04:58 Mawerannahr özbekleri | |
MAWERANNAHR ÖZBEKLERI
Taryhy makalalar
Bular Sogdiana şäherindendir. Ol gadym eýýamdan bäri patyşalaryň ýurtlarydyr. Olaryň beýik şäheri Samarkantdyr. Türküstan derýasy Hojendiň ýany Seljugyňkydyr. Emma Mawerennahr ýedi tümendir. Her tümen 10 müň esgerden ybaratdyr. Onuň şäheri köpdür. Margiana Ilek han zamanynda paýtagtdy. Sahyp “Hedae” ondandyr. Hojent derýasy, Termez, Nesf, Keşd, Buhara, Andijan, Horezm ýurtlarydyr. Senganlar yklymy, Türküstan şäheri mongollardyr. Gypjaga barynça 9 tümendir. Olaryň ýurtlary Espijandyr, Şaruhyýe, Urkent, Otrar, Eşýara, Sengan we Daşkentdir. Daşkent gadymy uly paýtagt şäherdir. Jeýhun derýasynyň töweregi gündogara barynça Turandyr. Beýleki tarapy Günbatara barynça Eýrandyr. Ýokarda agzalan yklymlara meşhur Şabeghan atly patyşa bolup, öwlady bilen hijriniň 978-nji ýylyna çenli hökümdarlyk etdiler. Ýokarda agzalan senede Isgender han aradan çykyp ýerine Pir Muhammet han bolup, ýüz elli ýaşynda bolup, has garranlygy üçin ogly Abdylla hany ýerine oturtdy. Häzir ol ýurtlarda han şolardandyr. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |