12:24 Horezmşalar we Gurlylar hanedanlygy | |
Horezmşalary barada
Taryhy makalalar
Olar sekiz adamdyr. Olaryň patyşalygy segsen iki ýyl boldy. Bilge neslindendir. Soltan Sanjaryň esasy iň golaý adamlaryndandy. Oglunyň ady Kutbeddin Muhammetdi. Kakasy Bilge aradan çykanda soltan Sanjar Horezmi ogly Kutbeddine berdi. Ady Horezm şa boldy. Taryhyň 491-nji ýylynda bu waka boldy. Otuz ýyl Horezm welaýatyna patyşa boldy. Taryhyň 522-nji ýylynda wepat boldy. Ýerine ogly Atsyz beg boldy. Taryhyň 533-nji ýylynda Sanjaryň garşysyna gozgalaň etdi. Soltan Sanjar ýene onuň gozgalaňy üçin Horezme esger çekýär. Atsyz gaçýar. Soltan Sanjar yzyna gidenden soňra Atsyz yzyna gelip, Horezmi alyp, örän gaharly boldy. Soltan Sanjar yzyna Horezme bardy. Ol ýene gelip gulak goýdy. Soltan Sanjar Horezmi oňa berdi. Ol aradan çykandan soň ýerine ogly Il Arslan beg boldy. Ol hem öldi. Taryhyň 569-njy ýylynda ýerine dogany geçdi. Yraga leşger çekdi. Soltan Togrul ibn Arslan seljugyň neslindendi. Reýde öldi. Patyşalyk Seljuk nesilşalygyndan geçdi. Taryhyň 590-njy ýylynda Çingiz han çykdy. Hoja Alaeddin sahyp diwan özüniň taryh kitabynda bu wakalary beýan edendir. GURLY PATYŞALARY BARADA Bularyň asly hytaýly türk(men)lerdendir. Hijriniň 545-nji ýylynda ýüze çykyp, 609-njy ýylynda Horezmşa bilen soltanlyklary garşy bolup, Gurlylar nesilşalygy gutardy. Ýokarda agzalan Gurlylar nesilşalygy şol mertebe beýik sahyp bolupdyr. Seljuk şalary ýaly şan-şöhratlydylar. Soňy. KERT(taýpanyň ady) GUR ŞALARY BARADA Olaryň mäligi Sowdi neslinden 9 adamdyr. Gazwin, Gur, Mehstan, Sarahs, Hyrat, Nyşapur, Tus we Jamda höküm sürdiler. Ilki olardan soltanlyk eden mälik Şemseddin Muhammetdir. 33 ýyl soltanlyk edipdir. Hijriniň 784-nji ýylynda Teýmirleň maşgalasyndan bolanlar Gurlylar nesilşalygygyny ýok etdiler. Bu taýpa 100 ýyldan zyýada soltanlyk etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |