ATA KÄÝINJI
Pürli Mele aganyň körpe agtygy. Olaryň bol-elin durmyşy bar. Mele aganyň ogullary, gelinleri abraýly wezipelerde işläp ýör. Pürliniň ejesem institutda işleýärdi.
Mele aga agtyjygyny bijaý gowy görýärdi. Asyl, ony bir salym görmese, karary ýetmezdi. Pürlem, tüýs garry atasynyň ogludy. «Ata, ata» diýip, mydam görseň, onuň gujagynda oturjak bolup durandyr.
Pürli aňrybaş gowy okanokdy. Emma soňky çärýekde ol birhili üýtgedi. Gaty gowy okap başlady.
Mugallymlar otagynda Amangül mugallym öz geň galmasyny daşyna çykardy.
– Şu Meläýewiň bolşuna men-ä haýran galýan. Şeýle yrsgal-döwletli maşgala! Olam şol maşgalanyň iň körpesi. Emma sapak gutaransoňam, çagalardan yza galyp, partalaryň aşagyndan, penjireleriň öňünden gaty-guty çörek bölejiklerini çöpläp ýör. Ony ol diýseň, beýleki klaslara-da, hapa dökülýän ýerlere-de baryp, hapalary dörjeleşdirip ýör. Sorasaňam hiç zat aýdanok. Ýa atasyna, ýa enesine duýduraýsammyka? Ýöne okuwyna gaty gowy okap başlady...
– Haýsy Meläýew? – diýip, geografiýa mugallymy Ata Çörew sorady.
– Meläýew Pürli-dä. Azyk senagat ministriniň orunbasarynyň ogly Pürli!
– Aý, şolar ýaly dokmäde, ýokary wezipeli adamyň çagasyndan çykýar, her dürlije tertipsizlik. Ol oglanjyk gaty çörek ýygnap, onam satyp, puluna çilim-silim ýaly, bolgusyz zatlar satyn alýandyr. Sebäbi häzir mal saklaýanlar maly üçin gaty köp gaty çörek satyn alýarlar. Olar ýalyny berkiräk tutmaly. Ejesine, kakasyna duýdurmaly. Eger bozulyp gitse, mekdebiň abraýyna-da ýagşy däl...
– Men onda şu gün öýlän baryp, onuň enesini göreýin. Atasy Mele aga agtygyny gaty gowy görýär. Ine, şeýdibem çagalaryny azdyrýarlar.
– Aý, näbileýin, ol çaga eýýäm bozulan bolaýmasa – diýip, geografiýa mugallymy gürrüňiň ahyryna nokat goýdy.
...Pürlem bu gün lälikligini etdi. Ol okuwdan gelip, ýaňy naharyny öňüne alypdy. Birden ol saçakdan döwüp alan çöregini işigiň agzyna taşlap goýberdi. Onuň bilenem köşeşmän, saçakdaky ownujak çörek böleklerini içerä pytyradyp goýberdi.
Agtygy bilen bileje nahar edineýin diýip, Mele aga-da ýaňy saçagyň başyna geçipdi. Ol Pürliniň bu bolşuny görüp, birhili boldy.
– Weý, weý, dur balam, edýäniň näme?! Heý-de, çöregi beýtmek bolarmy?
Pürli nahardan geçen, saçagyň başynda möňňürip aglamaga başlady.
– Ýok et, daş ýaly çöregiňi. Iýjek däl. Şu çöregiňizi item iýmez. Öläýsemem iýjek däl...
Ol garry atasynyň öňündäki çöregem aldy-da, poluň üstüne taşlap goýberdi. Mele aga mundan artyk çydamady. Agtygynyň golundan çalyp aldy-da, ony gaharly silterledi.
– Haý, biýedep, ýaňagyňy ýandyraryn, seniň!
Pürli atasynyň beýle gazaply hem gussaly gözlerini henize çenli görmändi.
Ýaşuly saçagyň başyndan tutup, öz bolýan otagyna gitdi. Pürli sähel salymdan köşeşdi. Onuň öz eden işine ýürejigi awady durdy. Emma atasynyň tamyna girmäge ýürek etmedi. Agşamara Mele aga öz tamyndan çykyp, eýwana bakan ýöneldi. Ýöne ol agtygynyň ýüzüne-de garamady.
Pürli atasynyň özünden gaty öýkeländigini, indi gaýdyp, onuň özüne hiç wagt ýüz bermejekdigine düşündi-de, gaty gynandy. Soňam aglady.
Agşam maşgala saçagyň başyna üýşüpdi. Melke aga gündizki waka barada saçak başynda dil ýarmady. Diňe ogly Muhat kakasyna garap:
– Kaka, şo elhenç açlyk ýyly ýene-de düýşüme giripdir – diýdi.
– Wah, şol açlyk ýyly gursun! – diýip, ýaşuly gussaly gözlerini ýumdy. – Şol açlyk ýyly ýeke döwüm nan tapyp bilmedim. Şony tapan bolsam meniň häzir alty däl-de, sekiz oglum bolardy – diýdi.
– Iýmäge çörek nire, gök otam tapylmady ahyryn, o ýyllar.
Ýaşuly gözlerini töweregine aýlady.
– Frontda bir sapar gabawa düşdik. Ýedi gün bäri gabawda ýatyrys. Dünýeler duran gar. Aldajy aýaz. Ýeke dişlem nan ýok. Şonda açlyga çydaman iki sanymyzyň akly üýtgedi. Şolar guduzlan ýaly, biri-birlerine agyzlaryny açyp topulýardylar. Asyl, agyzlary ýetse, özlerinem iýjek, olar. Emma komandirimiz bir tär bilen tutup, olary pugta daňdyraýdy. Şonda görendirin, çöregiň gadrynyň näderejededigini. Nebir-nebir ýigitler açlykdan çişip, ölüp gitdiler. Ýeke döwüm çörek bolsady, şonda, olaram, ýaşar ýörerdi. Dünýäniň ýüzünde çöregiň ornuny tutup biljek zat ýokdur, oglum!
Ol bir döwüm çöregi eline aldy.
– Indi, hudaýa şükür, çörekden bol zat ýok.Ýöne, bol diýip, çöregiň gadryny bilmän ýörenlerem bar. Niräňe seretseň, taşlanan çörek bölekleri!
Pürliniň kaksy sesini çykarman başyny aşak salyp oturşyna:
– Dogry aýdýaň, kaka, «açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez» diýişleri ýaly, şu bolçulygy göterip bilmeýänlerem bar.
Ýaşuly makullaýjylyk bilen başyny atdy.
– Çörek – dirilikdir! Bir döwüm çörek üçin namys-aryny, Watanyny satanlary görüpdüm.Ýöne, Hudaýa şükür, menem, ogullarymam namart çykmadylar! Indi, çöregiň ýekeje owuntygyny altyndan artyk görmeli. Çörek – ömürdir, oglum, ömür!..
Pürli bu gürrüňleriň ýeke sözünem sypdyrman diňleýärdi.
Ol ertesi okuwa gidende, ýany bilen kiçijik torbajyk hem alyp gitdi. Klasynda pytrap ýatan galan-gaçan çörekleri şoňa ýygnady. Okuwdan soň öýe aýagy ýere degmän geldi.
– Ata, aý ata, mekdepde gaty-guty çörekleriň baryny ýygnap, haltama salyp getirdim. Ine, özüňem gör-äý. Ol ýerde çöregiň ýeke bölejigem pytyrap ýatanok, indi...
Mele aga minnetdarlyk bilen başyny atdy.
– Berekella, köşegim. Hemişe şeýtgin. Çöregi harlanan, çöregi depelenen ilde yrsgal-döwlet durmaz. Sen asylly iş edipsiň!..
Pürli garry atasy bilen şeýdip ýaraşdy.
10-njy aprel, 2000 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Çagalar edebiýaty