13:20 Türkmenleriñ Garamanogullary hanedanlygy | |
MÄLIK GARAMAN BARADA (Garaman şalar nesilleri barada)
Bularyň ata-babalaryna Nury sopy diýerler. Aslynda ermenidir.(?) Soňra yslama gelip, Amasyýada öldürilen baba Ylýasyň hyzmatyna eýerip, Sopy bolupdy. Wagt gelende Baba Ylýas öldürildi. Nury sopy Konýa gelip, halkyň ýanynda özüni takwa saýdy. Özüni örän gowy görkezdi. Ähli halk ýokarda agzalana mähir-muhabbet bildirip, ygtykat etdiler. Soltan Alaeddin ýene ygtykat edip, ogly Garamany ýanynda ýakyn ýoldaş etdi. Ony wezipesine üns berip, uly atbakar etdi. Gyz doganyny berdi. Soň Nury aopy Warsak etrabyna baryp onda düşledi. Duýdansyz Selefge galasynyň kapyr begi ýokarda agzalana meýil edip, birnäçe gezek pirler bilen gala çagyryldy. Ahyr ýokarda agzalan Sopa pursat boldy Selfge begini öldürdi. Galany alyp zabt etdi. Soň soltan Alaeddine habar iberdi. Ogly Garamanyň gelip, galany zabt etmegini isledi. Soltan Alaeddin oňa Selfgeniň we beýleki basyp aljak ýerleriň begligini berdi. Şonuň bilen begligi gutaryp, ony begler-begi etdi. Garaman ýene Selfge baryp, galany zabt etdi. Mydama kapyrlar bilen jeň edip, köp ýerleri basyp aldy. Soltan Alaeddin ol basybalyşlardan lezzet alyp, ähli ünsüni oňa berdi. Hijriniň 700-nji ýyl töwerekleri soltan Alaeddin aradan çykdy. Emeldarlar öz dolandyrýan etraplarynyň garaşsyzlygyny gazanyp, patyşa boldular. Garaman hemmeden beýik bolup, Konýa gelip, patyşa boldy. Ähli Garaman welaýatyny aldy. Uzak wagtlap soltanlyk sürüp, soň öldi. Ogly soltan Alaeddiniň ýerine orunbasar boldy. Ýokarda agzalan soltan Ýyldyrym han bilen birnäçe gezek jeň etdi. Ahyry hijriniň 794-nji ýylynda Ýyldyrym han ýokarda agzalan Alaeddini tutdy. Ogly Aly begi Bursa getirip, tussag etdi. On iki ýyl töweregi tussaglykda galdylar. Soňra hijriniň 704-nji ýylynda Teýmir Ruma gelip ýokarda agzalanlary tussaglykdan goýberdi. Muhammet begi kakasynyň ýerine Garamanda patyşa etdi. Dogany Aly beg biraz wagtdan soňra Muhammet begden ätiýaç edip, Müsür patyşasynyň ýanyna bardy. Hijriniň 714-nji ýylynda soltan Ýyldyrymyň ogly Muhammet han ýokarda agzalan Muhammet beg bilen jeň etdi we tussag astyna aldy. Soňra oňa Ýemeni berip, rugsat etdi. Birnäçe gezek ýokarda agzalan Muhammet beg Osmanyň esgerleri, Çerkes esgerleri bilen jeň etdi. Netijede, Müsür soltanynyň ogly Ybraýym bilen biraz esger iberip, Garaman welaýatyny Muhammet begiň elinden alyp, dogany Aly bege tabşyrdy. Soň Dulgader ogly Nasyreddin Muhammet beg Garaman ogly Muhammet beg bilen jeň etdi. Netijede, öldi. Garaman oglyny tutup, Müsüre iberdi. Müsür soltany mälik Möwwid bir ýyl töweregi ony Müsürde tussag etdi. Soň mälik Möwwid aradan çykdy. Emir tatar soltan boljak Garaman ogly Muhammet begi Ruma iberip, dogany Aly begi ýerine soltan etdi. Hijriniň 725-nji ýylynda Garaman ogly Muhammet beg Atylye galasyny gowşatdy. Galadan bir top oky gelip, Muhammet bege degdi we heläk etdi. Ony bir ata ýükläp, Konýa iberdiler. Soň ogly Muhammet begiň ogly Ybraýym patyşa boldy. Ýokarda agzalan Ybraýym beg bu taýpanyň adyly we gowusydyr. Alymlary hormatlap, Allatagalanyň ýoluna birnäçe metjit-medrese bina etdi. Soltan Myrat ýokarda agzalan Ybraýym bege gyz doganyny durmuşa çykaryp, agzybir boldular. Soň aralaryna gorky düşüp, hijriniň 739-njy ýylynda soltan Myrat Ybraýym begiň jeňine bardy. Iki tarapdan jeň üçin hatar düzüp, esgerler durdular. Mollahemze ata münüp gelip, iki esgerleriň arasyny gowlandyrdy. Hijriniň 855-nji ýylynda gaýtadan jeň edip, Soltan Myrat Akşäheri boýun egdirdi. Soň aralarynda parahatçylyk jarnamasyny baglaşyp, Akşäheri Garaman ogluna berdi. Hijriniň 759-njy ýylynda Garaman ogly Ybraýym begi öldi, ol 44 ýyl patyşalyk etdi. Alty oglany goýup, ýerine Ybraýym begiň ogly Yshak beg eýelik etdi. Beýleki doganlary ondan gaçyp, soltan Muhammediň welaýatyna geldiler. Soltan Muhammet ýene içlerinde Pir Ahmede begenip, ony Garaman ýurduna laýyk gördi. Oňa biraz esger goşup, Garamana iberdi. Olar Ermenak ýanyna baryp, Yshak beg, Garaman esgerleri bilen garşy gelip, söweşdiler, ýeňilip, Uzyn Hasanyň ýanyna gitdi. Pir Ahmet beg Garamany boýun egdirdi. Hijriniň 771-nji ýylynda soltan Muhammet Pir Ahmet bege gaharlanyp, biraz esger bilen ogly soltan Mustafany iberdi. Ol ýene baryp Garamany Pir Ahmet begiň elinden aldy. Garaman nesliniň döwleti ýitip gitdi. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |