20:15 Annaguly aganyñ almyty / satiriki hekaýa | |
ANNAGULY AGANYÑ ALMYTY
Satiriki hekaýalar
Beýle-beýle zatlar bolar öýdüp Annaguly aganyñ kellesine-de gelenokdy. Ol işip oturan ýüpüni bir gapdala taşlady-da, ýabaga geýdirilen telpegini alyp silkeleşdirdi. - Ýeri, indi biz ýaly adamyny dagy bi ýaşdan soñ ýygnak-beýleki diýip selpedip ýörmeselerem boljak ahyryn. Hemmäñiz gelmeli diýen bolup, hamana diýersiñ, o ýerde paýlanyşyk bar ýaly - diýip, ol gidip barşyna hüñürdedi. Çaklañrak klubyñ zalyna ýygnanan adamlaryñ hersk bir zat bilen gümrady. Annaguly aga-da elini gözüne kölegeletdi-de, yzdaky hataryñ birine geçip oturdy. - Sakgaldaş, soraş-da - diýip, ol gapdalyndaky gözi äýnekli, çokga sakgal ýigide habar gatdy. Ol gökden gaçan ýaly bolup gözüni tegelän Annaguly aga seretdi. Annaguly aga göwni bir ýaly, ýene-de öñki aýdanyny gaýtalady. - Soraşyñ! - Ah-ow, ýaşuly, ýöne soraşyñ diýip otyrsyñyz, soragy dokladdan soñ bermeli. Ýa näme bular ýaly ýygnaga ömrüñizde birinji gezek gatnaşýañyzmy - diýip, ýaş alym äýnegini düzedişdirdi. Annaguly aga başyny ýaýkap dymdy. Ine, az salymdan ýygnak başlandy. Prezidiumdaky stoluñ arkasyna geçen Ýegen Öwelekow zaly birlaý gözden geçirdi-de: - Hawa, şu günki ýygnagymyzyñ gün tertibi ýoldaşlar, siziñ bilşiñiz ýaly, tebigy hadysalar, has takygy ýer yranmak hakynda. Ýagny, ony öñünden bilmek barada sektoryñ alymlarynyñ alyp barýan işleri bilen tanşarys. Onda näme; doklad üçin professor Añkarowa söz berilýär - diýip, ol sagadyna seretdi. Garsak ýaljak adam ýylçyr kellesini sypalap münberiñ añyrsyna geçdi. Ardynjyrap öñündäki kagyzlart rejeleşdirdi. Gürrüñi nämeden başlajagyby bilmeýän ýaly töweregine ýaltaklap, stakandaky suwdan bir gezek owurtlady. Onuñ sesi inçeden şaññy çykdy. - Ýoldaşlar, ilki bilen bizi ekläp-saklaýan ene ýer barada iki agyz söz aýdasym gelýär. Biz alymlar ýeriñ döränine dört milliard alty ýüz million ýyl bolupdyr diýýäris. Mälim bolşy ýaly, adam garradygyça lagar düşýär, emma ýeriñki tersine, ol gojaldygyça gözelleşýär. Ýogsam ýeriñem ýüki özüne ýetik. Bilýäñizmi, her ýylyñ dowamynda öñki zatlaryñ üstünne ýene-de üç ýarym million tonna kosmos tozanjyklary gelip dökülýär. Ýeri, o nämäñ görgüsi diýsene. Hawa, bu zatlara henizem, dogrusyny aýtsak, ýer çydaýar. Biziñ käbirimize dagy goşmaça ýük ýüklärligi ýok, derrew sojap başlaýas. Ýerden görelde almak gerek, ýoldaşlar! Hawa, biz alymlar ýeriñ astky gatlagyny we ondaky bolup geçýän özgerişlikleri öwrenmek barada özümiziñ ähli gujur-gaýratymyzy gaýgyrman işleýäris. Onda-da ýer bize eýgerdenok. Ýogsam sektoryñ alymlary bu barada köp çaý sowadyp, ençeme ylmy monografiýalary ýazdylar. Şeýle hem gazet-žurnal sahypalarynda yzygiderli çykyş edýärler. Hawa, öñem aýdyşym ýaly ýöne ýer bize eýgerdenok. Biz öz aramyzda ylmy çekişmeler hem gurap durýarys. "Aýbyny ýaşyran aýñalmaz" diýipdirler. Arada şeýle çekişmeleriñ biriniñ soñy neden uruş bilen gutarypdy. Gynansagam, ýaş alymlar käte gany gyzmalyk edýärler. Olaryñ diýenine däl diýseñ urşaýmaga-da ýaltanjak däller, how! Onsoñam kileñ jahyl oglanlar, biz-ä çekinmänem duramzok. Dogry, olar bilen soñky döwürde terbiýeçilik işlerini gowulandyrdyk. Ýoldaşlar, gürrüñi esasy meselä syrykdyrsak, onda ýer yranmany öñünden bilmek meselesi biziñ öñümizde esasy mesele bolup geldi we gelýär. Bu problemanyñ položitel çözgüdini tapsak, biziñ halk hojalygyna getirjek peýdamyz ummasyz bolar. Ýerlerdäki gözegçilik punktlaryndaky oturdylan priborlaryñ yrgyldynh has öñünden duýmak ukybyny güýçlendirmeli... Professor Añkarow dokladynyñ soñuny ylmy terminler bilen baýlaşdyrdy. Bu baradaky gapma-garşylykly pikirleriñ ústünde durup geçdi, bu mewselä hut öz garaýşyny aýtdy. Doklad gutarar ýerde gutarmady. Prezidiumda irkiljiräp oturan Ýegen Öwelekow goşaryndaky sagadyna seretdi. - Ýoldaş professor, size ýene-de näçe wagt gerek? - diýip, ol oratoryñ sözüni böldi. - Bagyşalañ, men ony aýdyp biljek däl. Belki bir ýyl ýa-da iki ýyl gerek bolar. Biziñem gaaaaaaaaaaaayssagymyz özümiz bilen, şol problemanyñ üstünde kelle döwýänimiz-ä gyt däl... Zalda oturanlar gyzyl-gyran gülüşdiler... - Men size dokladyñyzyñ gutarmagy üçin näçe wagt gerek diýýän - diýip, Ýegen Öwelekow sesine bat berdi. Professoryñ köpi görendigi bildirip durdy, ol aljyramady. - Aý, näme doklady gutardy hasap edäýsegem bolýa - diýip, ol öñündäki kagyzlary ýygnaşdyrdy. Soragyñyz bolsa beriberiñ diýýän ýaly, tumşugyny dik ýokary tutup, özüne göwnüýetijilik bilen zala seretdi. - Belki, dokladça soragyñyz bardyr, çekinmäñ-de aýdyberiñ - diýip, Ýegen Öwelekow oturan ýerinden gürledi. Annaguly aganyñ ýanyndaky oturan hälki ýaş alym gozganjyrady. - Ynha, indi soraşyber - diýip, ol ýaşulynyñ göni görejine seretdi. Annaguly aga düşünmediksirän bolup, şol öñki heñine tutdy. - Sizdendir, soraşyberiñ. - Bizden bolsa gaty sorarys - diýip, ol elini galdyran ýaly etdi-de, zat diýlerine-de garaşman, zöwwe ýerinden turdy. - Ýoldaş professor, siz ýañy dokladyñyzyñ bir ýerinde "Ýaş alymlar gyzma bolýarlar, olar uruşmaga-da ýaltanjak däller" diýip bize nähak igäñizi sürtýäñiz. Aýdan zatlaryñyzy anyk faktlar bilen delillendirmegiñizi talap edýärin. Bi, birinjiden. Ikinjiden bolsa, bagyşlañ welin, siz ýerasty sarsgynlary öñünden duýmagyń ertirki güni barada nädogry pikir ýöredýärsiñiz... Jedel ýene-de gyzyşdy. Alymlaryñ edýän gürrüñlerine şeýle bir oñat düşünmese-de Annaguly aga bu meselede käbir pikirleri orta atmagy ýüregine düwdi. - Hawa, köşekler, gürrüñ edişiñize görä, siz bu ugurdan näçe ýyllap okap, gat-gat kitap ýazyp ýörsüñiz. Elbetde, size zat öwretmäge meniñ çakym ýok, asyl het edibem biljek däl. Ýöne durmuş tejribämdenem bir zady aýdyp biljek. Men oglanlar, bütin ömrümi çopan bolup malyñ yzynda geçirdim. Ýer yranjak bolsa o janawerler adamdan näçe wagt öñ syzýan ekenler. Birhili öz-özlerinden tebil tapyp gygyryşyberýärler. Goýun dagy, janawer ýuwaş maldyr welin, şeýle bir zaryn mäleýä, heý, aýdyp diýer ýaly däl. Sygyrlar-a ýöne molaşyp dur. Itleriñ uzyn-uzyn uwlaýşy bir täsin. Dyrnak ýaly bolup, şu garynjalar dagam öñküligini tapanok how, hininiñ agzynda zygyrdaşyberýärler. Hawa, "mus-mus" diýip oturman, onuñ mustapasyny aýdaýyn. Ýalñyşmaýan bolsam, häzir edara-kärhanalarda kömekçi hojalyga uly üns berilýär. Bäş-on sany goýundyr beýleki mallardan edinseñiz, seredip bermesi meñ bilen. Onsoñam iki işimizem birden biter. Hem-ä ýer yranmasyny esli wagt öñünden bilersiñiz, hemem çagalaryñyza süýt-gatyk bolar. Elbetde, bu oturan oglanlaram mallaryñ ot-çöpüne kömek etmeli bolarlar. Gyş üçin bede-zat ýatyrsynlar, garasaý, bularyñ men sögüşmäge elleri degmez ýaly ederin. Onsoñam şol ugurda işleşip ýören alymlaryñ sanyny ep-esli azaldaýsañyzam gaty zyýan-a çekersiñiz öýdemok, galanynam özüñiz görüñ, meniñk-ä maslahat bermek. Annaguly aganyñ teklibi zalda oturanlarda dürli pikir döretdi. - Añkasy aşan ýaşula öz işiñ bilen bol diýmeli. - Ýogsa-da, şu biziñ edaramyza garawulyñ näme geregi bar. - Annaguly aganyñ aýdýanynyñ hem jany ýok däl, how! Ýegen Öwelekow stoly ýumruklap, ýerinden galdy. Onuñ sesi sandyrap çykdy. - Hany ýuwaşrak, ýoldaşlar. Bu ýerini bazara öwürdiñiz-le. Şama-şaýyrdylygy bes ediñ. Onsoñam ýygnagy uzaldyp oturmaklygyñ hajaty ýok. Prezidiuma iki teklip gelip gowuşdy. Olaryñ biri edaramyzyñ garawuly Annaguly aganyñ wezipesini ýapmak, beýlekisi bolsa sektoryñ alymlarynyñ sanyny azaltmak. Ýokary göterilen elleriñ sany beýlekiden köp boldy. - Onda näme, şeýlelik bilen Annaguly aga bitiren hyzmatlary üçin siziñ adyñyzdan köp sag bolsun aýdýan, hemem oña berk jan saglyk arzuw edýän. Goý, ol özüniñ galan ömrüni öýünde arkaýyn ýatyp geçirsin... Annaguly aga başyny dik tutup, köşeşmeýän güwwüldili el çarpyşmalar astynda zaldan çykyp gitdi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |