20:32 Mälik Deşti-Gypjak barada | |
MÄLIK DEŞTI-GYPJAK BARADA
Taryhy makalalar
(Gypjak sährasynyň şalary) Tatar taýpalary san boýunça örän köpdir. Olar arassa suwly, gözel howaly Deşti-gypjakda ýaşaýarlar. Goýun, sygyr ýaly mallaryň eýeleridi. Deşti-gypjak sährasynyň kybla tarapy Hazar deňzi we Baýtas deňzidir. Ýagny Gara deňizdir. Ol iki deňziň arasynda çerkez we gürji taýpalary bardyr. Gündogar tarapy Horezm, Otrar, Sefnak ýurtlary, Türküstan, Hytaý, Çine barynça demirgazyk tarapy baýyrlardyr, çöllükdir, derýalardyr. Günbatar tarapy Ors, Bulgar, Osman ýurtlary. Ilki wagtda bir syýahatçylyk kerwen Horezmden çykyp arabalar bilen üç aýda Kryma gelerlerdi. Aslynda hiç haçan haryt getirmezlerdi. Çünki otluk we suwly ýerlerde ol taýpadan ol taýpa göçüp-gonup ýörerlerdi. Soňra Teýmirleň ol ýurtlary haraba edip, kimsini öldürip, kimsini gyryp çykdy. Deşti-gypjakda köp halk göçüp-gonup ýörensoňlar gara öýlerde oturarlardy. Ajdarsaraý, Yrmak, Serajuk, Hajy, Terhan, Azak, Krym, Kufe, Aždarhan atly şäherler bina edildi. Tataryň ilkinji bolan patyşasy mälim däldir. Emma Çingiz handan soňra patyşalaryň iň ulylary Mätbuta şasydyr. Çingizden Deşte ilki höküm eden Bujihandyr. Soň ol aradan çykdy ogullarynyň arasynda jedel bolup, ahyr hanlyk ogly Bereket hana galdy. Ol Allatagala uýup, musulman boldy. Tatar taýpasynyň yslama gelmesini buýurdy. Saraý atly şäheri saldyrdy. Ol şäheri paýtagt edindi. Ulamalara we sap ýürekli adamlara mähir-mylaýymlyk görkezip, her tarapdan ulamalar saraýa gelip, jem boldular. Saraý şäheri uly Derýanyň kenarynda ýerleşip, şäheri kanallar bölýär. Syýasatçy alymlar bir pikire gelip, kanaldan uly Derýa bolmaz, Rusdan gelip, Hazara döküler. Häzirki tatar hanlarynyň ata-babalary bulardandyr. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |