18:47 Gyzylbaş nesliniñ Erdebildäki we Yspyhandaky şalyklary barada | |
GYZYLBAŞ NESLINIŇ ERDEBILDÄKI WE YSPYHANDAKY ŞALYKLARY BARADA
Taryhy makalalar
Bularyň ata-babalary Şyh Jüneýitdir. Şyh Jüneýit Ybraýym ogludyr. Ýokarda agzalan Ybraýym Hoja Aly ogludyr. Hoja Aly Şyh Sedreddin ogludyr. Şyh Sadreddin şyh Sanga ogludyr. Şyh Sanga hem Jebraýyl ogludyr. Ýokarda agzalan Şyh Jüneýit başlangyç şyhlyk ýolunda wagty ol ýoly terk edip, gowy görýän adamlaryny jem edip, Gürjüde gaza etdi. Yzyna Şirwana gelende Şirwan halky olaryň bu hereketlerine döz gelmän çykyp, olaryň ählisini öldürdiler. Soň ogly Şyh Haýdar şyh Jüneýit ýaly derwüş bolup, ýaranlary bilen birnäçe gezek gürjüler bilen söweşdi. Alty müň adam bilen çykyp, birnäçe etrapdaky hanlar bilen jeň etdi. Soň Şyh Jüneýit ar almak üçin Şirwana baryp ýeňiji boldy. Şirwan şahy Gülüstan galasyny biraz wagt gabady. Netijede, soltan Ýakup tarapyndan Şirwan şaha kömege gelip, hijriniň 892-nji ýylynda Şyh Haýdar bilen söweş etdiler. Ýeňip Şyh Haýdary öldürdi. Ogullary Ysmaýyly, Siýaraly ibn Haýdary tutup, soltan Ýakuba iberdiler. Soltan Ýakup hem olary Istahr galasynda tussaglykda saklady. Soltan Ýakup ölenden soň Rüstem Mürze Yrakda, Ajamda şa bolmak üçin ýokarda agzalanlary tussaglykdan boşadyp, Erdebilde ata-babalary bolan Şyhsapar üstüne iberdi. Onda beýleki garyplar ýaly şol ýerde ýaşasyn we şalyk söwdasyny, şalyk dawasyny etmesin diýip buýurdy. Rüstem Mürze aradan çykandan soň ýerine soltan Ahmet ibn Ogurly Muhammet şa boldy. Ysmaýyl we Siýaraly onuň şan-şöhratyndan gorkup, Gilana geçdiler. Gilan şahy şerif Hasan hana tabyn boldular. Soltan Ahmet olaryň Gilana barandygyny bilip, şerif Hasan hana adam iberip, olardan Ysmaýyl bilen Siýaralyny bermegi talap etdi. Hasan han olaryň öz ýurtlarynda bolanyny inkär etdi. Soltan Ahmet ynanman, gaýtadan birnäçe ulama, han beglerden adam iberdi. Bu barada Şerif hana kasam etdirdiler. Şerif han bu ýagdaýy mälim edip, soň mekir hile ýoluny saýlady. Soň buýurdy agaçlardan bir kölege salyp, Ysmaýyly, Siýaraly onyň üstüne çykardy. Soň kasam etdi: “Alla beýikdir Ysmaýyl we Siýaraly meniň arzymda däldir” diýdi. Olar hem ynanyp, yzyna gitdiler. Netijede, şerif Hasan hana olaryň zyýany ýetdi. Ol wakany ýerinde aýdyp geçeris. Ýokarda agzalan Siýaraly, Ysmaýyl Gilanda wagty, Soltan Ahmet öldürildi, ýerine Elwent han Mürze şa boldy. Soň ol zamanda Şa Ysmaýyl ibn Şyh Haýdar çykyp, Lahjana geldi. Onda kakasynyň ata-babalary bolan köp adamlar dil birikdirip: “Biz häzir ezilen, seniň işiň diňe biziň kuwwatymyz bilen ýol almaz. Sen Ruma git. Onda teke elinde Şyh Sadreddiniň kowmundan köp adamlar bardyr olary özüňe tabyn edip gel. Bizem seni garşy alarys. Soň soltanlyk meseläň çözüler” diýdiler. Rumda Şyh Sadreddiniň kowmy bolmaga sebäp oldur ki, Teýmirleň Ruma gelende tükeniksiz adamy ýesir edip, Ajam ülkesine getirdi. Teýmirleň Şyh Sadreddin bilen duşuşanda, ol ýesir bolanlar hakynda aýtdy. Şyh olaryň goýberilmegine we halas bolmagyna umyt etdi. Teýmirleň hem onuň hormatyna ählisini boşatdy. Soň ol taýpa olaryň öwlady ýokarda agzalan Şyhyň öwladyna mähirli boldular. Soň Şa Ysmaýyl ýene Ruma gelip, birnäçe müň adam oňa gulak goýup, yzyna Lahjana bardylar. Hijriniň 905-nji ýylynyň Aşyr aýynda Lahjandan çykyp, Azerbaýjana geldiler. Elwent Mürze bilen jeň edip, ýeňiji boldular. Akgoýunlynyň emeldarlaryndan, esgerlerinden köp kişi öldürüldi. Azerbaýjanda Şa Ysmaýylyň adyna hutba okaldy, zikge zikgelendi. Hijriniň 906-njy ýyly Şa Ysmaýyl Şirwany basyp aldy. Şirwan şasyny öldürüp, yzyna geldi. Bu senede Yrakda galan ata-babalaryndan Alyar atly biriniň mezhebi rowaçlanyp, ony mezheb edinip, bu senäni olaryň mezhebiniň ýüze çykyşyna yşarat edip, taryh etdiler. Nehak mezhebleri ähli sünnet we jemagat bu taryhdan habarlydyrlar. Hijriniň 907-nji ýylynda şa Ysmaýyl Diýarbekr patyşasy Elwent Mürze bilen jeň edip, ýeňiji boldy. Köp ýurtlary özüne boýun egdirdi. Hijriniň 908-nji ýylynda Şa Ysmaýyl Alaeddöwle bilen jeňe gitdi. Ol wagt Elwent Mürze Töwrize gelip düşledi. Soň Şa Ysmaýyl yzyna onuň jeňine geldi. Elwent Mürze görkup gaçyp, türkmen taýpasyna sygyndy. Soň baryp, Yragy Myrat Mürze ibn soltan Ýakubyň elinden aldy. Myrat Mürze gaçyp, Ruma geldi. Soň Alaeddöwläniň ýanyna baryp ondan esger aldy. Şa Ysmaýylyň ýoklugyndan peýdalanyp, Bagdada girdi. Hijriniň 911-nji ýylynda Şa Ysmaýyl gaýtadan Bagdady, Yrak arabyny Myrat Mürzäniň elinden aldy. Hijriniň 915-nji ýylynda Alkap Mürzäni Şirwana iberdi. Soň özi yzy bilen bardy. Şirwan Şahy Şahruhy tutup, ýesir etdi. Hijriniň 916-njy ýylynda Mawerennahr we Horasan hany bolan Şibek hany soýup öldürdi. Onuň guburyny altyn, göwher owadan gymmat baha daşlar bilen bezedi. Ondan ömüriniň ahyryna çenli şerap içmek bilen boldy. Şeýlelikde, Horasany aldy. Gaýtadan özbekler gelip, Horasany eýelediler. Hijriniň 914-nji ýylynda Şa Ysmaýyl baryp, olary ýeňip, Horasany we golaýyndaky etraplary eýeledi. Hijriniň 920-nji ýylynda soltan Selim uly esger bilen ýokardaky agzalan jeňine bardy. Töwriziň golaýynda Çaldyran atly ýerde duşuşyp, guşlyk wagtyndan gün batýança jeň boldy. Soltan Selim ýeňiji boldy, köp şalar gylyçdan geçdi. Soň Şa Ysmaýyl hiç tarapa hereket etmän, ömri ötünçä durmuşyň hözürini gördi. Hijriniň 931-nji ýylynda aradan çykdy. Ol 24 ýyl şalyk etdi, 38 ýyl, 4 aý, ömür sürdi. Şa bolan wagty 14 ýaşyndady. Soň ogly Tahmasp Ajam tagtyna şa boldy. Tahmasp örän akyldar, tutanýerli, açyk pikirlidigi üçin şalyga mynasyp adamdy. Ol alym we münejjimdi. Haty örän owadandy, remil (gurrandazlygy) bilýärdi. Birnäçe gezek mülk-etraplara jeň edip, ählisini ýeňdi. Kakasynyň hökümdarlyk eden ýurtlaryna hökümdarlyk etdi. Soltan Süleýman han Nurulla bilen parahatçylyk baglaşdy. Ol jähtden asudalyk boldy. Osmanlylaryň däp-dessurlaryna görä, kowum-garyndaşlarynyň ogullaryny heläk etdi. Ol 54 ýyl şalyk edip, hijriniň 984-nji ýylynyň Sapar aýynyň 17-sine wepat boldy. Ol tagam iýip, awy goşulan şerap içdi. Soň ogly soltan Haýdaryň ejesi Şa Tahmasp hammama girende, suwuna awy goşdy. Şa Tahmasp ol suwy peýdalananda aýryldy. Ol ýagdaýda Tahmasp soltan Haýdary getirip, oňa bet doga etdi, özi ahyrýete gowuşdy. Ol gün Tahmaspyň gyzy Peri han dogany Haýdary hazyna eltip, bar bolan mal-oljany gör diýdi. Gizlin gylyçly adamlar goýup, Haýdaryň üstüne hüjüm edip, ony öldürdiler. Tahmasp we ogly Haýdaryň jynazasy bir saraýdan çykdy. Ondan Peri han atlanyp, gala Alamuta bardy. Onda dogany şa Ysmaýyl ibn Tahmasp 25 ýyldan gowrak tussaglykda bolan doganyny çykaryp, Kazwinde tagta getirdi. Şa Ysmaýyl ilkinji ilkinji günlerde gutarnykly, gaýratly belli kişi bolup başlady emma tussaglykda wagty tirýek öwrenipdi. Töwrizde, Hemedanda, Yspyhanda, Gilanda, Horasanda şa bolanda kakasynyň esgerlerini we belli beglerini bir usul bilen heläk etdi. Özüniň türmä düşenligine şolaryň sebäp bolandygyny aňdy. Patyşanyň maşgalasyndan 17 adamy öldürdi. Şalardan 30 müň adamy öldürüldi. “Çadyryň başy ýekelenende onuň eteklerini-de ýekelemek gerekdir” diýip, kakasyna zyýada garşylyk görkezmedik adamlaryna garşylyk görkezdi. “Şaýylary terk edip, şaýy bolanlary ýaman duşman” diýip, ähli sünnet we jemagat ýoluny saýlap aldy. Sünni ulamalar bilen gatnaşyk ederdi. Soň bu jähtden, şaýylar şa Ysmaýyldan gorkup, ýüz dönderdiler. Şa Ysmaýylyň ölümini maksat etdiler. Şa Ysmaýyl bu ýagdaýy bilip, awa, şikara gitmezdi. Ähli soltanlyk işini uly wezirine tabşyrypdy. Özi ýekelikde gizlinlikde oturmagy endik edindi. Netijede, hijriniň 985-nji ýylynyň Remezan aýynyň 3-nde magjun atly naharyna awy goşup, heläk etdiler. Käbirleri aýdýarlar Ol wagtda hatynlar suratynda belent-mertebeli adamlardan 5-10 adam saraýa girip, ony şol ýagdaýda tutup, bogdular. Patyşanyň golaý adamlary Horasana bardylar. Ondan Muhammet şa Hudabende ibn Tahmasp ibn Ysmaýyly getirip, şa etdiler. Onuň zamanynda köp wagtlap, rum, ajam, arap soltanlary, şark, garb häkimleri Soltan ibn Soltan Myrat han hezretleriniň ýeňiji esgerleri bilen şalaryň arasynda birnäçe gezek jeň we jedel boldy. Hijriniň 986-njy ýylynyň Rejep aýynda Wezir Mustafa paşa baryp, Gürji welaýatyndan Keraýaly welaýatyny basyp aldy. Ondan Çaldyr atly ýerde gyzylbaş-galtamanlar esgerleriniň serdarlary bolan Tukeman han bilen gelip Mustafa paşa olaryň jeňine Diýarbekr paşasy Derwüş paşa Halapdan Märzul Mätafzada Ahmet paşany, Diýarbekrden Märzul Osman paşany, Arzrum paşasy Bahram paşany iberip, gyzylbaşlar bilen uly jeň etdiler. Şalaryň esgerlerini gylyçdan geçirip, yslam esgerleri ýeňiji boldy. Allatagalanyň hikmeti bilen Mustafa paşa çykyp, Şirwana bardy. Onda Osman paşany goýup özi yzyna Arzruma geldi. Şirwan hany bolan Uýshan 12 müň kişi bilen Osman paşanyň jeňine geldiler. Olar hem köp ýeňlişe sezewar bolup, gaçdylar. Hijriniň 987-nji ýylynda Mustafa paşa Arzrum esgerleri bilen Krasa baryp, bir beýik gala bina etdi. Şäheri abatlap, onda begler-begi belläp, özi Stambulda uly wezir bolup düşledi. Hijriniň 996-njy ýylynda şäher Şah Muhammet Hudabende Kazwinden Yspyhana barýarka ogly Şa Apbas ibn Muhammet bu ýagdaýdan peýdalanyp, kakasyny gaflatda goýup, gelip Kazwinde tagtda oturdy we kakasyny tussag etmek üçin adam iberdi. Dogany Zekr mäluk we Abu Talyby Kahkaha galasynda tussag etdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |