22:30 At - türkmeniñ ruhunyñ suraty | |
AT – TÜRKMENIŇ RUHUNYŇ SURATY / edebi filosofik söhbet
Filosofiýa
Türkmen akyl ýetirişinde, gaty gadymdan gelýän bir derňew täri bar, oňa «teswir etmek» diýilýär. Biliş, düşüniş, akyl ýetiriş täri hökmünde teswir adam ruhunyň ählumumy ýa-da anyk ýüze çykmasynyň çylşyrymlylygyny, many düýpsüzligini göz öňünde tutýar. Ruhy hadysany derňedigiňçe, dörjeledigiňçe, onuň teýi, düýbi aňryk gidýär. Maddy zatlardan tapawutlylykda, ruhuň gutarýan ýeri ýok, bu ýerde barlygyň giňişlik ölçegleri üýtgeýär. Onsoň munda zada göz ýetirmek diýilýän hakykatyň özi özboluşly mana eýe bolýar. Öwrenýän zadyň soňsuzlygy sebäpli, seniň öz akylyň çuňňurlygyna baglylykda onuň barha täze taraplary we täsin öwüşginleri açylyp gidip otyr. Şonuň üçinem indi ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda, göräýmäge, göwrüm taýdan kiçijik pähimleriň ýa-da hadyslaryň teswiri şol dowam edip gidip barýar. Akyl berçigenok, akyl ruhy barlygyň mazmunyny özüne siňdirip doýanok. «Teswir» diýilýän tär meniň aňyma köp gaýtalanýan bir pähimiň ruhy mazmunyna äňedenimde, birden geldi. Umuman, islendik beýleki beýik şahsyýetleriňki bilen bir hatarda, men Türkmenbaşymyzyň köp gaýtalaýan sözlerine aýratyn üns hem ähmiýet berýärin. Sebäbi düşnüklimikä diýýärin: sebäbi beýik şahsyýet nämäni öwran-öwran gaýtalaýan bolsa, hut şonda-da hökmany suratda durmuşyň ýa ruhuň düýpli bir kanunalaýyklygy bardyr, diýmek, bu ýerde ähmiýetini kesgitlemek nukdaýnazaryndan gapdalyndan täzeden açylmaly bir beýik açyş bardyr. Men Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň öwran-öwran aýdýan pähimleriniň içindäki pikir owazlaryna aýratyn üns edip diň salýaryn. Çünki bizi köp gaýtalanýan pikirleriň owazlary oýarýar. Ine, şol pähim: «Türkmenler taryhda at-ýarag bilen tanalan bolsalar, indi akyl-paýhas bilen at alarlar». Men bu pähimiň häzirlikçe birinji bölegi hakda gürrüň etmekçi bolýaryn. Ruhuň nukdaýnazaryndan seredeniňde, bu bölegiň nähili teswirlik many çuňňurlygy bar: «At-ýarag bilen tanalmak». Bu düşünjäniň uruşgan, uruş görse, gözi açylýan hökmünde tanalypdyr diýen manyny bermeýändigi-hä düşnükli. Sebäbi bular ruhy sypatlar diýerlikli närseler däl. At, hatda ýarag hem öz-özlüginde entek şahsyýetiň ýa-da milletiň agressiw, bulagaýlyk ymtylmalarynyň ýüze çykmasyny aňladyp bilmeýär. Emma soňky iki müňýyllykdaky iň ähmiýetli eserlerimiz – «Gorkut ata», «Türki dilleriň diwanyndaky» şygyrlar, «Görogly», Magtymgulynyň köp şygyrlary söweşjeňlik ruhuna ýugrulan ahyryn. Munda söweş serişdeleriniň, at-ýaragyň milli ruha nähili jähetlerden, haýsy taraplardan gatnaşygynyň bardygyna ähmiýet bermeli bolsa gerek. Ine, häzirki zaman hytaý, hindi ýa-da fransuz, amerikan filmleri bar. Ine, milli ruhy ajap teswirleýän sungat eserleri! Sebäbi hytaý filmlerinde Uzak Gündogaryň başa-baş söweşiniň aýratynlyklary arkaly, hytaý ruhunyň, hindi filmlerinde hindi aýdym-sazynyň, söýgüniň hupbatlarynyň özboluşlylygynyň üsti bilen hindi ruhunyň, amerikanlarda bolsa häzirki zaman kompýuter hem harby tehnologiýalarynyň elementleri arkaly amerikan ruhunyň özboluşlylygy, gaýtalanmazlygy, fransuz kinolarynda bolsa fransuz durmuşynyň nogsanlyklarynyň üsti bilen örän gülküli pursatlary ussatlyk bilen görkezilýär. Ruhuň çuňňurlygyny kybapdaş ýüze çykarýan durmuş elementleri gerek bolýar. Iki müňýyllykda türkmen ruhy dürli at-ýaragyň üsti bilen beýan edildi. At-ýarag arkaly türkmen ruhy özüniň howalalylygyny, gözelligini, täsinligini, hamraklygyny, pelsepeçilligini, kakabaşlygyny, dözümsizligini, açyklygyny ýüze çykardy. Diňe at-ýaragyň üsti bilen açyp boljak tutuş adamzada mahsus iň oňyn ruhy sypatlar hut türkmenleriň edebi-ruhy geçmişinde özüniň iň ýerlikli hem iň göze doly beýanyny tapdy. Munuň özi ýönekeý dilde: «türkmenler bu meselede özge halklara nusgalyk nämedir bir zatlary görkezip bildiler» diýmegi aňladýar. Şonuň üçinem biziň söweşjeňlik açyşlarymyzyň dünýä üçin diňe bir harby-syýasy däl, eýsem ruhy ähmiýeti-de bardyr. Ine, men Saparmyrat Türkmenbaşynyň ýokarky pähiminiň şol bölegini şeýleräk terzde teswirlärdim. Gadymy döwürlerden – Oguz handan bäri türkmen söweş endikleri we tilsimatlary duşmany aňňalak gapdyrdy. Türkmenleriň az sanly atly bolup, özünden on-ýigrimi esse kän goşuny ýeňendigi, deňsiz-taýsyz ýeňiş gazanandygy, edermenlik görkezenligi taryhyň sahypalarynda bir ýa iki däl, olar juda kän. Türkmenleriň beýle deňsiz-taýsyz ýeňişler gazanmagyny gudrat hökmünde ýa-da türkmenleriň batyrlygynyň, gaýduwsyzlygynyň alamaty hökmünde esaslandyrjak bolmak örän bärden gaýtma bolýar. Olaryň beýik ýeňişleriniň esasynda söweş tilsimatlygyna diýseň ezberligi, kemsiz ele alanlygy, her bir ýagdaýda nähili görnüşde söweşmelidigini diňe bir serkerdeleriň däl, eýsem ähli esgerleriň hem gowy bilenligi ýatýar. Bizde örän dürs bir pähim bar: «Bilegi zor – birini ýykar, bilimi zor – müňüsini» diýip. Oguz handan gözbaş alan söweş tilsimatlary çagalykdan her bir türkmen ýigidiniň gursagyna guýlupdyr. Türkmenleriň taryhdaky beýik ýeňişleriniň esasyny diňe söweş tilsimatlaryny örän gowy bilenliginden, alan terbiýesinden gözlemeli diýip pikir edýärin. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak isleýärin. Berk ynanjyma görä, köp ýurtlaryň harby endikleri, tilsimatlary Oguz handan gözbaş alyp gaýdan tejribeler bolmaly. Döwür gelip, bu hakykatyň dünýäde boýun alynjakdygyna men örän berk ynanýaryn. Biz ýetmiş ýyllap «Türkmen sowatsyz, nadan bolupdyr» diýip gygyrmak gygyrdyk. Bu gün men taryhyň gatlarynda dünýä taryhynda ilki bolup türkmenleriň elipbiý döredip, hat-sowat öwrenendiklerini, özem hökmany öwrenmeli sowatlylygyň bolandygyny görüp, depäm gök direýär. Türkmen şeýlebir taryhy durmuşda ýaşady, onuň iň ajaýyp ruhy sypatlarynyň ýüze çykmagy üçin at hem ýarag durmuşy esas bolup hyzmat etdi. Ýöne bu mesele, ruhuň hut şu durmuşy esasda ýüze çykmagy meselesi «Görogly» eposynda has aýdyň hem doly görkezilipdir. Emma «Görogly» eseri we türkmen aty hem-de milli ruh hakynda söz açylanda, turuwbaşdan bir zada ünsi çekmeli. «Görogluda» Görogly Gyratyny arabyň atyna çekilen baýtalyndan alýar. Eserde «arap at» jümlesi köp duş gelýär, şonuň ýaly-da häzir hem ulanylýan bedew diýen aňlatma bar, ony hem alymlar arap taýpasynyň ady bolan «beduin» diýen sözden diýip düşündirýärler. Muňa nähili garamaly?! Muňa degişli döwürde – XIV-XV asyrlarda şu meselede türkmen hakydasynyň telperleşmegi diýip düşünmeli. Sebäbi türkmeniň öz atyna bedew, arap aty diýmegi, Göroglynyň arapdan at almagy taryhy hakykata asla laýyk gelmeýär. Bütin dünýäniň atşynaslyk ylmy türkmenleriň baryp bäş müň ýyl mundan ozal dünýäde iň gadymy tohum atlary döredendigini, birnäçe halklaryň, şol sanda araplaryň hem tohum atlarynyň şol gadymy tohum esasynda kemala getirilendigini ikelläp ykrar edýär. Türkmen atyna iň gadymy döwürde Nusaý atlary ýa-da «Asman atlary», «Behişdi bedewler» diýipdirler. Alymlar türkmen atynyň özge tohumlardan düýpgöter üýtgeşikligini, onuň dünýäde gadymyýetden bäri diňe Türkmenistanyň territoriýasynda ýaşap gelýän gulanlardan gelip çykanlygy bilen baglanyşdyrýarlar. «Görogludan» öňki has gadymy eserlerimizde «arap aty» aňlatmasy duş gelmeýär. «Gorkut atada» türkmen-oguzlar öz atlaryna argun diýýärler. «Türki dilleriň diwanynda» argamak sözi köp ulanylýar. Türkmen dilini bilýän adam üçin bu sözleriň manysy aýdyňdyr: bu tohum, arassa at diýmekdir. Arassa sözüniň häzir hem ulanylýan köne görnüşi – ary. Ary – gun – ary gunan (at), «ary – gamak» hem şol manyny aňladýar. Herhal, bu taryhy – dil faktlary «Göroglynyň» ruhumyzyň ýadygärligi hökmündäki ähmiýetini peseltmeýär. Biziň üçin esasy möhüm zat bu eserde türkmen ruhunyň at bilen baglanyşykly täsin taraplarynyň ýüze çykmagydyr. Şu nukdaýnazardan bolsa şeýle diýmelidiris: eseriň ady «Görogly» bolsa-da, hakykat ýüzünde bu ajaýyp epos, alym A.Bekmyradowyň nygtaýşy ýaly, Görogly hem onuň Gyraty hakyndaky eserdir. Göroglyny Görogly edýän, men diýip durmuş meýdanyna gadam basanyndan tä ýogalýança oňa ömürlik hemra bolýan gyratdyr. Şonuň üçinem Görogly bilen deň hatarda Gyrat türkmen halkynyň ruhy idealynyň süňňüni düzýär. Gyrat Görogly bilen deň hatarda wasp edilýär. Çünki ol hem edil Görogly ýaly, türkmene mahsus ruhy sypatlary özünde jemleýär. «Görogly» eseri söz sungatynyň ajaýyp nusgasy. Şonuň üçin hem munda gahrymanlaryň ruhy dünýäsi sözüň üsti bilen, olary sözletmek arkaly açylýar. Diňe Gyrat sözlemeýän gahrymandyr, emma ol özüniň manysy boýunça beýlekilere garaşly däl-de, özbaşdak aň we ruh derejesine ýetirilendir. Görogly oňa: «Başdaşym, syrdaşym, ýoldaşym» diýip ýüzlenýär. Türkmeniň ata gatnaşygyny mundan dogry aňlatmak mümkin däl, şol sebäpden bu aňlatmalar beýleki klassyky şahyrlarymyzyň at baradaky goşgularyna-da geçip, türkmen ruhunyň adaty ölçegine öwrülipdir. Hut şol ölçeg hem türkmeniň ata serişde, zat, mal hökmünde däl-de, oňa ömrüniň bir bölegi, janynyň bir düzümi hökmünde garandygyny görkezýär. Sebäbi başdaş – başyňa, janyňa şärik, ýoldaş bolsa ömür ýollarynda tä ölüme çenli hemra diýmekdir. Gyzykly zat – Görogla bir-ä aýaly, birem aty ömrüniň ahyryna çenli berilýär, gahryman olary çalşyrmaýar. Ol ilkibaşda erenlerden özüne hem-de atyna des-deň ýüz ýigrimi ýaş dileýär. At – türkmen ruhunyň bir bölegi we şol ruhuň görkezijisi. Eýýäm eseriň ilkinji sahypalarynda atyň aýratyn orny, türkmen ruhunyň milliligini düzüji bir närsedigi aýdyň bolup ugraýar. Göroglynyň atasy Jygalybeg ýadyňyzdadyr. Hut türkmen bedewi bilen baglanyşyklylykda, Jygalybeg dünýä edebiýatynyň täsinligine öwrülýär. Ol hem ýurduň hany, hem şol bir wagtda atşynas, seýis. Dünýä edebiýatynda, adatça, biri-birinden juda uzakdaky şu iki hünäri, iki şahsyýeti özünde birleşdirýän başga gahryman barmy?! Bu ikisini bir adamda jemlemek diňe türkmeniň aňyna gelipdir. Munuň özi türkmen atynyň – ruhunyň dünýäni we durmuşy görüş aýratynlygydyr. Bu aýratynlyk türkmen pelsepesini we türkmen ruhunyň hilini, tebigatyny kesgitleýär. Atşynasyň häkim, häkimiň atşynas bolmagy atyň türkmen ruhunda wagtlaýyn, pursatlaýyn zat däldiginiň, onuň syýasy-jemgyýetçilik aňynda we durmuşynda hemişelik orun alandygynyň şaýadydyr. Söweş serişdesi hökmünde, at dünýä edebiýatynda kän wasp edilýär. Emma türkmen üçin serişde hem däl, söweş ýa uruş mahalyndaky wagtlaýyn hemra hem däl. Diýmek, at diýilýän närse türkmen ruhunyň harbylaşyş işiniň däl-de, onuň ahlaklylyk, adamkärçilik we gözellik tebigatynyň görkezijisidir. Türkmeniň öz dilinde aýdylanda, at – türkmeniň uçar ganatydyr, bu ganata eýelik edýän guş bolsa türkmen ruhudyr. At – türkmeniň ruhunyň suraty. At – türkmen ruhunyň adamdan başga ýeke-täk jandarda keşbe gelmegidir. Türkmen ähli görkezijiler boýunça aty adam bilen deň edip goýupdyr. Bedewiň asly behiştden. Bolsa şolar jenneti, sen hem imanly bedew. Türkmen bu pelsepäni dini kitaplardan okap tassyklanok, bu pelsepe onuň öz taryhy durmuşynyň çykaran ruhy sapagy. At hem at bilen baglanyşykly zatlar türkmen üçin iň adaty durmuş meselelerini çözmegiň usuly bolup durýar. Kiçijik Göroglynyň mazarda ýaşandygyny gören adamlar ony nähili tutmaly diýip kelle döwýärler. «Adamlaryň biri duzak gurup tutmak gerek» diýse, başga biri «mazaryň üstüni açalyň» diýdi. Akyllyraklardan biri bolsa: «Ýok, muny beýtsek, çaga heläk bolar, başgarak bir emel edeliň!» diýdi. Duranlaryň arasynda bir garryja ýaşuly bardy, ol eýer ussasydy. Şol: – Adamlar, bir eýeriň üstüne ýelim çalyp, şol çaganyň çykyp oýnaýan ýerinde goýalyň, çaga eýeriň üstüne münüp oýnanda, ýelmeşip galar welin, baryp tutaýarys — diýdi. Duranlar: «Eýerçi dogry aýtdy-da, eýerçi dogry aýtdy boluşdylar». Iň ýönekeýje mesele şeýle emel bilen çözülýär. Bu mysal biziň ýokarky bir pikirimizi has anyklaşdyrmaga mejbur edýär: At türkmen ruhunyň bir bölegi däl-de, onuň özenidir. Bedewiň adamçylyk sypaty anyk. Onuň asyllylygy gelin-gyzlara deňelýär. Göroglynyň özi hem ýerden çykýar, atyny hem segsen günläp ýerzeminde seýisleýär. Gör – ýerzemin gyzykly medeni jübütdir. Ýöne meniň has möhüm zady aýdasym gelýär. Dünýä ruhy medeniýetinde adamlara gökden (asmandan), geljekden, başga dünýälerden habar getirýän çaparyň şahsyýeti bar. Musulman ruhy aňyndaky Jebraýyl perişdäni şu mynasybetli agzamak bolar. Çapar keramatly, adatdan daşary şahs. «Göroglyny» ünsli okap çykanyňda, çaparyň, habarçynyň hyzmatyny Gyratyň ýerine ýetirýändigini görmek bolýar. Hawa, munuň şeýledigine «Göroglyny» täzeden okasaňyz, has hem açyk göz ýetirersiňiz. At – türkmen ruhunyň ylahylygydyr. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |