Keýmir serdar hakda: Akja urpakdaky gala
Keýmir serdar gala salmak üçin ýanyna bir topar nökerlerini toplap, Ahala — Gökdepäniň göni gaýrasyna gum etegindäki Atmaýran düzlüginiň ileri ýakasyndaky urpagyň ýanyna gelipdir. Ol ýer alanda, örän oýlanyşykly hereket edip, Atmaýran düzlüginiň ileri kybla çetinden alýar, şol töwerekdäki Akja urpagy hem eýeleýär. Akja urpagyň gaýra gyrasyndan, urpagy penalap gala salýarlar. Gala örän oýlanyşykly salnypdyr. Keýmiriň galasyny uzakdan hem, ýakyndan hem görüp bolmaýan eken. Sebäbi galanyň öňüni urpak tutan ekeni. Keýmir dagy galany salanlarynda, söwütden ýasalan çanaklary laýdan dolduryp, kerpiç guýupdyrlar. Düýe çopan ýaşulynyň gürrüň bermegine görä, soň-soňlar hem ol ýerlerden çanakda guýlan kerpiçler çykar durar ekeni. Akja urpagyň gündogar gaýra gyralarynda küýze döwükleri, daş bölekleri tapylypdyr.
Şol ýyllarda galanyň töwereginden hem ýol geçipdir. Galanyň gapdalyndaky ýerlerde ak ekin, bugdaý meýdanlary ýaýylyp ýatan ekeni. Keýmir gala bolsa haraba bolup duranmyş. Galanyň diňe kybla hem-de günorta-gündogar burçy 2-2,5 metr ýerden ýokary galdyrylypdyr. Galanyň başga ýerleri 1-1,5 metr ýokary galyp, dörtburç halka şekilinde salnypdyr. Keýmir galanyň gündogar diwarynyň uzynlygy 102 metr töweregi, günorta diwarynyň uzynlygy 100 metr, günbatar diwarynyň uzynlygy bolsa 97 metr töweregi. Demirgazyk diwary bolsa 80 metr töweregi. Diwaryň ähli ýeriniň ini 2 metr, kä ýerleri bolsa 3 metr, hatda 4 metre ýetýän ýerleri hem bar.
Galanyň dört töwereginiň diwarlarynyň iç tarapyna ýag dökülen ýaly, ýagjymak. Galanyň 4-5 metr günbatar tarapynda kiçeňräk beýiklikler bar. Olaryň käbirlerine hem edil ýag dökülen ýaly, ähtimal, olar jaý ýerleri bolandyr. Galanyň 25 metr demirgazygynda takyr ýer bolmasa-da, kak gazylypdyr. Ol ýerde käteler esli suw ýygnanýar. Akja urpak bilen galanyň arasy 100 metr çemesi, ýöne arasyndaky çöketlik häzirem oýulyp dur.
Keýmir gala Erez gala hem diýilýär. Munuň hem manysy gözi oýnaklap, gülüp duran adama: «Pylanynyň gözleri erejekläp dur» diýilýär. Mundan başga-da, beýik ýere, ýörite beýgeldilen ýere, diňlere, sekilere çykyp, töwerek-daşlaryna sereder ekenler. Şol beýik ýere hem Erek, Erekdag diýler ekeni. Gökdepäniň ilersinde gädik-gädik bolup, düýäň örküjini ýatladyp, şahalanyp duran dag ýaly beýiklige Erek, Erekdag diýlip aýdylýar ekeni. Şeýlelikde, beýik ýerde erezläp oturan Keýmir gala, Erezgala ady galypdyr.
■ Näçe öýli?
Bir gün Keýmiriň öýüne birki sany han myhmançylyga gelipdir. Olar: «Näçe goşunyň bar, görkez!» diýipdirler. Keýmir ýigitlerini tozana garyşdyryp, tozan turzup, atlylaryny yzly-yzyna geçirip başlapdyr. Ýigitlerine eşiklerini çalşyryp, yzly-yzyna geçip durmaklygy buýrupdyr. Şeýdip, goşunyny örän köp ýaly görkezipdir.
■ Kyrk müň öýli türkmen
Nedir şa Keýmire ýüzlenip:
- Näçe öýliň bar bolsa, hasabyny alyp gel! — diýenmiş. Keýmir tapan gurtlaryny ýygnap, düýä ýükläp, şanyň ýanyna gidipdir.
Şa:
- Keýmir, bularyň näme?! — diýip soraýar.
Keýmir:
- Aý, şahym, sanabam durmadym, her öýden bir gurt alyp gaýdyberdim — diýipdir.
Gurtlary sanap görseler, 40000 ekeni. Şondan hem «Kyrk müň öýli türkmen» diýen söz galypdyr.
■ Keýmir we Gülsün
Bir gün Keýmir serdar Büjnürde baranda, hanyň gyzy Gülsün:
- Size gepe ökde diýýärler. Bir sowalym bar — diýipdir.
Keýmir kör:
- Bolar, hany sowallaryňy eşideli.
Gyz:
- Keçe, keçe, keçedir, keçe ýoldan geçedir, asmandaky ýyldyzlaryň bilgin sany niçedir?!
Keýmir:
Ok gadyryn atan biler,
Ýaý gadyryn çeken biler,
Asmandaky ýyldyz sanyn,
Siz deý arkan ýatan biler.
Gyz:
Ençe zat ent eýledi,
Bir niçe pent eýledi,
Ýigrimi dört sany ýyly
Dört aýa bent eýledi.
Keýmir:
Älemi zatda gördüm,
Zady zulmatda gördüm,
Seniň soran sözleriň
Ýaňyja bir atda gördüm.
Gyz:
- Berekella — diýipdir.
Taýýarlan: Gurbanjemal YLÝASOWA,
TYA-nyň Мilli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Halk döredijiligi we rowaýatlar