20:41 Teýmirleñ barada rowaýat | |
TEÝMIRLEŇ BARADA ROWAÝAT
Taryhy makalalar
Teýmirleň Samarkandyň golaýyndaky Keş atly şäherdendir. Ata-babalary Garaja Baýunan atly adam Çingiz hanyň emirlerinden bolup, Çagataý ibn Çingiz han Türküstandan, Mawerennahra gelende Teýmirleň bilen gelip, onda ýerleşdi. Käbir rowaýatda Teýmirleňiň ene tarapynyň (dinastiýasy) Çingiz handan diýilýäni dogry däldir. Kakasy Turagaý garyp daýhan maşgaladandy. Teýmirleň gowşak ýagdaýlydy. Emma Teýmirleň wezipä geçende ýuwaş-ýuwaş ösdi. Durmuşyň kynçylyk ýagdaýynda güýçlendi. Haramlyk ýoluna ýolagçy boldy. Bir gezek bir ýerden bir geçi ogurlanda çopan Teýmiri bir taýak bilen urdy, aýagyny agsak etdi. Ol jähtden oňa “Leň Teýmir” diýerler. Şeýlelikde, oňa Teýmirleň ady galdy. Şol döwürde bir ýagşyzada bardy. Adyna Şemseddin Fahury diýerdiler. Öz dilegine jogap alýan adamdy. Bir gün Teýmirleň baryp, oňa bir geçi sowgat berdi. Şemseddinden özünüň maksat-myradyna ýeter ýaly, doga etmegi haýyş etdi. Şemseddin Teýmirleňiň ähli arzuwlarynyň hasyl bolmagy üçin doga etdi. Ol günden Teýmirleňiň işleri ugruna boldy. Teýmirleňiň ykbal ýyldyzy bagtyýarlyk asmanynda ýaldyrady. Ol barada taryhy kitaplarda köp beýan edilýär. Jaýtu soltanyň ogly mälik Abuseýit aradan çykdy. Ýerine geçer ýaly hiç kim galmady. Soň emeldarlarynyň arasynda jedel we garşylyk emele geldi. Soň Türküstan ilinde Gyzgyn atly bir uly şan-şöhratly patyşa bar diýdiler. Mawerennahara gelip, ol ýeri boýun egdirdi. Gyzgyn 12 ýyl hanlyk höküm sürdi. Soňra hijriniň 759-njy ýylynda Teýmir gaýyn enesi bolan Kynlygy şikarda wagty urup öldürdi. Gyzgyn hanyň ogly eMürzeda Abdylla Samarkantda häkimdi. Türküstana gelip, Aheň saraýda kakasynyň tagtynda han boldy. Soň Samarkanda baranda öldürildi. Emirleriniň arasynda köp jedel dawa bolup, hersi kuwwatly bir welaýatda emir boldular. Teýmirleň ýene ol wagtda özüne boýun bolman ähli bozuk kişileriň köp bölegini jem edip, Watany bolan kişä zulum etdi. Emir Hüseýin ibn Messla ibn Gyzgyn kakasynyň dogany Abdyllanyň birnäçe welaýatyny basyp alyp “han” adyny gazandy. Hijriniň 661-nji ýylynda Türküstan welaýatyndan Çebte hany Togtamer ibn Ehil Hoja ibn Dawut han ibn Çagataý gelip ähli Mawerennahry boýun egdirdi. Soň yzyna Türküstana gitdi. Gaýtadan Mawerennahrda emiriň garşylyk edýänini eşidip, yzyna geldi. Tertip-düzgün girizip, ol öz dogany Hoja Ylýas oglyny orunbasar goýup, özi Çete welaýatyna gitdi. Ýokarda agzalan Tugtmer Mawerennahra gelende Teýmirleňe begenip oňa Keş begligi üçin ygtyýar berdi. Soň Ylýasyň ogly bilen arasyna gorky düşüp, çykyp, emir Hasan ibn Gyzgynyň ýanyna bardy. Onda ähli arzuwlary hasyl boldy. Soň emir Hasan çykyp, Balh sahyby emir Selduz kakasynyň dogany Abdyllany öldürdi. Onuň jeňine bardy. Selduz gaçdy, emir Hüseýin onuň welaýatyny basyp aldy. Soň Sejistan begi bilen söweşip gaçdy. Teýmirleňiň eline bir ok degip, eli hem aýagy ýaly amaldan galdy. Soň emir Hüseýin Türküstanda, Mawerennahrda birnäçe gezek söweş edip, kakasynyň ähli doganynyň ýurduny özüne tabyn etdi. Teýmirleň emir Hüseýin bilen bilelikde ähli jeňe gatnaşdy. Ýöne Samarkandy basyp alanlaryndan soň, Teýmirleň kuwwatlanyp, soltanlyk dawasyny etdi. Emir Hüseýin bu ýagdaýy eşidip, gahary geldi. Hijriniň 767-nji ýylynda onuň jeňine Şirbahram atly kişini, biraz esger bilen iberdi. Gaçyp Jeýhun derýasyna düşdi. O bir tarapa çykyp, birnäçe ýüz adam bilen Nesf şäherini basyp, halkyny öldürdi. Galasyna girip, sägindi. Emir Hüseýiniň jeňine birnäçe gezek esger iberip, Teýmirleň ýeňilip, Buhara bardy. Ondan Horasana geçdi. Soň Hyrat patyşasy mälik Yzzeddin Hüseýin Gurlydan howp edip, Alty ýüz atly adam bilen yzyna Mawerennahra geldi. Öň Hojent begi bilen aralarynda köp söhbet bolmany üçin ony ýanyna çagyryp, onuň bilen birigip, birnäçe gezek emir Hüseýin bilen jeň etdi. Teýmirleň bir gezek ýeňiji boldy. Soň emir Hüseýin bu ýagdaýy görüp, Teýmirleň bilen parahatçylyk jarnamasyny baglaşdy. Teýmirleňi öz huzuruna çagyrdy. Öňki mertebesine belledi. Hijriniň 669-njy ýylynda Kabulyň adamlary emir Hüseýiniň garşysyna durdular. Ol Teýmirleňi olaryň jeňine iberdi. Teýmirleň baryp, ýeňiji boldy. Kabullylary basyp aldy. Soň emir Hüseýin Badahşan garşysyna söweşip, Teýmirleň bilen olaryň jeňine bardy, ýeňiji boldy. Emir Hüseýin sag-salamat Balha geldi. Teýmirleň öz obasy bolan Keşe bardy. Hijriniň 771-nji ýylynda emir Hüseýin bilen Teýmirleňiň arasyna köp duşmançylyk düşüp, Teýmir Çagataý öwladyndan Sýurgtmyş atly oglany han belledi. Badahşan häkimi, Termiz häkimi, Gunduz häkimi, Hetlan häkimi bilen çykyp, Balh tarapa üns berdiler. Emir Hüseýin bu ýagdaýy eşidip, Derbent agzynda sährada oturup düşledi. Teýmirleň ýagdaýdan habary bolup, öz esgerlerine: “Men bu Derbentde bir ogryn ýol bilýärin. Ol ýoldan baryp, emir Hüseýiniň yzy bilen gylyç goýaly” diýdi. Bütin gije gitdiler. Olar Derbentde bölündiler, ähli esgerleriň emir Hüseýiniň elinde heläk bolandygyny takyk bildiler. Soň Teýmir olara beýle bolmaz diýdi. Teýmirleňiň permany bilen ähli goşun ýuwaşlyk bilen baryp, emir Hüseýiniň esgerleriniň garşysynda düşlediler. Atlaryny çaýyra bagladylar. Ony görkezdiler, özi hem emir Hüseýin esgerlerindendir. Wagt gelende ählisi jem bolup, bir ýerden atlaryna münüp, emir Hüseýiniň esgerleriniň üstüne hüjüm etdiler. Olardan köp adam öldürüldi. Emir Hüseýin müň beladan gaçyp, Balh galasyna girdi. Teýmirleň yzy bilen gelip, ony Balhda mäkäm gabady. Netijede, emir Hüseýin aman diläp, şäheri Teýmirleňe berdi. Teýmirleňiň hökümi bilen gizlinlikde maksat edip, ol gün gözikmedi. Bir minara çykyp, onda düşledi. Birden bir adam bir ulagyny ýitirip, emir Hüseýiniň çykan minarasyna çykdy. Emir Hüseýini gördi. Soň inip, Teýmirleňe habar berdi. Teýmirleň adam iberdi. Ony tutup getirdiler. Teýmirleň ony görende hormat edip, aralarynda bolan öňki hukuklaryny ýatladylar. Hetlan häkimi Keý Hysrow emir Huseýni şol mejlisde öldürdi. Çünki emir Hüseýin ýokarda agzalanyň dogany Keý Kubady öldüripdi. Teýmirleň Balhda soltanlyk tagtynda oturyp, patyşa boldy. Soň Samarkanda gelip, ony paýtagt etdi. Onda ähli samarkantlyny we öz garşydaşlaryny hem çagyryp, myhman aldy. Olaryň şeraplaryna awy goşup bir toparyny öldürdi. Hijriniň 773-nji ýylynda Horezm diýaryna gelip, köp pyssy-pujurlyk etdi. Horezm şäherini mäkäm gabady. Ol wagtlar Horezmşay emir Hüseýin Sopy ýogalyp, ýerine dogany Ýusup Sopy şa bolupdy. Ol galadan çykyp, Teýmir bilen parahatçylyk yglan etdi. Teýmirleň gelip, Samarkanda gitdi. Hijriniň 780-nji ýylynda Teýmir gaýtadan Horezme gelip, 3 aýlap şäheri gabady. Ol wagt Hakyň gudraty bilen Ýusup Sopy aradan çykdy. Teýmirleň şähere girip, talaňçylyk etdi, köp halkyny gyrdy. Ulama we şyhlary gorap, sürüp, Keşe getirdi. Hijriniň 782-nji ýylynda Horasana gelip, birnäçe ýerleri basyp aldy. Hijriniň 783-nji ýylynda Teýmirleň Horasana gelip, Hyrat şäherini mäkäm gabady. Patyşa mälik Gyýasseddin ibn Mozaffereddin Hüseýini aman bilen Samarkanda getirdi. Ony Samarkantda tussag etdi. Hijriniň 785-nji ýylynda öldürdi. Teýmirleň Hyrata girip, Gur patyşalarynyň mal-mülküni, hazynasyny aldy. Soň Ysfyraýyna baryp aldy. Galany ýakyp haraba etdi. Bu senede Mongol patyşasy mälik Muhammet ibn Fahruddin Hyraty Teýmirleňiň emiriniň elinden aldy. Soň Horasan häkimi Miranşah ibn Teýmirleň onuň üstüne baryp, olary gyrdy. Olaryň kellesinden bir uly beýik minara etdi. Bu senede Teýmirleň Sejistane bardy, halk galalary gaçypatalga edindi. Soň Teýmirleňden aman talap etdiler. Teýmirleň olara şu şertler bilen aman berdi. Şertiň netijesinde halk olary ok-ýarag bilen üpjin etmelidi. Halk olary kanagatlandyrmak üçin başga zatlar hem berdiler. Wagty gelende Teýmirleň olaryň erbet niýetleriniň bardygyny bilip, özi olaryň üstüne bir ýerden hüjüm edip, ählisini gylyçdan geçirdi. Olaryň içlerinde juma namazyny okar ýaly adam galmady. Bu ýagdaýdan soňra Teýmirleňe Tus, Sarahs, Şiraz we Nyşapur häkimleri tabyn boldular. Hijriniň 788-nji ýylynda Teýmirleňiň esgerleri gelip, Azerbaýjany Bagdat häkimi Ahmediň elinden aldylar. Hijriniň 785-nji ýylynda Teýmir Yspyhana gelip, ähli ýaşaýjylara garşy durdy, tabyn bolmaklaryny talap etdi. Teýmirleňiň yzynda şäheri goramak üçin baýlyk almak üçin, alty müň adamy goýup gitdi. Teýmirleňiň gidendensoň Bilejik şäher halky çykyp, esgerleri öldürdiler. Teýmirleň bu habary eşidip, yzyna Yspyhana geldi. Şäher halky aýal-çagalary Teýmirleňiň öňünden çykaryp, ötünç soradylar. Bu ötünçler täsir etmedi. Atynyň başyny olara tarap döndürip, esger bilen ol çagalary toprak bilen ýer-ýegsan etdi. Soň Şirazy basyp aldy. Hijriniň 790-nji ýylynda Sýurgytmyş han Buharada aradan çykdy. Hanlygy soltan Mahmyt ibn Sýurgutmyş hana berdiler. Deştigypjak häkimi Togtamyş han köp esger bilen Hojandy geçip, Samarkandyň golaýynda Teýmirleň bilen jeň edip, ilki Togtamyş ýeňiji boldy. Soň Teýmirleň ýeňiji boldy. Bu senede Teýmirleň Mongol welaýatyna girip, mongol patyşasy Hyzr Hoja oglan Tugal Tumrandan ýeňilip, ol ýurtlarda san-sajaksyz oljany elden gidirdi. Hijriniň 797-nji ýylynda Teýmirleň Deştigypjaga gidip dört aýda Arzaga bardy. Soň iki aý wagt onda sährada gezdi. Ondan Mamur derýasy, Tik derýasy ýaly uly derýalardan geçip, Ýassyp Wary duşmanyň garşysyna çykyp, Togtamyş han bilen 3 gije jeň etdi. Netijede, Teýmirleň ýeňiji boldy. Yzyna Samarkanda geldi. Hijriniň 794-nji ýylynda Teýmirleň Astrabady gabady. Soň basyp aldy. Ondan Gulzum derýasynyň üstünden Ahan galasyna baryp, aman bilen boýun egdirip, soň ählisini gylyçdan geçirip, içindäki emirleri, ýaşulylary sürgün edip, käbirlerini Daşkende, käbirlerini Horezme iberdi. Galany weýran etdi. Hijriniň 795-nji ýylynda Şiraza gelip, Mansur bilen uly jeň etdi. Şa Mansur ol jeňde öldi. Ýurdy ogly Mürzeda Omar şyha berdi. Teýmirleň ähli muzapbarlary gylyçdan geçirdi we olaryň welaýatyny eýeledi. Soňra Teýmir Bagdada geldi. Bagdadyň häkimi soltan Ahmet Teýmirden gorkup, Şam tarapa gaçdy. Teýmirleň onuň çagalaryny, aýalyny alyp, mal-oljasyna eýe boldy. Müsür soltany Birguge hat iberip, ony özüne boýun bolar ýaly çagyrdy. Ähli hatynda “Allahym, (eý asmanlary we Ýeri ilki ýaradyjy, (eý) gaýyby-şahadaty (ýaşyryn we äşger närseleri) biliji, ýalňyz özüň bendeleriň arasynda olaryň dawalaşyp öten närseleri hakynda höküm eder sen ”. Biz Allatagalanyň gazap eden adamlaryna musallet edip, ýaradylandyrys. Siz doga edýärsiňiz ýöne siziň haram iýmekligiňiz we ýetimiň malyny iýmekligiňiz we edýän hökümiňizde, para almaklygyňyz sebäpli, Allatagala nädip siziň eden dogaňyzy eşitsin” diýen ýazgy bardy. Hijriniň 796-njy ýylynda Teýmirleň dünýäde iň owadan, görmegeý Tekrit galasynyň häkimi Emir Hüseýini öldürdi. Soňra Basra, Wast şäherini tä Dejle derýasyna barynça weýran etdi. Soň Diýarbekre baryp, Halap şäherini boýun egdirdi. Ruha galasyny basyp alyp, weýran etdi. Ondan Marwine şäherini aldy. Galasy galdy. Soň Jezire beni Omra girip, häkimi bolan emir Yzzeddini tutdy. Onuň emir bolanyny bilmän ony goýberdi. Gelip, Amadany gabady. Ony gahar bilen eýeläp, mal-oljasyny hem aldy. Köp sanly adamlary öldürdi. Galany ýer bilen ýegsan etdi. Miýafarugy,Teblisi basyp aldy. Ondan Gara Ýusup ýurduna girip, birnäçe galalary boýun egdirdi. Gara Ýusubyň ogly Müsür Hojany tutup, Samarkanda iberdi. Soň yzyna Samarkanda geldi. Hijriniň 797-nji ýylynda Teýmirleň Togtamyş hanyň Saraýa gelendigini eşitdi. Uly esger bilen Deştigypjaga sapar etdi. Saraý töwereginde Togtamyş bilen söweşip, ýeňiji boldy. Saraý şäherini ýakyp, weýran etdi. Soň Teýmirleň Deşte girip, Oruse, Çerkes, Majere, Azga bardy. Olardan köp adam öldürildi, köp adam ýesir alyndy. Mallaryny talap, şäheri ýer bilen ýegsan etdi. Soň yzyna Samarkanda geldi. Ol zamanda maher taýpasy ol etraba çykyp, sergezdan bolup, Tune yrmagynyň ýanynda mesgen tutdylar. Hijriniň 799-njy ýylynda ogly Muhammet soltany Hermez üstüne iberip, ýeňiji boldy. Hermeziň ilaty üç ýüz müň altyn berip, parahatçylyk gazandylar. Hijriniň 800-nji ýylynda Teýmirleň uly esger bilen Sind tarapa üns berdi. Derýalardan geçip, köp galalary basyp aldy. Ondan Kaşmire baryp soň Hindiň kanun taýdan güýçli ýurdy bolan Delä bardy. Firuz şahyň ogly bolan soltan Mahmyt bilen onuň atabegi Mellu han bilen uly jeň etdi, Teýmir ýeňiji boldy. Soňra Delini eýeläp, ol ýurdyň hazynasyna eýe boldy. Soň yzyna Samarkanda geldi. Hijriniň 802-nji ýylynda Teýmirleň Gürji bilen gaza edip, köp söweşdi. Bu senede Rum patyşasy Ýyldyrym han, soltan Ahmet we Gara Ýusubyň sözüne ynanyp, Aýdyň, Munteşer, Germian welaýatlaryny eýelediler. Soň Garaosman welaýatyndan Siwasy, Malatýany aldy. Soň Erzrum, Azerbaýjan häkimi Tähratyn bege adam iberip, ondan ýer salgydyny isledi. Ol hem ylalaşyp, tabyn boldy. Ýyldyrym han onuň sözüne ynanman ähli maşgalasyny Ruma sürgün etdi. Tähratyn beg bu ýagdaýdan zyýada gaýgyly bolup, Teýmirleňe baryp, şikaýat etdi. Teýmirleňiň hem Ýyldyrym hana “Tähratyn beg gadymdan biziň döwletimize degişlidir. Şonuň üçin onuň üstüne ýörüş etmek şu ýagdaýda mynasyp däldir. Biziň aramyzda uruş we ölüm bolar. Onuň ähli maşgalasyny, ýurduny, özüne bermek gerekdir. Eger beýle etmesek aramayzda uruş bolar” diýip habar iberdi. Ýyldyrym han onuň islemedik habarlaryny iberip, “Mert bolsaň, meýdana gel söweşeli” diýdi. Teýmir bu habary eşidip, hijriniň 813-nji ýylynyň Aşyr aýynda çykyp, Siwasy gabady. Ol soňky berk galady. Günbatar tarapy suwdy. Soň Teýmirleňiň buýrugy bilen Günbatar tarapdan lagym gazyp, ýer astyny oýup, ot ýakdylar. Şeýlelikde, ähli töwerek-daş ýykyldy. Galadakylar boýun boldular. Soň ol tarapyň ärleri yzyna gelip, ähli galalara howpsyzlyk (aman) talap etdiler. Teýmirleň ýene aman berip, galadakylardan oňa gulluk etmegi talap etdi. Soň tatar taýpasy şähere girip talaňçylyk etdiler. Galalary ýer bilen ýegsan etdiler. Soň şäher halkyna gylyç goýup, ählisini heläk etdiler. Harby korpus, handek gazdyryp, ok-därileri ýere gömdiler. Soň Elbstan tarapa gaçdylar. Emma olar daglara çykdy. Köp adama zyýan ýetirmediler. Ähli Elbstan Teýmirleňiň Siwasdalygyny bilip, esgerleriniň atlaryny, esbaplaryny talaň etdiler. Soň Malatýany gelip gabady. Gahar bilen şäheri alyp, halky gyrdy. Ondan Teýmirleň çykyp, Şama üns berdi. Çünki Teýmirleň gol astyndaky Gara Ýüsup Oýsyň galasyndaky Teýmirleňiň garyndaşy Italmazy tutyp, gol-aýagyny baglap, Müsür şasy Berkuka iberdi. Şol sebäpden Teýmirleňiň göwnüni Müsür soltanyndan aýyrdy. Berkuk aradan çykdy. Ýerine ogly soltan Ferruh patyşa boldy. Teýmirleň oňa habar iberdi, özüne tabyn bolmagy talap etdi. Italmazyň goýberilmegini umyt etdi. Kakasy Berkuk ýaly gürleşmekden çekindi. Soltan Ferruh gelen ilçileriň ählisini Halap töwereginde öldürdi. Öň Kakasy Berkugam Italmazy şeýdip, öldüripdi. Soň bu haldan Teýmirleň gutarnykly gazaba gelip, Rum tarapa gelmeden dynyp, Şam tarapa üns berdi. Behsna galasyna gelip, 23 günläp gabady. Şäheri basyp alandan soň adamlaryna zyýan ýetirmedi. Rum galasynyň häkimi Hezreti Omar neslinden bolan Nasyry Muhammet ibn Musa Teýmirleňiň esgerlerini talap, köp adam öldürildi. Teýmirleň onuň üstüne bir tupan iberdi. Nasyry olary öldürip, köpüsini Fyrat derýasyna gark etdi. Teýmirleň oňa hat iberdi: “Maňa tabyn bolmasaň, işiň soňy erbet bolar”. Nasyry gelen habarçyny tussag etdi. Hata jogap bermedi. Soň Teýmir Rum galasyna gelip, Nasyry bilen köp jeň etdi. Teýmirleň onuň bu ýagdaýyny görüp, söweş etmekden el çekdi. Mekirlik etjek bolup, ondan haýyş etdi. Sen yzyňa git. Seniň bilen işim ýok. Nasyry oňa asla üns bermedi, mähribanlyk etmedi. Rum galasynyň gapysyny açyk goýup ýapmady. Netijede, Teýmirleň galany basyp alyp bilmedi. Soňra Teýmirleň Antabe baryp, boýun egdirdi. Soň Halaba bardy. Halabyň ähli halky jeňe garşy çykdylar. Soň Teýmirleňiň esgerleri bir ýerden owaz edip, pilli gozgalaňçylar bilen hüjüm etdiler. Ähli Halap gorkup gaçdylar. Teýmir olaryň yzyndan ýedip, bir köp adamy öldürdi, aýdyp diýer ýaly däl. Ondan tatarlar şähere girip talaňçylyk etdiler. Aýal-erkek, çaga-çuga ýesir etdiler. Işgärleri gyryp, şäheri oda berdiler. Metjitleri, mukaddes ýerleri ýykdylar. Ata-enesiniň öňünde gyzlary namyssyz etdiler. Üç günden soňra galany ýene aman bilen alyp, onda bolan mal-oljasyny basyp aldylar. Soň tatar taýpasy oba we etraplara dagap köp azgynçylyk etdiler. Soň Teýmir galada oturup, galan ulamany Halap mejlisine çagyrdy. Olardan: “Düýnki gün sizden, bizden ölüm köp boldy. Bularyň haýsysy şehitdir” diýip soradylar. Halap şäheriniň müftisi ibn Şyhne Hanafy Allatagalanyň keremi bilen jogap berip: “Resul Alladan şeýle sorapdyrlar. Olar şeýle jogap beripdir. Menem Muhammet pygamberiň sözlerini size aýdyp bereýin: Teýmirleň kazy esger bolan Abdyljepbar ibn Nugman el Hanafy masgaralap: “Hezret Resuldan nähili sowal edildi we nähili jogap berendigini göreliň” diýdi. Ol ýene aýtdy. “Arapdan bir kişi Hezret Resulallaha gelip aýtdy. Ýa Resulalla adam bardyr, ar-namys we gaýrat üçin jeň eder. Adam bardyr batyrlyk üçin jeň eder. Bardyr adam, özüni bildirmek üçin jeň eder. Bularyň haýsysy Allanyň ýoluna söweş eder, haýsysy şehitdir. Kimdir biri başga birini öldürse, Allanyň haky üçin ol şehitdir. Soň Teýmirleň bu jogaba köp begenip, olar bilen şatlandy. Özüniň pahyr-pukaradygyny, Haktagalanyň özüne goldaw we gadyr edilendigini beýan etdi. Soň Halap şäheriniň alymlary bilen maslahatlaşdy. Ahyr Teýmirleň olara aýtdy: “Hezret Aly we Mugawyýe Ýezit hakynda näme diýýäňiz?”. Içlerinde kazy Alymeddyn mälik: “Hezreti Aly, Mugawyýe we Ýezit - bular din ugrunda söweşenler” diýip, jogap berdi. Soň Teýmirleň gaharlanyp aýtdy: “Aly Hak ýolunda, Mugawyýe zalymdyr, Ýezit azgyndyr. Siziň ähliňiz Halaba, ähiliňiz Şama tabynsyňyz. Olar hezreti Hüseýin jellatlarydyr. Ähliňiz Ýezitler siz”. Ibn Şyhne “Meniň şu gören zatlarym käbir kitaplarda ýazylan eken, ýöne men onuň manysyna düşünmedim” diýip, ötünç sorady. Soňra giç boldy, garaňky düşdi, ýygnak bozuldy. Ondan Teýmir galadan inip Halap orunbasarynyň saraýyna girdi. Orunbasary ynanja kabul etdi. Ibn Şyhneň dosty kazy Şirfeddini talap etdi. Olara Hezret Aly Mugawyýe buýrugyndan gaýtadan sowal berdi. Ibn Şyhne: “Şek-şübhe ýokdyr” Hak emir elmöminin hezret Aly bilendi. Mugawyýe halypadan däldir. Çünki hezret Resulalla (Alladan oňa salam bolsun!) buýurmyşdyr. Halypalyk menden soňra otuz ýyldyr. Ol eýse hezret Alyda tamamlandy” diýdi. Teýmirleň aýtdy: “Aly Hakdyr. Mugawyýe zalymdyr”. Ibn Şyhne hem aýtdy: “Hidaýa” kitabynyň eýesiniň aýtmaklaryna görä, zalym baştutanlara-da, kaza işlerinde boýun bolmaklyk dogrudyr. Çünki sahabalaryň we tabgynlaryň birnäçesi Mugawyýanyň eden hökümine eýerdiler. Ýogsam häkimýet Alynyňky bolmaly. Soň bu haldan Teýmirleň begenip, olaryň hormatyna Halap şäheriniň adamlaryna degmedi. Soň 20 günden soňra çykyp, dört tirkeşikleriň II aýynda Şam tarapa rowana boldy. Goramaga baryp, adaty bolşy ýaly talaňçylyk etdiler. Hymsa baryp, Halyt ibn Elwelidiň hormatyna hüjüm etmedi. Ondan baryp Damaskyň günbatarynda Diýar we Katnada ýerleşdi. Bu wagtda Müsür esgerleri soltan Färruh bilen gelip, Damaska girdiler. Soň iki esger birnäçe gezek jeň etdiler. Netijede, Müsür emirleriniň arasyna tow düşüp, emirler bir-birinden gorkup başladylar. Soltan Färruhy ýakyn emirleri alyp, Müsür tarapa gaçdy. Teýmirleň olary kowup ýetişdiginden heläk etdi. Ähli Şam gapulary berkidip, gizlenip uruşdylar. Netijede, Teýmir olar bilen parahatçylyk jarnamasyny baglaşmagy niýet etdi. Ol ýene müň gezek, müň altyn berip, parahatçylyk gazandylar. Kiçi derwezäni (Bab sägiri) basyp alyp, Teýmirleň şähere girdi. Beni Ommeýa jamysynda namaz kyldy. Soň Şam alymlaryny jem edip olar bilen köp jedelleşdi. Soň Teýmirleň ähli Şama aýtdy. “Men size müň tümen altyn bilen parahatçylyk baglaşdym. Tümen on müň altyndyr”. Ol maly almak üçin tatar taýpasy şähere geldiler. Halky gyran-jyrana berip, 40 gün wagt galany gabap, el bermedi. Ahyr bizar bolup, Şahabetdin Çelebi ötünç sorap, galany tabşyrdy. Teýmirleň oňa gazap edip, biline 7,5 ratl demir baglap, ezýet bilen öldürdi. Soň Teýmirleň esgerlerine Şamy talamaga rugsat berdi, ählisini öldürdiler.Aýal-gyzlaryny zorladylar. Şäheri ýakdylar. Horasan rafizinden birnäçe jamy Ommiýe atyş edip, ýakdylar. 12 günden soňra mal-olja bilen yzyna Fyraty geçdiler. Her gören galasyny ýakyp, mallaryny aldylar. Mardinä gelip, mälik Zahyr Aýsany çagyrtdy. Oňa ýazyp iberdi: “Salamaleýkim. Ähdimiz öňki durşy ýalydyr. Emma olar siziň çägiňizden bize tarap geçdiler”. Ol yzyna ýazyp iberdi: “Salamaleýkim. Ähdimiz öňki bolşy ýalydyr. Ýöne boljak zatdan gorkýarys. Çünki ýokarda agzalan ir bilen Teýmiriň elinde tussag bolup, seniň zoryň bilen halas boldy”. Soň Teýmirleň gazap edip gelip, Marwini tatar elinden alyp harap etdiler. Emma galany alman, yzyna gitdi. Ondan goşuny Samarkanda iberip, özi Bagdada bardy. Ýöne soltan Läme Ruma gelip, onda Mirfarruh atly kişini garawul goýupdy. Ol hem gapyny açman 40 gün tatar bilen uly jeň etdi. Netijede, söweş bagdatlylaryň ýüregine düşdi. Öýle namazyndan soň kölegelere baryp, biraz dynç aldylar. Tatarlar bu ýagdaýdan habardar bolup, berk tertip-düzgünli adamlar bilen şähere girdiler. Şäheri alyp, Gurban aýynyň 8-nji güni ähli Bagdatda gylyç syryp, 90 müň adam öldürildi. Soň şäheri ýakyp, haraba etdiler. Gyş geldi Teýmirleň Garabaga baryp gyşlady. Ol ýerde ýurt ýaşulylary bilen Ruma gelmegi maslahat etdi. Her biri öz pikirini aýtmak üçin söz sözledi. Duýdansyz içlerinden Abdylla Lesan atly astronom alymy çykyp: “Eger han Ruma üns berse, onda şübhesiz üstünlik gazanar. Çünki bu senede sagat pylançada günbatar tarapdan bir guýrukly ýyldyz dogup, batdy. Soň sagat pylançada gündogarda hem bir ýyldyz ýüze çykdy. Muhaeddin Magryby “Mylahym” atly kitapda şeýle diýýär. Öýle çagy Günbatar tarapdan we Gündogar tarapda ýyldyz görner. Şol Hamal aýynda Gündogar tarapda görünýändir. Ony görenler bagtlydyr” diýdi. Teýmirleň bu habardan örän şatlandy. Maksady Rumy eýelemekdi. Ýyldyrym Baýezit hana: “Meniň duşmanym soltan Ahmedi we Gara Ýusuby ýurdyňdan çykar we Kemah galasyny meniň ýurdumyň serhedine goş, ony maňa ber. Ýogsam, häziriň özünde jeň bilen alaryn” diýip, habar iberdi. Ýyldyrym han hem bir haty gorkuzmak usuly bilen ýazyp iberdi. Özüniň güýç-kuwwaty, sanardan sogaby kän söweşleri, gazalary, ýeňişleri barada hatynda ýazypdyr. Soň Teýmirleňiň haýyn, zalym, ganhor, hilegär, ýalançydygyny beýan etdipdir. Şu günki ýaly söweşendigini patyşalara nähili mekir we hile edendigini, at-ýaragy bolmasa-da olardan üstün çykanlygyny beýan edipdir. Rum esgerleriniň köplügini, güýjüni, olary gyrandygyny ýatlap: “Meniň şu hatym seniň garşyňa çykmaga sebäp bolar. Eger sen gelmeseň, seniň halkyň ýüz dönderer. Eger men seniň garşyňa çykyp barmasam, meniň aýalyma üç talak bolsyn” diýip, Ýyldyrym aýdypdyr. Teýmir bu ýagdaýdan soňra hijriniň 803-nji ýylynda çykyp, Kemahyň üstüne geldi. Kemah berk galadyr. Bir tarapy derýadyr, beýleki tarapy bir uly sähradyr. Iki tarapy geçelgesiz belent daglardyr. Teýmirleň buýurdy: agaçlary kesdiler. Olar ýaýbaň sähra çöli agaçdan doldurdular. Kemah ili däri bilen nebit sepip, ähli ýerleri ýakdylar. Teýmirleň buýurdy: ol sährany daş bilen doldurdular. Tatarlaryň üstünden ýöräp, gala basgançak gurdular. Soň ähli gala aman diläp, daşary çykdy. Teýmir tarapyndan onda adam goýup, hüjüm etdi. Soň buýurdy: olary sähra getirdiler. Ondan Teýmirleň Kaýsara geldi. Ondan çykyp Angurue galasyny gabady. ■ SOLTAN ÝYLDYRYM BAÝEZIT HAN BARADA Teýmirleň Ruma üns berende, Ýyldyrym han Stambuly gabap, basyp aljak bolup ýöriş etdi. Teýmirleň onuň niýetini eşidip, çykyp Bursa geldi. Esger jemläp taýýarlyk gördi. Pereň taýpasyna habar iberdi, olar hem kömege geldiler. Siwas, Garamanda bolan Garatatary ýene çagyrdy. Olar Turan zemininden Hulagu han bilen geldiler. Töwrizde düşlediler. Soň Garaman we Siwas tarapyna göçüp geldiler. Köpçülik bilen dabara tutdylar. Ýyldyrym han köp esger bilen çykyp, duşman tarapa üns berdi. duşmanyň yzyndan kowup almagy niýet etdi. Soň endik eden ýolundan gitmän, kyn ýollardan rowana boldy. Duşman gelip, ýurda girmesin diýip howlugyp ýöredi. Şeýlelikde, öz goşunyny kösedi. 15 günde hijriniň 806-njy ýylynda Gurban aýynyň 26-syna üçünji güni ikindinden soň söweş meýdanyna ýetişip, dördünji gün irden söweşe başladylar. Teýmirleň ir bilen Garatatara wada edip, özleri bilen olaryň hem deňdigini belledi. Olaryň özüne ýagşy mähirlik edip, tabyn bolmagyna çagyrdy. Olar ilkinji jeňde aýrylyp, Teýmir tarapyna bardylar. Soň Garaman, Germian, Munteşe esgerleri ýene aýrylyp, Teýmiriň ýanyna bardylar. Çünki olaryň begleri ol tarapdady. Bu jähtden Ýyldyrym hanyň tarapy ejizledi. Ýyldyrym han ogly Süleýman Çelebi ol ýagdaýy görüp, Rum esgerlerini alyp, Bursa tarapa üns berdi. Ol gün Ýyldyrymyň ogly soltan Muhammet Çelebi möjek ýaly topulup, duşmany gyrdy. Soňra ol köp esgerleriň garşysyna durup bilmejegini bilip, esgerleriň ortarasyndan öz topary bilen urup-ýaryp öldürüp, Amasyýa tarap çykyp gitdi. Pereň taýpasy ol gün ýene örän köp adam öldürdiler. Gördiler özlerinden başga kişi galmady. Olar çykyp, bir tarapa rowana boldy. Ýyldyrym hanyň ýanynda diňe 5 müň ýanyçary taýpasy galdy. Şeýlelikde, ikindine çenli jeň etdiler. Ondan duşman ýeňiji bolup, soltan Mahmyt ibn Suýurgatmyş hanyň elinde Ýyldyrym han tussag edildi. Teýmirleň ony görende çakdan aşa hormat edip, oňa teselli berdi. Ýyldyrym han soňky derejede yhlasa myratly we batyr är kişi bolanlygy üçin jeň ýerinden gaçmagy rowa görmedi. Şonda bir tarapa rowana bolan bolsa, halas bolardy. Hekaýat: Şyh Kutelwasilin Hamedak Saraý: Ýyldyrym hana birnäçe nesihat etdi, aýtdy: şeýle güman edýän, Haktagala seniň üstüňe duşman getirer, sen oňa garşy çykyp bilmersiň. Buhara emiri hezret Kutelwasilin birnäçe gezek Ýyldyrym hana aýtdy. Ýyldyrym han onyň bu wesýetine gazap edip, ony heläk etmekçi boldy. Soň Emir hezretleri oňa bet doga etdi, aýtdy: Eý Allam olaryň üstüne duşman iber, goý olar ol duşmany gaýtaryp bilmesinler. Ol eziziň bet dogalary Ýyldyrym hakynda kabul bolmyşdyr. Ondan soňra Teýmirleň neberesi Muhammet soltany Bursa iberdi. Olar onda köp weýrançylyk etdiler. Teýmirleň Gunahiee gelip, ol ýerde düşledi. Esgerlerini her tarapa rowana edip, köp azgynçylyk etdiler. Gyş geldi Teýmir Munteşede gyşlady. Ogly Şahruhy Germiýana iberdi. Muhammet soltany Saruhana iberdi. Balikesire häkimi Ylýas suwbaşy olar bilen gazaply jeň edip köp tatar öldürildi. Teýmirleň Aýdyň, Munteşer, Saruhan, Germiýan, Garaman welaýatlarynyň öňki häkimlerini ol ýere täzeden belledi. Hijriniň 805-nji ýylynda Süleýman Çelebi Teýmirleňe sylag-serpaý ugradyp, kakasy Ýyldyrym hanyň günäsini geçmegini sorady. Ol kabul edip, oňa täç we halat iberdi. Bu senede Teýmir Izmir galasyny 16 gün gabap, ony pereň taýpasynyň elinden aldy. Halkyny gyryp, galasyny weýran etdi. Soň Teýmir Hemiýe welaýatyna girdi, agyr goşuny Ýyldyrym han bilen Ak şähere iberdi. Ýyldyrym han ýagşy hassalanyp, demgysma keseline sezewar bolup, Meret aýynyň 14-nji güni Sogapgüni Hak emrine gowuşdy. Teýmir ony eşidip, göräýmäne gynanyp: “Meniň niýetim oňa haýyr etmekdi, ony öz ýurduna goýup gitmekdi. Haktagalanyň hikmeti beýikdir” diýdi. Özüniň welisi Muhammet soltanyň ölüm habary şol sagatda gelip ýetdi. Ýyldyrym hanyň habary ondan 1 sagat öň gelipdi. Teýmirleň oňa gynanyp, özüniň leşgeri bilen ýola düşüp ýolboýy matam tutdy, başlaryna toprak seçip, Rumdan çykyp gitdiler. Rum diýary iman we mukaddes söweşiň ýeridi bu ýerde öwlüýäler köpdi. Ol şol öwülýälaryň aladasyndan gutuldy. Bes, siz Allanyň rahmetiniň – ýagmyryň (goýan) yzlaryna serediň: Ol nädip, ýeri öli halyndan direletdi? Ýyldyrym Baýezit Teýmirleňe wesýet edip aýdypdyr: “Senden üç haýyşym bar: 1. Rum ülkesini gyrma. Sebäbi olar yslamyň güýjidir, musulmandyr, san taýdan köpdür. Eger olar ejizlese, külli yslam halkyna zyýan ýeter. 2. Ol ýerdäki galadyr-şäherleri ýykma. Sebäbi bu galalar diniň gaçypatalgasydyr. Din ýolunda söweşijileriň aman tapýan ýerleridir. 3. Rum ýurdundan garatatarlary çykar. Sebäbi olar pitne we bozgaklygyň öýjügidir. Çünki olaryň ýurtda galmagaly saňa-da zyýan eder”. Teýmirleň onuň wesýetini kabul etdi. Garatatary getirip, olara: “Siz maňa gerek wagty hyzmatymy etdiňiz. Indi eden hyzmatlaryňyza sylag-hormat etmek gerekdir. Ýyldyrym Baýezidiň öwlady menden soňra takyk sizi ynjydar. Indi ähli ýaragyňyzy getiriň, göreýin. Eger ýene size gerek bolsa berip, size kömek, goldaw edeýin” diýdi. Olar hakykatdanam ýeňilip, daglar ýaly at-ýaraglaryny getirip, Teýmirleňiň öňünde goýdylar. Soň Teýmirleňiň buýrugy bilen ilki ýaraglary alyp, hökümete tabşyrdylar. Soňra eşek we wagşy ýaly sürüp Mawerennahra getirdiler. Ol ýere baranlarynda olary bir sebitden dagadyp, işlerini ýok etdiler. Teýmirleň Siwasa, ondan Azerbaýjana bardy. Soň Gürjä ýörüş edip, hijriniň 806-njy ýylynda Garabagda gyşlady, ýaz gelinçä Samarkanda bardy. Soň agtygy Ulug beg ibn Şahruh bilen uly goşun düzdi. Hijriniň 807-nji ýylynda uly esger bilen çykyp, Hytaýa sapara ugrady. Durman Otrara baranda özüni duýşy üýtgedi. Tebiplere özüni bejertdi. Üç gün töweregi garnynyň üstünde garlar, buzlar goýup, sagaldyp bilmediler. Meret aýynyň 7-nji güni aradan çykdy. Şeýlelikde, Otrarda pajygaly waka boldy. Teýmirleňiň jesedini getirip Samarkantda jaýladylar. 99 ýyl ömür sürüp, soltan Hüseýiniň ölüminden soňra özbaşdak 36 ýyl soltanlyk etdi. Teýmirleň wepat bolandan soňra öwlatlary 911-nji senä çenli soltanlyk edip, 916-njy ýylda soltan Selim ibn Baýezit şa Ysmaýyl bilen jeň wagty Teýmirleň neslinden bolan Bedigulzaman Mürze, şa Ysmaýyl bilen ýardama gelip soltan Selim Töwrizi alanda Bedigulzaman onda bolup, oňa hormat edip, Ruma getirdi. Ýokarda agzalany Stambulda, Towabygyna hazynadar belledi. Köp kynçylyk çekip wepat boldy. Ähli Teýmirleňiň öwladyndan soltanlarynyň soltanlyk möhleti 40 ýyldan zyýada bolmady. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |