ALTYN PEROLY RUÇKA
Jeren, Jepbar, hem-de Juma üçüsi mekdebiň üçünji «G»-synda okaýardy. Jeren klasyň ökde okuwçylarynyň biridi. Ol Jepbar bilen bir partada oturýardy. Düýnden bäri bolsa, ol Jepbar bilen gepleşenokdy.
Jepbar ejesi, kakasy bilen etrap merkezindäki garyndaşlarynyň toýuna gideni üçin öýe hasapdan berlen ýumşy işläp bilmändi. Şony bilýän ýaly, Alma mugallym hem Jepbary tagta çagyryp, öýe berlen ýumşy işläp bermegi sorady.
Jepbar aljyrady. Ol hasyr-husur Jereniň hasap depderini aldy-da gidiberdi.
Jeren Jepbaryň bu bolşuna haýran galdy. Ýöne derrew özüni ele aldy-da, Jepbaryň yzyndan ýetip, hasap depderini onuň elinden çekip, alyp galdy. Şeýdibem, Jepbar ikilik aldy. Şonuň üçin ol indi Altyn bilen gepleşenokdy.
Okuw tamam boldy. Okuwçylar öýli-öýüne gaýtdy. Altyn hem öz maýdalyna, öýlerine ugrady. Olaryň öýleriniň ýanynda dokuz gat belentden uly jaý gurulýardy. Şonuň üçin bu töwerekler durşuna çukur-çukur bolup ýatyrdy. Geçeniňde örän seresap bolmalydy. Jeren çukurlaryň gyrasyndaky inçejik ýoda bilen seresaplyja ýöräp barşyna, ýakynjakda bir güjüjegiň çyňsaýan sesini eşitdi-de, ýolundan sowulyp, şol güjügiň sesiniň gelýän tarapyna ýöredi. Görse, ekskowatoryň turba geçirmek üçin gazan çuňňur çukurynyň düýbünde bir güjüjek sesiniň ýetdiginden çyňsap, iki baka urunýardy.
Jeren oýlanyp durmady-da, goş-golamlaryny bir gyrada goýup, çuňňur çukura eňip başlady. Emma çukur onuň çaklaýşyndan çuň eken. Asyl, ol aşak düşse, özüniňem çykyp biljegi gümanady. Çukuryň gyrasyndaky gum üýşmegi bolsa, sähel degdigiň, güjügiň üstüne eňterilip, ony gömjekdi.
Jeren bir özüniň güjügi çukurdan çykaryp bilmejegine düşündi. Ýöne ol güjüjegi beýle ýagdaýda galdyryp gidibem biljek däldi. Bu güjüjek goňşularynyňkydy.
Jeren töweregine garap başlady. Birdenem, ol Jepbar bilen Jumanyň ilerki ýoldan geçip barýanyny görüp begendi.
– Jepbar, Juma! – diýip gygyrdy. – Bäri geläýiň-dä!
Oglanlar Jereniň ýöne ýere özlerini çagyrmaýandygyna düşündiler-de, gaty-gaty ýöreşip, Jereniň duran ýerine geldiler. Çukurdaky güjüjek bolsa oglanlary görüp, hasam beter çyňsap başlady.
– Näme boldy? – diýip, Juma derrew sorady. – Çukura bir zadyň gaçdymy?
– Güjük-laý, göreňokmy? – diýip, öňem Jerenden öýkeli Jepbar geleňsizlik bilen ýüzüni öwrup aýtdy.
– Goňşymyzyň güjügi çukura gaçypdyr, çykaryşaýyň-da!
Jepbar ýüzüni kese sowdy. Juma welin goşlaryny bir gyra goýdy.
– Men, häzir. Men, derrew...
Emma Jepbar ýerinden gozganaýyn hem diýenokdy. Gaýta:
– Güjügini çykaryşaýmagyn, Juma, bu gyz gaty namart gyz eken. Men şol sebäpli ikilik almadymmy, näme... Goý, indi güjügini özi çukurdan çykarybersin. Bu dünýä gezekli dünýädir...
Juma ýaýdandy.
– Ol meniň güjügim däl, goňşymyzyňky. Oňa nebsim agyrýar. Gör, nähili gowja güjük. Bolmasa meniň özüm... – diýip, bu oglanlardan kömegiň bolmajagyny bilen gyzjagaz çukura bakan owsundy. Juma saklanyp bilmedi. Ol çukur bakan ýönelen Jereni saklady.
– Sen dur, Jeren! Häzir meniň özüm çykararyn.
Juma köwşüni, jorabyny çykaryp, aýagyny ýalaňaçlady-da, çukuryň gyrasyndaky üýşmek gumuň içi bilen typyp, çukuryň düýbüne düşdi.
– Çykaraýma, şonuň diýenini edip güjügi çykaraýsaň, men saňa dost diýmen. Altyn peroly ruçkamam yzyna berersiň, namart diýsäni...
Emma juma ol sözlere ünsem bermedi-de, çukuryň düýbüne bakan süýşüp gitdi. Ol baryp, gorkusyna ullakan turbanyň düýbüne gysmyljyran güjüjegi çekip aldy-da, bir eli bilen ýokary dyrmaşyp ugrady.
Çukurdan ýokary çykaýmak aňsat däldi. Çukuryň agzy kert bolup, eliň bilen ýapyşar ýaly, aýagyňy basar ýaly ýer ýokdy. Elinde güjük bolany üçin Juma bir eli bilen ýapyşmagam aňsat däldi.
Her näçe kynam bolsa, Juma ýokary galdy-da, güjügi Jerene uzatdy. Jeren bir eli bilen güjügi tutdy-dan beýleki elini ýokary çykyp gelýän Juma uzatdy.
Jepbar öz diýeni bolmany üçin Jumanyň ýüzüne gaharly garady.
– Sen, namart ekeniň. Häziriň özünde altyn peroly ruçkamy ber! – diýdi-de, hasapdan öýe işi göçürdeni üçin, ýap-ýaňy Juma sowgat beren altyn peroly ruçkasyny yzyna aldy-da, gaty-gaty ýöräp, öýlerine bakan gitdi.
Jeren Jumanyň gum bolan eşiklerini kakyşdyrdy-da, oňa minnetdarlyk bildirdi. Soň onuň bilen tirkeşip, öýlerine bakan ugrady. Güjüjek bolsa olara minnetdarlyk bildirýän ýaly, Jeren bilen Jumanyň aýagyna çolaşyp, keýpden çykýardy.
27-nji maý, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty