soltan Süleýman han Bagdada baranda ýokarda agzalan Muzaffar han 10 müň adam bilen gelip duşuşdy. Şa Tahmaspdan gaty şikaýet etdi. Soltan Süleýman ony Ruma alyp gitmek isledi, razy boldy. Yzyna Watana gitdi. Soltan Süleýman han Ruma gelende Şa Tahmasp Gilana baryp ýeňiji boldy. Muzaffar hany tutup, bir ulaga mündürip, soňra Töwrizde Bezzazystan minarasyndan asdy. Oňa enaýat(kömek) edip, üç gezek ok atyp, urup bilmedi. Ol ýagdaýda soltan Muzaffar oňa ýaman sögdi. Soň ony getirip, Jahanşa minarasynda asdy. Nebit bilen ony ol ýerde ýakdy. Soň Reşt Gilanda Muzaffar han ogly Bahram Mürzäni häkim belledi. Soňra zäherlenip, dogany Mahmyt han öldi. Soň Şa Tahmasp ony bir usul bilen getirdip, goýbermedi. Ogly Ýetim Jemşit hany ähli welaýat şalygyna mynasyp görüp, han etdiler. Hijriniň 980-nji ýylynda aradan çykyp, ogly Muhammet şa han boldy. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |