12:18 Seljuklylar hanedanlygy | |
SELJUK SOLTANLYGYNYŇ NESILŞALYGYNYŇ BEÝANY
Taryhy makalalar
Seljuk soltanlygy dörde bölünýär: 1. Horasan, Yrak ýurtlarynyň patyşalary. Olaryň ilkinji soltany Togrul beg Muhammet ibn Seljuk ibn Dukak türkidir. Dukak Çyn-Maçyn patyşasy Beýgunyň goşunbaşysy, geňeşçisi hem weziridi. Dukaga Haktagala kerem edip, 0l musulman bolupdy. Haçanda Beýgu yslam topary bilen söweşjek bolanda, Dukak ony uruşdan alyp galardy. Dukak ölenden soňra ogly Seljuk onuň ornuna ýerleşdi. Soňra Seljuk bilen Beýgunyň arasynda oňşuksyzlyk döräp, seljuk kowmy taýpasy bilen kapyrlaryň ýurdundan çykyp, yslam topragy bolan Jent ýurdunda Watan tutdy we ornaşdy. Wagtyň geçmegi bilen olar kapyrlar bilen hem söweşip başladylar. Soňra olara türkmen diýdiler. Ýagny “türkil”, “iman” diýmekdir. Seljugyň 3 ogly bardy. Olar: Ysraýyl, Mikaýyl, Musa. Seljuk Jentde 109 ýaşynda wepat boldy. Ogullary hemişe ata-babalarynyň däp-dessurlaryny saklap, kapyrlar bilen urşardylar. Soňra Mikaýyl kapyrlar elinde şehit boldy. Beýgu Mikaýylyň ogullary Muhammet Togrul begi we Dawut Çagry begi terk etdi. Wagt geçmegi bilen bu taýpa çykyp, Buhara topragyna bardylar. Buharanyň begi bulara zulum etmek üçin çykyp, Türküstan patyşasy Bugra hanyň ýanyna bardy. Bugra han bulardan gorkup, Togrul begi tutup, tussag etdi. Soňra Dawut beg esger jemläp, Bugra han bilen söweşdi. Ol Bugra hany ýeňlişe sezewar edip, dogany Togrul begi tussaglykdan halas etdi. Bu taýpa gaýtadan Jent şäherine baryp, Samanlylar döwleti ýykylynça şol ýerde ýaşadylar. Wagty gelende Türküstanyň mäligi Ilek han Buharany basyp almagy ýüregine düwdi. Türküstan mäligi Ilek han Buharany basyp alandan soň Seljugyň ogly Ysraýyly Buharada öz häkimi edip belledi. Ilek han Türküstana gitdi. Aýdylşyna görä, Mahmyt Söbüktegin Jeýhun derýasyny geçip, Buhara niýet etdi. Ysraýyl ondan gaçyp, Çölüstana gitdi. Soltan Mahmyt ony hile bilen ele alyp, birnäçe wagtlap ony tussagda saklady. Seljuk taýpasyna ol zeminden göçüp, Garamana geçmeklerini buýurdy. Olar Garamana geçdiler we ol ýerde düşlediler. Biraz wagt şu şertler bilen ýaşadylar. Emirler, begler zulumlaryna çydaman gaýdyp, Buhara bardylar. Ol ýerde hem ýaşap bilmän Horasana geldiler. Soltan Mahmydyň ogly Masut olary öldürmek üçin birnäçe esger iberdi. Esgerler ýeňlişe sezewar boldy. Muňa garamazdan olar gaýtadan birnäçe gezek şu şertler bilen söweş etdiler. Netijede, Masudyň özi bularyň jeňine bardy. Olar gaçyp öz ýerlerine gitdiler. Soňra soltanyň esgerleriniň arasynda suw üstünde jeň bolup, bir-birine haýbat atyp, dagadylar. Seljuklar pursatdan peýdalanyp, duýdansyz olaryň üstüne topuldylar. Olary gaçmaga mejbur etdiler. Ähli Gaznalylaryň mal-oljasyny, ähli zadyny taladylar. Soňra seljuklar Horasan üstüne ýöräp ony basyp aldylar. Hijriniň 431-nji ýylynda Togrul beg Nyşapury aldy we soltan Togrul begiň adyna hutba okaldy. Dawut Çagry beg Hyrat şäherini eýeledi. Hijriniň 433-nji ýylynda soltan Masut aradan çykdy. Masudyň oglanlarynyň arasynda jedel bolup, seljuklar ähli Horasany basyp aldylar. Hijriniň 434-nji ýylynda Togrul beg Horezmi, Dehistany, Yspyhany, Kermany, Gazwini eýelediler. Soňra dogany Ysraýylyň ogly Fyrtylmyşy Dagly Ermenistany, Azerbaýjany, Mosuly, Müsüri basyp almak üçin iberdi. Hijriniň 440-njy ýylynda ejesiniň bir dogany Bennal ogly Ybraýymy ýüz müň esger bilen Rum söweşine iberdi. Ol örän köp mal-olja bilen gaýdyp geldi. Hijriniň 440-njy ýylynda Bennal ogly Ybraýym soltan Togrula dönüklik edip, halky özüne tabyn etdi. Soltan Togruly Hemadanda bir ýyl galada saklady. Soňra Sijistan häkimi Dawudyň ogly Alp-Arslan gelip, Ybraýym bilen jeň etdi. Dawudyň ogly Alp-Arslan üstün çykyp, Ybraýymy tutdy. Şol wagtlar Besasir atly emir Müsür soltany Mustanzar Ulywydan goşun alyp gelip, Bagdat Halypasy Kaýymbillähi Ana galasynda tussag etdi. Bagdatda Mustanzar Ulywyň adyna hutba okatdy. Hijriniň 451-nji ýylynda Mälik Togrul tussaglykdan halas bolup, Bagdada geldi. Kaýymbillähi tussaglykdan çykaryp, Halypa belledi. Soňra esger iberip Besasir atly emiri ele salyp, heläk etdiler. Hijriniň 452-nji ýylynda Mikaýylyň ogly Dawut Çagry beg wepat boldy. Hijriniň 453-nji ýylynda Togrul beg 70 ýaşynda halypa Kaýymbillähiň gyzyny almak üçin 400 müň altyn berdi. Hijriniň 455-nji ýylynda Mikaýylyň ogly soltan Muhammet Togrul beg aradan çykdy. Soltanlygy dogany Dawut Çagry begiň ogly Alp-Arslana wesýet etdi. Alp-Arslan ylymly-bilimli meşhur bolan Nyzamylmülki özüne wezir edinýär. Hijriniň 456-njy ýylynda Ysraýylyň ogly emir Gutulmyş gozgalaň turuzyp, Alp-Arslan bilen jeň etdi. Gutulmyş şol jeňde aradan çykdy. Ýokarda agzalan Gutulmyş Rumdaky Seljuk kowmyndandyr we Reýiň häkimidir. Hijriniň 462-nji ýylynda Alp-Arslan Diýarbekire soňra Halaba bardy. Soňra Rum şasy Arnanus bilen jeň etdi. Söweşiň netijesinde Alp-Arslan ýeňiji boldy. Hijriniň 463-nji ýylynda Alp-Arslan uly esger bilen Jeýhun derýasyny geçip, Ak galanyň öňünde düşledi. Ol galanyň eýesi Ýusup Kutwal atly birine gaharlanyp, ony gynady, ol hem Alp-Arslana sögüp başlady. Soňra Alp-Arslan eline ok-ýaý alyp Ýusuby urmak isledi. Ýusup hanjary çekip, Alp-Arslanyň üstüne ýöredi. Alp-Arslan tagtdan gaçyp ýüzün ýykyldy. Soňra Ýusup hanjar bilen onuň bogazyna urdy. Ýusup gaçmak isledi, emma esgerler ýetişip, ony heläklediler. Ol gije Alp-Arslan wepat boldy. Soltanlygy ogly Mälikşa wesýet etdi. Bu waka Hijriniň 465-nji ýylyň dört tirkeşikleriniň I aýynda boldy. Ondan soňra Jeýhun derýasyny geçip, Alp-Arslany kakasynyň ýanynda Merwde jaýladylar. Alp-Arslan 40 ýyl ömür sürüp, 9,5 ýyl soltanlyk etdi. Alp-Arslan hoşniýetli, rehimdar adamdy. Her remezanda bäş müň flury sadaka bererdi. Abulfatyh Mälikşa patyşa boldy. Ýöne ähli han-begler ýurdy Alp-Arslanyň weziri Nyzamylmülke tabşyrdylar. Hijriniň 466-njy ýylynda Mälikşa Kerman şäheriniň eýesi, doganynyň ogly Kawret beg bilen jeň etdi we ýeňdi. Kawret begi öldürip, dogany Aýazy soltan Mälik Ybraýymyň üstüne Gazna şäherine iberdi, Aýaz ýeňiji boldy. Aýaz gelenden üç günden soň aradan çykdy. Mälik ondan gamgyn bolup, örän gaýgylandy. Hijriniň 467-nji ýylynda Mälikşa astranomlary jemläp, Nowruz gününi hijri ýylynyň ozalky aýynyň (Hamalyň) ilkinji güni diýip yglan etdi. Şol senede Mälikşa baryp Termizi aldy. Ýurdunyň içine Mälikşa girdi, emma oňa hiç kim garşy durmady. Ol dönüp yzyna geldi. Hijriniň 474-nji ýylynda Mälikşa Rum patyşasy (Kaýsary Rum) bilen jeň etmek üçin şol tarapa esger iberdi. Mälikşa aw-şikara çykdy. Ony Rum kapyrlary tutup ýesir etdiler. Soň Nyzamylmülk görse, gije Mälikşa otagyna gelmedi. Duşman eline tussag bolanyny bildi. Rum patyşasy bilen parahatçylyk baglaşmak üçin derrew ilçi iberdi. Rum patyşasy: “Bu gün sizden birnäçe adamlary ýesir etdik. Olar kimler?” diýip sorady. Nyzamylmülk: “Olar tanymal däldirler. Birnäçesi begleriň hyzmatkärleridir” diýip jogap berdi. Derrew Rum patyşasy emr etdi, olary getirdiler. Nyzamylmülk olara gaharlandy. Rum patyşasy olary Nyzamylmülke berdi. Mälikşa ol gije otagyna geldi, ir bilen bolsa Rum patyşasynyň üstüne hüjüm etdi. Uly jeň edip, Rum patyşasyny ýesir etdi. Rum patyşasy ony görüp: ”Eý patyşa, eger şa bolsaň, günämi geç, eger söwdagär bolsaň, sat, eger gassap bolsaň, öldür” diýdi. Mälikşa onuň günäsini geçip diýaryna iberdi. Hijriniň 478-nji ýylynda dogany Tekeş gaharlanyp, Mälikşa bilen jeň etdi. Tekeş jeňde ýeňilip tussag edildi. Hijriniň 479-nji ýylynda Mälikşa Yspyhandan çykyp, Hekbä bardy. Soňra Hraýa, Hrapaýa, Jagbere galalaryny basyp aldy. Hijriniň 486-njy ýylynda uly esger bilen Mawerennahra bardy. Buharany, Samarkandy basyp almagy ýüregine düwdi. Türk patyşasy Ahmet hany tussag etdiler. Soň Kaşgara, ondan Ýüzkende bardy. Kaşgar patyşasy boýun egdi. Mälikşanyň adyna hutba okaldy we zikge zikgelendi. Mälikşanyň pul birligini zikgeletmeginiň sebäbi budur: Ahmet han Mälikşanyň ogly bilen jeň edip, ondan gymmat bahaly daşlardan ýasalan altyn dakyja alypdy. Soňra Mälikşa bilen ýaraşyp gyzyny Mälikşa beripdi. Ählisini galyň içinde berdi. Ol altyn dakyny hem beripdi. Mälikşa muny görüp örän gaharlandy. Soň sapar etmäge üns berdi. Hijriniň 486-nji ýylynda weziri Nyzamylmülki bir pidaýy urup şehit etdi. Nyzamylmülk bilimli, akyldar we dindar adamdy. Bu senede Mälikşa Bagdada bardy. Halypa bilen arasyna gorky düşdi. Mälikşa “Halypa Bagdatdan çyksyn” diýip, emr etdi. Halypa on gün möhlet isledi. Allatagalanyň hikmeti bilen Mälikşa awa çykyp zäherlendi. Awdan gelip, aradan çykdy. Mälikşa Ýemeniň uzak çäklerinden Türküstana çenli ýerlere hökmirowanlyk etdi. Ýedi yklymyň şalary oňa hat ýazyp, tabyn boldular. Ýazylan hatda şeýle setirler bar: Ol adyl we adalatly, garyp-gasarlary sylaýan bir ulama kişidi. Özi takwa adam we ymam Agzamyň ýoluny alyp barýardy. 37 ýyl ömür sürüp, 19,5 ýyl soltanlyk etdi. Soltan Mälikşanyň ogly Mahmydyň enesi Türkanhatyn adamsy Mälikşany topraga tabşyrmak däp-dessuryny berjaý etmek üçin halypalara we hanlara habar ibermek üçin, bar mal-mülküni sarp etdi. Olar bilen maslahatlaşyp, soltan Mahmydy Mälikşanyň ýerine geçirdi. Türkanhatyn ogly soltan Mahmyt bilen Yspyhana bardy. Begzada Börkiýaryk ol ýerden gaçdy. Soňra esger jem edip, soltan Mahmydyň esgerleri bilen birnäçe gezek söweşdi we ýeňiji boldy. Köp ýerleri basyp aldy. Alp-Arsanyň ogly Tutuş hem Şamdan gelip Jezairi, Diýarbekri, Azerbaýjany boýun egdirdi. Hijriniň 487-nji ýylynda Yspyhanda Türkan hatyn aradan çykdy. Begzada Tutuş Börkiýaryk üstüne ýöräp, ýeňiji boldy. Börkiýaryk soltan Mahmydyň ýanyna Yspyhana geldi. Soltan Mahmydyň emirleri ony tutup, ilki gözini kör etmek islediler. Duýdansyz soltan Mahmyt gyzamyk keselinden aradan çykdy. Soltan Mahmyt 7 ýyl ömür sürüp, 2 ýyl soltanlyk etdi. Begzada Berkuýaryk patyşa boldy. Soňra Börkiýaryk Yspyhandan çykyp, hijriniň 488-nji ýylynda Begzada Tutuş bilen jeň etdi. Börkiýaryk ýeňip, Tutuşy öldürdi. Hijriniň 488-nji ýylynda Horasan häkimi Arslan Argun ibn Alp-Arslan gulynyň elinde öldürilip, Mälik Börkiýaryk Horasany alyp, dogany Sanjara tabşyrdy. Mawerennahra habar iberdi. Börkiýarygyň adyna şol ýerde hutba okaldy we zikge kakyldy. Soňra begzada Börkiýaryk weziri Nyzamylmülkiň ogly Muweýid-al-Mülki wezirlikden boşatdy. Ol hem Mälikşanyň ogly soltan Mahmydyň ýanyna bardy. Ony Börkiýarygyň üstüne barmaga yrdy. Birnäçe gezek iki doganyň arasynda köp sanly jeňler boldy. Netijede, olaryň arasynda parahatçylyk yglan edildi. Diýarbekr, Mosul, Şam soltan Mahmyda berildi. Galan ýerler soltan Börkiýarygyňky boldy. Hijriniň 498-nji ýylynda Börkiýaryk inçekesel keseline sezewar bolup, aradan çykdy. Yspyhanda jaýlandy. 25 ýyl ömür sürüp, 12 ýyl 4 aý soltanlyk etdi. Soltan Gyýaseddin Muhammet ibn Mälikşa doganyndan soňra “garaşsyz soltanlyk” atly soltanlyga eýe boldy. Hijriniň 500-nji ýylynda soltan Muhammet birnäçe gezek esger iberip, Yspyhan töwereklerinde bolan batyny taýpasy bilen jeň etdi. Olaryň birnäçe galalaryny aldy. Hijriniň 501-nji ýylynda Mansuryň ogly Sadka Hülle atly şäheriň eýesi soltan Muhammediň esgeri bilen jeň edip, Sadkanyň maňlaýyndan ok bilen atyp, heläk etdiler. Sadkanyň esgerleri ýigrimi müň atly, otuz müň pyýadady. Hijriniň 503-nji ýylynda Soltan Muhammet gürji taýpasynyň üstüne esger iberip olary gyran-jyrana berdi. Hijriniň 505-nji ýylynda soltan Muhammet Töwriz häkimini, Marawa häkimini, Mardil häkimini, Mosul häkimini uly esger bilen Şam üstüne iberdi. Şol ýere gelen pereň taýpasy bilen uly jeň edip, olardan birnäçe galalary aldylar. Leşgerbaşy bolan Mosul häkimi emir Mowdudy haýyt güni Ummiýa metjidinde bir pidaýy urup, şehit etdi. Mälik Afranç ony eşidip, ähli yslama: “Öz patyşalaryny haýyt gününde perwerdegärleriň öýünde öldürenleri Allatagalanyň heläk etmegine mynasypdyr” diýip, ýazyp iberdi. Hijriniň 511-nji ýylynda Mälikşa seljugyň ogly soltan Muhammet wepat boldy. Ol 30 ýyl ömür sürdi. Onuň nesli Mahmyt, Togrul, Masut, Süleýman Seljuk atly türklerdi. Seljuk nesliniň şalarydy. Mälikşanyň ogly beýik soltan Sanjarşa, Soltan Börkiýaryk zamanynda Horasanyň häkimi boldy. Soňra “garaşsyz soltanlyk” etmäge urundy. Hijriniň 508-nji ýylynda Gaznanyň şasy Arslan şa Gaznany elinden alyp, öz adyna hutba okatdy. Gazna hazynasyndan 5 sany gymmat täç aldy. Her täjiň bahasy 1 million altyn bolardy. 17 altyn-kümüş tagt aldy. Müň üç ýüz sany altyn, gymmatbaha şaý-sepler oňaryldy. Hijriniň 513-nji ýylynda soltan Muhammet öz ogly soltan Mahmyt bilen söweşip, üstün çykdy. Soňra soltan Mahmydy kakasy öz mülkünde goýdy. Şeýlelikde, olaryň arasynda parahatçylyk yglan edildi. Soltan Mahmyt üçin ol ýurtlarda hutba okalanda Soltan Sanjara “Şalaryň şasy” diýildi. Hijriniň 522-nji ýylynda soltan Sanjar Samarkandy Muhammet hanyň elinden aldy. Hijriniň 526-nji ýylynda Soltan Sanjar mälik Togruly Yrak soltanlygyna belledi. Genje häkimi soltan Masut oňa razy bolmady. Soltan Sanjar Horasandan çykyp, Masut bilen söweşdi we ýeňdi. Soltan Sanjar mälik Togruly Yrakda tagta çykardy. Hijriniň 533-nji ýylynda Soltan Sanjar Horezm şasy bilen jeň edip, ony ýeňdi. Horezm şanyň ogly jeňde öldürildi. Soňra Horezm şasy Hytaý şasyna habar iberdi. “Mawerennahryň üstüne yoriş et” diýdi. Horezm şasy hem gelip, Mawerennarda Katwan atly ýerde Soltan Sanjar bilen söweşip ýeňdi. Kapyrlar Mawerennahry basyp aldylar. Bu wagtda Horezm şasy Horasana baryp, Soltan Sanjaryň emlägini alyp, Sanjaryň ýurduny talady. Hijriniň 538-nji ýylynda soltan Sanjar Horezm şasynyň üstüne baryp, ony gabady. Horezm şasy boýun bolmady. Hijriniň 542-nji ýylynda soltan Sanjar Gur patyşasy Alaeddin Hüseýin bilen söweşdi, ýeňdi we ony ýesir aldy. Soltan Sanjar Alaeddin Hüseýine aýtdy: “Sen meni ýeňen bolsaň name ederdiň. Ol hem bir kümüş zynjyr çykaryp, munuň bilen seni daňardym” diýdi. Sanjar: “Men seniň edişiň ýaly etjek däl” diýip, ony boşadyp goýberdi. Hijriniň 548-nji ýylynda türkleriň oguz taýpasy Mawerennahry basyp alan hytaý kapyrlaryny Horasan tarapa sürüp çykardylar. Balh emiri Kumaç olara zulum edtdi. Netijede, 20 müň atly olar bilen jeň etdi. Oguzlar olary ýeňip, köpüsüni heläk etdiler. Bu ýagdaýy eşidip, soltan Sanjar ýüz müň atly bilen olaryň üstüne ýöreş etdi. Emma olar bagyşlamagyny soradylar. Soltan Sanjar razy bolmady. Netijede, öz aralarynda söweşdiler, öldürildi. Soltan Sanjar ýeňilip gaçdy. Oguz taýpasy Horasana girip, talaňçylyk etdiler. Ulama han-beglerden köp adamlary öldürdiler. Soltan Sanjaryň öňünde arz-şikaýet etdiler. Ýöne ony diňlemediler. Soňra soltan Sanjar soltanlygy hindi derwişi Meruk Hanaka tabşyryp, özi dynç alyşa gitdi. Meruk Hanaky 40 ýyl soltanlyk edip, ahyrýete gowuşdy. Mälikşanyň ogly Mahmyt patyşa boldy. Yrakda, Jezirede, Mosulda, Diýarbekirde höküm sürdi. Hijriniň 522-nji ýylynda wepat boldy. 13 ýyl soltanlyk sürdi. Ýerine Mahmydyň ogly Dawut tagta geçdi. Hijriniň 526-njy ýylynda Dawudyň kakasynyň doganlary Togrul şa, Masut şa, soltanlygy Dawudyň elinden aldylar. Soltan Togrul soltan Muhammediň ogludyr. Soltan Sanjaryň goldamagy bilen patyşa bolandyr. Hijriniň 527-nji ýylynda soltan Masut bilen Soltan Sanjar jeň edip, Soltan Sanjar ýeňildi. Soltan Sanjar hijriniň 529-njy ýylynda wepat boldy. Ýerine Muhammediň ogly Masut Hemedanda tagta çykdy. Soňra Bagdadyň üstüne baryp, halypa Mesterşatbllah bilen jeň edip, halypany ýeňlişe sezewar etdi. Halypa öldürildi. Ýerine ogly Reşit Billah boldy. Hijriniň 530-nji ýylynda Masut oňa razy bolman, Bagdatdan çykaryp, ýerine Mugtazy Billähi halypa belledi. Hijriniň 532-nji ýylynda Reşit Billah üçin Mahmydyň ogly mälik Dawut, Huzystan häkimi Ýawuz Ata we başga hanlar bilen birleşip, soltan Masut bilen jeň etdiler. Soltan Masudyň esgerleri ýeňiş gazandy. Olar ýeňildiler. Soňra hijriniň 542-nji ýylynda Hemedanyň golaýynda Ýawuz atany ele salyp, öldürdiler. Hijriniň 542-nji ýylynda soltan Masut öldi. Ony Hemedanda jaýladylar. Merhum soltan Masut beýik patyşady. Seljuk döwletiniň bagtly ýaşaýşy onuň ölmegi bilen tamam boldy. 16 ýyl soltanlyk sürdi. Onuň ýerine Mälikşa ibn Mahmyt, soňra Muhammet ibn Mahmyt, soňra Süleýman ibn Muhammet yzyndan Arslan şa ibn Togrul I, soňra Togrul II şa ibn Arslan atly patyşalar Hemedana, Reýe, Yspyhana, Erzinjana patyşalyk etdiler. Hijriniň 590-njy ýylynda Togrul şany Horezm şasy Yrakda tutup, başyny kesdi. Horezm şa Togrul şanyň başyny Bagdada iberip, özi ähli Yrak zeminine mälik bolup, höküm etdi. Ähli Seljuk nesliniň hökümdarlyk wagty 50 ýyldyr. Togrul şa II döwründe olaryň hökümdarlygy gutardy. Ol Seljuk türkmenleriň iň soňky şasydyr. Seljuk nesillerinden käbiri 433-nji ýylyndan 583-nji ýyla çenli Kerman we Şirazda höküm sürdüler. Bir topary 471-549-njy ýyllarda Şam we Halap etraplarynda soltanlyk etdiler. Ýene bir topary Rum diýarynda höküm sürdüler. Olaryň ilkinjisi Gutulmuş ibn Ysraýyl ibn Seljukdyr. Gutulmyş Rum diýaryna girip, birnäçe ýurtlary basyp aldy. Soňra türkmenden we beýleki halklardan esger jem edip, soltanlyga dawa etdi. Soltan Alp-Arslan bilen jeň etdi. Gutulmyş jeňde ýeňildi. Atdan düşüp, heläk boldy. Ogly emir Mansur kakasynyň basyp alan ýurtlaryna eýelik etdi. Soltan Mälikşaha her ýyl biraz mukdarda salgyt berdi. Soňra emir Porsäk atly bir kişi emir Mansuryň ýurdyny zyýada maly bilen paç bermäge tabyn etdi. Soltan Mälik şanyň emri bilen sapara gitdi. Emir soltan baryp, Mansury öldürdi. Ol wagt dogany Süleýman I Gutulmyş kiçidi. Soňra ýigitlik ýaşyna baranda kakasynyň türkmen esgerleri oňa boýun bolup, baryp Konýany basyp aldy. Soňra güýç-kuwwat tutup, hijriniň 477-nji ýylynda Antakyýany basyp aldy. Öň Antakyýa Rum şasynyň elinde-di. Abu Ubeýde ibn el Jerrahyň ýolbaşçylygynda musulman leşgeri Rum leşgerini ýeňdi. Rum leşgeriniň her birine bir fluri jerime bermek bilen parahatlyk şertnamasy düzüldi. Şeýlelikde, ol şäheri musulmanlar ellerinde sakladylar. Ýöne hristianlar şertnamany bozup, Habyp ibn Müslüm el Kahary we Asm ibn Gammar täzeden baryp, ýurdy basyp aldy. Soňra hijriniň 358-nji ýylynda ol ýurdy rum kapyry basyp aldy. Bu taryhda Antakyýanyň Batryk şäheriniň emiri Flardus raýatlaryna zulum edip, ogluny birnäçe wagt tussaglykda saklap ynjydypdy. Birden kakasy: Flardus Konstantinopol tarapa baryp, ogly emir Süleýmana “Gelip şäheri oňa bersin” diýip, habar iberdi. Süleýman 286 atly bilen “Meni Flardus isleýärip” diýip at berdi. Ol tarapa rowana boldy. Rejep aýynyň 27-si gije Doniýegalasyna bardy. Ýokardan ýüp zyňyp, olary ýüp bilen ýokary çykardylar. Gapyny açdy, ähli atlylar içeri girdiler. Gapylary bekläp, säher çagy Anna güni bir ýerden goh-galmagal, ses eşidildi. Haktagalanyň baş ýazgydyna boýun egip, Allatagalanyň ady bilen ol şäheri basyp aldylar. Soňra Süleýmanyň galan esgerleri gelip, güýçlenip, galany gabap, Remezan aýynyň 12-sinde basyp aldy. Köp mal-olja aldylar. Soňra Süleýman ol etrapda bolan galalary eýeledi. Bir söz bilen aýdanmyzda Konstantinopolyň derwezesinden tä Tarablusa çenli bar bolan döwletleriň ählisini basyp aldy. Ol ýerlere kazydyr begleri belledi. Öz adalatyny görkezdi. Soňra hijri hasaby bilen 478-nji ýylynda Halap häkimi Şerefeddöwle bilen musulmanlaryň arasynda birnäçe gezek jeň boldy. Netijede, Halabyň golaýynda uly söweş bolup, ol söweşde musulmanlar gyryldy. Soňra mälik Süleýman Mugazt-al-nugman Kufrnab we Şiraz şäherlerini basyp aldy. Antakyýa geldi. Soňra Halabyň üstüne baryp ony gabady. Halap iline şol wagt tötänden Şam häkimi Tutuş gelip, mälik Süleýman bilen hijriniň 479-njy ýylynda jeň etdi. Tutuş ýeňiji boldy, emma emir Süleýman ýesir düşmejek bolup, howsala düşüp özüni öldürdi. Bu ýagdaýdan soňra ýerine emir Süleýmanyň ogly Gylyç Arslan häkim boldy. Soňra hijriniň 485-nji ýylynda Reha häkimi Ymadeddin, soltan Mälikşanyň emri bilen ol ýurtlary eýeledi. Süleýmanyň ogly Gylyç Arslany tutup, Mälikşanyň ýanyna iberdi. Soltan Mälikşa ölenden soň Gylyç Arslan soltan Berkýarygyň emri bilen Ruma kakasynyň ýurtlaryny basyp almak üçin ýola rowana boldy. Hekaýat ederler: Mal-mülk ýoklugyndan, pakyr-pukara bolup ýörkä, duýdansyzlykda Täjelmülk Ebu-elgynaýym atly adamyň iki ýük kümüşüne duş gelip, ony tutup Konýa getirdiler. Soňra kakasy Süleýmanyň ähli ýurtlaryna hüjüm edip, uruş edip, basypalmagy dowam etdirdiler. Hijriniň 497-nji ýylynda Malatyýany mälik Danyşmendiň elinden aldy. Hijriniň 500-nji ýylynda pereň taýpasy bilen jeň edip, pereňlileri ýeňdi. Soňra Garaman welaýatyny basyp aldy. Soňra Mosula baryp, ony hem basyp aldy. Rehbee üns berdi. Ony hem basyp aldy. Duýdansyz Reha häkimi, Malatyýa bilen Gylyç Arslanyň garşysyna söweşip, ýeňildi. Jalura ýabyna gaçyp gark boldy. Gylyç Arslanyň Mosulda orunbasar goýan ogly Masudy tutup, soltan Muhammet seljugyň ýanyna iberdi. Onda biraz wagt boldy. Hijriniň 503-nji ýylynda biraz esger bilen gelip, kakasy Gylyç Arslan I ýurtlaryna eýelik etdi. Ol örän adyl we owadan häsiýetlidi. Ol wagtda Gylyç Arslan I ýurtlaryny ogly Mälik şa eýeledi. Olar wepat bolandan soňra doganlary Mälik, Masut eýelediler. Hijriniň 537-nji ýylynda Muhammet ibn Danyşmendiň aradan çykmagy bilen Mälik Masut baryp, onuň ýurdundan birnäçe ýerleri basyp aldy. Mälik Masut Amasyýanyň golaýynda Sümer atly şäheri bina edip, onda metjit, hanaka, medrese, ymarat saldyrdy. Ony paýtagt etdi. Hijriniň 551-nji ýylynda soltan Masut aradan çykdy. Ony Sümer şäherinde jaýladylar. Soltanlyk wagty 40 ýyl dowam etdi. Soňra ogly soltan Yzzaddin Gylyç Arslan II ibn Masut ibn Gylyç Arslan I patyşa boldy. Hijriniň 567-nji ýylynda Gylyç Arslan II gaýtadan Malatyýany mälik Danyşmendiň öwladynyň elinden alyp, Mälik Danyşmendiň ogly hem Nureddin Şuheýtden kömek isledi. Nureddin Şuheýt ýene biraz esger bilen gelip, Malatyýanyň Danyşment ogluna berilmesi üçin Gylyç Arslana adam iberdi. Ol hem razy bolup, Malatyýadan el çekdi. Hijriniň 569-njy ýylynda Nureddin Şohit aradan çykdy. Gylyç Arslan II çykyp, Siwasy, Kaýsary mälik Danyşmendiň öwladynyň elinden aldy. Hijriniň 589-njy ýylynda soltan Gylyç Arslan II öz ýurduny öwlatlaryna paýlady. Tokady Rukneddin Süleýmana berdi. Konýany Gyýaseddin Keý Hysrowa berdi. Ankarany ogly Mahyaddine berdi. Malatýany Mazaleddin Kaýsar şaha berdi. Elbestany Mägbeseddine, Kaýsary Nureddin Mahmyda berdi. Siwasy, Aksaraýy Kutubeddine berdi. Niksary Nasyreddine berdi. Amasyýany Sanjar şaha berdi. Soňra ählisini jem edip, uly ogly Kutbeddine bermek isledi. Oňa Müsür we Şam patyşasy soltan Salaheddiniň gyzyny almak isledi. Beýleki ogullary bu ýagdaýy eşidip, saklandylar. Kakalarynyň bu aýdanlaryna boýun bolmadylar. Gylyç Arslan II sözi diňlenmedi. Ol kämahal ogullaryny görmek üçin giderdi. Hijriniň 588-nji ýylynda Hysrow atly ogly kakasyna gulak asyp, onuň bilen dogany Mahmydyň jeňine gitdiler. Ýokarda agzalan Mahmyt kakasy Gylyç Arslan II üstünden güldi we jebir-jepa berdi. Şeýlelikde, Gylyç Arslan bu zatlary ýüregine sygdyryp, bilmän keselläp wepat boldy. Gylyç Arslanyň II soltanlyk döwri 29 ýyldyr. Gylyç Arslan II artykmaç gylyk-häsiýeti bilen tapawutlanýan haýbatly adamdy. Ol Aksaraý şäherini bina etdi. Soňra mälik Kutbeddin Siwasdan Aksaraýa, Aksaraýdan Siwasa gidip, dogany Mahmyda Kaýsaryýada duşup mähir-söýgüsini görkezdi. Mahmyt olara ynam bildirdi. Bir gün olar Kaýsaryýa şäheriniň daşynda jem bolup, Mahmydy tutup, öldürdiler. Kaýsaryýany basyp aldy. Soňra köp wagt geçmänkä dogany Kutbeddin hassa bolup, aradan çykdy. Soňra Tokat häkimi soltan Kaher Rukneddin Süleýman baryp, Siwasy boýun egdirdi. Soňra Kaýsaryýa baryp, basyp aldy. Beýleki doganlarynyň içinde iň kuwwatlysy boldy. Soňra dogany Keý Hysrow bilen arasynda gorky tapylyp, Konýany Keý Hysrowyň elinden aldy. Keý Hysrowy Elbistandaky leşger duralgasynyň başlygy edip belledi. Soňra Keý Hysrow I doganyndan gorkup, Halap patyşasy mälik Zahyryň ýanyna bardy. Emma gadyrly garşy alynmady. Soň Stambul patyşasyna baryp, özüni goramaklygy sorady. Birnäçe wagt ol ýerde galdy. Hijriniň 601-nji ýylynda Keý Hysrow soltanlyga ikilenç eýe boldy. Enşalla, soňky sahypalarda gerekli ýerde ýazylar. Hijriniň 597-nji ýylynda Soltan Rukneddin baryp, Malatýany dogany Kaýsar şanyň elinden aldy. Soňra Arzrumyň üstüne bardy. Birnäçe wagtdan bäri onda häkim bolan mälik Mahmyt ibn Salyk garşy gelip, parahatçylyk etmegi maksat edindi. Mälik Rukneddin ony tutup, tussag etdi. Arzrumy dogany Togrul şaha berdi. Ähli dogan-garyndaşlarynyň ýurtlaryny alyp, özi eýe boldy. Berk Anguriýe galasyny üç ýyllap gurşap alyp, içine girip bilmedi. Netijede, hijriniň 600-nji ýylynda ol ýerdäki dogany Mahyeddiniň we çagalarynyň günäsini geçip, Anguriýa galasyny eýeledi. Soň olara dönüklik edip, ählisini öldürdiler. Bular ýaly uly günä gazanyp, wakadan bäşi gün geçenden soň jan-agyry keseline sezewar bolup öldi. Merhumyň Aýaz atly owadan bir gulamy bardy. Merhum onyň maksat-myradyna, mähir-söýgüsine hormat goýardy. Günlerde bir gün patyşa bilen şikara çykdy. Aýaz örän suwsady. Soňra ol bir garry mamanyň gatygyny alyp, aýran edip içdi. Ol mama gatygy üçin hiç zat bermedi. Ol mama soňra patyşanyň ýanyna gelip, arz etdi. Patyşa Aýazdan sorady. Aýaz gorkup, inkär etdi. Soň Rukneddin tebibi çagyrmagy buýurdy. Aýaza şerbet berdiler. Aýran alamaty ýüze çykdy. Aýazyň aýran içendigi belli boldy. Soňra Rukneddin Aýazy garry mama zulum edeni üçin öldürdi. Gylyç Arslan ibn Rukneddin ibn Süleýman kakasyndan soňra 11 ýaşynda patyşa boldy. Onuň zamanynda Hemidiň elinden Ograz basylyp alyndy. Hijriniň 601-nji ýylynda döwlet emirleri Stambulda ýaşaýan Keý Hysrowa adam iberip, soltanlyga eýe bol diýip haýyş etdiler. Ol Konýa gelip, 11 ýaşly Gylyç Arslanyň esgerleri bilen urşup ýeňildi. Nirä barjagyny bilmedi we haýran galdy. Allanyň hikmeti bilen Aksaraýyň häkimi döwlet emirleriniň üstüne hüjüm edip, ony şäherden çykardylar. “Bize Keý Hysrow patyşa gerekdir” diýdiler. Ähli Konýa bu ýagdaýy eşidip, “Biz olardan Keý Hysrowy şa etmägi isleýäris. Ol öňem biziň häkimimiz bolup, adyl işler edipdi. Onuň zamany asuda boldy” diýdiler. Gylyç Arslany we beýleki hökümdarlary Konýadan çykyryp, Keý Hysrowy tagta geçirdiler. Soltan Gyýaseddin Keý Hysrow ibn Gylyç Arslan soltanlyk tagtynda oturdy. Doganynyň ogly Gylyç Arslany we beýleki hökümdarlary tutup ýesir etdi. Sembat häkimi mälik Afzal Eýýubi we Haryretiň eýesi Nyzameddin Mahmyt, mälik Eşref gelip, Haryraty aldylar. Sahyp Nyzam Keý Hysrowdan kömek talap etdi. Ol hem alty müň adama mälik Afzaly serdar edip, kömege iberdi. Wagt geldi bular Malatýa bardylar. Amad patyşasy Haryretden el çekip, Amada gaýdyp geldi. Soňra mälik Gyýaseddin Keý Hysrow Antalyýany basyp aldym diýende Rum kapyrlary Kiprdäki pereň taýpasyndan goldaw bermegini sorady. Pereň taýpasy gelip, gala doldular. Bu ýagdaýdan soňra Keý Hysrow yzyna Konýa geldi. Onda biraz esger gelip, kapyryň öňde goýan maksatlaryny puç etdiler. Rum ýeňiji bolup, Pereň taýpasyna çykyp, üstümizden musulmanlary kowdyk diýdiler. Pereň muny hile aňlap, aralaryna garşylyk düşüp, söweş etdiler. Onda bolan esgerler, musulmanlara habar iberdiler. Gelip galany size berjek diýip habar etdiler. Rum esgerleri, yslam esgerleri bilen birleşip, pereň bilen jeň etdiler. Pereňlileri ýeňip, galanyň içine gabadylar. Soltan Gyýaseddine habar geldi. Ol ýene derrew Konýadan gelip hijriniň 613-nji ýylynyň Şaban aýynda Antalyýany boýun egdirdi. Iç galany gabady. Netijede, zor bilen aldy. Içinde bar bolan pereňlileri ýesir etdi. Hijriniň 605-nji ýylynda Gyýaseddin Keý Hysrow Armin welaýatyna girip, Korkus atly galany basyp aldy. Hijriniň 608-nji ýylynda Gyýaseddin Keý Hysrow Alaşäherde kapyrlaryň uly leşgeri bilen uruş edip ýeňiji boldy. Musulmanlar uly mal-olja eýe boldular. Duýdansyz söweş ýerde talaňçylyk bilen meşgullanýan bir pereňli Keý Hysrowdygyny bilmän, ony gelip, gürzi bilen urdy. Ol şol wagt wepat boldy. Mälik Afzal oňa ahy-zar etdi. Soňra ogly mälik Galeb soltan Keý Hysrowyň ogly Yzzeddin Keý Kowus patyşa boldy. Entek ol görkli-syratly, mylaýym häsiýetli juwan oglandy. Amyd, Hasin, Marwin, Heriret we Samat häkimleri oňa boýun boldular. Hutba, zikgelerde Keý Kowsyň adyny ýatladylar. Hijriniň 619-njy ýylynda Arzrum häkimi Gylyç Arslanyň ogly Togrul bagty oýanyp, soltanlyga dawa etdi. Köp esger jem edip, Keý Kowusy Siwasda gabady. Soňra Keý Kowus hem Şam häkimi mälik Eşrefe habar iberdi. Ol hem kömege geldi. Togrul şa gorkup, Arzruma gitdi. Bu wagtda Gylyç Arslanyň ogly Keý Kubat pursatdan peýdalanyp, baryp Angurýany aldy. Keý Kowus Togrul şanyň jeňinden arkaýyn bolandan soňra gelip, Angurýada Keý Kubady gabady. Halap häkimi mälik Zahyrdan doganyny umyt edip sorady. Keý Kowus haýyşyny kabul etmän Keý Kubady ele saldy. Ony birnäçe galalarda tussaglykda saklady. Onuň ýanyndaky Semraýa haýbat atdy. Hijriniň 610-nji ýylynda Soltan Keý Kowus dogany Togrul şahy ele salyp, öldürdi. Ýurduny basyp aldy. Ýanynda bolan emirlerini we hökümet baştutanlaryny öldürdi. Hijriniň 611-nji ýylynda Soltan Keý Kowusyň kakasyny öldüren kapyr begini öldürmek isledi. Kapyrlaryň atly leşgeriniň begi köp mal-olja, birnäçe şäherdir-galalary berip, Keý Kowusdan özüni halas etdi. Hijriniň 613-nji ýylynda Kipr pereňli gelip Antalyýany aldy. Ondaky musulmanlary öldürdi. Soňra soltan Keý Kowus gaýtadan Antalyýa baryp, gahar edip, Pereňlileriň elinden Antalyýany aldy. Bu senede Ermenistandaky Lu lu atly galany basyp aldylar. Hijriniň 615-nji ýylynda soltan Yzzeddin Keý Kowus Halap üstüne baryp, birnäçe galalary boýun egdirdi. Ýöne Halaby alyp bilmän yzyna geldi. Hijriniň 616-njy ýylynda mälik Yzzeddin Keý Kowus Meluk etrabyndan birnäçe kişiler bilen mälik Eşrefiň ýurduna baryp girdi. Onda hassa bolup, Siwasa geldi. Onda inçekesele sezewar bolup, aradan çykdy. Hijriniň 616-nji ýylynda Yzzeddin Keý Kowus I dogany soltan Keý Hysrowyň ogly Alaeddin Keý Kubat I patyşa boldy. Keý Kubady dogany Keý Kowus tussag etdi. Keý Kowsyň öwlady bolmany üçin Arkan mäligi Keý Kubady tussaglykdan çykaryp, patyşa etdiler. Mälik Keý Kubat patyşa bolandan soň mälik Eşref bilen parahatçylyk edip, bir-biri bilen gowy gatnaşdylar. Mälik Eşrefiň gyz dogany bilen nikalaşdy. Hijriniň 627-nji ýylynda soltan Alaeddin Keý Kubat Belad adasyna baryp, mälik Kämil Muhammediň elinden birnäçe galalary aldy. Hijriniň 627-nji ýylynda Hasin Mansury mälik Masudyň elindäki mülklerini aldy. Mälik Eşrefi ýüz esger bilen Amad häkiminiň garşysyna iberdiler. Söweşip, ýeňiş gazandy. Hijriniň 628-nji ýylynda soltan Alaeddiniň doganynyň ogly Arzrumyň häkimi Jelaleddin Horezmşaha boýun egdi. Ahlat galasyny basyp aldylar. Soňra Alaeddin 20 müň esger, 5 müň atlyny mälik Eşrefden alyp, Azerbaýjanyň töwereklerinde Horezmşa bilen uly jeň etdi. Horezm şany gaçmaga mejbur etdi, ýöne tutup bilmedi. Hijriniň 631-nji ýylynda soltan Alaeddin Ahlaty boýun egdirdi. Soňra Müsür patyşasy Kämil etrap mäliklerinden 16 kişi bilen Mälik Alaeddiniň jeňine geldiler. Gök derýanyň kenarynda durup, Ruma geçmäge gorkdylar. Iki müň bäş ýüz atly ýeňiş gazanan esgerleri Ýefratdan geçirip, Herirete iberdi. Soltan Alaeddin Herirete baryp, galany gabady. Netijede, ýeňiji Mälik aman diläp, daşary çykdy. Soltan Alaeddin oňa hormat edip, halat geýdirdi. Hijriniň 634-nji ýylynda soltan Alaeddin Keý Kubat I aradan çykdy. Ýerine ogly Gyýaseddin Keý Hysrow II patyşa boldy. Soltan Alaeddin beýik patyşady. Möwlana Jelaleddin Rumy onyň zamanynda ýaşady. Soltan Alaeddin Konýa, Aksaraý, Kaýsary, Garaman, Aýdyn, Fetşat, Saruhan, Hamit, Germian, Gerde, Kostomony, Anguri, Malatýa, Meraş, Elbestan, Tokat, Amasyýa, Ýaňsar, Azerbaýjan, Samsun, Senab şäherini basyp aldy. Soňra Koniýa şäherinde wepat bolup şol ýerde jaýlandy. Konýa şäherinde öz patyşalygynyň ilkinji ýyllarynda örän uly sur1 bina etdi. Şu güne çenli ol şäheriň sury ýokdy. Sur tamam bolandan soň Şeýh Jelaletdin Rumydan haýyş etdi. Ol sure mynasyp käbir göwher ýagýan sözlerden şygyr we ýazuw ýazyp beräýseňiz? Hezreti Şeýh bu sözleri ýazyp iberdi. Bu doga sili gaýtarar. Tapyrdaşyp gelýän atlary gaýtarar. Tümlik gijede güýçli ýeli gaýtarar. Ol “Bu ýazuw suruň üstünde ýazylsyn” diýdi. Siwas şäherini täzeden dikeldip, bina etdi. Öň ol şäher weýrandy. Çeipçerki, Azerbaýjany eýeledi. Azerbaýjanda owadan binalar gurdy. Seljuklaryň ýaşulydyr emirlerinden emir Jelaletdin Kertani şeýle nakyl aýdýar: “18 ýyllap soltan Alaeddiniň ýanynda saparda we hazarda2 hyzmat etdim. Soltanyň bütin gije ýatanlygyny görmedim. Gijäni üçe bölüp, bir böleginde ýatyp, ikinji böleginde doga edip, üçünji böleginde kitap okardy. Gündiz wagt tapsa esgerleriniň, soltanlygynyň parahatçylygy barada pikir ederdi. Patyşalaryň arasynda Mahmyt Söbükteginiň we Kapus ibn Şemigerkiň ýerine ýetiren işlerine örän begenerdi. Soň soltan Alaeddin Keý Kubadyň ogly Gyýasseddin Keý Hysrow II tagta çykdy. Hijriniň 635-nji ýylynda soltan Keý Hysrow II Halap häkimi mälik Eziz Muhammediň gyzy bilen nikalaşdy. Öz gyz doganyny bolsa Halap häkimi mälik Eziziň ogly Mälik Nasyra berdi Soltan Soltan Gyýaseddin Keý Hysrow II mähirli, oýun ediji, şadyýan, lezzetli söhbet etmäge höwesli, açyk göwünli, ukyply adamdy. Gürji patyşasynyň gyzy bilen nikalaşdy. Ol aýalyny örän gowy görýärdi. Soltan Gyýaseddin ýadygärlik galar ýaly zikgäniň bir ýüzinde öz adyny, beýleki ýüzünde aýalynyň adyny ýazdyrmagy maksat etdi. Döwlet emirleri ony gadagan etdiler. Netijede, zikgede bir arslanyň suratyny nagyş edip, arslanyň başynda bir güneş şekilini surat çekdiler. Ýagny, arslan özi, arka tarapyndaky güneş onuň aýalydy. Soňra Amasyýada Baba atly bir Şyh peýda boldy. Ol geň we täsin zatlar görkezýärdi. Ol halky özüne çekip, köp adamlar oňa gulak asdylar. Soltan Gyýasseddin olaryň üstüne esger iberdi. Gelen esgerler olary dagatdylar. Babany we halypasy Eshafy tutup, ýesir etdiler. Soňra soltan Gyýasseddin Baba mähir we wepalylyk edip, oňa “Pirim” diýdi. Bu sebäpden Şyh Jelaleddin Rumy hezretleri Gyýasseddinden ýüz öwürdi. Hijriniň 641-nji ýylynda tatar taýpasy Rum ýurduna girdi. Soltan Gyýaseddin Azerbaýjanyň golaýynda olary öldürdi. Allanyň hikmeti bilen Gyýasseddiniň esgerlerine howp abanýar, ýeňlişe sezewar bolýar. Tatar olary mekirlik bilen bir günläp saklady. Soňra olar hakykaty duýup, Rum şäherine girip, köp weýrançylyk edip, şol garym-gatymlykda köp olja aldylar. Gyýassedin gaçyp bir gala girip, şol ýerde tagt edindi we tatara habar iberip, amanlyk talap etdi. Olara tabyn boldy. Ine şu wagtdan Seljugyň esasy döwletine gowşaklyk we ýitgi geldi. Hijriniň 654-nji ýylynda döwlet emirleri birleşip, Gyýasseddini öldürdiler.Ýerine iki kiçi ogly Gylyç Arslany we Gyýasseddin Keý Kowusy patyşa etdiler. Yzzeddin Keý Hysrowyň gitmegi bilen Seljuk döwleti ýitip gitdi. Soňky gelen patyşalardan Mojerred atly soltanlykdan başga zat ýokdy. Hijriniň 657-nji ýylynda Rukneddin we Yzzeddin Hulagu hanyň hyzmatyna baryp, birnäçe wagt onda durdular. Hulagu olary Ruma iberdi. Ýurduň pikiri üçin onuň ýanynda Maineddin Perwanany olar bilen bile iberdi.Biraz wagtdan iki dogan mertebe eýelemek islediler. Soňra Rukneddin ýeňiji boldy. Dogany Yzzeddinden Stambula gaçdy. Patyşa olara ýagşylyk etdi. Biraz wagtdan onda bu usul bilen düşlediler. Soňra soltany öldürip, Stambuly basyp almagy niýet etdiler. Ony soltan duýup, ählisini tutdy. Yzzeddin hijriniň 662-nji ýylynda Ýedigalada tussag edildi. Beýleki emirleriniň gözlerine mil çekildi. Hijriniň 666-njy ýylynda Maineddin Perwana döwlet emirleri bilen birleşip, tatarlaryň şasynyň emri bilen Rukneddin Gylyç Arslany tutup öldürdiler. Onuň ýerine Rukneddiniň 4 ýaşly ogly Gyýasseddin Keý Hysrow III patyşalyk ýetdi. Özi Gyýasseddiniň enesi bilen nikalaşdy. Soň Rum ýurduny dolandyrdy. Hijriniň 668-nji ýylynda Gypjak sährasynyň hany Mengutma patyşa Rum tarapdan köp esger iberdi. Patyşanyň ýurduny urup, taladylar. Konstantine galasyna gelip düşlediler. Mälik Yzzeddini tussaglykdan halas edip, getirdiler. Mengutma oňa hormat edip, öz öýünde nikalaşdyrdy. Birnäçe wagt bu ýagdaý dowam etdi. Netijede, hijriniň 677-nji ýylynda Siwas şäherinde wepat boldy. Hijriniň 675-nji ýylynda tatar patyşasy Edkahan Mugyneddin Perwana Müsür soltanyna dostdurys diýip betnebislik edip, ony öldürdi. Hijriniň 677-nji ýylynda Tatarda Yzzeddin Keý Kowus wepat bolandan soňra Mengutme Yzzeddiniň hatynyny ogly soltan Masut ibn Yzzeddine nikalamagy niýet etdi. Soltan Masut razy bolman Rum şäherine gaçdy. Tatar taýpasy ony tutup, Ebkahane eltdiler. Ebkahan oňa ýagşylyk edip, Siwasyň, Arzrumuň, Azerbaýjanyň häkimiýetini berdi. Hijriniň 681-nji ýylynda Ebkahan öldi. Ýerine Ergwan han patyşa boldy. Betnebislik edip soltan Gyýasseddin Keý Hysrow duşmany bolan Grum tatarlar bilen dostlaşarys diýip, yzyndan adam iberip, Gyýasseddin Keý Hysrowy bir sebäp bilen öldürtdi. Diýarrumyň soltanlygy soltan Gyýasseddin Masut ibn Yzzeddin Keý Kowus ibn Keý Hysrow ibn Keý Kubada tabşyryldy. Ýokarda agzalan soltan Masutyň zamanynda Rum soltanlygynda köp dagynyklyk bolup, her beg bir etraby basyp aldy. Mälik Masudyň haly düýpgöter başgaça bolup, awy içip heläk boldy. Tatar patyşasy Rumy bir usul bilen dargatma getirdi. Pitnäni görjek ogullaryndan birini Hoja Muhammet Mustowfi bilen Ruma iberdi. Hoja Muhammet Hasan pikirlenip, ýurdy tertip-düzgüne saldy. Mälik Masudyň doganynyň ogly soltan Alaeddin Keý Kubat ibn Feramuz ibn Keý Kowus ibn Keý Hysrow patyşa boldy. Munuň zamanynda tatarlaryň ýagdaçy pese düşdi, Seljuk nesli ýitiren şän-şöhratyny gaýtadan ele aldy. Alaeddiniň şan-şöhraty artdy. Olar mydama kapyrlar, tatarlar bilen, mukaddes uruş (yslam üçin göreş) edip, VII asyryň soňunda ýogaldy. Alaeddin Keý Kubat 20 ýyl, 3 aý, 13 gün patyşalyk etdi. Soňra ogly Gyýasseddin birnäçe gün soltanlyk etdi. Emma zalym döwlet emirleri onyň üstüne hüjüm edip, ony öldürdiler. Ýokarda agzalan soltan Alaeddiniň zamanynda Osmanly soltan-patyşalarynyň ata-babasy soltan Osman ýüze çykyp, gün-günden işi rowaçlandy. Soltan Alaeddiniň höküm süren ýerlerini özüne boýun egdirdi. Ol ýerlerde patyşa boldy. Soltan Alaeddiniň emeldarlary we esgerleri soltan Osmanyň ýanyna bardylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |