23:49 Ar-namys hakynda oýlanmalar | |
AR-NAMYS HAKYNDA OÝLANMALAR
Jemgyýetçilik tankydy
Ilden artykmaç bilýän zadym-a ýok. Göwnüme bolmasa, beýleki halklara garanyñda, musulman ymmatynyñ ar-namysynyñ has güýçlüdigini, has berkdigini, durky bilen uýýandygyny, ony gözüniñ göreji ýaly saklaýandygyny ýüregim syzyp dur. Ar-namysyñ ýöne-möne zat däldigini bilmeýän türkmen ýok bolsa gerek. Onuñ ýowuz-ýowuz öwrümleri, müñ dürli a:llary bar weli, musulman ymmatynyñ başyna Ýaradan Biribar salmawersin diýip dileg etmeli bolýar. Gadymy zamanlardan bäri ene topragymyzyñ üstünde ar-namysly türkmen halky ýaşapdyr, nesil ýaýradypdyr. Olar keramatly ojagyny, ojagyñ eýelerini, gelin-gyzlary, Watanyny kese ýerli gelmişeklere bermejek bolup, şirin janlaryny orta goýupdyrlar. Gaýduwsyz söweşipdirler, jan alyp, jan beripdirler. Ar-namysyñ gözbaşy gelin-gyzlary gorapdyrlar, ganly penjeleriñ gysajyna bermändirler. Könelerimiz pirler weli bolupdyr, boljagy-geljegi aç-açan bilipdirler diýerdiler. Dünýä welisi, keramatly, gudratly, akyl gämisi Magtymguly Pyragy özünden öñki zaman geçmişleriniñ şänigini döwüp, mañzyny ýuwdupdyr. Boljak-geljegi-de eliniñ aýasynda ýaly görüp bilipdir. Dana Magtymguly Pyragynyñ uç-gyraksyz döredijiliginde ar-namysa, ynsan mertebesine, gelin-gyzlara, ýigitlere uly orun berilýär. Ar-namys hakynda oýlanjak bolsak, weli şahyryñ goşgy setirlerine ýüzlensek, sözlejek sözümiz tagamly bolar. Asyrlary agdaryp, biziñ günlerimize ýeten şol setirleriñ içinde buýsançlysy-da, ýangynlysy-da bar. Käbir mysallar: Gözel bardyr gözellerden zyýada, Anyñ hyzmatynda durasyñ geler. Edepli-ekramly, mylaýymzada, Tä ölinçäñ bile ýöresiñ geler. Ýa-da: Dünýä ýüzi meñzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa. Ýangynly setirlerini-de ýatlamaly bolýar: Huda buýrugyndan aýrylan juwan Oýnaşyndan haram köle getirmiş. Ýa-da: Rüstem Zal bolupdyr azan aýallar, Ärine jür bolan juwan galmady. "Akylsyz akyllydan, akylly nakyldan öwrener" diýen pederlerimiziñ pähimi bar. Türkmen nakyllary, pederleriñ pentleri barasynda oturyp-oturyp pikir edýärsiñ, haýranlar galýarsyñ. Haýran galmazça-da däl. "Türkmeniñ gadymy ata-babalary akylyñ öýjügi bolupdyr-ow!" diýen buýsançly pikir bütin durkuñy heýjana getirýär. Şeýle bolansoñ türkmen nakyllaryndan, pederleriñ pähimlerinden käbirini ýatlamaly bolýarys: "Gyzyny urmadyk - dyzyna urar". Ýa-da: "Ogully bolup ogra gülme, gyzly bolup - lola". Beýle diýildigi - ogul-gyzymyz agy-garany saýgaryp, durmuş ýoluna ymykly düşýänçä, ýüzlerinden dözümliräk daralyñ diýildigi bolýar. Ene, esasan, gyzy terbiýelemeli bolýar. Häli-şindi ar-namysyny goramagyny, edep-ekramly bolmagyny gazanmaly. Elbetde, ene nusga alarlyk bolmaly. "Enesini gör-de, gyzyny al" diýemn synagly nakylyñ bardygyny mahal-mahal ýatlamak zerurdyr. "Ene göreldesi - gyzyñ ýörelgesi" hem diýilýär. Enäniñ göreldesi bolmasa, gyzyñ ýörelgesiniñ bolmajakdygyny käýarym görerdik. Şeýle maşgala bilen gatnaşylmazdy. Göze görnüp duran gyzyñ iñrik garalanda öýden çykanda: "Bimahal nirä ugradyñ? Hany, dön yzyña!" diýmeseñ, gör-bak, nireden çykjak! Ýetginjek ogluñ gijäñ gylla ýary öýe dolananda: "Şu mahal entäp nireden gelýäñ? Şu iñ soñky gezek bolsun" diýmeseñ, soñra gözümize ýaş aýlap, mañlaýymyzy ýumruklanymyzdan ne peýda! Öñler göbegeneler çaganyñ göbegini kesende, gyzyñ göbegini içerde gömerdiler. Oglanyñ göbegini bolsa, düýäniñ guýrugyna dañardylar. Beýle edildigi - gyz kemala gelende, dört tärimiñ içinde haly, palas, garçyn dokamak, çatyn-tikin bilen gümra bolmagyny arzuw etdikleri bolardy. Ogul bolsa gezermen, edermen, goýun-guzy bakarman, bedew münüp, menzilleri sökermen, kerwen gurap, argyş çekermen merdana ýigit bolmagy küýselerdi. Daşardan gazanç etmek erkek kişileriñ, öý işini ýerbe-ýer etmek naçarlaryñ işi bolýardy. "Erkek gezse yrsgy açylar, aýal gezse syrty açylar" diýerdiler. "Yryma uýan yranmaz" hem diýip aýdardylar. Ir döwürlerde setanda-seýranda biri goýun ogurlan bolsa, onuñ üsti açylsa, oba ýaşululary ogryny, goýun eýesini çagyryp, goýun ogrusyna her aýagyna bir goýun tölärsiñ diýerdiler. Bu gadymdan gelýän ýörelge. Soñra ogryny ýekirerdiler. Gapylara gulp urulmazdy. Gulp-açaryñ ady-sory ýokdy. Ir döwürlerde azgyn gelinleriñ saçyny kesip, eşege ters mündürip, atasy öýlerine elter ekenler. Eger-de arly-namysly doganlary bar bolsa, damagyny çalyp, ýol ugrunda gömer ekenler. Geçen ýolagçy onuñ üstüne daş oklap, nälet okar ekenler. Beýle ýagdaý çendenaşa seýrek bolupdyr. Bir ýerde bolan bolsa, agyzdan-agza geçip, türkmen topragynyñ ähli ýerine ýaýrapdyr; ajy rowaýata öwrülipdir. Şeýle rowaýaty eşiden gelinleriñ aýagyny gyşyk basjak gümany bolmandyr. Beýle diýildigi gadymy türkmenler zalym bolupdyr diýildigi däldir. Bu ýerde türkmeniñ ar-namysy durmuşda has beter ileri tutdugydyr. Ar-namysyna deglen türkmen mal-mülk, gazna beýle-de dursun, ýalançy dünýäni terk edýär. Türkmenler enäni keramatly ojak, gyz-gelinleri başynyñ täji, ogullaruny halal ojagyñ eýesi hasaplapdyrlar. Ene-atanyñ ogul-gyzyndan gazanjyny gaýgyran wagty bolmandyr. Gyzyny durmuşa çykaranda, şaý-sepleri inere ýük bolupdyr. Altmyşy agdaryp, ýetmişe ýetip barýanlar bilýändirler. Sowuk düşüberende, türkmen öýlere ojakbaş düşelerdi. Ojakbaşyñ sag gonjy ogullar, myhman gelse myhmanlar üçin, çep gonjy ene-gyzlar, töri öý eýesiniñii bolardy. Gyz, myhman gelse, töre bakyp oturardy. Ýalñyşyp-ýazyp gyz myhmanyñ ýüzüne seretse, enesi süýem barmagyny dişlärdi. Beýle etdigi gyzyna utanmaýarmyñ diýdigidi. Gözüniñ gyýtagy bilen seretse, "töre bakyp otur" diýdigidi. Üme, herekete gyzlar düşünerdiler. Enesiniñ talabyny berjaý ederdiler. Oglanlar atasy bir zat sorasa jogap berseler-de, ýanynda kelam agyz gep gozgamazdylar. Soñky wagtlar ýaşlaryñ arasynda ýüze çykýan nogsanlyklar türkmenleriñ hiç birini-de biperwaý goýýan däldir. Käbir bolýan zatlary eşidenimizde hyrçymyzy dişläp, başymyzy ýaýkanymyzy bilmän galýarys. Tolgunmaz ýalymy, öz-özüñden utanmaz ýalymy, ýetişip barýan ogul-gyzyña, agtygyña howsalaly garamaz ýalymy. Hiç bir türkmen gelin-gyzlaryñ baryny biraýakdan sürmez. Ony ýadyna-da salmaz. Aýagyny gyşyk basýanlar her şäherde 100-e golaý bolanda-da, bu howsalaly ýagdaý. Bozgakçylygyñ tutaşyp gitmegi ahmal. Ätiýajy elden gidermek bolmaz. Zeýrenç, öýke-kine, sussupeslik iş bitirmeýär. Agzybirlik, asudalyk, ruhubelentlik, zähmet bar ýerinde üstünligem, rowaçlygam hökman bolýar. Halk köpçüligi muña oñat düşünýär. Käbir mugallymlar nogsanlygy ene-atadan, käbir ene-ata mekdep mugallymlaryndan görjek bolýar. Iki tarapyndan-da bolmagy mümkin, muny seljermek añsat iş däl. Men-ä, esasan, sowet döwründen görýärin. 70-nji ýyllarda "komsomol toýy" diýip, türkmen nesline kybapdaş gelmeýän "toý" tapdylar. Komsomoldyr Kompartiýanyñ ýolbaşçylary "komsomol toýuny" türkmen ilinde täze açyş hasapladylar. Şol toýlaryñ many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti ýokdy. Azgynçylygyñ ugrudy. Ol toýa ýaşy çene ýetenlere barmak bolmaýardy. Ýeñilkelle ýigitsumaklar hil bir iş bitiren ýaly, "Pylan gyza limonada arak garyp berdim" diýip, döşlerine kakyp başladylar. Käbirlerinde gyz ýüzüniñ perdeleri syryldy. "Boş şagalañ" daña golaýlardy. Ene "gyzym biri bilen gaçmasa ýagşy" diýip, gaýgy-gama gaplansa, atalaryñ ýüzi sallandy. Olar ar-namys hakda sähelçe gep gozgasalar, aktiwsumaklar "köne pikirli" diýip, başlaryna ýok oýun salardylar. "Boş şagalañ" barha howalandy, ýetjek derejesine ýetdi. Soñ-soñlar köçäniñ ugrunda toparlanyşyp barýan gyzlaryñ gülküsi al-asmana galardy. Indi ol bolgusyz gülkülere suw sepilen ýaly boldy. Şoña-da ýaşulylar begenmäni duranok. Ahlak kadalarynyñ bozulmagyjy ene-atanyñ mekdepden, mugallymlaryñ bolsa ene-atadan görmekligi "Ýer gaty bolsa, öküz-öküzden görerlerine" meñzeýän ýaly bolup dur. Iki topar bir göwrä öwrülmeli bolar. Ar-namysy goramak türkmeniñ ähli nesline bagly. Ahlak meselesine möwsümleýin mesele diýip düşünmeli däl. Ar-namys gadymy kaddyna ýetýänçä arman-irmän, yzygiderli iş alyp barmagymyz zerur. Bu borja örän ätiýaçly çemeleşmeli. Iññäniñ gözünden sapak geçirilişi ýaly garamaly. Mekdeplerde oglan-gyzlara edep öwretmek işini sagatsaýyn güýçlendirmeli, dürli terbiýeçilik çärelerini yzygiderli geçirmeli. Mugallymlar döwre görä tijenmeli. Başlangyç klas mugallymlarynyñ, klas ýolbaşçylarynyñ her biri özüne berkidilen klas otaglarynda "Edepli okuwçylar" stendlerini döretmeli. Edepli okuwçylaryñ fotosuratyny şol stendiñ ýüzüne berkitmeli. Ene-atalaryñ ýygnagyny klaslar boýunça geçirmeli. Ýygnaga gatnaşan edepli okuwçylaryn ene-atalary öz çagalarynyñ edebine guwanar, begener. Şeýle edilse, edepli okuwçylaryñ sanynyñ aýba-aý köpeljegi ikuçsyzdyr. Her dürli kružoklar döretmeli. Her ugurdan netije gazanmaly. Okuwçylarda döredijilik täsirini döretmeli. Her bir çagada ýüregiñ emri bilen gizlenip ýatan talant bardyr, şony oýaryp bilseñ, okuwçylar bolgusyz nogsanlyklardan daşda durar. Yslam dininiñ kada-kanunlary, onuñ jemgyýetdäki orny, ilaty, ylaýta-da, ýaşlary terbiýelemekdäki roly, däp-dessurymyz bilen baglanyşykly gürrüñler gozgamak maksady bilen, her bir mekdepde din wekilleri bilen wagtly-wagtynda duşuşyklar geçirmeli. Adam diýeniñ, näme, bir täsin ýasawly-da, onuñ dürs işleri-de, nädürs işleri-de bolýar. Ol nähili hereketleri etmeli, nähili hereketleri etmeli däl - bu soraglara şerigatdan doly jogap tapsa bolýar. Şerigat, bir söz bilen aýdylanda, dini kanundyr. Şu babatda dindarlar okuwçylara giñ düşünje bererler. "Zyýanyñ ýarysyndan gaýtmak-da peýda" diýenleri. Häzirki mekdep okuwçylarynyñ arasynda bolgusyz nogsanlygyñ döremegine ýol bermäliñ! Ar-namysy gorap saklamak asly türkmen bolan biziñ uludan-kiçä her birimiziñ jana-jan borjumyzdyr. Borjy ödemek bolsa biziñ her birimiz üçin parzdyr. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |