11:17 "...Arzuw eýläp ýetenim" | |
"...ARZUW EÝLÄP ÝETENIM"
Edebiýaty öwreniş
SSSR-iñ döredilmegi sowet adamlarynyñ doganlyk-dostlugynyñ berk esasyny goýdy. Biziñ döwletimiziñ ýanbermezligini alamatlandyrdy. Şeýle ähmiýete eýe bolan bu şöhratly sene dünýäde ilkinji köpmilletli döwletiñ halklarynyñ heniz taryhda görlüp-eşdilmedik mäkäm doganlygynyñ, bozulmaz agzybirliginiñ baýramçylygy hökmünde bellenilip gelinýär. Mälim bolşy ýaly, çeper döredijilik, şol sanda çeper edebiýat hem halkyñ durmuşynyñ, onuñ göreş ýolunyñ aýnasy bolup hyzmat edýär. SSSR halklarynyñ agzybirligini, doganlyk-dostlugyny, onuñ ýeñiji güýjüni wasp etmek, dogry deliller bilen teswirlemek sowet ýazyjy-şahyrlarynyñ söýgüli temalarynyñ biri boldy. Bu tema bagyşlap, türkmen şahyrlary onlarça eser döretdiler. Bu ideýa uruşdan öñki ýyllaryñ poeziýasyndan başlap, çuññur wasp edilip gelinýär. Şol ýyllarda türkmen poeziýasynyñ tematikasy baýlaşyp başlaýar. Oba hojalygynyñ önümçiligini artdyrmak, senagaty dikeltmek, medeni rewolýusiýany amala aşyrmak, parahatçylygy goramak ýaly temalar edebiýatyñ gündelik iş planynda durýardy. Haýsy tema barada ýazsalar-da, ýazyjy şahyrlar şol işiñ üstünliginiñ esasy özeniniñ SSSR halklarynyñ doganlyk-dostlugydygyny, olaryñ arasyndaky agzybirlikdigini bir minut hem ýatdan çykarmaýardylar. Deñ hukukly halklaryñ, sosialistik respublikalaryñ bozulmaz soýuzyna öwrülen SSSR-iñ islendik künjeginde alnyp barylýan iş, gazanylýan üstünlik türkmen şahyrlarynyñ göwnüni göterdi, olaryñ ylham çeşmesi boldy. W.I.Lenin SSSR-iñ meýletin soýuzynyñ planyny düzüp, şeýle ýazypdy: "Biz milletleriñ meýletin soýuzyny - bir milletiñ beýkeki millete hiç hili zorluk etmegine ýol bermejek soýuzy - iñ doly ynam etmeklige, doganlyk agzybirlige aýdyñ düşünmeklige doly meýletin ylalaşyga esaslandyrylan soýuzy isleýäris". (W.I.Lenin. Eserler, 4-nji neşirden terjime, 30-njy tom, 307 sah.). Beýik akyldar tarapyndan bütin mazmuny çuññur esaslandyrylan şeýle soýuz ýürekleriñ joşguny bolmaga haklydyr. Şol döwürde SSR Soýuzynyñ polatdan-da mäkäm galadygyny wasp edip, türkmen şahyrlary Durdy Gylyç, Mollamurt, Ata Salyh, Ata Köpek Mergen, B.Kerbabaýew, G.Burunow, H.Çaryýew, O.Täçnazarow, Ý.Nasyrly, Ş.Kekilow we beýlekiler onlarça çeper goşgular döretdiler. Dünýäde ilkinji sosialistik döwletiñ sostawynda Türkmenistan respublikasynyñ hem bolmagyny şahyrlar aýratyn ylham bilen wasp etdiler. Ony Ata Salyhyñ "Sowet Soýuzy", Garaja Burunowyñ "Türkmenistanym", "Şatlykly durmuş gurýarys", "On alty dogan", Hojanepes Çaryýewiñ "SSSR bilen", "Bäri gel", "Şarkdan şemal" ýaly goşgularynda aýdyñ görmek bolýar. G.Burunowyñ "On alty dogan" goşgusynda SSSR-iñ sostawyna girýän halklaryñ gönüden-göni meýletinlik bilen bir döwlete birleşendikleri dogrusynda gürrüñ edilýär. Bir daragtdaky bu şahalaryñ hiç bir tarapdan päsgelsiz, sagdyn ideýa bilen, uly joşgun bilen ösýändikleri deliller bilen nygtalýar: Bir özende kän şahalar Meýletin dilleşendir. Ösüp hem güllemek üçin Soýuza birleşendir... Deñ hukukly halklaryñ soýuzy bolan SSSR-iñ bozulmaz doganlygyñ mekanydygy adalatyñ, adamsöýüjiligiñ, deñligiñ mesgenidigi, parahatçylygyñ arkadaýanjydygy halk şahyry Ata Salyhyñ eserlerinde has-da giñişleýin beýanyny tapypdyr. Onuñ ençeme goşgusy gönüden-göni SSR Soýuzynyñ kuwwatly galasydygyny teswirlemäge bagyşlanan bolsa, birnäce goşgularynda bu ideýa dürli wakalaryñ, hadysalaryñ üsti bilen ýüze çykarylýar. Bu babatda şahyryñ dürli ýyllarda ýazan dürli goşgularyndan alnan aşakdaky setirlerine seretmek hem ýeterlikdir. "SSSR-iñ batyr gahrymanlary". "Elmydama taýýar biziñ SSSR". "SSSR-e garşy maksat tutana". "Azat Watan - SSSR-de". "SSSR dynçlygyñ tarapdarydyr". "Duşmanlardan goradyk SSSR-iñ ilini". "Kapitalistleñ içi ýanýar SSSR ösýär diýip". "Güýçli biziñ SSSR - tanaýar bizi Ýer şary". "Sowetler Soýuzy uly Watanmyñ". "Her tarapdan güýçlenip, ösýär Sowet Soýuzy" we beýlekiler. Watan baradaky düşünje, Watan baradaky guwanç adamlaryñ añynda gitdikçe giñ mazmuna eýe boldy. Watan düşünjesi SSSR-iñ mäkäm sinonimi bolup, adamlaryñ añyna ornady. Bu tema, bu düşünje ýazyjy-şahyrlaryñ döredijiliginde hem uly orun aldy. Durmuşda bolşy ýaly, çeper döredijilikde beýan edilişinde hem bu düşünje obanyñ, raýonyñ, respublikanyñ çäginden çykyp, öz araçägini ýitirdi. Şonuñ üçin-de "Watan" sözüni hiç bir jähetden ikirjiñlenmesiz uly harp bilen bilen ýazyp başladylar. N.Pommanyñ "Watanym", Ý.Nasyrlynyñ "Uly Watanym", Ata Köpek Mergeniñ "Ýaranlar", G.Burunowyñ "Watan", A.Nyýazowyñ "Giñ Watanymyñ bar ýerinde" ýaly goşgulary hem muña mysaldyr. Ol goşgularyñ liriki gahrymanlarynyñ hemmesi-de geçmişde hupbat baryny gören zähmetkeş halkyñ ogullary. Olar Russiýadan düşen ýalkym bilen gaflat ukusyndan oýanýarlar. Indi olar öz ykballarybdan hoşal. Ol liriki gahrymanlar indi SSSR halklarynyñ doganlyk maşgalasynda eşretli durmuşy öz elleri bilen gurýarlar. Şonuñ üçinem olar deñsiz-taýsyz Watanyñ beýikligine, özleriniñ şol Watanyñ ogullarydyklaryna guwanýarlar. Bu hakda N.Pommanyñ "Watanym" goşgusynyñ liriki gahrymanynyñ guwançly sesini diñlemek has ýakymlydyr: Goltugymdan göterip, göwnüm açdyñ, Watanym, Elmydama guwanýan, arzuw eýläp ýetenim. Şöhlesini ýaýradyp, dünýä ýalkym atanym, Ýeke men däl, menleriñ guwanýany Watanym! Özüniñ geçmişini "jähennem bilen deñän" zehinli türkmen şahyry R.Seýidow "Gyzyl baýdak" diýen goşgusynda "Oktýabrda asmana galan" baýdagyñ geçen ýoluny, onuñ syýasy mazmunyny teswirleýär. Ol baýdagyñ biziñ Watanymyzyñ depesinde pasyrdamagy üçin nähili jebirleriñ çekilendigini goşgudan okamak kyn däl. Şol sebäplem Sowet Watanymyzyñ sapaly goýnunda ony mydama taryplap gezjekdigini kasam edip, şahyr soñra bir goşgusynda şeýle ýazýar: Janym, tenim, Göz röwşenim. Watanym hem halkymdyr. He bir zaman Jan aýaman Oña aýdym düzerin. Ýatlanyşy ýaly, uruşdan öñki bäşýyllyklar döwri ýaş Sowet döwletiniñ uly depgin bilen gülläp-ösýän döwri boldy. Sowet adamlarynyñ durmuş derejesi, ýaşaýyş şertleri gün-günden gowulanyp, olaryñ döredijilikli zähmete bolan ukyby, talanty barha kämilleşdi. Olar SSSR-iñ barha güllemegi üçin el-ele berip zähmet çekdiler. Pagtaçynyñ-da, gallaçynyñ-da, nebitçiniñ-de, şahtaçynyñ-da, mahlasy, önümçiligiñ ähli pudagyndaky adamlaryñ-da çekýän zähmeti diñe bir maksat - Sowet Watanymyzyñ - SSSR-iñ kuwwatyny artdyrmak üçindi. Şeýle hoş niýetli, bir maksatly adamlaryñ özünde jemlenendigi üçin köp milletli sosialistik döwlet özüniñ baky ýaşamaga ukyplydygyny dünýäniñ ähli ýurtlarynyñ öñünde jar etdi. Sowet adamlarynyñ birek-birege bolan ynamy, jebislikleri, agzybirlikleri hem işiñ özeni bolup hyzmat edýärdi. Parahatçylykly döwürlerde ösüp, berkleşip, uly synaglardan geçen SSSR halklarynyñ dostlugy, agzybirligi hem watançylygy uruş ýyllarynda hasam görlüp-eşdilmedik derejede mäkämleşdi. Duşman ordasynyñ bet niýet bilen SSSR-e çozup girmegi bu agzybirlige birjikde zeper ýetirip bilmedi. Gaýtam ony mizemez ýagdaýda pugtalandyrdy. Uruşdan öñki döwürlerdäki dostlukly ideýalar, SSSR Soýuzyna bolan mähirli söýgi, sowet watançylygy bu döwürde has-da çuñlaşdyryldy. Sowet Watanymyzyñ bitewiligi, mukaddesligi hakda öwran-öwran nygtap, öz ogullaryna berk sargap, türkmen halky fronta iberen "Türkmen frontçularyna türkmen halkynyñ hatynda" şeýle ýazypdy: "Watan - sowet adamlarynyñ iñ eziz, iñ mukaddes zadydyr. Türkmen halkynyñ nakylynda: "Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn" diýip aýdylýar. Biziñ mukaddes Watanymyz bar. Biz öz Watanymyzy nejis duşmandan gorap saklarys. Azat sowet adamlary üçin Aý-Gün ebedi dogar". ("Atgyr ýaraglylar, ötgür galamlylar", Aşgabat-1966 ý, 15 sah.). Şeýle ýokary optimizme ýugrulan watançylyk mazmuny şol döwrüñ bütin sowet edebiýatynyñ süññüne ornady. Frontçy şahyr N.Pommanyñ: Eý beýik Watanym, eý beýik halkym, Seniñ beýik başyñ biz egdirmeris. Ýa alarys, ýa öleris söweşde Abraý-namysyña biz degdirmeris. - diýip nygtaýşy ýaly, bu ideýa şol döwürde ençeme goşgular döreden Ç.Aşyrowyñ, N.Pommanyñ, G.Seýitliýewiñ, Ş.Kekilowyñ, A.Nyýazowyñ, R.Seýidowyñ, B.Seýtäkowyñ, A.Kekilowyñ, Gazak Gylyjowyñ we beýlekileriñ eserlerinde yzygider beýanyny tapdy. Ç.Aşyrowyñ "Görülmedik jeñ" goşgusynda belleýşi ýaly, şol eserleriñ liriki gahrymanlary söweşiñ ilkinji günlerinden başlap: Dünýäde bolmadyk, bu göreş, bu jeñ, Rus, türkmen, özbek... barysy-da deñ. Bir adam dek bolup SSSR halky Goraýas bagtymyzy, namysy, mülki - diýip, duşmanyñ üstüne ot sowurdylar. Ş.Kekilowyñ "Uralyñ" goşgusynyñ liriki gahrymany hem Watanyñ üstüne abanan gara güýjüñ garşysyna göreşýän sowet esgeri. Bu goşguda awtor SSR Soýuzyny dünýädäki iñ uly güýçlerdenem ýokarda goýýar. Döräli gününden bäri bu ýurduñ üstüne hüjüm eden duşmanyñ kül-peýekun bolmadygynyñ ýokdugyny ynançly belleýär. Şahyr goşgusynyñ dowamynda: Bu ülke SSSR - Sowetler ili, Topragny ýalamaz ýylanyñ dili - diýip, öz halkynyñ uly güýjünden durnukly netije çykarýar. Beýik Watançylyk urşunyñ aýgytly günlerinde halk şahyry Ata Salyh watançylygyñ, gahrymançylygyñ, agzybirligiñ ýokary nusgalaryny beýan edýän "Batyrlarym" goşgusyny ýazdy. Şahyr köpmilletli Sowet Watanymyzyñ - SSSR-iñ ykbalyny hut öz dogduk obasynyñ ykbaly kimin kalbynda besläp, şeýle ýazýar: Ata Salyh diýr, Watan, jandan eziz söýýän seni, Terbiýeläp, kommunistik ruhda ösdürdiñ meni, Söýgüli partiýamyz berdi ajap, rahat güni, Iki ýüz millionly halkyñ çyn sapaly mesgeni, Seniñ ugruñda söweş gurýar meniñ batyrlarym. Goşgynyñ soñky iki setirinde nygtalýan agzybirlik ýokarky goşgulardaky watançylyk, dostluk ideýasynyñ praktiki ähmiýetini her minut ýatladyp durýar. Dünýäniñ syýasy kartasyndaky gyzyl reñkli meýdanyñ hiç ýerine hiç wagt şikes ýetmejekdigine güwä geçýän hakykat bolup eşidilýär. Ine, çeper edebiýatda yzygider beýan edilen sowet watançylygy, SSSR halklarynyñ polat deý pugtalaşan dostlugy, Kommunistik partiýanyñ ýolbaşçylygy astynda, sowet ýaragynyñ taýsyz kuwwaty bilen biziñ halkymyzyñ beýik ýeñşini hasyl etdi. Uruşdan soñky parahatçylykly ýyllarda hem sowet halkynyñ durmuşa geçiren deñsiz-taýsyz üstünliklerini sanap geçerden köpdür. Şol ýeñişli ädimleriñ şowly ädilmeginde esasy güýç hem beýik Watanymyzyñ halklarynyñ bozulmaz agzybirligidir. Türkmen şahyrlary soñky döwürlerde hem SSSR halklarynyñ agzybirligine, doganlyk halklaryñ medeniýetde hem ykdysadyýetde gazanýan üstünliklerine guwanç bildirip, onlarça goşgular döretdiler. Aýratynam, şeýle mazmunly goşgular doganlyk halklaryñ özara medeni gatnaşyklary esasynda ýüze çykdy. Respublikalarda geçirilen edebiýat we sungat günleri, döredijilik agşamlary şeýle mazmunly goşgularyñ döremegine sebäp boldy. Soñky döwürde dörän poeziýa eserlerinde gönüden-göni "SSSR", "Sowet Soýuzy", "Watanym" ýaly aýry-aýry sözler, söz düzümleri köpçülikleýin ulanylmasa-da, olaryñ ideýa-mazmuny tutuşlygyna beýik Watanyñ egsilmez kuwwatyny taryplmaga bagyşlanandyr. Ol goşgularda bu watançylyk ideýasy sowet adamlarynyñ işde, durmuşda, birek-birege bolan gadyrly gatnaşyklary arkaly, olaryñ bir maksatlylyklary arkaly teswir edilýär. Umuman aýdanymyzda, poeziýamyzda sowet adamlarynyñ watançylygy, Watanyñ waspy, biziñ halklarymyzyñ mäkäm doganlyk-dostlugy utgaşdyrylyp beýan edilýär. Bularyñ beýan edilişini biri-birinden aýyl-saýyl etmek juda kyndyr. Biz bu ýerde beýik Watanymyzyñ - SSSR-iñ türkmen sowet poeziýasyndaky waspyna gysgajyk seredip geçdik. Bu barada bir kiçijik makalada doly gürrüñ etmek, elbetde, mümkin zat däl. Türkmeb halkynyñ SSSR halklarynyñ doganlyk maşgalasynda, aýratynam, rus halkynyñ doganlyk kömegi arkaly Kommunistik partiýanyñ sahawatly saýasynda döwletli durmuşa ýetişiniñ poeziýamyzdaky beýany yzygider gürrüñ edilmäge degişlidir. 1972 ý. Begmyrat USSAÝEW. # sowesjenpoeziya | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |