12:36 Çingiz hanyñ hanedanlygy | |
ÇINGIZ HAN (Çingiz hanyň nesli)
Mälim bolşy ýaly nejis Çingiz hijriniň 617-nji ýylynda Çin ýurdundan çykyp, Mawerennahra we Horasana sil ýaly leşger bilen çozdy. Soltan Tekeşiň ogly Muhammet gaçyp, ahyrsoňy Mawerennahrda galdy. Soňra Çingiz han köpçülikleýin gyryp, ähli ýerleri wes-weýran etdi. Habarly adamlaryň aýdyşyna görä, nesiller müň ýyllap adaty ýagdaýda önüp-ösüp gelipdi. Ajamlarda Alla tarapyn gelen apatlardan Çingiz hanyň weýrançylygy ýaly hiç bir hadysa bolmandy. Bu tötänlikde dörän hadysa meňzeş, weýran ediji we gyrgyna getiriji hadysa Nuh tutanyndan bäri bolmandy. Hijriniň 624-nji ýylynda Çingiz wepat boldy. Hijriniň 656-njy ýylynda Tuly ibn Çingiz han ibn Hulagu Rumy tabyn edip, onda ähli yslam ili bilen birnäçe gezek jeň edip, köp ýitgi etdi. Hijriniň 656-njy ýylynda Hulagu 200 müň esger bilen halypanyň weziri ibn Elalfi arzuwlap, Bagdat tarapa üns berdi. Syýahat wagty Alamut galasyny alyp, Şemselşemuş Hawer şahyň weziri Hoja Nasyr Tusuň akyldarlygyna begenip, ony derejeledi, wezirlik derejesini artdyrdy. Ol ýene halypa bir kitap ýazany üçin ynjap Bagdada ýöriş etdi. Ähli bagdatlylar çykyp, Hulagunyň esgerleri bilen söweş etdiler. Gaçyp Bagdada girdiler. Ýokarda agzalan wezir Elgami Salyh Hulagudan özi üçin, öwlady üçin aman talap etdi. Halypa oňa hökmany suratda bir göwün açmagy tabşyrdy. Halypa özüniň bäş ýüz sany ýakyn dost-ýarlary, wezir-wekilleri,adamlary bilen Hulaguwa baryp, duşuşup, onuň bilen şertnama baglaşdy. Hulagunyň gyzyny Halypanyň ogluna nikalap aldylar. Halypa öz sözüne buýsanyp, men-menlik edip, Uslup Mezguryň üstüne bardy. Soňra tatarlar ählisini öldürip, halypany köp azap bilen öldürdiler. Ondan ähli Bagdada girip, kyrk gün kyrk gije ähli Bagdady gyrdylar. Kimdir birleri halas boldy. Käbirleri suw kärizlerde, birnäçe gizlin ýerlerde gizlendiler. Olar sekiz ýüz müň adamy öldürdiler. Käbir taryhçylar “Müň gezek ýüz müň we sekiz ýüz müň adam öldürildi” diýip ýazýarlar. Soňra Hulagu Bagdada emir Bahadury ýolbaşçy belläp, Elgami welaýat häkimi edip belledi. Ondan soňra Hulagu ýurduna gitdi. Iki aýdan soňra Elgami hasrat bilen öldi. Soňra Hulagu Şam patyşasy mälik Nasyry ýanyna çagyrdy. Ol ýene Eziz atly ogluny uly sowgat bilen, Hulagwa iberdi. Hulagu bu ýagdaýdan ätiýaç edip, ol çakylyga gelmedi. Men baraýyn diýdi. Soň ogly Şemuty Miaharkiniň üstüne iberdi. Ony güýç bilen basyp aldy. Beni Eýýupdan mälik Kämili ýesir edip, Halap şäherine iberdi. Hulagu ony ölüme buýurdy. Soň Hulagu adamlara gaharlanyp, ýurdy almak üçin hijriniň 658-nji ýylynda Halabyň töwereklerini ýedi günläp gabady. Ýedi günden soňra basyp aldy. Erkeklerini gyrdy, aýallardyr-çagalaryny ýesir aldylar. Galadaky adamlar tabyn bolmansoň Hulagu bir aýlap galany gabady. Bir aýdan soň galany alyp, ýer bilen ýegsan etdi. Beýleki galadakylaram bu ýagdaýy eşidip, galalaryň açarlaryny iberdiler. Soň Hulagu han Kestbganus atly esgerlerini uly esger bilen Halap üstünden Şamyň urşuna iberdi. Ol hem baryp, Damask şäherine girdi. Gala el degirmän oňa manjanyklar gurdy. Ähli galanyň diwarlaryny ýykmanka galadakylar aman dilediler. Soň ony basyp alyp, gala emirini öldürdi. Müsür tarapa gitdi. Soň ondan Müsür soltany mälik soltany Kutuz bu ýagdaýdan ägä bolup, uly esger bilen tataryň leşgerini basyp almak üçin Şama gitdi. Tatarlar bu ýagdaýdan gorkup, Şamdan gitmegi ýüregine düwdi. Birnäçe emirleriň islegi bilen jeň etmegi dogry hasap etdiler. Jalut çeşmesiniň ýanynda juma güni iki tarapdan köp söweş bolup, ähli tatarlary gylyçdan geçirdiler. Kestbganusy öldürip, oglyny ýesir aldylar. Halas bolan tatar taýpasy onda bir daga çykyp, dagy özlerine goranyş hana etdiler. Mälik Kutuz köp esger iberdi. Esgerler her tarapdan hüjüm edip, olary ele saldylar. Ählisiniň öldürilmegini buýurdy. Mälik Beýbars biraz esger iberip, Halaby tataryň elinden aldylar. Tatary Frat ýerlerine barynça kowdy. Hulagu bu ýagdaýy eşidip, gynandy. Gaýtadan Şam üstüne köp esger iberdi. Gelen esgerler hiç zat başarman gitdiler. Hijriniň 660-njy ýylynda Hulagu on müň adam iberip, Mosuly gabady. Netijede, şäheri söweşsiz alyp, soňra halkyny öldürdiler. Şäher diwarlaryny ýakyp gitdiler. Hijriniň 661-nji ýylynda Deştigypjak sahyby Bereket han (Berke han) bilen Hulagunyň arasynda howp döredi. Her birisi uly esger bilen çykyp, jeň etdiler. Bereket han yslam dininiň hormatyna ýeňiji bolup, Hulagunyň esgerleriniň köpüsi öldürildi. Soň Bereket han Stambula talaňçylyk etdi. Patyşa onuň bilen parahatçylyk etdi. Hijriniň 663-nji ýylynda Hulagu garaguş atly kesele sezewar bolup, Maragada aradan çykdy. Soň ogly Abakahan ýerine han boldy. Deştigypjak hany mälik Bereket Abakahanyň üstüne gelip, jeň etdi. Abakahan gaçdy. Hijriniň 665-nji ýylynda Bereket han aradan çykdy. Ol musulman, dindar, batyr handy. Ýerine Mengutem han boldy. Abakahan bilen söweşip, ýeňiji boldy. Soňra aralarynda birnäçe gezek mäkäm jeňler boldy. Hijriniň 674-njy ýylynda Abakahan üstüne köp esger iberip, gabadylar. Bir gije ählisi birigip, ähli tatary gylyçdan geçirdiler. Hijriniň 671-njy ýylynda Müsür soltany mälik Zahyr yslam esgerleri bilen Damaska, soň Halap üstüne geldi. Ondan Derbent ýolundan Albestana geldi. Magineddin Perwana 14 müň adam bilen gelip, mälik Zahyr bilen jeň etdi. Perwananyň esgerleriniň köpüsi gylyçdan geçirildi. Perwana müň bela bilen halas boldy. Аbakahan sоň söwеş ýеrine gеlip, tаtar кsgerleriniň möwsümlкýin hаsylyň оrluşy dеý gylyçdаn gеçirilişini görüр, Мagineddine gаhar-gаzap bildirdi. Мälik Zаhyryň kuwwаtyny biliр, sоň Рerwаnany öldürdi. Оl sкbitde bоlan уslam şäherlеrinde köр wеýrançylyk еtdi. Sоň уzyna ýurdunа gеldi. Нijriniň 680-nji ýуlynda Аbakahan Нulagu оgly Мengutemi ulу еsger bilen Şаm üstünе ibеrdi. Мüsür sоltany Мensurkellawen ýеne ulу еsger bilеn gеlip, Нyms töwеreklerinde söwеş еtdiler. Ilki bаharda tаtar gоşunynyň çеp gоly sуndy. Нyms dеňzine bаrynça kоwdylar. Sоň sаg golу hеm titräр bаrýardy. Мensurkellawen оrtada bеrk (gуmyldamaýan) bоlup durdу. Sоň Мengutme üstünе ýörüş ediр, ýеňildi. Тatardan bir mеrtebe аdamlary hеläk еtdiler. Аýdyp diýеr ýaly däl. Мengutem ýаralandy. Nеtijede, оl Нorаsanda wеpat bоldy. Hijriniň 681-nji ýylynda Hulagunyň ogly Abakahan wepat boldy. 12,5 ýyl hanlyk sürdi. Argun we Kihtu atly oglanlaryny terk etdi. Soň tatar taýpasy Ahmet han ibn Hulagu kanyhany belledi. Ahmediýe taýpasy ýokarda agzalan Ahmedi doglanda alyp Hulagu hana getirdiler. Hulagu han ony yzyna olara berip, adyna Ahmet goýdy. Soň “Huw” diýip, ol hem musulman boldy. Netijede, käbiri musulman we käbiri ahyr dinde bolup, hijriniň 736-njy ýylyna çenli ol etrapda hanlyk edip höküm sürdi. Ýokarda agzalan senede Çingiziň öwlady ýitip gitdi. Emirler basylyp alnan ülkelerde öz hökümdarlyklaryny berkarar etdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |